17:38
Krasnowodsk hem-de "Derbent" tankeri
KRASNOWODSK HEM-DE «DERBENT» TANKERI

"Krasnowodsk nebitiniň bir geňsi hem-de melul ediji ysy bardy.
Haçanda şlangalardan agzy açyk lýuklara garamtyl suwuklyk akyp ugrandan, Dogaýlo burny bilen ysgaýan şekilde, töweregine garap, dillendi:
– Edil monpasaň barda. Kemput ysgan ýaly ysgap oturmaly.
Şondan soň beýleki matroslar hem ony ysgamaga durdular. Belki-de şu mahal olaryň bu bolşuny keseden synlap oturan adam, «bular-a ýap-ýaňyja bişirilip getirilen kökäniň ysyna melul bolupdyrlar-ow» diýip pikir etse gerek.
... Kapitan Krasnowodskide öz gämisiniň yzyna «Özbegistan» teplohodyny hem tirkemeli diýen täze bir görkezmäni alypdy. Oňa deňizde gaý turanda uly zeper ýetipdi.
Emma muňa garamazdan, onuň keýpi kökdi.
– Serediň ahyryn – diýip, ol Kasaskä ýüzlendi, – ýok, seretseňizläň, munuň niçik ajapdygyny! Bu şäherjigiň akdygyny, özem giden bir gyzyl gaýalaryň astynda, munuň täsindigini!
Kasaskiý näsag adama meňzeýärdi, ol ýadawdy, gabaklary mazaly ýellenipdi.
– Şäheriň aklygyna-ha söz ýok – diýip, ol ýaňsyly äheňde jogap gaýtardy, – gaýalaň hem gyzyldygy hak, asyl oňa dawa etjek gümanyň ýok. Ýöne näme üçindir bu gün siziň keýpiňiz gaty kök görünýä-le?"


Bu belli rus ýazyjysy Ýuriý Solomonowiç Krymowyň «Derbent» tankeri» atly powestinden alyndy. Bu eseriň ýazylanyna şu ýyl kyrk dört ýyl dolýar. Eger-de ýaşap ýören bolsa, Ýuriý Krymow häzir 75 ýaşynda bolmaly. Bu eser şol wagtky otuz ýaşly ýaş ýazyja uly döredijilik şöhrat getiripdi.
Powestiň awtory bada-bat SSSR Ýazyjylar soýuzynyň çlenligine kabul edilýär. Ýazyjylar soýuzynyň prezidiumynda bu waka bilen baglanyşykly mejlisde A.Karawaýewa şeýle diýipdi: ««Derbent» tankeri» powestini okanyňda Gorkiniň heniz edebiýatda zähmet temasynyň uly hyjuw bilen teswir edilmeýändigi hakdaky sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Bu powestde bolsa sosialistik ýaryş temasy çuňňur we liriki äheňde wasp edilýär».
Uly ýazyjynyň bu ýaş awtoryň eserine beren uly bahasyny düşündirip oturmagyň hajaty ýok bolsa gerek.
Eýsem-de bolsa, Ýuriý Krymowyň bu eseri hakda öz döwründe A.Kron, W.Kowalewskiý, A.Fadeýew, P.Pawlenko, A.Çakowçkiý dagy uly mähir bilen metbugatda çykyş edipdiler.
Ilkinji gezek çap edileninden bäri kyrk gezek neşir edilip, onlarça daşary ýurt dillerine terjime edilen bu eser henize – bu güne çenli öz okyjylaryny tolgundyryp gelýär.
Asyryň başynda Peterburgda doglan Ýuriý Beklemyşewleriň maşgalasy Moskwa göçýär.
Onuň ejesi ýazyjy Beklemyşewa ogly Ýuriý bilen häli-şindi Krymda dynç alýardy. Ýura soň-soňlar deňze öz ykbalyny baglapdy.
Ol Moskwada inženerlik bilimini alandan soň, Kaspa işe gelýär. Geljekki ýazyjy äpet nebit tankerlerinde işleýär.
Bu hem onuň ilkinji eserini döretmäge ýardam edýär.

Powestde näme hakda gürrüň edilýär?!

Ondaky wakalar 1935-nji ýylda Kaspide bolup geçýär. Powestiň gahrymany bolşewik mehanik Basow täzeçilligiň tarapdary, işe her bir päsgel berýän ýaramaz ýagdaýlara kes-kelläm garşy çykýar. Köneçillik iş stiline garşy hem barlyşyksyz göreşýär. Ol öz göreşinde ýeke däl. Onuň Eýbatow, Woron ýaly täzelikçi işdeş ýoldaşlary bar. Emma muňa garamazdan, Basowyň her bir täze başlangyjyna garşy çykýan ýolbaşçylar hem bar. Şonuň üçinem ondan dynmak üçin Basowy iň bir yza galak «Derbent» tankerine işe iberýärler.
Göräýmäge, bu ýerde hiç hili gümürtik zat ýok ýaly. Bu ýerde ýek-tük diýäýmeseň, işine biperwaý adamlardy.
Tankeriň kapitany Kutasow hem bir oňly däldi. Onuň kömekçisi Kasaskiý bolsa täze durmuşyň duşmany. Ol sowet gurluşygyny ýigrenýän adam.
Munuň ýaly agyr kynçylyklara garamazdan, Basow gämide berk tertip-düzgünliligi ýola goýmagy hem-de komsomol – ýaşlary öz yzyna düşürmegi başarýar. Ýazyjy şuny örän ynandyryjylykly suratlandyrmagy başarypdyr.
Basowyň işleýän gämisiniň kollektiwi aýratyn we zerur Krasnowodskiden gysga wagtyň içinde nebit daşamak ýaly tabşyrygy hem uly erjellik bilen ýerine ýetirmegi başarýarlar.
Powestde Krasnowodsk şäheri, onuň şol wagtky ýagdaýy ýazyjy tarapyndan uly synçylyk bilen suratlandyrylýar.
Eýsem-de bolsa, ýazyjy Ýuriý Krymow bu şäherde bolupmy?
Elbetde, bolupdyr. Muny onuň 1933-nji ýylda öz dosty Isaýewe ýazan haty hem güwä geçýär. (Isaýew soň Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolar. Ol içi adamly ilkinji sowet kosmos gämisini uçurmaga gatnaşan alymlaryň biri bolup ýetişer).
Krymow dostuna şeýle ýazýar: «Şu gün Krasnowodskä geldim. Birki agyz Krasnowodsk hakda aýdaýyn...
Meniň bu ýerde ýekeje-de agaja gözüm kaklyşmady. Bu ýere suwy Bakuwdan gämili getirýärler. Esasy ilaty gyrgyzlar, sartlar, türkmenler. Gyrgyzlardyr sartlar hut azyýalylar. Türkmenler düýeli hasam adatdan daşary göze gelimli bolýar.
Gündiz yssy 25 gradusa ýetýär, şonda Krasnowodskiniň üstüni gyzlymtyl tüsse gaplap alýar.
Aksakallaryň aýtmaklaryna görä, bu ýerde yssy ýetmiş gradusa çenli baryp ýetýän ekeni, ine, şonda adamlaryň köçäň ugrunda ýykylýanlary hem bolýar. Geň zatmy! Ine, saňa gerek bolsa Garagum! Garaz, Orta Aziýa bilen baglanyşykly birneme düşünje topladym...».
Beýik Watançylyk urşy başlananda ýazyjy Ýuriý Krymow ilkinjjileriň hatarynda Watan goragyna gidýär. Bu hakda onuň söweşdeş ýoldaşy I.Derigin uly mähir bilen ýazýar. (Ol häzir otstawkada, özem Kaluga şäherinde ýaşaýar).
1941-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda, wepat bolmazyndan dört gün öň, biz Ýuriý Krymowy Kommunistik partiýasynyň hataryna kabul etdik. Öz durmuşyndaky bu uly waka barada ol aýalyna hat ýazýar. Bu haty Bogoduhowka obasyndan bolan kolhozçy A.Ýa.Kowalenko ýazyjynyň faşist ştygynyň deşen gimnasterkasyndan tapýar. «... Men birleşmämiziň gabawa düşen mahalynda, öz ýoldaşlarynyň aýgytly söweşiniň öň ýanynda partiýa girdim....» diýip, ol buýsanç bilen ýazypdyr.
Bu obada ýazyjynyň ýadygärligi gurlup, Kowalenkonyň ýaşan köçesi bolsa uly rus ýazyjysynyň adyny göterýär.
Ýazyjy Ýuriý Krymowyň partiýa stažy bary-ýogy üç günem bolsa, ol Kommunistik partiýanyň ideýalaryna hakyky wepalydygyny öz ölmez-ýitmez eserleri bilen, öz manyly we göreşe ýugrulan durmuşy bilen subut etdi.
Ýazyjy Ýuriý Krymow güneşli türkmen ülkesini, çogly Garagumy ýüregi bilen söýüpdi. Şonuň üçinem ol sowet edebiýatynyň altyn fonduna giren «Derbent tankeri», «Inženerler» atly powestlerinde bu hakda örän çeperçilik bilen ýazypdy.

«Edebiýat we sungat», 1986 ýyl, dekabr.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: