23:43
Abu Sagyt Mäneli
ABU SAGYT MÄNELI

Zamanasynyň uly sopy alymy, görnükli şahyry Abu Sahyt Fazlylla bin Abulhaýyr Muhammet ibn Ahmet Mähneýi halkyň arasynda Mäne baba ady bilen tanalýar. Edebiýat ylmynda onuň ady Abu Sahyt Mähneýi ýa-da Mäneli diýlip tutulýar. Abu Sagyt Mäneli esasan rubagy hem kytga žanrlarda arap-pars dillerinde şygyr ýazypdyr.
Ol 967-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabadyň eteginde Kaka etrabynyň Mäne obasynda dünýä inipdir. Şahyryň kakasy öz döwrüniň gurply, däri-derman, anbar taýýarlap satýan adam bolupdyr. Abu Sahyt Mäneli ilkinji bilimi öz obasynda alypdyr. Ol juda zehinli bolup, ýaşlykdan dini ylma ýykgyn edýär. Gurhany, hadyslary ýatdan öwrenýär. Özbaşdak okamaklyga ürç edipdir. Kakasy Abulhaýyr ibn Muhammet Ahmet oglunyň dini taglymata köp üns berýändigini bilipdir. Sebäbi ol kalbyny arassa saklamak maksady bilen köp wagtyny namaz okamaklyga hem hadyslary ýat beklemeklige sarp edipdir. Abu Sagyt ýaşlygyndan ylma köp üns berendigi sebäpli az-kem akyl-huşy üýtgäpdir diýlen maglumatlar bar. Ol dogrusynda halkyň arasynda dürli rowaýatlar saklanyp galypdyr. Şol rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär. Bir gije ýatylandan soň, Abu Sahyt öýlerinden çykyp, Mäne galasynyň daşyndaky guýynyň ýanyna barýar. Onuň agzyna bir demir myhy dikip, şoňa daňan ýüpüniň ujuny hem öz aýaklaryna baglap, guýa başaşak sallanýar. Şol durşuna-da Gurhany Kerimi ýatdan aýtmaga başlapdyr. Oglunyň bu ýagdaýyny gören kakasy şondan soň ony gözden salmandyr. Penalap gezipdir. Abu Sagyt Haweran çöllüginde (Kaka etrabynda, oňa etek düzlügi diýlipdir) 14 ýyllap derwüş bolup gezipdir. Rowaýata görä, ol şonça ýyllap göýä ýandak iýip oňňut edenmiş. Bu barada şahyryň rubagysynda hem ýatlanylýar:

Haweran düzünde tapylmaz bir daş,
Dökülmedik ýürek gany hem gözýaş.
Howa simap bolup, sähra saraldy,
Geçenden, gel, bizem geçeli, gardaş!
Haweran çölüni şahyr yşky mowzukdaky rubagysynda hem ýatlanylýar:

Janym, men hem meniň durmuşym bilen,
Haweranda ýok dahylsyz bir tiken,
Seniň görküň ýakymyna, mährine,
Aýyp däldir bersem-de men ýüz müň jan...

Abu Sagyt Mäneli bilimini artdyrmak üçin 10 ýyllap Maryda ýaşapdyr. Ol bu ýerde Abu Bekir Keffalyň we başga-da birnäçe ulamalaryň, alymlarynyň elinde din ugrundan tälim alypdyr. Soň ol ýerden Saragta geçip zamanasynyň uly şahyry Lukman Mežnunyň elinde okap başlaýar. Onuň üsti bilen hem meşhur, şyh, pir, ulama Abulfazyl Sarahsy bilen tanyşýar. Ol şu ýyllaryň içinde sufizmiň-sopuçylygyň, gapma-garşylykly pikirlerine jogap agtarýar. Abu Sagyt Mänä dolanyp gelip 7 ýyl ýaşaýar. Halypasy Abulfazyl Sarahsynyň tabşyrygy bilen Nişapura barýar we ol ýerdäki görnükli alym Abdyrahman Seliminiň mekdebini geçýär hem erşatlyk-ekabyrlyk derejesine mynasyp bolýar. Ol şondan soň ýene dogduk mekany Mänä dolanyp gelýär. Halypalary, hususanda, Abulfazyl Sarahsy bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar.
Maglumatlara görä, 1123-24-nji ýyllarda Abu Sagydyň halypasy Abulfazyl Sarahsy aradan çykýar. Ol şol döwrüň meşhur ylym merkezleriniň biri Amula gidip, ol ýerde Abulapbas Gassabyň elinde sopuçylyk ylmyny öwrenýär. Gadymy Amulyň ýadygärligi Türkmenabat şäheriniň çginde ýerleşýär. Ol häzir taryhy-medeni ýadygärlik hökmünde goralýar. Bu şäher gadymy Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, onuň juda şöhratly taryhy bar. Amulyň taryhy hakynda 2010-njy ýylyň 10-12-nji martynda geçirilen „Gündogar Türkmenistanyň mirasy gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda“ atly Halkara maslahatda gymmatly maglumatlar aýdyldy. Bu şäherde onlap Amuly nisbeli alymlar ýaşapdyrlar we arap dilinde öz eserlerini döredipdirler. Amul şäheriniň gapdalynda – derýanyň arka tarapynda Buhara ýolunyň ugrunda ýerleşen Farap şäheri hakynda hem şulary aýtmak bolar. Çünki Faraby nisbeli tanymal alymlar hem barmak büküp sanasaň ep-esli bardyr. Abu Nasr şolaryň biridir. Abu Sagyt Amulda ep-esli wagt bolupdyr hem onuň halypasyndan pata alandygy hakynda çeşmelerde habar berilýär.
Abu Sagyt Mäneli halypaly mertebä ýeten soň Nişapura gidýär. Ol Nişapurda dini garaýyşlaryny, sopuçylyk pikirlerini wagyz-nesihat edýär. Emma onuň garşydaşlary bolan ortodoksal yslamyň wekilleri Abu Sagydy erkin pikirlilikde, wagyz-nesihat geçirýän pursatynda raks, tans, aýdym-saz etmekde, datly tagamlary iýip-içmekde, gaýry dindäki adamlar bilen dostana aragatnaşykda saklamakda aýyplaýarlar we Mahmyt Gaznawa ýamanlapdyr. Olar Abu Sagydyň ylmyna, adamkärçiligine, sahylygyna, adama bolan söýgüsine, ýeten mertebesine bahyllyk, görüplik edýärler. Mahmyt Gaznawy meseläni çözmegi alymlara tabşyrypdyr. Netijede Mäneli olaryň ählisiniň soraglaryna hem ylmy, hem dini nazaryýetde jogap bermegi başarypdyr. Şeýlelikde, ol öz dogduk mekanyna Mänä dolanyp gelipdir. Ömrüniň ahyrlaryna çenli şol ýerde ýaşapdyr. Meşhur alym, uly pir Abu Sagyt Mäneli 1949-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda 82 ýaşynyň içinde aradan çykypdyr. Ondan özüni nirede jaýlamalydygyny, ýagny, uly ulamalaryň, pirleriň arasyndamy, ýatan ýerindemi diýip soranlaryny ýönekeý adamlaryň arasynda jaýlamagy sorapdyrlar. Gurhandan näme okamalydygyny soranlarynda şu aşakdaky rubasyny aýdypdyr:

Heý, dünýäde mundan gowy ne iş bor:
Dost-dosta sataşsa, duşsa ýara-ýar.
Bolupdy gam, şatlyk, hoş söz, biten iş,
Bes, şolardan il-gün bolsa minnetdar.

Abu Sagyt Mäneliniň ogullary Abu Tahyr Sahyt, Abulwepa Muzaffar, Abu Aly Nasyr, Abu Aly al-Mutahhar, Abulbaka al-Mufazyl zehinli adamlar bolupdyr. Onuň agtyk-çowluklaryndanam zehinli alymdyr şahyrlar çykypdyr.
Abu Sagyt alymlaryň arasynda-da uly hormatdan peýdalanypdyr. Dünýäniň uly alymlarynyň biri hasaplanýan Ibn Sina Mäne baba bilen üç günläp tamdan çykmany söhbetdeş bolupdyr. Bu iki uly alymyň biri-birlerine göwünleri ýetipdir. Söhbetinden soň Abu Sagydyň şägirtleri ondan myhman alymy, ýagny, Ibn Sinany nähili görendigini soranlarynda, ol şeýle diýipdir: «Meniň pähim nazarym bilen görýän zatlaryma ol zehini hem ylmy bilen bireýýäm göz ýetiren eken.» Ibn Sina hem şeýle sowal berlende ol: «Men ylmym bilen haýsydyr bir derejä ýeten bolsam, bu halypa oňa öz pähim-paýhasy bilen ýetipdir» diýip jogap beripdir. Şol wagtlar Abu Sahyt – 45, Ibn Sina bolsa 32 ýaşynda eken. Haweran sährasyndaky, Köpetdag syrgynyndaky her hili dermanlyk ot-çöplere örän belet bolan Abu Sahyt öz myhmany – soňra beýik alym, meşhur tebip bolan Abu Aly ibn Sina şol ot-çöpler barada köp peýdaly maslahatlar hem beripdir. Görşümiz ýaly Abu Sahyt Mäneli uly alym, tebip Ibn Sina bilen hyzmatdaşlykda bolupdyr.
Taryhdan belşimiz ýaly XI asyryň 20-30-njy ýyllarynda Gaznawylar bilen Seljuklaryň arasyndaky göreş ýitileşip başlaýar. Gaznawylara garşy söweşe ýolbaşçylyk eden Seljuk serdarlary Çagryl begdir Togrul bege Mäne baba ýakyndan goldaw beripdir. Olaryň zulüm-sütüme garşy alyp baran göreşlerini oňlapdyr, ýeňiş gazanmaklary üçin elinden gelen tagallalaryny edipdir. Seljuk soltanlary Çagryl begdir Togrul beg ýeňiş gazanansoňlar Abu Sagydyň huzuryna gelip, özleriniň geljekki gurjak döwürleri üçin ak pata bermegini soraýarlar. Olar Daňdanakan söweşinde dünýäde kuwwatly döwletiniň soltany Mahmyt Gaznawynyň ogly Soltan Masudyň goşunyny çym-pytrak edýärler hem täze türkmen döwletini yglan edýärler. Soňra yslam dininde iki ýola kyrka geýen beýik alym, pir Abu Segyt Mäne baba Çagryl beg bilen Togrul bege döwlet patasyny beripdir. Maglumatlara görä, Daňdanakan söweş meýdanynda tylla tagt goýýarlar, emma ilçilik, 'Edil bu ýerde tagt goýmaly däl, bu gün sähet däl' diýenem tapylypdyr. Emma Mäne baba: “Allanyň saýlan ýerinde ýaramaz ýer bolmaz, Allanyň ýaradan günleriniň sähet däli bolmaz! Döwletiňiz halk döwleti bolup, Hakyň – Allatagalanyň ýoly bilen, türkmeniň halallyk, adalatlyk ýoly bilen gitseňiz almajak galaňyz bolmaz” diýipdir.
Şu ýerde Abu Sagydyň kakasynyň Mahmyt Gaznawy bilen gowy gatnaşykda bolandygyny, hatda ortodoksal yslamyň gadagan edýändigine seretmezden soltanyň suratyny öýünde saklandygyny belläsimiz gelýär. Emma Abu Sagyt Mahmyt Gaznawy hem onuň ogly soltan Masut bilen aragatnaşykda bolmandyr. Sebäbi Abu Sagyt halkyň hor-homsy ýaşaýşyna, eden-etdiligiň bolmagyna, zamanada jebir-sütemiň artmagyna gynanypdyr. Ol bu ýaramazlyklaryň sebäbini soltandan – Mahmyt Gaznawydan görüpdir. Çünki orta asyr edebiýaty hem intelligensiýasy üçin soltan ýerde jenneti gurup, döredip biljek uly güýç bolup kabul edilýärdi. Patyşadan jemgyýetiň talaby örän ulydy. Hut, şol sebäbe görä, Abu Sagyt halkyň maňlaýyndan direjek, ýol görkezjek “perişdäni” ibermegi Haktagaladan dileýär:

Ýa, Ýaradan, ibergin ýol görkezip perişde,
Biçäre bendelerňe ýaşamaga serişde,
Men biçäräniň işi döwün üstüne döwün,
Döwün çözüji iber, goldar ýaly bu işde!

Megerem, Abu Sagyt seljuk soltanlaryny “perişdäniň” iberen döwün “çözüjileri” hökmünde kabul edipdir. Bu ýerde nygtalynjak bolunýan pikir, Abu Sagyt Mäneli Çagryl bilen Togrul bege uly umyt baglaýar. Şonuň üçinem olara ak patasyny beripdir.
Agu Sagyt Mäneli ilkinji nobatda zamanasynyň örän uly sopusydyr. Uly şyhydyr. Ýöne onuň dünýewi aladalardan, ynsanlaryň arassa ahlagy ugrundaky göreşlerden daşda durmandygyny aýtmalydyr. Onuň döredijiliginde ahlak päklige, arassa söýgä, dost-ýar mähribanlygyna aýratyn orun berlipdir. Abu Sagyt Mäneli türkmen topragynda ýaşan beýik pir, paýhasly, dana kişi bolup ol paýhasly rubagylary bilen meşhurdyr. Bilşimiz ýaly rubagy baryýogy dört setirden ybarat goşgy bendidir. Ýöne şuňa seretmezden rubagy juda ussatlygy, paýhaslylygy hem ýokary çeperçiligi talap edýän şygyr žanrydyr. Dogrusy her ýeten şahyr kämil rubagy döretmegiň hötdesinden hem gelip bilmeýär. Sebäbi onda dört setiriň içinde pikiriňi aýtmagy başarmaly. Şol dört seride aýdylynjak bolunýan pikiriň gutarnykly bolmalydygyndan başga-da, ol gunt ýaly agyr, gant şaly datly, süýji, ýagny, ýokary çeperçilikde beýan edilmelidir. Abu Sagyt Mäneli rubagynyň şu talabynyň hötdesinden aňry ýany bilen gelmegi başarypdyr. Onuň rubagylarynda ynsany bezeýän sypatlar hakynda hem gürrüň edilýär. Ol tekepbir bolmazlygy, päli düz hem pes tutmagy sargapdyr:

Tekepbirlik etme, pes tutgun päli,
Ýeten ýokdur ondan mertebä häli,
Gözelleň zülpi deý bolgun päk göwün!
Bir demde müň göwün awlaryň ýaly.

Ýokarky rubagydan görşümiz ýaly, onda sagdyn pikir gutarnykly beýan edilipdir. Ajaýyp ýeri, şahyr nygtaýan düşünjesini çeper deňeşdirmä salypdyr. Bu ýerde pes pällik, kiçi göwünlik, tekepbir bolmazlyk – päk göwünlik gözeliň zülpüne deňelýär. Şeýle ussatlyk bilen aýdylan pikir hem täsirli, hemem ýatda galyjy bolýar. Diýmek şeýle eseriň ömri-de uzak, müdümi bolýar. Bu bolsa şahyrdan uly ussatlygy talap edýär.
Mäne baba zamanasynyň uly piri bolup, onuň iki gezek hyrka geýendigi hakynda maglumatlar bar. Hyrka adatça mürüdiň tarykaty geçeninden soň mürşidiň şägirdine geýdirýän köýnegidir. Sopuçylygyň taryhynda hyrka bilen baglanyşykly gyzykly rowaýatlar, düşündirişler saklanyp galypdyr. Sopuçylykda adatça sopuçylykda haýsy hem bir piriň tarykaty geçilýär we bir sany esasy hyrka geýilýär. Beýleki hyrkalar dürli görnüşli bolup, olar hormat hyrkalarydyr. Ol hormatly at mysalyndadyr.
Mäne baba zamanasynyň beýik şyhy bolupdyr. Onuň öz tarykaty hem hanakasy bolupdyr. Onuň ýany mydama köp adamly bolupdyr. Zamanasynyň şöhrtaly soltandyr hanlaryndan, barly-bajamly adamlaryndan yzygiderli serpaý gelip durupdyr. Mäne baba olaryň baryny garyplara, ýeter-ýetmezlere paýlap beripdir. Mydam hak hem halk bilen bile bolupdyr. Onuň esaslandyran sopuçylyk mekdebi hut şonuň üçin terkidünýäligi ündemeýär. Onuň zikrinde tansyň bolamagy, gowy zatlary Allanyň beren nygtmaty hökmünde ondan ýüz döndermeli däldigi, ony iýip-içmelidigi hakyndaky garaýyşlary biziň bu pikirimize delildir. Ýöne Mäne baba nebsewür bolmazlygy, her bir adamyň nebsine buýrup bilmegini hökmän hasaplaýar. Ol bu pikirini rubagylaryna-da salypdyr:

Ýat tutan-da bolsaň, müň kitaby sen,
Ne peýda, nebsiňe buýrup bilmeseň.
Namaz üçin nä goýýarsyň ýere baş,
Bilimberip, ajy doýrup bilmeseň.

Aby Sagyt Mäneliniň zamanynda ylym hem edebiýat biri-birinden gaty bir arasyny açmandy. Muny çeper söz, şygyr bilen ýazylan diwanlaram subut edýär. Biziň pikirimizçe Mäne baba öz müritlerine sopuçylyk ideýalaryny rubagynyň üsti bilen düşündiripdir. Muny onuň jemi 740 töweregi rubagysy hem 78 sany kytga bölekleri-de tassyklaýar.
Seljuklar Mäne babanyň eden ýagşylygyny, bitiren hyzmatlaryny unutmandyr. Onuň aradan çykanyndan köp wagt geçmänkä 1049-njy ýylda mazarynyň üstüne gümmez galdyrypdyrlar. Mäne baba gümmezi häzirki Kaka etrabynyň Mäne baba obasynda ýerleşýär.
Mäne babanyň bitiren hyzmatlary Garaşsyzlyk ýyllary içinde täzeden öwrenilip başlandy. Onuň ömri we döredijiligi dogrusynda ylmy işler ýazylýar.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 23 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Täjimow, Araznepes Mämmetjumaýew, Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: