09:57
Ussat we Margarita -31/ romanyñ dowamy
XXXI bap

SERÇE DEPEDE

(Serçe depe — Worobýewyýe gory, Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň täze binasy şu depede ýerleşýär).
Gök gümmürdisiniň dabdabasyndan nam-nyşan galmady, bu mahal bütin Moskwanyň üstüne äpet gümmez ýaly göterilen reňbe-reň älemgoşar Moskwa derýasyndan suw içýärdi. Beýik depedäki iki sazlygyň (roşa) aralygynda üç sany gara sudur göründi. Eýerlenen gara atlara münen Woland, Korowýew we Begemot derýanyň aňyrsyndan gözýetime çenli ýaýylyp giden şähere, onuň günbatara bakýan öýlerindäki müň-müňläp penjirelerde şekillenýän gijeki şuglasyna we gyzlar monastyrynyň haşamly gümmezine seredip durdylar.
Howada şagyrdy eşidildi, uzyn gara plaşly Azazello, onuň arkasyndan yzba-yz gelýän ussat bilen Margarita üçüsi özlerine garaşyp duran üç atlynyň golaýynda ýere indiler.
— Sizi, Margarita Nikolaýewna, sizi hem, ussat, biraz azara goýmaly boldy — diýip gep başlady Woland, az-kem dymyşlykdan soň, — ýöne menden kine etmersiňiz diýen umytda men. Elbetde, bu ýere geleniňize ökünmersiňiz. Ýeri, onda — diýip, ol diňe ussada ýüzlendi, — şäher bilen hoşlaşyň. Gitmäge çen boldy — şeýle diýip Woland agzy tüýdüksypat gara ellik geýen eli bilen derýanyň aňyrsyna yşarat kyldy: ol ýerde günuzyn gün şöhlesinden çog dek gyzan şäherden göterilen duman, tüsse, bug kuýaş nuruna lowurdap, bihasap penjireleriň üstünde — howada erkin asylyp durdy.
Ussat atdan segräp düşüp, bir özi jaryň ýakasyna ylgap gitdi. Egnindäki gara plaşyň etegi yzynda ýere süýrenip barýardy. Ussat şähere seredip başlady. Ilkibada hasratdan ýaňa ýüregi sarkyryp agyrdy, emma bu duýgy bir demde geçip gidip, ornuny köňüle süýji gulgula salyjy, syganlara mahsus awaralyk duýgusy eýeledi.
— Indi baky hoşlaşyk! Muny pähimlemek gerek — diýip, pyşyrdady ussat we jaýryk atan dodagyny ýalady. Ol öz kalbyna gulak salyp, onda näme bolup geçýänini anyk bilip başlady. Onuň tolgunmasy göwnüne juda uly we agyr ynja dönen ýaly duýuldy. Emma bu ynjy wagtlaýyn bolup, ol derrew ýitip, gedemsi biperwaýlyk bilen ýerini çalyşdy, biperwaýlyk bolsa baky rahatlyk duýgusyna öwrüldi.
Atlylar ussada sessiz garaşyp durdylar. Olar bu uzyn gara suduryň jaryň arkasynda durup edýän her hili el yşaralaryny, kä bütin şäheraşa nazar taşlap, onuň gözýetimden aňyrky tarapyny görmekçi bolýan ýaly, daraklygyna galýanyny kä aýagynyň astyndaky basgylanyp, gurap başlan ot-çöpleri öwrenmekçi bolýan dek başyny aşak egýänini synlap durdylar.
Ahyry ýüregi gysan Begemot ümsümligi bozdy.
— Ejaza berseňiz, metr, — diýip gep başlady ol, — uçuşdan öňki hoşlaşyk sykylygyny men çalaýyn.
— Hanymy gorkuzarsyň — diýdi Woland, — şeýle hem şuny unutma ki, sen bu günki nämakulçylyklaryň baryny edip gutardyň.
— O, ýok, ýok, messir, — diýdi eýerde amazonkalar dek elini biline diräp, uzyn etegini ýere çenli düşürip oturan Margarita, — rugsat beriň oňa, goý, sygyrsyn. Alys saparyň öňünden köňlüme birhili gamgynlyk aralaşdy. Hawa, ynsan bu sapar netijesinde bagta ýetjegini bilse-de, şeýle gamgyn bolmagy tebigy ýagdaý dälmi, messir? Goý, ol bizi şatlandyrsyn, ýogsa uzak ýoldan öňürti aglap, keýpiýetleriňizi bozmagym ahmal.
Woland baş atyp, Begemoda yşarat etdi, pişigiň köňli göterilip, atdan böküp düşdi we barmaklaryny agzyna dykyp, ýaňagyny çişirdi-de sygylyk çaldy. Margaritanyň gulagy şaňlap kamata geldi. Onuň aty ürküp, çarpaýa galdy, tokaýdaky daragtlardan guran şahalar döküldi, gargalar, serçeler topar-topar bolup asmana göterildi, küpürsäp galan tozan derýa tarapa uçdy, bendergäh ýanyndan ýüzüp geçip barýan derýa tramwaýyndaky birnäçe ýolagçynyň başyndan papagy suwa gaçdy. Ussat sykylyga tisgindi, emma yzyna öwrülmedi, diňe ellerini ýokary göterip, edil şähere hemle urýan ýaly hereket etdi. Begemot töweregine buýsançly nazar aýlady.
— Tassyklaýan, sykylyk çalyndy, — mürewwet edýän dek diýdi Korowýew, — hakykatdanam sykylyk çalyndy, dogrusyny aýtsak, ortaça sykylyk boldy!
— Çünki men regent däl — diýip jogap berdi Begemot tekepbirlik bilen ýaňagyny çişirip we Margarita duýdansyz göz gypdy.
— Hany, menem bir synanyp göreýin, ýaşlygy ýatlap, — diýdi Korowýew, ellerini owkalap, barmaklaryna tüýkürip.
— Emma ätiýaçly bol, — diýdi Woland ýowuz ses bilen, — hiç kime hiç hili zeper ýetmesin!
— Messir ynanyň, — diýdi Korowýew elini döşüne goýup, — bu degişme — oýun, diňe degişme bolar... — Şonda onuň göwresi edil rezinden ýasalan dek birden ýokarlygyna sozuldy, sag eliniň barmaklaryny büküp, täsin bir şekil ýasady-da, edil çarh kibi pyr-pyr aýlanyp, bir örüm saça meňzäp, birdenem çözläp, sygyryp goýberdi.
Margarita bu sykylygy eşitmedi, gaýta ony gözi bilen gördi: ol özüniň oýnaklaýan aty bilen bile on gez aňra zyňlyp düşdi. Ýanyndaky bir düýp dub agajy emer-damary bilen goparylyp, ýykyldy, toprak derýanyň kenaryna çenli tarsa-tarsa ýaryldy. Kenaryň uly bir bölegi ol ýerdäki bendergähu (pristan) restoran bilen bile opurylyp, derýa agdy. Derýa köpükläp daşdy we derýa trambaýyny içindäki ýolagçylar bilen bile aňyrky ýap-ýaşyl pes kenara bişikest çykaryp taşlady. Margaritanyň ürküp pyşgyrýan atynyň aýagynyň astyna Fagotyň sykylygyndan heläk bolan bir alagarga tap edip gaçdy. Bu sygylyk ussady gorkuzdy. Ol başyny penjeläp, özüne garaşýan ýoldaşlaryna tarap ylgap ugrady.
— Ýeri, — diýip ýüzlendi oňa at üstünden Woland, — barça hasap-hesip gutardymy? Hoşlaşyk wajyp boldumy?
— Hawa, wajyp boldy, — diýip jogap berdi ussat, soň köňli tesgin tapyp, Wolandyň ýüzüne göni we batyrgaý seretdi.
Ana, şonda Wolandyň eýmenç owazy depäniň üstünde Esrapylyň sury dek batly ýaňlandy:
— Wagt boldy! — şundan soň Begemotyň ýiti sykylygydyr hahahaýlap gülýäni eşidildi.
Atlar öňe okduryldylar we suwarylar göge perwaz edip gitdiler. Margaritaň münen tez aty agyzdyrygyny gemrip, jylawy üzäýjek bolýardy. Wolandyň plaşy şemala ýaýylyp, zulmata bürenýän asman gümmezi astynda hemme suwarylara saýawan boldy. Gara saýawan bir sellem ýelpinip, asmanyň ýüzi açylan wagty, Margarita atyny uçuryp barşyna arkasyna öwrüldi, öwrüldi-de, reňkli minaralaryň we olaryň depesinde çarh urup uçup ýören aeroplanyň, şäheriň özüniň hem bireýýäm gaýyp bolanyny gördi, şäheriň ornunda indi diňe duman bardy.
Категория: Romanlar | Просмотров: 16 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: