16:19
“Akylym azaşyp özüni tapdy...”
"AKYLYM AZAŞYP ÖZÜNI TAPDY..."

Indi göwni hyýal bilen aldaman,
Görmersiň hyjuwmyň dönüp-agmasyn.
Indi söýgim — tolkuny däl deňiziň,
Indi söýgim — däl wulkanyň magmasy.

Akylym azaşyp özüni tapdy,
Ýüwrük günler sowaşdyrdy kem-kemden.
Seniň maňa nesip etmäniň üçin,
Kine saklap ýörmerinem ejeňden,
Kine saklap ýörme senem ejemden.

Ten berip takdyryň edenlerine,
Etjeklerin boýna alyp ýöreris.
Herimiz bir ýanda neresse yşkyň
Urnup-urnup, jan berişin göreris...

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Pegas | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Salam, Sapa, dost. Gutlaýan şygyrýet älemine täze ylham bilen dolanyp geleniňi. Senden täze hyjuw bilen ýazylan goşgylara garaşýas. Bu goşdyňam başlangyjy bolsun! Ajaýyp goşgy meniň üçin. Edebiýatçylaram öz pikirlerini ýazýarlar, nesip bolsa.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Sapa kaka "Akylym azaşyp özüni tapdy" diýen owadan setir tapypdyrsyň.
bu "aklyma aýlandym" manyny berýän bolsa, goşguda ol aklyňa aýlanan ýeriň nirede? aklyňa getiren zat onuň saňa "nesip etmänimi?"
--
"Kine saklap ýörmerinem ejeňden, Kine saklap ýörme senem ejemden" diýen setirleriň salam hatylardan alynan ýaly duýgy döretdi.
emma, jemlemedäki "Heriňiz bir ýanda neresse yşkyň Urnup-urnup, jan berişin görüşiňiz..." - ajaýyp.
---
Ten berip takdyryň edenlerine,
Etjeklerin boýna alyp ýöreris.
(belki: Etjeklerne boýun bolup ýöreris.)
---
öňem biriniň aýdyşy ýaly.. wiýýý tas ýatdan çykan eken. üstünlikler!

0
3 Pegas   [Mowzuga geç]
Bellikler üçin sag bol, Mango.

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
thumbup BET!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: