13:22
Bütinsoýuz ýaşulusy Türkmenistanda
BÜTINSOÝUZ ÝAŞULUSY TÜRKMENISTANDA

Meniň söhbetdeşim Annaguly Artykow indi altmyş ýyldanam gowrak wagt bäri Lenin partiýasynyň hatarynda durýan adam. Beýik Oktýabrdan soňky güneşli türkmen topragyndaky ähli özgerilişikler onuň gözüniň öňünde bolup geçdi. Onuň ömürboýy ýadynda galan wakalarynyň biri hem Bütinsoýuz ýaşulusy Kalininiň Türkmenistana gelmegidir. 1925-nji ýylyň fewralynda M.I.Kalinin Türkmenistana gelip, Sowetleriň Bütintürkmenistan hem-de Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň birinji gurultaýlaryna gatnaşdy.

Taryhda ilkinji gezek garşy alýar.
Kremliň ýollan beýik wekilin.
Joş sähraýy türkmen, joş çarwa türkmen,
Ýol beriň adamlar, bir ýan çekiliň!

Kalinin gürleýär beýik münberden.
Berjaý edip beýik Lenin wesýetin.
Arkasynda partiýasy bar halkym,
Indi çekmez han-begleriň ezýetin.


Annaguly aga şol taryhy wakalardan gürrüň berýär. Men bolsa onuň gürrüňini ýetişdigimden ýazga geçirdim.
... 1925-nji ýylyň 15-nji fewraly. Poltorask şäheri.
Teke bazarynyň töweregi daýhanlardan ýaňa hyň berýärdi. Suwaglary gaçyp, reňkleri öçüşip ugran hatar-hatar jaýlaryň, dükanlaryň arasyndan bir ak mesaňa saýlanyp durdy. Birdenem «Gelýärler!» diýen ses ýaňlanyp gidýär.
Uzakdan sirenanyň sesi eşidilýär. Awtomobil ýuwaşlyk bilen galyp, derwezäniň agzynda saklandy. «Goşçular» soýuzynyň başlygy Saparja Amanekow türkmen daýhanlarynyň delegasiýasynyň adyndan Kalinine don, telpek, guşak sowgat gowşurýar-da, ol:
– Bu size türkmen halkyndan ýadygärlik – diýip aýdýar. Kalinin gürrüldili el çarpyşmalaryň astynda sowgady kabul edýär. Şol wagtam mähelläniň içinden ondan sowgat berlen egin-eşigi geýmekligini soraýan sesler eşidilip gidýär. Birnäçe minutdan Kalinin türkmeniň milli egin-eşiginde peýda bolýar. Ony synlap oturan türkmen daýhanlary kanagatlanmak duýgusy bilen baş atýarlar.
Soňra Kalinin Daýhanlar öýüniň otaglaryna – ambulatoriýa, çaýhana, ýatak jaýlaryna birin-birin aýlanyp çykýar. Ine-de klub. Türkmen çagalary – okuwçy oglan-gyzlar klubuň sahnasyny dolduryp durlar. Zalda bolsa daýhanlardyr daýhan aýallar otyrlar. Boş ýer ýok. Kalininiň peýda bolmagy bilen aýdym ýaňlanýar. Ol aýdym onuň bu ýere gelmegi mynasybetli döredilipdi.
Ýygnagy Nedirbaý Aýtakow giriş sözi bilen açýar. Ol sözüniň başynda Kalininiň bu ýere gelmegi partiýa we sowet gurultaýlarynyň açylmagy bilen gabat geldi diýip aýdýar. Şeýle hem Daýhanlar öýi-de açylýar. Bu ýerde daýhanlar medeniýet we medisina ugrundan bilimdir maslahat alarlar – diýip, ol aýdýar.
Soňra Saparja Amanekow çykyş edýär. Ol öz çykyşynda Daýhanlar öýüniň açylyş dabarasynyň Kalininiň Poltoraskä gelmegi bilen gabat gelendigini aýdýar. «Bütinsoýuz MIK-niň başlygy biziň durmuş şertlerimiz bilen tanyş bolup, bize mundan beýlägem has ýakyndan kömek berer» diýip, ol ynam bildirýär.
– Men bu öýe Kalininiň adynyň dakylmagyny teklip edýärin – diýip, Amanekow sözüniň ahyrynda aýdýar. Zaldakylar bu teklibi şowhunly el çarpyşmalar bilen kabul edýärler.
Söz gezegi Kalinine berilýär.
– Ýoldaşlar we dostlar – diýip, Kalinin öz sözüne başlaýar. – Sizi gazanan uly jemgyýetçilik üstünligiňiz bilen – Daýhanlar öýüniň açylmagy bilen gutlamaga rugsat ediň. Ol türkmen daýhanlarynyň ilkinji öýi diýip, öňki çykyp geplän orator örän dogry belledi.
Birki ýyl mundan öň bütin Russiýa Federasiýasynda – Daýhan öýleri açylyp ugrady. Galyberse-de, daýhanlaryň arasynda jemgyýetçilik we medeni edaralar gaty azlyk edýär. Bu daýhanlaryň yzagalaklygy bilen düşündirilýär. Rewolýusiýadan ozal daýhanlar jemgyýetçiligi diňe dini edaralaryň töwereginde jemlenýärdi. Ine, Daýhanlar öýüne bolsa indi olary medeniýete çekmek paýy düşýär. Eýsem-de bolsa, nähili ýol bilen çekmeli? Ine, Daýhanlar öýüniň ýatak jaýyny alyp göreliň. Daýhanyň bu ýere gelip, ap-arassa krowada gözi düşer, onda mazaly dynjyny alar. Öýüne gaýdyp barandan soň bolsa, onuň ýaňky ýaly zat edinesi geler. Gazet meselesem şoň ýalaky. Daýhan gazet okap, özi ýaly daýhan adam bilen hem okan zatlary hakynda pikir alşar. Okan zatlaryň hakynda pikir alyşmagam medeni endige girýär.
Indi bolsa birki agyz jemgyýetçilik dogrusynda aýdaýyn. Daýhanlar öýüne bu ýerden has uzaklykda ýerleşýän obalardanam adamlar gelýärler. Olar bu ýerde birek-birek bilen tanşarlar, öz iş tejribeleri hakynda birek-birege gürrüň bererler. Ine, şeýle söhbetdeşlik netijesinde-de olaryň aň-düşünjeleri öser.
Daýhanlar öýüne adamlary nädip çekmeli?
Meniň eşidişime görä, ruslar ýaly, türkmenlerem çaýa örän oňat gadyr goýýan ekenler.
Çaýyňyzy gysganmaň. Bütin halkyň göwnünden turar ýaly çaýyňyzy gysganmaň. Ikinjidenem, Daýhanlar öýünde adatdan daşary bir özüne çekijilik ýagdaýyny döretmeli. Serediň pionerlere. Olaryň pionerlige girmekleri üçin hiç kim güýç ulananok. Emma çagalaryň özleri nähili uly höwes bilen pioner ortýadlaryna gelip goşulýarlar. Ine, şeýle ýagdaýy Daýhanlar öýünde-de döretmek zerur. Şonuň üçinem daýhanlaryň her bir aýdan zadyny sabyrlylyk bilen diňlemegi başarmaly. Goý, olar ýerli häkimiýetiň adresine tankydy sözleri aýtsa aýtsynlar. Mundan hiç hili uly zelel gelmez...
Soňra daýhan aýallarynyň adyndan Amandursun çykyş edip, ol Kalinine türkmen aýallarynyň milli geýim-gejimini sowgat berýär.
Demirýol işçileriniň adyndan Makarow çykyş edýär. Ol Daýhanlar öýüne asma sagat bilen telefon sowgat berýär.
Ýygnagyň ahyrynda:
– Ýaşasyn Kalinin! – diýen sesler uzak wagtlap ýaňlanýar.
... Ine-de, Kalinin gyzylarbatly işçileriň arasynda.
Gyzylarbatly işçileriň Kalinine sowgat beren otlusy ýuwaşlyk bilen parrona gelip saklanýar. Wagondan çykan Kalinine gözleri düşen mähelle bary gozgalaň tapýar. Şol wagt mitingiň ýolbaşçylary howanyň aýazlydygy sebäpli, Kalininiň işçiler klubunda jogap sözi bilen çykyş etjekdigini mälim edýärler.
Klubuň içi adamlardan hyryn-dykyn.
Sowetleriň gurultaýynyň adyndan ilki Garry Kulyýew bilen Aroskar çykyş edýärler. Olar Gyzylarbadyň ussahanasynda remont edilip sowgat berlen otly üçin gyzylarbatly işçilere minnetdarlyk bildirýärler.
Antonow atly işçi gyzylarbatly ussalaryň adyndan Kalinine alyp barýan uly işleri üçin minnetdarlyk bildirýär.
Soňra Kalinine söz berilýär.
– Islendik synp öz göreşinde, öňde baryjy otrýadlaryny öňe çykarýar. Türkmenleri-de öz hatarlaryna çeken şeýle otrýadlaryň biri Gyzylarbadyň ussahanalarydyr – diýip, Kalinin aýdýar.
... 1925-nji ýylyň 17-nji fewraly. Mary.
Kalinin N.Aýtakowyň, B.Gulbeşerowyň, S.Amanekowyň we beýlekileriň ugratmagynda daň bilen Mara gelýär. Şol ýerdenem aýratyn otly bilen Ýolötene tarap ugraýar. Ol bu ýere ir sagat 8-de gelýär.
Ýolötende Kalinini daýhanlar garşy alýar. Ony daýhanlaryň adyndan Annamyradow gutlaýar. Kalinin öz jogap sözünde ýaş respublikada Sowet häkimiýetini pugtalandyrmak ugrundaky göreşde daýhanlara uly üstünlikler arzuw edýär. Soňra ol atly otrýadyň we polkuň ugratmagynda Çaňlybende tarap ugraýar. Ol ýolugra Suhty obasyna sowlup geçýär. Bu ýerde ony daýhanlar duz-çörek bilen garşylaýarlar.
Bende aýlanylan wagty Kalinine inžener Pugoşenko düşündiriş berýär. Çaňlybentdäki elektrostansiýa ony haýran galdyrýar.
Kalinin Çaňlybentden Baýramala gelýär. Bu ýerde hem ony daýhanlardyr işçiler mähir bilen garşy alýarlar. Ol Mary şäherine sagat üçde gelýär. Bu ýerde oňa köp sanly mähelle garaşýardy. Kalinin jogap sözüni sözleýär. Daýhanlar bolsa oňa batrak egin-eşigini sowgat berýärler...

X X X

Annaguly aga sözüne dyngy berýär. Stoluň üstünde ýatan suraty emaýlyk bilen eline alýar. Oňa uzak wagtlap seredip oturýar. Wagtyň nähili çalt geçäýşini! Gör, näçe wagt geçipdir. Emma adamyň ýürek ýatlamasy ýaşamagyny dowam etdirýär.
Annaguly aga elindäki surat Mihail Iwanowiç Kalininiň türkmen daýhanlary bilen bilelikde düşen suratlarydy!

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 37 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: