14:07
Guzujyk
GUZUJYK

Aý, guzujyk, guzujyk,
Näme zaryn mäleýäñ?!
Agyldaky dostlaryňy
Öz erkine goýmaýañ.

Enem saña: «Iý» diýip,
Ýaşyl terje ot berdi.
«Belki suwsandyr» diýip,
Öñüñde suwam goýdy.

Aý, guzujyk, guzujyk,
Hany, bäriñe seret!
Derrew tapyp bereýin,
Aýt, saña näme gerek?!

Enemden soradym-da,
Bilip geldim baryny.
Ahyrsoñy eşitdim,
Guzujygyñ zaryny.

Oña ot, suw gerek däl,
Ol diñe bir zada zar —
Öri meýdana giden
Enesini küýseýär.

Mahym NURGELDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby
Категория: Çagalar edebiýaty | Просмотров: 69 | Добавил: Sona | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 28
0
28 Sona   [Mowzuga geç]
haýsy tortçydan almalydygynam özüm aýdaryn. killed

0
25 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Agyz Sona men çagyramda gelibiljekmi sen?Eger häzir gelmäge söz berip gelibilmeseñ sözüñden dänen adam bolarsyñda.Menä seni erbet ýagdaýda goýmajak boldum.Adamlar ýagşylyga-da düşûnenok gyz biggrin

0
26 Sona   [Mowzuga geç]
men okuwa girdim dp şu ýere ýazarsyň, onsoň men seni taparyn. torty seniň özüň meniň ýanyma getirip kesersiň

0
27 Sona   [Mowzuga geç]
bolmanam men barman

-1
24 Sona   [Mowzuga geç]
1-njiden sen hakyky şahyr ekeniň, 2-njiden sen hökman TDU-a girersiň. Sebäp gaty gysyk gyz ekeniň . TORT dagam kesjek däl sen

0
23 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Waheý ol meñ bireýýäm gowşak görüp pozan goşgulamdan biridi.

1
21 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Mahym, "Aglama Mahymjan, gitsem gelerin" diýen bir goşgyň bolmaly, ýalňyşmasam! Paýlaşyň şonam kyn görmeseňiz smile

0
20 Sona   [Mowzuga geç]
okuwa gireňde tort keseňde cake meni çagyrarmyň?

1
19 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Şuny okajaklara aýtjak sözüm:
MEN UNIWERSITETIÑ TALYBY DÄL.AMAN KEKILOW ADYNDAKY MUGALLYMÇYLYK MEKDEBINI GUTARDYM.ýöne Sona agzamyzyñ ýüreginden şeýle gelip goýupdyr.Meñem geljekde şeýle niýetim bolany üçin (nesibämde bolsa) şowlulyk getirsin diýip yrym edip "tegde"şeýle goýduk.Ýöne men asla hiç kime ýalan sözläp,günä gazanmak islämok.Goşgyny okanlar Sizden ötünç soraýaryn we maña düşünersiñiz diýip umyt edýärin!

1
22 Nurdan   [Mowzuga geç]
Mahym, goşgyny goýlan wagty siziñ ýazan salgyñyzda okadymmykam diyyan şuny, soñ üýtgedilenmika, ýa badşga ýerde şeýle salgy bilen okadymmykam? "Aman Kekilow" bardy öñ şu goşguda nesibiñde bolsa hokman girersiñ, uniwersitete-de, bolmasa-da ynjama, esasy zat sizde eyyam uly yhlas, giñ düşünje, talapkärlik bar öz ýazýan zatlarñyza.

0
18 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sag boluñ,Nurdan!

0
16 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Nurdan sag boluñ!Ýok,bulam men.Bu çagalar üçin ýazan goşgum.Özüm çagalar bagynda terbiýeçi bolanym ûçin çagalar edebiýaty bilenem gyzyklanýan.Bulam güneşde çagalar üçin çap edilen goşgym.Ýöne edil häzir islegim ulularyñ edebiýatynda öz ornumy tapmak.

1
17 Nurdan   [Mowzuga geç]
Taparsyñ jigim, sizde başarnyk tutanýerlilik bar, dogurcyllyk bar. Ýazmak üçin hokman "edebiyatçy" bolmaly däl, aýdyşlary ýaly "Alym bolma, ADAM bol" diýleni ýaly esasy zat sizde owadan garaýyş zehin ulyny, kiçini deñ tutmak ýaly beýik häsiýetden nyşan bar. Galamyñ ýiti bolsun jigimjan

0
14 Nurdan   [Mowzuga geç]
Gowja goşgy, ýöne at familya deñ gelýan bolaymasyn, diyjek bolyanym: saýtda goşgularyny paylaşyan Mahym Nurgeldiyewañ beyleki awtorlara beryan synyny okasañam @nurgeldiyewam pikirleri juda çuñlygy, giñligi, dogurçyllygy bilen ünsümi çekýär meñ. Eger saytdaky agza gyz bolsa onda bu goşgujygyny kiçiräkkä yazan bolaymasa.
Umuman @nurgeldiyewamnyñ pikirleri, gönümelden gelen sypaýy, dogurçyl häsiyeti maña yaraýa

0
15 Sona   [Mowzuga geç]
aslynda ulular üçin goşgyny her kimem ýazyp bilýär, ýöne çagalar üçin diňe özüne göwni ýetýänler --- ussatlar ýazyp bilýär.
çagalar üçin ýazmak iň kyny

0
13 Sona   [Mowzuga geç]
wiggle me-nem tans e-de-rin

0
12 Sona   [Mowzuga geç]
Adminam tammada bolar

0
11 Sona   [Mowzuga geç]
band Mahymyň TDU-a talyp bolan gijesi, şeýle bolar

0
10 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Aslynda yalñyş maglumat durmasa gowy welin, ozuñiz gowy bilyansiñiz. Hem Sona hanymyñ ynsabyna bagly. Yene uytgetmese durubersin ))

0
9 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Admin şu uniwersitetiñ talybydygym ýalan bolsada şu durşuna dursunla.Belki,bir gün synanşaryn.Yrym edýän.Şowlulyk getirer ýaly wacko

0
8 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Howwalaý oýun edýän okap ýörkäm çykan goşgym. biggrin

0
7 Sona   [Mowzuga geç]
Waý işim gaýtdy. Allahym, maňa ýardam et surprised pray

0
6 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Näme indem arzuw edip başladyñyzmy uniwersitet nireden çykdy?Meñ üstümden "prkol" tutýañyzow?

0
5 Sona   [Mowzuga geç]
Waý, ýalňyşmy pray

0
4 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şo döwür cykan goşgy bolansoñ, şeyden bolaymasyn, ya beyle dalmi? ))

1
3 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Agyz Sona näme aryñ galdymy öñemä süýrenip zordan gutardym täzeden talyp etjek bolmañ näme? biggrin

0
2 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Ajaýyp goşgy. Ýeňil okalýar, başy, ortasy, ahyry bar. Many taýdan ýerine düşüpdir. Höwri köp bolsun.

0
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Anaa )

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: