09:04
Göwnühoş / etýud-hekaýajyk
“WELLI WALANYŇ WALA-WALALARY” ETÝUD-HEKAÝAJYKLAR TOPLUMYNDAN

GÖWNÜHOŞ

Welli Wala bir gün gürrüň berdi:
-Obadaşlaň biri pullandy.
Nirden?
Nädip?
Özünden maňlaýly bendäni gören ýa-da eşiden mundan buýanky beýlekileriň aglaba köpüsiniň kelleçanagynda öz-özünden emele gelýän şu sowallara, öz ýanyndan her kes birhili jogap tapdy.
Wäşiräkler-ä: “Kimi kylyp, kimi ýemelidigini dinozawr ekgäň özi ýahşy biledi!” diýdiler.
Takwaraklar ýa-da takwaraksyraýanlar dişlerinden syzdyrybragam bolsa: “Ryzk Alladandyr! Kime näme berip, näme bermeli dädigini Eýämiziň özi gowy bilýändir!” diýişdiler.
Iki erninden hyllyk deregine öt akýana çalymdaşlar töweregindäkilere eşitdiribräk: “Bir ýerini ýumrandyr-da! Ýa-da bir ýerini ýumrany çürkändir-dä!” diýip, pessaýdan-pyşyrdyly hüňürdeşdiler.
Mümkinçilik tapdyklary kimdir birine nämedir bir zatlaryny göterip bermäge hemişe taýýar päkýürekliler: “Tüf-tüf-tüf! Tüweleme, tüweleme! Göz degmesin! Rysgally, nanly-saçakly, eli açyk beg ýigit bu! Honha, ykbaly göterildi-de, galňady öteýtdi! Ýene-de bir öwran tüf-tüf-tüf! Bizlere-de şonyýnyňky ýalaky ryzk-bereket nesip etsin!” diýip, kiçi dildenmi ýa uly dildenmi, garaz, öz-ä bir ýetişip bildiklerinden alkyşlap aldylar.
Edenleri ugruna bolman, haçan görseň, hatda “düýäň üstünde-de it ýaryp” ýörenler bolsa, şonuň geçip giden yzyna garşy, onuň özüne görkezmänräk, harkyldadyp gakylyk maçylatdylar-da: “Swolyç!” diýmek bilen çäklenäýdiler.
Içi güjükli köpbilmişler bolsa hemişekileri deýin kelam agyzam geplemän, syrlyja, matallyja ýylgyrmak bilen oňdular.
Hamana, olar onyýnyň nireden, nädip nädendigini onuň özündenem gowy bilýämişdikler. Eger gerek bolsa, soralyp-idelen ýerinde onyýnyň şeýdip şeýtmek üçin gaýryp-goparan ähli hokgalaryny köpükme-köpük, öýjükme-öýjük sanabam berip biljekmişler.
Emma...
“Adamçylyk” diýibem bir zat bamyşdyk.
Onnoňam olar şunyýny ýalylaryň gaýryp-goparýan şonyýny ýaly zatlaryny söklemek üçin mugtuna işläp ýatarlary ýaly, eýlebir beýle barypýatan akmagam dämişdik, elbetde.
Şu nukdaýnazardanam, olar hemmeje zadyň magadyna göz ýetiripjik ýatandyklaryna garamazdan, keplerini içlerinde saklap, dymyp ýörmüşdik.
Çünki, uşbu ýalançy dünýäde: “Akmak ýanynda dyman ýagşy” diýen köpmanyly kepem bilinmän aýdylmanmyşdyk...
Garaz, pullananyň obadaşlarynyň her haýsy bir zat diýdi.
Ýa-da oýlandy.
Ýöne, gep onda däl-de, munda.
Şonuň ýaly, her kimsäge nesip etmegi, ömrüň her pursadynda diýen ýaly öte yhlas bilen arzuw eýlenilýän, ajaýypdan gelen bir ýagdaýa duçar bolandan soňra, ol maňlaýly bende-de, özi ýaly ryzky ýorunjadan soň ekilen keleme dönen ynsanlaryň aglaba köpüsine mahsuslykda, birnäçe üýtgeşik häsiýet tapyndy.
Birinjisi: Gyşy-tomsy egni kelte ýeňli, mymyjak matadan köýnekli, syrtyndaky jalbarynyň inekhanasy öküziň inegi salnan deýin şalkyldap, dyzyna ýetip duran sypatda, jorapsyz aýagam gymmatbaha şypbykly gezmäni çykardy.
Sowugam bildirmedi oňa, yssam.
Çapgyn ýeldir, ýagyş-garam kär etmedi.
Ikinjisi: “Keplese-de baýyň ogly keplesin! Hi-hi-hi!” diýip çylkasyz gülüp, özüne habar gatylsyn-gatylmasyn, hemme ýerde hemme gürrüňe goşulakga, hemme zat barada özüniň iň dogry, iň düşnükli, iň hakyky, garaz ýetmiş ýedi müň älemlerde bar bolan hemme “iň”-leri özünde jemleýän parasatlydan gelen, dana hem danyşment pikirlerini aýtmagy endik edindi.
Üçünjisi: Kimdir biriniň gün-güzeranyndan zeýrenýänini eşidäýdigi, näme üçindir mydama ýagjaryp duran, lopbuş dodagyny göwnüýetmezçilik bilen çöwrüp: “Haçan görseň, aglap-eňräp ýörmän, ynhalykga, mysal üçin, özlemmiz ýalaky ýymşajyk ýeriňi derledip, çarp urmaly-da! Şonuň ýaly dünýädä bi!” diýip, gorkmasa-ha gününden nalaýanyň al-petinden aldy. Al-petden alybermäge çekinse-de: “Dossum, o ýatyp iýilýän ýerdenem näme, atamyz Adam pahyr, “etme” diýlenini edip, kowlup gaýdaýpdyr-da!” diýip degşen boldy.
Dördünjisi bolsa, ol hemişe göwnühoş gezdi. Haçan görseň jak-jaklap gülüp ýören ol bendäniň tutuksy wagtyny, megerem: “Takmynan ep-esliň ýarysy ýaly baýrak berjek!” diýseňem gören tapylmazmyka diýýärin!
Galan häsiýetleri barada kän bir gürläp oturasy işem ýok. Sebäbi, onuňam ýaňky aýdylan dördüsinden başgasy biziň hemmämiziňki ýaly.
Öwseler – begenýä.
Sögseler – gaharlanýa.
Umuman, bi aýdýanym öňem-ä ilden üýtgeşik eşek däldi welin, şeýle bolandan soň-a, hasam birhili göwnühoşa öwrüldi öteýtdi.
Nämesinden şeýle boldy?
Nädip?
Nireden?
Kim bilýä?!
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 60 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: