19:24
VIII-X asyrlar edebiýaty
VIII-X ASYRLAR EDEBIÝATY

Türkmen edebiýaty uzak hem gaty çylşyrymly ýoly geçen edebiýat. Taryhda onuň gülläp ösen döwrem, dürli sebäplere görä bökdedilen wagtlaram bolupdyr. Emma ol dymmandyr. Zamana öz sesini goşup gelipdir. Gerek bolsa edebiýatymyz başga bir halkyň dilinde-de gürlemegi başarypdyr. Ol öz içki mümkinçiliklerinden başga şol diliň medeniýetini özleşdirmek arkaly hem baýlaşypdyr.
Türkmen edebiýatynyň taryhyna ser salanymyzda agzeki edebiýat bilen ýazuwly edebiýatyň hersiniň özbaşyna edebi kanunlar bilen ýaşandygyna şaýat bolýarys. Agzeki edebiýat halkymyzyň öz ene dilinde gürläpdir. Emma ýazuwly edebiýat taryhy pursatlarda zamanasynyň talaplaryna uýgunlaşmaly bolupdyr. Araplaryň Orta Aziýany basyp almaklary bilen arap dili ýörgünli bolýar. Ylmy işler şol wagtyň döwlet dili bolan arap dilinde alnyp barylýar. X asyra çenli çeper edebiýatyň hem dili birbada arap dili bolupdyr. Şu döwürde ýaşan alymlardyr şahyrlar arap dilinde hem öz eserlerini ýazypdyrlar. Şeýdip arap dilli türkmen ylmy hem edebiýaty döräpdir. Zehinli adamlaryň aglabasy Orta Aziýadan, häzirki Türkmenistanyň çäklerinden Bagdada göçüp barypdyrlar. Ol ýerde köpçülikleýin ýaşapdyrlar. Bagdatda türkmenleriň goşunda gulluk edendigi we olar üçin ýörite şäherçe gurlandygy hakynda maglumatlar bar. Türkmenler Bagdatda uly abraýdan peýdalanypdyrlar.
Asly türkmen bolan şahyrlaryň giden bir toplumy döräpdir. Hatda ata Watanda ýaşabam arap dilinde öz eserlerini döreden türkmen şahyrlary bolupdyr. Muňa mysal hökmünde Horezminiň, Farabynyň, Birunynyň ylmy işlerini, Kesäýi Merweziniň, Hysrow Sarahsynyň, Abu Sahyt Mäneliniň, Tahyr Merweziniň, Zamahşarynyň we Mahmyt Kaşgarynyň ýaly onlarça zehinleriň döredijiligini görkezmek bolar. Atlaryny hormat bilen tutýan bu alym – şahyrlarymyz biziň aslymyz, oguz-türkmen ogullarydyr, gerçekleridir. Türkmen topragynyň paýhas miweleridir.
Ahmet Ýasawynyň zamanasynda Mahmyt Kaşgary tarapyndan «Diwany lugat-it türk» - «Türki dilleriň diwany» sözlügi arap dilinde ýazylýar. Şeýlelikde arap dilli türkmen edebiýaty emele gelipdir. Şol edebiýaty öwrenmek türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň wezipesine girýär. Çünki onda türkmeniň dünýäsi beýan edilipdir. Ondaky şahyrana çeperçilik bolsa, biziň edebiýatymyzyň ýeten ajaýyp derejesidir.

■ YBRAHYM AS-SULY

IX asyrda ýaşap geçen görnükli türkmen şahyrlarynyň biri Ybrahym Assuludyr. Ybrahym as-Suly barada edebiýatçy alym Nazar Gullaýew „Gadymdan galan nusgalar“ atly kitabynda maglumatlar beripdir. Şahyryň durmuşy dogrusynda maglumat juda az. Ol dogrusynda Abulfereç Yspyhanynyň aýdymlar kitabynyň 9 tomunda azajyk maglumat saklanyp galypdyr. Maglumata görä Ybrahym As-Suly 792-nji ýylda Bagdatda doglupdyr we şol şäheriň meşhur medreselerinde öz zamanynyň döwrebap bilimini alypdyr. Ybraýym şahyryň ady bolup, As-Suly onuň tahallusydyr. Onuň asly suly türkmenlerindendir. Suly türkmenleri VIII asyryň başlarynda Gürgen, Dehistan töwereklerinde ýaşapdyr. “Sul” sözi arap çeşmelerinde “çöl” manysyny aňladypdyr. Sulylaryň Hytaý çeşmelerinde “şato” görnüşinde ýatlanmagy Gadymy Dehistan bilen Çyn-Maçynyň arabaglanyşygynyň bolandygynyndan habar berýär. Taryhy maglumatlar Dehistanyň ösen medeniýetiniň bolandygyndan habar berýär. Orta asyrlarda Dehistan ýurdunda suly türkmenleri ýaşapdyr. Olar ekerançylyk hem çarwaçylyk bilen meşgul bolupdyrlar. Yslamdan öňki dini otparazçylyk.
Suly türkmenlerine Suly han hanlyk, ýolbaşçylyk edipdir. Suly sözi çölli sözüniň manysyny berýär. Suly han öz döwrüniň batyr, gaýduwsyz, soňuny sanmaýan beg alplaryndan bolupdyr. Araplar Orta Aziýa ülkelerini basyp alanlarynda Suly Hanyň hem onuň dogany Firuzyň serdarlyk etmegindäki goşunyň ýiti garşylygyna duçar bolýarlar. Ol ençeme gezek araplara garşy söweşipdir. Araplar galany gabansoň, azyk gutarypdyr, suw hapalanypdyr, keselçilik döräp başlapdyr. Birnäçe sapar uzaga çeken gabawdan soň Suly han boýun egdirilýär we araplar Suly hana we onuň 300 töweregi kowum-garyndaşyna degmezlige şertleşipdirler. Emma on dört müň ýesir gyrlypdyr. Bu uly gyrgynçylyk üçin Suly han jogapkärdi. Suly han kowum-garyndaşy bilen Bagdada göçýär. Bagdatda doglup kemala gelen, zamanasynyň görnükli alymy, küşt boýunça dünýäniň resmileşdirilmedik ilkinji çempiony Abu Bekr ibn Muhammet as-Suly aş-Şadranjy we öz döwrüniň tanymal şahyry, edebiýatçy alymy, döwlet işgäri Ybrahym bin al-Apbas as-Suly ýaly türkmeniň şöhratlanan ogullary hem Suly hanyň neberelerindendir. As-Suly lakamly Abu Bekir atly zehinli, asly türkmen ganly Bagdatda doglan, önüp-ösen beýik şahsyýet bolupdyr. Onuň doly ady Abu Bekir as-Sulydyr. Ol zamanasynyň uly danyşment alymydyr. Şeýle hem Abu Bekir as-Suly dünýäniň ykrar edilmedik ilkinji küşt çempionydyr.
Abulfereç Yspyhany öz kitabynda as-Suly baradaky biografik maglumatlar bilen birlikde, şahyryň arap dilinde ýazylan goşgularyndan ýerleşdiripdir. Akademik I.Ý. Kraçowskiý „Saýlanan eserleriniň“ VI tomunda Ibn al-Mugtazyň «Kitab al-badi» eseri baradaky işiniň kä ýerlerinde Ybrahym as-Sulynyň şygyrlaryndan bölekler beripdir. Onda şahyryň 16 setir şygry berilýär:
Sen onsuz oňýarkaň, ol sensiz oňar,
Ýöne ahyr bir gün üstüňe eňer.

Söýgiň nämedigin bilmezden ozal,
Söýgini, söýmäni öwretdiň özüň.
Maňa adalatsyz bolmagňy bolsa,
Geçirimlilik edip, öwretdim özüm.
Bilsem-de özüme garaýşyňy men,
Ynan, tüýs ýürekden söýmegim seni.
Pähim-paýhasymyň gidip tersine,
Bilmedik bolmaga iterýär meni.

Bu şygyrlar şahyryň eserleriniň terjimesidir. Şahyryň şygyr gahrymany yşk, söýgi barasynda söhbet açypdyr. Ol zenan gözelliginiň waspyny edýär. Ol magşugynyň adalatsyz bolmazlygyny – yşkyna hormat gomagyny isleýär. Şahyryň gahrymany yşkyň öňünde çäresizdigini ýaňzydýar. Abu Bekir as-Sulynyň döredijiliginde ynsan gatnaşyklary hakynda hem pikir ýöredilipdir:

Nähilidir biz oňa, ol bizden daşlaşanda?!
Neneň bolduk biz oňa, ýene golaýlaşanda?!

Şahyryň döredijiliginde dostluk hakynda hem goşgular bar. Onuň şygryndan çen tutup dostdan ynjapdyr diýip pikir etmek mümkin. Dosta biwepalyk etmek türkmen halkynda has hem ýaramaz görülýän häsiýet. Şahyr döredijiliginde dostluga ikilik etmegi berk ýazgarýar:

Gardaş men il arasynda görmedim dostlaryň gowsun,
Dostlaşmak hem aýrylmakda tiz bähimlerden ileri.
Ir bilen-ä meň dostumdyň, durduň maňa atyp owsun,
Agşam niçik-barmy wepa öň edilen ähde beri?!
Umuman, şahyryň şygyrlaryny okanyňda, onuň goşgy setirleriniň çeperçilik gymmatyny, söz sungatyndaky ussatlygyny görmek bolýar. Türkmen şahyry bolan as-Suly 857-nji ýylda dogduk mekany Bagdatda aradan çykypdyr.

■ HYSROW SARAHSY

Gadymy türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň ýene biri Abu Bekir Muhammet ibn Aly al-Hysrowy as Sarahsydyr. Onuň as-Sarahsy nisbesinden görnüşi ýaly, bu şahyr Saragtda ýaşap geçipdir. Hysrowy Sarahsy X asyryň I ýarymynda dünýä inipdir. Ol takmynan, 1002-1012-nji ýyllar aralygynda aradan çykypdyr. Hysrow Sarahsy ykbalyny köşk bilen baglan şahyrdyr. Nazar Gullaýewiň „Gadymdan galan nusgalar“ kitabynda onuň Zyýarylar döwletiniň görnükli häkimi Şemsalmaly Kabus ibni Weşmgiriň köşk şahyrlaryndan bolandygy aýdylýar. Weşmgir Biruny, Ibn Sina ýaly akyldarlara-da howandarlyk edipdir. Şahyryň şahsy durmuşy barada çeşmelerde saklanyp galan maglumatlar juda azdyr.
Hysrowy Sarahsynyň döredijiliginden biziň günlerimize 208 setir goşgusy gelip ýetipdir. Diňe şol setirlerde-de şahyryň ussat şahyr bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Bu şahyr barada XII-XIII asyrda ýaşap geçen Muhammet Aufy Merwezi „Lubabul elbab“ («Gowularyň gowusy») atly tezkiresinde maglumat berilýär. Şol maglumata görä, Hysrowynyň arap, pars dilinde ýazan şygyrlarynyň agramly bölegini öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary tutýar. Şahyryň şygyrlary tema taýdan hem dürli-dürlüdir. Onda durmuşy şygyrlar, yşky eserler hem-de kasydaçylyk däbiniň nusgalaryna duş gelmek bolýar. Şeýle-de şahyryň şygyrlarynda tebigatyň waspynyň ýetirilýändigi bellärliklidir. Ol adamlaryň özara gatnaşygy, köşge gatnaşygy dogrusynda-da pikirlerini aýdyp geçipdir.

Yşky temasy: Söýgi lirikasy Gündogar edebiýatda gaty giňden ýaýrapdyr we çuňdan işlenipdir. Edebiýatyň taryhyna nazar aýlanyňda bu temanyň taryhynyň asyrlaryň jümmüşine ornap gidýändigini görýäris. Hysrowy Sarahsy hem bu yşky temada ajaýyp şygyrlary döredipdir. Onuň söýgi lirikasynda gyz gözelligi, magşugyň synalary dürli çeperçilik serişdeleriniň, meňzetmeleriň üsti bilen juda aýlawly berilýär:

Geň ýiti neşterli ol iki içýan,
Ne üçin jübüt etdikä özlerine güli.

Şu ýiti neşterli ol iki içýan bir bakanda içiňden parran geçýän, kalbyňda öçmejek yz galdyrýan gözel zenanyň gözleridir. Onuň özlerine jübüt edilen gülleri bolsa magşuk gyzyň al ýaňaklary. Başga bir beýtde şahyr ýaryň inçe bilini örän inçelik, nepislik, näziklik bilen teswirleýär:

Eý, inçe bil, ýüpek endamly, perim,
Gorkýan, synar diýip egleňde biliň!
Ýa-da:
Sen – kümüş but, men – nepisje zer sapak,
Sen – nurly Aý, men – öçügsi çyrajyk.

Ýokarky setirlerde zenan biliniň inçeligi, hut şonuň üsti bilen hem onuň owadanlygy wasplanýar. Şahyr zenan mertebesini juda ýokarda goýýar. Ol özüni şol gözeliň ýanynda juda pespäl alyp barýar. Mysal alan beýdimiziň ikinjisinde bu örän ussatlyk bilen çeper beýana salynypdyr.
Hysrowy Sarahsynyň edebi mirasyny öwrenmek edebiýatda ýüze çykan edebi däpleriň taryhda ýüze çykyşyna aralaşmaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin XVIII-XIX asyrda edebiýat zenan gözelligini wasp etmegiň iň kämil nusgawy derejesine galypdy. Muňa mysal hökmünde Magtymgulynyň yşky şygyrlaryny, Andalybyň dessanlaryndaky ýar wasplanmalaryny, Mollanepesiň yşky şygryýetini, Seýdiniň, Keminäniň, Zeliliniň söýgi temasynda döreden goşgularyny mysal almak bolar. Olaryň ählisine mahsus bir häsiýet bar, ýagny, nusgawy edebiýatda zenan mertebesi ähli zatdan ýokarda goýlupdyr. Şonuň üçin magşuk asyl ol söýginiň özüdir, ondan ýokarda, belentde hiç zat ýokdur. Magşuk älemi ýagtylandyryp duran nur. Älemi çoýýan şöhle. Älemi ýyladýan, gyzdyrýan mähir-muhabbet. Magşuk şeýle bir belentde weli, asyl diýip aýdar ýaly däl. Şalar, hatda, erenler, perişdeler, çaryýarlaram oňa tagzym edýär. Mollanepesiň şygyrlarynda musulman dünýäsiniň serweri, ýeke-tägi, ýalňyzy Möwlam gözel Alla hem şol owadan gyzyň öňünde dyza çökýär, eýsem şeýle derejede zenan gözelligini wasp etmek däbi haýsy zamanlardan, döwürlerden, eýýamlardan öz gözbaşyny aldyka? Şu meselede käbir zatlary anyklamakda Hyrsowy Sarahsynyň döredijiligi belli bir ähmiýete eýedir. X asyrda ýaşan Hysrow Sarahsynyň şygyrlarynda hem magşugyň belent mertebä çykarylyşyna we aşygyň onuň öňünde çäresiz pes edilip görkezilýändigine şaýat bolýarys. Hut şunuň özi edebiýatda ýaşaýan, dowam edýän, bar bolan onlarça edebi däpleriň döreýiş taryhyndan söhbet açmaga mümkinçilik berýär.
Hysrow Sarahsy öňde hem belleýşimiz ýaly, ömrüni köşk bilen baglanyşdyran şahyr. Onuň köşk hakynda belent idealy bar. Şol sebäpli ol köşke – hökümdara garşy gidýän adamlara düşünip bilmeýär:
Näme üçin bu pähimli, akylly dana kişiler,
Özün jebir-jepa salyp, çep bolýarka döwlet bilen?!
Ekse-de ol bägül, zeýtun, bagtygara bolsa eger,
Şol bägül hem zeýtunynda biter bir garamyk tiken.

Şahyr şygyrlarynda agzalalyk etmezligi, bilip-durup ömrüňi zaýa bermezligi ündeýär. Ol patyşa hem döwlete garşy gidýänleri tikene meňzedipdir.
Hysrow Sarahsy hakykatdanam ussat şahyr bolupdyr. Ol söze erk etmegi başaran ussatdyr. Onuň döredijiliginde sözi çeper işletmegiň kämil nusgalaryna, dürli çeperçilik öwrümlere, tärlere näçe diýseň duşup bolýar. Bu hem onuň şahyrana ussatlygyndan habar berýär.
Hysrow Sarahsynyň döredijiliginde tebigat gözelligini wasp etmeklige hem orun berlipdir. Şahyr pasyllaryň gözelligini täsin öwrümleriň üsti bilen bermegi, çeper beýan etmegi başarypdyr. Munuň şeýledigine onuň aşakdaky rubagysy kepil geçýär:
Ýer öldi, jan berjek oňa – bulut – Mäsihiň ( Isanyň) elidir,
Jahan nähoş oň dermanam säheriň sergin ýelidir.
Bilbil injil okap başlap, bulutlarMäsih bolaly,
Dagy gurşan zünnar-guşak baharyň elwan gülüdir.
Şahyr bu şygrynda täsin bir çeperçiligi ulanypdyr. Ýeriň ölmegi – gyşda onuň ak gara bürenmegidir, ýagny onuň mysaly ak kepene çolanan merhum mysalynda göz öňüne getirmegidir. Bahar gelip säheriň sergin ýeli bulutlary getirýär, ýagyş ýagýar, ýer direlýär. Bu mysaly Mäsihiň-Isa pygamberiň Injil okap ölüni direldişi ýalydyr. Şahyryň şeýle çeperçilik öwrümleri edip bilemegi onuň juda köp okandygyndan, sowatly bolandygyndan habar berýär.

■ KESÄÝI MERWEZI

Arzyly Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň okyjylar arap-pars dilli türkmen edebiýaty bilen içgin tanşyp ugrady. Uzak geçmişde şygyr sungaty bilen ykbalyny baglan her bir adam ene dilinden başga arap, pars dillerini suwara bilipdir. Olar üç dilde gürlemegi, ýazmagy hem döretmegi başarypdyrlar. Munuň özi türkmen halkynyň ata-baba dil öwrenmek ussatlygyny aňladýar. Biziň şu günlermizde-de her bir ýaş raýat üç dili öwrenmegi maksat edinýär.
Gadymy döwürde asly türkmen bolup, pars dilinde şygyr ýazan şahyrlar köp bolupdyr. As-Suly, Hysrow Sarahsy, Kesäýi Merwezi, Abu Sagyt Mäneli, Ahmet Saragsyýaly gaty köp şahyrlar arap, pars dillerinde şygyr döredipdirler. Bu hakynda S. Durdyýewiň, N. Gullaýewiň hem S. Garryýewiň işlerinde giňişleýin maglumat berilýär. Uzak geçmişde ýaşan türkmen şahyrlarynyň bir böleginiň döredijiligi, esasan, pars dilindedir. Şu şahyrlaryň şygyrlaryny türkmen diline çeper terjime etmek Garaşsyz zamanamyzyň edebiýat ylmynyň möhüm wezipeleriniň biridir.
Gadymy türkmen edebiýatynyň pars dilli ajaýyp şahyrlarynyň biri Abulhasan Mejdeddin Ishak Kesäýi Merwezidir. Ishak – şahyryň öz ady Mejdeddin hormatly ady, Hasan – oglunyň ady, Kesäýi – edebi tahallasy. Merwezi hem nirelidigini görkezýän nisbesidir. «Kesäýi» sözi kes, kiçi, şahsyýet, adam diýen manyny berýär. Kesäýi 953-nji ýylyň 18-nji martynda Maryda eneden bolýar. Takmynan 1949-njy ýylda hem aradan çykypdyr. Ol 100 ýyl töweregi ýaşapdyr. Şahyr dogrusynda käbir maglumatlar Muhammet Aufynyň, görnükli täjik alymy A. Mirzaýewiň, Ýn Ripkanyň we eýran alymy Seýit Nefisiniň Rudaky bilen baglanşykly işlerinde berilipdir. Şeýle-de «Rudakynyň zamandaşlarynyň şygyrlary» atly kitapda şahyr Kesäýiniň şygryna duş gelinýär.
Kesäýi öz döwrüniň meşhur şahyrlarynyň biri bolupdyr. Onuň döredijiliginde gözellik, tebigat, ynsan, durmuş, dünýä, pähim hem paýhas hakynda pikir ýöredilýär. Biziň günlerimize Kesäýiniň jemi 540 setir töweregi şygry gelip ýetipdir. Şol döwürde, ýagny, X asyrda biziň günlerimize şeýle köp şygyrlaryň gelip ýetmeginiň özi hem-de Kesäýiniň şygyrlarynda ýöredilýän pikir, ulanylýan çeperçilik serişdeler, ýiti şahyrana synçylyk Kesäýiniň hakykatdan hem uly söz ussady bolandygyna kepil geçýär. Kesäýi Merwezi pars dilinde şygyr döredipdir. Gelejekde şahyrdan galan edebi mirasy türkmen diline çeper terjime etmek zerur. Şahyr köşk bilen hem ýakyn aragatnaşykda bolupdyr. Ol esasan, Samanylar döwründe, Gaznawylar döwründe, şeýle-de seljuk türkmenleriniň şalyk süren döwründe ýaşapdyr. Käbir edebiýatçy alymlar Kesäýi Merweziniň köşk bilen arabaglanşygyna şübhelenýärler.
Şahyryň ýaşlyk ýyllarynda, ýagny, ol 24-25 ýaşaýança Samanylar häkimlik edipdir. Soň Samanylar synyp, Gaznawylaryň hökümdarlygy döräpdir. Ondan soň Gaznawy hökümdarlygy synyp, Seljuk nesilşalygy döwleti häkimiýet başyna gelipdir. Seljuklaryň häkimýet başyna geçen döwründe Kesäýi 84 ýaşapdyr. Emma Seljuk hökümdarlary Kesäýini garrandygy sebäpli köşge almadyk bolmaklary mümkin. Onsoňam Seljuk türkmenleriniň yslamyň sünni toparyna degişli. Kesäýi bolsa sünnülikden şaýy mezhebine geçipdir diýen maglumatlar bar.
Kesäýi Merwezi estetiki duýgusy biçak ösen adam bolupdyr. Ol her bir ajap, gözel, zada uly söýgi hem mähir bilen garapdyr. Muny onuň bölek şygyrlaryna degişli dil hakdaky bir bendinden-de aýdyň duýmak bolýar.
Gül ajaýyp sowgatdyr adamlara jennetden,
Öňkiden keremli bor öýe gül getiren adam,
Eý gül satan, nämüçin pula çalyşýaň güli,
Heý bolarmy dünýede gülden ileri zadam?!
ýa-da:
Bulgyrjyga guýaňda arassa meýiň reňki,
Misli merjene damýan narynç reňkli akyk.
Durulygyndan ýaňa goýanyňda aýaňda,
Seljertmez aýaňmy ýa bulgurmy, meými açyk.
diýen setirleri şahyryň örän inçeden yzarlaýan synçylygy, suratkeşligi, ezberligi görünýär. Şu ýerde söýgi hem meý hakynda gürrüň gidýär. Belli täjik-pars edebiýatynyň wekili öz zamanynda üç sany şatlyk çeşmesi bar diýip ýazypdyr. Olar: yşk, saz hem şerap ýa-da meý. Kesäýiniň ýokarky setirlerinde şu pikire gulluk edýän gahrymany görýäris. Ýokarda mysal alan setirimizde gül simwoliki manydadyr.
Kesäýiniň söýgi temasynda ýazan şygyrlary diýseň nepis. Ol özüniň yşky şygyrlarynda näzik duýgularyny has çeper, has täsirli bermek üçin täze-täze meňzetmeler, deňeşdirmeler agtarypdyr. Onuň şol gözlegleri şowuna bolupdyr:

Seň jemalyň görkezip, Aý aýna bolanmyşyn,
Seň gözellik şasy sen, aşyklaň giden goşun.

Sen nirä nazar salsaň, daşyň nerkes dek aşyk,
Sen nirä gadam goýsaň, Aý şonda doganmyşyn.

Gara saçyň, ak ýüzüň – gözelligňiň hatydyr,
Çünki ak bilen gara düzýär bar hatlaň nagşyn.

Lebleň – rahatlyk bolsa, nerkes gözleriň – apat,
Ýüzüňdir zülpüň bolsa, günä hem tabamyşyn.

Şahyryň şygyr sungatynda ýeten çeperçilik ussatlygy juda ýokardadygyna göz ýetirýäris. Onuň döredijiliginde mazmun bilen çeperçilik örän sazlaşykly gelýär we şygra gaýtalanmajak öwüşgün berýär.
Akademik Abdylgany Mirzoýew Kesäýi Merwezini «Filosofik kasydanyň düýbüni tutujy» hasaplaýar. Onuň edebi mirasynyň bize gelip ýeten böleginde onuň öz ýaşan ýeri, şol döwrüň ylmy hem jemgyýetçilik pikirleri bilen baglylykda dörän çuňňur filosofik oýlanmalary az däl. Şahyryň:
Jandyr akyl ýa gaýyp gök ýüzünde ýüzýändir,
Ýa ikisem tozanly bu şorda gizlenýändir –
-diýen setirlerinde dünýä, ýaşaýşa, olaryň gizlin syrlaryna akyl ýetirmäge eden ymtylyşlaryny görmek bolýar. Umuman, bu beýik şahyryň, halypanyň köplere nusga bolan, häzirki döwürde-de ähmiýetini ýitirmejek edebi mirasy biziň üçin uly baýlykdyr. Ony öwrenmek bolsa mukaddes borçdyr.
Rudaky öz wagtynda juda meşhur şahyr bolupdyr. Ol köşk şahyry bolmak bilen ilkibada şan-şöhrata eýe bolupdyr. Sebäbi hakykatdanam hakdan içen diýilýän zehinlerden bolupdyr. Belki, şonuň üçindir Kesäýi Rudaky ýaly meşhur bolamagy arzuw edipdir:

Edil jümle jahanyň Samarkant ussadyna,
Guwanşy dek ne ajap, Merw guwansa Kesäýa!

Bu ýerde „Samarkant ussady“ diýen jümle Rudakynyň epiteti bolup gelýär. Rudaky ömrüniň ahyrynda hor-homsy ýaşap geçiripdir. Şeýle ykbal Kesäýiden hem sowa geçmändir. Çünki Kesäýi ömrüniň ahyrynda garyplykda ýaşapdyr diýen maglumat bar. Seljuk soltanlary şaýy mezhebine geçen hem öz wagtynda samanylary hem gaznawylary wasp eden şahyry nepaga kömegini etmändir diýlip aýdylýar.
Kesäýi Merwezi zamanasynyň uly şahyry bolupdyr. Onuň şahyrlyk mertebesi zamanasynyň Rudaky hem Ferdöwsi ýaly ussatlary bilen bir hatarda görlüpdir.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Akmyrat Täjimow, Araznepes Mämmetjumaýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: