10:00
Ussat we Margarita -32/ romanyñ soñy
XXXII bap

GÜNÄ GEÇILMEK WE BAKY MEKAN

O, taňrylar, taňrylarym meniň! Agşam çagynda zemin nägadar gamgyn! Batgalyklaryň üstündäki duman nähili syrly! Muny diňe şu dumanda azaşan, ölüminiň öňünden köp jepalary başyndan geçiren, işbu zeminiň üstünden ahyry agyr ýük göterip perwaz eden adamlar biler. Muny ýaşaýyşdan ýadan adam biler. Şu sebäpli ol zemin dumanydyr onuň batgalyklaryny we derýalaryny asla gyýylman terk eder-de, özüni ajalyň eline hatyrjemlik bilen tabşyrar, çünki ol diňe ajalyň özüni köşeşdirjegini bilýär.
Jadyly gara atlar hem ýadadylar, indi olar haýal barýardylar, zulmat olaryň suwarylarynyň yzyndan kowup ýetipdi. Hatda dynuw-da, ýanuwsyz Begemot hem yzyndan kowup gelýän garaňkyny duýup, köşeşipdi, ol ýiti dyrnaklaryny eýere çümdirip, guýrugyny şemalda ýelpildedip, salyhatly, ümsüm uçup barýardy. Tün tokaýdyr ýaýlaglaryň üstüne gara ýaglyk ýapyp, hol aşaklarda gamgyn otjagazlary, Margarita hem, ussada hem indi gyzyksyz, zerur bolmadyk saýry otjagazlary ýakdy. Ine, tün suwarylardan hem ozup geçdi we olaryň üstüne zulmat eläp, mawy asmanyň kä ol, kä bu ýerinden ýyldyzlar peýda bolup, ak tegmilleri hasyl edip başlady.
Tün bardyksaýyn goýulaşyp, suwarylar bilen ýanma-ýan perwaz edip, olaryň donlaryny eginlerinden ýolup alyp, ýasamadygyny paş edýärdi. Şu wagt ýüzüni salkyn şemala tutup barýan Margarita gözlerini açyp, öz menziline uçup barýan bu atlylaryň tüýsleriniň üýtgäp başlandygyny gördi. Tokaýyň arkasyndan gyrmyzy reňkli dolan Aý suwarylara gujak açyp göterilip başlanda bolsa olaryň barça ýasama syrlary äşgär boldy, wagtlaýyn jadygöýlük lybaslary batgalyga gaçyp, dumana gark boldy.
Häzir Margaritanyň sag egninde, Woland bilen ýanma-ýan uçup barýan mahluga seredip, onuň aslynda terjimeçä mätäç hem bolmadyk syrly konsultantyň ýasama terjimeçisi Korowýew — Fagotdygyna ynanar ýaly däldi. Ýyrtyk sirk geýiminde Serçe depäni terk eden Korowýew — Fagota derek indi dok gyrmyzy reňk sowut geýen, ýylgyrmaýan ýüzi hemişe gamgyn syýa reňk rysar atyň altyn zynjyryndan ýasalan jylawyny mylaýym şykgyldadyp, ýelip barýardy. Ol eňegini göwsüne diräp, Aýa hem seretmän, aýagynyň aşagyndaky zemine hem perwaý etmän, özüçe nähilidir hyýallara gark bolup, Wolandyň ýany bilen perwaz edýärdi.
— Waý, nämüçin ol beýle üýtgedi — diýip ýuwaşja sorady Margarita, Wolandyň ýanyndan geçýän şemalyň sykylygyna ses goşup.
— Bu rysar bir wagtlar ýerliksiz oýun edipdi — diýip jogap berdi Woland, ýüzüni Margarita öwrüp — onuň bir gözi ýuwaş ýanýardy, — onuň nur we zulmat barasynda gepläp, döreden tejnisi (söz oýny) onça gowy çykmandy. Şondan soň ol öňküsinden artygrak we uzagrak degişmäge mejbur boldy. Emma bu gije aýny hasap-hesip gijesi. Rysar tölegini töledi-de, hasaby ýapdy!
Gün Begemotyň guýrugyny hem üzüp, bedeniniň tüýüni hem ýolup taşlady we olary edil saýgyç ýaly tüýdüp, batgalyklara seçip goýberdi. Zulmat soltanyň masgarabazy bolan pişik ýigide, arwah — mähreme, dünýäde deňi-taýy ýok oýunbaza öwrüldi. Indi ol hem şohlugyny taşlap, juwan ýüzüni Aý nuruna tutup, dym-dyrs ýelip barýardy.
Hemmeden bir gapdalda Azazello polat geýimini ýalpyldadyp uçýardy. Aý onuň hem ýüz keşbini üýtgedipdi. Onuň bigelşik, ýaramaz — bidowa aňňy dişi gaýyp bolupdy, gözüniň gyşyklygy hem ýasama bolup çykdy. Onuň iki gözi hem bir meňzeşdi, boşdy we gap-garady, ýüzi bolsa akdy hem sowukdy. Indi Azazello özüniň asyl tüýsüne — suwsuz çöl arwahy, ganhor ezraýyl tüýsüne giripdi.
Margarita özüni görüp bilenokdy, emma ussadyň näderejede üýtgänini anyk görýärdi. Ussadyň saçlary indi Aý nurunda agaryp, ýeňsesinde bir oram saça öwrülip, şemalda ykjap barýardy. Şemal onuň donuny uçyran wagty, belent gonçly ädiginiň ýyldyzsypat şporlary kä sönüp, kä parlaýardy. Ussat edil ýaş arwaha meňzäp, gözüni Aýdan aýyrman barşyna, oňa garap, özüniň iň ýagşy, köne tanyşyny gören ýaly ýylgyryp we 118-nji otagda öwrenen endigine görä, öz ýanyndan bir zatlary samraýardy.
Ahyry Woland hem özüniň hakyky tüýsüne giripdi. Onuň münen atynyň jylawy nämeden ýasalan diýip soralsa, Margarita aýdyp berip bilmezdi, şu sebäpden ony Aý şöhlesinden ýasalan zynjyr bolsa gerek diýip oýlanýardy, aty bolsa — goýy zulmatyň, üýşmegi, atyň ýalyny — bulut, suwarynyň aýagyndaky şporlary bolsa, ýyldyzlaryň ak tegmili diýip hasaplaýardy.
Olar şu zeýilde köp wagtlap ümsüm uçdular, ahyry olaryň aýak astyndaky giňişlik öz şekilini üýtgedip başlady. Ümsüm tokaýlar zulmat bagryna gark bolup, gylyjyň tygyny ýatladyp, göze çala görünýän derýalary hem özleri bilen bile alyp gitdiler. Pesde mahabatly tegelek daşlar ýaldyrap göründi, olaryň aralary Aý ýagtysy düşmänliginden gap-garaňkydy.
Woland at jylawyny çekip, ony üsti ýasy daşdepä gondurdy, başga suwarylar hem oňa eýerdiler; olaryň gulagyna at nallarynyň daş we çakmakdaşlara urlanlygy eşidilýärdi. Aý bu meýdanjagazy açyk ýaşyl nur bilen ýap-ýagty edipdi, şoňa görä, Margarita bir demden soň, bu guwlap ýatan boşlukda daş kürsüni we onda oturan başdan-aýak ak geýnen adamy gördi. Bu adam ýa ker, ýa-da juda çuňňur pikire gark bolan bolsa gerek. Nämüçin diýeniňde, atlaryň toýnagynyň astynda daşdepäniň lerzana gelenini hem duýmady, netijede suwarylar ony hiç teşwişe salman, ýanyna ýetip bardylar.
Aý iň ýagty elektrik fonaryndan hem ýagtyrak nur saçýanlygy sebäpli Margarita kürsüde oturan adamyň dynman aýallaryny bir-birine sürtýänligini, onuň sokur gözleriniň göni dolan Aýa dikilendigini gördi. Indi Margarita Aýyň ýagtysyna uçgun syçraýan agyr daş kürsüniň ýanynda ýatan gulaklary çüri juda haýbatly bir garamtyl iti we onuň hem öz eýesi ýaly Aýa biynjalyk bakýanyny synlady.
Oturan adamyň aýagynyň ýanynda döwlen küýzäniň bölekleri pytrap ýatyrdy, guramaýan garamtyl-gyzyl kölçäni görmek bolýardy.
Suwarylar atlaryny sakladylar.
— Romanyňyzy okap çykdylar, — diýip gep başlady Woland ussada öwrülip, — diňe bir pikir, gynansagam, roman soňlanmandyr diýdiler. Şeýlelikde men size öz gahrymanyňyzy görkezesim geldi. Ine, indi iki müň ýyla golaý wagt bäri ol şu meýdançada uklap oturýar, emma Aý dolup, göge galkanda, görüp dursuň, ukusyzlykdan ejir çekýär. Ukusyzlyk diňe oňa däl, onuň wepaly goragçysy — ite-de azap berýär. Gorkaklyk — iň ýaman häsiýet diýenleri dogry bolsa, bu babatda itde günä ýok, bu batyr köpek dünýäde diňe bir närseden — gök gübürdüsinden gorkýardy. Haý, ne çäre, söýen adamyň öz söýgülisiniň kysmatyna şärik bolmagy hem lazym.
— Ol näme diýýär? — diýip sorady Margarita we hatyrjem çehresinde ýüregi awama gamgynlygy peýda boldy.
— Ol mydam bir gepi tekrarlaýar — diýen Wolandyň sesi ýaňlandy, — Aýyň ýagtysynda maňa dynçlyk ýok, wezipäm — agyr iş diýýär. Ol oýa wagtynda mydam şu sözleri tekrarlaýar, uklan çagynda bolsa, hemişe bir närsäni — Aý nurundan ýasalan ýoly düýşde görýär; ol, ine, şol ýoldan ýöräp, ele salnan Ha-Nosri bilen söhbetleşmegi isleýär, çünki onuň takyklaýşyça, bir wagtlar, baharky nisan aýynyň on dördünji güni oňa aýtjak gepini doly aýdyp ýetişmändir. Emma, arman, şol aý-aýdyň ýola çykmak näme üçindir oňa nesip etmän gelýär, ýanyna-da hiç kes gelmeýär. Ine, şonuň üçin ol bialaç öz-özi bilen gepleşýär. Ýogsa-da nähilidir bir üýtgeşik täzelik girizilse gowy boljak, şoňa görä, ol Aý hakynda pikir edýän wagty, köplenç öz başynyň ölümsizliginden, şan-şöhratyndan zeýrenýär. Ýene: öz takdyrymy eleşän ykmanda Lewiý Matweýiň takdyryna höwes bilen çalşardym diýip takyklaýar.
— Bir wagtlardaky bir Aý üçin on iki müň aýdan ýüz öwürmek— juda köp dälmi? — diýip sorady Margarita.
— Ýene Frida wakasy gaýtalanyp başladymy? — diýdi Woland, — goýuň, Margarita, bu ýerde özüňizi alada goýmaň. Hemmesi ýazgytdaky ýaly bolar, dünýäň özi şeýle gurlan.
— Azat ediň ony, — diýip Margarita edil arwah bolan wagtyndaky ýaly birden jynssyz gygyrdy, bu sesiň onuň zarbyna dagdan daş gaýdyp, depelikden depelige urlup, gümmürdäp, düýpsüz boşluga gaçdy. Bu — düýpsüz boşluga gaçan daşyň gümmürdisimi ýa-da iblisiň gülküsiniň ýaňymy — owazymydy, Margarita aýdyp bilmezdi näme bolanda hem, Woland Margarita gülüp bakyp, şeýle diýdi:
— Dagly ýerde gygyrmak gerek däl, ol ýykylmaga werdiş bolandyr, şonuň üçin oňa perwaý hem etmeýär. Siz, Margarita, onuň tarapyny çalyp, haýyş edip azara galmaň, sebäbi başga adam, ýagny onuň çyny bilen sözbetleşjek bolup ymtylýan adamy, bieýýäm bu hakda haýyş edipdi, — şu gepden soň Woland ýene ussada öwrülip diýdi:
— Ine, indi siz romanyňyzy bir jümle bilen jemläp bilersiňiz. Daş kürsüde oturan prokuratordan gözüni aýyrman, sarsman duran ussat göýä şu gepli garaşýan dek iki aýasyny agzyna eltip, şeýle bir gygyrdy welin, sesiniň ýaňy bu adamsyz, agaçsyz takyr daglarda gaýta-gaýta tekrarlandy:
— Azat sen! Azat sen! Ol saňa garaşýar!
Daglar ussadyň owazyny gümmürdä öwürdiler we şu gök gümmürdisi daglary wes-weýran etdi. Nälet siňen gaýaly diwar ýykyldy. Diňe tekiz meýdança hem ondaky daş kürsi galdy. Diwar gaýdan gap-garaňky düýpsiz jaryň üstünde lowurdap, äpet bir şäher peýda boldy, onda näçe-näçe müň gezek gelip giden dolan Aýly gijeleriň dowamynda ösüp, kemal tapan şäher bagynyň üstünde dikelen butlaryň heýkelleri altyn dek öwşün atýardy. Prokuratoryň şunça wagtdan bäri intizar bolup garaşan şol aý-aýdyň ýoly göni şu baga tarap barýardy, gulaklary çüri köpek birinji bolup şol şöhle ýoldan ylgap gitdi. Işligi gyrmyzy, ak reda geýen şahs daş kürsüden turup, gyryljak ses bilen bir zat diýip gygyrdy. Emma onuň aglaýandygynam, gülýändiginem, näme diýip gygyranyny hem anyklap bolmaýardy. Onuň şol aýdyň şöhleli ýoldan öz wepaly goragçysynyň yzyndan ylgap gidenini gördüler, bolany.
— Men şonuň yzyndan şol tarapa gitmelimi? — diýip sorady biynjalyk ussat, atynyň jylawyny silkip.
— Ýok, — diýip jogap berdi Woland, — tamam bolan närsäň yzyndan kowmak nämä gerek?
— Onda, beýläkmi? — diýip, sorady ussat yzyna öwrülip, ýakynda öz terk eden haşamly minaraly monastyrlary bolan, öýleriniň penjirelerinde kuýaş döwük-döwük görnüşde şekilenen şäher tarapy görkezip.
— O taýa hem däl — diýip joagp berdi Woland, şonda onuň sesi goýulaşyp, gaýalaryň depesinde gümmürdedi, — hyýalbent ussat! Siziň häzir azat edip goýberen, ýagny öz döreden gahrymanyň bilen duşmak isleginde bolan adam romanyňyzy okady. — şondan soň Woland Margarita gaňryldy: — Margarita Nikolaýewna! Siz ussat üçin iň berkemal gelejek döretmekçi bolduňyz — biz mundan habarly şeýle-de meniň size teklip etmekçi bolan maslahatym, edil häzir siziň adyňyzdan siziň üçin Iýeşuanyň haýyş eden zady — ýene ýagşyrak. Olaryň ikisinem öz halyna goýuň, — diýdi Woland ussat tarapa eňilip, prokuratoryň ylgap giden ýoluny görkezip, — olara päsgel bermäliň. Belki, özleri bir dil tapyşarlar. — Şundan soň Woland Ýerşalaim tarapa seredip, elini salgady welin, ol söndi.
— O taýda hem, — diýip Woland arka tarapa yşarat kyldy, — näme bar şol podwalda? — Şonda penjirelerde şekillenip gelýän güneş parçalary söndi. — Näme geregi bar? — diýip dowam etdi Woland kesgin, emma mylaýym äheňde, — ah, hyýal, bent, romantik ussat, nämüçin siz ýaňy pyntyklap, gülläp üljeleriň aşagynda öz magşugyňyz bilen her gün seýil edip ýörmegi, gijelerine bolsa Şubertiň sazyny diňlemegi islemersiňiz? Nämüçin indi şemleriň ýagtysynda per galam bilen eser ýazmak size lezzetli dälmi? Indi siz Faust ýaly täze gomunkul ýaratmak umydynda retorta üstünde pikir ýöretmegi isläňizokmy? Şol tarapa, şol tarapa ýol alyň. Ol ýerde sizi öz öýüňiz, öýüňizde garry hyzmatkäriňiz garaşýandyr, ýakylan şemler basym söner, edil ýetip baran wagtyňyz daň şapagy sizi gujak açyp garşy alar. Ine, şu ýoldan, ussat, ine, şu ýoldan baryň. Elwugag! Men gitdim.
— Elwugag! — diýip des-deň gygyrdylar Margarita bilen ussat. Şonda gara dona dolanan Woland ýol saýgarman göni baryp düýpsüz jara ýykyldy, ýanyndakylaram onuň yzyndan düýpsüzlige düňderildiler. Töwerekde gaýalar hem, meýdança hem, aý-aýdyň şöhle ýol hem, Ýerşalaim hem — hemmesi gaýyp boldy. Gara atlar hem gözden ýitdi. Şu wagt ussat bilen Margarita özlerine wada edilen daň şapagyny gördüler. Ol şu demiň özünde, ýarym gijede, dolan Aý parlap duran wagty başlandy. Ussat öz söýgülisi bilen bile daňyň ilki nurundan lezzet alyp, çar tarapyny moh basan paýapyldan geçip ugradylar. Çeşme aşyk-magşuklaryň yzynda galdy, indi olar gumly ýoldan ýöräp gitdiler.
— Ümsümlige gulak sal, — diýýärdi Margarita, onuň ýalaňaç aýaklarynyň aşagynda gum şaggyldaýardy. — Ýaşaýyşyňda saňa nesip etmedik zady ümsümligi diňläp, lezzet al. Seret, hol öýde saňa sowgat berlen baky öýüň — mekanyň. Onuň üç gatly wenesian penjiresini, üçege çen dyrmaşan üzüm şahalaryny görýärin. Ine, şu seniň öýüň, baky mekanyň. Bilýän, gijelerine ýanyňa öz gowy gören, seni gyzyklandyran we köňlüňi agyrtmaýan adamlar gelerler. Olar seniň üçin saz çalarlar, aýdym aýdarlar, şemler ýakylanda, otagyň içiniň nähili reňkdedigini görersiň. Sen her güni agşam şory çykyp giden şol ebedi şypyrmaňy geýip, ýylgyryp gidersiň. Uky saňa derman bolar, sen dana pikirler ýöredersiň. Emma meni indi ýanyňdan kowup bilmersiň. Seniň rahatlygyňy men goraryn.
Şeýle diýýärdi Margarita ussat bilen bile onuň baky mekanyna sary barşyna, Margaritanyň sözleri häzir arkada galan çeşme kibi mylaýym şyrlaýan ýaly bolup eşidilýärdi, şonda ussadyň hatyrasy — bihasap sanjymlara çydam beren biserenjam hakydasy ýuwaş-ýuwaş sönüp başlady. Edil onuň özi ýap-ýaňy öz döreden gahrymanyny azat edişi kibi, kimdir biri ussady azatlyga çykarýan ýalydy. Ine, baky ýer gujagyna girip gitdi şol gahrymany — ýekşenbä geçilýän gije günäsi ötülen münejjimzada, Iudeýanyň rehimsiz bäşinji prokuratory, atly Pontiý Pilat.

SOŇLAMA

Ýeri, şol şenbe agşamy, agşamara Woland öz ýoldaşlary bilen Serçe depeden uçup, gaýyp bolandan soň, Moskwada nämeler boldy?
Bütin paýtagtyň akyla sygmaýan myş-myşlardan ýaňa ençe wagta çenli güwläp durany we olaryň örän tiz ýurduň iň uzak, iň çetki künjeklerine çenli ýetip barany hakynda aýtmasaň-da boljak, çünki bu tutaryksyz myş-myşlary tekrarlamak hem ýüregiňi ersdirýär.
Işbu dogruçyl setirleri ýazýan meniň hut özüm otluda Feodosiýa gidip barşyma, Moskwada tutuş iki müň adamyň teatrdan çyp-ýalaňaç halda köçä çykandygy we şu ahwalda öý-öýlerine takside gidendigi barada gulagym bilen eşitdim.
Süýde nobatda duranlaryň arasynda, tramwaýlarda, magazinlerde, kwartiralarda we olaryň aşhanalarynda, hem uzaga, hem şäher çetine gatnaýan otlularda olaryň duralgalarynda, daçalarda, suwa düşülýän güzerlerde — hemme ýerde «Şeýtan, arwah...» diýip pyşyrdaýan sesleri eşitmek bolýardy.
Ýogsa-da ilatyň iň parasatly, iň medeniýetli şahslary şeýtan hakynda tutuş paýtagta ýaýylan bu geplerden özlerini çete çekýärdiler we onuň ýaly myş-myşlaryň üstünden gülşüp, olary ýaýradyp ýörenleri tertibe çagyrmaga çalyşýardylar. Emma aýdyşlary ýaly, fakt faktlygyça galýar. Ýagdaýy düşündirmän, ony gury ret etmegem mümkin däl, çünki paýtagta şol döwürde gelip-gidenlerem kän. Griboýewdowyň ýanyp, garalyp ýatan diwarlary ondan başga ýüz beren ýene juda köp wakalar ýaýran myş-myşlaryň rastlygyna delil berip durýardy.
Medeniýetli kişiler bu — öz kesbiniň piri bolan gözbagçylar we gaýypdan habar beriji palçylar toparynyň işi diýilýän derňew ähliniň pikirini tassykladylar.
Elbetde, bu topary ele salmak üçin Moskwada hem, ondan daşarda, alys-alys ýerlerde hem geçirilen çalt we kesgin çäreler-de, näçe gynansak-da, degerli netije bermedi. Özüni Woland diýip atlandyran şahs we onuň hemşerleri gaýyp bolup, soň Moskwa gaýdyp gelmediler, başga hiç bir ýerde hem garalaryny görkezmediler. Netijede, ol daşary ýurda gaçandyr diýen pikir doguldy, emma o taýlarda-da ondan derek bolmady. Wolandyň işi diýlip başlanan derňew uzak dowam etdi. Sebäbi ol görlüp-eşidilmedik çetin işdi! Onuň derdinden ýanyp, kül bolan dört jaýdan başga-da ýüzläp adam däli-diwana boldy, hatda ölenler hem bar. Olardan iki sanysy hakynda: Berlioz hem Moskwanyň kaşaň ýerleri bilen daşary ýurtlylary tanyşdyryş býurosynyň bagtygara işgäri, ozalky baron Maýgel barada arkaýyn aýtsa bolar. Olar, hakykatdan hem, öldürilipdi. Maýgeliň ýanan süňkleri Sadowaýa köçesindäki öýüň 50-nji kwartirasyndan ot söndürilenden soňra tapyldy. Hawa, gurban bolanlar bardy we ol derňewi talap edýärdi.
Emma Woland paýtagty terk edip gidenden soň hem gurbanlar boldy, indi aýtmak nähili hasratly bolsa-da, gara pişiklere gyrgyn degip başlady.
Adamzada hem wepadar, hem peýdaly bolan bu ýuwaş janawarlaryň takmynan ýüze golaýy ýurduň dürli ýerinde atylyp taşlandy ýa-da özge usul bilen ýitirim edildi. Hetdenaşa derdi-bela sezewar edilen on bäşe golaý pişik dürli şäherlerde milisiýa bölümine eltildi. Meselem, Armawirde bir raýat şol bigünä janawarlaryň birini, öňki iki aýagyny daňyp, milisiýa süýräp eltipdir.
Şol graždanin, öz adaty boýunça, daş-töweregine gorkuly, ogry nazary bilen seredip, (nätjek-dä, pişikleriň tebigaty şeýle. Bu olaryň zyýanlydygyny aňlatmaýar, ol görgüliler özlerinden ökde biri it ýa-da adam maňa zeper ýetiräýmesin ýa-da öýkeledäýmesin diýip, gorkuda ýaşaýarlar. Bularyň ikisem bolup biläýjek zat, ýöne ondan hormat-sylag gelmeýär, ynandyryp aýdýaryn, hormat-sylag asla ýok!)özüni lopuh diýen otuň içine urmakçy bolup duran pişigiň üstüne böküp, ony daňmak üçin boýnundaky galstugyny çözüp, uly galmagal göterip:
— Äh-hä! Indi biziň Armawire hem gadam basypdyr-da, jenap gipnozjyk? Ýok-ýok, bu ýerde sizden gorkýan kesler ýok. Özüňi lal edip görkezjek bolup azara galma. Seniň nähili gazdygyň bize eýýäm aýan! diýipdir. Ol raýat janawaryň ýaşyl galstuk bilen mäkäm daňlan öňki aýaklaryndan süýräp, ony yzky aýakda ýöremäge mejbur edip, ýol ugruna gelşine ondan ar alyp barýarmyş. Köçede oýnap ýören çagalar bu tomaşany görüp, gygyrşyp, oňa tirkeşipdirler.
— Siz, — diýip gygyrýar pişige raýat, — bes ediň, bes ediň jögüligi! Aldaw başa barmaz! Hemme adamlar ýaly iki aýada ýöräber!
Biçäre gara pişik bolsa hasrat doly gözlerini göge dikipdir. Geplemek ukybyndan mahrum bolup dünýä gelen bu janawar, nädip özüni aklasyn! Henizem bagty bar eken, biçäräni halas edipdirler. Munuň üçin ol birinji nobatda milisiýa, ondan soň öz eýesi hormatly kempire minnetdarlyk bildirmeli. Pişigi milisiýa bölümine alyp baran raýatyň agzyndan aragyň ysy gelýändigi derrew mälim bolýar-da, onuň beren güwälikleri şübheli bolup duýulýar. Bu arada pişigini tutup alyp gidendiklerini goňşularyndan eşiden kempir milisiýa bölümine ylgap, wagtynda ýetip gelipdir. Kempir pişigi hakynda köp magtaw gepleri aýdyp, ony bäş ýyldan bäri, ýagny pişigi çaga wagtyndan bilýänligini, oňa edil özüne ynanan dek ynanýanlygy hakynda kepil geçýär we pişiginiň hiç haçan hiç hili egri iş etmänligi, Moskwa-da asyl-ha barmandygyny deliller bilen subut edýär. Kempiriň aýdyşyça, pişigi Armawirde doglup, şu ýerde ösüp-ulalypdyr, syçan tutmagy hem şu ýerde öwrenipdir.
Ahyry pişigiň penjesi çözlüp, azat edilip, eýesine gaýtarylýar, emma ýalňyşlyk zerarly töhmet azabyny iş ýüzünde öz başyndan geçirenden soň halas bolýar maňlaýygara.
Diňe bir pişikler däl, hatda käbir adamlar hem garaşylmadyk köňülsizliklere duçar boldular. Tussag etmeler başlandy. Gysga müddete saklananlaryň arasynda: Leningradda — Wolman we Wolner diýen raýatlar, Saratow, Kiýew we Harkowda — Wolodin familiýaly üç kişi, Kazanda — Woloh, Penzada bolsa asla nämälim sebäplere görä, himiýa ylymlarynyň kandidaty Wetçinkewiç diýen adam tussag edildi... Dogrusy ol uzyn boýly, gaty garaýagyz adamdy. Bulardan başga-da, dürli ýerlerde dokuz sany Korowin, dört sany Korowkin, iki sany Karawaýew saklanyldy.
Bir raýaty Belgorod duralgasynda Sewastopol otlusyndan ellerini daňyp alyp düşdüler. Ol öz ýoldaşlaryna kart oýnundan täsin fokuslar görkezip oturan eken.
Ýaroslawlda bolsa edil günortanlyk nahar wagtynda bir raýat bazardan alan primusy bilen restorana girýär. Iki gapy sakçysy ony gören batlaryna öz postlaryndan yzyna seretmän gaçypdyrlar, olaryň yzyndan bolsa restoran işgärleri we barça naharlanyp oturan adamlar turup gaçypdyrlar. Edil şu mahal kassir aýalyň çekmesindäki puluň hemmesi nämälim sebäplere görä, ýok bolupdyr.
Ýene köp hadysa ýüze çykypdyr, ýöne — hemmesini ýatlamak kyn. Mahlasy, aň-paýhaslar buýr-bulaşyk bolupdyr.
Derňew ähline müň alkyşlar bolsun. Olar diňe jenaýatçylary tutmazdan, şunuň dek, olaryň barça kylmyşlaryny aç-açan etmek üçin ellerinden gelen hemme işleri etdiler. Her bir hadysa paş edildi. Biziň olaryň düşündirişlerini dogry we ret edip bolmaýan hakykat diýip kabul etmezlige hakymyz ýok.
Derňew ähli we tejribeli psihiatorlaryň takyklaşlaryça, şol jenaýatçy toparyň agzalary ýa-da olardan biri (bu barada köpçülik Korowýewi nazarda tutýardy) özlerini öz duran ýerlerinde däl, başga — toslanan ýerde duran dek edip görkezmäge kadyr, iň tejribeli gipnozçylar. Mundan daşary, olar özlerine garama-garşy gelen adamlara, käbir zatlardyr adamlary hakyky duran ýerinden başga ýerde diýip düşüdirip bilipdirler we tersine, adamlaryň göz öňünde duran zady we şahslary olaryň nazaryndan gizlemegi başarypdyrlar.
Şeýle düşüdirişler netijesinde sadyr bolan hemme hadysa, hatda adamlary gaty teşwişe salan we düşündirmesi bütinleý müşgil bolan 50-nji kwartira wakasy, ýagny pistoletlerden oka tutulan pişige ne sebäpden ok kär etmänligi hem aýdyňlaşdy.
Ýagny hiç hili pişik gülçyradan sallanmandyr we hiç bir janzat ol ýerden oturup ok atmandyr, tersine, jenaýat işe el uran wagtlarynda adamlara öz täsir güljüni geçirmek ukybyna eýe bolan hilegär Korowýew ok atýanlaryň arkasynda durup, olaryň kalbyna, pişik gülçyra asylyp, ok atyp otyr diýen pikiri salypdyr we olary akmak edip boşluga garadyp ok atmaga ündäpdir. Kwartira benzin sepip, ot aldyran hem Korowýewiň özümiş.
Mälim ki, Stýopa Lihodeýew asla Ýalta uçup gitmändir (bu hile hatda Korowýewiň hem elinden gelmezdi), o taýdan hiç hili telegramma hem ibermändir. Ol zergäriň dul aýalynyň kwartirasynda Korowýewiň görkezen fokusyndan (uksuslanan kömelegi dürtgüje ildirip iýýän pişikden) gorkup huşundan gidýänçä, tä Korowýew masgara etmek maksadynda, onuň başyna sypal şlýapa geýdirip, Moskwa aerodromyna iberýänçä şu ýerde ýatypdyr, aýny wagtda Korowýew Stýopany garşylamaga çykan jenaýat agtaryş wekilleriniň kalbyna Stýopa Sewastopoldan uçup gelen aeroplandan düşýär diýen pikiri salypdyr.
Dogry, Ýaltanyň jenaýat agtaryş bölümi aýakýalaňaç Stýopany kabul edenini we ol dogrusynda Moskwa telegrammalary iberenini tassyklady, emma şuňa seretmezden, şol telegrammalardan biriniň hem nusgasy tapylmady, netijede, gipnozçylar topary örän alys aralykdaky, diňe käbir şahslary däl, hatda birgiden adamlary hem gipnoz etmek ukybyna eýe diýen köňülsiz, emma örän berk netije çykaryldy. Diýmek, jenaýatçylar bu ýagdaýda ruhy taýdan iň sagdyn adamlary hem däliredip biljek ekenler.
Indi, parterde oturan saýry adamyň jübüsinden bir desse kartyň çykanlygy ýa-da aýallaryň egnindäki köýnekleriniň gaýyp bolmagy, öz-özi myýawlaýan beret we şu kibi ençe-ençe ownuk-uşak wakalar meselesine gelsek, olar aýdyp oturmaga-da ýaramaýar! Beýle hiläni, şu babatda alyp baryjynyň başyny ýolmak ýaly ýönekeý hiläni hem, islendik ortaça gipnozçy islän sahnasyn-da görkezip biler. Gepleýän pişik bolsa barypýatan çypdyrma. Adamlara beýle pişigi görkezmek üçin gaýypdan derek bermäge kadyr ylmyň deslapky sapaklaryny öwrenseň, şol ýeterlik. Korowýewiň ukybynyň bolsa bu ilkinji sapakdan has öňe gidenligine hiç kim şübhe etmeýär. Hawa, mesele bu ýerde desse-desse kartlarda hem, Nikonor Iwanowiçiň portfelinden çykan galp hatlarda hem däl. Bularyň bary ýönekeý närseler. Berliozy tramwaýa basdyryp öldüren şu — Korowýewdi. Şahyr Bezdomnyý biçäräni däli eden hem, soň onuň ynjalyk ukusynda gadymy Ýerşalaimi, güneşde ot-ýalyn bolup ýatan Takyr Depede sütünlere daňlan üç sany jenaýatçyny düýşünde görmäge mejbur eden hem şudy. Soň Margarita Nikolaýewna bilen onuň öz hyzmatkäri Nataşany Moskwadan uçup çykyp girmäge mejbur eden hem Korowýew we onuň şärikleri boldy. Hakykatdan hem derňewçiler bu işe örän uly üns berdiler. Olaryň öňünde bu iki aýal jenaýatçy otlaýjylar tarapyndan ogurlanyp gidilipmi ýa olar şol jenaýatçylar toparyna öz ygtyýarlary bilen goşuldylarmy diýen meseläni çözmek wezipesi durýardy. Ine, ahyry olar Nikolaý Iwanowiçiň beren tutaryksyz we çylşyrymly güwäliklerine daýanyp, hem-de Margarita Nikolaýewnanyň arwaha öwrülip, gidip barýan diýen mazmunda ärine ýazyp galdyran hatyny nazarda tutup, Nataşanyň öz geýim-gejimlerinden birini-de alman gaýyp bolanyny hasaba alyp, öý bikesi bilen onuň hyzmatkäri hem köp adamlar kibi gipnoz edilip, şu ýagdaýda garakçylar tarapyndan ogurlanyp gidilendir diýen netijä geldiler. Jenaýatçylary bu iki aýalyň gözelligi bendi eden bolsa geň däl, diýen dogry pikir hem ýok däldi.
Emma bir zat özüni ussat diýip atlandyran däli adamy ruhy näsaglar şypahanasyndan ogurlap alyp gitmäge jenaýatçylary nämäniň mejbur edendigi anyklanman, syrlylygyna galdy. Şeýle hem, alnyp gaçylan bimaryň familiýasyny hem bilip bolmady. Şu zeýilde ol «Birinji korpusdaky ýüz beren on sekizinji» diýen öli lakam bilen baky nämälimlige gitdi. Şeýdip, bar zat aýdyňlaşdy, derňew hem, her bir närsäniň soňunyň bolşy ýaly, soňuna ýetdi.
Aradan birnäçe ýyl geçip, adamlar Wolandy hem, Korowýewi hem, olaryň galan ýoldaşlaryny hem unudyp başlady. Woland bilen onuň şärikleri tarapyndan jebirlenenleriň durmuşynda köp üýtgeşikler ýüze çykdy, emma bu üýtgeşikler näçe maýda we ähmiýetsiz bolsa-da, barybir olary agzap geçmegimiz lazym.
Şeýlelikde, Jorj Bengalskiý şypahanada üç aý ýatyp, sagalyp çykdy, emma Warýetedäki wezipesinden boşamaga mejbur boldy, özem teatrda tomaşaçylaryň hümer bolup gelýän wagtynda-dy — jadygöýlük we onuň paş ediliş seansy heniz adamlaryň hakydasyndan öçmändi. Hawa, Bengalskiý Warýeteden boşady, çünki her gün agşam iki müň adamyň ýanyna gelip, olaryň: özüňizi haçan oňat duýýaňyz, kelläňiziň barlygyndamy ýa ýok wagtyndamy? — diýip, tekrar-tekrar berýän sowallaryna yzygiderli jogap bermegiň kyn boljagyna ol düşünýärdi.
Ondan daşgary, öz kesbi üçin örän zerur bolan owalky wagtyçaglygyny indi ol ýitiripdi. Ol her ýylyň baharynda, Aý aýdyň bolanda howsala düşüp, birden boýnuny penjeläp töweregine ýaltaklap aglamany çykardy. Elbetde, bu tutgaýly dert geçip gidýärdi, emma şuňa garamazdan beýle endik bilen owalky işde işläp bolmaýardy, şoňa görä ol işden boşap, öz ýygnan puluna garybana gün geçirip başlady: onuň çakyna görä bu pul on bäş ýyla ýetjekdi.
Ol işden gitdi we barça teatr işdolandyryjylarynyň arasynda hem özüniň tükeniksiz häzirjogaplylygy we mähribanlygy bilen teatr söýüjileriň alkyşyny gazanan Warenuha bilen soň gabatlaşmady. Meselem, kontramarka — bilet sorap gelýänler oňa diňe haýyr iş ediji atam diýip ýüzlenýärdiler. Warýetä kim haýsy mahal jaň etse, hemişe trubkadan: «Gulagym sizde» — diýen mylaýym we ýakymly owaz eşidilýärdi. Warenuhany çagyrsaňyz, diýip haýyş edilýän bolsa, ýene şol owaz howlukmaçlyk bilen: «Hyzmatyňyza taýýar men», — diýip jogap berýärdi. Emma Iwan Sawelýewiç özüniň bu mylaýymlygyndan köp azabam çekýärdi.
Stýopa Lihodeýewe hem indi Warýetede oturyp jaň etmek nesip bolmady. Ony sekiz gün şypahanada ýatyp çykanyndan soň, derhal Rostowa iberdiler, ol ýerde oňa uly bir gastronomyň müdiri wezipesini berdiler. Ýaýran gürrüňlere görä, ol portweýn içmesini taşlap, häzir diňe ýörite ösümlige ýatyrylan arak içýämiş, munuň netijesinde daýawlaşyp gidenmiş. Indi ol birneme dymma bolup, aýal-gyzlardan çeke durýarmyş. Stepan Bogdonowiçiň Warýeteden aýrylmagy Rimskiniň köp ýyllyk şirin arzuwy bolanam bolsa, indi, bu ýagdaý ýüze çykanda, ol begenip bilmedi. Örän muňalyp, garrap galan, kellesi saňňyldaýan maliýe direktory şypahanasyndan çykyp, Kislowodskide dynç aldy, ol ýerden gaýdyp gelip, Warýeteden boşamak hakynda arza berdi. Gyzygy şunda ki, arzasyny Warýetä onuň aýaly getirdi. Grigoriý Danilowiçiň bolsa, Aý nuruna gark bolan, bir gözi çatnan penjireden edil rezin ýaly sozlup, onuň aşaky ilgençegini açmakçy bolan öli elini gören şol ymratyna indi hatda gündiziň güni hem gadam basmaga ýüregi çydam berip bilenokdy. Rimskiý Warýeteden boşandan soň, Zamoskworeçýedäki çagalaryň gurjak teatryna işe girdi. Bu teatrda indi oňa akustika meselesinde hormatly Arkadiý Apollonowiç Sempleýarow bilen duşmak nesip bolmady. Çünki ony haý diýmän Brýanskä göçürip, kömelek taýýarlaýan punkta müdirlige bellediler. Ine, indi moskwalylar her hili tüýsdäki duzlanan, uksuslanan kömelekleri hezil edinip iýip, bu göçürlişe çäksiz begenýärler. Öten işe salawat, emma gepiň açygyny aýtsak, Arkadiý Apollonowiçiň akustika babatyndaky işleri oňuna bolmandyr, ony sazlamak üçin eden barça hereketleri zaýa gidipdir.
Teatr bilen arany açanlar hataryna Arkadiý Apollonowiçden daşgary ýene Nikonor Iwanowiç Bosoýy hem girizmek mümkin, aýdaly ol mugt bilede näçe gyzygýan bolsa hem, teatra asla dahyly ýokdy. Häzir Nikonor Iwanowiç bir teatra-da ol pully bolsun, mugt bolsun, barmaýar, hatda söhbetdeşler döwresinde teatr barada gürrüň baraýsa, reňki üýtgäberýär. Ol diňe teatry, däl, şeýle hem şahyr Puşkini we zehinli artist Sawwa Potapowiç Kurolýesowy hem indi gaty ýigrenýär. Dogrusy, Kurolesowy şeýle bir erbet görýärdi ki, geçen ýyl gazetde, onuň zehini aýny kemala ýeten çagda dünýäden göz ýumany hakyndaky gynançly habary gara çarçuwa içinde okap, Nikolaý Iwanowiç köz dek gyzaryp, tas Sawwa Potapowiçiň yzyndan özi hem gidipdi, soňam: «Oňa geregem şoldy!» — diýip gygyrypdy. Bu hem az ýaly, Nikonor Iwanowiç şol günüň agşamy Sadowaýa köçesine nur saçýan dolan Aý bilen bir özi ülpetçilik edip, huşundan aýrylýança içip, gammar bolupdy, çünki oňa meşhur artistiň ölümi birgiden nähoş hadysalary ýatlatdy. Nikonor Iwanowiç her bulgur göterende, pikir eden adamlarynyň hatary uzalyp, bu melgunlaryň hatarynda Sergeý Gerardowiç Dunçil hem, gözel Ida Gerkulanowna hem, uruşgan gazlaryň eýesi, çypar saçly adam hem, sapköňül Nikolaý Kanawkin hem bardy.
Ýeri, ine, şu adamlaryň haly nähili boldyka? Aý, janyň sag bolsun! Olara hiç zadam bolanok, bolmagy-da mümkin däl, çünki olar hiç haçan durmuşda bolmandylar, şunuň dek, görmegeý alyp baryjy artist hem, teatryň özi hem, walýutalary ýerküme gizläp, çüýredip ýatan daýza — gysganç bahyl kempir Porohownikowa hem, şunlukda, altyn kernaýlardyr aşpezler-de bolmandyr. Bularyň hemmesini deýýus Korowýewiň täsirine uçran Nikonor Iwanowiç düýşünde görüpdi. Düýşe giren şu adamlaryň arasynda ýeke-täk diri adam diňe artist Sawwa Potapowiç bolup, ol hem radioda köp çykyş edýändigi sebäpli Nikonor Iwanowiçiň hakydasyna siňip galyp, onuň düýşüne giripdi.
Onda, belki Aloiziý Mogariç hem bolan däldir? Aý, ýok! Bu şahs diňe bir bolman, hatda häzir hem ýaşap ýör, özem Rimskiniň işden boşan ýerinde, ýagny Warýetäniň direktory wezipesinde işläp ýör.
Ol Wolandyň huzurynda bolandan soň, takmynan bir gije-gündizde huşuna gelip, özüni Wýatka ýetip baran otluda gördi we özüniň nämüçindir kellesi sämäp, Moskwadan baş alyp çykyp gidenini, ýene jalbar geýmegi undup, asla zerur bolmadyk, hojaýynyň öý kitabyny ogurlap gaýdanyny pähimleýär. Soň ol juda kän pul berip, ýolbeletden iki sany gap-gara, şory çykan köne jalbary satyn alyp, Wýatkadan yzyna dolanýar. Emma kireýine alan öýüni tapyp bilmändir. Ol köne jaýy ýangyn ýuwdup-ýalmapdyr. Emma Aloiziý örän ugur tapyjy adamdy, şoňa görä, iki hepdeden soň ol Brýusow dar köçesinde gözel bir otaga ýerleşdi, ýene birnäçe aýdan soň bolsa ol, görüp dursuňyz ki, Rimskiniň ornunda otyr. Öň Rimskiý Stýopanyň derdinden nädereje ejir çeken bolsa, indi Warenuha Aloiziniň derdinden şeýle jebir çekýärdi. Häzir Iwan Sawelýewiç diňe ugruny tapyp, Aloizini Warýeteden äkidip, bir ýerlere güm etselerdi diýen arzuw bilen ýaşaýardy, çünki onuň gadyrdan dost-ýarlarynyň içgin döwresinde pyşyrdap aýdan geplerine garanyňda, «ömri bina bolup, Aloizä meňzeş zalymy hiç haçan görmänmiş we bu melgun Aloiziniň elinden her nähili ýaramaz işler gelermiş».
Belki, ol çyndanam, erbet adamdyr, belki, däldir. Çünki Aloiziniň birem ýaman işe el uranyny hiç kim görmedik, umuman, ol eger büfetçi Sokowyň ýerine täze bir adam bellenendigini hasaba almasak, hiç hili ýagşy-ýaman iş etmändir, Andreý Fomiç Sokow bolsa Woland Moskwada peýda bolanyndan soň, on aý töweregi wagt geçende, MDU-nyň Birinji şypahanasynda bagyr düwünmesinden wepat boldy.
Hawa, aradan birnäçe ýyllar geçdi we işbu kitapda teswirlenen hakyky wakalar könelişip, adamlaryň ýadyndan çykyp gitdi. Emma ol wakalar käbir kişileriň hatyrasyndan henizem aýrylmandy.
Her ýyl baharda dabaraly dolan Aý agşamynda Patriarh kölçesiniň boýunda lipa daragtlarynyň aşagynda otuz-otuz iki ýaşlaryndaky bir adam peýda bolýar.
Salyhatly geýnen bu çyparrak gök gözli adam — taryh we pelsepe institutynyň işgäri professor Iwan Nikolaýewiç Ponirewdi.
Bu ýere gelip ol lipa agaçlarynyň aşagyndaky uzyn oturgyçda — şol şum agşamda, häzir ýatdan çykarylan Berlioz bilen oturan oturgyjynda ornaşýardy. Hawa, şonda ömrüniň soňky demlerini ýaşaýan Berliozyň gözüne Aý bölek-bölek bolup bölünýän ýaly bolup göründi. Indi bolsa ol tamam dolan Aýdy, ol ilkagşam ak, ondan soňrak — ýüzünde aždarşekil tegmil hasyl edip, zerli tüýse girip, ozalky şahyr Iwan Nikolaýewiçiň başy üzre ýüzýärdi we käte öz belentliginde bir ýerde erkin gozganman durýardy.
Iwan Nikolaýewiçe hemme närse aýan, ol hemme gepden habarly, hemme zada düşünýär. Ol ýaşlygynda jenaýatkär gipnozçylardan şikest tapanyny, şundan soň özüni bejerdip, ahyry şypa tapanyny hem bilýär. Ýöne şol bir wagtda ol käbir kynçylyklary ýeňip geçmejegini-de aňýar. Ol baharky dolan Aý agşamynyň täsirinden halas däl. Aý şu wagt ýakynlaşyp gelmegi bilen bir zamanlar ybadathana depesindäki bäş şemli gülçyradan belentde erkin durup tüni ýagtyldyşy ýaly dolup, altyn reňke bolaýşy ýaly, öwüşgin atanda, Iwan Nikolaýewiç tolgunyp, biynjalyk bolýar, ukusy ýitýär, işdäden kesilip, Aýyň dolmagyna garaşýar. On dördi gije gelende bolsa, hiç bir güýç ony öýde saklap bilmeýär. Agşamara ol öýünden çykyp, göni Patriarh kölçesine tarap ýol alýar.
Iwan Nikolaýewiç bu ýerdäki uzyn oturgyja ornaşyp, öz-özi bilen äşgäre gepleşýär, çilim çekýär, süzük gözlerini kä Aýa, kä ýadynda ýagşy saklanyp galan şol şum turnikete garadýar.
Ol şu zeýilde birki sagat oturyp, soňra ýerinden turýar-da, her gezek bir ugur boýunça, ýagny Spiridonowkadan geçip Arbata sepleşýän dar köçelere tarap ugraýar, emma onuň manysyz bakýan gözleri şol wagt hiç zady görmeýär.
Ol nebit dükanynyň golaýyndan geçip, gadymy gaz panusy gyşarlyp, asylyp duran burçdan öwrülýär we şu ýerdäki demir gözenek diwaryň ýanyna daraklygynda ýöräp barýar. Gözenegiň daşynda heniz ýaşyl lybas geýip ýetişmedik uly bag bolup, bagyň ortasynda gotika usulynda gurulan ymarat bar. Ymaratyň üç gatly penjireler ýerleşdirilen bördük otagly tarapy Aý nuruna bezelen, aňry tarapy bolsa gap-garaňky.
Professor bu ýere özüni nämäniň alyp gelenini hem, bu binada kimiň ýaşaýanlygyny hem bilmeýär, emma dolan Aý agşamynda öz raýyna garşy gidip bilmeýär. Mundan daşgary, ol gözenegiň aňrysyndaky bagda mydama şol bir zadyň şaýady boljagyny hem bilýär.
Her gezek bu bagda ol pensne dakynan sakgallyja, ýüz keşbi jojugyňka çalymdaş, salyhatly bir garry adamyň uzyn oturgyçda oturanyny görýär.
Iwan Nikolaýewiç şu binada ýaşaýan bu adamy hemişe bir ýagdaýda — gözlerini Aýa dikip, pikirlenip oturan ahwalda görýär. Iwan Nikolaýewiçe ýene bu garry adam Aýa ine-gana seredip bolandan soň, nazaryny elbetde, börtük otag penjiresine öwürýäni we edil häzir penjiräniň aýnalary açylyp, tekjede adatdan daşary bir zadyň peýda bolmagyna garaşýan ýaly, gözüni tegeläp oturany görünýär.
Mundan soň bolýan ýagdaýlaryň baryny Iwan Nikolaýewiç ýatdan bilýär. Indi ol eňilip, gözenegiň aňyrsynda gowy gizlenmese, uzynja oturgyçdaky adam biynjalyk bolup, derrew kellesini her tarapa öwrüp başlar, perişan gözleri bilen howa dikanlap, bir zatlary tutjak bolýan ýaly, hereket edip, dabaraly ýylgyrýar, soň nähilidir süýji gam bilen gorsanyp, ellerini bir-birine urýar-da, batly ses bilen çalaja hüňürdeýär:
— Wenera! Wenera!... Ah, men bir barypýatan akmak ekenim!...
— Ýa, taňrylar, taňrylar! — diýip pyşyrdaýar şonda Iwan Nikolaýewiç, demir gözenek aňyrsynda gizlenip oturyşyna, ot ýaly ýanýan gözlerini bu syrly nätanyş garrydan aýyrman, — ine, Aýyň ýene bir gurbany... Hawa, bu hem edil men kibi şondan ejir gören.
Uzyn oturgyçdaky adam sözüni ýene dowam edýär: — Tüýs samsyk men! Nämüçin, nämüçin şol gözel jenan bilen uçup gitmedim? Nämeden gorkdum, men garry eşek! Resminamalary düzedipdim! Ah, indi çydap geziber garry tentek!
Şu wagt binanyň Aý nury düşmeýän garaňky tarapynda penjire şarka açylyp, nähilidir ak zat görünýär-de, aýal adamyň sesi eşidilýär:
— Nikolaý Iwanowiç, nirdesiň? Bu nähili toslama? Näme, ysytma derdine uçrajak bolýaňmy? Gel-de, çaýyňy iç!
Şu haýkyrykdan soň oturan özüne gelýär we ýasama ses bilen jogap berýär: — Howada, arassa howada dem alaýjakdym, janym! Howa örän ýakymly!
Şeýle diýip, ol oturgyçdan turýar, birinji gatdaky ýaňky penjire ýapylanda, oňa tarap ýumruk çenäp, öýüne girip gidýär.
— Ýalan sözleýär, ýalan! Ah, taňrylar, heý beýle-de ýalaçylyk bormy?! — diýip samyrdaýar Iwan Nikolaýewiç demir gözenekden uzaklaşyp, — ony baga imrindirýän zat asla arassa howa däl, megerem Aý dolan bahar agşamynda ol Aýyň ýüzünde we bag howasynda bir zatlary görýän bolmaly. Wah, bu garrynyň syryny bilmek üçin, onuň ýitiren we indi el uzadyp howadan tutjak bolýan şol Weneranyň nämedigini bilmek üçin hiç närsämi gaýgyrmazdym. Soň, professor öýüne hassa bolup barýar. Aýaly adatça, onuň ahwalyny duýmadyk bolan bolýar we ärini tizräk uklamaga howlukdyrýar. Emma özi ýatmaýar, eli kitaply çyranyň ýanynda oturyşyna, uklap ýatandan gamgyn gözlerini aýyrmaýar. Ol Iwan Nikolaýewiçiň daň çagynda ejirli ses bilen gygyryp oýanjagyny we çar tarapa urnup, aglap başlajagyny bilýär. Şu sebäpli onuň öňünde saçakda spirtlenen sanjym bilen goýy çaý reňkindäki suwuklykly çüýşejik taýyn durýardy.
Ine, ahyry, agyr hassa bilen durmuş guran bu biçäre aýal gorkusyz uklap bilýär. Iwan Nikolaýewiç indi tä sähere çenli bagtyýar çehre bilen rahat uklaýar we aýalyna nämälim, emma nähilidir dabdabaly we sagadatly düýşler görüp ýatýar.
Her ýyl baharda, dolan Aý gijesi bu alymy bir närse oýadýar we eýmenç gygyrmaga mejbur edýär. Hökman düýşünde onuň göz öňünde şol öte betbeşer jellat peýda bolup, jellat haslap böküp, sütüne daňlan, dälirän Gestasyň ýüregine elindäki uzyn naýzasyny çümdürýär, Jellat gaty gorkuly däldi, emma alymyň düýşünde gaýnap-daşyp, zemine akýan allanähili bulutdan emele gelen şöhle, diňe dünýä möçberindäki eýmenç apat wagtynda ýüze çykýan hadysa ýaly gorkunçdy. Sanjymdan soň, ukudaky Iwan Nikolaýewiçiň göz öňünde hemişe hemme zat üýtgeýär. Onuň ýatan düşeginden penjire tarapa Aý şöhlesinden dörän giň ýol uzalýar we ýola elwan işlikli ak reda geýen adam çykyp, Aýa sary ýöräp başlaýar. Onuň bilen ýanma-ýan uzyn köýnegi şylha, ýüzi harap bolan ýigit barýar. Olar bir zat barada gyzgyn söhbetleşýärler, bäsleşýärler, çemesi, bir zat meselesinde jedelleşip, bir karara geljek bolýan adamlara meňzeýärler.
— Ýa, taňrylar, taňrylar, — diýýär reda geýen adam öz ýoldaşyna tekepbir bakyp, — nähili bimany ölüm jezasy! Emma sen merhemet edip aýt hany, — şeýle diýende, onuň ýüzündäki tekepbirlige derek töwella peýda bolýar, — asla ol bolanam däldir-le. Ýalbaryp aýdýan, aýt, bolmanam däldir-ä?
— Elbetde, bolmandy — diýip, gygyrjak ses bilen onuň hemrasy jogap berýär — ol saňa şeýle bolup görnendir.
— Gepiň rastlygyna ant hem içýäňmi? — hoşamatly äheňde soraýar egni redaly adam.
— Ant içýän — diýýär onuň hemrasy we gözlerini şatlykly güldürýär.
— Meniň üçin şunuň özi ýeterlik! — boguk owaz bilen çyňkyrýar redaly kişi we ýoldaşy bilen tirkeşip, kem-kem ýokaryk — dolan Aý tarapa ýöräp çykyberýär. Olaryň yzyndan gulaklary çüri, äpet bir köpek arkaýyn gidip barýar.
Şonda birden aýdyň şöhleli ýol gaýnap, Aý nurundan derýa emele gelýär, onuň kenarlaryndan suw daşyp akyp başlaýar. Aý hökmürowanlyk edýär, ýaýnap-ýaşnaýar, ol tans edýär, oýnaklaýar. Şonda Aý şöhlesiniň akymynyň içinde gözellikde deň-taýy bolmadyk bir aýal peýda bolýar we töweregine howatyrly bakýan sakgaly ösen bir adamyň elinden tutup, ony Iwanyň ýanyna getirýär. Iwan Niklaýewiç bir görende ol adamy tanaýar. Bu — şol bir ýüz on sekizinji nomerli, öz ýanyna gije gelen myhmanydy. Iwan Nikolaýewiç oňa düýşünde ellerini uzadyp, biygtyýar soraýar:
— Diýmek, şunuň bilen bar zat gutarýar-da?
— Hawa, şunuň bilenem gutardy, şägirdim, — diýip jogap berýär bir ýüz on sekizinji, aýal bolsa Iwana ýakyn baryp, diýýär:
— Elbetde, şunuň bilen tamam. Hemmesi gutardy, umuman, ähli zadyň gutaryşy bar... Men häzir siziň maňlaýyňyzdan ogşaryn we bar zat islegiňçe bolar.
Ol eňilip, Iwanyň maňlaýyndan ogşaýar, Iwan bolsa aýala sary ymtylyp, onuň gözlerine seredýär, emma aýal çekilip-çekilip, yza, öz ýoldaşy bilen bilelikde dolan Aýa tarap rowana bolýar.
Şonda Aýyň tutgaýy tutup, öz şöhlesini göni Iwanyň üstüne ýagdyrýar, şöhlesini her tarapa saçýar, otag Aýyň nuruna gark bolýar, şöhle tolkunyp, ýokary galýar we Iwanyň krowatyny şöhle basýar. Ana, şundan soň Iwan Nikolaýewiç bagtyýar ýüz bilen süýji uka gidýär.
Ertesi güni ir bilen ol geplemän, emma hatyrjem we sagat bolup oýanýar. Professoryň sanjymdan ýaňa eleme-deşik bolan hakydasy köşeşýär we indiki gezek Aý dogýança ony hiç kes biynjalyk etmeýär: ne Gesmasyň burunsyz jellady, ne Iudeýanyň rehimsiz bäşinji prokuratory, atly Pontiý Pilat.

1929-1940.

Tamam.

Terjime eden Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Romanlar | Просмотров: 30 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: