15:39
Şaly mugallym
ŞALY MUGALLYM

Ertirmi, agşammy, gündizmi, gije?
Saýgaryp bomaýar howanyň ýüzün.
Çapgynly ýagyny, iňlewük ýeli,
Ýadyna getirýän harasat sözün.

Tebigat gam çekýär durmuşy bilen,
Ýaryndan aýrylan söýgüli ýar dek.
Agzyndan ot çykýar, her ah uranda,
Ýowuz gün başyna düşen bir är dek...


Bu setirleriň haýsy şahyryňkydygyny gadyrly okyjy bada-bat duýan bolsa gerek! Şaly Kekilow, «Kareliýa jeňňelinde». Ol Türkmen sowet edebiýatynyň altyn fondunda öz mynasyp ornuny eýelän eser. Men şu zatlar hakda pikir edip otyrkam, şeýle kämil eseri döredip bilen şahyryň ýetginjeklik ýyllaryna – geçmişe nazar aýlaýaryn.
1925-nji ýylyň güýzüniň ilkinji günleridi. Raýondan gelen iki atlynyň biri oba adamlaryna tanyşdy. Ol komsomolyň Garrygala raýkomynyň birinji sekretasy Amandurdy Alamyşowdy. Beýlekisini weli hiç kim tanamady. Dag adamlary olary atdan düşürip, uly myhman gadyrlylyk bilen, uzak ýoldan aryp gelen myhmanlaryň öýüne saçak ýazdylar.
– Adamlar, men siziň obaňyza täze mugallym getirdim, adyna Şaly diýýärler. Özi Aşgabat ýaly uzak ýerden gelipdir – diýip, Amandurdy komsomol (bu ýerde ony şeýle atlandyrýardylar) öz ýoldaşyny tanyşdyrypdy...
Ine, indi şol döwürden bäri altmyş ýyla golaý wagt geçipdir. Ýaşy ýetmişden agsa-da, şähdiaçyk görünýän ýatkeşligine haýran galaýmaly meniň gürrüňdeşim Öwez aga sözüne dyngy berýär.
– Şaly Kekilow dag obasynda açylan ilkinji täze mekdebiň ilkinji mugallymlarynyň biri boldy. Şol wagt ol on dokuz ýaşlaryndady. Ol özüniň ýumşaklygy bilen ula-kiçä sylag-hormat goýmagy başaryşy bilen, belent adamkärçiligi bilen oba adamarynyň göwnünden turdy.
Maňa onuň elinde az wagt bolsa-da okamaklyk miýesser etdi. Soň Aşgabada okuwa gaýtdym.
Hawa, Öwez Orazow Könekesirden Aşgabada okuwa gaýdan ilkinji okuwçylaryň biridi. Ol Şaly mugallymdan Aşgabat hakda köp zatlary eşidipdi. Çünki Şaly Kekilow bir ýyllap Öwezleriňkide ýaşapdy.
Şaly Kekilow ilkinji goşgularyny, belki-de şu ýerde işlän döwri ýazan bolsa gerek. Onuň: «Unutman», «Eliň ýetmez», «Pionerleriň bäşýyllyk baýramyna», «Ötendir» atly goşgulary şol döwre gabat gelýär.

«Lenin babaňyzy ýada alyňlar,
Goýan wesýetlerine gulak salyňlar,
Pionerler, mydam taýýar boluňlar,
Lenini ýatlajak baýramyňyz şu gün.


(Pionerleriň bäşýyllyk baýramyna»).

... Öwez aga ilkinji mugallymyny mähribanlyk bilen ýatlaýar. Neneň ýatlamajak! Aşgabada okuwa gaýdanda Öwez Şaly Kekilowyň inisi Aman bilen bile bir klasda okapdy. Olaryň dostlugy soň hasam berkäpdi.
Şaly mugallymyň ilkinji okuwçylarynyň biri Öwez Orazowa öňde uly-uly işler garaşýardy. Ol partiýamyzyň iberen her bir işine uly jogapkärçilik duýgusy bilen ýapyşýardy.
Ol 1945-nji ýylda, ýaňy 33 ýaşlarynda Aşgabat oblispolkomynyň başlygy, soňra maldarçylyk, et, ýag we süýt, söwda ministri, TSSR Ministrler Sowetiniň iş dolandyryjysy ýaly jogapkärli wezipelerde işläp, güýç-gaýratyny gaýgyrmandy. Häzir Öwez Nuryýewiç Orazow hormatly dynç alyşda.
– Soň Şaly Kekilow Nohur obasynda-da mugallymçylyk etdi.
Şaly mugallym bilen biz ol Aşgabada göçüp gelensoň duşuşyp durýardyk. Ol şonda maňa özüniň dag obasyny, ol ýerdäki tanyş-bilişlerini, dostlaryny, okuwçylaryny göresiniň gelýändigini gürrüň berýärdi.
Hawa, hakykatdanam dag obasynda onuň sarpasy ulydy. Bu hakda ussat ýazyjy Berdi Soltanyýazow şeýle ýatlaýar: «Birden üstümizdäki ümürler syrygyp, ilerki Üçguýy dagynyň üstüne ýöneldi. Bäşközel gutardy. Öňümizdäki otda tüsseläp oturan Nohur obasy çala salgyt bolup göründi. Ýazyna bilbilgözeli Nohur obasy bu wagt gara bürenip otyr. Arkajyň düzlüginde garyp adam hem ýokdy. Emma Manaman daglaryndan aşdygyň başga dünýe, başga ýagdaýdy.
Biz akar çaýyň boýuny syryp, Şalynyň «Tüýdügim» goşgusynda suraty çekilen serwi sypat, goýry kölegeli gadymy Pendelanbaba çynarynyň düýbüne baryp, at başyny çekdik.
Akar çaýyň başynda üýşüp duran nohurlylar derrew öz mugallymlaryny hormatlap onuň, soňra meniň adymy dutdular. Bu gadyrdan halk: «Hoş geldiňiz-de, hoş geldiňiz» boluşdylar. Eglenmän bizi kimiňdir biriniň gara öýüne eltdiler.
Bu gün gür baglygy bürenip oturan Könekesir obasyndaky iki sany mekdebiň jaýyny görmäge göz gerek. Bu ýerde okuwçylaryň ýüzlerçesi tälim alýar. 5-nji orta mekdebiň ýaşuly mugallymy, halk magaryfynyň otliçnigi Orazmämmet Öwezow her ýylyň 1-nji sentýabr güni öz gürrüňini mekdebiň taryhyndan başlaýar. Ol şonda ilkinji gyzyl mugallymlar Ysmaýyl mugallymyň, Patma mugallymyň, Şaly mugallymyň atlaryny uly hormat bilen ýatlap gelýär. Çünki ilkinjiler hiç haçan unudylmaýar.

1983 ýyl, ýanwar.

«Edebiýat we sungat» gazeti.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: