23:11
Gadymy edebi nusgalar: Tumarly
TUMARLY

Pars patyşasy Kuros Babyly basyp alandan soň, massagetleri özüne boýun egdirmegi ýüregine düwüpdir. Şol döwrüň bilimdar adamlarynyň aýtmaklaryna görä, massagetler san taýdan köp hem batyr halk bolupdyrlar.
Hazar deňziniň Gündogary ýagny Günüň dogýan tarapy aňrysy – bärisi görünmeýän ümmülmez düzlük bolupdyr. Bu örän uly tekiz meýdanyň köp bölegini massagetler eýeläpdir. Kuros şol ýurda söweş etmäge gitmegiň küýüne düşüpdir. Kurosy bu söweşe ugramaga oýaran ençeme sebäpler bolupdyr. Ozaly bilen onuň özüni adaty adamlardan üýtgeşik hem artykmaç doglan diýip gedem pikir etmegi bolupdyr. Galyberse, gedem pikir ähli söweşlerde bagty getirip, ýeňiz gazanmagyda oňa meçöw beripdir. Şonuň ýaly – da, ol zamanda Kurosyň söweş halklarynyň hiç biri – de onuň diýeninden çykyp bilmändirler.
Massatgetleriň patyşasy merhum äriniň galan aýal bolupdyr. Ol Tumar diýlip atlandyrylypdyr. Kuros toý tutmak we ony özüne aýal edinip almak maksadynyň bardygyny habar bermek üçin, oňa ilçi ýollapdyr. Ýöne Tumar Kurosyň gara gaýgysynyň toý hem öýlenmek däl-de massagetlere hökümdar bolmak meýlini göz öňünde tutuýandygyny aňyp, onuň teklibini kabul etmeýär. Mekirlik bilen maksadyna ýetip bilmejegine göz ýetiren Kuros massagetlere garşy açyk uruş yglan edipdir. Şa özüniň goşunlaryny geçirmek üçin Araksyň üstünden gämilerden gurnalan köprini hem-de olaryň ýokarsynda minara gurmagy höküm edipdir.
Haçan-da Kurosyň goşunlary bu işe meşgullanyp ýören wagtlary Tumar oňa ýüzlenip, şeýle sözleri aýdypdyr:
- Midiýanyň şasy! Öz päliňden gaýt! Bu köpriniň saňa peýda getijergini -getirmejegini sen öňünden bilip bilmersiň ahyryn. Bu işiňi goý-da öz ýurdyňdaky häkimligiňi ýörediber. Biziň üstümizden hökümdarlgyňy ýörederin diýip pikirem edip oturma. Ýöne sen, elbetde, bu maslahata gulak asman öz göwnüňe gelenini etmekçi bolýansyň. Eger-de çynyň bilen massagetleriň üstüne çozuş etmek isleýän bolsaň, onda derýanyň üstünden köpri gurmak işiňi togtat. Biziň ýurdumyza tarap arkaýyn geçiber, biz derýadan üç günlük aralykdaky daşlyga yza çekileris. Eger – de sen bizi öz ýurduňa tarap goýbermegi oňaýly görýän bolsaň, ony-da edip bileris.
Şondan soňra Kuros pars kethudalaryny öz ýanyna maslahata çagyrypdyr hem-de olara ýagdaýy düşündirip, özüniň nähili hereket etse gowy boljakdygyny sorapdyr. Hemmeler bir agyzdan Tumary öz ýurtlaryna goýberip, olary gazaply garşy almaga taýýarlyk görmeli diýen karara gelipdir. Emma maslahata gatnaşanlardan midiýaly Krez bu gelen nitijäni makullamandyr. Ol gelnen netijä özüniň garşydygyny şeýle beýan edipdir.
- Patyşa! Men öňem öýüňe howp saljak ähli bela-beterlerden seni halas etjekdigim barada söz beripdim. Şeýle azaplara döz gelmegi maňa ylym öwretdi. Eger-de sen özüňi ölmez-ýitmez hem-de ýeňilmez goşunyň baştutany hasaplaýan bolsaň, meniň pikirimçe, onyň düýbünden ýalňyş. Eger-de sen özüňi adaty adam hasaplap, müdimi bolmadyk adamlaryň üstünden şalyk ýöredýändigiňi ykrar edýän bolsaň, onda öňi bilen şuny ýatda sakla: adamzat ýaşaýşy hemişe öwrülip hem üýtgäp dur, ol şol bir adamyň hemişe bagtly bolup ýörmegine ýol bermeýär. Ine, şonuň üçinem, men bu işde seniň maslahatçylaryň garşy bolan pikirde durýaryn. Eger-de sen duşmany öz tarapyňa goýberäýseň, onda biziň üstümize şeýle howp abanýar: haçan-da sen ýeňlişe sezewar bolaýsaň, sen bütin döwleti heläkçilige sezewar edersiň. Massagetler seniň üstüňi basyp geçenden soň, ýene öz taraplaryna gitmejekdikleri, seniň mülküňe süsňäp gitjekdikleri öz-özünden düşnükli ahyryn. Eger-de sen massagetleri ýeňip, üstünlik gazanaýan ýagdaýyňda-da saňa bosgunlary yzarlamak amatly bolar diýip pikir edýärin. Men seniň hem olaryň şondaky boljak artykmaçlyklaryňy deňeşdiresim gelýär: duşmany derbi-dagyn edeniňden soň, sen Tumaryň mülküne göni süsňäp girip bilersiň. Galyberse-de, oňa öz ýurduňa girmäge hem basyp almaga ýol berseň, aýala boýun bolmak Kurosa, ogly Kambise örän utanç hem örän çydamsyz agyr ýadaý bolar. Ine, şonuň üçin hem, meniň pikirimçe, bize derýadan geçmek, soňra bolsa duşman näçe yza çekilse, şoňa görä ýurduň içine çuňňur aralaşmagymyz gerek. Şeýdibem, biz olardan üstün çykmagyň gamyny iýmeli.
Meniň bilişime görä, massagetler parslaryň ýaşaýyş ýagdaýynyň bolçulygyndan hem olaryň datly tagamlarynyň lezzetini dadyp görmeden düýbünden bihabar bolmaly. Şonuň üçinem, biziň düşlejek ýerimizde köp goýun soýup, olara süýji naharlary bolelin hödür-kerem etmegimiz gerek. Ondan daşaram kän küýzeleri şerapdan dolduryp goýmaly. Bularyň ählisini taýýarlap, agsak-togsak, hiç derde ýaramaýan şol ýerde galdyryp, esasy goşun bilen biz derýa tarap yza çekilmeli. Eger-de men ýalňyşmaýan bolsam, biziň duşmanlarymyz şeýle bolelin naharlara topular hem-de bize uly ýeňiş gazanmaga mümkinçilik dörär.
Maslahata ýygnananlar şeýle pikirler bilen dargapdyrlar. Şunlukda, Kuros ilki başdaky pikrinden ýüz öwürip, Kreziň beren maslahatyny kabul edipdir. Şa derýadan geçmekleri üçin, öň beren wadasyna görä, Tumaryň yza çekilmegini talap edipdir. Öňki beren wadasynda durup, Tumar öz goşuny bilen yza çekilipdir. Şonda Kuros özüniň mirasdüşeri edip bellän ogly Kambisi hem Kreze ynanypdyr. Şa ogluna Krezi sylamalydygyny hem oňa gulak asmalydygyny berk tabşyrypdyr. Kuros şular ýaly görkezmeler berip, Kambisi hem Krezi Pars ýurduna tarap ugradypdyr, özi bolsa goşunlary bilen derýadan geçip başlapdyr.
Şunluk-da Kuros öz goşunlary bilen Oks derýasynyň aňyrsyndaky bir günlik ýoly geçipdir hem-de Kreziň beren maslahatlaryny iş ýüzüne geçirmäge başlapdyr. Örän ejiz hem ýarawsyz esgerleri şol baran ýerlerinde galdyryp, şa özüniň saýlama goşuny bilen ýene Oksa tarap yza çekilipdir.
Şonda soňra massagetleriň üçünji topar goşuny Kurosyň goýup gaýdan urşujylaryň üstüne çozupdyr. Erjel garşylyk görkezendiklerine garamazdan, olary dargadypdyrlar. Ýeňişden soňra parslaryň düşelgelerinde goýup giden naharlaryny görüp, massagetler toý toýlamaga başlapdyrlar. Şonda olar naharlardan gerk – gäbe doýupdyrlar, içip bilen şeraplaryny içip, agyr uka gidip, ýatyp galypdyr. Ondan soňra yza çekilen parslar gapdyp gelip, duşmanlarynyň köp bölegini derbi – dagyn edipdirler, beýleki galan bir bölegini bolsa ýesir alypdyrlar. Şol ýesir alnanlaryň arasynsa massagetleriň serkerdesi Tumaryň Spargapis (käbir çeşmelerde Sparganiz hem diýilýär) atly ogly hem ýesir düşüpdir.
Zenan patyşa Tumar öz goşunlarynyň hem öz oglunyň başyna düşen agyr kysmaty eşidip, şeýle sözleri bilen Kuruşa habar ýollapdyr:
- Ganhor Kuros! Sen özüňiň bu gazananja üstünligiňe baýrynma! Üzüm çybygynyň hasyly bilen siz pähim-paýhasdan mahrum bolarsyňyz. Haçan-da şerap kellä uranda, siz serhoş bolan parslar, gelşiksiz paýyş sözleri ýaňrap başlaýarsyňyz. Ine, şunlukda, hakyky dogruçyllyk hem mert söweş bilen däl-de şeýle zäheriň hem mekirligiň güýji bilen meniň oglumy ele salypsyňyz. Indi bolsa meniň döwletli maslahatyma gulak as: oglumy gaýdyp ber hem-de gowulyk, sag-salamatlyk bilen biziň topragymyzdan git. Massaget goşunlarynyň üçünji toparyny bihaýalyk bilen gyranyň hem saňa ýeterlik. Eger-de sen şeýle etmeseň, massagetleriň beýik Taňrynyň Günüň adyndan ant içýärin, her näçe doýmaz-dolmaz hem bolsaň, men seni gandan doýuraryn.
Emma Kuros aýdylan sözleri hiç hili ünsem bermändir. Zenan patyşa Tumaryň ogly Spargapis kellesinden serhoşlyk aýrylandan soňra, özüniň heläkçilik ýagdaýyna uçrandygyny bilip galypdyr. Kurosdan özüniň halas edilmegini sorapdyr. Ýöne zenan patyşanyň ogluna diňe öz eli bilen özüni halas etmek galypdyr. Ol özüni heläkläpdir. Şeýdiben ol dünýäden ötüpdir.
Tumar beren maslahatyna Kurosyň gulak asmaýandygyny bilip, özüniň ähli goşune bilen parslaryň üstüne hüjüm edipdir. Men bu söweşi sähraýylaryň öz aralaryndaky uruşlaryň iň aýylganjy bolandyr diýip pikir edýärin. Onuň bolup geçişi barada takmynan şeýleräk zatlary bilip bildim. Habar berişlerine görä, başda iki tarap hem uzak aralykda biri-biriniň garşysynda durup, ýaýdan ok atyşypdyrlar. Peýkamlary gutarandan soňra, olar pyçakly hem naýzaly garpyşypdyrlar. Hiç tarap yza çekilmek islemändir. Ahyry massagetler üstün çykypdyr. Pars goşynlarynyň ählisi diýen ýaly söweş meýdanynda serilipdir. Kurosuň özi hem ölüpdir. Ol doly 29 ýyl şalyk sürüpdir.
Tumar şerap guýulýan tulumy gandan doldurypdyr hem-de ondan soňra wepat bolanlaryň arasyndan Kurosyň maslygyny gözläp başlapdyr. Haçan-da Kurosyň maslygyny tapanlarynda, onuň kellesini tuluma salmagy tabşyrypdyr. Soňra merhumy masgaralap ony näletläp şeýle diýipdir:
- Men diri galan hem bolsam, söweşde senden üstün çykan hem bolsam, sen mekirlik bilen meni oglumdan aýra salyp barybir köýdürdiň. Şonuň üçinem indi men gahar-gazap bilen seni gandan doýurýaryn. Kurosyň ölümi baradaky maňa balli bolan hekaýatlaryň arasynda bu örän ygtybarlysy bolsa gerek.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 22 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Täjimow, Araznepes Mämmetjumaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: