11:40
W.W.Kuýbyşew Türkmenistanda
W.W.KUÝBYŞEW TÜRKMENISTANDA

Beýik Leniniň egindeşi W.W.Kuýbyşew 1888-nji ýylda Omskide ofiser maşgalasynda eneden bolýar. Ol on bäş ýaşlaryndaka rewolýusion herekete goşulýar. Rewolýusion işi üçin sekiz gezek tussag edilýär, dört gezek Sibire sürgün edilip iberilýär.
Samarada Sowet häkimiýetini berkarar etmekde uly gaýduwsyzlyk görkezýär. Graždanlyk urşy ýyllarynda M.W.Frunze, S.M.Kirow bilen bilelikde ýaş Sowet häkimiýetiniň duşmanlaryna zarba urmakda frontlarda söweşýär.
Ol Türküstany ak gwardiýaçylardan we iňlis interwentlerinden arassalamakda deňsiz-taýsyz iş bitirdi. Ol dürli ýyllarda Ýokary Halk Hojalyk Sowetine, MKK-IDI-ä, SSSR Döwlet plan komitetine ýolbaşçylyk etdi. SSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygynyň birinji orunbasary boldy. BK(b)P MK-nyň Syýasy Býurosynyň çlenidi.
Ol 1935-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Moskwada aradan çykdy.

■ S.P.TIHOŞKOW: GARAGUMDA

... W.W.Kuýbyşew 1919-njy ýylyň 9-njy dekabrynda Gazanjyga geldi. Käbir taryhçylaryň tassyklamagyna görä, ol bezemen däl-de, içi azyk önümli eşelona tirkelgi 2037-nji ýönekeý wagonda geldi. Onuň ýanynda uly ştab ýokdy, diňe öz sekretary A.P.Belousow bardy. Ilkinji duşuşykda Walerian Wladimirowiç özüniň ýönekeýligi bilen bizi özüne aldyrdy. Göwnümize bolmasa, biz onuň bilen köpden bäri tanyş ýalydyk.
Şol günler Gazanjyk ugrundaky söweşlerde gurban bolan komandirlerdir esgerleri jaýladyk. Ýas mitingine gyzyl esgerler bilen bir hatarda ýerli ilat hem gatnaşdy. W.W.Kuýbyşew örän täsirli çykyş etdi. Ol RK(b)P MK-nyň, BMIK-niň hem-de HKS-niň, rewolýusiýanyň serdary Leniniň hut öz adyndan ýygnananlara ýalkymly rewolýusion salamy gowşurdy. Soňra ol öz ýany bilen getiren Leniniň türküstanly kommunistlere hatyny okap berdi.
... Zakaspi topar goşunlarynyň rewwoýensoweti W.W.Kuýbyşewiň teklibini kabul edip, şeýle netijä geldi: 1919-njy ýylyň 14-nji dekabryndan Garagumuň içi bilen 110 kilometrlik ýöriş edip, Jebel bilen Aýdyň stansiýalaryna çykmalydy.
Operasiýanyň maksady duşmanyň Jebelde, Aýdyňda, Perewalda, Akjaguýmada ýerleşýän bölümlerini we eşelonlaryny ýok etmelidi.
Gysga wagtyň içinde, onda-da ştab işgärleriniň ýetmezçiliginde Aýdyň operasiýasy ýaly çylşyrymly we agyr işi taýýarlamak, dogrusyny aýtsak, ýeňil-ýelpaý iş däldi. W.W.Kuýbyşew biziň bilen deň işleýärdi. Biz onuň özüne erk edişine, biçak işjeňligine haýran galýardyk.
... Aýdyň stansiýasynda ak gwardiýaçylar biziň duýdansyz hüjümimiziň öňünde durup bilmediler. Olary kül-peýekun etdik. Söweş gutarandan soň Kuýbyşew Daşkende, Türkfrontuň rewroýensowetine we komandarma, Astrahana, 11-nji armiýanyň rewwoýensowetine, başga-da birnäçe ýere (Guşgy radiostansiýasy arkaly) şeýle telegramma iberdi:
«Zakaspi topar goşunlary tarapyndan 17-nji dekabrda Akjaguýma, Perewal hem-de Aýdyň stansiýalary eýelendi. Biziň Aýdyň stansiýasyna barmagymyz bilen başky iki stansiýany hiç hili söweşsiz eýeledik. Çölüň içi bilen ýüz kilometrlik ýöriş geçiren goşunlarymyz Aýdyň stansiýasynda duşmanyň birleşen güýji bilen aýgytly söweşe girip, stansiýany eýeledi. Duşman derbi-dagyn edildi. Duşmanyň galan bölegi, esasanam ofiserler başly-barat bolup Jebele, daga tarap gaçdylar. Aýry-aýry hem-de topar gurap gelýän ýesirleriň sany häzir doly anyklanylanok. Ele salnan ýarag köp: «General Kornilow» bronepoýezdi, 2 sany broneletuçka, 30-dan gowrak pulemýot, ummasyz ok-däri, tüpeň, snarýad, 13 sany parowoz, 9 sany eşalon... ele salyndy. Duşmanyň gaçan bölegi biziň ýolumyza böwet bolup bilenok. Eger-de Krasnowodskä daşdan kömek gelmese, onda frontuň ýok edildigi hasap etmek bolar...».
Aýdyň stansiýasyndan soň Walerian Wladimirowiç ýene-de bir uly iş etdi – 26 Baku komissarlarynyň atylan ýerini we olaryň jesetlerini gözläp tapdy. Olary iňlis interwentleri sudsuz-zatsyz atypdylar. W.W.Kuýbyşew ýerli demirýolçularyň birentegi bilen dört gije-gündizläp diýen ýaly Perewal bilen Akjaguýma aralygyndaky gum depelerini ädimme-ädim diýen ýaly söküp çykdy.
Ahyry ol maksadyna ýetip, bu hakda partiýanyň Merkezi Komitetine hem-de BMIK-niň Prezidiumyna habar edenden soň, ýola düşmek bilen boldy. Haý diýmän, 26 Baku komissarlarynyň jesetleri Aşgabada, o ýerdenem Bakuwa äkidildi.
Maňa W.W.Kuýbyşew bilen bir aýa ýeter-ýetmez söweş etmek miýesser etdi. Ýöne muňa garamazdan, ol hakdaky ýatlamalarymy tä ömrümiň ahyryna çenli ýatlar ýörerin...

1967 ý.

■ T.R.RYSKULOW: ÝATDAN ÇYKMAJAK ADAM

W.W.Kuýbyşew Orta Aziýada işlän döwürleri ýatdan çykmajak yz galdyrdy. 1919–1920-nji ýyllary ýadyma salyp, Kolçagyň derbi-dagyn edilmegi hem-de Orenburg wakalarynyň ýatyrylmagy bilen Frunze we Kuýbyşew Türküstana, Türkfrontuň rewwoýensowetine ýolbaşçylyk etmäge geldiler. Türküstanda dowam edýän ganly çaknyşyklaryň hem-de basmaçylaryň soňuna çykmak wezipesi durýardy. Frunze we Kuýbyşew ýoldaşlar bu wezipäniň hötdesinden abraý bilen geldiler. Olaryň Türküstana gelen ilkinji günlerinden başlap, Türküstan MIK-niň başlygy hökmünde maňa olar bilen ýygy-ýygydan duşuşmak miýesser etdi. Ýoldaş Kuýbyşew aýratynam agşamlaryna we gijelerine wagtynyň agramly bölegini Türküstan frontunyň ştabynda geçirýärdi. Men onuň gijäniň bir wagtlary ştabyň telegrafynyň başynda dürli frontlar bilen göni prowod arkaly gepleşip oturan pursatlaryna az duşmandym. Ol kä gijeler soldat şinelini çykarynman, gaty oturgyçda oturan ýerinde ýatyp galýardy.
Walerian Wladimirowiç hemişe, öňki işlän ýerlerinde-de, soň SSSR HKS-nde işlände-de Sowet Sopuzynda ýaşaýan köp sanly milletleriň hajatlaryna örän eserdeň we aýawly garaýardy.

1935 ý.

■ Ýa.E.RUDZUTAK: PARTIÝANYŇ WEPALY OGLY

Orta Aziýa – 1919-njy ýylyň ahyry, 1920-nji ýyllaryň başlary. Gandöküşikli graždanlyk urşy dowam edýär. Türküstanda ak gwardiýaçy bandalaryň galyndylary hereket edýär, edil golaýynda – Buharada bolsa iňlis imperializminiň dikmesi buhara emiri iş görýär. Ine, şeýle aýratyn çylşyrymly syýasy we harby ýagdaýda Türküstan frontunyň hem-de RK(b)P MK-nyň, BMIK-niň Türkkomissiýasynyň çleni hökmünde ýoldaş Kuýbyşew gelýär.
Onuň Türküstana gelmegi kontrrewolýusion güýçleriň basylyp ýatyrylmagy, partiýa we sowet guramalarynyň has-da berkemegi bilen baglanyşykly boldy. Bu onuň bilen bile işleşen biziň hemmämiziň ýadymyzdadyr.
Walerian Wladimirowiç harby işgär hökmünde gelmek bilen Türküstanyň syýasy we hojalyk işleriniň meseleleriniň çözülmegine aktiw gatnaşdy. Ol şo döwürler leninçilik milli syýasatyny amala aşyrmakda, ýerli işgärleri şu ruhda terbiýelemekde ilkinji anyk we netijeli iş geçiren görnükli işgärleriň biri boldy. Ine, şeýle güýç-gaýrat bilen ýoldaş Kuýbyşew Türküstanda ak gwardiýaçy galyndylary ýok edýärdi, ol ýerde Sowet häkimiýetini berkarar edýärdi.

1935 ý.

■ Ýa.H.PETERS: ÝADAMAZAK GÖREŞIJI

1934-nji ýyl.

Esasy uçastoklaryň biri bolan pagta taýýarlanyşynda örän uly bökdençlik emele geldi. Mundan baş alyp çykmakda Orta Aziýa guramasy uly goldawa mätäçlik çekýärdi. Partiýanyň Merkezi Komiteti munuň üçin Kuýbyşewi şo ýerik ibermegi makul bildi.
Müňlerçe kilometr giňişliklere uzalyp gidýär Orta Aziýa respublikalaryna aýlanyp çykaýmak ýeňil iş däldi. Obalardyr gyşlaklar heniz oňly aragatnaşyk ýollary bolmadyk daglarda, sähralyklarda ýerleşýärdi. Işleriň ähli uçastoklarynda aktiwlik döretmek, adamlary işe hyjuwlandyrmak, olary ýerli-ýerinde goýmak, pagta taýýarlanyşynda kulaklaryň agitasiýasyna garşy aýgytly göreşmek uçursyz güýç-gaýraty talap edýärdi. Ol işlerini bitirdim hasap edip, Orta Aziýadan Moskwa gaýdanda nähoşlap geldi. Men bir minutlyk hem bolsa onuň hal-ýagdaýyny soramak maksady bilen onuň ýanyna bardym. Emma ýoldaş Kuýbyşew özi keselini unudyp, işleriň gidişi bilen gyzyklandy. Ýerlerde rewolýusion kanunçylygyň ýoýluşy, kolhoz işleriniň ýagdaýlary hakda maglumat berýän materiallary sorady. Bular Kuýbyşewe ML-nyň görkezmelerini ýerine ýetirmek, pagta taýýarlanyşyny bolşewiklerçe guramak üçin zerurdy.

1935 ý.

■ G.ATABAÝEW: TÜRKMEN HALKYNYŇ DOSTY

(W.W.Kuýbyşewiň jesedi Kreml diwarynda jaýlanýar. Ýas mitinginde TSSR HKS-nyň başlygy G.Atabaýew hem çykyş edýär).
Ýalkymly bolşewik, wepaly leninçi, proletar rewolsiýasynyň guramaçylarynyň biri biziň aramyzdan gitdi. Ajal biziň aramyzdan ajaýyp bir ömri äkitdi.
Ýoldaş Kuýbyşew Türküstanda proletar rewolýusiýasynyň ýeňmeginiň aktiw guramaçylarynyň biri bolupdy. Kuýbyşewiň ýolbaşçylygynda Türküstanyň zähmetkeşleri aklaryň hem-de iňlis interwentleriniň goşunlaryna uly zarba urdy. Ýoldaş Kuýbyşew biziň ülkämizde täze milli kadrlaryň döremegine ýardam etdi, sowetleşdiriş işleriniň başlangyjyny ýola goýdy. Ol Orta Aziýa respublikalarynyň zähmetkeşleri bilen hiç haçan gatnaşygyny kesmändi. Biz özümiziň gazanan üstünliklerimiziň köpüsinde ýoldaş Kuýbyşewiň eserdeň we çuň aladasyny görýäris. Sowet Soýuzynyň işçileridir bütin zähmetkeşleri ýaly, Türkmenistan respublikasynyň ähli zähmetkeşleri hem onuň jesediniň öňünde baş egýär.

1935 ý.

■ B.KERBABAÝEW «AÝGYTLY ÄDIM» ROMANYNDAN

... Kuýbyşew başlary uly telpekli. Ahal atly türkmen polkuna göz gezdirdi. Artyk ýönekeý harby formaly, başy papakly, egni şinelli, aýagy ädikli daýaw, tutuş adama raport bermekçi boldy.
Walerian Wladimirowiç oňa:
– «Wolno! – diýp, elleşip görüşdi.
... Walerian Wladimirowiç Artyga sowal berdi.
– Ýoldaş komandir, Zakaspi frontunyň gyzyl esgerleri müň wýorstdan artyk suwsuz çölleri, kyn ýollary, agyr çaknyşyklary başdan geçirdi. Krasnowodskä barýança ýene iki ýüz wýorstdan artyk çöl bar. Belki, birnäçe agyr çaknyşyklar hem bolar. Siziň polkuňyzda argynlyk duýulmaýarmy?
– Ýoldaş çlen re-re...
Meniň ýönekeý adymy tutaýyň.
– Ýoldaş Kuýbyşew, bizde: «Gylyç gynyňda ýatsa – poslar» diýen nakyl bar. Şonuň ýaly hem biziň jigitlerimiz ýöriş bolman, bir ýerde uzak durmaly bolsalar ararlar. Aslynda, biziň haýdanlarymyz dynjy harman-hoşadan soň alýandyrlar.
– Siz, aklary orup ötäýtmeli sypal hasap edýämisiňiz?
– Ýok. Bizde «Duşmanyň garynja bolsa, pil hasap et» diýen nakyl hem bar. Emma kerkiň ýanynda piliň hem manysy bolmazmyşyn.
– Diýmek, siz aklary tiz ýeňjegimize ynanýarsyňyz?
– Şeksiz.
– Bu saparky hüjümiňize meni hem öz ýanyňyz bilen alyp gidermisiňiz?
– Siziň gelmegiňiz, esgerleriň halyndan habar almagyňyz, olaryň ýeňijilik güýjüni gerekli derejä göterdi. Kyn ýolda siziň heläk bolmagyňyza hajat barmyka?
– Şeýle ýol meniň üçin hem birinji gezek däl. Gyzyl Goşunyň, şonuň bilen bir hatarda, türkmen jigitleriniň nähili söweşýänini men hem görmek isleýän.

■ Ş.TÄŞLIÝEW, akademik: «M.W.FRUNZE, W.W.KUÝBYŞEW TÜRKMENISTANDA» ATLY KITAPDAN

... W.W.Kuýbyşew goşunda we ilat arasynda syýasy hem guramaçylyk işini alyp barmaklyga pugta üns berýärdi. Emma şol işi alyp barar ýaly işgärleriň örän ýetmezçilik edýändigini ol Zakaspi-de gördi. Şoňa görä-de Kuýbyşew 29-njy dekabrda Daşkende, Türküstan frontunyň syýasy bölümine ýörite telegramma iberip, şonda «Mara gyssagly suratda syýasy işgärler ibermek zerur» diýip ýazdy.
Gowgaly 1919-njy ýylyň iň soňky günlerini Kuýbyşew Çärjewde geçirdi...
Walerian Wladimirowiç Kuýbyşew... aý ýarym wagtlap bütinleý diýen ýaly diňe Sakazpi meseleleri bilen meşgullandy. Munuň özi türkmen topragynyň duşmanlardan arassalanmagynda, bu ýerde Sowet häkimiýetiniň berkleşmeginde uly rol oýnady.
W.W.Kuýbyşewiň oňat bir häsiýeti bardy – ol tutanýerlidi, sözünde tapylgyçdy. Özüniň edýän talaplarynyň degişli adamlar tarapyndan hökman ýerine ýetirilmegini gazanardy, özi hem birine söz berse, sözünde tapylmak üçin elinden gelenini ederdi. Söz berip, sözüňden dänmegi eşekden palan alança görmeýän, köp işleriň hötdesinden geljek bolup janyny emgemeýän häzirki käbir ýolbaşçysumaklar Walerian Wladimirowiç ýaly joşgunly bolşewikleriň işleýşinden görelde alsalar, nähili gowy bolardy, öňe gidiş depginimiz nähili tizleşerdi...

1966 ý.

■ IKINJI GEZEK TÜRKMEN TOPRAGYNDA

SSSR HKS-nyň başlygynyň birinji orunbasary, BK(b)P MK-nyň Syýasy Býurosynyň çleni W.W.Kuýbyşew 1934-nji ýylda Orta Aziýa respublikalaryna aýlanýar. Şol ýylyň 23-nji noýabrynda ol Çärjewe gelýär. Ony bu ýerde TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Ýakow Popok, TSSR HKS-nyň başlygy Gaýgysyz Atabaýew garşylaýar. Şol gün ol Çärjew raýonynyň MTS-nyň kolhoz meýdanlaryna aýlanýar. Halturin adyndaky kolhozynyň üçünji brigadasynda bolanda körek ýyglyşynda uly zyýançylygyň üstünden barylýar. Kuýbyşew kolhozyň prawleniýesinde iki sagada golaý kolhoz adamlary bilen gürrüňdeş bolýar. Tabelleriň doldurylyşy bilen hut özi gyzyklanýar. Şol günüň agşamsy partiýanyň raýkomynyň jaýynda partuýa aktiwiniň ýygnagyna gatnaşyp, çykyş edýär.
Ertesi Kuýbyşew Mara gelýär. Ol Mary raýonynyň 2-nji polk, Atabaýew adyndaky, «Garyp» kolhozlaryna aýlanýar. Baýramaly raýonynyň «Täze durmuş», «Bolşewik» kolhozlarynda, Wekilbazardaky pagta bazasynda bolup görýär. Agşam Mary we Baýramaly raýonlarynyň kolhoz başlyklarynyň slýotunda çykyş edip, oba hojalygyndaky üstünlikler bilen bir hatarda, kemçilikler we olary aradan aýyrmagyň ýollary barada gymmatly maslahatlar berýär. Ol şonça janypkeş zähmet çekýän bilen ýaltaçylyk edip, zähmetden gaça durýan adamlary aýyl-saýyl etmelidigi dogrusynda aýdýar.
W.W.Kuýbyşewiň Türkmenistana ilkinji gezek gelip gidenine elli dört ýyl töweregi wagt geçipdir. Şu günler doglan gününiň 100 ýyllygy bellenilýän W.W.Kuýbyşewiň ady biziň güneşli respublikamyz bilen berk baglanyşykly. Respublikamyzda kolhozlardyr kärhanalaryň ençemesi bu ýalkymly bolşewigiň adyny göterýär.

Allaýar ÇÜRIÝEW.
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: