00:18
Salyr soñy Sarahs -2: Ors-eýran gepleşikleri
II.

ORS-EÝRAN GEPLEŞIKLERI

Orsyýetiň Köne Sarahs babatdaky täze syýasaty bilen Eýran hökümetini hiç bir bassyr-ýussursyz açykdan-açyk habardar etmekligi ilçi Melnikow özüniň borjy hasaplady. Degişli adamlar bilen bolan duşuşykda Sarahs topragy, onuň Orsyýete degişli bolmalydygy barada gürrüň etdi. Marydan iki ýüz öýli türkmeniň göçürilip getirilendigini aýtdy. Ýöne, Zurabatda oturan salyrlary ol ýere göçürip eltmek üçinem degişli çäreleriň görülýändigi barada welin dil ýarmady. Çünki, tabşyryk şeýledi. Eýranyň içki meselesine degişli, nägileçilik döredip biläýjek ol gürrüň häzirlikçe hiç ýerde gozgalmaly däldi. Ol mesele salyrlaryň öz syýasy hereketleri arkaly çözülmelidi.
Elbetde, Orsyýetiň Zurabatly salyrlar babatdaky içki syýasatyndan bihabar bolsa-da, Köne Sarahsa eýýäm iki ýüz öýli türkmeniň göçürilip getirilendiginden, ol ýerde iki ýüze golaý soldatyň gulluk edip ýörendiginden Eýran hökümetiniň onsuzam habary bardy. O zatlar bilen Eýrana degişli Tejen derýasynyň çep kenarynda ýerleşýän Täze Sarahsyň komendanty Haýdarguly han güni degişli adamlary, şol sanda şany hem habardar edipdi. Ýöne, ol topragy öz ilaty bilen özleşdirmekligiň höwesinde gezip ýören şanyňam bu meselede aňsat-aňsat ýan beresi, gaýra tesesi, agzyna golaý duran lukmany “mesaňa” diýýäge-de başga birine berip goýberäýesi gelmedi. Iň bolmanda garşylyk görkezip galasy, netije berse-bermese bagtyny synap göresi geldi.
Şonuň üçinem, ol Eýranyň Orsyýetdäki ilçisi Ýahýa han Müşireddowlä, Ak patyşa Aleksandr II bilen golaýda boljak duşuşygy mahaly Köne Sarahsyň ykbaly barada ýörite gürrüň gozgamaklygy tabşyrdy. Edilmeli gürrüňiň mazmunyny terzini salgy berdi. Işiň juda gyssagdygyny, sähelçe haýal-ýagallyk etse, gürrüňi edilýän topragyň öz ellerinden ömürlik gidäýmeginiň ahmaldygyny öwran-öwran nygtady.

***
Geçirilmeli gepleşigiň iki tarap üçinem iňňän möhümdigini, gaýry goýulmasyzdygyny degişli adamlaryň ýanynda öwran-öwran ýanjamak bilen, Ýahýa han, Onuň Aly hezretleri Beýik imperator Aleksandr ikinjiniň özüni öň bellenen möhletden has irräk kabul etmekligini gazandy.
Gepleşige Orsyýetiň Daşary işler ministri hem gatnaşdy.
Eýran ilçisi turuwbaşdan Köne Sarahs barada söz açdy. Orsyýetiň türkmen topragyny eýeländigi, türkmenleri öz raýatlygyna alandygy babatda Eýran hökümetiniňem, şanyň hut özüniňem hiç hili nägileçilikleriniň ýokdugyny, ýöne, onuň ine, Köne Sarahsa hem öz goşunyny salmagynyň welin şa hezretlerini birneme ynjalyksyzlandyrýandygyny syzdyrdy. Soňundanam:
– Köne Sarahsda türkmenler ýaşamaýarlar, şonuň üçinem ol toprak siziň eýelän ýerleriňize girmeýär we köpden bäri Eýran hökümeti tarapyndan gözegçilikde saklanýar. Egerde Köne Sarahsyň Eýrana degişlidigini ykrar etseňiz, şa Sizden köp-köp hoşal bolardy – diýdi.
– Ýok! Beýle zat bolup bilmez – diýip, Imperator onuň bu pikirine çürt-kesik garşy çykdy. – Çünki, Köne Sarahs dünýä kartasyna eýýäm Orsyýetiň bir bölegi hökmünde girdi. Häzir boş ýatan hem bolsa, aslyýetinde ol sebit türkmenlere degişli. Türkmenler bolsa häzir Hazar deňzinden başlap tä, Guşga çenli uçdantutma biziň raýatlygymyzy kabul etdiler. Şol sebäpdenem ol ýurdy Eýrana degişli etmek barada hiç hili gürrüň bolup bilmez... – Imperator çalaja ardynjyrady-da, ýerinden turdy, iki ýana gezmeläp ýörşüne Ýahýa hanyň ýüzüne-de seretmän, edil öňküsi ýaly pessaý, ýöne, sagdyn gürledi. – Biziň soldatlarymyz barmazynyň edil öň ýanam Köne Sarahs tozap ýatan boş meýdandy. Egerde öňde-soňda ol ýerde biri oturan bolsa, o-da türkmenlerdi. Türkmenleriň at toýnaklarynyň oýnagyna öwrülen şol ak meýdana Eýran hökümeti henize çenli aýagynam sekmändi. Öz halky bilen ilatlaşdyrybam bilmändi.
– Biz ol ýeri ilatlaşdyrmakçy...
– Indi-hä ol barada asla agzabam oturmaň. Onsoňam egerde gerek bolsa, şolar ýaly tozap ýatan ýerler häzir siziň öz Horasan welaýatyňyzda-da az däl. – Ol birdenkä, ilçä tarap çakganlyk bilen öwrüldi-de, ajymtyk ýylgyrdy. – Öň eýelik edip bilmedik ýerleriňize indiden soň, ors ýaragynyň arkasyndan eýe boljak bolmagyňyz gelşikli-hä däl...
Imperatoryň biliner-bilinmez kinaýa gatyşykly ýumşajyk ýaňsy bilen aýdan bu sözüne aşak bakyp dyzynyň üstündäki açyk depdere sag elindäki gyzyl galam bilen bir zatlary bellik edip oturan harby ministr “myssa” ýylgyrdy. Başyny galdyryp ilki patyşanyň, soňam ilçiniň ýüzüne seretdi. Harby ministriň nazary bilen nazary howada kaklyşan Ýahýa hanam bialaç ýylgyrdy. Ýöne, juda ebeteýsiz, müýnli ýylgyrdy. Çalajada gyzardy. Soň uýaljyrap aşak bakdy. Aljyrap jübülerini sermeleşdirdi. Öý eýesiniň aýdanlary bilen ylalaşýandygynyň alamaty hökmünde usullyk bilen baş atdy. Şondan soň oňa eýran şasynyň hut özüniň öz agzyna salyp beren ikinji teklibini orta ataýmakdan başga alaç galmady.
– Biziň beýik şamyz Köne Sarahsyň Orsyýet bilen Eýranyň arasyndaky bitarap meýdança hökmünde ulanylmagyna hem garşy däl.
Imperator ýerine geçip oturdy. Şol bir sowukganlylygy bilen öňküsindenem kesgin gürledi.
– Bular ýaly meselä-hä biz asla seretmegem islemeýäris. Çünki, Köne Sarahsa eýýäm biziň raýatlygymyza giren türkmenler göçüp gelip ugradylar... – Ol ilçä tarap gyýalabrak garady-da, öňküsine görä birneme ýumşagrak terzde gürledi. – Şu mesele boýunça başga-da aýtjak zadyňyz barmy?
– Bar.
– Aýdyň.
Eýle bolsa biziň mertebeli şamyz iň bolmanda birnäçe aýa çenli Sarahsdaky harby otrýadyňyzy ol ýerden çykarmagyňyzy Sizden haýyş edýär.
Ýahýa hanyň birsyhly ýan berip barmagy, Köne Sarahsa eýe çykmakda Eýran şasynyň özi üçin hiç hili mümkinçilik görmeýändigini, bu meseläniň gürrüňsiz Orsyýetiň bähbidine tarap çözüljekdigini äşgär etdi. Onuň soňky haýyşy bolsa, ýüze çykan ýagdaýdan Eýran şasynyň mümkin boldugyça öz mertebesini, türkmenler we duldegşir türkmen topragy babatdaky ähli etsem-goýsamlary puç bolan we şowsuzlyga uçran ynjyk duýgularyny şondan artyk kemsitdirmänräjik baş alyp çykybilse galan zatlara kaýyl bolandygyny aňladýardy.
Her niçik hem bolsa, onuň ol haýyşynynda Eýran üçin üýtgeşik bir utuşyň ýokdugyny, agzalan ýer barybir eýelenenden soň özi üçinem uly bir ýitgi däldigini, esasanam Gökdepä edilen harby ýörüş mahaly az-owlak hem bolsa eden hyzmatyny göz öňünde tutup, egerde şonuň üçin amatly ýagdaý dörese, ýagny Marydan gelip eýýäm Köne Sarahsda ornaşan we mundan buýana hem ondan-mundan geljek türkmenler üçin Eýran tarapdan hiç hili howpuň abanmajakdygyna gözi doly ýeten halatynda şanyň şol haýyşyny kanagatlandyrmaklygyň özi üçin gaty bir müşgül iş däldigini patyşa Aleksandr ikinji belent mertebeli hem-de hemişe işi rowaç adama mahsus bolan agraslyk bilen howlukman aýtdy.
Muny Daşary işler ministri hem baş atyp makullady. Depderine ýene-de birnäçe bellikler etdi.
Imperatoryň soňky jogaby Ýahýa hana hem kem ýaramady. Iň bolmanda bir meselede eglişik gazanan adam hökmünde ol uludan demini aldy-da, hoşallyk bilen baş atdy, ýerinden turdy, bagyr basyp minnetdarlyk bildirdi.
Şondan soň ol Köne Sarahs barada gaýry bir meseläni öňe sürjegem bolmady. Çünki, birinjiden-ä Orsyýetiň Köne Sarahsy eýelemeginde Eýranyň öz bähbidem ýok däldi, ýagny, türkmenleri öz raýatlygyna almak bilen, Orsyýet Eýranyň asyrlarboýy böwrüne sanjy bolup gelen gündogar serhedini howpsuzlandyrýardy, türkmenler tarapyndan mundan buýana hiç hili alamançylygyň ýa çapawulçylygyň bolmajakdygyny kepillendirýärdi. Eýranyň gündogar serhedini jähekläp ýatan Tejen derýasynyň sag kenary tutuşlygyna Orsyýetiň ygtyýaryna geçipdi. Başga biriniň telpegine dawa edip durmagyň bolsa geregem ýokdy, netijesem görnüp durdy. Gijä galandygyňy, aýgytly pursaty elden giderendigiňi boýnuňa alaýmakdan başga alaç ýokdy.
Şonuň üçinem, gepleşigiň barşynda gelnen netije bilen şany habardar etjekdigini aýdyp, Ýahýa han imperator bilen hoşlaşdy.
Bolup geçen bu duşuşygyň mazmunyny Orsyýetiň Daşary işler ministri hem öz gezeginde Tährandaky ilçisi Melnikowyň dykgatyna günübirin ýetirdi. Ol özüniň giňişleýin telegrammasynda garalan meseläniň gutarnykly çözülendigini, şanyň özi ýa-da onuň ministrleri bilen boljak islendik duşuşykda Köne Sarahsa degişli meseleleri gozgamazlygy, bardy-geldi Eýran tarapyndan gozgalaýanda-da, Imperatoryň Ýahýa hana aýdan sözlerinden ugur almaklygyň maksada laýyk boljakdygyny duýdurdy.
Ýöne, şanyň özem Ýahýa hanyň Aleksandr II bilen geçiren gürrüňçiliginden we ol ikisiniň gelen netijelerinden kanagatlanan bolsa gerek, Melnikow bilen bolan soňraky duşuşyklarynda ol bu mesele barada hiç zat aýtmady.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 41 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Eýmenji   [Mowzuga geç]
Munyn.dowamyny.hokman.berin.agam.Gyzykly.eken

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: