10:20
Gyrmyzy bägüller -5/ romanyñ dowamy
21.

Täze jeza çäresi hökmünde atamyň garşysyna Baçinskiý «blatnoýlary» ulanmaklygy ýüregine düwüpdir.
«Blatnoýlar atamy uzak garaşdyrmandyrlar.
«Bendiler ir bilen işe gidenlerinden soň, Baçinskiden görkezme alan «blatnoýlardan» atamyň özi ýaly çepiksije, girdenejik, ýöne, öz göwresine erk edip bilýän biri gelipdir-de, hiç zat ýok ýerden yrsarap, üstünden gülüp, urup-sögüp, atama azar berip başlapdyr. Wagty bilenem gitmändir. Namaza oturypdyram welin maňlaýyny ýere goýanda syrtyna depipdir, turjak bolanda itipdir, ýykypdyr, iki çignine bakyp «Rahmatulla salam berende» bolsa: «Na tebe Rahmatulla...» diýip ujydyny görkezipdir. Garaz, gün bermändir. Atam onuň uranyndan, sögenindenem beter, şonsuny ýokuş görüpdir. Her gezek namazy bozulanda «blatnoýa» garap: Inim, «Hak diýene «hok» diýme» diýipdirler. Bilip edýänem bolsaň goý şu günä işiňi. Sen maňa dä, Hudaýa taýak atýaň» diýipdir-de, takatyna täzeden başlapdyr. Blatnoý: «Na tebe Hudaý!..» diýip, üstüne topulanyndanam, tokaý çapyp ýörkä konwoýlara aldyranyna derek köneje, ýöne, arassaja matadan tutunan namazlygyny bagryna basyp, naralaryň arasy bilen gaggalaklap ýörşüne megerem, urma diýdigi bolsa gerek: «Hit, hit!.. Nylja, nylja!.. Men byradar, sen byradar!.. Tanymaýym, papymaýym... Ny beýit, ny beýit!..» Beýit, ýaman boýut!..» diýip, girdenege ýalbarypdyr. Zoraýakdan dyrmaşyp narysyna münüpdir. Şondan soň, birneme jany ara girendir-dä, henizem aşakda durup özüne haýbat atýan girdenege tarap öňküsine görä indi birneme batyrgaýlyk bilen: «Çöwe-çöwe nyznaýym! Maýa ― twaýa ny manipaýyt... Gurt geldi, merk berdi...» diýip haýbat atypdyr. Agzynyň ýetişibildigindenem Hudaýy çagyrypdyr.
Ahyram girdenegiň özi ýadap özi gidipdir.
«Gurt gelse aýdaryn» diýip, hernäçe nadaralyk edenem bolsa, agşamlyk işden gelende atam Gurt aga hiç zat aýtmandyr.
Girdenek welin gelmesini kesmändir. Gün-gündenem ýowuzlaşypdyr. Hiç hili garaw görmänsoň, atamyň üstüne barha beter sürnüpdir.
Ahyram suw seňrikden agypdyr.
...Şol gün Gurt aga işden gelende, atam öz narasynyň üstünde gara gana bulaşyp ýatyr ekeni. Atamyň öz-ä şonda-da aýtjak däl ekeni welin, şol gün ýaraman işden galan we bolan wakany gözi bilen gören bir bendi agzyndan sypdyraýypdyr.
Onuň: «Menden eşidendigiňi agzyňyzdan sypdyraýmaweriň» diýip, aýtmagyna görä, öýlänaralar, namaza duran wagty, şol girdenejik «blatnoý» ýene gelipdir-de, atamyň çat maňlaýyna geçip öňküje oýunlaryna başlapdyr. Atam ilk-ä adatça şolar ýaly edilişi ýaly birküç ýola damaryny kakypdyr, eli bilenem yşarat edipdir. Onda-da bolmansoň namazyny bozupdyr-da: «Aýryl öňümden» diýipdir. Girdenek it ýylgyryşyny edip gelipdir-de, ýumrugy bilen çat maňlaýyna «malçyldadyp» bir ýelmäpdir welin, atam pahyr gollaryny galgadyp, çiňarkan gaýdyberipdir. Ýeňsesi naralaryň aýaklaryna degip, çüwdesi deşilipdir. Göwresi gana boýalypdyr. Dem-düýt ýok, arkan düşüp ýatyrmyşyn. Esli wagtlab-a gymyldabam bilmändir. Şaýat bolan pyýada-da golaýyna barybilenokmyşyn. Sebäbi, «blatnoý» başda oňa-da: «Goşulsaň öldürin» diýipdir. Bir haýukdan soň atam özüne gelipdir. «Yraň-daraň» ýerinden turupdyr. Görse, girdenek onuň namazlygyny hem-ä ýyrtýa, hemem, ýyrtanjasyny ýetişibildiginden depgileýä, tüýkürýä, sümgürinýä, syrtyny süpürýä, üstesine-de özüniň şol betgelşik hereketlerinden lezzet alýan ýaly «ha-ha-haýlap» gülýä diýýä.
Tüýs: «Gorkagy kowsaň batyr bor» diýenleri bolupdyr. Girdenegiň şol bolup durşuny görüp, atam iki tarapynam deňlän borly, ilk-ä uruşjak horaz ýaly eglip, şoňa tarap «hüžžerilipdir» soňam ganatlaryny galgadyp özüni «blatnoýyň» üstüne zyňypdyr. Göz açyp-ýumasy salymyň içinde mekgesine münäge-de, sag taý gulagyndan agyz urupdyr. «Blatnoý» özüni «lägirip» arkan taşlanda atamam onuň egni aşyry togalanyp honda düşüpdir. Aýak üstüne galan wagtam şu zatlary gürrüň berýän bendi onuň agzyndaky iki barmak ýalyjak çaňjaryp duran et bölejiginiň gulak bolaýmagynyň ahmaldygyny güman edipdir.
Tötänden gabat gelipdirlermi ýa öň bile gelip, ätiýaçdan garaşyp durlar ekenimi, garaz, girdenegiň iniňi düýrükdiriji sesinden soň baragyň gapysy «jarka» açylypdyr-da, özi ýalylaryň ýene iki sanysy kürsäp içeri giripdir.
Olar bir-ä agzy ýarty gulakly atama, birem gulagynyň ýarysyndan dynan «girdenege» tarap aňkarylyp kän durupdyrlar. Olary esasy geň galdyran zat: garaşmaýan adamlaryndan beýle garşylygyň çykandygy bolmaly. Çünki olaryň düşünişlerine görä: «Goja türkmen ruhy taýdan güýçli. Ol Hudaýa bil baglap, islendik süteme döz gelip bilýä, çydamly, ýöne, beden taýdan ejiz. Hiç kime hüjüm edip ýa goranyp bilenok».
Şonuň üçinem onuň bu görkezen gahrymançylygyny olar näme bilen düşündirjeklerini, nähili düşünjeklerini bilmändirler, asla gözleriniň görýänine ynanmandyrlar.
Haçan-da özlerine gelenlerinden soň welin, iňňän çalt hereket edipdirler. Bir-ä ur-tut goltugyndan giripdir-de, lazaretemi ýa öz baraklarynamy, henizem alagalmagal bolup barýan ýartygulagy alyp gidipdir, beýleki, oňa görä daýawrak birem galypdyr-da, tä göwün solpusyndan çykýança atamy ýenjipdir. Aňyrsyndan gaty arkaýyn bolmaly-da, şü öler-ow, melamat bolar-ow, diýip dagy pikirem edenok diýýä. Halys usurgap, hereketden galansoň, henizem agzynda saklap duran gulagy atamyň agzyndan çekip alypdyr-da, elýaglygyna orap jübüsine salypdyr. Gapydan çykjak wagtam şaýat bolana tarap barmagyny çommaldyp: «Demiň çykaýmasyn» diýipdir. Çykardygyň damagyňy çalaryn, diýen manyda, aýasyny bokurdagyna keseleýin süýkäpdir. Şaýat düşünendigini aňlatmak üçin başyny atypdyr, birki gezek gorkuly gözlerini açyp ýumupdyr.
Bu gürrüňleri eşidenden, atamyň bolup ýatyşyny görenden soň, Gurt aga naharynam iýmän, «blatnoýlaryň» üstüne ugramakçy bolupdyr.
Ýöne, atamy edil o durşuna taşlap gitmeklige-de dözmändir. Iň bolmanda ýüz-gözüni ýuwuşdyryp, ady bar-da özi ýok lazarete eltip, bolşuna görä derman çaldyrmagy, sargy etdirmegi makul bilipdir.
Ýöne Gurt aga lazarete gitmeli bolmandyr.
Onçakly wakadan soň Gurt aganyň gol owşuryp oturmajakdygyny aňan bolsalar gerek, gündizkileriň üçüsem, «gorkan-öňürder» edip gaýdypdyrlar-da, Gurt aga ýaňy bir atamyň ýüzüni ýuwup bolandan, «güpürdeşip» gapydan giripdirler. Ýartygulagyň boýny, ýüzüniň ýarysy bilen saralgy ekeni.
Gurt aga adatça bolşy ýaly öňürti birki agyz gürleşiler, düşünişmäge synanyşylar, öýdüpdir.
Emma ýaňky atamy ýenjip giden, beýlekilere görä birneme daýawrak pyýada gelşi ýaly sen-men ýok, Gurt aganyň ýüzi kessir ýelmäpdir. Ýartygulagy süýrekläp äkidenem entek aýňalyp ýetişmänkä, ujuna ýumruk ýaly gurşun guýlan gol boýy trosy Gurt aganyň süýr depesinden salypdyr. Onuň ellerini öňe gerip, entirekläp barýanyny görübem, äý indi bi ýykylar, galmaz, diýendirler-dä, üçüsi üç ýerden, hiç zada goşulman, narasynyň üstünde bir düýrmek bolup ýatan atamyň üstüne çozupdyrlar.
Bolsa-da, Gurt aga basym özüni dürsäpdir. Hatda doly ýykylybam ýetişmändir. «Hyk-çok aýak üstüne galypdyr-da, «yraň-daraň» edip, halas etmek üçin atama tarap ugrapdyr. Barşy ýalam atamy naradan düşürmek üçin, o ýerinden, bu ýerinden çekeläp duran, ýartygulagyň boýnundan penjeläge-de bir tarapa pyzyp goýberipdir. Beýleki ikisinem şeýdipdir. Ýöne, olar zyňlan «jyk-jyk» ýaly ýörmeleşip gelip, ýene-de ýapyşypdyrlar.
Şol tutluşyk barada gürrüň edende Gurt aga: «Men elbetde urşa olar ýaly ökde däldim, tärlerini bilemokdym, ýöne, olary meniň göwräm eýmendirýärdi, gara güýjüm, ýüz-gözüm sustlaryny basýardy. Birem demir-semir ýa ýaňky ýaly tros, gurşun bilen uraýmasalar ýa-da gaty bir jaýdar degäýmese ýönekeý urgulary, depgileri dagy täsirem edenokdy» diýýärdi.
Şonuň üçinem ol üstüne ikinji gezek çozanlarynda bir eli bilen troslynyň ýakasyndan tutaga-da, dik ýokary galdyrypdyr, beýleki eli bilenem burnuna malçyldadypdyr. Trosyny elinden gaňryp alyp: «Häýt, häzir bol, Gurt, birden biriniň bäbenegini çykaraýma» diýip, eýýäm «baltnoýlary» goraglap oturan atamyň eline tutdurypdyr. O-da ony «hasyr-husur» düşeginiň aşagyna dykypdyr.
Beýleki ikisem gelip ýapyşjak bolupdyrlar welin, Gurt aga çaga wagty dädesi pahyryň öwreden emelini edip, agyr ädikli aýagy bilen injigine r-ras bir depipdir, beýleki burnunyň hoňkaryp duran deşikleriniň hersine bir barmagyny sokaga-da, şatyrdadyp bir gaňrypdyr, bir taýyny ýüzüniň ugruna ýirendigini dagy Gurt aga birbada bilmändirem. Hem gündizki, hem şol waka şaýat bolan kişiniň aýtmagyna görä, burny ýirileniň gykylygy «Ýartygulagyňkydan» dagam kän esse aýylganç çykypdyr.
Birdenem «blatnoýlar» köpelipdirler. Ýöne, olaryň yzysüre bendileriň ählisi tarapyndan sylanýan, edil atam ýaly hudaýhon, kawkaz taraplardandygy daşyndanam bildirip duran ýaşulam yzyna birtopar bendileri tirkäp, gapydan giripdir. «Olary kim çagyrdy, nädip geldiler, näme üçin geldiler, bilemok, ýöne, şolar gelmedik bolsalar Mämmet ikimiziň şol gezek nähili ýagdaýa düşjek ekendigimizi çak etmegem kyn» diýip, Gurt aga şol gezek gürrüň berip oturyşyna uludan demini aldy.
Şol ýaşulynyň gapydan ätleýşi ýaly ýekeje gezek: «Duruň!.. diýmegi bilen, Gurt aganyň üstüne penjelerini ýaýyşyp, aç börüler kimin dişlerini «şakgyldadyşyp» gelýän «blatnoýlaryň» barysy birden togtapdyrlar.
Şondan soň ol ýaşuly «blatnoýlara»: «Baryň, baryňyz gaýdyň, bize bular bilen gürleşmek gerek ― diýipdir. ― Siziň bilen bolsa soň düşünişeris».
Beýlekiler-ä ýüzlerini sallaşyp çykalga tarap ýönelişipdirler welin, ýartygulagyň: «Duruň bakaly! Gulagyma derek men siziň taşagyňyzy gopararyn. Ýumurtgaňyzy sogrup özüňize iýdireris. Sçitaýte çto wy trup!» diýip, heňkirýän sesi esli wagtdan soňam eşidilip durupdyr.
Onuňam sesi ýitenden soň nätanyş ýaşuly Gurt aga ýüzlenip: «Halyňyzdan habarym bar ― ol atama tarap nazar aýlapdyr. ― Bu ýaşulynyňam barýan ýoly dogry, ýöne ýeke, duşmany bolsa güýçli. Olarda emel kän, çünki, arkalarynda hökümet dur. Hökümet bolsa Hudaýam halanok, Ony halaýanlaram halanok. ― Ýaşuly atama golaýlap, indi onuň özüne maslahat beripdir. ― Şonuň üçinem häzir bol. Gönümel garşylaryna gitme».
Atamdan-a ses çykmandyr welin, ýene-de Gurt aga geplemeli bolupdyr. «Wah, dogry aýdýaňyz, ýaşuly. Ýöne, biziň munymyz «göni» näme, «gyşyk» näme saýgarybilenok. Saýgarjagam bolanok. Tä maňlaýy diwara degýänçä gitmeli. Öňünden gara telär çyksa sowulmaly däl. Şonuň üçinem, görşüňiz ýaly, güni bir bolsa görýän hupbaty, ýuwudan hunabasy kän.
Ýaşuly uludan demini alyp, ýerinden turupdyr: «Ýeri bolýa. O hakda-da gürleşeris, düşünişeris. Ýöne, her hili ýagdaý bolanda-da özbaşdak hereket etmejek boluň. Biziň bilen maslahatlaşyň. Meni KWÇ-den tapyp bilersiňiz. Umumanam, ol ýere gatnasaňyz-a biz hasam ýygy-ýygydan duşuşyp durarys ― diýipdir. Ugrajak wagtam: «Ýeri, bolýa. Ýaňkylar bilen-ä men özüm gürleşerin. Soň üýşüp, bilelikde-de çözlüşeris. Beýdip ýörmek bolmaz. Baryňyz-ýogyňyz-a iki adam, biriňizem juda ejiz. Ähli galmagalam şoň üstünde...».
Gurt aganyň aýtmagyna görä, şol ýaşuly söze başlaly bäri, atam özüni diýseň geň alyp barypdyr. Halynyň harapdygyna garamazdan, «iňňildisinem» goýup, oňa tarap golaý-golaý süýşüpdir. Jaýyň içi bolsa-da, gözleriniň üstüne kölegeledip oňa içgin-içgin seredipdir. Gaýra gaýşyp, öňe omzap öwran-öwran synlapdyr. Aşak bakyp, gulaklaryny gerip sesinem diňläpdir. Bir zat diýmekçi bolýan ýaly, arasynda oňa tarap telim gezek dagy ümzük atypdyr. «Beh diýip, birnäçe gezek başyny ýaýkapdyr.
Atamyň özüni beýle bisereşgen alyp barşyny myhman ýaşulam aňypdyr. Arasynda o-da onuň ýüzüne bakyp bir zatlar diýjek ýaly, sorajak ýaly edipdir-de, ýene-de sözüni dowam etdiriberipdir. Ýöne, ol ýerinden turup gidiberjek bolanda welin, atam hassa jüýje ýaly oňa tarap boýnuny süýndüripdir-de, ysgynsyz ses bilen: «Redi-i-ş... bi senmi-äý...» diýipdir.
Ýaşuly sakga-saklanypdyr. Em-säm bolup durşuna atamyň ýüzüne çiňerilip-çiňerilip seredipdir. Ýöne, ýüzi-gözi gan-gabarçak bolansoň, ony kime meňzetjegini bilmändir. Ses başga ýerden çykandyr öýdüp, daş-töweregine garanjaklapdyr. Hatda baragyň içindäki beýleki bendilere tarapam nazaryny aýlapdyr. Soň eglip atamyň ýüzüne has içgin seredipdir.
Sesimden tanar, diýen umyt bilen bolsa gerek, atam indi ikinji gezek oňa: «Rediş? Aý, Rediş, sen Rediş gerek?.. ― diýipdir. ― Ho-ol, patyşalyk döwri darbazlar bilen biziň etraba baran, at üstünde oýunlar görkezen Hüseýnüf Rediş dämi sen?»
Şu ömrüne bir adamdan başga özüne Rediş diýeniň ýokdugy güpbe ýadyna düşüpdir-de, Reşit aga gujagyny giňden açaga-da, ýolbarsyňky ýaly ýogyn sesi bilen: «Mame-ed... ― diýip, bütin baragy sarsdyryp gygyrypdyr. Gujaklapdyr. Soň aşaky naralaryň biriniň gyrasyna çöküpdir. ― Gör, biz nirelerde duşuşdyk... Beýle bolar diýip dagy ýadyma-oýuma-da düşenokdy. ― Reşit aga atama nebsagyryjylyk bilen seredipdir. ― Sen neneňsi çakgan, çeýe ýigitdiň, gör, seni nädäýipdirler... nä günlere salaýypdyrlar... ― Atam bilen doly düşünişmek üçin, ol şo-ol birwagtkylary ýaly türküçe gepläpdir. ― Sizden gaýdybam biz birnäçe türkmen etraplarynda bolduk. Soň Aşgabada bardyk. Gyşy şol ýerde geçiribem öz ýurdumyza gaýtdyk ― diýip, Reşit aga atama aýra düşenlerinden soňky başyndan geçiren ahwalatlaryny gürrüň bermäge başlapdyr. ― ...Şondan bir ýyl soň Moskwanyň uly, döwlet sirkleriniň birine çagyrdylar. Kyrk ýaşyma çenli şonda işledim... Birnäçe gezek daşary ýurtlara gastrola gitdik. Bütin ýewropany aýlandyk. Ýuwaş okeanyň içi bilen Amerika giden gezeklerimizem boldy. Hemişe-de seni ýatladym ýördüm. «Biziň bilen gaýdan bolsa uly «sirkaç» bolardy, diýdim.
Dynç alşa çykanymdan iki ýyl soňam rewolýusiýa bolup, häkimiýeti bolşewikler eýelediler. Ol wagt men eýýäm bir wagtlar terk edip giden obamda hojalyk işlerim bilen meşgul bolup ýördüm. Öýlenipdim. Ýerjagaz alypdym. Bir çagam bolup, beýlekisem aýalymyň göwresindedi. Garyndaşlarymdan doganoglan agamdan başgasy ýogalan ekeni. Men wagtynda atamyň-enemiň patalaryna-da baryp bilmändim, şonuň üçin birbada agamam, onuň çagalaram, asyl bütin obamyzam menden gaty görjek boldular. Ýöne, nätjek, «Doganyň-dogana tobasy bolmaz» diýlişi ýaly, ýene-de özüňki-özüňki bolýa, üýşüp öý-işigem etdiler, ýerem alyp berdiler, allanäme ýaşabam ýördüm. Özümem Hakyň ýoluna düşüpdim.
Şol ýagdaý tas ýigrimi ýyla golaý dowam etdi. Ilkinjim oguldy, ony öýlendirdim, soňkym gyz bolup çykdy, onam bu gün-erte äre bererin diýip ýördüm. Ýaşymam altmyşa ser urdy. Göräýmäge durmuş ýolunyň tanapyny külterläberipdimem. Ýöne...
Birdenem, tutha-tutluk başlandy. Ilkinjileriň hatarynda çeňňeklerine ilenem men boldum. Sebäbi, şol jelegaýlarda menden başga dünýäni köp gydyran ýokdam. Bu bolsa töhmet atmak üçin iň bir gabyl zat. Kimdir biri eýýäm: «Şu adam ak patyşanyň içalysy. Sowet hökümetini agdaryp, ýerine öňki düzgüni girizjek bolýan ahmyrçyllaryň biri. Özüniňem Ýewropada, Amerikada görmedik, barmadyk ýeri ýok, häzirem şol ýerler bilen gatnaşykly. Elmydama bir gözi şol tarapda...» diýip, üstümden arza ýazmaga ýetişipdir.
Atylýan töhmetleriň çyndygyny, ýalandygyny nädip derňeýändiklerini bolsa özüň bilýäň.
Şeýdibem on sekiz ýyly boýnuma doňdurdylar. Gelen ýerimem ine şü. Üç ýyl bäri şu ýerde...» diýipdir.
Reşit aganyň hekaýatyny eşidip, atam bozulypdyr. Hamsygypdyr. Gezeginde özem başyndan geçiren hadysalaryny ýekän-ýekän aýdyp beripdir.
Soň ol ikisi dünýäni unudyp, birwagtlarky sirkde işlän döwürlerini ýatlaşypdyrlar. Atam bazygärlerden kimiň ady ýadynda galan bolsa sorapdyr. Şo-ol, eneme meňzeş enaýyja gyzy welin hasam çintgäp-çintgäp sorapdyr. Onuň soňraky ykbaly bilen gyzyklanypdyr. Çül-çaganyň enesi bolup, bol-elinlikde, Dagystanyň uly şäherleriniň birinde ýaşaýandygyny eşidip begenipdir.
Goýup gaýdan suratlary üçin bolsa, ine indi, tas kyrk ýyla golaý wagt geçenden soň minnetdarlyk bildiripdir.
Reşit aga Gurt agany tanamandyr. Göz öňüne-de getirip bilmändir. Sebäbi, ol döwür olar ýekeje gezegem duşuşmandyr. Ýöne, Gurt aganyň welin, ir döwürler öz etraplaryna şolar ýaly bir tomaşanyň barandygy, atamyňam şolar bilen «bulaşyp» ýörendigi çalaragam bolsa ýadyna düşýär.
Hoşlaşyp gitjek wagty Reşit aga ýene bir gezek Gurt agadan ýekelikde hereket etmezligini, hökman özi bilen habarlaşmagyny, maslahatlaşmagyny haýyş edipdir, islendik wagty, hususanda agşamlyk we dynç günleri özüni KWÇ-den tapyp biljekdiklerini aýdypdyr.

***

Şol döwrüň lagerlerinde administrasiýa degişli KWÇ, ýagny, «Kulturno-wospitatelnaýa çast» diýen klub şekilli bir bölüm bolup, ol bendileri medeni taýdan terbiýelemekligi göz öňüne tutýar ekeni.
Öň sirkde işländigi üçin, Reşit aganam gelen gününden başlap şoňa müdir belläpdirler.
Elbetde, şolar ýaly bir tomaşa jaýynyň bardygyndan Gurt aga-da, atamam habarly ekenler. Asyl bendileriň hemmesem, gelişleri ýaly ondan habardar edilýän ekeni, ýaňky aýdyşym ýaly ilkinji gezek gepleşik geçirende Baçinskiniň özem atama aň-düşünjesini artdyrmak üçin şol ýere gatnamaklygyny maslahat beripdir, ýöne, atamyňk-a düşnükli welin, aý obalardaky okalga ýaly bir zatdyr-da, diýip, oňa Gurt aga-da gaty bir üns bermändir. Gyzyklanmandyram. Barmandyram. Ýogsam, ýekeje gezek baraýanam bolsalar, Gurt aga bilen birmahallar gabatlaşjak, tanyşjak ekenler.
Dogry, Reşit aga-da soňky gelen tapgyryň içinde bir özi ýaly hudaýhon, ygtykatyna bolan yhlasynyň juda güýçlüdigi, hut şonsy sebäplem köp-köp hunabalar ýuwudýandygy barada eşidýän ekeni. Ýöne, şol goja türkmeniň köne tanşy, kärdeşi, Mämmetdigini ol näbilsin. Ýöne, her niçik hem bolsa ol özüne gulak asýan bendileriň birnäçesi bilen maslahatlaşyp, oňa kömek etmekligi özleriniň gün tertiplerine goşupdyrlar. Habardar bolup durmaklygy ýüreklerine düwüpdirler. Atam dagynyň baragyndaky tanyşlaryna: «Şolar bilen baglanyşykly bir mesele ýüze çyksa, bizi habardar ediň», diýip, tabşyrypdyr. Şol gezegem ýüze çykan wakany şolardan eşidip gelipdirler.

***

Tanşanlaryndan soň Gurt aga-da, atamam KWÇ-ä, Reşit aganyň ýanyna gatnap başlapdyrlar.
Reşit aga öz şägirtlerini atam bilen tanyşdyrypdyr. Nirede, haçan, nähili ýagdaýda tanyşandyklaryny, az wagtlyk hem bolsa bile işleşendiklerini gürrüň beripdir. «Türkmenlerden ilkinji sirkçi şü... ― diýip, atamyň arkasyna kakypdyr. Soň Gurt aganyň egnine elini goýupdur. ― Bu bolsa onuň obadaşy. Werneýe ego telohronitel...».
Atamyň ýüz-gözüniň harapdygyny görüp, sopularyň nebsi agyrypdyr. «Hälem Hudaý gorapdyr» diýşip, başlaryny ýaýkaşypdyrlar.
...Reşit aganyň öz-ä: «Men pylanydyryn» diýmändir welin, Gurt aga ondan-mundan eşidip, onuň lager boýunça uly «Awtoritet» saýylýandygyny bilipdir.
Akylly, özüni alyp barşy göreldeli, kada-kanuna ökdeligi, adalatlylygy bilen tapawutlanýan, özgeleri agzyna bakdyrybilmegi başarýan adama şeý diýilýän ekeni. Ähli «razborkalaram şol çözýän ekeni. «Blatnoýlaram», «ugolowniklerem» şonsuz mesele çözüp bilmeýän ekenler. Hatda lageriň naçalniklerem köp halatlarda ony ykrar etmän bilenoklarmyşyn.
«Pylan ýerde düzgüni bozduňyz, konstitusiýanyň pylan maddasy boýunça siziňki ýalňyş...» diýip, ol käte Baçinskiniň hut özi bilenem gidişiberýämişin. Kimde-kim ýokarylara arza ýazjak bolsa-da, şikaýat etjek bolsa-da öňürti hökman şonuň bilen maslahatlaşmaly ekeni.
Ol dini okuwlara ökdeligi bilenem öňňelerden tapawutlanýan ekeni. Ýeke bir yslamyň däl, eýsem beýleki dinleriňem esasy kitaplaryny hatm edendigine görä, islendik diniň wekili bilen düşünişip bilýän ekeni.
Şägirtleriniň hemmesi oňa öz aralarynda «mugallym» diýip ýüzlenýän ekenler. Olar KWÇ-ä çeper höwesjeňler hökmünde gatnamak bilen, aram-aram, göz üçin özleriniň konsert programmalary bilen çykyş edýän ekenler.
Dini-ygtykat meselesinde Reşit aganyň özem, şägirtlerem, naçalnikler bilen iňňän çeýe syýasat alyp barýan ekenler. Göz-görtele namaz okap ýa Hudaýa mynajat edip, atam ýaly göze-başa düşmeýän ekenler. Ýöne, ybadatlaryny sypdyrmaýanam ekenler. Ugruny tapyp ähli dini hyzmatlaryny ogrynça, assyrynlyk bilen ýerine ýetirýän ekenler.
Reşit aga ikiçäk gürrüňçilikde atamdanam şony talap edipdir. «Şeýtmeseň gün bermezler. Asla üstüňe «blatnoýlary» küşgürip ýöreniňem naçalnigiň özüdigini sen näme bileňokmy? ― diýipdir. ― Şol küşgürmese olaryň seň bilen işem bolmaz. Men olar bilen gürleşerin. Olar indi saňa degmezler. Ýöne, özüňem özüňe bek bol. Ýaňky aýdanlarymy ýadyňdan çykarma...»

***

Reşit aga atam barada «blatnoýlar» bilen hakykatdan-da gürleşipdir. «Goja türkmene azar bermäň, ol öz ygtykaty bilen gümra. Başga zat bilen işi ýok. Öz derdi özüne ýetik. Düýnki hereketine ol halys etinden ötüp süňňüne ýetenden soň eden bolmaly. Siziňkiler oňa çekip-çydap bolmajak derejede yza beripdirler. Indi ol oýnuňyzy goýuň, ýogsam iş ula gider» diýipdir. Muzd hökmünde ýartygulaga az-owlak pul berip biljekdiklerini aýdypdyr. «Blatnoýlar» razylaşypdyrlar.
Göräýmäge mesele çözülen ýalam bolupdyr. Pulam ýygnap başlapdyrlar. Ýöne...
...Şondan ylaýyk üç gün geçenden soň, Gurt aga işden gaýdyp gelende atamyň öňküsindenem has agyr halda «iňläp» ýatanyny görüpdir.
Bu gezek bolan işi «hyk-çok» atamyň özi gürrüň beripdir. Gündiz ýartygulagyň ýeke özüniň gelendigini we özüni urup-urup, keýpden çykyp gidendigini aýdypdyr. Elinde çakgysy bar ekeni. «Gulagyňy kesjek, arymy aljak, maňa siziň muzdyňyzam gerekgä, beýlekiňizem» diýipdir. Hälem barakda üç-dört sany adam bar ekeni. Olar araky şaýat ýaly gorkak däl ekenler, aralapdyrlar...
Gurt aga bu gezek atamyň ýüz-gözüni ýuwmak üçin eglenmändirem-de, egnine göterip göni «Lazarete» alyp gidipdir. Urýanlar «blatnoýlar» bolsa-da, urgynyň Baçinskiý tarapyndan gelýändigini öňem-ä aňman duranok ekeni-de, şol gezek ol muňa hasam magat göz ýetiripdir. Onuň şol pikirini subut etmekçi bolýan ýaly «Lazeretdäkiler» atama öňküje edýän emjagazlarynam etmändirler.
Umumanam, ol ýerde «wraç» diýlip goýlan adam aslynda wrajam däl-de, inženermi, mehanikmi başga bir kärdäki adam bolup, häki bir boş durmazlyk üçin şol wezipä şony goýaýan ekenler. O-da onsoň «şolmuşyn» diýip, haçan görseň şo ýerde çişip otyrmyşyn. Şeýle-de bolsa, bendi görgüliler nätsinler, başga-da bir barara ýerleri bolmansoň, maňlaýlaryny şoňa diremeli bolýan ekenler.
Ol ýerde işi bitmänsoň, Gurt aga arkasyna göterip atamy ýene-de yzyna alyp gidipdir. Baraga eltip ganyny ýuwupdyr, köne-küşül, eline ilen zat bilen, bolşuna görä ýaralaryny daňypdyr. Eşiklerini çalşypdyr. «Ýöne, işiň ulusy entek öňdedi ― diýip, gürrüň şol ýere ýetende Gurt aga az-kem saklanyp uludan demini aldy. ― Men her zat etmelidim welin, Mämmediň aryny almak üçin meýdan sorap «blatnoýlaryň» üstüne gidäýmelidim. «Ýartygulak» meniň üçin mesele däldi. Men ony bir penjäm bilenem zyňyp-gapyp, mynjyradyp bilýädim, dilimiň aşagyna atyp, ýuwdup goýberäýenimde-de bolman durjak däldi, ýöne olar garap durmazlar, hemmesi birigip üstüme çozarlar, diýen gorkymam bardy. Şeýle-de bolsa, ursamam, urulsamam, asla öldürýänem bolsalar şony men şeýdäýmelidim. «Ýoldaşyny süýndürip gidenlerinde-de baragyndan çykyp bilmedi, türkmenler bigaýrat, binamys, gorkak ekeni» diýen ada galmaly däldim. Özümem ýeke barmalydym. «Hökman bize aýt» diýip, hernäçe sarganam bolsa, Reşide-de, onuň şägirtlerine-de aýtmaly däldim. Hiç kime syrtymy diremeli däldim.
Dogrusy, Mämmedem bir «gitjek» diýip, dyzap aldy. Ýöne, men oňa çürt-kesik garşy çykdym... «Otur» diýdim. Sebäbi, dogrusyny dogry aýtjak, aýakbagy bolaýmasa onuň maňa edibiljek kömegi ýok...»
Şeýdibem Gurt aganyň ýeke özi gidipdir. Onuň nirä, näme üçin barýandygyny aňandyrlar-da, barakdakylaryň barysy onuň yzyndan garap galypdyrlar.
Öwrümde gözden ýitenindenem kimdir biri barakdan atylyp çykypdyr-da, KWÇ-ä tarap ýeldirilipdir.
Elbetde, Allahyň özi kuwwat berýändir-dä, Gurt aganyň garaçyny bilen, ýüreginden syzdyryp aýtmagyna görä, egerde bir zady yhlas bilen ýüregine berk düwse, şol wagt adama bir ýerden şeýle bir güýç, gaýrat, batyrlyk gelýä diýýä, gorky-ürki, ölüm diýlen zat dagy asla ýadyňa-da düşenokmyşyn. Edil dostuňka oturylyşyga ýa oba arasynda biriniňkä toýa barýan ýaly kalbyň joşgunly a-arkaýyn gidip barýamyşyň.
Gurt aganyňam öz içki güýji, gujur-gaýraty şonda şolar ýaly derejä ýetendir-dä, bärden başyny dik tutup barşy ýaly «blatnoýlaryň» gapysyny bat bilen depipdir. Zarba gören işik serpilip açylypdyr. Baragyň ortarasyndaky boşlagrak ýerde goýlan ýasama, agaç stoluň başynda kimsi kart, kimsi şaşka, kimsi narda oýnap, çilim tüssesinden ýaňa alaburugsy bolşup oturan «blatnoýlaryň» barysynyň ýüzi gapa tarap gönügipdir. Gurt aga gözleri düşendenem, «gürre» örüpdirler. Hatda naralaryň üstünde arkan düşüp, garynlaryny sypalaşyp ýatanlara çenli «gürpde-tarp» böküşip aşak düşüpdirler-de, Gurt aganyň daşyna halkalaýyn aýlanyşypdyrlar. Yzynda-da adam bar bolaýmasyn, diýen gorky bilen, boýunlaryny süýndürişip, Gurt aganyň üsti aşyry şemalyň badyna henizem «jy-yk-jy-yk» edip, hallan atyp duran gapa tarap, gözlerini tegeleşip seredişipdirler. Hiç kimiň ýokdugyny bilenlerinden soňam birneme ekizlenipdirler-de, haýal-ýagalraga-da hereket geçip ugrapdyrlar.
Gurt aga olardan «Ýartygulagy» sorapdyr. «Ýöne, ol menden ejiz. Şonuň üçinem, üstüme şolar ýalydan ýene-de üçüsini goýberseňizem men kaýyl ― diýipdir. Ellerini açyp görkezipdir. ― Ýaragym ýok. Üýşüp çozsaňyz welin namartladygyňyz bolar».
Olar şonam edibilmändirler. Bileleşip hüjüm etmek üçin halkany barha gysypdyrlar. Şol gelişlerine-de, elleri bilen naralaryň üstündäki düşekleriň gatlaryny sermeleşip pyçakmy ýa şoňa meňzeş bir zatlarmy gözleýän ekenler.
Merde-mert diýmek gerek, öň atam babatda nähili namart hereketler edenem bolsa, şol gezek Ýartygulak özüni merdemsi alyp barypdyr. Uklap ýatyr ekenimi ýa bir söý bilen Gurt aganyň geleninden bihabar galypmy, birdenkä tördäki naralaryň birinden onuň «Degmäň! Ol meniň üçin gelendir. Siz aýrylyň! Çekiliň bir gyra! Goşulmaň! Özüm çözlüşerin...» diýen sesi eşidilipdir. Sesiniň yz ýany özem görnüpdir. Uruş wagty oýlanara-öwrülere maý bolar ýaly tese-tese ortadaky boşlagrak ýere golaýlan Gurt aganyň çat maňlaýyna geçibem iki elini bykynyna urup durşuna: «Men höwün ikiňize-de aýtdym dämi, siz maslyk, diýip? Şol diýenimi ederinem ― diýipdir. Garşydaşynyň howuny basmak üçin sowuklaç ýylgyrypdyr. ― Bolsa-da batyr kişi ekeniň, gorkman ýeke özüň geläýipsiň... ― Ol bir ädim öňe süýşüpdir. Gara dagyň bölegi ýaly üstüne abanyp duran Gurt aganyň alkymyna dykylypdyr. Daraklygyna galyp, süýem barmajygyny onuň köşegiňki ýaly balkyldap duran ullakan, gara gözlerine tarap çommaldypdyr ― Tebe hana!..
Nireden çykdy, kimden çykdy, belli däl, göz açyp-ýumasy salymyň içinde onuň elinde şo-ol öňküsi ýaly, ýöne başga bir tros peýda bolupdyr. Hä diýmänem, ujy ýumruk ýaly tommaý gurşun «şuw-şuw» edip Gurt aganyň depesinde aýlanmaga başlapdyr.
Gurt aga mähnet penjeleri bilen ýüzüni-gözüni gorapdyr. Entek iş bitirip ýetişmänkä Ýartygulagyň trosly elinden tutaga-da, «güjürdedip» tirseginden towlapdyr. Eýesi «waý» diýip ýetişmänkä, tros «pat» edip ýere gaçypdyr. Gurt aga pursady sypdyrmazlyk üçin ilk-ä girdenegiň içine çöwüpdir, iki büklen bolup aňyrsyna öwrülendenem türresine depipdir, ýumrugyny goşalandyrybam çüwdesine r-ras bir ýelmäpdir welin, Ýartygulak guran gurbaga ýaly gol-gol, but-but, ýere ýazylyp ýatyberipdir. Gurt aga şondan soň hüjüm etmesini goýaýjagam bolupdyr-da, atamyň bolup ýatyşy göz öňüne gelip: «Gel-aý, şuňa dözmezçilik etmäýin-le» diýipdir. Baryp, ýüzin ýatan girdenegiň boýnunyň çykan ýerinden ädikli aýagy bilen basyp, agyr ökjeleri bilen towlap, mazaly mynjyradypdyr. Agzyny ýer garbadypdyr. Gan diýeniň dagy burnundan «zogdurylyp» akypdyr. Hernäçe dyrjaşsa-da, biline urlan gaýyň ýaly ýerinden galyp bilmändir. Hä diýmänem hereketden galypdyr.
Gurt aga-da diňe şondan soň öz hüjümini bes edipdir. Girdenegiň üstüne abşarylyp durşuna, «blatnoýlaryň» ýüzlerine ýeke-ýeke seredip: «Ýene kim?» diýipdir.
«Şol wagt şol sözem men hökman aýdaýmalydym ― diýip, Gurt aga ýene-de wakanyň arasyny kesip, dädeme düşündiriş berdi. ― Aýtmadyk bolsam, onda özümi etmeli işimi doly ýerine ýetirmän gaýdan adam hökmünde duýardym.
...Ýaňky sözi aýdaýdan soň Gurt aganyň üstüne «blatnoýlaryň» dördüsi birden gaýdypdyr. Göze görnüp duran uly bir şikes ýetirip bilmese-de, garaz, çarwa urşuny edip Gurt aga olaryň dördüsinem yza-ha serpikdiripdir.
Şol wagtam Ýartygulak özüne gelipdir. Zordan boýnuny galdyryp: «Degmäň ― diýipdir. ― Ol mert uruşdy. «Goý, gitsin. Goýberiň...»
Ol ýene-de özünden gidipdir.
«Blatnoýlar» assa-ýuwaş gaýra-gaýra çekilişipdirler.
Gurt aga gitmäge hyýallanandanam ýokarky naralaryň birinden kimdir biri gaty hem agyr zat bilen çignine «gülçüldedip» bir ýelmäpdir welin, öz-ä: şol kibtim gaçandyr öýtdüm, diýdi.
Urgy ikinji gezegem gaýtalanypdyr. Ýöne, onuň niresine degenini, haýsy tarapdan gelenini bilenok. «Bir-ä ellerimi serip, öňe tarap entirekläp barýanymy, birem gapynyň «jarka» açylyp, birtopar adamyň ala-goh bolşup içeri girenlerini, maňa tarap süssenekleşip gaýdanlaryny bilýän, megerem ölýän bolsam gerek, diýip pikir edenimem bilýän, başga zat bilemok...» diýmek bilen, Gurt aga şol gezek özüniň uruşly gürrüňini tamamlady.
...Ol gijäniň bir wagtlary, öz baraklarynda özüne gelipdir. Gözüni açsa gapdalynda Reşit aga özüniň üç-dört sany şägirdi bilen gümür-ýamyr edişip otyr.
Başujunda-da atam. Ýetişibildiginden doga okaýamyşyn. Essinden gidip barýaka gapydan «güpürdeşip» girenleriň Reşit aga dagy ekendiklerinem Gurt aga şondan eşidipdir.

***

...Şol günüň ertesi ýene-de «razborka» bolupdyr. Gelnen netije şeýle: Ýartygulak ― onuň çyn adyny Gurt aga ýadyna salybilmedi ― günäkär. Çünki, şondan üç-dört gün öňki çignem onuň özi çöşüpdir. «Naçalnikler meni «perekowkaçy» hökmünde wagtyndan öň öýüme goýbermekligi wada berip durkalar men siziň bäş manat muzduňyzy başyma ýapaýynmy? Gowusy gitmänkäm arymy alyp, içimi bir sowadaýyn» diýipdir-de, hiç kime gulak asman atamyň üstüne gidiberipdir. Şeýdibem bulaşdyrypdyr. Galan zat öňki-öňkülik. Gerek diýse gulak üçin muzd tölenjek. Gurt Esenow ikinji gezek, nähak ýenjilen Nazarowyň aryny almak üçin gelipdir. Hiç haýsam degmedige degen adam däl. Mejbury urşanlar...
Şondan «blatnoýlar» naçalnikleriň görkezmesi boýunça-da hiç kime, ilkinji nobatda-da Mämmet Nazarowa azar bermezlige söz beripdirler. «Hudaýyň gullugynda gezip ýören adama yza bermeklik Hudaýyň garşysyna gitmeklikdir» diýen düşünjäni özlerine ýörelge edinipdirler.
Şeýle ylalaşykdan soň, Ýartygulagam «muzdly» meseleden ýüz öwrüpdir. Naçalnikleriň gepine gidendigini, ýalňyşandygyny boýnuna alypdyr.
Olar biri-birleri bilen elleşip, dostlarça hoşlaşypdyrlar.
Gaýdyp gelýärkäler Reşit aga Gurt aga ýüzlenip: «Men ýene-de aýdýan, özbaşdak hereket etme. Gyzza-gyzza gelende ýolbaşçylaram olaryň arkasyny alarlar. Bolgusyz zat üçin sud edip, ýylyňy köpelderler. Sebäbi bular şolaryň buýrugyny berjaý edip ýörler» diýipdir.
Şol günüň ertesi hakykatdanam: «urşupsyň, düzgüni bozupsyň» diýen bahana bilen, Gurt agany on günlük «izolýatora» salypdyrlar. Üstesine trosam şonuň boýnuna atypdyrlar.
Atamy bolsa «Ýartygulagyň» özi şikaýat etmedigem bolsa, «Sen bir adamyň gulagyny goparypsyň. Iýipsiň. Sen adamhor» diýip, «izolýatordanam kän esse aýylganç «karsere» dykypdyrlar.
Ikisine-de: «Sud edip, oturmaly möhletiňizi uzaldarys» diýipdirler. Ýöne, «Ýartygulagyň» sözünde berk durup, hiç hili arza-şikaýat ýazmandygy sebäpli, o diýenlerini edip bilmändirler.
Atam welin, karserden gelensoňam öňküje hereketlerini dowam etdiripdir. Oňa hatda Reşit aganyň ýalbar-ýakarlaram kär etmändir.

22.

Muňa uçursyz kejigen Baçinskiý, atam üçin, lager şertlerinde, hatda türmelerde hem ulanylmaýan, asla ulanylmasy gadagan, diňe SIZO-larda, güman edilýänleriň günälerini boýunlaryna goýmak üçin, onda-da bikanun ýagdaýda, aşaklyk bilen, gizlinlikde ulanylýan, öňkülerine görä has ýowuz, beden taýdan yza beriji, gynaýyş çärelerini ulanmaklygy ýüregine düwüpdir.
...Şol wagtlar atam dagy indi Sibiriň ikinji gyşyny gyşlap ýör ekenler. Zonanyň günorta çetindäki zir-zibil taşlanýan, hiç kimiň aýak sekmeýän ýerinde bir gün Baçinskiý konwoýlara bir, çepiksije adam dikligine, onda-da zordan sygaýar ýaly çukur gazdyrypdyr. Agşam bendileriň ýatar wagty bolandanam, Saşogy iberip, atamy şol ýere eltdiripdir. Özi barmandyr. Görünmändirem. Saşogyň ýanyna ýene bir konwoý goşup, olara etmeli işlerini düşündiripdir. Konwoýlar atamy hatda elem gymyldamaz ýaly ýagdaýda, eginlerinden basa-basa, zor bilen diýen ýaly çukuryň içine dykypdyrlar. Ýagny, sowuk toprak bilen gundapdyrlar. Boýy kelte bolansoň, gazan çukurlary uzynrak bolupdyr-da, görgüliniň hatda kellesem görünmändir.
Saşok dagy ony tä ertire çenli garawullamaly bolupdyrlar. Uzynly gije, aram-aram, çukuryň içinden atamyň güňleç sesi eşidilip durupdyr. «Allahu-akbar...» Ýöne, ol ses gitdigiçe peselmek bilen bolupdyr.
Atamyň düşen gününden Gurt aga bihabar galypdyr. «Soraga çagyrdylar» diýensoň gijiräge çenl-ä gaty bir gaýgam etmändir, şondan soň welin gijäni çirim etmän geçiripdir. Ýene-de «izolýatora» ýa «karsere» äkidendirler diýen gorkam kellesine gelmän durmandyr.
Ertesi irden, konwoýlaryň Saşokdan beýlekisi gelip, oňa: «Seni naçalnik çagyrýa» diýipdir. Özi bilen gitmegini talap edipdir.
Emma, konwoý ony naçalnigiň ýanyna däl-de, düýbünden başga tarapa alyp gidipdir. «Gyşyň güni, üstesine-de daňdan bolansoň howa şeýle bir sowuk, eşiklem bolsaň çydar ýaly däl. Hakyt bagryňdan geçip barýa... ― diýip, Gurt aga şol elhenç güni gözi bilen gören adam hökmünde öz agzy bilen suratlandyrdy. ― Baraklara çekilen simler dagy burjy baglaşyp, ululy-kiçili, ujy çiş buzemjekler sallanyşyp durlar. Tilagaçlaryň ýüregedüşgünç «hüňňüldileri» töweregiň içgysggynç görnüşini bolşundanam beter has gussaly görkezýär. Ýer doň. Şol ýagdaýda-da bir janly adam topraga gömülgi. Gözüň görmese ynanar ýalam däl. Görsem, görgüliniň kellesinde gulakjynam ýok ekeni. Çukura saljak wagtlary gaçypdyr-da, şonam alyp kellesine geýdiräýmändirler. Gapdalynda gyraw baglap ýatyr. Saşogam tüpeňiniň ujuny Mämmediň depesine çenäp bir zatlar diýýä. Haýbat atýa... Gyssaýa. Soň görüp otursam: «Çukurdan çykarsaňyz gaýdyp namaz okaman» diýdirjek bolýan ekeni. Çünki, Baçinskiý oňa: «Şeý diýse göni meniň ýanyma eltäýiň» diýen ekeni... ― Şol waka hut şol wagt bolup geçip duran ýaly, Gurt aganyň ýüzi-gözi erbet çytyldy. Gorkunç görnüşe girdi. ― Şeýle bir gaharym geldi welin, Mustapa beg, ynansaň süňňümi saklap bilmän saňňyldap durun. Gepläbem bilemok. Dogry, biz her hili naýynsapçylyklary görýädik, ýöne, olar ýaly edrenç jeza görmändik. Birdenem dilim açyldy-da, hem orsça, hem türkmençe, bildigimden agzyma gelenini aýtdym. Sökdüm. Konwoýlaryň welin-ä piňlerine-de däl. Mämmediň halyna gynanmakdan geçen, gaýtam Saşok dagy: «Uzynly gijäni daşyndan aýrylman ukusyz geçirip, halys doňduk. Dawaý, sprosi, on budet eşýo sowerşat namaz?.. Pust skažet «net» i wsýo wmeste poýdýom...» diýip, öz aladasyny edýä.
Men bardym-da, Mämmediň kellesiniň ýüz tarapynda çommaldym. Görsem gözleri ýumuk. Ölendir öýtdüm. Dagrymy aýtsam onuň şol wagtky görýän tükeniksiz azaplaryndan ölüp dynaýanyny kem görmedim. Ýöne, ol meni uzak begendirmedi. Aýazdan ýaňa jaýryk-jaýryk bolan dodaklaryny gymyldatdy. Tamşanan ýalam etdi. Geplejek boldumy nämemi aňyrsyndan «hyjyr-hyjyr» ses çykdy. Adyny tutdum welin, «iňledi». Çalaja çyzylan gözlerini ümezledip: «Gu-urt, şulara aýt, ýüzümi kybla tarap öwürsinler-le, ýogsam namazymy ters tarapa bakyp okamaly bolýan...» diýdi.
Konwoýlara, onda-da Saşoga gepimiň ötmejegini-hä onsuzam bilýädim welin, ýöne şol ýagdaýda-da şeý diýip duransoň onuň özüne näme diýjegimi bilmän kösendim. Çünki, şol çaka çenli men oňa aýtjak zatlarymyň hemmesini aýdyp bolupdym. Men indi onuň her bir sözüme näme jogap berjegine çenli bilýädim.
Şeýle-de bolsa, her zat etmelidim, gerek bolsa ýalan sözlemelidim welin, iň bolmanda, şol gezeklikçe ony halas etmelidim, çukurdan çykarmalydym. Baraga eltmelidim. Nädibem bolsa aýaga galdyrmalydym.
Şonuň üçinem men Mämmet bilen birki agyz gümür-ýamyr eden boldum-da, Saşoga: «Büý-ä siziň diýýäniňize razy» diýdim.
Gurt aganyň bu sözüne konwoýlaryň ikisem begenipdir. «Da? serýozno? Wot ty, Kurd molodes» diýip, Saşok dagy duran ýerinde «diriň-diriň» böküpdir. Ikisi iki ýerden «alahasyrdy» bolşup, atamy çukurdan çykarypdyrlar.
Atam Gurt aganyň kömegi bilen, çukurdan çykarylan tümmejik gumuň üstünde çommalypdyr. Ýöne, uzak oturybilmändir. «Hudaýa şükranalyk getirip ýetişmänkä essi aýylypdyr-da, bir tarapa agyp gaýdypdyr.
Gurt aga ony bu gezek çaga göteren ýaly goltugyna alyp gidipdir. «Edil harsaň göteren ýaly. Buzgarakesek. Ondan göterilýän sowuk tebte men şonda howanyň aýazyndanam beter üşedim...» diýip, Gurt aga gürrüňiniň şol ýerini aýratyn tekrarlady.
«Hoş habary» basymrak buşlamak üçin Saşok şol ýerden göni Baçinskiniň ýanyna ylgapdyr. Ýoldaşy dagy ýykylyp-sürşüp, käte emedekläp, onuň at gaýtarym yzyndan barýa diýýä.
Naçinskiý Saşoga: «Aýak üstüne doly galandan soň, Nazarowy terjimeçisi bilen bilelikde meniň ýanyma alyp gelersiň..» diýipdir.

***

...Şol gün Gurt aga-da işe çykmandyr. Gelen döwürleri, «perekowkaçy» bolmak maksady bilen pullaryndan galan bäş-üç manatlyk «bony» bar ekeni. Naharhanadan şoňa düşdügine görä, gyzgynjak, etli nahar, çaý getirip atamy naharlapdyr.
Elbetde, ençeme wagt bäri ezýet çekip ýören aç göwrä o zatlar gurp beripdir, ýöne yzgar gum, gyşyň aňzakly gijesem etjegini eden ekeni. Öýländen soň atamyň gyzgyny galyp ugrapdyr. Samrapdyr. Bir wagtlar ölüp giden dogan-garyndaşlarynyň, atasynyň, dädesiniň, ejesiniň adyny tutupdyr. Hudaýy çagyrypdyr. «Allahu akbarynam» ýadyndan çykarmandyr. Birdenem: «Ennewül, Ennewül... Mustapa... Omar... Osman...» diýip, gykylyklap başlapdyr. Kimdendir birinden Şanazar daýymy, Begnazar daýymy sorapdyr... «Gu-urt, Gu-urt» sen nirede? Sen bir çyk-a çukurdan...» diýipdir. Laky-tak durandan soňam güllerini, dor atyny ýatlapdyr. Ahyram özi ýadap özi goýupdyr. Usurgapdyr...
Gurt aga tamakinçilik bilen ýene-de «Lazerete» gidipdir. Iň bolmanda ýekeje düwür gyzgyn gaýtaryjy derman bermeklerini haýyş edipdir. Ýekeje «bony» galan ekeni, hatda şonam hödürläpdir, bolmandyr. «Hiç zat ýokdan» başga söz eşitmändir.
Egerde, Reşit aganyň şägirtleriniň arasynda Gaalbaatyr atly bir tibetli, tebip ýigit bolmadyk bolsa, onda atamyň şol gezek ähli azaplardan dynaýmagam ahmal ekeni.
Gaalbaatyrda-da üýtgeşik bir üýşüp ýatan däri-derman-a ýok ekeni, ýöne, garaz, galan-gaçan ot-çöpleri, owkalamak, maşk etdirmek usullary arkaly alyp çykypdyr.
Bir hepdä golaý ýatansoň atam özüni dürsäpdir. Ýarawsyzlygy zerarly sypdyran namazlarynyň kazasyny okapdyr.
Bu ýagdaýy Saşok günübirin Baçinskä ýetiripdir. Ol öň sargap goýşy ýaly, atamy Gurt aga bilen bilelikde alyp gelmekligi buýrupdyr.
...Barypdyrlar. Gapydan girişleri ýalam ýüzüni ýerden galdyrman oturan naçalnik atama degişli edip, bilniksiz dostanalyk we ylalaşyga geliji äheňde: «Ýeri, bendi Nazarow, nähili? Işe çykýaňmy? Omalak-çomalagyňy goýýaňmy?» diýipdir.
Gurt aga terjime edipdir. Atam egnini gysyp, gözlerini gypyrjakladyp oturyşyna: «Men işden basylamok, girižžan neçennik. Namazyma, namazlygyma degmeseler işe-de çykaryn, işärinem...» diýipdir.
Gurt aga onam bolşy-bolşy ýaly terjime etmeli bolupdyr.
Baçinskiý birdenkä üýtgäpdir. Gözleri bolşundanam beter çerrelipdir. «Hany, höwün konwoýlara neme diýipsiň-ä... eto samoýe... gaýdyp ýemetmen diýipsiň-ä... ― Ol usullyk bilen ýerinden turupdyr. ― Ýa aldadyňmy? Ýalan sözlediňmi? Şu wagt bir sypaýyn, soňunam görübiris, diýdiňmi? ― Soň ol allaniçiksi bolup Gurt aga seredipdir. ― Ýa seň tapyp ýören pyrryldaklaryňmy bi?»
Gurt aga gyssanjyna: «Çykar, çykar, Mark Lwowiç, çykar. Işe-de çykar, namazynam goýar. Ýöne, bu wagt birneme ýarawsyzrak. Düýnkide erbet üşäpdir. ― Gurt aga syýasat üçin düýnki wakany konwoýlardan görýän hökmünde gürläpdir. Konwoýlara aýdyň, gaýrat etsinler-de, indikide beýtmesinler. Özüňizem azajyk maý beriň... Gowy gutulandan soň...»
Bolan işi özünden görmeýändikleri üçin Baçinskiý Gurt agadan «hoş» bolupdyr. Ýöne: «Egerde şol zatlaryň menden ýetýändigini bilmese Nazarow gorkmazam, namazynam goýmaz» diýen pikirem beýnisinde döräpdir-de, hiç ynjalyk bermändir.
Şonuň üçinem ol ilk-ä Gurt aga tarap owsun atypdyr, soňam tigirlenip gaýdypdyr-da, onuň çat maňlaýynda saklanypdyr. Atama bakan baş atyp ýüregindäkini dile getiripdir. «Maňa seň mynyň işe çykany ýa çykmany gyzyklandyranok! Çüýrük kartoşka kaýyl bolsa çykman geçsin! Maňa muň namazyny goýany, dini terk edip dogry ýola düşeni gerek! Sen oňa aýt: goý, ol Hudaýa däl-de, kommunizme ynansyn! Kurana däl-de, markizme uýsun! Haýsydyr bir «şarlatan» Muhammedi däl-de, Lenini, Stalini özüne pir saýsyn. Kommunistik partiýanyň ideýalaryna sežde etsin... ― diýip, ulyili bilen gygyrypdyr. ― Men indi onuň bilen düýbünden başgaça gepleşerin! Öňki gören görgüleri dagy gözüne gülzarlyk bolup görner ýaly ederin. ― Şondan soň ol keltejik aýaklary bilen ýer depipdir. ― Indi bolsa güm boluň ikiňizem şu ýerden! Perewediş potom... No, smotri, toçno perewedi!..».
Sag-aman sypandyklaryna şükür etdigidir-dä, gapydan çykyşlary ýaly atam: «Allahu akbar...» diýip, pyşyrdapdyr.
«Şonda Mämmediň bolup ýörşüne meniň ilkinji gezek, onda-da juda erbet gaharym geldi...» diýip, Gurt aga gürrüňiniň arasyny kesip, bize garaçyny bilen şikaýat etdi. ― Lägiriň içinde musurman kändi, ýöne, onuň ýaly beýdip, amanadyny orta goýup, kiçijik göwresi bilen ullakan döwletiň garşysyna gidip ýören ýokdy. Her kim ýagdaýa görä bolýardy, sag-aman yzyna dolanyp barmaklygyň aladasyny edýärdi. Bu bolsa... ― Gurt aga aşak bakyp esli wagt dymyp oturandan soň başyny ýaýkap, ahmyrly ýylgyrdy. ― Ýöne ine, indi-indi pikir edip otyryn welin, şuňky dogry ekeni. Tihomirowyň aýdanlary rast ekeni. Şol ors ýaşulysy iňňän akylly adam ekeni. Uly il şol wagt diňe şol günki gününiň aladasyny eden bolsa, bu görgüli kyýamatynyň, ahyryýetiniň aladasyny eden ekeni. Şol güni üçin däl-de, kyýamaty üçin göreşen ekeni. Beýle adamlar bolsa hemişe az bolýa. Mämmediň çeken azaplaryny çekmejek bolup, ýurduň aglabasy «tilkä» döndi. Ýalançy, kezzap boldy. Hudaýdan daş düşdi. Imanyndan aýryldy. Negözel gyzyl mugallymlar okuwçylaryny gara tagtanyň öňüne çykaryp: «Hudaý ýok diý!..» diýip, ýakasyndan silterledi. Diýmese her eline ýarty kerpiç berip burçda duruzdy. Galyň adam wezipesinden aýrylmajak bolup, atasyny, enesini jynazasyz jaýlady, öwlüýä gidip söýeriniň üstüne bir pil gum sürmäni özüne kiçilik bildi. Mämmet gör, ine, nämeleriň garşysyna göreşen ekeni? Özüni gör, nämelerden goran ekeni?.. Meniň bir gorkýan zadym bar, o-da: wagt geler, hökman geler, döwür, syýasat üýtgär, ine, şonda Mämmedi şolar ýaly güne salan adamlar Mämmetdenem öňürti üýtgärler. Aňlary üýtgemez, ýöne özleri, daş-keşpleri, hüý-häsiýetleri üýtgär. Täze syýasatyň çür başynda ýene-de şolar «hekgerişip» oturarlar.
...Şol gezek welin tä baraga barýançak Mämmet ikimizdenem ses-üýn çykmady. Gaty gaharymyň gelenini aňandyr-da, telim günläp golaýyma gelibilmedi. Baçinskiniň aýdanlarynam men oňa birnäçe günden soň terjime edip berdim. Jogabynam eşitdim: «Allahu akbar...»

***

Söz berşi ýaly, Baçinskiý atama jeza bermekligiň täze bir, has ýowuz çäresini oýlap tapypdyr.
Şaýatlaryny köpeltmezlik maksady bilen, ol ýene-de Saşok bilen onuň öňki ýoldaşyny ýanyna çagyryp, bir wagtlar içine duzlanan hyýar salnyp naharhana getirilen, indem onuň howlusynda haňlaşyp ýatan agaç çelekleriň birini araky çukur gazan ýerlerine eltmekligi, ujuny iç tarapyna edip diwarlaryna tikejiňki ýaly ýygy-ýygydan çüý kakmaklygy buýrupdyr. Taýýar bolandan soňam: «Ertir ir bilen, bendiler işe giderlerem welin, Nazarowy şol ýere eltiň-de, tä, garaňky düşýänçä çelegiň içine salyp, togalaň, ýöne, häzir boluň bir-ä ölmesin, birem hiç kim görmesin. «Toba gelýän» diýdigem maňa habar ýetiriň» diýipdir.
Saşok öz hojaýynynyň buýrugyny bu gezek öňküsindenem has döwtalap, uly höwes bilen ýerine ýetiripdir. Çünki, şol gün Baçinskiý ony öňki gezekkisi ýaly ýoldaşy bilen deň hukukly däl-de, onuň üstünden seredýän, ýagny, «starşiý» edip belläpdir.
Beýle uly derejäni Saşok entek ömründe görmän ekeni.
Elbetde, şonuň üçin bolmaly, Saşok çelege turuwbaşdan yhlasly çemeleşip başlapdyr. Agzyny dagy şeýle bir berk çüýläpdir welin, soň açmalydyram öýtmändir. Togalanda-da çelegi özüne alypdyr we aýagy bilen depip, has büdür-südür, opbul-topbulrak ýerlerden sürüpdir. Siltäpdir. Galtapdyr.
Beýleki konwoýyň ady Ýura ekeni. Ol çukura salnanda-da atama nebsi agyryp tas aglan ekeni. Ol bu gezegem Saşoga ýuwaşrak togalamaklygy haýyş edipdir. «Beýtme, içinde janly adam bar ahyryn» diýipdir.
Saşok onuň bu sözüne gülüpdir. «Aý, akmak! Şeýtseň bu agyrysyna çydaman basym gaýtmyşym eder, bizem işden basym dynarys-da irgözindenjik baragymyza gideris, hemem naçalnigiň öňünde iş bitiren adam borus. Üstesine, bu basurmanyň özüne-de bähbit bor, basym azapdan dynar. Ýuwaş togarlasaň welin, sallançak üwrän ýaly meýmiräp uklap galar, soň turuzybam bolmaz. Ine, onsoň ikimiziňem elimizden ýaragymyzy alarlar-da ýa-ha şahta salarlar, ýa-da tokaýa sürerler...» diýipdir.
Onuň aýdanlary göwnüne jaý görnendir-dä, Ýura böwrüni diňläpdir. «Birine ýagşylyk etjek bolup, özüňi zyýana goýmak dogrudanam akmaklyk bolaýmasyn» diýip, oýlanypdyr. Saşa ýaly o-da şeýtanyň alyna gidip ugrapdyr.
Ýöne, zandyňa guýlan häsiýetden gaçyp gutulyp bolýamy näme? Ýene-de adamçylyk üstün çykypdyr. Ol öz gezeginde çelegi ýuwaş tigirläpdir. Özem Saşok ýaly aýagy bilen däl-de, eli bilen, onda-da emaý bilen togarlapdyr. Ýaşuly «çykaryň» diýip gygyrýan bolaýmasyn, diýen umyt bilen arasynda çelegi saklapdyr, gulagyny goýup diňläpdir.
Nobat ýene-de Saşoga ýetipdir. Ol ýene-de çelegi «haýdadyp» başlapdyr. Göterip-göterip ýere uraýasam gelýän ekeni-de, güýji ýetmeýän ekeni.
Hä diýmänem, çelegiň içinden «hykgyldy» eşidilip başlapdyr. Her gezekki «toňkuldydan» soňam atamyň bütin lagere ýaýran, şol bir meşhur sözi eşidilipdir. «Allahu akbar».
Ýuranyň gözlerine ýaş aýlanypdyr. Gaşlaryny çytyp, ýüzüni bir gyra sowupdyr. Saşok bolsa içiniň ýangynjyna çelegi öňküsindenem beter güýçli depip başlapdyr.
Birdenem çelegiň yşlaryndan gan görnüpdir. Toprak üzre yz galdyrypdyr. Bu ýagdaý hatda Saşogam üýşendiren borly, ol Ýura garap bir zatlar diýişdiripdir-de, göni Baçinskiniň oturýan ýerine tarap ýumlugypdyr. Sähelçe wagtdanam ony yzyna tirkäp gaýdyp gelipdir. Ölendir öýdendir-dä, gelende Baçinskiniň ýüzi Saşogyňkydanam howsalaly ekeni. Diňe çelegiň gapagyny aýyrdyp, atamy çykaranyndan soň kanagatlanma bilen uludan demini alypdyr. «Lazarete eltiň, häzir menem barýan» diýipdir-de, özi bir ýana sumat bolupdyr.
Konwoýlar endam-jany eleme-deşik bolan atamy süýrekläp «Lazarete» eltenlerinde, Baçinskiý eýýäm onuň öňündäki agaç basgançaklaryň üstünde aýagy bişen ýaly iki ýana zowzuldap» ýör ekeni. Atam barada görkezme berýän bolsa gerek, ol barmagyny baş wrajyň maňlaýyna diräp bir zatlar diýýän ekeni. Öň ýekeje düwür derman bermeýän, asla gapysyndanam goýberilmeýän adam, gözi düşenden atama tarap ylgap gaýdypdyr. Konwoýlara kömekleşipdir. Içeri salşypdyr. Aýratyn bir palatada ýerleşdiripdir.
Garaz, buýruk ýokardan bolansoň, ýaralaryna çalar ýaly çalgam, sarar ýaly sargam, içer ýaly dermanam tapylypdyr.
Hiç kime ýüz bermän, diňe naçalnikler bilen «hikirdeşip» ýören iki sany «jyrtbizzigräk» şepagatçy uýalaram ellerinden zat gelse-gelmese gaýmalaşyp, atamyň daşyndan aýrylmandyrlar. Bir garyp görgülä näme üçin beýle elmaýyşlyk edýändiklerine welin özlerem düşünmändirler.
Hysyrdylar doly tamamlanýança, Baçinskiý olaryň ýanlaryndan aýrylmandyr. Gitjek wagtam baş wraja şeý diýipdir: «Aýak üstüne galdyrmaly!.. Kim sorasa-da: «Endamyna, düwürtik örýä...» diýmeli. Tä, gutulyp çykýança ýanyna adam goýbermeli däl!.. Ýasno! Wsýo!»
Elbetde, Baçinskiý üçin atamyň gutulanynyň ýa jan bereniniň parhy ýok! Ol onuň üçin çekinenok. Ýöne, başda öz öňünde maksat edip goýşy ýaly, ol ony öldürmeli däl-de, ýeňmeli. Mugyra getirmeli. Şonuň üçinem, atam oňa «lepbeý» diýip, duran halda, diri gerek. Şeýle hem, eger-de bendilere nähak azar berýändigi barada üstünden arza düşse ýa ýokardan barlagçy gelende şikaýat edilse, naçalnikleriň özleriniňem jogapkärçilige çekiläýdikleri bolýan ekeni. Ine, şondan welin, ol az-küş çekinýän bolmaly. Şonuň üçinem ol atam babatdaky ähli hereketlerini ogryn edýän bolmaly.
Emma, şolar ýaly gizlin, dowzahy çärelerini hernäçe güýçlendirse-de, atam oňa: «Näme diýseň kaýyl boldum, meni mundan artyk gynama» diýmändir.
Bu bolsa Baçinskini hasam kejikdiripdir. Hasabyny bulaşdyrypdyr. Täze-täze jeza çärelerini oýlap tapmaklyga hyjuwlandyrypdyr. Atama bolan ýigrenjini artdyrypdyr. Nädip ony öz öňünde iki büküp boljakdygy barada gije-gündiz pikir edipdir.

23.

Reşit aganyň şägirtleri KWÇ-ä ýygnanyşyp, ogrynça Kurany Kerimi, Injili, Töwraty, Buddanyň hekaýatlaryny, Hindi wadalaryny, Krişnaçylyga degişli mukaddes ýazgylary, tapdyklaryndan Mahabharatanyň böleklerini gezek-gezegine okaşýan, terjime arkaly bir-birleri bilen düşünişýän ekenler.
Çünki, olaryň arasynda ýeke bir musurmanlar ýa hristianlar däl-de, musaýylaram, buddaçylaram, hatda krişnaçylaram, iňlis interwensiýasy döwründe Hindistandan Orta Aziýa gelip, bir sebäp bilenem ýesir düşüp basylan induslaram bar ekeni.
Şeýle ysnyşmak arkaly, olar dürli ýollar bilen barýanam bolsalar dinleriniň düýbüniň birdigine, ahyrsoňunda barysynyň Hudaýyň huzurynda duşuşjakdyklaryna düşünipdirler.
Şol düşünje hem olary gün-günden biri-birlerine golaýlaşdyrýan ekeni. Özleri-de bilmezden, olaryň göze görünmeýän, haýsydyr bir äpet güýje öwrülip barýan ekenler. Şol güýç bolsa, Gurt aganyň dädeme uly höwes bilen düşündirişine görä, hemme dini bir dine, bir Hudaýlylyga öwürmek höwesinden ybarat ekeni.
«Mämmed-ä o zatlara ünsem bermedi welin, men özüm dindar bolmasam-da, şol adamlarda ýakyn gelejekde ýer ýüzünde bolup geçäýmegi ahmal uly bir öwrülişigiň tymsalyny gördüm ― diýip, Gurt aga Reşit aga we onuň sopulary baradaky hususy garaýşyny mälim etdi. ― Olar biri-birlerine saýry göz bilen garanoklar, bir-birleriniň duýgularyny, ynam-ygtykatlaryny äsgermezçilik edenoklar, gyýa göz bilen garanoklar. «Öwrülişik» diýýänim bolsa, egerde olar şol duýgy ― düşünjelerini ösdürip, maksatlaryna ýetip bilseler, ýer ýüzünde bir din bolar. Adamzat dini çaknyşyklar zerarly bolýan uruşlardan, dawa-jenjellerden dynar, diýen pikir kelläňe gelýär. Ol pikir bolsa aýlap-öwrüp- seni: belki, şonuň bilen birlikde dünýäniň ähli döwletlerini bir döwlete birikdirmek, barada hem oýlanmak gerekdir, diýen başga bir düşünjäniň üstünden eltýär...»
Sopularyň duýgy-düşünjeleri menem özüne çekdi. Tihomirow atly şol ýaşulynyň aýdanlary çyn bolup çykdy. Hudaýa ynam etdigimsaýy kuwwatym artyp, güýjüm köpelen ýaly boldy. Men şu wagtam dindar däl. Namazam okamok. Ýöne, Hudaýa bolan ynamymy ýitiremok. Sebäbi, bu ýerde-de kynçylyk az däl.
Lagerde welin...
Surnukdyryjy agyr zähmetden, dermansyz keselçiliklerden, horlukdan ýaňa adamlar halys ejizleýädiler, aljyrap namartlyga ýüz urýardylar, etmejek işlerine baş goşýadylar, biri-birlerini satýadylar, atýadylar, ynsaplarynyň garşysyna gidip, adamçylykdan Hudaýdan daş düşýädiler. Ýene şol Tihomirowyň aýdyşy ýaly, ol ýerden diňe Reşidiň şägirtleri kimin haýsy dinde bolsa bolsun, tapawudy ýok, Hudaýa ýüregi bilen berlen, onuň belent kada-kanunlaryny berjaý edýän, şeýle-de çaksyz mert we batyr adamlar öz adamkärçiliklerini ýitirmän, mertebelerini peseltmän baş alyp çykyp bilýädiler. Hudaýyň ýörelgelerine laýyk gelmeýän hereketleri etmeýädiler.
Beden taýdan şeýle ejizdigine garamazdan, Mämmedem özüni hut şol belent adamlaryň hatarynda, hatda olardanam has belent derejede alyp bardy. Ol özüniň tutuş zona boýunça iň bir mert adamdygyny ümsüm, batyrlygy, ygrarlygynyň, ygtykatynyň güýçlüligi, çydamlylygy bilen subut etdi.
Hudaýa gulluk etmekligiň artykmaçlyklaryna hut şonuň tymsalynda göz ýetirip, şoňa höwes edip, hut şol ýerde dine giren adamlaryň sanap çykardan köp bolandygyna, öň kim bolandyklaryna garamazdan, şolaryň hemmesiniňem iň bir belent mertebeli başlary buýsançly adamlara öwrülendiklerine-de men özüm gözli şaýat.
Ýöne, geň ýeri: ýüregi bilen däl-de, diňe özüni goramak üçin, wagtlaýynça utuş gazanmak üçin, dine girýän çemeçilleriň ýalandan edýän ygtykatlaryny Hudaý kabul edenokdy, gaýtam, özüni aldap bolmaýandygyny subut etmekçi bolýan ýaly, bu gün bolmasa ertir olary hökman öz gazabyna duçar edýärdi. Goramaýardy.
Mämmedi we Mämmet ýalylary welin goraýardy. Her hili belaýygerdanlardan sowýardy, iň bir agyr şertlerdenem alyp çykýardy.
Hut şonuň üçinem olar köpelýärdiler, Reşidiň ýolbaşçylygynda jebisleşýärdiler, güýçlenýärdiler, hä diýmän KWÇ-den çykyp bütin zonany doldurjaga, onuňam çäginden çykyp tutuş soýuzy, uzagyň ujundan bolsa goja zeminiň ähli yklymlaryna ýaýrajaga meňzeýärdiler.
Ýöne, agzybirlik bilen, iňňän seresap hereket edýärdiler. Mämmet zerarly menem şolaryň arasyndadym. Şeýle-de bolsa olar maňa: «Senem dine gir. Hudaýa mynajat et. Namaz oka ýa ýene bir zat...» diýip, azar bermeýädiler. Iňirdemeýärdiler. Öz hudaýhonluklaryny mazamlap, meni kemsitjek ýa özlerini menden artyk saýjak bolmaýardylar. «Adyny her gün gaýtalap ýörmeseňem, Hudaý seniň kalbyňda otyr, bendäniň çagasyny güýjüň ýetdiginden gorap ýörsüň, şonuň özem ýalkanmaga ýeterlik...» diýýärdiler.
...Howwa, olar örän seresaplydylar, ýöne, olaryň başarýan seresaplylyk derejesini başarmaýan, başaraýyn diýse-de başaryp bilmeýän, Tihomirowyň aýdyşy ýaly, ertir öljegine gözi ýetip duranam bolsa, şu günki iki rekat namazyny gaýra goýmajak bir adam bardy ― o-da Mämmetdi.
Ol Reşidiň göwni üçin üýşmeleňlere barýardy, ýöne, düýp manysyna düşünmeýärdi. Çykyş etmeýärdi, pikirini beýan etmeýärdi. Çünki, onuň öz uýan pikiri bardy. Şol pikir onuň üçin müdimidi, mizemezdi.
Hut şol özboluşlylyk hem onuň meşhurlygyny artdyrýardy.
Soňabaka hudaýhon «goja türkmen», onuň lager şertlerindäki özüni alyp barşy, dini-ygtykaty ugrunda naçalnikler bilen barlyşyksyz göreşler alyp barşy, tükeniksiz çydamlylygy baradaky buýsançly gürrüňler Sloweskiniň beýleki lagerlerine-de ýaýrady.
Bu bolsa şol ýerlerde-de Mämmede raýdaşlyk edip, öz dinlerine girýänleriň sanynyň artmagyna alyp geldi.
Diýmek, meniň çak edişime görä, Reşidiň şägirtleriniň taglymaty ýöne ýatanok, bu gün bu zonadan çykyp o zona ýeten bolsa, ertir ondan aňyrkylara-da ýeter. Soň...»
Категория: Romanlar | Просмотров: 29 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: