01:18
Kerim Hallynyñ "Erkekler" goşgusyna jogap
KERIM HALLYNYÑ "ERKEKLER" GOŞGUSYNA JOGAP

Zenanlar bolmasa bolmazdy erkek,
Diñe erkekler däl zenanam gerek.

Zenanlar bolmasa goşgam ýazylmaz
Zenanlar bolmasa sazam çalynmaz.

Zenanlar bolmasa akyl kim bersin
Zenanlar bolmasa sakal kim görsün.

Zenanlar bolmasa gül kime gerek
Zenanlar bolmasa sem kime gerek.

Zenanlar bolmasa urmaz ýüregiñ
Zenanlar bolmasa ýokdur geregiñ.

Zenansyz näme bäbek bolýamy
Zenan ýok ýerde tabak bolýamy?

Zenan bolmagam añsat däl, şahyr,
Zenanlarñam gornüşleri bar ahyr.

Zenan bardyr yoldaşyna ýar bolýan
Zenan bardyr yoldaşyna är bolýan.

Zenan bardyr, оl öyüni saklaýar
Zenan bardyr söýgüsini haklaýar.

Köpçülikde ýuwaş gelin bolýan bar,
Soñ öýünde oña horaz bolýan bar.

Gaýga batan wagtyñ göwnüñ göterer,
Gynanmasana diyp ýüzin güldürer.

Zenan bardyr adam eder dälini,
Zenan bardyr dälem eder adamy.

Zenansyz ýaşaman öten erkek ýok,
Zenansyz wagtyñ geçen günem ýok.

Zenanlan gadyrny biliñ entekler
Zenanca bolup bilmez Erkekler.

Igenme geleñde men ýadow diýp
Gaýtam magta seni söýýärin diýp.

Zenandyr durmuşda hemmäñ geregi
Zenanlardyr bilseñ dünýäñ ýüregi

Кerim şahyr dogry erkegem gerek
Ol erkege ýar diýp zenanam gerek

Erkegä erkekdir gerek ýerinde
zenanam zenandyr onyñ ýanynda

Garaz her kimiñ orny bar munda
Magtanmañ sizsizem ömür bar mundа.

Heleý diýýäñ Kerim peseldip ony
Heleý dälmi elten derejä seni.

Gaty görme şahyr bu bir degişme,
Bolsun diýdim adamlara gülişme.

Jennet MEREDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 141 | Добавил: Mahymm | Теги: Jennet Meredowa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 12
0
12 Arzuw6925   [Mowzuga geç]
Talyplar.com saýtyna Jennet Meredowaň goşgularyny men goýdym, munam özi goýmagymy haýyşt edeni üçin, haýsy saýda goýulanyna nägilelik bildirýänine düşünmedim, şu saýda goýulanyna nägilelik bildirýämi ýa-da talyplara?!

0
11 Jennet   [Mowzuga geç]
Birinjidenä goşgyň gowşakdygny ýalňyşlarynyň kändigini özimem bilýän, entek üstünde işlemedik degişme äheňinde ýöne iki minudyň içinde dörän setirler bular. ikinjidenem goşym soraman köçülik edebi saýta goýlupdyr. Bu-da meni biynjalyk etdi...

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Men yañy saytlara girişdirdim. talyplar.com-da paylaşylan eken. Asyl talyplar.com howesjeñ şahyrlaryñ kategoriyasynda hasap edip boljaklaryñ "goşgylarynyñ" we ş.m-leriñ paylaşylan yeri diysegem nadogry bolup durmaz. Soñky 1-2 sahypa-ha diñe Jennet Meredowa diyilyaniñ goşgylardan doly eken. Siziñ gownuñize degmek niyetim yok, emma bular goşgy dal, Jennet hanym, gowşak, gaty gowşak.
talyplar.com-da paylaşylan eken sizi "biynjalykdan gacyran" monolog. Belkam, ozuñiz, belkam yakynyñyz, yone ozuñiz idin bermeseñiz onça "goşgyñyzy" haysydyr bir internet sahypasynda paylaşmazdylar. Diymek barde gelip nägilelik bildirmegiñem hic hili manysy yok.

0
9 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Degişmäñem "ýokary hillisi"bolup biler.Ýöne sizden soraman goşgyny saýta goýmaklary uslyp däl.
Belki,siz muny dost joralaryñyzyñ arasynda okamak üçin ýazansyñyz.Diliñiziñ ugruna.Ezizow diýýärä:"Ýöne keýpine"
Diýmek,sizden habarsyz saýta goýan adam nädogry hereket edipdir.Siz muny köpçülige hödürlemek üçin däl-de diñe öz arañyzda okaşmak üçin ýazan bolsañyz,men sizden tankydym ûçin ötünç soraýaryn.Il ýüzüne çykarylmadyk zady tankytlap bolmaz.Ýöne özüñizem girýän bolsañyz bilýänsiñiz bu saýt ýokary çeperçilikli eserleriñ ýa-da goşgularyñ goýulýan saýty.Şonuñ üçinem tankytlaryma dûşünensiñiz.

0
8 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Iki gulagymyz Sizde. Degişmemi, melodramamy, monologmy... näme bolanda-da, bärde hiç kim Siziñ şahsyñyza gönükdirýän söz aýdanok, gürrüñ goşgy barada barýar we okan zadyna islendik okyjynyñ pikirini galdyrmaga haky bar. Ikinjiden, bu agzalan ýalñyşlyklary bilibem, "goşgyñyzyñ" stolyñyzyñ çekerinden (ýa-da telefonyñyzdan) başgalara ýaýrap gitmegi, okyjylaryñ däl-de, öz säwligiñiz. Üçünjide, "goşgyny" agzalardan biri goýupdyr, özümize galsa, bu gowşak goşgynyñ kitapcy.com-da paylaşylmagyna asla yrzalygymyz ýok, bulam @Mahym agzamyz başlyklaýyn çeper sözüñ gymmatyny bilýän herkesi biynjalyk etdi. )

0
7 Jennet   [Mowzuga geç]
Dinlan. Men ol goshgyny birinjidena degishme diyp yazdym egerde in sonuna cenli okan bolsanyz. Ikinjidenem shol yalnyshlyklary aytmasanyzam bilyan. Ucinjidenem mennen sorashman goshgym goylupdyr. Bu-da meni biynjalyk etdi.

0
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Kapyýa näsazlyklary,bogun näsazlyklary,akgynly okalyş näsazlyklary bilen doly goşgy.Forma kemçiklerini bir tarapa goýýan.Geleliñ goşgyñ mazmunyna
"Gözel bardyr gözellerden zyýada..."
"Gözel bardyr sirke basar saçyny..."
(Magtymguly)
"Zenan bardyr adam eder dälini
Zenan bardyr däli eder adamy"
Pyragydan (belki,ondanam öñden)gelýän pikri 21-nji asyrda täzeden "satuwa çykarmak"nämä gerekdi?
Pikriñ köneliginem bir tarapa goýalyñ.Beýan ediş şeýle gowşak bolmaga mejburmaka?
Galyberse-de Kerim Halla jogap bermek añyrda dursun ony çyna ýazyp okamagyñyzam meni geñ galdyrdy,awtor.
Aslynda-ha munuñ şoña jogapdygyny şonsuzam bilmegimiz gerek.Sebäbi bulam onuñ "goşgulary"ýaly çendenaşa halkylyga dyzaýar.Bulam şol "goşgular" ýaly gowşaklykda rekord goýýar.
Onsoñam Kerim Hally ýaly edebiýatyñ "e-sinden"habarsyz adamlaryñ okaýan "şahyryna"berilen ýene şonuñ goşgularynyñ derejesinde gowşak jogaby
şeýle ýokary hilli edebi saýtda paýlaşmagyñyz meni biynjalyk etdi.

0
5 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Kerim Hallyda oňa jogap gaýtarar ýaly goşga men heniz duşmadym.

0
4 Clever6845   [Mowzuga geç]
Degishme ahende gowy goshgy bolypdyr.

0
3 Eýmenji   [Mowzuga geç]
"Erkekler" goşgyny.okap bolanokmy.?

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kapyýa deregne ulanylan, emma kapyýalaşmaýan sözler: erkek-gerek, ýazylmaz-çalynmaz, göterer-güldürer, dälini-adamy, erkek ýok-günem ýok, entekler-erkekler, ýerinde-ýanynda, ony-seni, degişme-gülüşme.

-1
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Pikir ýöredişi erbedem däl. Emma goşgy gowşak. Kapyýalarda-da sazlaşmaýan sözler az göze ilenok. Awtoryñ grammatiki sowady hem pesräk bolaýmasa. Meselem, "Zenanlar bolmasa bolmazdy erkek" setirinde "bolmasa" sözünden soñ dyngy belgisini goýmaly. 2-5-nji, 6-njy, 17-nji we iñ soñky bentlerde hem şeýle. Umuman dyngy-otur belgileriniñ goýluş tertibine üns bermeýän eken.
Bogun sanyny deñ saklamagyñ hatyrasyna artykmaç ulanylýan goşma sözlerem bar. Meselem, "Zenan bardyr, оl öyüni saklaýar" 
diyen setirde "ol" sözüniñ hiç hili geregi yok.
Sözleri dogry yazmaga üns bermeli. Meselem: "Gynanmasana diyp ýüzin güldürer", "Igenme geleñde men ýadow diýp" diyen setirlerde "ýüzin" däl - "ýüzün" bolmaly, "ýadow" däl - "ýadaw" bolmaly.

Umuman, gowşak. Meñ pikrimçe suwjuklyga suwjuklyk bilen berilen jogap. Başga hiç zat däl.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: