22:39
Perwin Buldan
PERWIN BULDAN

Diýjek zatlarymy ýazgymyñ soñuna saklap, köne ýazgylarymyñ birini ýatlatmak isleýärin:
2009-njy ýylyñ 7-nji iýuny.
"Hürriyet" gazetinde şu setirleri ýazypdym:
"Ady - Perwin Buldan...
"Gaçyrylyp öldürulen Sawaş Buldanyñ aýalydy. Olam Ýüksekowadan. Her bir doganyñ çagasy, ýagny çykandylar.
Sawaş 1961-nji ýylda, Perwin 1967-nji ýylda doglan. 33 ýaşly Sawaş öldürilende, Perwin 27 ýaşyndady.
Bir çagalary bardy: Neçirwan.
Sawaş Buldan öldürilende Perwin Buldan ikinji çagasy Zelala göwrelidi. Adamsynyñ ölüm habaryny alanda, özünden gitdi. Möhletinden öñ dogurdy. Dünýä başyna düñderildi. Bir ýyl geçensoñ "Cumartesi Anneleri" hereketine goşuldy, her şenbe güni dereksiz ýitenleriñ tapylmagy we kimiñ edendigi belli bolman galan agyr jenaýatlaryñ açylmagy üçin "Taksim" ploşadyndaky "Galatasaraý" liseýiniñ öñünde çykyş etdi.
"Eklençsiz galan maşgalalara ýardam etme we arkalaşma" (Mağdur Ailelerle Yardımlaşma ve Dayanışma Derneği) kružogynyñ gurulmagyna gatnaşdy. Polisiýa kružogy ýapandan soñ "Hossarlaryny ýitiren maşgalalara ýardam etme we arkalaşma" (Yakınlarını Kaybeden Ailelerle Yardımlaşma ve Dayanışma Derneği) kružoguny gurdy.
HADEP-de işledi, iki döwür partiýa mejlisiniñ agzasy boldy. 1999-njy ýylda halk deputatlygyna talaşgärligini görkezdi. Partiýanyñ talap edilýän görkezijä ýetip bilmändigi üçin mejlise girip bilmedi. HADEP ýapylansoñ, 2002-nji ýylda DEHAP-dan halk deputatlygyna talaşgärligini görkezdi, bu partiýa hem talap edilýän görkezijä ýetip bilmedi.
Perwin Buldan 2005-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürlendi...
2007-nji ýylda Igdirden garaşsyz halk deputatlygyna saýlandy. DTP-ä goşuldy. (Goşmaça maglumat bereýin: Bu partiýa ýapylansoñ, BDP-ä geçdi. Bu partiýa hem ýapylansoñ, HDP-ä geçdi. Ol häzirem HDP-niñ şärikdeş başlygy we halk deputaty bolup Ýokary Halk mejlisinde işleýär.)
Bu maglumatlary nämüçin berdim?


GAHARLANJAGYÑYZY BILÝÄRIN

[/i]"Şindi sizden bir towakgam bar:
Özüñiziñ ähli kimlikleriñizi, bilýänleriñizi, hasaplaryñyzy ýatdan çykaryñ... Diñe oýlanyñ. Gujagyñyzda bäş ýaşlyja ogluñyz we garnyñyzda dogmadyk bäbegiñiz bilen ýaşap ýörkäñiz, äriñiz gaçyrylyp öldürilýär.
Kim, näme sebäpli öldüripdir? On bäş ýyl bäri bu soragyñ jogaby ýok. (Özem ýigrimi ýedi ýyl geçdi, ganhorlar henizem ele salynmady!) Näme edersiñiz? Goýuñ şumat "ýöne..." bilen başlaýan jümlelere ýüzlenmegi, ýa-da "kimiñki dogry, kimiñki nädogry" jedelleri. Diñe oýlanyñ. Näme edersiñiz? On bäş ýaşly gyzyñyz Zelalyñ nijeme ýyllap soñy gelmeýän soraglaryna näme jogap berersiñiz? (…)
Biz dil tapyşma medeniýetini unutdyk. Içimizi, beýnimizi ýigrençdir kineden doldurdyk. Geliñ, bu ajy hakykatymyz bilen ýüzleşeliñ: hany nirede onuñ adamsynyñ - çagalarynyñ kakasynyñ gandarlary? Bulary soraýandygym üçin köpiñiziñ gahary geler, bilmän duramok.
Bulary ýazýandygym üçin nämelere uçrajagymam bilýän. Bu ýurtda hakykatçyl bolmagyñ howpludygyny biler ýaşa geldim. Emma ýazmasamam bolanok. Hakykaty ýazmak meniñ bu topraklara bolan jana-jan borjum.
Hemmeler aklyndan azaşan ýaly - hemmeler kimdir birini duşman belläpdir, urha-ur, çap-ha çap! Jemgyýet üçin şundan uly ýykgynçylyk bolup bilermi? Bu boluş - terrora ýeñilmekdir.
Diýdimzor güýje çydap bolar, diýdimzor akyla däl. Hakykat bilen ýüzleşmägr mejburdyrys. Özüni döwlet saýýan kimdir birileri Sawaş Buldany öldürdi. Sawaş Buldanyñ işi-käri, syýasy garaýşy we haýsy tutaryk bilen bolsa bolsun, tapawudy ýok, onuñ öldürilmegi bagyşlap bolmajak etmişdir. Döwlet bu ganhorlaryñ ýakasyndan ebşitläp tutmaga borçludyr.
Mun-a edip bileñzok... Gaýtam, Perwin Buldanyñ halk deputaty hökmünde eldegrilmesizlik hukugyny elinden aljak, sözlän sözleri üçin gözenegiñ añyrsyna dykjak bolýarsyñyz.
Şeýdeniñiz bilen mesele çözüldi hasapmy? Häzire çenli şeýdip geldiñiz, çözübildiñizmi?
Şunça ýyllap gahrymançylyk görkezip netije gazanyp bolmaýandygy görüldi.
Serediñ... Gahryman esgerlerimiziñ dagdaky terrorçylaryñ eminden geljegine hiç hili şek-şübhäm ýok. Bärde asyl howp - kürtleriñ içindäki doganlyk duýgusynyñn ýurdumyza bolan ynanjynyñ göýdükleşmegidir. Her näme bolanda-da, doganlyk bagymyza şikes ýetirmejek bolup jan etmelidiris..."[/i]

AÝGYTLY ETAP

On bir ýyl öñ "Hürriyet" gazetinde çykan ýazgym şudy...
Şu günki gün… Ankara şäheriniñ prokuraturasynyñ "Kobani" wakalary boýunça geçiren derñew işleriniñ çäklerinde arasynda HDP-niñ şärikdeş başlygy Perwin Buldanyñam bolan dokuz halk deputaty boýunça toplanan garalawjy iş toplumynyñ üstünde jedelleşilýär...
Kim terrorçylyga goldaw berse, onuñ kimdigine garamazdan kanun ýakasyna ýapyşjakdyr, munda hiç hili ýalñyşlyk ýok.
Bärde ýalñyşlyk - döwletiñ hut şuny üsti açylman galan jenaýatlarda hem etmeýänligidir, özüniñ hukuk döwletidigini unutmagydyr.
Aýdymçy Ahmet Kaýanyñ garşysyna düýnki edilenleriñ ýalñyşdygyny häzirki gün dillenmedik galmady. Biziñ ýurdumyzda syýasat hemişe "düýn - düýndir" diýen pragmatist garaýyşda ýöredilýär. Häkimiýet gatlaklarynyñ PKK-ni öwen sözlerini ýatlatmagymyñ hajaty barmy?
Sözümi jemlär bolsam:
Janagyryly terror meselämiz bar. Esgerlerimiz geçmişde bolşy ýaly şindem dessan ýazmaga dowam etjekdir, muña şek-şübhe bolup bilmez. A raýatlar-syýasatçylar näme etmeli? Ähli jogapkärçiligi harbylaryñ üstüne ýükläp, boş paşyrdamaga dowam etmelimi?
Gaýrat Perwin Buldan ýaly syýasatçylaryñ paýyna düşýär.
Gaýrat HDP-niñ paýyna düşýär, bolgusyz bahanalary taşlap, terror bilen arasyna çyzyk çekmelidir.
Türki, kürti bilen birlikde ýurdumyz agzybirlige, asudalyga, jebislige mätäçlik duýýar.
Aýgytly etabyñ içine girdik...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 10.03.2021 ý.
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 28 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: