20:16
Gaýgysyz Atabaýewiñ üç haty
GAÝGYSYZ ATABAÝEWIŇ ÜÇ HATY

Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew on üç ýyllap Türkmenistan SSR Halk Komissarlar Sowetine ýolbaşçylyk etdi. Otuzynjy ýyllarda gurlan uly zawod-fabrikler onuň ady bilen baglanyşyklydyr. Hakyky leninçi bolşewik respublikamyzy sosial-ykdysady taýdan ösdürmek hakynda alada etdi. Ol uly gürlemegi halaýan adam däldi, sebäbi ol şeýle etmegiň gowulyga eltmejekdigini bilýärdi. G.Atabaýew býurokratizm (biz häzir bu hakda köp gürrüň edýäris) ýigrenýärdi.
Men Merkezi döwlet arhiwinde işläp otyrkam, golaýda TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy G.Ataýewiň hatlarynyň üstünden bardym. Olaryň biri SSSR Halk Komissarlar Sowetiniň şol wagtky başlygy A.I.Rykowyň adyna ýazylypdyr. Onuň Rykowa ýazan ýoldaşlyk hatyny okap, respublikanyň hökümetiniň baştutany hökmünde Atabaýew sowet apparatyndaky býurokratçylygy ýazgarýar. Şol hatlary gysgaldylan görnüşde okyjylara hödürleýärin. Atabaýewiň üçünji haty Baýramalyda böwrek sanatorisini açmak hakyndadyr. Ol hat okyjylary gyzyklandyrsa gerek. Olar birinji gezek çap edilýär. Şolary okanyňda özüň hem şol taryha şärikli ýaly bolýarsyň.

X X X

SSSR HKS-niň Başlygy ýol. RYKOWA.
Ýoldaşlyk haty.
30.XI. 28 ý. Moskwa şäh.
Alekseý Iwanowiç!

... Özüňiz oýlanyp görüň. Irrigasiýa barada bir mesele öňe sürüljek bolsa, Orta Aziýa suw hojalygyny ara alyp maslahatlaşmaga goýuljak bolunsa, Orta Aziýa hojalygynyň iki ýolbaşçyly edaradygyny göz öňünde tutmak gerek. Onuň tehniki sowet diýilýän ýörite tehniki organy bar. Ol planlary hökman kesýär. Soňra hemmesi Orta Aziýa suw hojalyk uprawleniýesine tassyklamaga berilýär. Munuň özi, respublikan gurluşyk planyny azyndan 50 prosent kesýär, şony hem öz aýratyn hyzmatlary edilip görkezjek bolýarlar.
Onsoň SSSR Gosplanynyň suw seksiýasy...
... Gosplanyň prezidiumy suw seksiýasynyň ýa-da EKSTE-niň kabul edenlerini ýol. Kružžanosskiý bolmasa-da, ony mehaniki usulda tassyklaýar.
Eger bizde sosializm gurluşygynda köp kynçylyklar bar bolsa, onda biziň edaralarymyzyň býurokratizmi şol päsgelçilikleriň iň düýplülerinden biridir.
Soňra Soýuzyň Halk Komissarlar Soweti miraplary ýerli býužetlerde, suw toplanyşynyň hasabyna almak hakyndaky kararlary irrigasion işiň ýagdaýyny ep-esli çylşyrymlaşdyrdy. Bizde Aşgabat okrugynda mirap hakykatda ýylda diňe dört gün işleýär. Merw okrugynda iki hepdä golaý we diňe Amyderýa okruglarynda üç aýa çenli işleýär.
Onsoň olary bütin ýylyň dowamynda näme üçin ýerli býužetiň hasabyna almalydygy düýbünden düşnüksiz bolup galýar.
Mirap gös-göni sistemanyň remont işine ýolbaşçylyk edýär. Beýleki wagt adaty daýhan bolýar.
Sakçy biriniň gatlany bir-iki deşik ýokary galdyrmazlygy üçin saka saklaýar.
«Sagatçy» dogrudan hem suw paýlaýar. Emma suw sagatlap we minutlap ulanylýandygy üçin ilat sagat ulanyp bilýän adamy «sagatçy» saýlaýar. Hemme ýerde diýen ýaly suwy sagatçy däl-de, sagady elden-ele geçirip, daýhanlaryň özi ulanýar.
Olaryň hemmesi – mirap hem, saka sakçysy hem, sagatçy hem diňe suwarylýan döwürde suw bilen iş salyşýarlar. Güýz-gyş wagty, suw başyna goýberilýän, suwdan çem gelen peýdalanýan wagty ol şol işden düýbünden çetde durýar.
Umuman beýle gelşiksizlik diňe biziň Sowet döwletimizde mümkin.
Irrigasion gurluşyk iki ýol bilen – birinjiden, iri gurluşyk, ikinjiden, ownuk gurluşyk ýoly bilen amala aşyrylýar.
... Amyderýanyň suwuny ulanmagyň umumy shemasynyň haçan düzüljekdigini diňe hudaý bilýär. Şoňa görä-de, biziň örän köp çeşmelerimiziň bardygyna garamazdan, diňe formal düzgünleriň güýçlüligi zerarly ony ulanyp başlap bilemzok.
Bagtymyza, ownuk gurluşyk ýolunda örän köp mümkinçilikleriň barlygydyr. Şunda-da 15-20 müň manat durýan her bir ownuk zat meniň aýdyp geçen basgançaklarymdan geçmeli bolýandygy üçin biz düýbünden güýçsüz bolup galýarys.
Ahyrynda, hakyky borç hakynda. Ol ýyl-ýyldan köpelýär we ýerli ilatyň boýnuna agyr labyr bolup düşýär. Onuň mundan beýläk-de artmagy gutulgysyz zatdyr. Sebäbi sistema degişli ýapgytlyk relýepler berjaý edilmezden gurlupdyr, olary häli-şindi gum basýar. Remont edilende ilat palçygy karýer ýaly edip gyra çykarýar, onuň möçberi bolsa ýyl-ýyldan köpelip kanalyň düýbünden ozal iki gezek zyňyp çykaran bolsa, indi üç gezek zyňmaly bolýar. Daýhan üçin çydamsyz agyr ýagdaý emele gelýär.
Iri gurluşyga başlap bilemizok, ownuk gurluşyk hem inkär edilýär. Şol bir wagtda-da sistemany remont etmek we arassalamak boýunça maşyn ulanyp hakyky işi ýeňilleşdirmäge mümkinçilik bar.
Bize mälim bolşuna görä, daşary ýurtlarda öz kysymy hem häsiýeti boýunça dürli görnüşli köp sanly maşyn we snarýad bar. Hususan-da, ruta diýilýän, spesialistleriň pikirine görä, biziň şertlerimizde has ulanarlykly maşynlar bolmaly. Ol zynjyr tigirli traktora meňzeş bolmaly. Ol daýhan sistemany remont etmegi belli bir döwürde, ekinleriň ösüş döwründe geçirýän wagty, hakyky zähmetiň ýyl-ýyldan köpelýän, şonuň üçin daýhanyň ekişi barha gijikdirmeli bolýan wagty ol maşynlar ýylyň bütin dowamynda işläp bilýär.
Býužetde şu mesele hem hiç hili beýan edilenok.
Şeýle kysymly maşynlary öwrenmek we Orta Aziýa respublikalary üçin almak, spesialistleriň irrigasiýa barada daşary ýurtlara komandirowka ibermäge goýberilýän puly azaltmagyň hasabyna 500 müň manada çenli pul goýberip, bu ýagdaýy hökman göz öňünde tutmak gerek.

Ýoldaşlyk salamy
bilen ATABAÝEW.

X X X

SSSR Gosplanynyň prezidiumyna.
... Bosaga-Kerki kanaly ilkinji tejribe boldy.
Ärsary kanalynda bu tejribeleri eýýäm giňden ulanmalydygyny aňladýar.
Kanaly proýektirlemek 7 ýyl bäri alnyp barylýar. Proýekt üç ýyl mundan ozal Orta Aziýa suw hojalygynyň garamagyna gowşuryldy. Ol ony birnäçe goşmaça meseleleri işläp düzmek teklibi bilen gaýtaryldy. Geçen ýyl proýekt EKSTES-iň garamagyna geldi. EKSTES Ärsary kanaly boýunça goşmaça 12 meseläni işläp geçmegi teklip etdi. Ýene bir ýyl ýitirilip, ol hem işlenip geçildi.
Golaýda proýekt SKOMWOD-yň ýanyndaky Ýokary Tehniki Sowetiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna berildi. Tehniki sowet ýene 2 meseläni: köne sistemany we ýerasty suwlary ulanmak mümkinçiligi işläp düzmegi teklip etdi. Olary işläp düzmek üçin ýene bir ýyl gerek bolar.
... Gepiň gysgasy, Ärsary kanalynyň gurluşygy jadyly tora düşen ýaly boldy. Men Orta Aziýa suw hojalygy hakynda aýdýaryn. Sebäbi onuň inženerleriniň her haýsy öz proýektini geçirmek üçin gyzyklanýar. Bosaga-Kerki kanaly gurlandaky kemçiliklere salgylanman Kärsary kanalynyň gurluşygyna garşy esasy tutaryk edinilýän zatdyr, oňa üns bermeli däl, sebäbi ondaky tehniki şertler Bosaga-Kerki kanalyndakydan düýbünden başgaçadyr we has amatlydyr. Täze kanal iş ýüzünde tire ýaplaryny ýatyrýar we tireçilik gurluşyk ýok edýär, zähmetkeş daýhanlary öz aralarynda birleşdirmäge ýardam edýär...
Şonda ýol. Sewastýanow köne tire ýaplaryny ulanmagy, jykyr bilen nowany kämilleşdirmegi teklip edýär.
Tire ýaplaryny ulanmak pikiri okrugy sowetleşdirmäge päsgel bermekligi aňladardy...
Territoriýany özleşdirmegiň gymmat düşjekdigi Ärsary kanalyna garşy esasy bahana bolup durýar...
Ýoldaş Sewastýanowy ýene bir biynjalyk edýän zat, bahana-da bar. Ol hem bütin irrigasiýanyň inženerçilik sistema geçirilmelidigi üçin taşlanan köne ýaplary tekizlemek harajadynyň näçä düşjekligidir.
Emma ekin meýdanyna öwrülmeli köne ýaplary tekizlände biziň ilata hak tölemelidigimiz we şol işi ilatyň bir ýylda ýerine ýetirmelidigi entek hiç ýerde agzalanok. Bütin raýonyň inženerçilik sistema geçirilýändigi üçin olara kem-kemden, hakyky edilmeli iş tertibinde ýerine ýetiriler, ilat belli bir derejede hakyky agyr işden dynar...

TSSR HKS-niň Başlygy
ATABAÝEW.

X X X

1929-njy ýylyň 4-nji dekabry,
SSSR HKS-ne ýol. ŞMIDTE

... Sowet medisinasy soňky ýyllarda Müsürdäkä meňzeş raýonlarda özümizi bejermegimiz özünem howa ýagdaýy Müsüriň şertlerine örän ýakyndygy üçin hut Türkmenistanda guramak barada gol çekişmek ädimini ätmäge ençeme gezek synanyşdy.
Soňky ýyllarda (1928–1929 ý.ý.) ýörite komissiýa guramak ýoly bilen giň barlag geçirmek synanyşygy edildi. Komissiýanyň sostawynda uly spesialistler, hususan-da dünýä ady belli Sowet Soýuzynda iň güýçli klimatolog prof. Aleksandrow hem bar. Ol Türkmenistanda böwrek keseli sanatorisini guramak mümkinçiliginiň bardygyny tassyklady. Baýramaly munuň üçin iň gowy ýerdir. Aýratynlyklary: howa ýokary derejede gurak hem ýyly, şemalyň güýji ortaça, gün radiasiýasy ýokary. Ýyllyk ortaça temperatura 16,10 s otnositel çyglylyk 7 sagat. 33 prosent, 9 sagat. 48 prosent. Ýylda düşýän ygal 110 mm. Ýylda 268 açyk gün bolýar. Gün şöhlesiniň dowamlylygy 90 prosent, ýagny Baýramalyda çöl howasyna meňzeşligiň hemmesi bar.
Buržuaziýa Soýuzda böwrek keseli sanatorisini guramak meselesine adatdan daşary çemeleşýär. Sebäbi prof. Aleksandrowyň Baýramalynyň howa ýagdaýynyň artykmaçlygyny daşary ýurt metbugatynda ençeme gezek beýan etjek bolmaga synanyşyklary (hususan-da onuň köplenç çykyş edýän ýeri bolan Londonda) berk gaýtawula sezewar bolýar. Baýramalyda böwrek keseli sanatorisi döredilse, oňa Ýewropa ýurtlaryndan köp adamyň barjakdygy we şonuň bilen birlikde biziň ýurdumyza daşary ýurt walýutasynyň geljekdigi üçin ol tebigy zatdyr.
250 boýkalyk doly abadanlaşdyrylan böwrek keseli sanatorisini guramak üçin 1.600 müň manat talap edilýär.
Häzir býuwetiň gidip durandygy üçin görkezilen summany bölüp bermäge mümkinçilik ýokdur. Halk Komissarlar Sowetiniň rezerwiniň hasabyndan bolmanda 300 müň manat we Kommunal bankynyň hasabyndan 500 müň manat bölüp bermegiňizi haýyş edýäris. Býujet komissiýasynyň plenumynyň teklibi boýunça Halk Komissarlar Sowetiniň belläninden hem artyk ol ýene 10 million manat goşmaça alýar. Şol hem ýakyn 3-4 aýda böwrek keseli sanatorisini enjamlaşdyrmaga we möwsümiň başyna çenli, ýagny 1930-njy ýylyň maý aýynda açmaga bize mümkinçilik berer.

TSSR HKS-niň Başlygy
ATABAÝEW.

Taýýarlan: Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 61 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Allaýar aganyň makalalary üçin aýratyn sag bolsunlar size, adminler!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: