18:00
Ynjynma
YNJYNMA

Paýhasym raýyşa çykyp,
Akyp barýan pikirlemde eglendi.
Duýgularym için döküp,
Gözýaş bilen zikirlemde gizlendi.

Her eziziň gursagyňda,
Bir şemjagaz bolup ýanýar ömürlik.
Eger sönse şolaň biri,
Tümlik oý dek bolup galýa ömürlik.

Dertli bolsaň hiç-le weli,
Agyr, derdiň aýdyp bilmeseň kimsä.
Ynjaberýär çep gursagyň,
Utanyp ýörensiň meňzäp bir kemlä.

Alnyňa däl, ýüregiňe,
Tagma edip ýazylandyr oýulyp.
Bir sönensoň ynam şemi,
Merhemete bolmaz eken çoýunyp.

Jümjüme.
Категория: Goşgular | Просмотров: 31 | Добавил: Jumjume | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 2
0
2 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Ynjynma diýip söz barmyka?! Megerem, ynjama diýjek bolansyň

0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Gowy synanyşyk bolupdyr, goşgyň täze formasy. Başdaky bendiňde 1-3 setirlerde kapyýa ulanşyň ýaly, beýleki bentlerde-de ulanan bolsaň hasam gowy eşidilerdi.
Höwri köp bolsun, Meňli hanym beer grog lips notworthy

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: