13:20
Ilkinji tebil
ILKINJI TEBIL

* Iň tämiz, iň kämil, iň näzik, iň nepis, duýgudyr nepes
ilkidurmuş adamsynda bolandyr diňe.
* Biz ynjalyk tapýas tapynyp tebil.

Gündelikden.

I.

Ýagşyň şybyrdysyz ýagýan mahaly,
Güneşiň daň sazsyz dogýan mahaly,
Suwlaň şillirdisiz akýan mahaly,
Ýyldyrymlaň sessiz çakýan mahaly,
Dag maraly tyrkyldysyz gaçýarka,
Bag pyntygyn pyrsyldysyz açýarka,
Sessiz saýraýarka baglarda guşlar,
Dakynmanka kümüş şelpe agaçlar,
Dolmany bilmänkä damaklar hykga,
Körkä, kerkä, lalka, güňkä tebigat,
Giň älemiň gulaklary gapykka,
Durmuş sessiz kino ýaly geçýärkä.
Ykballar birmeňzeş, takdyr keç dälkä.
Gülkiň, agyň akmaýarka bulagy,
Diňe Arşyň şaňlap durka gulagy.
Dünýäde ýok wagty çekimsiz sesleň,
(Dünýäde ýok wagty asyl-ha sesleň,)
«U» sesiň bir özi döwran sürýärkä.
Bulançak gözlerden dür ýaly gözýaş,
Döküp, Maýmyn AÝDYM aýdypdyr diýýä.

II.

Maýmyn Maýmynbikäň hiňlenýändigin,
Şol sese özüniň hüýlenýändigin,
Duýup, heserlenip diňirgenipdir,
Elbetde, birbada geňirgenipdir.
Birden sesden dolsa dünýäniň içi,
Onsoň gowuz galmaz seniňem içiň.
Eşdipdir baglaryň güňňüldeýänin,
Eşdipdir daglaryň müňňüldeýänin,
Duýupdyr şemalyň çawuş çakýanyn,
Guş-gumrulaň joşup nagma kakýanyn,
Aňşyrypdyr pyşyrdysyn gijeleň,
Ýapraklaryň şygyrdysyn belläpdir.
Daga gidip öz sesini diňlese,
Suwa girip oň sesini diňläpdir.
Gündizleriň şowhundygyn duýupdyr.
Çep gursagyň gowsunşyny duýupdyr,
Hem ilkinji gezek özi bilmezden,
ONUŇ bilen birikdirýän ýalkawyň
Owazdygna uýupdyr.
(«Ş» sesin dişlerne sürtüp janhowul,
Dodaklarda gowur, dilinde dowul,
Ellerini tomman, dyzyn dep edip,)
Maýmyn birden SAZ çalmaga durupdyr.

III.

Entek joşup-joşup dymýarka Maýmyn,
Silleň garşysyna yňýarka Maýmyn,
Dünýäni maksatsyz sökýärkä Maýmyn,
O dagdan o daga, şahadan şaha
Bökýärkä Maýmyn,
Ýolbars-gaplaň bilen uruşýarka Maýmyn,
Entek kowmy bilen uruşmanka Maýmyn,
Şekilli aýdyma, kino düşjek deý,
Saýlap jeňňeliniň iň gözel ýerin,
Gündiz çöpletmese çöpürin-derin,
Agşam ot başynda silkinip, arlap,
Tüssede, ýalynda, uçgunda parlap,
Baý-baý, TANS etmeli bolupdyr Maýmyn.

IV.

Müňňüldedip galyň dodaklaryny,
Burnunyň deňinden geçirip Maýmyn,
Gödeň ellerine küdüň daş alyp,
Elbetde ýapmany bilmänkä aýbyn,
Gowagna bir ajap SURAT çekipdir.

V.

«Saňa» sözüň entek «s» sesem ýokka,
Ýokka, doly «ö» -sem «öýlenmek» sözüň,
Geçip bilmeýärkä «Ý» -syndan «Ýaryň»
(Ol geçjegem bolman «Ý» -syndan aňry,
«Ý» sesi aýdýanyn elbetde aňman,)
«Ö» sesin üznüksiz aýdýarka Maýmyn
Mölerdip gözün ...
... Öwsün, sögsün, söýsün özünden başga,
Aýdan-diýenine düşünýän ýokka,
Elbetde, entek ol tapmanka ody,
Deminden çabradyp ýüregniň howrun,
Tapyp maýyn, Maýmyn sözleriň maýlyn,
Aýdyp Maýmynbikäň tapypdyr ugrun.
Iki sesiň çatyp bilmänkä başyn,
«Söý» diýip, üç sözden ýasanyp bir söz,
Öçügsi gözlerden syçradyp uçgun
Syçradyp yşgyn,
Goşupdyr goşuny ilkinji GOŞGYŇ...

... «Eý» diýipmi,
« Öý» diýipmi , «Söý» diýipmi, belli däl.
Ýöne onuň GOŞGY okan-a şübhesiz.

2006 ý.

Laçyn PÜRJÄÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Sona | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 3.3/3
Всего комментариев: 13
0
13 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Öñki Laçyn wakasyndan soñ akyllanypsyñ öýdýän. biggrin Pikirleñ 180 % üýtgäpdir.

0
12 Şasenem   [Mowzuga geç]
Bete bet diymellay bet yazya lacyn deal

0
11 Kuzya   [Mowzuga geç]
❤️

0
10 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Awtoryñ fantaziýasyna haýran galanlygymy uly höwes bilen belläsim gelýär.Mundan başga goşgyda pikriñ beýan edilişi maña S.Geldiýewiñ goşgusyny ýatlatdy.Ady ýalñyşmasam "Bagtlydymmykam?"bolaýmasa.Ýa-da atsyz bolsa gerek.Ýalñyş düşünäýmäñ pikir däl pikri beýan ediş meñzeýär.Çeperçiligini haladym.Forma sygyp bilmän erkinlige dyzaýşy ýarady.Ýöne sesleri aşa iş edinişini haladym.Bir ýerde bor iki ýerde bor azyndan bäş ýerde dagy sesleri iş edinipdir.
Ýöne umuman alanyñda elbetde,goşgy gowy.

0
9 mango   [Mowzuga geç]
maýmynly erteki toslama-da bolsa Laçynyň maýmynynyň ewolýusiýasy gyzykly.
aýdymdan saza, tansa, soň surat çekişi, goşgy ýazyşy.... , garaz, Laçynyň ähli toslamasy maňa ýarady.
test.
Maýmyn Maýmynbikä goşgusynda näme diýmek isledi?
a) «Eý»
b) «Öý»
ç) «Söý»
d) hemmesi

0
8 mango   [Mowzuga geç]
«U» sesiň bir özi döwran sürýärkä.
Bulançak gözlerden dür ýaly gözýaş,
Döküp, Maýmyn AÝDYM aýdypdyr diýýä.
--
maýmynyň "U-U-U"-ly aýdym aýdan bolşy erbet däl.
Laçynyňam "kä-kä-ka-kä"-li setirlerini haladym.
("Körkä, kerkä, lalka, güňkä tebigat")

0
7 mango   [Mowzuga geç]
Bag gunçasyn pyrsyldysyz açýarka,
---
bagda - pyntyk
gülde - gunça

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
hatda maýmynam adam bolýar eken söýende

0
2 Şasenem   [Mowzuga geç]
Yaradan Zat yokmy ona perman bermane Maymynyn özinnen özi başlayypmy onnoñ duymana
Ina mennenem bir aydysyk goshgy biggrin

0
1 Sona   [Mowzuga geç]
Döredijiligiň döreýşi hakynda materialistik erteki.
hatda materialistik garaýyşda-da döredijilik üçin söýgi gerek.
Söýgi bolan ýerde döredijilikli ýaşaýyş, döredijilikli zähmet we ösüş bolýar.

0
4 Şasenem   [Mowzuga geç]
Sona söýgi name zad düşinşince biggrin

0
5 Sona   [Mowzuga geç]
Şasenemjan gitip Garyp jandan sorarlar oň ýaly soraglary wacko

0
6 Şasenem   [Mowzuga geç]
Garyba dusammok intam, ene-atam dakan adyna mn gûnakar dalla.
Sen koop bilyane menzeyan aydayya mana surprised

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: