00:15
Köne heñ
KÖNE HEÑ

Birden tanyş heñ ýañlandy radioda:
"Aglama, Mahym jan, gitsem geler men!"
Oña hiñlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.

Irkilen deý süýji düýşüñ içinde,
Gözüm ýumup gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heñ
Özüm üçin ýazylan deý hamana.

Senem hiñleneñde köpüñ ugruna
Öñkülerden has-da ünsli diñledim.
"Aglama,Mahym jan, gitsem geler men!"
Ýöne nämüçindir gitdiñ, gelmediñ.

Eliñden uçursañ arzyly guşuñ,
Nepi degmez asla, ahmyr-ahlaryñ.
Köşeşdire Tahyry-da bolmansoñ,
Özi aglap özi diñýär Mahymyñ.

...Ýyllar soñra kalbym gozgan köne heñ
Giñ pursat döretdi ýürek dökmäge.
Oýuña gelmesin ýazgarýar diýip,
Aýby ýokdur duşan bolsañ "Zöhräñe".

Mahym NURGELDIÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: nurgeldiyewam232 | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
0
5 Pegas   [Mowzuga geç]
Bu goşgyň owadandygyny! flower

0
4 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Gazetde okamda, şu goşgyňyz ýadymda galypdyr biggrin

-1
3 Sona   [Mowzuga geç]
indi habary Mahym gyzdan alalyň. Ol:
Galmanam senden galmanam,
Tahyrjan senden galmanam
dp eline zagran pasportuny alyp aeroporta ylgapdyr. emma ol ýerde migrasiýaň oglanlary wizaň ýok dp ony alyp galypdyrla sad

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Asyl men henek atyşyansyz öytdüm welin, baram eken-ä şeyle goşgyñyz ))

0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Bireýýäm pozan goşgumdy.Täzeden ýazdyrdyñyz,Goçmyrat aga.Sag boluñ ýatladanyñyz üçin!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: