12:16
Karar
KARAR 

Az salym goşgy-da ýazmaýyn diýdim,
Ýazsam sözlem ak kagyzy otlajak.
Ünsüm sowjak bolup alsam galamy,
Duýgularym ýene seni ýatlajak.

Senli ýodalarda gezmäýin diýdim,
Gezsem aýak saňa tarap ätlejek.
Mundan ýöremäýin hakykat aýan,
Ol ädimler indi bagta ertmejek.

Saňa-da bir zady sözläýin diýdim,
Ýatlamalaň artyk ömrüm gätmejek.
Dolanmagy dolamaly yzyna,
Şundan beýläk, her kim bir ýan ätmeşek.

Bu gün baryn jemläp, geldim karara,
Ýok bir däl, birnäçe kagyz otlajak.
Goý alawlap ýansyn, şol ot bilenem,
Saňa bagly geçmişimi ýoklajak...

Kerim ATÇAPANOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kerim Atçapanow | Рейтинг: 2.5/2
Всего комментариев: 1
0
1 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Manysyz.gosgy.eken.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: