23:51
Arzuw
ARZUW

Pursatlaň gulpuna baglanyp galdy,
Armanlarmyň nepesine meýmiräp.
El uzatsam boşluk gurşar aramyz,
Ho:ol ýanda duransyň gyz deý sülmüräp.

Käte Aý bolup bakarsyň asmandan,
Kä sönen ýyldyz deý gaýyp bolarsyň.
Tutuş süňňüm elegiňden geçirip,
Umyt-ynamymy süzüp alarsyň!

Ýene bir gün Kuýaş bile dogarsyň
Dünýäme öz dünýäň ýalkymyn saçyp.
Kä zülplerim oýnap özüň güjeňläp
Gidersiň şemal deý deňimden geçip.

Dünýämde gök gürlär,ýyldyrym çakar,
Gözlerim çydaman döker ýagyşyn.
Elimden sypar-da asmana uçar,
Yzyna seretmän köňlüm-ak guşum.

Uç guşum ganat ýaý,bakma yzyňa
Süýşýän bulutlaryň başyn çekiber.
Degmese degmesin eýäne nepiň
Göwünlerde umyt şemin ýakyber!

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 55 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 4
0
4 Jumjume   [Mowzuga geç]
Aýal doganym-gyzam
Erkek doganym-gardaşym
gyzýam daky ý artdyrma Magtymgulyçylardan täze söz öwrendiñ ana smile

0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Jumjume, "gyýam" bu diymek name agam?

0
2 Jumjume   [Mowzuga geç]
Sagbol gyzýam smile

0
1 Nurdan   [Mowzuga geç]
Goşgudaky ho-ol ýanda sülmüräp gyz deý bolup duran "ylhama" meñzeýar. Käte meñem golayyma gelip-gelip, gelmän geçibermesi bar-da şonuñ, (Hojañ aýdyşy ýaly D ) şondan şol ýeri ylhama degişli yaly boldy okanymda.
Goşgy gowy bolupdyr, syrlylyk bar özünde-de.
Ýöne ikinji bendiñ birinji setiri
"Käte Aý deý bakarsyñ-da asmandan"
bolsa-da bolayjak ýaly.

Galamyñ ýiti bolsun boýdaş! clover

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: