20:08
Türkmenleriñ taryhyndan
TÜRKMENLERIŇ TARYHYNDAN

Biziň söhbetdeşimiz Hojahmet ahun Orazgylyç molla ogly. Ýadyňyzda bolsa ahun aga bilen birküç aý mundan öň «Syýasy söhbetdeşiň» sahypasynda tanşypdyňyz.
Ahun aga türkmenleriň taryhy bilen hem içgin gyzyklanýan adam. Onuň näderejede bu mesele bilen gyzyklanandygyny şu söhbetdeşligimizden hem aňarsyňyz.

Söz ahun agadan:
–Häzirki milady senesi bilen, ýagny Isa pygamberiň dogan ýylyndan hasaplanýan sene bilen, 1909-njy ýylda Sakaspi gubernatory general Kuropatkin baýar türkmenlere «Siz maňa ata-babalaryňyzyň nesil ýazgysyny ýazyp beriň» diýipdir. Şonda ol ýazgyny taýynlamaly adamlar aşgabatly Ilhan ýüzbaşy we Durun pristawynyň orunbasary Gulbahadur han bolupdyr. Şol ýazgy şeýle. «Biz söýünhan türkmenleriniň köne türkmen şejerelerine görä türkmenleriň aňyrsy Garahan şahdyr. Garahan şahyň hem iki ogly bardyr. Biri Hasan handurlar we ýene biri Husaýyn handurlar. Husaýyn hanyň hem dört ogly bar eken. Ulug ogly ärsary taýpasynyň aňyrsy, ondan soň salyr taýpasynyň aňyrsy, ondan soň teke taýpasynyň aňyrsy, ondan soň ýomut taýpasynyň aňyrsydyr.
Bu sözler tamam Türküstan aksakallarynyň aýytgan sözüdir. Ýanaral Kuropatkin sowaly etgende ol aksakallaryň bir Iýl-han Aşgabat ýüzbaşysy we biri Kulbahadur Durunly pürüstabyň pumoşnigidir. Temmet tamam. 1330-njy hijri senesi. Fiý-mah – 7-nji jumadil-owal...».

– Ahun aga, şu ýazga seredilende ärsarylaryň, salyrlaryň, tekeleriň we ýomutlaryň owuz türkmenlerinden däl-de, şol Owuz (Aguzü) hanyň doganydygy mälim bolýar.

– Hawa, ýöne bular Owuz türkleri bilen ata-enebir doganmy ýa-da atabirde, eneleri aýrymy? Ine, şol weli nämälim galýar. Ikinji bir çykýan netijede ärsarylaryň, tekeleriň we ýomutlaryň aňyrsy Salyrbaba (Gazanbaba) däldigi mälim bolýar. Bir topar adamlar ýokarky üçüsiniň aňyrsy salyrlara barýar diýip, ýazýarlar.
Ýöne, şol Salyrgazanyň özi hakyky salyrdan bolman tekeleriň neslinden bolup, ýöne adynyň Salyrbaba ýa-da Gazanbaba bolmagy-da mümkin. Eger-de tekeleriň, ýagny, togtamyş, tomuş (utomuş) we ýalkamyşlaryň ata-babasy Salyrgazan bolsa, onda olaryň nesli Isa pygamberiň takmyndan 330 ýyl öň ýanyndan başlanmaly bolar. Çünki Salyrgazan Aleksandr Makedonskiý bilen urşup ölýär ahyry.
Men Daşkent şäherindäki Kemalan mahallasynda 1968-nji ýyldan 1980-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli okan döwrümde meniň goňşym bir pukara özbek aýalydy. Şonuň bir kitaby bar ekeni. Men ony öz ustadym Hikmetullanyň üsti bilen görmäge alyp, birnäçe gün saklap, ders arasyndan, gijeler oturyp okadym. Ol kitap diňe Adamatadan başlap, häki Muhammet alaýhissalamyň we onuň ýoldaşlarynyň we ähli ýaranlarynyň taryhy ekeni. Men ol kitaby eýesinden bahasy bilen diledim weli, ol bende halys göwnemedi. Ol «Bir ýerden gelip, mysapyrçylykda okaýanyň puly-da bolmaz, dili-de» diýip, bermedik bolsa nätjek! Soňra ýene bir gün ol aýaldan kitaby diletsem, «Men ony bir täjikge 160 summa berdim» diýipdir. Gepiň gysgasy, şol kitapda tatarlar bilen gazaklaryň, türkmenlerden ikisi bilelikde aýrylýanyny okapdym. Türküň dört ogly bolupdyr. Tutek (Tötek), Çekel, Barsadyr we Emläk. Türk öz yzyny uly ogly Tötege tabşyrýar. Ol hem bir gün Ameljahana, ol hem ogly Bakuwa, ol hem ogly Alynja hana tabşyrýar. Alynja hanyň uly ogly Gara han we başgalar. Gara hanyň hem Owuz han, ýagny Aguzü han, Hasan han we Hüseýin han atly ogullary bolýar. Şu nesil yzarlamagy doly başlamakdan öňürti, ýokardaky aýdan habarlarymyzyň kuran-şerifde we onuň düşündiriş kitaplarynda, şol agzalan adamlaryň köpüsiniň adynyň barlygyny aýtmagymyz gerekdir. Her kim bilmek islese, Kuranyň giňden düşündiriş kitaplaryna gowy seretsin. Eger-de şu aýdan habarlarymyza razy bolman, ýalňyş hasap etseler, onda maňa hat üsti bilen, ýa-da ýakynda bolsalar, görüşmegiň üsti bilen aýdyp bilerler. Tire, urug, millet yzarlamak örän bir kyn we çolaşyk meseledir.

– Haýsy kitaba seretseň-de türkmenleriň aňyrsy Salyrgazandan başlanýar diýilýär. Eger şeýle bolsa, onda türkmenleriň aňyrsynyň iki müň ýyl soňrak mundan ozal başlandygy bolýar.

– Meniň şu pikire goşulasym gelmeýär. Indi Salyrgazanyň owuz türkmenleriniň serdarydygyny Gorkut ata kitaby aýdyň etdi. Şoňa görä, ýa-ha biz salyr diýlen at hökman salyr garyndaşymyzyň, ýa-da owuzlaryň aňyrsy, ýa-da serdary bolman, şol serdarlar bilen atdaşdyr diýmeli bolýarys. Bu mesele diňe teke taýpasyna degişlidir. Elbetde, dünýäde ylymly adamlar kändir, belki-de, dogrusyny salgy bererler.
Meniň aýtjak bolan pikirime dogry gelýän zadyň biri-de taryh ylymlarynyň doktory Ata Jyky oglunyň 1991-nji ýylda çapdan çykarylan «Oçerki proishoždeniýa i formirowani turkmenskogo naroda w epohi sredbewekowýa» atly kitabynda aýdylýar. Bu kitabyň 126-njy sahypasynda «Turkmeni ili kak ih u nas zowut truhmýane, sowerşenno uwereny, çto oni proishoždýat ot odnogo obşego rodonaçalnika Turka!.. Ot ýego syna Soýun hana proizoşlo wosem synoweý... kotoryýe nazywalis: 1. Salyr-Saryk. 2. Ärsary, 3. Koklen, 4. Emir, 5. Teke, 6. Ýomud ili Irmud, 7. Kaýy, 8. Baýat».
Şundan çen tutup, Söýün hanyň birinji ogly Ärsarybaba, onuň ogullary Gara, Bekewül, Güneş we Lamma bolandygyny aýdyp bileris. Men bularyň uşak tirelerini aýtmakdan saklanýaryn. Sebäbi ony sanamak köp wagt talap etjek.
Salyr babanyň Garaman, Ýalawaç, Kiçi aga atly ogullary bolupdyr. Men salyr garyndaşlarymyz barasynda, bularyň asyl taryhyna seredip, sanlarynyň azlygyna pugta pikir berýärin. Olar az sanly bolmaly däl diýip düşünýär: – Bular hem Makedonskiý wagtyndan başlanan, belki, Gara han şadan başlanýandyr. Şeýle bolandan soň bularyň aňyrsynda ýitip başga halklara goşulan milletler bolaýmaly. Ýene-de Salyrgazandan aňryk, Gara han şaha barýançada ençeme arkalary gerek. Belki, kimdir biri özüniň daş ýa-da ýakynda ýaşamagyna garamazdan, maňa baryndan maglumat berer. Tekäniň iki ogly bolupdyr. Sary, ýagny Saryk we ikinji ogly Tekin Muhammet (ýa-da Teke Muhammet) Tekäniň şejeresini men tejenli, amaşagapan halkynyň pähim-paýhasly ýaşulusy bolan Suhanberdi gapan Annagurban gapan merhumyň ýazgysyndan peýdalanýan.
Alla rehmet etsin bize we olara! Ämin! Tekemuhammediň iki ogly bar. Ulusy Togtamyş we kiçisi Tomuş ýa-da Utamyşdyr Ýalkamyş diýibem ogly bolupdyr diýen pikirem bar. Beg we Wekil diýip ogullary bolan. Begiň ogly Aman şadyr. Aman şanyň ogly we onuň ogly, ýagny tört arkasynä belli diýilýär. Belki, bu näbelliligi-de bilýänler bardyr.
Bäşinji arkasy Döwletýar beg. Onuň ogly Aman şa (at dakylan), onuň bäş ogly bolupdyr. Uly ogly Göni, ondan kiçisi Gapan, ondan kiçisi Gowky, ondan kiçisi Göbe, ondan soňra Aman şanyň ogullary Agyrbaş, Gönüniň ogullarynyň ulusy Şyh, soňra Ýegre, kiçileri-de Göni (at dakylan). Şyhyň özünden soňam iki arkasy belli däl. Üçünji arkasy – Hatym şyh, onuň ogly molla Annamämmet täki 12-13 arka barýança we ondanam köpräkdir. Bular Türkmenistanyň Aşgabat, Gökdepe, Tejen we başga etraplarynda ýaşaýarlar.
Hasym aga tekeler gadym zamanlarda Kermenede oturýarkalar ylymda, takwalykda, ýaşululykda ýakasyny tanadan adamdyr. Ol öwlüýälik mertebesine ýeten adam bolany üçin Horezm şalary Hasym aga şyh lakamyny dakypdyrlar. Hasym ölenden soň hem onuň gubury Horezm şalarynyň we beýleki adamlaryň zyýaratgähi bolupdyr. Ony özüniň tagat-ybadat eden hüjresiniň içinde ýerläpdirler.
Ýegreler we göniler Tejende, Maryda we Ahal etraplarynda ýaşaýarlar. Aman şanyň ikinji ogly Gapandyr. Onuň ogly Gazan gapandyr. Gazan gapanyň uly ogly Ata gapan, kiçisi-de Gara gapandyr. Ata gapanyň uly ogly Tagan, kiçisi-de Gazandyr. Gazanyň neslinden özünden dördünji egin aşakda Mämmetweli soky dünýä gelýär. Mämmetweli sokynyň ýuwlugy Töre soky dünýä gelýär. Töre sokynyň üç ogly bolýar, dördünjisi-de meşhur Güljemal handyr.
Gara gapanlardan uly at-abraýa eýe alym adamlar döräpdir. Meselem, Döwletmämmet düýegöz, Aman döş serdar (Berdi Kerbabanyň aňyrsy), Ulug baýlar (Eziz hanyň birinji maslahatçysy), Mele goçjak, onuň agtygy Suhanberdi gapan, Kerbaba Öwezgylyç ogly, Porpaç han, Jylaw serdar, Molla batyr Burun ogly, ýazyjy we dramaturg Garaja Burun ogly, ýazyjy Berdi Kerbaba ogly, Döwletmämmet düýegözlerden Hojageldi serdar, Amangeldi serdar, Öwez Seýitli ogly (jalataý), Orazly ahun, Hojahmet ahun, Abdylla mirap, Hally pälwan, Gaýypguly pälwan, Çary Pürli we başgalardyr.

– Başga bir ýazgyda aman şanyň uly ogly Göpi däl-de, Gapan diýlipdir.

– Ähtimal. Begiň ikinji ogly Goňurdyr. Onuň uly ogly Akgoňur, kiçisi Garagoňur we iň kiçisi Hardyr. Bular aglaba Türkmenistanda ýaşaýarlar. Bulardan Gökdepe gorjawly garagoňurlardan Myrat han takmyndan 1800-nji ýyllarda Ahal, Tejen tekeleriniň hany bolup, halka ýaşululyk edipdir. Soň bir ýörişde Tejen derýasynyň ileri boýundamy ýa gaýra boýunda, belli däl, gije bir ýerde ýatanlarynda ony duşmana ogurladypdyrlar. Şol diri ýitişine-de ýitýär. Bu guden goşunyň içinde hanyň ýitmegi nämäni aňladýar diýen sowal gelip çykýar.
Şu garagoňuryň aryk kör diýen şahasyndan Mary, Tejen we Ahal welaýatyň ýaşaýan türkmenleriň içinde ylymda, adamkärçilikde we belent edep-tertipde meşhur bolan Çary ahunlar dünýä gelipdir. Ol milady hasaby bilen 1914-nji ýylda wepat bolupdyr. Ýene-de şol gorjawly Orazmämmet han ähli goňur halkyna 188 -nji ýyldan öň we soň täki ölümine çenli ýolbaşçylyk edipdir. Bular esasan Mary, Tejen we Ahal ýaýlalarynda ýaşaýarlar.
Garagoňur halkynyň har diýen şahasyndan belent mertebeli, ähli türkmende iň ilki ahun bolan adamynyň biri, ylymda, edep-tertipde, akyldarlykda bütin türkmene belli bolan Molla Töremyrat ahun dünýä gelipdir. Ol Mary etraplarda ýaşap, türkmen ahunlarynyň gözbaşydyr. Çeşmeden suw içip, halka ylym suwuny beren Sapaly ahun-da garagoňurlardandyr. Molla Töre ahun takmyndan 1895-nji ýylyň bir ýanlarynda wepat bolupdyr. Sapaly ahun bolsa bolşewikleriň eline düşüp, Aşgabat zyndanynda öz ajalyna wepat bolupdyr.
Ýene-de Tejendäki Eziz hanyň maslahatçysynyň biri-de Tejen goňurlaryndan örän hüşgär, parasatly Alty sopydyr.
Indi Begiň iň kiçi ogly Gökje hakda, munuň uly ogly Gara, ikinjisi Ýarydyr Zikred din bolsa soň ýelmenendir.
Gara gökjeler we ary gökjeler aglaba Mary, Tejen we Ahal ýaýlalarynda ýaşaýarlar. Gökjelerden abraýy äleme dolan, hydyr gören, mekir, akyldar, Mary ülkesiniň hany Gowşut han aksakallyk meýdanyna girýär. Ol, esasanam milady hasaby bilen 1850–1851-nji ýyllarda meşhurlyga eýe bolup başlaýar. Taryha giren Oraz ýagly we onuň agasy Gowşut hanyň sag goly bolup gelendir. Ol 1853-nji ýylyň bir ýanynda han saýlanýar. Gowşut han patyşa Russiýasynyň jansyzy Alyhan ogly harby adam tarapyndan zäherlenip, 1870-nji ýylda aradan çykýar. Şol wagt, ýagny Gowşut handan öň Tejen türkmenlerine baş bolan Hojam Şükür han, takmynan 30 ýyldan bäri Tejen türkmenlerine baş bolup, Mary bilen Tejen derýasynyň arasynda we ýokarky Owgan, aşagy bolsa Garakäl, Jojyklynyň üsti bilen Hywa aralygyndaky ýerleşen teke türkmenleriniň hany bolupdyr. Hojam Şüküriň hanlykdan aýrylmagyna tilki halkyndan Gijen gysyk diýen jadygöý adam sebäp bolupdyr. Başgarak sebäbi bar diýlen ýeri-de bar. Şunlukda beg halkynyň taryhyny gysgajyk beýan edip, wekil halkyna geçýäris.
Wekiliň uly ogly Ýusup, kiçisi Akwekil, iň kiçileri Garadyr Ýusupdan Akýusup we Garaýusup dünýä inýär. Akwekilden Garaýörme, Tokly, Ýazy we Ganjyk dünýä inýär. Garaýörmäniň üç ogly bolýar. Ulusy Däli, kiçisi Tilki, iň kiçisi-de Garaýörmedir. Tilkiniň neslinde Aman onbegi, onuň ogly Mürrük onbegi, kiçisi-de Baba onbegidir. Mürrügiň ogly Döwletýar baý, onuň ogly-da meşhur we hakyky han, hydyr gören Nurberdi handyr. Nurberdi hanyň uly ogly Berdimyrat batyr 1878-nji ýylda Gökdepe galasy ugrunda mertlerçe söweşýär. Söweşleriň birinde top oky degip, maşgalasy bilen wepat bolýar. Ikinjisi Döwlet baý, üçünjisi Magtymguly han. Nurberdi hana patyşa Russiýasynyň içalysy tarapyndan awy berlipdir. Şunlukda teke türkmenleriniň hany Nurberdi han 1880-nji ýylyň güýz aýlarynyň aýagynda wepat bolýar. Aguwzü billähi mineýşeýtanyrrajiým. Bissimlähyrrahmänyrrahiým. Innä lillähi we innäää, ileýhi rajiguwne. Ol ölenden soň 20 ýaşlaryndaky Magtymgulyny onuň ýerine han göterýärler.

«Syýasy söhbetdeş», 30 oktýabr, 1992 ý.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: