23:53
Gyrmyzy bägüller -8/ romanyñ soñy
32.

― Aýtsam, o zatlar-a şeýle bolupdyr. Nesibesi çekibem atam öýüne gaýdyp gelipdir. Aýdyp geçişim ýaly bizem ataly bolduk, öýümiz ýaşulyly boldy. Atam öňküsi ýaly uly iliň ýagşysyna-ýamanyna ýarap ugrady. Ýöne, onuň ýurdy, halky, şolar ýaly galynmaz güne salan sowet hökümetine, döwlet ýolbaşçylaryna bolan garaýşy, şolar babatda özüni alyp barşy welin gaty düşnüksizdi ― diýip, Şyh Mustapa sözüni dowam etdirdi. ― 1953-nji ýylyň 5-nji martynda Stalin ýogaldy.
Hemmeler agladylar.
Atamam aglady.
Biz-ä o wagtlar oňa sorag bererden entegem oglanrakdyk welin, ýöne, dädem durup bilmän: «Iliňk-ä düşnükli welin, sen näm-ä aglaýaň? Ol seni nähak türmä basdy, şonça ýyl lagerde oturtdy, diýdi. Atamyň jogaby nagt boldy. «Gerek bolandyr, basandyr. Basandyram, çykarandyram».
...Şondan soň Staliniň ornuna Hruşew geçdi. Dört-bäş ýyldan soň onuň şahsyýet kultuny paş etdi. Köp adamlar muny ýokuş gördüler. Atamam şolaryň biri bolup çykdy. «Häý, bigaýratlar, dirikä-hä murtunyň bir gyly gymyldanda girere deşik tapanokdylar, indem... Häý, dünýe, dünýe...» diýerdi.
Hruşew welin Stalini tankytlany bilenem oňmady-da, ähli ýerden onuň suratlaryny, adyny, ýadygärliklerini aýyrtdy, içinde onuň keşbi bolan pýesalary, kinofilmleri ýatyrtdy.
Moskwada başlanan şol medeni ýykgynçylyklaryň bir ujy bir gün biziň şäherçämize-de gelip ýetdi.
Mekdebimiziň öňünde ir döwürden bäri Staliniň Lenin bilen gürleşip oturan heýkeli bardy. Bir gün agşamaralar goltugy gaýyş bukjaly üç-dört adam ýüzlerini garaňka tutup geldiler-de, ýanlary bilen alyp gelen işçilerine buýrup, Stalini boýnundan syrtmaklatdylar. Şolar bilen deňine diýen ýaly ýetip gelen Torruk aganyň «pyt-pyt» traktoryna süýredibem ýykdylar. Stalin çiňarkan gaýtdy. Ýadygärligiň düýbüne düşelen betona degip, onuň kellesi çym-pytrak boldy.
Leniniň ýeke özi somalyp galdy. Näme hakda gürleşip oturandyklaryny-ha öňem bilýän ýokdy welin, indi kim bilen gürleşip oturanam belli däl.
Ol wagt mekdepde okuw-a ýokdy welin, barybir ondan-mundan okuwçam ýygnandy, uly adamlardan geleni boldy. Bu ýagdaýa hemmeler geň galdylar. SSSR ýaly uly döwleti özüniň atamyňky ýaly kiçijik gysymynda saklan, Gitler ýaly ganhoryň hötdesinden gelibilen adamy ine indi nädip ýörler.
Edil şol wagtam tötändenmi ýa eşidip geldimi, ýerden çykan ýaly bolup atam peýda boldy. Bolan hadysany görüp, onuň ýüzi duw-ak boldy. Özem durşy bilen saňňyldy.
Men ylgap baryp onuň syýnyndan ýapyşdym. «Ýör, ata, gideli» diýdim.
Ol maňa ünsem bermedi. Hemmeler dagaşýançalar bir çetde içini tutup, ýüzüni çytyp oturdy. Soňam ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy-da, ýadygärligiň ululy-kiçili, çaşyşyp ýatan bölejikleriniň arasyna girdi. Seýikläp täzeden dikeltmekçi bolýan ýaly, ýeke-ýekeden eline alyp sallarlap, biri-birine sepläp gördi. Oturyp bir zatlar okady. Ahyram Staliniň bir taý murtuny eline aldy-da: sesini sandyradyp maňa ýüzlendi: «Ýör oglum, gideli...».
Şol wagt men on bäş ýaşlarymdaky ýigdekçedim. Hemme zada akylym ýetýädi. Ýöne, özüne şeýle zulum eden adamyň ýeke bir ölümine däl, eýsem ýadygärliginiň ýumrulmagyna-da şeýdip, gynanyp durşuna welin, ýene-de düşünip bilmedim.

***

Bilşiň ýaly Staliniň yzyny tekizlemek çäreleri onuň bilenem çäklenmedi. Galan zatlary bir ýüzli edensoňlar, jynlary onuň kitaplaryna düşdi.
Tomusky rugsat döwri bolsun gerek, günortanyň tüp yssysynda, hemişekije endigimize görä, atam ikimizem dädemiň soňky salan täze jaýynyň iň törki otagynda içerini garaňkyradyp süýji uka gitdik.
Giç öýlänler mazaly ukymy alyp turdum. Görsem atam ýok. Herimiz bir dulda süýnendigimiz üçin, men onuň turup gideninem aňmandyryn. Ilk-ä o jaýlaryň birinde namaz okaýandyr öýtdüm, namazlygynyň ýerindedigini görübem, aýak ýoluna çykandyr, häzir geler, diýdim. Ýöne, ol geler ýerde gelmedi. Menem gury gorsanyp ýatanymdan daş çykaýanymy kem görmedim. Bosagadan ätleýşim ýalam burnuma tüssäniň, haýsydyr bir ýanygyň ysy urdy. Bir ýerlerden gykylyk, galmagal eşidilýän ýaly boldy. Daş-töweregime garanjakladym. Enem dagam salkynrak jaýlaryň birine girip ýatan bolsalar gerek, howluda hiç kim ýok. Onsoň diňşirgendim. Ysyrgandym.
Görsem, mellegimiziň aýagynda bir üýşmejik kitap burugsap dur. Ýöne, ýalynlanok. Golaýyna barsam köpüsiniň gyrasy ýanypdyr. Garalypdyr. Sähelçe şemal öwüsse-de, köräp, gyzaryp gidýä, töweregine owunjak uçgunjagazlar syçradýa.
Birdenem eşidilýän galmagal güýjerledi. Köneje, özara gelen netijämiz boýunça basym bütinleý täzelenmeli haýatymyzyň üstüne çykyp seretsem, ses Medeniýet öýi tarapdan gelýä. Lemmerlenip göterilýän ullakan, gara tüsse-de, äpet aždarha dek towlanjyrap, dik asmana göterilýä.
Şol ýerde etrap kitaphanasam bardy. Men şony ot alandyr öýtdüm. Haýatyň birneme beýigräk ýerine çykdym welin, tüsse kitaphananyň içinden däl-de, gapysynyň agzyndan çykýa. Ýöne, ony öçürýän ýok. Ýangyn söndüriji maşynlaram görnenok. Gaýtam, Medeniýet öýüniň garawuly hem bagbany bolup işleýän Şiri agamyka diýdim, bir adam eli çarşakly aýagaldygyna ody gorjaýa, ölçerýä, köräberse öwdäp-öwdäp, biri-biriniň üstüne sowurýa-da, tutaşdyryp goýberýä.
Daş-töweregem tomaşakärlerden doly. Hemmesiniňem ýüzi açyk. Şadyýan. Belki, atamam şol ýerdedir, diýen pikir kelläme gelendenem, böküp ýere düşdüm-de, şol ýere gitmek maksady bilen öýe girip köwşümi geýip çykdym. Ýolugra kölegede duran setilden alyp, bir jüňňül suwam içdim. Howludan çykmaga hyýallananymdanam haýatyň aňry ýüzi bilen, girelgä tarap içi bir zatlardan doly köneräk kendir halta göýä howadan barýan ýaly süýşüp gelýä. Özem alaburugsy.
Diňe girelgäniň agzynda pete-pet gabat gelenimizden soň, men haltanyň aşagynda atamyň bardygyny görüp galdym.
Pahyryň burny ýere degäýjek bolýa. Maňlaýyndan joralanyp akýan deriň galdyrýan öljümek yzyny yzarlasaň, göni oduň ýanýan ýerine barjakdygyny şek-şübhe ýok. Arkasy bişýämi ýa has ornaşykly goýjak bolýamy, aram-aram durýa-da, «liňk» edip, haltasyny silkip goýberýä.
Howla girişi ýaly ol ýüzüme-de seretmän: «Turduňmy oglum?» diýdi-de, saga sowuldy. Aýakdaky tüsseleşip ýatan kitaplaryň ýanyna bardy-da, arkasyndaky haltanam düşürip, şolaryň üstüne silkdi.
Köýneginden çykýamy ýa tenimi, bir görsem ýagyrnysam tüssäp dur. Ýüzi-gözi dagy edil tümden çykandakysyndanam eýmençmikä diýdim men-ä. Edil, tagma basylan ýaly dag-dag. Besse-besse. Aýalary, elleriniň arkasy, barmaklary, goşarlary sypjyryk-sypjyryk. Döşünden çykyşyp duran sarymtyl çöpürler, bileklerindäki tüýler, gaşlary, hatda kirpiklerine çenli çirkizilipdir-de, uçlary towlanjyraşyp durlar. Bolup durşundan dogrusy men-ä birazajyk gorkdumam. «Ata, bolup gelşiň nähili? Näme boldy? bular näme?» diýdim. «Kitap» diýdi. «Kitapdygyny görýän. Bulara näme boldy? Kim ýakdy? Ýa ýangyn boldumy?» diýdim. «Ýok, ýangyn bolanok. Özleri ýakýalar». «Näme üçin ýakýalar». «Sebäbi bulary Ysdalyn ýazanmyşyn. Kim ýazanda-da kitap ― kitap bor-a...»
Tüsseläp ýatan kitaplara gözümiň gytagyny aýlasam, olaryň käbiriniň daşy doly ýanyp ýetişmändir. Gyzyl liderin bilen sahaplanan göwrümli kitaplaryň ýüzüne dogrudanam basma bürünç harplar bilen: «I.W.Stalin, Saýlanan eserler... pylanynjy tom» diýlip ýazylan ekeni.
...Soň eşidip otursam, atam menden öňräk oýanypdyr-da, ýazylyp gelmek üçin daş çykypdyr. Çykyşy ýalam kitaphana tarapdan gelýän gyk-bagy eşidipdir, tüssäniň ysyny alypdyr, onuň dik asmana tarap göterilenini görüpdir-de, «Ýa, Allah!» diýip şol tarapa ugrapdyr. Tom-tom kitaplaryň ýanýanyny görübem, kimiňkidigini, nähili kitapdygynam soramandyr-da: «A-how, hiý kitabam bir ýakylarmy» diýip, urupdyr özüni oduň içine. Hä diýmänem ýarysy ýanan, ýarysy ýanmadyk, ýa daşy ýanyp içine doly geçmedik birnäçe kitaby goltuklap çykypdyr. Olary bir gyrada goýup, ýene bir tapgyryny alyp çykypdyr. Hemmesini bilelikde ýektaýynyň syýnyna salybam arkasyna atypdyr-da, öýe tarap ýegdekläp gaýdypdyr. Olary eýýämhaçan ýarysy ýanmana ýetişen ýektaýy bilen bilelikde howlynyň içine döküp, öýden halta alypdyr-da, ikinji gezegem gidipdir.
Şol gezek gaýdyp gelende-de, gädigiň agzynda maňa gabat gelýä.
Ýaňky aýdyşym ýaly bäş-üç agyz gep alşanymyzdan soň ol tüssäp duran haltasyny goltuklap ýene-de gitmäge hyýallandy.
Men kyn güne galdym.
Nireden, kimden eşidenini, ikisiniň nädip tapylanyny bilemok, hern-ä şol pursat bagtyma biri-biriniň söbügini sydyrdyp ilk-ä dädem, yz ýany bilenem Sünnet geläýdi. Özlerem «Hasda-has».
«Kakaň-a şeýdip ýör welin, ýene-de bir belaň üstünden baraýmasyn» diýip, biri towuny ýetiren bolsa gerek, dädemiň bolup gelşi aý, gaty gazaplyd-a!..
Ol gädikden ädişi ýaly, heniz howludan çykyp ýetişmedik atamyň öňüne böwet boldy. «Nirä? ― diýip, ulyili bilen gygyrdy. Soň köräp ýatan kitaplara tarap baş atdy. ― Bylaň näme? Näm etjek sen bylary?..»
Men dädemi henize çenli beýle halda görmändim. Atam bilen-ä ol asylam sesini gataldyp gepleşmeýärdi. Bize-de näme diýse-de ýuwaşlyk bilen aýdýardy.
Atamyň welin şol bir bolşy. Özüne bir zat diýilýändirem öýdenok. Dädemiň ýüzüne-de seredenok. Mugallymyndan käýinç alan okuwçy ýaly müzzerilip durşuna ahyram ýuwduna-ýuwduna, bölüp-bölüp: «Şulara-ha Mustapa beg kitap diýýäler. Özem patyşalyk kitap. Uly bir döwleti edara eden adamyň kitaby. Bu eden işi üçin entek Şiri neşäň özünem ýakarlar. Bu ýerde ýakmasalaram dowzahda ýakarlar ― diýdi. ― Allahu akbar!..»
Atamyň aýdan şojagaz sadaja sözleri dädemi birhili özüne gelen ýaly etdi. «Şiri neşäň nä dahyly bar bu zatlara, ol bir ýumuş oglany, kesewi...» diýip, tas içinden diýen ýaly pyşyrdady-da, usullyk bilen aşak çökdi. Atama «herrelendigine» puşman edýändigi, utanýandygy daşyndanam bildirip durdy. Tisgine-tisgine uludan demini aldy. Bir ýerden gara çöňür tapyp ýer gorjady. O-da şo-ol, «şart-şart» döwüldi durdy.
Atam şondan soňam «otly harmana» iki gezek dagy gatnady. Ikisinde-de, arkasy ýükli dolanyp geldi. Aňyrda alar ýaly zat galan däldir-dä, şondan soň ýarysy ýanan kendir haltasyny bir gyra oklap goýberdi: «Allahu akbar...».
Indi bir çöker, dynç alar, maňa ýüzlenip: «Bar oglum, eneňe aýt, çaýjagaz demlesin, ikijigimiz oturyp ýadawlygy çykaraly» diýer öýtdüm.
Emma ol beýtmedi. Halas eden kitaplarynyň ýanyna bardy-da, agzy bilen «üfleşdirip», eli bilen kakyşdyryp, olaryň öçenlerini külden arassalaşdyrmaga, entegem köräp duranlaryny öçürmäge başlady. Elden geçirenjelerini bir gyrada rejeläp goýdy.
Henizem aşak bakyp, ýer çokalap oturan dädemem şondan soň sessiz-üýnsüz ýerinden turdy-da, baryp, atama kömekleşmäge durdy.
Höküme garaşýan günäkär ýaly bir gyrada sömelişip duran Sünnet ikimizem baryp olara goşuldyk.
Bu eden hereketleri üçin biziň hiç birimizem atama hiç zat diýip bilmedik.

***

Garaçyny bilen jan çekendigine, garamazdan, aradan ençeme wagt geçse-de, inçe tama bilen hernäçe garaşsa-da, atamyň ol kitaplaryny gerekläp gapydan gelen-ä bolmady.
Il içinde aýdylyşy ýaly, her zat öz möwritini ötürensoň durmuş sahnasyndan ymykly düşüp gidýän ekeni. Oňa yza dolanmak ýok ekeni.
Diňe, binýady bakylyga, adamzadyň müdimilik kanunlaryna, Biribaryň kada-kanunlaryna esaslanyp ýazylan zatlar baky ýaşaýan ekeni. Syýasat bilen döredilen eserler, syýasat bilenem gidýän ekenler. Eýesiniň ölen güni o-da şonuň bilen bilelikde gabra girip, gelmeze gidýän ekeni.
Staliniň kitaplaram şeýle boldy. Olardan atamyň tamasy çykmady. Gitdi. Özem gidişleýin gitdi.
Atam welin şonda-da ýalňyşandygyna düşünmedi. Gaýtam, indi «akyr-ukur» salynýan köne kümejigimiziň içinde özüne ýer tapynan kitaplarynyň hallaryndan habar almak üçin, mahal-mahal baryp, gapdallarynda çommalyp oturyşyna uly umyt bilen: «Gowy kitaplaryň gadyry müň ýyldan soňam bilinäýýämişin» diýerdi. Çaňlaryny kakyşdyryp, öl mata bilen daşlaryny süpürişdirip, ýene-de öz ýerlerinde goýardy.
Şol kitaplaryň howlymyzdaky köneje kümeler, hatda jaýlara, haýatlara çenli ýykylyp, ählisi täzeçe gurlandan soňam sowujak «kladonkalaryň» biriniň bir burçunda rejelije durandyklaryny bilýän. Belki, göwni üçindir, şol kitaplar barada ýokuş söz aýdan ýa olary ýükürgenen ýekeje adamam biziň hojalygymyzda bolmady. Hatda ýüz-gözlerini küljerdişip, şol kitaplary ondan-oňa göçürenlerinde-de: «Şü artyplar nämä gereg-ä» diýen tapylmady.
Halkyň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagy bilen, uly iliňki bilen bir hatarda biziňem güzeranymyz gowulaşýady. Howlymyzam soň-soňlara çenli üýtgedi gitdi oturdy. Üzüm dalbarlarymyzam gyrmyzy bägülleriň oturýan ýerlerem üýtgedildi.
Şol zatlar bilen bilelikde maşgalamyzda, öňki agyr günleriň azabyny çekip görmedik, tosun, täze bir nesliň tapgyr-tapgyr ýetişmegi özüniň aradan çykmagy bilen, könäni ýatladýan köp zatlar, şol sanda atamyň kitaplaram gürüm-jürüm boldy.
Şyh Mustapa hamala menden rugsat soraýan ýaly ýüzüme köp manyly seretdi.
― Atamyň Staline bolan garaýşy doly düşnükli bolar ýaly, şol mesele boýunça saňa ýene bir zat aýdaýynmy?
― Aýt, aýt...
― Ol wagt Sünnet ikimiziňem birkemsiz jahyl çykan döwürlerimizdi. Sünnet-ä eýýäm uniwersitetem tamamlap gelip, dädemiň hojalyk müdiri bolup işleýän mekdebinde biologiýa boýunça mugallymçylyk edýädi. Men öz ugrumdan Moskwada okap ýördüm.
Bir gezek gyş kanikulyna gelenimde maýylrak günleriň birini saýlap men-ä bägüllerimiziň düýbüni depdim, atamam üzüm gaýçy bilen baldaklaryny çyrpdy.
Günortanlyk ejem börek bişirdi. Atam ikimiz nahara oturanymyzda: «Öýde wagty bir görüp ganaýyn oglumy» diýip, ejem gapdalymyzda oturdy. Indi mazaly hereketi haýallan enemem şeýtdi. Nahardan soňam: «Indi ataly-ogul bolup arkaýyn sakyrdaşyberiň» diýşibem, boşadan gap-çanaklarymyzy ýygnaşdyrdylar-da, çykyşyp gitdiler.
Gyş güni bolansoň biz ýatyb-a bilmedik, ýöne, gümür-ýamyr edip otyrdyk.
Şonda men çemini tapyp: «Ata, men senden bir zat sorajak...» diýdim. «Sora oglum, sora. Iki zat sora» diýdi. «Sen tüweleme köp ýaşadyň. Enşalla ýene-de ýaşarsyň. Özüňem şu ömrüňde köp wakalary başdan geçirdiň, köp-köp döwlet agdaryşyklarynyň şaýady bolduň. Nikolaýdan başlap Kerenskiý, Lenin, Stalin, Malenkow, Hruşew, Brežnew ýaly patyşalary gördüň. Ykdysady, syýasy taýdan olaryň hersiniň özboluşly ýörelgeleri bolupdyr. Taryhdan Nikolaý patyşa öz imperiýasyny giňeldipdir. Kawkaz döwletlerini, Orta Aziýany basyp alypdyr. Buržuaz-rewolýusionerler ony agdaryp, wagtlaýyn hökümet döredipdirler, ornuna-da Kerenskini goýupdyrlar. Lenin onam aýryp, ýurtda sowet häkimiýetini berkarar edipdir. Bu ― döwlet agdaryşyklary Lenin halk üçin dürli dekretler, kada-kanunlar çykarypdyr. Ol ölensoň ýerine Stalin geçipdir we ýekebara hojalyklary kolhozlara birikdiripdir, baýlaryň ýer-suwlaryny ellerinden alyp, özleriniňem hersini bir ýana sürgün edipdir, ýurtda tutha-tutluk döredipdir, özüň ýaly Hudaý diýip ýören bigünä adamlary basypdyr. Sibire sürgün edipdir. Soň ýer ýüzüni «faşizm» belasyndan halas edipdir, Malenkow az wagtlyk hem bolsa ― on-a biz özümizem bilýäs ― ýeňil senagaty ösdürmekde köp işler alyp bardy, köp adamy türmelerden boşatdy. Hruşew Staliniň şahsyýet kultuny paş etdi, ýurtda maýylganlyk döretdi, halka mekgejöwen ununy iýdirdi, köp gepliligi, badyhowalylygy bilen özüni dünýä tanatdy. Ine, indem nejembir ýyldyr Brežnew gaşyny Oguljuma daýzaň gaşy ýaly edip pezzerilip ýör. Indi sen maňa aýt, şolaryň haýsy gowudy?..» diýdim. Atam köp garaşdyrman: «Murt» diýdi. «Näme üçin?» diýdim. «Ýeke geplidi. Ýalan sözlänokdy. Aýdan sözüniň yzynda durýady. ― Atamyň dili açylan ýaly boldy. ― Ultumatymy dagy ýekeje gezek berýädi. «Keliň döwründe welin o zatlaryň sany ýitdi...»

33.

Ara azajyk böwşeňligiň düşendiginden peýdalanyp, men režissýora häliden bäri beresimiň gelip oturan soragymy orta atdym.
― Ýitikleriňizden nätdi, derek boldumy? Ýa bolmadymy?
Berjek jogabynyň täsirini ýüzümden aňmakçy bolýan ýaly Şyh Mustapa gözlerimiň içine çiňerildi.
― Bolmady. Ýöne, atam-a tä ölýänçä olaryň ykballary barada ynjalyksyzlandy ýördi. «Gaçan bolsalar, gözlärdiler, agtaryp şu ýerlere-de gelerdiler, iň bolmanda aşaklyk bilen sorag-ideg ederdiler. Bu aralykda başga-başga zatlar ýatandyr. Bela hökümetiň özündedir. Bir sebäp bilen ýoklandyr-da, gizleýändir...» diýerdi.
Şolar ýalyda enem, Gülnäz gelnejem, Dürli gelnejem dagy aglaşardylar.
Donuny çümre bürenip, ejemem olara goşulardy.
Öňki ýaly atam indi olara: «Goýuň, aglamaň» diýip bilenokdy. Çünki, wagt kän geçipdi, onuň özüniňem umydy üzüleňkirläberipdi, naçarlaryna haýbat atara indi dogrusy onda kuwwatam galmandy. Iň ýamanam ýüreginiň ysgyny gaçypdy.
Bir wagtlar dädemiň uruşdan gelensoň agalaryny gözläp o ýan, bu ýan ýazyşy ýaly, naçarlarymyzyň nalyşlaryna dözmän, Hruşewiň maýylançylygyndan soň men özümem ýokarylara köp ýazypdym. Moskwada okap ýörkäm-ä degişli edaralara, arhiwlere öz aýagym bilenem barypdym. Sorag-ideg edipdim. Baran ýerimdenem: «Size öň jogap berlipdir, şondan başga maglumat bizde ýok» diýen ýaly barymyzy bizar eden şol bir jogaplardan başga söz eşidip bilmändim.
Atam welin, şondan soňam ogullarynyň ölendiklerini boýnuna almady. Alasy, umydy elden beresi gelmedi.
Halys bolmajagyna gözi ýetenden soňam: «Egerde nesibeleri çekip gelseler-ä geleni, gelmeselerem birdenkä ýogalan bolup, özleri ýaly merhumlaryň atasynda aýatsyz-töwirsiz kemsinişip, müzül bolşup ýören bolaýmasynlar» diýdi-de, dädeme ho-ol, birwagtlarkysy ýaly pata däl-de, ýene bir gezek sadaka bermeklige rugsat berdi. Eneme-de: «Gelinlere aýt, gelenleriň öňünde aglaýmasynlar. Sadakada ses edilýän däldir. Ýogsam ogullarynyň patasyny alýandyrlar öýderler» diýdi.
Şol umydygärlik terbiýesiniň netijesinde atamyň özem, enemem, gelnejelerimem, dädemem, tä ölýänçäler Omar kakam bilen Osman kakamdan tamalaryny üzmediler. Olaryň yzlarynda galan çagalaram üzmediler. Sünnet ikimizem olaryň tamakinçiliklerini deň bölüşdik.
Men özüm-ä heniz-henizlerem, heran-haçan, ir ertir, giç agşam, hususan-da bimahal çaglary gapy kakylsa, göwnüme: «Men pylanydyryn, pylan ýerden gelip pylan ýere barýan, ýöne, şu ýerde inilerimiziň biri barmyşyn diýip eşitdik-de, sowulaýdyk» diýip, şolaryň ikisem birden geläýjek ýaly, gezek-gezegine boýnumdan dolap alaga-da: «Wah, doganjygymyň çagajygy» diýip, ýüzümden-gözümden ogşaberjek ýaly bolup dur...
Režissýor sähelçe sägindi welin, men ýene-de ara sorag sokdum.
― Olaryň yzynda galanlary nätdi? Ykballary nähili boldy? ile-güne goşulyp gitdilermi?..
― Ýaňky aýdyşym ýaly Begnazar daýymdan-a nyşan ýok. Patasy alnanda: «Begnazaryň agysyny aglara yzynda oturan maşgalasy ýok, ogly-gyzy ýok diýip, hemmesine derek enemiň özi aglady. «Öz ilinde ýar söýmän, ýat illerde gara ýeri çugan dogan, bu dünýeden namyratja geçen dogan» diýip, onuň üçin ýörite ýas aýdymlaryny aýtdy.
Şanazar daýymyň yzynda ýadyňa düşýän bolsa Mähek atly bir gyz galdy diýdim, Şemşat daýzam ana, şojagazyny saklap oturdy. Kakasynyň patasy alnanda on iki ýa on üç ýaşlaryndady. Gözüniň ýaşyny bulduradypjyk hyzmat edip ýörşi henizem gözümiň öňünde. Aýdyşlaryna görä ol Şanazar daýym bilen bir almany iki bölen ýaly ekeni.
Şol gyz ýurda belli, ökde hirurg bolup ýetişdi. Medisina ylymlarynyň doktory diýen ada eýe boldy. Köp adamy ölümden halas etdi. Alkyşlar aldy. Özem birsyhly dädesini ýatlap sadaka berdi ýördi. Ol häzirem bar. Ýöne işlänok. Pensiýede.
Omar kakamdan ýaňam aýtdym, Hojanazar atly bir ogul, Maral atlam bir gyz. Osman kakamdan bolsa Şeýda atly ogul galdy. Aýallary Gülnäz ejemdir Dürli ejemem atamyň telim gezek, ak ýürekden rugsat berendigine garamazdan, Şemşat daýzam ýaly ärleriniň ojaklaryny saklap, ýollaryna garap oturdylar. Çagalaryny urşuň kynçylykly ýyllaryndan, açlyklaryndan alyp çykdylar. Öý-işik edip, ile-güne goşdular. Hemmesini ýokary bilimli etdiler.
Olaryň häzirem abraýly hökümet edaralarynda işleşip ýörenlerem, hormatly dynç alyşda oturanlaram bar.
Gülnäm ejemdir Dürli ejemiň özleri bolsa, ýan ýoldaşlarynyň ýoluna garaşmaklaryny tä iň soňky demlerine çenli goýmadylar. Ir ertir, giç agşam, irmän, arman, gapylaryna çykyp, demir ýoluň «dükürdisine» diň sala-sala, duralgasyna tarap baka-baka gözlerine gan öýdürdiler. Şol bir umydygärlikleri bilenem «üýtgedip gurmak» döwrüniň öň ýanlary dünýelerini täzelediler.
Men-ä ol wagt ýanlarynda ýok welin, gören gözleriň, eşiden gulaklaryň aýtmaklaryna görä, Gülnäz ejem öljek wagty: «Omary men o dünýeden nädip taparkam, niredediginem-ä bilemok» diýip, kükregine urupdyr, «ah» çekipdir.
Olar ogul öýlendirenlerinde, gyz çykaranlarynda atamam bardy. Boşap gelenine ýaňy bir bäş-alty ýyl bolupdy. «Şu zatlaram görmek nesibämde bar ekeni» diýip, Gurt aganyň ýanynda gözüne ýaş aýlap duranyny bilýän. ol özüniň ilkinji çowluklarynam şol agtyklaryndan gördi.

34.

Gürrüňçiligiň soňuna syrygyberenini aňdym-da, esasy soraglarymyň ýene birini dile getirdim.
― Ataň onsoň şeýdip, tümde oturan ýyllary barada hiç zat aýtman, ähli syryny öz ýany bilen alyp gidiberdimi?
― Tas şeýle bolupdy. Ýöne, herki zadyň öz wagty bar, diýleni. Umuman, şol syry ýany bilen alyp gitmeli däldigine soňabaka özem düşünen bolsa gerek, bir gün süýr günortanlar üzüm dalbarymyzyň aşagyndaky agaç sekiniň üstünde atam, dädem, Sünnet, dördümiz ondan-mundan mesaýy gürrüň edip otyrkak, atam ahyry atyma geldi.
Men ol wagt tomusky dynç alşa gelipdim. Howa yssy. Bu wagtky ýaly salkynladyjy enjamlar ýok. Elýaglygymyň dagy derrew öl-myžžyk bolýa. Polotensa ulansaňam süpürine-süpürine ýüzüň sürlen ýere dönýä.
Sünnet dagynyň aýtmagyna görä, golaýda Gurt aga-da ýogalansoň, men okuwa gidenimde, atamyň erbet içi gysýamyşyn. Öňküsindenem beter halys dymma bolaýýamyşyn. Gelenimde bag-bag açylýanyn-a aýtmasalaram bilýän. Şol wagt ol hemmämizi geňler galdyryp geplemsek bolýa. Kä gijeler dost-ýarlarymyňka oturylşyga gitsem dagy tä, gaýdyp gelýänçäm sekiniň üstünde aýagyny sallap, ýoluma garap oturandyr. Görüp begener. Şol aralykda-da dünýäň soragyny berer. Gürleşer. Diňe meniň irkiljiräp ugranymy görenden soň: «Ýat oglum onda, dynjyňy al» diýip, ýanymdan turup gider.
Ýeke meniň däl, hemmämiziňem daşyny gallaşyp oturanymyzdanmy, nämemi, şol gezegem atamyň dili açyldy. Näme sorasaňam bildiginden aýdyp otyr. Bir wagtky dymmalygyndan dagy nam-nyşan ýok.
Bir görsem dädem-ä gyşarylyp ýatyşyna tirsek ukusyna gidipdir. Sünnetem: «Pursatdan peýdalanan» diýen manyda maňa baş atýa-da, eňeginem atama tarap «ümläp goýberýä. Öňden gepleşip goýşumyza görä, bu onuň: «Bol, tüm barada sora, häzir sorasaň aýdar, açyldy» diýdigi.
Bu meselede biz öňem köp synanyşyk edipdik.
Megerem, tümdekä öwrenen bolsa gerek, atamyň bir endigi bardy, ýagny, ýatanda, esasanam gündizlerine bilegini gözleriniň üstüne goýup, bir aýagynam beýleki aýagynyň üstüne atyp ýatardy.
Egerde ukuda däldigini bilsek, şolar ýalyda Sünnet ikimiziň birimizden-birimiz ýuwaşlyk bilen: «Ata, sen beýlede Gurt aga bilen bile bolduňmy?..» diýip, bile-bile aňyrsyna geçýän soragymyzy bererdik. Ol bolsa şol ýatyşyny üýtgetmän: «Hm-m...» ederdi-de, entegräkdenem beýlesine agdarylyp hor çekip başlardy.
Elbetde, biz onuň jögülik edýändigini, gürrüňden gaçmak üçin şeýdýändigini bilýärdik, ýöne, ony şondan artyk bimaza edeniňden peýda ýokdy.
Şol gezek welin...
Öňem soraý-soraý lejini çykaran şol bir soragymy berenimden soň atam oturan ýerinden maňa tarap gobsundy-da: «Hä-ä... Hüm-m... How-wa... Şoň bilen oturdym. Ýöne... Aý, ýok, dogry şol. Hä, näme?..». «Aý, ýok, ýöne bir zat soraýjakdym». «Ýene şol arakyň ýalymy?» «Ýok, bu gezek seň özüň barada. «Weý, aýt...». «Sen ine, şol on üç ýylyň tas hemmesini diýen ýaly tümde geçiripsiň...» Atam çapyp barýan atyň öňüne kesek oklanan ýaly boldy. Kürtdürdi. Azajyk böwrüni diňläp oturdy-da, başyny ýaýkap ajy ýylgyrdy. «Ýatan ýeri ýagty bolsun bendäň, sizi Gurt gorjandyr. Şol aýdandyr. Ýogsa siz nireden biljek bu zatlary...»
Indiden soň Gurt aganyň gelip ýakamdan tutmajakdygyna gözüm ýetip duransoň, gapdalymda irkiljiräp ýatan dädeme-de «aýtman» diýip, baryp-ha oglan döwürlerim beren sözümden dändim-de: «Howwa» diýdim.
Atam kinesiz gürledi. «Ýeri, bolýa. Ber soragyňy...». «Şu gürrüňi eşidişim bäri senden sorajak bolup ýören zadym, ata, eşidişimize görä saňa iýer ýaly zad-a ýokardan Gurt aga dagy oklap durupdyrlar. Suwdanam kösenmänsiň. Ýöne, ine, şonça ýyllap sen ýekelige nädip çydadyň? Men ine, şuňa düşünibilemok...» diýdim.
Atam tisginip gitdi. «Kim aýtdy saňa men ol ýerde ýeke bolupdyryn ― diýip? Men oglum, ol ýerde ýeke bolmadym. Şonça ýyllap men ol ýerde Hudaý bilen ýüzbe-ýüz ýaşadym. Günler, aýlar, ýyllarboýy onuň bilen gürleşdim, agtaryp ýören pikirlerime jogap tapdym. Köp zatlar barada täzeden oýlandym, täzeçe düşündim. Öz aňymyň, paýhasymyň üstünde işledim. Erkinlige eýe boldum. Hudaýyň öňünde borjumy berjaý etmek üçin hiç kimden çekinmedim. Hiç kimden gorkmadym. Jebrini rahat bildim. Edýän gulluklarymyň lezzetini kynçylyklarynyň içinde gördüm. Tüm röwşene öwrülip, azaby gülşen göründi.
Şonuň üçinem, men ol ýerde geçiren ýyllarymy ömrümiň iň bagtly, iň sapaly çaglary saýýan. Ol ýyllary Allah maňa peşgeş berdi. Zalymlardan gutardy. Gorady. Ganymlaryň goly bilen meni öz ýanyna aldy. Hossarlyk etdi. Öz gullaryny hiç kime kemsitdirmeýändigini subut etdi...» «Sen ony gözüň bilen gördüňmi?» diýip, men mortaragam bolsa soradym.
Meniň soragyma goşulýandygynyň alamaty hökmünde, Sünnetem goşa ýassygy tirsekläp ýatan ýerinden atamyň ýüzüne çiňerildi. Bir görsem dädemem oýanypdyr-da, gözlerini bize tarap «jüýjerdip» ýatyr.
Atam olara ünsem bermän, sözüni dowam etdirdi. «Ony öňde-soňda gören ýok, oglum. Bolmazam. Sebäbi, ol hem-ä hemme ýerde, hemem hiç ýerde. Ol göze görünmeýär, ýöne, dünýäniň islendik künjünde-hä däl, islendik daban ýerinde bar. Islendik adamyň kalbynda bar. Şonuň üçinem: «Bir göwni ýykmaklyk, Hudaýyň öýüni ýykmakdyr» diýilýär. Ol öz bendeleriniň edýän her bir ädiminden habarly. Ol islän zadynyň görnüşinde gelip, saňa kömek edip bilýär. «Saňa nämäniň görnüşinde görünýärdi?» diýip, bu gezek soragy Sünnet berdi.
Ol şol soragy çyny bilen berýämi ýa ýaňy-ýakynda partiýa hataryna geçen ýaş kommunist hökmünde üstünden gülmek üçin ýaňsylap aýdýamy, takyklajak bolýan ýaly atam synlaýjy nazaryny Sünnetiň ýüzüne dikip, bir dişem galmandygy sebäpli kempeýin duran eňegini hasam kemşerdip esli wagt oturdy.
Men: ol Sünnetiň soragyna kejigendir, indi ol gürrüňini keser, yzyny aýtmaz, öýtdüm. «Häý, oňarmadyň-ow! Bulaşdyrdyň-ow» diýen manyda Sünnete seredip başymy ýaýkadym, dodagymy dişledim.
Sünnetem günäkär halda gyzaryp aşak bakdy.
Bolsa-da atam bizi irikgä etmedi. Edil öňküsi ýaly hyjuwly bolmasa-da, garaz: «Maňa ol nur bolup görünýädi, oglum ― diýip, gürrüňini dowam etdirdi. ― Özem şeýle bir ýiti, emma gözüňi gamaşdyranok. Her gezek ruhdan düşüberenimde, tapdan gaçyberenimde, aňyrsy-bärisi çäksiz tümlügiň bir çetinden ilk-ä kiçijik ýyldyz ýaly ýaldyrap dogýady, kem-kemdenem ulalýady. Birdenem dünýe-älemi tutup duran, hatda Günüň şöhlesindenem ýiti, ak ýagtylyga öwrülýädi. Men şonda özümi süýt kölünde ýüzüp ýören ýaly duýýadym. Gursagyma ýylylyk siňip, kalbyma mähir çaýylýardy. Göwräme gurp gelýärdi. Kuwwatlanýadym. Beýnime akyl-paýhas aralaşýady. Geçen günlerimiň barysy birin-birin göz öňümden geçýädi. Nirede ýalňyşypdyryn, nirede dogry hereket edipdirin, barysyny seljerýädim. Ýalňyşlyklarym üçin Biribardan ötünç soranymda ýüregim aram tapýardy. Özümi uli iliň arasynda, gorag astynda duýýadym. Ýeriň üstünde, zulumkeş neçennik Bajynskiniň golastynda geçip duran ýalan, lägir durmuşy meniň tümdäki durmuşymyň müňden biriçe-de ýokdy. Şonuň üçinem, şol ýere düşen günümden başlap, ol ýerden çykmazlygy, bäş günem bolsa, gör ýaly garaňkam bolsa, galan ömrümi şol ýerde geçirmekligi ýüregime düwdüm. Ol ýerden çykmaklygyň höwesinem etmedim. Gaýtam, şol ýerdäki durmuşymyň uzak bolmagyny, hiç haçan gutarmazlygyny isledim.
Meni tutmak üçin gelýän ýaragly adamlardan gaçmak, gizlenmek maňa kyn däldi. Girere deşik, sümülere sümelge kändi. Soň-soňa men ýokardan oklanýan tokga-tokga agaç ýonuşgalarynyň, köne-küşül geýim-gejimdir ― mata-marlyklaryň hasabyna özüme ýorganly-düşekli höwürtgejigem edindim. Kurany Kerimi, çyra sallanlaryndan soň-a ýagdaýym hasam gowulaşdy.
Ýaragly adamlar bolsa basym yzlaryna çykybilseler kaýyl. Sebäbi gorkýalar. Menden däl-de, garaňkylykdan gorkýalar. Deşikdir-dilikleriň, köwdür-söwleriň ellerindäki çyranyň ýagtysyna salýan kölegeleri olar üçin örän eýmenç bolup görünýä.
Oklanýan kelem ýapraklarydyr kartoşka gabyklarynyň arasy bilen käte döwüm-dişlem nan, ýarysy gemrilen, içi ýülüklije süňk, siňirdir-damarly et, balyk bölejikleri-de çykaýýady.
Obadan gatnap işleýän, maşgalaly bendiler, esasanam agaç kesýän zawutda işleýänler oklaýan bolsalar gerek, käte daşyna kagyz ýa mata oralgy bäşdir-üçdir garny ýarylan börejiklerem, ýarpy-ýalta bulkajykdyr-pişmejiklerem, gaýnadylyp gowrulan makaronjagazlaram elime ilýärdi. Men olary sermeläp, aç it ýaly ysyrganyp tapýadym.
Şol makaronlaryň tagamy henizem agzymdan gidenok. Ysy burnumdan aýrylanok. Ýuwaşlyk bilen Ennewüle: Şony bişirip beräý diýýän welin: «Men seň «mäkärunyňy» näbileýin diýip, «kih-kih» gülýä gaýtam. Gelinlere, agtyklara aýtmaga bolsa çekinýän, atam orsuň naharyny iýýä diýäýmesinler, diýip...
― Aý, onyň-a däde, häziriň özünde-de bişirderis... ― diýip, eýýämhaçan ukudan açylan dädem tarsa ýerinden turdy-da, atamyň «haý-küşüne» garaman ýaýkanjyrap gitdi. Ejeme buýrandyr-da, derrewem gaýdyp geldi. ― Biz-ä senden çekinip bişirdibilmän ýörüs ony, o ýerde-de şundan bizar boldum, diýäýermikäň öýdüp... Ine derrewjik bolar şol diýeniň. Uruşdakak bizem köp iýipdik ony... ― Dädem atama tarap baş atdy. ― Aýdyber däde...
Makaronly gürrüňi gozganyna utanýan ýaly atam esli wagt aşak bakyp, ýygrylyp oturdy-da, kynlyk bilen sözüni dowam etdirdi. «Şeýdip ýörşüme men urşuň turanyndanam, kim bilen kimiň urşanyndanam, kimiň ýeňip kimiň ýeňlenindenem bihabar galdym. Dogry, Gurt bir gezek habarlaşanymyzda: «Uruş turdy» diýdi. Ýöne, men oňa doly düşünibilmedim. Lägiriň öz içinde uruş bolandyr, öýtdüm. Soňam: «gutardy» diýdi, «ýeňdik» diýdi, garaz, buýr-bulaşyk boldy.
Bendileriň işe geçýän ýa işden gelýän wagtlary aşak taşlanan ýerime, agaç germewiň aşagyna barýadym, düşünsem-düşünmesem olaryň özara hümürdilerine gulak asýadym. Käte-de Gurt bilen iki agyz söz alyşýan, bolany. «O-da: «Barmysyň/», «Dirimisiň?», başga üýn alşara ýagdaý ýok.
Uzynly gün kiçijik magunjagazlarmy ýa galtakmy, şoň bilen köwlän kömürlerini daşaryk daşaýalar, ýöne, olaryň «takyr-tukularyndan», şakyrdylaryndan ýaňa gep alşar ýaly däl.
Girelgeden bolsa gerek, germewiň aşagyna baranymda ölügsije ýagty düşýädi. O-da günortanrak, Günem şöhleli bolan wagty. Bulutlaşyk bolsa-ha o-da ýok. Sähelçe aňyrrak süýşdügiňem tümlük gaplap alýa.
Tomus aýlary jahan ir ýagtylgyç bolýar. Şonuň üçin, şol aýlarda şahtaçylaryň gidip baryşlary salgym bolup görünýär. Edil, uçudyň ýüzi bilen äpet bir, çalajan aždarha süýşüp barýan ýaly.
Günüň-gününe oklanyp duransoň, germewiň aşagyna düşýän iýmitler soňabaka depe bolup gitdi. Dymjykdy. Yslandy. Şonuň üçin men ony töre tarap pytratdym. Soňky düşenlerdenem geregimi aldym-da, gaty bir üýşmänkä şeýtdim durdum.
Hemişelik bolýan ýerimdäki «höwürtgejigimi» arassa sakladym. Ýöne, çyra gelýänçä men onuň nä keşpdedigini bilmedim. ― Atam birazajyk sägindi. Näme üçindir, herimiziň ýüzümize birlaý seredip çykdy. ― Ýeriň ýüzünde gezip ýörkä, adam garaňkylyga öwrenişýä. Mysal üçin, gijäniň garaňkylygyna. Sebäbi, iň bolmanda ýyldyz ýagtysy düşýä. Tümde bolsa beýle däl ekeni. Bir ýerden yş düşmese, göz oňa öwrenişip bilmeýän ekeni. Gaýtam öz borjundan ýüz öwrüp, özem garaňkylyk ummanyna tarap ugur alýan ekeni.
Men diňe sermenekläp, onsoňam her bir ädimimi hasaplap, aňymda aýlap, huşumda saklap, hereket edýädim. Çyraly ýagymy bolsa, diňe Kurany Kerimi okajak wagtym ulanýardym.
Ýöne, soňabaka gözüm çyranyň ýagtysyny görmedenem galdy. Şondan soň maňa çyranyňam, ýangyjyňam geregi bolmady. Gözüm gördi, görmedi, onuňam parhy galmady. Ýöne, o zatlardan bihabar, Gurt dagy soň-soňlaram maýyny tapsalar ýangyç, pelte, otluçöp ýaly zatlar salladylar durdular.
Men halys tapdan düşenimden soňam diridigimi bildirmek üçin bendileriň geçýän wagtlary, mahal-mahal, germewiň aşagyna barýadym. Seslenseler ses berýärdim we dörüşdirip, az-owlak garbanyp gaýdýardym. Oljam oňsa ýanym bilen alyp gaýdyberdigimem bolaýýardy. Suw meselesi aňsat. Ol edil dag çeşmesi ýaly «şirrildäp» aýagymyň aşagyndan akyp durdy. Gelip ýene-de tutuş durkum bilen Biribara berilýädim.
Men bir-ä kyblanyň haýsy tarapdadygyny bilmän kösenýädim. Birem aýyň, günüň, ýylyň, ähli zadyň hasabyny ýitirdim. Bäş wagt namazymy men bir günde okaýanmy ýa iki gündemi, bir ýarym gündemi, onam bilemok. Ýöne, ýüregim şonda, göwnüm şonda. Tüýs ýürekden edilen ybadat, hökman kabul bolýamyşyn. Men şu wagt şu ýerde, siziň araňyzda oturan bolsam, kabul bolandyram inşalla... Umuman, şol uç-gyraksyz tümlügem, köne küşülden «bina bolan» höwürtgejigimem, meniň üçin uçmahdy. Allahyň dergähidi. Şondan başga arzuw-isleg şol wagt mende ýokdy. ― Atam aýtmasyz bir zady aýdan ýaly: ― Estagpyralla, estagpyralla... ― diýip, içini çekdi. Ýakasyna tüýkürdi. ― Bardy, o-da size gowuşmak. Ýene bir küýsän zadym ― o-da ol ýerde bägül ýokdy. Hyýalymda welin bardy. Şol hyýal käte düýşüme girýädi. Şonda men ýetişibildigimden bägül ekýädim. Hyýalyňda atan tohumyň şeýle çalt hem bitginli gögerýän ekeni. Çalt ýetişýän ekeni. Özem edil, ýaş wagtlarym şäherden alyp gidýän bägüllerim ýaly ýupar ysly, peýwendi, gyrmyzy bägüllermişin. Şol gül-gülzarlygyň içinde gulaçlap ýörşüme oba äkidip, ähli obadaşlaryma paýlar ýaly iň gowularyndan saýlap ýygýan-da, gitmäge hyýallanýan. Ýöne, gidip bilemok. Asla ýerimden gozganybam bilemok. Uçara bolsa ganat ýok. Şolar ýaly janserek bolup ýatan wagtym oýansam gynanýan. Sebäbi, gözümi açdygym tümlüge düşýän. Ýene-de şol çemenzarlyga dolanjak bolup hernäçe jan etsemem bolanok.
Urnup ýatyşyma dözýän däldir-dä, dadyma ýene-de şol ak şöhle ýetişýä. Arzuwyma atarmak üçin gelip üstüme howala bolýa. Ak pile deý daşyma çolanýar-da, goltugymdaky bägüllerim bilen bilelikde tümlügiň içi bilen «wazyrdadyp» alyp barşyna «güzürdäp» ýagty ýalança çykýa. Dik asmana göterilýä. Şu ýerde düýş bilen hakykat garyşýa. Haýsy hyýal, haýsy hakykat, men özümem bilemok. Ýöne, şol wagt gijelik bolsa-ha balkyldaşyp duran penje-penje altynsow ak ýyldyzlaryň, gündiz bolsa-da sümek ýaly sallanyşyp duran akja bulutlara baý, çüýşe deý dury hem göm-gökje asmanyň asty bilen dagdyr-düzlerden, deňizdir-derýalyklardan, tokaýlyklardan, çölüstanlyklardan aşyp, meni şu ýere getirýä. Usullyk bilen gapynyň agzynda düşürýä. Menem edil ho-ol, boşap gelenimdäkim ýaly begenip gädikden girýän-de, bir dem durup howlymyzy synlaýan. Sünnet ikiňiziň-ä bardygyňyzdanam habarym ýok, ýöne, Ennewüliň, ine bi, Mustapanyň, gelinleriň, beýleki agtyklarymyň girip-çykyp ýörüşlerini görýän. Olar welin meni görenoklar. Eger-eger, gaňrylybam bakanoklar. Sorasam jogabam berenoklar. Goltugymdaky güllerden sogrup alyp ýeke-ýeke uzadýan, göwünleri bir ýaly. Alanoklar. Arasynda Ennewül: «Alyň, alyň, düýşüňde öli zat berse gowulygyň alamatymyşyn» diýýä. Men allaniçiksi bolup: «Ennewül, aý Ennewül, aýdýanyň näme, men öli däl, diri. Tüme düşsem sen näme meni ölendir öýtdüňmi? Goý, beý diýme...» diýýän. O-da birhili aýdan sözünden utanýan ýaly aşak bakýa-da, baran wagtym tomus bolsa-ha daşarda, gyş bolsa-da içerde gazan ataryp, ojaga ot salyp başlaýa. Gözüniň ýaşyny sylyp oturşyna biş-düş taýýarlaýa. Maňa degsin etjek bolýandyr öýdüp, men ondan hasam öýkeleýän «Aý, ýok, beýle däldir, meni, ogullaryny, doganlaryny gaýgy edýändir, muň derdi biziňkidenem has agyr ahyry» diýip, ýene-de özümi köşeşdirýän. «Goý, Ennewül, aglama, ine, men geldim-ä, olaram geler» diýýän. Şonda-da ýüz berenok. «Näme üçin beýdýäň, ýa menden göwnüň galan ýeri bamy...» diýýän.
Eşidýän däl bolaýmasyn, diýip, ýeňinden çekýän. Barybir bolanok... Ine, onsoň şol wagt egnimden ýantorba asylanmyşynda, şonuň içinden bir kö-öneje agaç okara çykaryp: «Şol naharyňdan şuňa bir çemçejik kakyp ber, o ýeriniň naharyndan hiç mährim gananok» diýýän. Ol bolsa ýene-de: «Ýok. Ölä zat bermek erbet bormuş» diýýä. Muňa-da bir erbet bolýan.
...Birdenem, goltugymdan gop berlen ýaly öz-özüm göterilýän-de, öňki gelen ugrum bilen, asman sary «waz» ýasaýan. Barşym ýalam ýaýdan sypan ok ýaly şo-ol, gara tümlüge başaklaýyn süsdürilýän. Bolup geçen zatlaryň ählisiniň ahwalatdygyny bilip, ýene-de gynanýan. Hälki güller niredekä, diýip, goltugymy sermeleýän. Ýöne, elime garaňkylykdan başga ilýän zat ýok... ― Atam az-kem sözüne dyngy berdi. Bir käsejik çaý içdi. ― Şolar ýaly hyýalatlardan boş wagtym meni tükeniksiz oý-pikirler basmarlaýady. Şol oýlanmalaryň netijesinde men şu zatlara düşündim: ýagny, garaňkylyk ― adamyň ýagtylyga bolan teşneligini, köp wagtlap işsiz ýatmaklyk ― zähmete bolan höwesini artdyrýar. Ümsümlik ― öz kimligiň, daş-töweregiňi gurşap alan tebigy şertler, gelejegiň, geçmişiň, umuman, durmuş barada düýpli oýlanmaga mejbur edýär. Ýekelik ― Hudaýa golaýlaşdyrýar. Söýginiň dünýäde ýeke-täkdigine, onuňam Hudaýa bolan söýgüdigine, şondan öňe geçen wagty baýlyk, açgözlük, nebis hakda-ha gürrüňem ýok, hatda ogul-gyza öz hünäriňe bolan söýgüniňem soňunyň pajygaly gutarýandygyna akyl ýetirmeklige ýardam edýär. Näme üçin hak aşyklaryň myratlaryna ýetmän geçendiklerem şol tymsal arkaly subut bolýar. ― Atam meniň ýüzüme dikanlady. ― Şular ýaly tükeniksiz baýlyklaryň içine düşen adamam bir ýekesirärmi, oglum? Içi gysarmy? Derdi köp, dermany az, içi goh bilen galmagaldan, gasygy gamdan doly ýalançy dünýäni küýsärmi? Ol ýyllar maňa entegem az göründi...
Islendik zadyň öňi bolşy ýaly soňam bolýa. Tümüň bolsa edil çäksiz asman ýaly öňem ýok, soňam ýok. Sebäbi ol tümlük. Ýokluk. Ýoklukda bolsa barlyk bolmaýar. Ümsümlik bolsa näçe diýseň bar. Şeýle-de bolsa, şonuň zenzelesi ýaly aýylganç ses ýok.
Şol zatlardanam seni ýekesiretmän diňe Allah alyp çykyp bilýä. Çünki, hemme zat ― barlygam, ýoklugam şonuň elinde. Ol bary ýok edibem, ýogy bar edibem bilýä. Sebäbi ol Allah. Allahu akbar...»
Oňa çenli «makaronam» geldi. Atam ysyrgandy. «Mustapa beg, sen-ä oglum muny nagt edäýdiň-ow...» diýdi.
Dädem ýylgyrdy-da oňaýdy.
Üýşüp nahar iýdik. Nahardan soň atam töwir galdyrdy. «Ýene soragyň bamy?» diýip, meniň ýüzüme seretdi. Öň ýogam bolsa şu wagt hakykatdanam serime geldi: «Bar». «Aýt oglum, onam eşideli». «Aýtsam ata, sen näme üçin şu zatlary hiç kime aýtman, Gurt aga-da aýtdyrman, ilden bukup gezdiň?» «Atam meni geňler galdyryp, şo-ol, bir wagtlarky, Reşit aganyň aýdanlaryny gaýtalady. «Ol meniň baýlygymdy. Meniň ony hiç kim bilen paýlaşasym gelmeýärdi. Indi bolsa garradyk.
Adam garransoň baýlygyny yzyndakylara miras goýup gitmeli. Şonuň üçin menem bu zatlary soramadyk bolsaňyzam barybir size aýtmakçydym. Doly ýetiribildimmi ýa ýok, ol maňa mälim däl, egerde ýetiribilmedik bolsam, onda men günäkär, alybilmedik bolsaňyz, özüňiz günäkär. Ýöne, şol baýlyklara eýe bolmaklygyň ýönekeýje usullaryny welin, entegem bolsa özüme goýan baýlygymyň ujundan aýdyp bereýin: Ol seniň dünýäni we göwnüňi tutuşyňa bagly. Köneler: «Giň tutana ― giň dünýe, dar tutana ― dar dünýe» diýipdirler. Göwnem şoňňaly. Seni hiç zat ýok ýerden baý edýänem, garyp edýänem şolardyr. Iň ýamany göwni garyplykdyr. Barjaňa kanagat edip bilýän bolsaň sen garybam bolsaň baýsyň. Gözüň doýmasa, kanagatyň bolmasa welin, dünýe doly malyň bolsa-da, senden garyp adam ýokdur... Ine, köşek, meniň size goýup gitjek baýlygym. Hudaýa sygynyberiň. Ol hiç haçan sizi gara günde goýmaz. Hossarlyk eder. Eýder, beýder, derdeserlerden alyp çykar... ― Atam ümrüň içinden seredýän ýaly, gözlerini ümezledip, maňa içgin garady. ― Ýene soragyň bamy, oglum?.. ― Soňra ol dädem bilen Sünnetiň ýüzüne seretdi. ― Bamy ýene soragyňyz?..»
― Şondan soň hiç birimizem atama sorag bermedik ― diýip, Şyh Mustapa uludan demini aldy. Hälki penjirä baryp gaýdanyndan bolsa gerek, pişigiňki ýaly çalaja-da asgyrdy. ― Çünki, hernäçe syr bildirmejek bolsa-da, atamyň hakykatdan-da şonça ýyllap, şol ýerlerde toplan baýlygyndan jyda düşesiniň gelmeýändigi görnüp durdy. ― Režissýor dymdy. Birdenem «ýalt» edip ýüzüme seretdi. ― Atamyň beren gürrüňleriniň içinde meni has geň galdyran zat: hyýalynda oba gelşini, enem ol entek boşap gelemzindenem kän öň bize aýdyp berýädi. «Düýşümde daş işikde ojaga ot salyp otyryn welin, birdenem «symyş-ş...» edip ýeňsämden biri gelen ýaly bolýa. Seretsem ataňyz. Özem bir ho-or. Halys, bir tutam bolaýypdyr. Elinde-de boş okara. Nahar soraýa. Men: «Öýe gir, Mämmetsapa, ynjalykly otur, gelinleň, agtyklaň bilen salamlaş. Mustapa janam häzir ger...» diýýän. «Ýok, men gideýin. Gyssagly geçip barýadym-da, sowulaýdym, Gurt dagam aç otyrlar o ýerde» diýýä-de, tozan turzup «zut» gidýä» diýerdi. Her gezek düýşi şu ýere ýetende Sünnet hökman: «Nahar bir guýup berdiňmi?..» diýip sorardy. «Ine, şo welin «zyt» ýadyma düşenok-da ― diýip, enem esli wagtlap hapa bolup, gözüne ýaş aýlap oturardy. Soňam guýup bermändigi ýadyna düşen ýaly: ― Ýeri, bir çemçejik kakyp beräý-dä diýibem, ýürejiginden syzdyryp aglardy. ― Gelşi ýaly ap-açja gitdi-dä, görgüli...»

35.

Şyh Mustapa penjirä bakyp «oh» diýdi-de, böküp ýerinden turdy. ― Ind-ä uçargähe ugrabersegem wagt bolaýdy öýdýän ― diýibem, egnine polotensasyny atdy-da, aýagyndaky şypbygyny «şypbyldadyp» duşa girdi. «Ala-şapyrdy» bolup ýuwundy.
Ol çykansoň, menem duşa girdim. Gyzgynjak suwdan soň depämden eňteren sowujak suwum ukusyzlykdan ýaňa lagşap duran göwräme gurp berdi. Birhili düşünjäm artan ýaly boldum.
Dolanyp gelenimde režissýor takyr matadan tikilen onçakly uly bolmadyk ýantorbasyna ýany bilen alyp gelen çalşyrgyçlaryny, üpürjikli, gyralary gyzyl we sary zolakly ak polotensasyny, diş ýuwulýan enjamlaryny salyşdyryp dur ekeni. Iň soňunda «şypbygynam» paketa saldy-da, ýantorbasyna dykdy. Arassaja ak köýnegiň ýakasyny galdyryp, dakynjak bolup durka, içinden gyýaklaýyn ak zolaklar geçýän ýerligi gök, ullakan, ýüpek galstugyna gara çynym bilen gözümiň gidendigi şu günki ýaly ýadyma düşýä.
Ol umuman, geýinmäni gowy görýän, başarýan, sypaýy kişi. Atasyndan geçen bolsa gerek howlukman, saýhally, pessaý gürleýär. Zerur bolmasa-ha gürlänogam. Bir zat sorasaňam ýüzüňe seredýä-de ýylgyrýa oňaýýa. Şo-da onuň dogabitdi salyhatly keşbine ýumşaklyk röwüşini çaýýar.
Sähelçe wagtdan öýümize barjakdygymyzy bahanalap, hakykatda welin uçursyz ýadawdygymyz, şeýle-de wagtymyzyň çäklidigi üçin, iki günüň içinde mazaly garalandygyna garamazdan ikimizem sakgalymyzy syrmadyk.
Oňa çenlem jahan mazaly ýagtyldy. Biribar öz bendelerine ýene-de bir ajaýyp güni bagyş etdi.
Penjireden tylla tasyň bir erňegi görnendenem daşardan maşynyň zogy eşidildi.
Diýmek, agşam söz berşi ýaly, Joraguly maşynyny yzymyzdan iberipdir.
Ýöne, agşam Sadabam özüni oýarmagymyzy haýyş edipdi. Şyh Mustapa şoňa gitdi. Ep-esli eglenibem gaýdyp geldi.
«Öwhüldäp» demini aldy.
― Al-aýt, ýaş çaga-da beýle ukuçyl bolar ekeni-aý...
Ýagdaýyny bilýän bolsa «jaňly sagat» göteräýmeli eken-ä...
Bolsa-da gözlerini açalak-ýumalak edip, ol gyzam myhmanhanadan biziň bilen deňine-hä çykdy. Oňa gözi düşenden buýra gara saçly, orta boýly, aýagy göm-gök jinsi balakly, gögümtil gülli köýkeli ýigrimi bäş ýaşlaryndaky sürüji ýigit kabinadan atylyp çykdy-da, ylgap gelip, süýrekläp gelýän ullakan, tigirli çemedanyny elinden aldy. Gapagyny açyp, yzyndaky ýükseçine saldy. «Gabaraň şü, zadyň şü, şular ýaly ullakan çemodan nämäňe gerek» diýýän ýaly, Sadaba seredip birgeňsi ýylgyrdy. O-da ýylgyrdy. Bu goşa ýylgyryş sabanyň sergin çagynda Şyh Mustapa ikimiziňem köňlümizi hoş etdi.
Bar ýükümiz ýeňiljek ýantorbadan ybarat bolansoň Sadaby öňe mündürip, özümiz yzky oturgyçda ornaşdyk.
Ugradyk.
Uçargähe çenli ýol uzak däl. Şäherden çykanja ýeriň.
Şyh Mustapa welin, şol aralykda-da ýadyna düşdüginden agşamky gürrüňiniň galan-gaçan oýtagrak ýerlerini doldurmak bilen boldy.
― Ýadyňa düşýämi, müň dokuz ýüz altmyş dokuz bilen ýetmişiň sepgidi gaty sowuk geldi ― diýip, ol uçargähe çenli bolan aralygy gözi bilen ölçemekçi bolýan ýaly öňe seredip oturşyna aýtdy.
― Hüm-m...
― Men ana, şol gyş öýlendim. Özümem ol wagt eýýäm Moskwany gutaryp gelip, kinostudiýada işläp ýördüm. Meniň toýumy görmekligi köpden bäri arzuw edip ýörensoň, gatyrak begendimi, nämemi, atam şonda ýukarak eşikli daş çykyp, içeri girip erbet sowuklady. «Possunyňy egniňe ataý» diýseňem etmedi. Toý sowlandanam «tarpa» ýykyldy. Doktor çagyrjak bolsagam etmedi. «Men musaýyň eşegi ýalydyryn, guzularym, aňsat-aňsat ýykylýan däldirin, bir ýykylsam galarym bolmaz. Däri-dermanlaryňyzam peýda etmez. Meňki indi boldy. Ýetmeli menzilime ýetdim. Düşmeli duralgama geldim. Körpeje agtygymyň toýuny gördüm. Baýlygymy tabşyrmaly adamlaryma tabşyrdym. Armanym ýok. Dogan-garyndaşlaryň dirilikde razylaşjaklary, hoşlaşjaklary bar bolsa habar ediň, gelibersinler. Men indi şundan turup bakyýa barýan kerwene ýük uraryn. Şoň bilenem giderin... Hak eýäme gowuşaryn. Amanadymy eline elinjek gowşuraryn... Allahu akbar...» diýdi.
Diýşi ýalam boldy.
Ýaz çykyp, gapymyzdaky öz eli bilen eken gyrmyzy bägülleri hoşboý ysyny her ýan saçandanam biziň bilen hemişelik hoşlaşdy. Öňem bir gezek o dünýä gidip gelen gözler indi müdimilik ýumuldy. Köp muşakgatlyklary gören, ýöne, şolaryň barysyny özüne baýlyk saýan goja türkmen Hakyň dergähine gadam goýdy...
― Imany hemra bolsun.
Men doga okamadygam bolsam, režissýor ellerini ýüzüne syldy.
― Aýdanyň gelsin... ― Näme üçindigini bilmese-de, Sadabam elini galdyrdy. Ony görüp sürüjem şeýtdi. Şyh Mustapa sözüni dowam etdirdi. ― Indiki ýyl gyş men oba baryp, atamyň ömürboýy eý görüp geçen gyrmyzy bägüllerini çyrpdym we onuň çybyklaryndan alyp, atamyň mazarynyň daşyna oturdyp çykdym. Meniň bu başlangyjymy dädemdir ― Sünnetem, etrapda sport işlerini alyp barýan, eýýäm üç çaganyň atasy bolan Hojanazaram, Aşgabatda ýaşaýan uýalarymyzam goldadylar. Etrapda ýaşaýan dogan-garyndaşlarymyz bolsa, häli-şindi habar tutup, suwaryp durmaklyga söz berdiler.
Aýdyşlary ýalam etdiler.
Wagtyň geçmegi bilen bägüller köpeldiler. Ýel-ýagmyryň täsiri bilen, tohumy saga-sola pytrap, gapdalyndaky mazarlaryňam daş-töweregi gülzarlyga öwrüldi. Şondan soň olaryňam hossarlary aýagaldyklaryna suw daşaşyp başlapdyrlar. Birneme daşlykdaky mazarlaryň hossarlaram meniň bägülleri kesmäne barýan wagtym baldaklaryndan alyp ekdiler. Edil, meniň ekenlerimden ýaýraýşy ýaly, olaryňkam goňşy mazarlaryň töwereklerine ýaýrady.
Şeýdip gidip baryşlaryna, birnäçe ýylyň içinde bägüller bütin mazarystanlygy tutdular. Olaryň nireden başlanyp, nirede gutarýandygyny biler ýaly bolmady.
Gabrystanlyk süýşdigiçe, o-da süýşdi gitdi oturdy.
Ol häzirem süýşüp gidip barýa. Bägüllerden ýaňa ýekeje guburam görnenok. Näbelet adamlar-a asla oňa öwlüýädirem öýdenoklar. Belet adamlar bolsa buýsanç bilen: «Mämmet şyhyň bägülleri» diýýäler...»
Sürüjiniň şelaýynlyk hem çekinjeňlik bilen, özüne käte bir oklap goýberýän sözlerine kän bir ünsem bermän, çep gulagyny režissýora tarap tutup oturan Sadabyň megerem ol gürrüňlere ýüregi gozganan bolsa gerek, ilk-ä garaja gözlerini balkyldadyp otagynyň alynky aýnasyna düşýän keşbimize bakdy, soňam çalarak gaňryldy-da, delmuryp režissýoryň ýüzüne seretdi. Şonda men onuň gözlerinde ýaş gördüm. Şol ýaşyň bir damjasy çepiksije, ak ýüzli, owadan gyzyň gyrmyzy gülüň ýapragyna meňzeş gülgün meňziniň üstünden ýol ýasap, elwan reňkli ýuka dodajyklarynyň gyrasy birle togarlanyp gaýtdy-da, etegine damdy. Gyz «zybyrt» etdirdip goňur reňkli, gaýyş elbukjasynyň syrmasyny açdy-da, akja ýaglygyny çykaryp, göz owasyndan ýaňy bir çogup ugran gözýaşlaryň täze bir tapgyryny entek al ýaňak üzre gaýdaýmankalar sylyp goýberdi.
O ýüzüne seret:
...Ine-de uçargäh. Henizem Sadaba bakyp, tamakinçilik bilen ýyljyraklap duran sürüji bilen gadyrly hoşlaşyp, binanyň içine girdik. El goşlarymyzy barlagdan geçirip ýükçülere tabşyranymyzdan soň, köp wagt geçmänkä, uçarmanlaryňka meňzeş gök eşikli, başy somsa papakly, ak ýüzüne ýaraşyp duran tämiz, her çöşlände örmesi megerem üç-dört günläp iş bolýan gara saçlary çil-çil, garagözelek, sag ýaňagy kiçijik peşehordalyja mylaýym sözli gelniň ugratmagynda uçar meýdanyna çykdyk.
Mündük. Baryp ýerli-ýerimizi tapdyk-da, özümizi ýumşak kürsüleriň üstüne goýberdik. Başymyzy biri-birimiziň egnimize ýaplabam, göz açyp-ýumasy salymyň içinde gaflata giriftar olduk.
Nädip asmana göterilenimizi, nähili uçup, neneňsi ýere gonanymyzy bilemzok, bir görsek inçesagt, sesi özündenem inçe, sary saçly, gök gözli ýolbelet gyz Şyh Mustapa ikimiziňem egnimizden yralap dur. Özem hünji deý akja hem owadan dişlerini güjeňleýän ýaly näme üçindir giňden ýylgyrýa. Gözjagazlaram ýanyp dur. Üstündenem şeýle bir ýakymly ys gelýä welin, edil janyňy alyp barýa.
Daş-töweregimize garanjaklasak, uçaryň içinde bizden başga adam galmandyr. Biz-ä bir uzyn gijäni uklaman geçiren adam welin, Sadabyňky näme diýsene! Dodajyklaryny «müňküldedip» myrlapjyk ýatyşy bu golaýda uky görene meňzänok.
Onam turuzdyk-da, daş çykdyk. Ýolbelet gyz bilen hoşlaşdyk. Azara goýandygymyz üçin ötünç soradyk.
Ýöne, hernäçe berk ýatanam bolsak, bir sagatlyk uky Şyh Mustapa ikimiziň agşamky çeken şöwrümiziň öwezini dolardan kän kemter geldi. Doýurmakdan geçen, gaýtam ukymyza garjaşdyrdy. Öjükdirdi. Öňküdenem beter ýadawlyk basdy. Çaltrak öýe ýetip, düşege ýüzüleýin süýnmeklige bolan höwesimizi güýçlendirdi.
Şeýle-de bolsa, uçar bilen bina aralygyndaky geçen sähelçe ýolumyza ýüzümize uran sergin şemal göwrämize az-kem gurp berdi.
Üç tirkeşik bolup barşymyza binanyň içine girdik. Biziň-ä bar goşumyz ýanymyzdady welin, içinde näme baryny Hudaý bilsin Sadabyň hälki sürüji ýigidi ýylgyrmaga mejbur eden iki tigirli, ullakan çemodanyny almaga kömekleşmek üçin azajyk garaşmaly bolduk. Ol işimizdenem dynanymyzdan soň binanyň öňündäki meýdança çykyp, taksi duralgasyna bardyk.
Trotuarlaryň gyralarynda ösüp oturan dürli gülleriň arasyndan saýlanyp görünýän gyrmyzy bägüllere gözümiz düşenden, Şyh Mustapa ikimizem biri-birimiziň ýüzümize seredip, baş atyşdyk, ýylgyryşdyk.
Sadaby-ha kakasy gelip maşynly alyp gitdi. «Ýüzugra bolsaňyz sizem taşlaýaýyn» diýen ýaly sözüň dagy üstündenem barmandygy, asla bize tarap nazaram aýlamandygy, salam-heligem alyşmandygy üçin, biz bilniksizrägem bolsa Sadabyň kakasyndan gaty gördük.
Sadabyň birenaýyja, akja goljagazlary bolsa, tä gözden ýitýänçäler maşynyň yzky aýnasyndan bize bakan, birsyhly galgady gitdi oturdy.
Ugrumyzyň bir däldigi sebäpli, Şyh Mustapa ikimiziňem herimiz bir taksa münmeli bolduk. Şonuň üçinem, agşamky gürrüňçiligiň esasynda men-ä bir kitap ýazmaklygy, o-da şol kitabyň esasynda film döretmekligi niýetimize düwübem hoşlaşdyk...

Soñy.

2015 ý. Aşgabat.

Juma HUDAÝGULY.
Категория: Romanlar | Просмотров: 34 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: