13:03
Dost
DOST

Duşdum ahyr, ol töwra bir adam eken men dek,
Ajysyn öwra – öwra, ir dadan eken men dek,
Göz — öwla, özi — öwlat, diýr: «Bagdan eken men dek»,
Düşmüş aňzaga — jöwza , gör, ýadaw eken men dek,
Jebriň yşkdygyn bilmez, bir sada eken men dek.

Dawudyň sowdun geýip, çykylýan ýola düşmüş,
Bu ýolda sowut bolmak — päk göwne, päle düşmüş,
Dünýe — Nuhuň gämisi, sagdan kä sola düşmüş,
Ol ýüze ýetjek bolup, toglanyp, nola düşmüş,
Gabryň köşkdigin bilmez, bir sada eken men dek.

Gara saça dönse-de, tüssä ýylnyp bolmaýar,
Gara daşa dönseň-de, gussa ýülnüp bolmaýar,
Adam — hereket, güýlmese, hiç güýlünip bolmaýar,
Ýar demi düşmezden hatda hüýlenip bolmaýar,
Sabryň müşkdigin bilmez, bir sada eken men dek.

Hak yşk meýin sunduryp, ýar eýländir sermes(t)in,
Dünýe maly hiledir, mar eýländir, bermesin,
Jadysyna düşüpdir, her didaryň, her kesiň,
Özgäň sözün dür saýyp, diňläp, her kimiň sesin,
Öz kümüşdigin bilmez, bir sada eken men dek.

Almajyk — a:l, näbilsin, Adam – How iýer boldy,
Ataş — Allaň ýalkawy, lybas deý geýer boldy,
Adam öýden kowulyp, äleme eýe boldy,
Men-menlikden Laçynam: «Şahyram» diýer boldy,
Ömrüň — küştdigin bilmez, bir sada eken men dek.

*Öwla - artykmaç, tapawutly

Laçyn PÜRJÄÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Sona | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 1.7/3
Всего комментариев: 1
0
1 Akrep   [Mowzuga geç]
hands

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: