14:52
...Göwnüm gaçdy
...GÖWNÜM GAÇDY

Bulut gamdan gözýaş dökdi,
Siz oňa: «Ýagmyr» diýdiňiz.
«Berekedin seper durar,
Topragy gandy:r» diýdiňiz.

Demin üfedi Biribar,
«Mylaýym şemal» diýdiňiz.
Derýa «janpena» tutundy,
Siz oňa: «Kenar» diýdiňiz.

Ýer üşäp, ýapyndy ýorgan,
Siz: «Mawy asman» diýdiňiz.
Synaga salyndy ömür,
«Aladam, gussam» diýdiňiz.

Gül uýaldy öz görkünden,
«Reňkidir gyzyl» diýdiňiz.
Ak kagyza göwnüm gaçdy,
Siz oňa: «Şygyr» diýdiňiz.

Mahym NURGELDIÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 18-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi.
Категория: Goşgular | Просмотров: 77 | Добавил: Sona | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 3.2/4
Всего комментариев: 11
0
10 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Daýy,menä muny awtoryñ çendenaşa "uçmagy"(ýagny fantaziýasy) hökmünde kabul edýärin.Awtoryñ azda kände öz fantaziýasyny ulanyp pikir ýöretmäge haky bardyr ahyry.(Ýaşuly adam hökmünde göz öñüne getiremsoñ daýy diýýän.Ýaşyñyz kiçi bolsa bagyşlarsyñyz)

0
11 mango   [Mowzuga geç]
Ok. Aýdanyň bolsun.. uçýan haly bolarda uçýan ýorgan näme üçin bolmasyn?
Isleýşiň ýaly ýüzleniber.
Daýy diýeniň bilen daýy bolamyzok, aga diýeniň bilen aga.
Mesele ýok.

0
8 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Mahym uýamyzyk goşgysy gaty täsirli çykypdyr.Gyzyklanma bilen okadym.

0
7 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Mango daýy,şu goşgyny ýazan başga bir "Mahym hanym" diýip göz öñüne getireliñ.Menem okyjy hökmünde öz pikrimi aýdýamyşym:
Awtor,bu goşgusynda siziñ ýagyş diýip atlandyran zadyñyz buludyñ gözýaşy,şemal diýip atlandyran zadyñyz Biribaryñ demi diýmek isleýär.Siziñ asman diýýäniñiz bolsa ýeriñ üşäp ýapynan ýorgany diýýär.(Eger düşünmedik bolsañyz onda "diýmek isleýär"diýäýjek.Sebäbi okyjy düşünmedik bolsa,ol awtoryñ diýen däl-de diýmek islän zadydyr)
Onsoñam,Mango daýy tankydy pikirleriñiziñ awtorlar üçin(iñ azyndan meniñ üçin) gymmatlydygyny aýdasym gelýär.
Wiý,ýadymdan çykypdyr,awtora üstünlik arzuw edýän!
biggrin

0
9 mango   [Mowzuga geç]
Ýer asmany özüne ýorgan edinip ýapynypmy?
Ýer bilen asman-ýorganyň arasynda gaty uly boşluk bar ýaly.
Akja gary örtünüp ýorgan edinip biler, gül-gülälegi ýorgan edinip biler.... asmany.... asman toprakdan has ýokarrakda bolansoň, ýorganlyk funksiýasy ýok bolaýmasa Mahym hanym

0
6 Revo   [Mowzuga geç]
Tüweleme, höwri köp bolsun...

0
5 mango   [Mowzuga geç]
nejis däl.
ýöne...

Ýer üşäp, ýapyndy ýorgan,
Siz: «Mawy asman» diýdiňiz.

ýöne, kim ýeriň ýapynan ýorganyna "mawy asman" diýdi?

0
4 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Menden saňa ýene ýyldyz Sona biggrin

0
3 Şasenem   [Mowzuga geç]
O name zad yyldyz smile

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Tort iýjegim çyndyr wink

0
2 Şasenem   [Mowzuga geç]
Janna ina goshy! Ina POEZIYA! smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: