12:14
Watan
WATAN

“Waar kom je vandaan?" (Niderland dili) "Nireli sen, aslyñ nireden?" diÿen ÿaly sorag, edaralarda, klaslarda, iş ýerinde, myhmançylykda, … garaz Ýewropanyñ köp ýerlerinde seniñ ýakañdan tutýan birinji soraglaryñ biri"(Where are you from?)

“Nireli sen?”
“Nireli sen?” keçjal sorag,
gaýtalanýar her çatrykda,
duşuşykda,
hem ýokarda,
hem aşakda,

Ýewropaly garry kempir,
Afrikaly gözel çaga,
dagly Owgan, gumly Arap,
seniň gara saçyň görüp,
soraýarlar:
“Nireli sen, nireli sen jenap-aga?”
Ötünýänsin utanç bilen,
durkuñ dolar gynanjyñdan,
ynjap ruhuñ,
erkinligini ÿitiren ses,
Jogap berer ýuwaşjadan:
“Watansyz men!”

Giň jahanyň kartasyna göz aýlamda,
guwanç bilen galkyp ýürek,
sandyraman süýem barmak,
«Bu ýurt meniň watanymdyr»
Diýe bilmen.

Watan diýip biljegime,
bagra basyp söýjegime,
oň ugrunda bar ruhumy, hödür edip köýjegime,
hakym ÿokdur,
köýe bilmen.

Diýseler-de:
“Bu ýurt seniň, ýaşaberiň!”
del ülkäni watanym diýip,
söýe bilmen.

Akar ýaly süýşüp barýar garry köçe,
dürli-dürli adamlaryň ojagynda,
derýa donly Amysterdam gujagynda,
ep-esli wagt dymyp gözüm,
gözleýärin seni enem,
hyýal deňziň köprüsinde,
ÿatlaýaryn seni atam.

Çagajykkam,
goňşymyzda bir ýaşuly çalýar mukam,
garyp kepbe,
ÿyrtyk keçe,
diňläp otyr ýaşajyk “men”,
bagtly çaga,
Ýatlamalar çoga-çoga,
ÿalňyzlygymyň gözlerinden,
“Ykbal seniň öteniňdir”,
Ýok, ÿok!
hyýal meniň ülkäm,
meniň watanymdyr.

Gije ýary,
ÿekeligmi goşgy bilen paýlaşamda,
gözýaşymdan syzÿan sözleň birijigi ornap bilse-
päk ÿürekleň özenine,
kelam meniň watanymdyr,

Ýiten ýaryň gara saçy ak göwsünde tolkun atyp,
gözlerinde harman-harman yssy söýgi öwşün atyp,
eli doly ýaşaýşyň ojagyndan,
geläýse ol çola çagym,
köşäp agym,
ÿaz ýagyşyň ysyn saçýan gujagyndan,
ÿene bir dem gana bilsem.
šol ys, şol dem watanymdyr.

Şygyrlary dag berkligin,
ÿada salýan gijelerde,
mukamlary çeşme mährin,
aýdymlary çöl säherin,
ÿada salýan gijelerde,
meýlis gurap daňlara çen,
jana-janlar mukam çalsa,
šol otagyň giňişligi,
dolsa günden,
ÿürekleriň giňliginden tapyp deňiz,
direlende ejiz köňül,
šol meýlisiň ajy meýi,
deňzim, dagym,
watanymdyr.

Giň jahanyň kartasynda oýlanamda,
çabga ýaly arzuwlarym:
“Gelse bir gün,
bu dünýede gülki bolsa,
bolsa agam,
bolsa haýyr,
aýyby ýog-a biraz şerem,
köp dost bolsa,
seýrek ýagam.
kemsinmese ynsan ogly,
gara, gyzyl, sary, agam
ynjalykdan dolsa köňül,
bolsa, bolsun giň ýürekleň bir könjünde -
ÿeke-ýarym dar tussagam.
Adamlaryň adamlara söýgi güni,
çoýsa bir gün ene ýeri,
kartalarmyz tämizlense bar serhetden,
ynha şol gün,
ýeriň şary, bütin jahan watanymdyr.

“Nireli sen?” elhenç sorag,
gaýtalanýar her çatrykda,
Europaly agras goja,
Afrikaly alçak eje,
soraýarlar.
“Nireli sen, nireli sen aga jenap? “
gaýtalanýar ýuwaşjadan,
hemişelik ýowuz jogap:
“Watansyz men”

Ybrahym BADAHŞAN. 2007
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 8
0
6 Revo   [Mowzuga geç]
Watan - bu göbek ganyň daman ýeri.
Watan - bu köňlüň aram tapan ýeri.
Watan - bu teniň uka batan ýeri.
Watan - bu ýa bir ötegçi düýşmidir,
Gözüm ýumup, baky açjak güýçmidir?!

0
5 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ybraýym daýy ,goşga söz ýok."Bir söz bilen diýjek gowy".
Özûñiz hakynda gûrrûñ beripsiñiz öýdýän şeýlemi?
Goşgunyñ tukatlyk maşynlary gezip ýören köçelerinde azaşdym.Höwri köp bolsun!Sizdenem ähli awtorlardanam şeýle çuñ manylygy,çeperçiligi ýokary goşgulara (eserlere garaşýarys).
Wiý galyberse-de käbir ýalñyşlyklary bar:
Nederland-niderland
klaslarda-synplarda
myhlançylykda-myhmançylykda
Europa-Ýewropa
ýerleride-ýerlerinde
ötünýänsin -ökûnýänsiñ diýjek boldumyka ýa örtenýänsiñ diýjek boldumyka
Amysterdam-Amsterdam.
Dyngy belgileriñ hem goýluşy ýalñyş.Ähtimal,howlukmaç ýazansyñyz.(meñ şu teswiri ýazyşym ýaly)Ýogsam şeýle goşguny ýazyp bilýän adamda sowatsyzlykdan nam-nyşan bolmaz.Kyn görmeseñiz,täzeden göz gezdiräýiñ.(Sebäbi okanyñ gözüni biynjalyk edýär)
Döredijik üstünlikleri arzuw edýän!

0
7 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Salam, Nygtap geçen zatlaryñyzyñ köpi dogrudyr. Sagja boluñ! Arap hatyndan Latin hatyna öwûrÿn bir kompýuter programma bar bolmaly. çap bolan kitaplarymdan siziñ websaityñyza gošgy ÿollajak bolamda, šu iši bašarÿan bir tanšyma haÿyš edÿärin, ÿalñyšy köp bolÿar. Bagyšlaweriñ!

0
4 Sona   [Mowzuga geç]
Goşgy pahyryň iç-goşuny bärik çogdurýança gidişer indi Mango daýy. Obed ýokmy size

0
3 mango   [Mowzuga geç]
ep-esli wagt dymyp gözüm,
gözleýärin seni enem,
--
belki "ýumup" bolmalydyr?

0
8 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
gozlerin gykajy birlan gozlerim gurlesdi Maral ! Gurlesip bilyan goz dymyp bilmezmika ?

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Europaly garry kempir,
--
Akar ýaly süýşüp barýar garry köçe,
--
"garrylary" has haladym.
ýewropanyň özünede "старушка европа" diýýäler, ýewropada - garry, ýaşaýjysam - garry.... (gyzykly).
"garry köçe"-de ýene saňa garry kenpirli garry ýewropany ýatladýar.
---
hemem düzedip bolardy:
Europaly – Ýewropaly
Amysterdam - Amsterdam

0
1 mango   [Mowzuga geç]
okanyňa degermi diýen ýaly sorag bilen ilki awtory okamak endigimiň tersine, hany awtoryny bilmezden okaýynla diýip okadym.
ady "watan" bolansoň şol adaty waspnamalarmyka diýip çekindimem.
okadygymça, özüne çekdi.
edil sendir öýtmedim, emma soňunda adyňy göremsoň hemme zat ýerinde oturdy.
goşgynyň tapawutlary şular:
* suwjuk, ýalan-ýaşryk öwgüler ýok.
* (gam-gussa bolsa-da) kine doly, birileri aýyplamak, günäkärlemek, duşmanlaşdyrmagam ýok.

bir "watansyzyň" aýdymy.
emmigrandyň aýdymy.
derdi.
hyýalymda, eliňi gysýaryn.
derdiňi paýlaşgygyň bolsun.
---
goşgyň ýazylyş ýylyny goýanyňada sag bol.
ýuwaş-ýuwaş täp-täzejeleriňem ýetiriber.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: