17:22
Ipohondriýa sindromy
IPOHONDRIÝA SINDROMY

Eýýäm iki ýyldyr näbelli bir keselden ejir çekýärdim. Iki ýyl bäri duýdansyz geljek ölüm gorkusy bilen ýaşaýardym. Ähli ünsüm öz içki organlaryma jemlenendi, aýratynam ýürek meni biynjalyk edýärdi.
Geçmişimdäki elhenç wakalar meni gynaýardy. Ýürek agyry, her-hili gara basmalar ýaly dertler meni heläk edýärdi. Her gezek asman gamaşanda, derdim hasam ojükýärdi, ýüregme howsala salýardy.
Aýratynam gar ýagyberse özümi agyr näsaglan ýaly duýýardym. Gary halamaýardym. Dert bilen goreşmekden (bi)za®ý boldum. Hassahana gitsemmikäm ýa özümi assammykam diýip pikir etdim. Soňra ýene biraz pikirlendim-de, lukmana görünmeli diýen netijä geldim.
Göni kardiologyň ýanyna bardym-da, kesel alamatlaryny sanap başladym. Soňra ýüregiň EKG we EHO barlaglaryndan geçdim. Bolsa-da ähli barlaglar gowy çykdy. Ýürekde problema bolmasa, ýürekdäki agyry nireden, nädip bolýarka diýip lukmandan soradym. Lukman psihiýatra görünmelidigini aýtdy. Soňra psihiatra bardym. Gapyny kakdym-da, “Girmek mümkinmi?” diýip soradym. Lukman ýüzüme seretdi-de, jogap ýerine başyny atdy.
Lukman goja adam eken, aýaklary kelte, gelşiksiz geýnüwli, giň balakly, balagynyň etekleri eplem-eplem bolup köwşüniň köp bölegini ýapyp duran eken. Daşy giň aýlawly äpet äýnekleriniň astynda oýnaklap duran gözleri bilen meni boýdan başa synlady. Näme bolýandygny sorady. Ýürek dogtara aýdanlarymy ýene sanap çykdym. Lukman meni ünsli diňläninden soň, maňa "ipohondriýa sindromy" diagnozyny goýdy. Ol nähili kesel diýdim. Ruhy keseldigini, has dogrusy keselden we ölümden gorkma keseli diýdi.
Soňra ol, doglanymdan tä şu güne çenli durmuşymda nähili ahwalatlaryň bolandygyny sorady. Ýadymyň känbir ugrunyň ýokdugyny aýdyp, bolşuna görä durmuşymda bolup geçen ýürek bulanjy, zaýa wakalary sanap çykdym. Gelnimden aýrylşandygymy aýtdym. Ýöne gelnimiň ýüzüni unudyp bilmeýändigimi, hatda ony hakydamdan çykarmak üçin ony hyyalymda masgaralabam çykandygymy aýtdym. Çagaň barmy diýdi. Hawa diýdim. Çaga özüňdenmi diýdi. Ýene hawa diýdim. Soňra ol biraz dymdy-da, keseliň emele gelmegi ruhy trawmadan diýdi. Gelnimiň meni terk etmesi şeýle kesele ýolukmagyma itergi berendigini aýtdy. Bejergi almaly diýdi. Birnäçe däri-derman ýazdy-da, şulary alanyňdan soň ýene özüne gatnamalydygyny, ruhumy bejermelidigini, bu zatlaryň barynyň pula durýandygyny aýtdy. Puluň gürrüňi ýok diýdim. Lukman ýylgyryp, özüniň Amerikada okandygyny, baý tejribesiniň bardygyny aýtdy-da, nas atdy.
Lukman hapysa adam eken. Şonda-da onuň men barada aýdýan sözleri maňa gyzyklydy. Soňra ol özi barada gürrüň berip başlady. Garry sömelip duran gemmik dişleriň astyndan agzy nasly, bulaşyk gürleýärdi. Näme diýýänini oňly aňşyrmanymsoň, näme gepleýänine düşünmedim hem agzyndan ýakymsyz ys gelýärdi. Ol maňa joşuplar özi barada gürrüň berýärdi. Mende bolsa başga duýgy döredi, indi gojanyň lakgyldysyny diňlemek maňa juda ejirlidi. Onuň şahsy durmuş wakalary maňa gyzykly däldi, meni öz derdim ynjalyksyzlandyrýardy. Gojaň sözüni jemlemesine howlugýardym, ol bolsa entek goýarly däldi. Ol birdenem gürrüň bermesini bes etdi-de, öňündäki depderçeden bir sahypasyny ýyrtdy-da, ony togalap kulok ýasap ugrady, kulaga nasyny tüýkürer öýtdüm, çaklama ýüregmi bulady. Gojadan indi sypalga gözläp ugradym, ahyram gyssagly işim çykandygyny, gitmelidigimi aýtdym. Goja meni goýberesi gelmedi. Ýöne men ýerimden turup gitmäge tutdurdym weli, ahyr ol razylaşdy-da, elime derman ýazan kagyzyny tutdurdy. Leçenýany dynaňsoň gel diýdi, gürrüňdeşligiň töleginiň 20 manatdygyny aýtdy. Gapydan çykan badyma, gojaň ýazyp beren kagyzyny zibil gutusyna zyňdym.
Hassahana zalyna ýygnanan aňkowlaryň bary maňa seredýärdiler. Labarotoriýa gapysyna toplanan zenanlaryň ellerinde tezekli çüýşe gaplary bar eken, daşyndan garasaň olar kerwen tutan hatar-hatar düýelere meňzeýärdi. Hassahanadan zordan diýen ýaly çykdym.
Daşarda gar ýagyp duran eken. Garyň ýagmagy keýpimi gaçyrdy. Göýä, gar däl-de, otly çagba ýagýan ýalydy.

Sergezdan.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 125 | Добавил: Sergezzan | Теги: Aman Abdulsamadow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 17
0
17 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Tapalla Arzish? Doganyn depeynin durmushundan zay bolduk

0
16 Arzyman   [Mowzuga geç]
Mundan saplanmak üçin lukman däl-de, ruhy dünýäsi has giň adamlar bilen söhbetdeş bolsaňam, em tapyp bolýan eken.

0
15 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Arzyman, men hic, sen nahili?

0
14 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Biz tarapda Garabay diyip, akyly köp bolanlara aýdylyar. Yagny "gara" bu kelle, yzyndaky "bay" goşulmasy bolsa zehini bay diymek bolyar. Baglanşyksyrak bolsa-da, bunyn şeyle manysy bar

0
13 Arzyman   [Mowzuga geç]
Bu diagnoz goýlan bolsa, özüňi özüň bejeräýmeseň, psihiatrlarymyzdan kän bir derek ýokdur. Seň janyň özüňden başga hiç kime-de gerek däl.

0
12 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýalñyş dûşünipsiñiz ol Nurgeldiýewa M diýildigidi.Ýeri bolýa,siziñ düşünişiñizçede bolup bilerdi.Ýöne biriniñ adyny kimdigini bilmeýän adam oña hiç haçanam garabaý diýmez.Jigi diýiñ dogan diýiñ ýa-da göni "nik namemi" tutuñ.Ýagny nurgeldiyewam 232 diýip ýüzleniñ.
Onsoñam otaýda nähilidir bir ýûzlenme sözi de gerek däldi.Siziñ eseriñizi tankytlap maslahat beren ýalñyz mendim.Sag bol maslahatyñ üçin diýip aýdanyñyzda da düşnükli bordy.Galyberse-de jynsyny bilmänim ûçin diýdiñiz siz jynsyny bilmedik adamlaryñyza ite ýûzlenen ýaly ýûzlänýäñizmi.

0
11 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Kop okamagy maslahat beripsiniz, a menin unutganlyk keselim bar, okamak mana göra dal, okanlarymdan netijelenip bilmeyarin. Sana dost diyip yuzlenmekden gayry name diyip bilerdim?! Bilmedim. Öte gecmelerim bar bolsa bagyşlarsyn

0
10 Sergezzan   [Mowzuga geç]
nurgeldiyewam232,
ilkinjiden: adyň Mahymdygny bilmeyardim.
Ikinjiden: adyn Nurgeldiyewa dal-de nurgeldiyewam. Nik adaynyzdaki sonky m goshulma birni soygulap aydylyan "gowjam, yekam, gereklijam" Bu bolsa sizin adynyz dal, başga adydygny habar beryar.

0
9 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sergezdan,siz heý ömrüñizde Mahym diýip erkek ady eşitdiñizmi ýa-da nurgeldiýewA diýip erkek familiýasy eşitdiñizmi?Garabaýyñ gowy manysy bar diýdiñiz.Aýdyñ diñläliñ.Onsoñam bu meselä aýal-gyzlyk däl-de ynsanlyk çarçuwasyndan seretmeli.Hiç bir ynsanyñ hiç bir ynsana ite ýüzlenişi ýaly ýüzlenmäge haky ýokdur.Onsoñam,men size köp bilýändigimi subut edip gazanjak zadym nämäkä?Men diñe entek köp okamalydygyñyzy ýañzytdym.Düşünýän awtora tankyt diýilýän zat ullakan goldawdyr.Wiý dost diýdiñizmi?Ilki gyzlara ýüzlenmäni öwreniñ.Meniñ siz ýaly pes düşünjeli adam bilen dostluk gatnaşygym asla bolup bilmez.

0
8 Sergezzan   [Mowzuga geç]
nurgeldiyewam232, mana bellik etmek bilen, özunizin köp zatlardan habarnyzyn bardygny duydurjak boldunuzmy, bilmedim garaz eden belliklerniz dogry. Tuweleme haydap okayan bolmaly. Yone men beyle zatlardan yonekey bilim hem yok. Bu bir yone kelleden gecen pikir. Hickimin yoluna menzemeyan samsyklama. Uytgeshme bolsun diydim

0
7 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Nemeda bi Haweren gardash, bi Mahym diyanin haysy jynsa degişlidigni anyk bilmämsoň "Garabay" diyaydim. Oglan diye cakladym. Aslynda Garabay adyn gowy manysy bar. Bu zatlar hicle, yöne Mahym dos "Garabay" sozumden kemsitme duyan bolsa, ol mana yalnysh dushunipdir

0
6 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Jogaba jogap nadip yazmala bu yerde? Mende bolanok

0
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Admin hokmunde agzalaryñ, okyjylaryñ gurruñine goşulmagy, ýa-da okyjy hokmunde teswire teswir yazmagy (her kim başganyñ pikiri bilen bolman ya başgany gaytalaman okan zadyna bellik etse hemmeler u.n gowy bolardy) uslyp bilmesemem, şu yerde bir zada unsuñizi çekesim geldi: @Sergezdan, eger @Mahym agzany yakyndan tanayan bolsañyz (belkam ol garayagyzja gyz bolany u.n) onda oña "Garabay" diymegiñ hiç hili zelelem yok, a ony tanaman şeyle diyyan bolsañyz, oña beylekilere yañsylayjy, belki-de, kemsidiji (meselem, itiñ adyna yanayandyr öýdüp) eşdilmegi we onuñ gownune degmegiñiz ahmal. Sosial setler, edebi saytlar hem belli bir derejede jemgyýetçilik yeri, eger siz oňa tanamazdan şeyle diyyan bolsañyz, onda il-halkyñ islendik ayal-gyzyna şular yaly gownedegijilikli soz aytmaga ukyplydygyñyzy gorkezyar, belkam, men yalñyşyandyryn, yalñyşyan bolsam begenerin, munuñ tersini duşundirseñiz minnetdar bolardym. A beyle bolmasa kitapcy.com saytynyñ adminstrasiyasynyñ eyeryän esasy konsepsiyalarynyñ biriniñ feminizmdigini unutmañ we biz islendik pursatda kimdigine garamazdan ayal-gyzlarymyzyñ hak-hukuklarynyñ, ar-namysynyñ, mertebesiniñ goragynda çykyş edyandigimizi bilip goyuñ. Men sizi akyl-payhasly oglan hasaplayardym we @Arzyman agzanyñ aydan oglany bolsañyz-a, sizden sayta okyjylary hayran galdyryp biljek has duypli we uytgeşik yazgylara garaşyardym. Umydymy tala dañdyrdyñyz. Mahym siziñ şahsyñyza gonukdirilem yeke soz aytmady ahyryn, ol diñe yazgyñyz barada aytdy.
Dogry duşunensiñiz diyp umyt edyarin. (Şeyle-de, awtorlar kategoriyasyna goşulmankañyz, yazgy paylaşmak u.n bildirilen talaplary doly berjay etmandigiñiz u.n gaytadan okyjylar kategoriyasyna duşurildiñiz, aýyplaşmañ.)
Sag boluñ.

0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Garabaý?!

0
3 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Sagjabol Garabay, akylly maslahatyn ucin

0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Indi bu sergezdan awtor bu eserinde bize nämeler añlatjak bolduka?Hekaýada däl birhili gürrûñ,makala ýaly bolupdyr.Iñ bolmanda soñuny bir zada baglamaly eken-dä.Ýalñyşlyklar barada:
Dogtor-lukman
Leçenýa-bejergi
kulok- hudaý bilsin näme(eger šu sözi tûrkmençede garşylygy ýok bolsa,ašagynda ýa-da ýaýyñ içinde manysyny dûşündirmeli eken-dä.Kagyzdan ýasalan guýgujy göz öñünde tutdumyka?Aý,garaz awtor,entäk proza eserlerini köpräk okañ.Galama haçan ýapyşañda-da giç bolmaz.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Awtory?

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: