20:12
Aly Owhadeddin Enweri
ALY OWHADEDDIN ENWERI

Auheddin Ali ibn Yshak Muhammet Yshak XII asyrda seljuklaryñ häkimlik eden döwründe ýaşap şahyrlaryñ iñ görnüklileriniñ biridir. Bu özboluşly şahyryñ ömri we döredijiligi köp sanly tezkireçileriň, alymlaryň ünsüni özüne çekipdir. Enweri baradaky maglumaty iň gadymy tezkireçilerden bolan Muhammet Aufynyñ “Lubabul-Elbap” (XIII asyr) atly tezkiresinde we başga-da onlarça taryhy kitaplarda her hili edebi hrestomatiýalarda görmek bolýar. Eýran alymlaryndan Enweriniñ edebi eserlerini derñemekde iñ ulu ylmy işi amala aşyran Tähran uniwersitetiniñ professory Muhammettagy Müderris Rezewidir. Ol 1959 we 1961-nji ýylda Enweriniñ iki tomdan ybarat eserler ýygyndysynyñ tankydy tekstini neşir edýär. Mundan başgada Sagyt Nefisi hem şahyryñ şygyrlar diwanynyñ tankydy işini neşir etdiripdir.
Rus alymlarynyñ arasynda şahyryñ döredijiligi barada ilkinji gezek ylmy derñew işini alyp baran rus alymy Zukowiskidir. Ol 1883-nji yylda neşir eden “Aly Auhaddin Enweri” atly kitabynda şahyryñ terjimehalyna umumy häsiýetine analiz berýär, eserleriniň çeper dili hakynda gysgaça durup geçýär.
Dürli tezkirelerde we ylmy işlerde Enweriniñ aslynyñ Abuwert welaýtyndan bolandygy barada aýdylýar. Meşhur “Tezkiretuş-şuaranyň” awtory Döwletşa Samarkandy şahyr hakda şeýle maglumat berýär. ”Alymlykda we dürli ylymda az adam onuñ taýy bolupdyr. Asly Abuwert welaýatyndaky Mänäniñ yanynda ýerleşýän Benede obasyndandyr. Şol sähra Deşti-Haweran diýýärler. Enweri ilki başda Haweri tahallusyny kabul edýär. Soñ dosty Ammarynyn haýyşy boýunça Enweri tahallusyny ulanýar. Enweri Tusuñ Mansuryýe medresesinde ylym alypdyr. Soñ Döwletşa: ”Haweranda dört sany uly adam we alym döräpdir, olaryñ bäşinjisi bolmandyr” diýýär. Şol alymlaryñ biri-de Enweridir.
Enweri ýaşlykdan başlap öz döwrüniñ dürli ylymlaryny ele almaga çalşypdyr. Enweriniñ şahyrlyga başlayyşy barada dürli rowaýatlar köpdür, meselem Döwletşa Samarkandy “Tezkiretuş-şuarada” şeýle ýazýar “Enweri Tusyñ Mansurye atly medresesinde okaýardy... örän kynçylykda we garyplykda gün geçirýärdi.. Gündelik harjyny köp zähmetler arkaly gazanýardy. Şol günleriñ birinde Soltan Sanjar özüniň adamlary bilen Radkan iýen ýere gelip düşýr. Enweri bir gün medresäniñ gapysynda otyrka, ýanynyň nökerleri bilen dabara bolup, bir adamyň geçip barýanyny görýär. ”Bu kim?” diýip soraýar. ”Şahyr” diýip jogap berenlerinde, Enweri öz ýanyndan: ”Geň zat, şahyrçylyk käri şeýle bir pes zat, emma bu adam şeýle hormatly we ylmyň derejesi şeýle belent, emma men şunuň ýaly biçäre” diýýär. Şol ýagdaýy görüp, ol-da güzeranyny oňat geçirmek üçin şahyrçylyk bilen meşgullanmagy ýüregine düwýär we şol gijäniň özünde şeýle mazmunly kasyda ýazýar.

Başym goýaýyn gapyňda, ynan artyk günäm ýok,
Saýaňa al Soltanym senden başga penam ýok.


Soltan Sanjar oña sylag hem aylyk belleýär. Şeýlelikde Döwletşa Samarkandy Enweriniň şahyrçylyk kärine başlamagyny Soltan Sanjaryn kömegi bilen baglanyşdyrýar.
Enweri Soltan Sanjaryñ köşgüne barandan soň köp taryhy wakalaryň şaýady bolýar, ençeme syýahatlara, ýörişlere Sanjar bilen bile gidýär. Şoňa görä Enweriniň ady käbir taryhy kitaplarda hem duş gelýär.
Enweri birnäçe wagt Soltan Sanjaryň köşgünde bolandan soň, Nişapura gidýär. Şahyryň näme üçin we nähili ýagdaýda Sanjaryň köşgüni terk edişi barada tezkirelerde gyzykly maglumatlar saklanypdyr. Döwletşa Samarkandynyň “Tezkiretş-şuarasynda”, Ahmet Razynyň “Häft Yklymynda”, Azer Bekdiliniň “Ateşkedeýi-azerinde” ýazmaklaryna görä, Sanjaryň döwründe Enweri yyldyzlaryň asmande ýerleşişlerini hasaba alyp, şol aýda güýçli tupan turup, jaýlary, şäherleri eýran etjekdigini, agaçlary köi bilen goparyp taşlajakdygyny habar berýär. Bu habara biynjalyk bolan halk şol gije gorkup, öýlerinde ýatman, öňünden gazyp goýan ýerzeminlerinde gizlenýärler. Şol gije kimdir biri çyra ýakyp Marynyň belent minarasyndan asyp goýýar. Garaşylan gijede hiç hili tupan hem harasat hem gopmaýar, hat-da iň bolamnda çyrany söndürer ýaly şemal hem öwüsmeýär. Şol günüň ertesi Soltan Sanjar Enwerini çagyryp oňa käýeýär. Enweri-de aýdan hadysasynyň bir gijede däl-de kem-kemden ýüze jykjakdygyny bildirýär. Emma şahyryň öňden görüjilik bilen aýdan hadysasy asla başa barmaýar, şol ýylyň dowamynda hatda bir gezek hemgüýçli şemal turmaýarwe Marynyň ekin meýdanlaryndaky harmanlar arassalanman, geljek ýylyň ýazyna çenli meýdanda galýar. Şu ýagdaýlar hem Enweriniň Soltan Sanjardan heder edip, Nişapura gitmegine sebäp bolýar.
Şahyryň ölümi, haçan aradan çykanlygy hakda anyk maglumat ýok. Enweriniň doglan ýyly barada hem degerli deliller biziň günlerimize gelip ýetmändir. Ölen ýyly-da dürli tezkirelerde dürlüçe görkezilipdir, hatda şol seneleriň arasynda elli ýedi ýyl tapawut bar. Emma esasy çeşmelerde şahyryň, takmynan, 1189-1190-njy ýyllarda aradan çykanlygy barada aýdylýar.
Enweriniň döredijiligi öz döwürdeşlerinden birnäçe özboluşly häsiýetler bilen tapawutlanýar. Şahyr ömrüniň köp bölegini köşkde geçirip, patyşalar, wezir-wekiller hakda eser döredenem bolsa, onuň döredujiliginde dürli temalara degişli şygyrlara, ylaýta-da öz döwrüniň häkim gatlaklaryny paş edýän satiriki eserlere, öwüt-nesihat häsiýatli goşgulara duş gelmek bolýar. Enweriniň öz döwrüniň astranomiýa, matematika, filosofiýa, fizika, logika, edbiýat ýaly ylymlaryny doly ele alyp, görnükli alym bolmagy ony döwürdeş şahyrlaryndan ýokarda goýýar. Şu ylymlar bilen birlikde Enweriniň esasy hyzmaty pöeziýa degişlidir. Şahyryň ençeme kasydalary, gazallary, kytgalary, rubagylary parsy dilde döredilen poeziýanyň iň ajaýyp nusgalaryndan hasaplanýar. Onuň şygyrlary iň oňat şahyrlaryň eserleri bilen bir hatarda goýulýar.

Eý jan, seniň yşgyňdan azar janyma ýetdi,
Derdim bolduň ýürekde, ýaşymdan habaryň ýok.

Gam guşy bolup düşdüm zamanaň kapasyna,
Haýyrmy-şer sormadyň, işimden habaryň ýok.

Gan aglaýan her gije, senden jyda düşelim,
Baryp asmana ýeten, nalyşymdan habaryň ýok.

Ilki duşan pursatymyz gam-gussadan uzakdyk,
Ýüregmiň sen diýip lowlap, ýanyşyndan habaryň ýok.

Diňe özüň ýüregmi köşeşdirip bilýädiň,

Gamyň köşeşdirýär indi, sönüşimden habaryň ýok.

Hawa-da bu durmuş diňe Enweriniň elinde däl,
Erk gapysynyň ýapyk galyşyndan habaryň ýok.

(terjimesi Ş. Geldimämmedowanyňky)

Enweriniň hyzmaty we seljuk döwrýniň poeziýasyna girizen täzeligi onuň şygry halk gepleşigine ýakynlaşdyrmaga eden synanyşygydyr. Ylaýta-da şahyryň kytgalary düşnükli dilde ýazylypdyr. Şahyryň köp şygyrlary, ylaýta-da satiriki eserleri halkyň arasyna giň ýaýrapdyr. Enweri hemme alymlaryň, tezkire ýazyjylarynyň biragyzdan tassyklamaklaryna görä, XII asyryň iň görnükli we ussat şahyrlarynyň biridir. Ol goşgy düzmekde örän kyn hem-de ylmy meseleleri beýan etmekde öz döwürdeşlerinden tapawutlanypdyr, arap-parsy dilleri kämil bilendigi hem-de şygyr düzmekligiň tehnikasyny birkemsiz ele alandygy sebäpli, iň çeper şygyrlar döretmagiň, az sözde köp many aňlatmagyň ussatlyk bilen hötdesinden gelip bilipdir.
Enweriniň şygyrlary, ylaýta-da satiriki eserleri halkyň arasynda giň ýaýrapdyr. Şahyryň durmuşy hem döredijiligi barada ençeme rowaýatlar emele gelipdir. Şibli Nugmany şahyryň şygyrlary hakda söz açyp: “Onuň zybanyndan çykan şygyr setirleri örän ýiti tizlik bilen halk arasyna ýaýraýardy” diýyp ýazýar. Enweriniň öri, şohraty barada köp tezkirelerde we beýleki kitaplarda duş gelýän maglumatlary, rowaýatlary toplan prof. Sagyt Nefisi şahyryň diwanyna ýazan uly sözbaşysynda Enwerinuň şygyrlarynyň halk arasyna ýaýraýşy barada şeýle rowaýaty getirýär:
“Bir gün Enweri Balhyň bazaryndan geçip barýan eken. Görse, birtopar adam ýygnanyşyp duran. Ol-da şol ýere barýar. Jemagatyň içinden bir adam Enweriniň şydyrlaryny öz adyndan okaýar, diňleýänler bolsa, ony öwüp, sagbolsun aýdýarlar. Enweri bu ýagdaýy görüp:
Ay, gardaş, bu okap duran goşgularyň kimiňki?- diýýär. Ol:
Enweriniňki diýip, jogap berýär. Onda şahyr: - Sen Enwerini tanaýarmyň? – diýip soraýar. Ýaňky adam bolsa:
Aýdýanyň näme, Enweri meniň özüm ahyryn! – diýýär. Şonda Enweri gülýär-de:
Şygyr ogrusy bar diýip eşidipdim welin, şahyr ogrusyny görmändim diýip, geň galyjylyk bilen başyny ýaýkaýar”
Şahyryň döredijiliginiň bir bölegi-de öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlardyr. Şu hili şygyrlarynda şahyr adamlary okuwa, ylym almaklyga, hünär öwrenmeklige çagyrýar, durmuşda azat ýaşamaklygy, kişiniň minnetini çekmezligi, nebsöwür bolmazlygy we dogruçyllygy, ile azar bermezligiwe şuňa meňzeş asylly häsiýetleri ündeýär.

Bu dünýäde asyl-ha, jomart kişi galmandyr,
Heý, saňa duşmadymy, sahylar nirede dost?

Eýämiň näkesinden sahylyk tama edip,
Kitap hakda söhbet açma, olar bilen arada dost.

Ynanma, buz ýüzüne resim çekilen ýalydyr,
Sahylar söhbet açsa, sahylyk barada dost.

Dünýäde bardyr öýdýp, haýyr gözläp kösenme,
Çorba sorama aşpezden, tüsse bar arada dost.


Enweriniň döredijiliginiň bir bölegi-de onuň gazallarydyr. Gazal döretmekde hem Enweri öz döwrüniň ussat şahyrlarynyň biri bolupdyr. Şahyryň döwrüne çenli gazal žanry bolan hem bolsa, ol özbaşdak žanr hökmünde rowaçlanmandyr. Enweri bu žanra aýratyn üns berip, gazal düzmekligiň täze usulynyň esasyny goýupdyr. Onuň döredijiligi XII asyrda ýaşan köp şahyrlaryňky ýaly, iki hililik häsiýetine eýedir. Onuň kasydalarynda şalar, emirler, wezirler wasp edilýär. Kytgalarynda bolsa bahyl baýlar, gysganç şalar tankyt astyna alynýar. Munuň sebäbini şol döwrün syýasy, ykdysady ýagdaýlary bilen düşündirmek bolar. Köşkde ýaşaýan şahyryň belli bir wezipesi bar, ol hökman şol wezipäni-de ýerine ýetirmeli, ýagny hökümdary we onuň ýaranlarynyöwmeli,şonuň beren sylag-serpaýy bilen ýaşamaly. Bu ýagdaýa her bir şahyr, ylaýta-da Enweri ýaly şahyr çydap bilmeýär. Şoňa görä onuň öwgi häsiýetli goşgulary diňe zamananyň, ýagdaýyň talap etmegi sebäpli ýazylypdyr.

Bilmedim ne sebäpden, köňlüm gitdi gümana,
Eý, maňa egilmeýän, baş bermeýän zamana.

Köpler sende kemal tapdy, süýji janyň ezizi,
Sen zerarly agzymdaky asalym döndi gana.

Neh-ä razylyk berýäň, ne-de başyň ýaýkaýaň,
Gaşym alyp otyrsyň güň mysaly hamana.

Ýedi yklym daglary altyn bolup gelse-de,
Men ony toprak sanaryn gitmegin hiç gümana.

Dünýe maly gara şaý, çünki aklyň guly men,
Paýhaslylar huzurymda gelendirler amana.


Enweri köşk şahyry bolmak bilen birlikde, satirik şahyrdyr. Ol satirik şahyr hökmünde ençeme kytgalarynda dürli tipdäki adamlary ýiti urgy astuna alýar, hatda öz garyndaşlaryny tankytlamakdan-da çekinmeyär. Sahyryň ýaşan döwründe satiranyň iki sany esase bewipesi bolupdyr: birinjisi – öwlüp arşa çykarylýan adamdan hiç hili sylag, peşgeş gelmese, ony satiranyň okuna tutmakdan, ikinjisi-, jemgyýetçilik hadysalarynyň nogsan taraplaryny paş etmekden, zalym şalary, berimsiz emirleri, han-begleri tankyt astyna almakdan ybarat bolupdyr. Enweriniň eserlerinde şolaryň ikisine-de duş gelýäris. Şahyryň döredijiligini öwreniji alymlar Sagyt Nefisi hem-de Müderris Rezewi Enweriniň öwýän hem-de tankytlaýan adamlaryndan altmyş alty adamyň adyny tutýarlar we olaryň hersi hakynda gysgajyk maglumat berýärler.
Enweriniň döredijiligine öz döwürdeşleri we özünden soňky şahyrlar ýokary baha beripdirler, ony Firdöwsi, Sagdy dagylar bilen bir hatarda goýupdyrlar, kasyda ýazan şahyrlaryň ýolbaşçysy hasap edipdirler. Muňa Jamynyň “Baharystan” atly eserine girizen Hatifiniň bir bent rubagysy hem-de Şibli Nugmanynyň “Bütin Eyranda üç şahyr sözün ussady hasaplanýarlar, olaryň biri Enweridir...” diýen sözleri şaýatlyk edýär. Beýleki iki şahyr bolsa, Firdöwsi bilen Sagdydyr.
Enweriniň döredijiliginde yşga-söýgä degişli eserler köp däl, hatda ol iki kytgasynda aýaly ýamanlapdyr we öylenmezligi nesihat edipdir. Şahyr şol kytgalarynyň birinde aýaly buluda, erkegi hem aýa meňzedip, aýyň tutulmagy bulutdandyr diýip ýazsa, “mert bol, aýaly terk et, çünki biziň zamanamyzda akylly adamlar aýal islemez” diýip nygtaýar. Enweri aýala we öýlenmeklige nähili garasa-da, ol iň soňunda öz pikiriniň nädogrydygyna düşünip, öýlenipdir we maşgalaly bolupdyr.
Şahyr köpsanly kasydalaryň, gazallaryň, kytgalaryň, rubagylaryýalaryň awtorydyr. Onuň neşir edilen iň doly diwany 14722 beýdi öz içine alýar. Enweri özünden öň geçen şahyrlaryň eserlerinden diňe bir peýdalanmak bilen çäklenmän, olarda ulanylýan çeper serişdeleri has kämilleşdirýär, öňe sürülýän manylary ösdürýär. Enweriniň döredijiligi XI-XII asyrlarda dörän parsy dildäki poeziýanyň iň oňat nusgalarynyň hökmünde özünden soňky şahyrlara oňaýly täsir edipdir. Gynansagam, häzire çenli ownuk-uşak gazallaryndan bölekler diýäýmeseň, türkmen okyjylary Enweriniň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş däl. Seljuklar döwrüniň edebiýatynyň taryhynda özboluşly yz galdyran ajýyp şahyr Enweriniň döredijiligi hemmetaraplaýyn öwrenilmäge degişlidir.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Täjimow, Şähribossan Geldimämmedowa, Araznepes Mämmetjumaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: