09:44
Ussat we Margarita -30/ romanyñ dowamy
XXX bap

UGRAMAK WAGTY GELDI!

— Sen bilýäňmi, — diýýärdi Margarita, — öten gije sen uklap ýatyrkaň, men Ortaýer deňzi tarapyndan gelen zulmat hakynda okap otyrdym... soňra şol hudaýlar, altyn hudaý heýkelleri dogrusynda hem. Nämüçindir olar meni mydam teşwişe salýar. Görýän welin, häzirem ýagyş ýagsa gerek. Senem salkyn düşüp başlanyny duýýarmyň?
Ussat papiros çekip, tüssesini aýasy bilen ýelpäp oturyşyna, jogap berdi:
— Bularyň hemmesi ýagşy, hudaýlar (budlar) hem ýagşy, emma mundan beýläk näme bolarka — hiç akylym ýetenok.
Bu söhbet agşamara, edil binanyň üstünde — üçekde duran Wolandyň gaşyna Lewiý Matweýiň gelen wagty bolupdy. Podwalyň aýnasy açykdy, eger-de häzir biri ondan içerik seredäýse, söhbetdeşleriň örän geň tüýsdedigini görüp, aňk-taňk bolardy. Çünki Margaritanyň ýalaňaç bedenine gara plaş atylgydy, ussat bolsa hassahana eşigindedi. Muňa sebäp: Margaritanyň-a geýer ýaly hiç zady ýokdy, geýim-gejimleriniň bary äriniň öýünde galypdy, ol öý bu ýerden uzak bolmasa-da, Margarita oňa baryp, öz zatlaryny alyp gelmegi hyýalyna-da getirmeýärdi. Ussat bolsa, kostýumlarynyň yşgapda asylgy durandygyna garamazdan, olary geýesi hem gelmeýärdi. Ol Margaritanyň hä diýmän bir bolgusyz waka bolar diýen pikirini oýlap, geýinjek hem bolmady. Dogry, şol ýakymsyz güýz agşamyndan bäri birinji gezek sakal-murtyny päki bilen syrypdy. (hassahanada sakgalyny maşynkada alýardylar).
Otagyň içi buýr-bulaşykdy we bu ýerde nämeleriň bolanyny biler ýaly däldi. Golýazmalar ýerde, düşegiň üstünde, şeýle hem diwanda ýaýrap ýatyrdy. Haýsydyr bir açyk kitap kürsä düňderilip goýlupdy. Tegelek stoluň üsti her hili tagamlar, näz-nygmatlardan doludy we olaryň ýanynda birnäçe çüýşe hem bardy. Bu naz-nygmatlaru içgileriň nireden peýda bolanyny Margarita hem, ussat hem bilmeýärdi. Olar ukudan oýananlarynda, bularyň barlysy stoluň üstünde häzirdi.
Şenbe gününiň agşamyna çenli uklan ussat bilen onuň söýgülisiniň ýadawlygy sowlup, özlerini oňat duýup başladylar. Diňe bir närse — ikisiniňem çep çekgeleri syzlap durdy we ol düýnki hadysalardan alamat berýärdi. Emma ikisiniňem aňynda juda uly üýtgeşiklik bolup geçipdi, podwaldaky kwartiradan eşidilýän söhbete gulak asan her bir kimse derhal bu ahwaly aňlardy. Emma bu ýerde gulak asara bir adam hem ýokdy. Howlynyň gowy ýeri, ol mydama boşlagdy. Günsaýyn ýaşyl lybasyny galyňyrak geýip başlan lipalar we akasiýalar, penjiräň öňündäki tal hem bahar müşküni saçýardy we çalaja öwsüp başlan şemal ony podwala üfleýärdi.
— Ah, sen şeýtan — diýip, ussat birden gygyrdy, — asla aklyňa syganok — ol çilim galyndysyny küldana basyp öçürdi-de; iki eli bilen kellesini tutdy, — ýok, özüň pikir edip gör, — bir akyl-huşly adam, meniň ýaly däliräp görmänsiň. Düýn biziň iblisiň huzurynda bolandygymyza sen beri çynyň bilen ynanýaňmy?
— Gaty çynym bilen — diýip jogap berdi Margarita.
— Hawa, elbetde, elbetde, — diýdi ussat kineli äheňde, — diýmek onda, indi bir dälä derek iki bolupdyr-da! Däli är-aýal. — Ol ellerini göge uzadyp gygyrdy: — Ýok, şeýtan bilsin bu zatlary! Şeýtan, şeýtan, şeýtan!
Margarita jogaba derek özüni diwana oklap, ýalaňaç aýaklaryny hallanladyp, hahahaýlap, soňam gygyryp diýdi:
— Waý, çydar ýaly däl! Waý, içim gyryldy! Özüňe bir seret, nämä meňzeýäň! Ussat utanjyrap, hassahana balagyny dartyşdyrýança, Margarita-da köşeşip, salyhatly keşbe girdi.
— Sen häzir özüňden biygtyýar şeýtan bilsin bu işleri diýip, hakykaty aýtdyň — diýdi ol, — maňa ynanaý, şeýtan bar işi ýerbe-ýer goýar! — Birden onuň gözlerinde ot çakyldy-da., ýerinden turup, tans edip başlap, gygyrdy: — O, gör, nähili bagtly men, nähili bagtly men, onuň bilen dil birikdirenime çäksiz bagtly men! O, iblis, iblis! Indi, janym saňa gurban bolsun! Indi, janym, senem arwah aýal bilen ýaşamaly bolarsyň. — Şondan soň ol ussada okdurylyp, onuň boýnundan mäkäm gujaklap, ýüzünden-gözünden, burnundan, lebinden ogşap başlady. Ussadyň daralmadyk gara saçynyň tarlary ýelpinýärdi, ýaňaklary we maňlaýy posalardan ýaňa low-low ýanýardy.
— Sen çyndanam arwaha meňzeýäň.
— Muny men inkär etmeýärin — diýip jogap berdi Margarita, — men arwah, şoňa-da hoşal men!
— Ýeri, bolýa — diýdi ussat, — arwah bolsaň bolupsyň-da. Bu juda gowy, ajaýyp hal! Diýmek, meni şypahanadan ogurlap çykypdyrlar! Bu hem juda makul iş. Bu zatlaram şu ýere getiripdirler diýeli, bolýa... Indi bizi gözläp ýörmezlerem diýip çak edeli, emma jemi öwlüýä-enbiýalar hakyna maňa aýt, biz nähili we näme bilen gün geçireris? Bu gepi aýtmak bilen, men diňe seniň aladaňy edýärin, ynan maňa.
Şu mahal penjirede galyň tumşukly bir jübüt köwüş we ýol-ýol çyzykly jalbaryň etegi göründi. Soň jalbaryň dyzy epilip, kimdir biriniň kersen ýaly syrty penjireden düşýän ýagtyny bekledi.
— Aloiziý, öýdemiň? — diýen ses eşidildi aýnanyň ýokarsyndaky jalbaryň üstünden.
— Ýene başlandy — diýdi ussat.
— Aloiziými? — diýip sorady Margarita penjiräň teýine baryp, — ony agşam tussag etdiler. Kim seň özüň? Familiýaň näme?
Şol pursatda görnen garanyň balagy hem syrty gaýyp boldy-da, köçe tarapdaky gapynyň tarkyldap ýapylan sesi geldi, şondan soň ýene hemme zat öz kadasyna geldi. Margarita diwana gyşaryp jan-teni bilen gaty-gaty güldi welin, gözleri ýaşaryp gitdi. Emma gülmesini bes edenden soň, ýüzi bütinleý başgaça şekile girdi, indi ol salykatly gepläp başlady, gepläp, diwandan süýşüp düşdi we ussadyň aýak ujuna emedekläp geldi-de, onuň gözlerinden gözüni aýyrman başyny sypalap başlady.
— Garamaňlaý dostum, juda köp kösendiň, köp azar çekdiň! Muny diňe men bilýärin. Ine, saçlaryňa-da ak düşüpdir, dodagyň gyrasynda ýygyrt peýda bolupdyr. O, meniň ýalňyzym, ezizim, hiç zady pikir etme, indi saňa derek özüm oýlanaryn? Saňa kepil geçip aýdýaryn, indi durmuşymyz örän nurana bolar.
— Men hiç zatdan gorkmaryn, Margo, — diýdi birden ussat we başyny galdyranda, Margaritanyň gözüne ol hiç haçan bolmadyk, emma bolanlygyna anyk ynanan wakasy hakynda eser ýazan wagtyndaky ýaly bolup göründi, — gorkmaýanymyň sebäbi, men ähli kynçylyklary başymdan geçirdim. Meni gaty gorkuzdylar, indi hiç zat bilen gorkuzyp bilmezler. Emma meniň saňa nebsim agyrýar. Margo, hemme bela şunda, ine, şol sebäpdenem bir gepi saňa tekrarlap otyryn. Aklyňa aýlan! Näsag, pukara adam bilen ýaşap, ömrüňi köýdürmek nämä gerek? Öýüňe dolan! Saňa nebsim agyransoň aýdýan bu sözleri.
— Wah, senmi, sen — diýip pyşyrdady Margarita saçlary perişan başyny ýaýkap, — wah, hiç zada ynanmaýan maňlaýygara. Sen zerarly uzyn gije ýalaňaç halda sandyrap durdum, öz aýallyk duýgumy ýitirdim, birnäçe aý dowamly garaňkyda oturyp, diňe bir närsäni — Ýerşalaimiň üstünde gök gümmürdäni hakynda oýlandym, aglap-aglap, gözlerimde ýaş galmady, indi başymyza bagt guşy gonanda, meni kowýaňmy? Ýeri, bolýa, men giderin, giderin, emma bilip goý, sen daşýürek adam! Olar seniň kalbyňy boşadypdyrlar.
Şonda ussadyň ýüreginde ökünçli bir mylaýymlyk duýgusy oýandy we ýüzüni Margaritanyň saçlarynyň arasyna goýup, bisebäp aglap goýberdi. Margarita hem onuň agysyna goşulyşyp, barmaklary bilen ussadyň ýaňaklaryny sypalap pyşyrdady.
— Hawa, ak tarlar, ak gyllar, kelläň gözümiň öňünde gara dönýär, wah, meniň köp jebir çeken çal başlym. Seret, seniň gözleriň nähili! Olar çöl ýaly boş görünýär... Eginleriň, eginleriň bolsa edil agyr ýük göteren dek çöküpdir... Maýyp-müjrüp edip taşlapdyrlar seni, — Margaritanyň gepleri bir-birine gowuşmaýardy, ol sojap-sojap aglaýardy.
Şonda ussat gözýaşlaryny süpürdi-de, dyza çöken Margaritany aýaga galdyrdy, özi hem ýerinden galyp, pert äheňde diýdi:
— Boldy, bes indi! Meni ýaman utandyrdyň. Indi hiç haçan beýle peslik etmerin, bu meselä gaýdyp dolanmaryn, arkaýyn bol. Biziň ikimiziňem öz ruhy näsaglygymyzyň gurbany bolandygymyzy bilýärin, belki, ol saňa-da menden geçendir. Nätjek-dä, indi bu azaby bile çekeris.
Margarita dodagyny ussadyň gulagyna golaý eltip, pyşyrdady:
— Seniň ömrüň kakyna, seniň heşbini döreden şol münejjimzadanyň hakyna ant içip diýýärin, bar zat oňatlyk bolar.
— Ýeri, bolýa, bolýa — diýip, ussat ýene ýylgyryp sözüne goşdy: — Elbetde, adamlar ikimiz ýaly talaň-taraç edilen bolsa, onda olar adatdan daşary güýçlerden pena gözleýärler. Indi menem şolardan pena gözlemäge razy.
— Ine, ine, sen ýene öňki halyňa gaýtdyň, gülýäňem — diýdi Margarita, — emma şol ylmy sözleriň güme gitsin. Ol dünýämi ýa bu dünýä, parhy näme? Men gaty ajygdym.
Şeýle diýip, ol ussadyň elinden tutup stola tarap çekdi.
— Bu tagamlaryň häzir ýer teýine girip gitmejegine ýa-da penjireden uçup çykmajagyna asla ynamymam ýok — diýdi bütinleý hatyrjem keýpiýete geçen ussat.
— Gorkma, uçup gitmez!
Edil şu wagt gapyň aňyrsyndan bir maňka ses geldi
— Size salam.
Ussat bir tisgindi, emma her hili adaty däl wakalara öwrenişen Margarita gygyryp goýberdi:
— Bu Azazellodyr! O, nähili gowy boldy geleni! — soň ussada pyşyrdady: — Gördüňmi, ana, bizi unutmandyrlar! — diýip, gapyny açmaga ylgady.
— Hiç bolmasa, etegiňi bir ýap ahyryn, — diýip gygyryp galdy ussat onuň yzyndan.
— Başaşak gitsin-le... diýip jogap berdi Margarita dälizçeden.
Otaga giren Azazello indi gyýşyk gözüni ussada dikip, tagzym edip, onuň bilen salamlaşdy, Margarita bolsa şeýle diýdi:
— Waý, başym göge ýetdi! Ömrümde hiç haçan beýle hoşal bolmandym! Ýöne ýalaňaçlygym üçin meni bagyşlaň, Azazello!
— Asla ezýet çekmäň, men ömrümde diňe ýalaňaç aýallary däl, derisi soýlan aýallary-da görüpdim diýen manyda gepläp, Azazello gara mata dolanan bir düwünçegi pejiň ýanyna goýdy-da, derhal stol başyna geçdi.
Margarita konýak guýup uzatdy, Azazello ony hözir bilen içdi. Ussat ondan gözüni aýyrman oturyşyna, käte-käte stol aşagyndan ýuwaşja özüniň çep bilegini çümmükläp görýärdi. Emma bu çümmükler täsir kylmady. Azazello howada eräp gitmedi, sebäbi dogrusyny aýdanyňda, muňa hiç hili zerurlyk hem ýokdy. Çünki bu kelte çyparyň, islendik adamda bolup biläýjek gözüne ak düşenini we lybasynyň üýtgeşikligini, donmy ýa-da plaşmy, anyk däldigini hasap etmeseň, hiç hili gorkunç zat ýokdy. Konýagy hem ol adaty adamlar kibi, ökdelik bilen bir demde çulkudyp, yzyndan garbanybam durmady. Emma indi konýakdan ussadyň başy güwläp ugrapdy we pikir edip:
«Ýok, Margarita dogry aýdýaň! Çyndan hem, garşymda iblisiň ilçisi otyr. Ýogsa özüm öňňin agşam Iwana, Patriarh kölçesiniň ýanynda şeýtany görüpsiňiz, diýip ynadyrypdym indi bolsa, nämüçindir şu pikirden gorkup, gözbagçylyk hakda, hamhyýallar hakynda allanämeleri oýlap otyryn. Gözbagçylyk nämişlesin jyn uran bu ýerde» diýip, köňlünden geçirdi. Ol Azazello dikanlap seredip, onuň gözlerinde nähilidir jogapkärlik, tä wagty gelinçä aýtman saklap oturan nähilidir bir pikiriň bardygyny aňdy. «Ol ýöne bizi görmäge däl-de, nähilidir bir tabşyryk bilen gelen bolmaly», — diýip oýlandy ussat. Synçylygy bu gezegem oňa dönüklik etmedi.
Azazello üçünji gezek uzadylan konýagy hem içip, asla içmedik adam dek gep başlady:
— Podwalyňyz ykjamja eken, jyn alsyn meni! Ýöne bir pikir döreýär, näme iş etmek bolar bu çukurda?
— Menem şony aýdyp otyrdym — diýdi ussat gülümsiräp.
— Nämüçin meni howsala salýaňyz, Azazello, — diýdi Margarita, — bir alajy bolar!
— Ýok-la, ýok-la, — diýip seslendi batly ses bilen Azazello, — sizi howsala salmak hyýalyma-da gelmändi. Özüm hem bir alajy bolar diýip pikir etdim. Hawa! Ýogsa-da, tas ýatdan çykaran ekenim, messir size salam gönderdi we sizi özi bilen kiçijik bir gezelenje çagyrdy, eger isleseňiz, elbetde. Ýeri, näme diýersiňiz bu teklibe?
Margarita stol aşagyndan ussadyň aýagyny basdy.
— Uly höwes bilen bararys — diýip jogap berdi ussat, Azazellony öwrenýän nazar bilen synlap, ol bolsa gepini dowam edip:
— Margarita Nikolaýewna hem bu syýahatdan ýüz öwürmez diýip umyt edýäris.
— Meniň-ä ýüz öwürmejegim anyk, — diýdi Margarita we ýene aýagy bilen ussadyň aýagyny yşarat etdi.
— Örän oňat syýahat bolar, — diýdi Azazello, — ine, bu meniň halaýan zadym! Bir demde ylalaşdyk. Şol günki Aleksandr bagyndaky ýaly gepi sozup durmadyk.
— Wah, ýadyma salmaň şol güni, Azazello! Akmak ekenim şonda. Ýogsa-da bu meselede meni günäkärlemelem däl, her gün iblis bilen duşuşybam durlanok.
— Dogry aýdýaň — diýip tassyklady Azazello, — eger her gün duşsaňyz, örän şat bolardyňyz!
— Çaltlyk meniň özüme-de hoş ýakýar — diýdi Margarita şadyýana joşup, — çaltlyk hem, ýalaňaçlyk hem. Mauzerden atylan ok ýaly! Bäý, onuň nähili mergenligini bir görseňdiň — diýip çyňkyrdy Margarita ussada ýüzlenip, — ýassygyň aşagynda goýlan ýedilik kartyň islän halyny urup, oçko alýar… — Margarita serhoş bolup ugrady şu sebäpli gözleri ýanyp ugrady.
— Be, ýadym gursun, unudypdyryn — diýip çyňsap goýberdi Azazello elini maňlaýyna urup, — gaty ýadapdyryn. Messir size sowgat iberipdi — şeýle diýip, ol göni ussada ýüzlendi, — bir çüýşe çakyr. Üns beriň-ä, bu Iudeýa prokuratorynyň içen çakyrynyň hut özi Falern şeraby.
Tebigy ýagdaý, beýle gadyrly närse, elbetde, Margaritanyň hem, ussadyň hem ünsüni özüne çekdi. Azazello matamlardaky ýaly gara parçany açyp, ondan zeň basyp giden bir küýze çykardy. Başda ony bir-bir ysgap gördüler, soň bulgurlary guýup, gök gümmürdisiniň öň ýanynda ýitip barýan ýagtylyga tutup görenlerinde, hemme zat gan reňkine boýaldy:
— Wolandyň salamatlygy üçin! — diýdi Margarita, bulgury ýokary göterip.
Üçüsi-de bulgurlary agyzlaryna eltip, bir owurtdan içdiler. Şobada ussadyň gözi garaňkyrap, demi tutuldy ol janynyň çykýanyny aňşyrdy. Ol ýene reňki ölüniňki ýaly agaran Margaritanyň zordan özüne el uzadyp, kellesiniň stola egilýänini soňam ýuwaşja syrygyp ýere ýykylanyny gördi. Diňe:
— Zäherleýji jellat, — diýip gygyrmaga ýetişdi ussat. Ol Azazello sançmak maksadynda stolda ýatan pyçaga el uzatdy, emma ysgyny galmadyk eli saçakdan syrylyp düşdi-de, bu otagdaky närseleriň hemmesi ussadyň göz öňünde gap-gara reňke boýaldy, soňam bütinleý gaýyp boldy. Ol gapdala agyp, çekgesi ýazuw stolunyň burçuna urlup, ýaralandy.
Zäherlenenler köşeşenden soň Azazello işe girişdi. Birinji nobatda, ol penjireden uçup çykyp, bir demde Margarita Nikolaýewnanyň ýaşan öýüne ýetip bardy. Hemişe işe pugta we seresaplyk bilen berjaý etmäge werdiş bolan Azazello, hemme iş birkemsiz berjaý boldumyka diýip degşirip görmekçidi. Hakykatdan-da, hemme närse isleýşi ýaly bolupdy. Ana, äriniň işden gelerine garaşýan çytyk ýüzli aýal öz ýatan otagyndan çykdy-da, birden reňki buz ýaly agaryp, ýüregini penjeläp, ejiz ses bilen gygyrdy:
— Nataşa! Haý, kim bar... bärik!... — diýip ol kabinete ýetip bilmän, myhman jaýyň ortasynda pola ýykyldy.
— Hemmesi ýerbe-ýer boldy — diýdi Azazello. Ol ýene bir pursatdan soň ölen aşyk-magşuklaryň başujuna geldi. Margarita halyçanyň üstünde sarsman ýatyrdy. Azazello özüniň demir elleri bilen Margaritany, edil gurjak agdaran ýaly aňsatja özüne garadyp, onuň ýüzüne dikanlady. Zäherlenen aýalyň çehresi üýtgäp başlady. Gök gümmürdisi zerarly garaňky gatlyşanyna seretmezden, Margaritanyň arwahyňky ýaly wagtlaýyn gyýmak gözi, ýüzündäki wagşyýana we ýowuz alamatlarynyň gaýyp bolýanlygy göze anyk göründi. Merhum Margaritanyň ýüzi nurlanyp, ahyry, mylaýymlyk ýüze çykyp, onuň wagşyýana ýyrşaýyşy üýtgäp, ýönekeý, ejiz, dertli ýylgyrma öwrüldi. Şonda Azazello onuň ap-ak dişleriniň arasyny açyp, agzyna ýaňky zäherli çakyrdan birnäçe damja damdyrdy. Margarita uludan dem alyp, Azazellonyň kömegi bilen däl, öz-özi ýerinden turdy we pessaý ses bilen sorady:
— Haýsy günäm üçin, Azazello, nämüçin? Maňa näme etdiň?
Ol süýnüp ýatan ussady görüp, tisgindi we pyşyrdap diýdi:
— Beýle zada garaşmandym... ganhor!
— Ýok, beýle däl — diýdi Azazello, — ol häzir turar. Siz ne beýle tutgaýly!
Çypar iblisiň sesi şu gadar ynançlydy welin, Margarita oňa derrew ynanaýdy. Ol özüne gelip, kuwwatlanyp, tarsa ýerinden turdy-da, ussadyň agzyna çakyr damdyrmaga kömekleşdi. Ussat gözüni açyp, töweregine bakdy we hälki soňky sözüni ýigrenç bilen tekrarlady:
— Zäherleýji ganhor...
— Wah! Ýagşylyk edenleri hemişe ykarat bilen sylaýan ekenler — diýdi Azazello, — näme siz körmi? Tizräk açyň gözüňizi!
Şonda ussat başyny göterip, janly we nurly gözleri bilen daş-töweregine bir-bir seredip çykdy-da, sorady:
— Bu täzeligiň manysy näme?
— Munuň manysy şu — diýip jogap kyldy Azazello, — sapara gitmek wagtyňyz geldi. Ana, eşidýäňizmi, gögem gümmürdeýär? Garaňky düşdi. Atlar bitakat ýer peşäp, kiçijik bag lerzana geldi. Bu mekanyňyz bilen hoşlaşyň, boluň, tizräk hoşlaşyň.
— Hä-ä, düşündim — diýdi ussat, töweregine ýaltaklap, — siz bizi öldürdiňiz, indi biz jeset. Ah, gör, nähili akyl iş! Aýny wagty! Indi men hemmesine düşündim.
— Be, bagyşlarsyň, — diýdi Azazello, — şu gepi sizden eşidýänmi!? Mahbubaň seni ussat diýip atlandyrýar siz häzir pikirlenip bilýäňiz, ýeri, onsoň nädip jesetmişiňiz? Eýsem adam özüni diri hasap etmek üçin, podwalda, keselhananyň içki köýnek-balagynda oturmalymy? Bu gaty gülkünç!
— Hemme gepleriňize düşündim — diýip batly seslendi ussat, — boldy, dowam etmäň! Siz müň ýola mamla!
— Beýik Woland! — diýdi Margarita ussada goşulyp, — beýik Woland! Ol maňa görä danarak pikir ýöredipdir. Emma elbetde, romany, romanyňy, — diýip gygyrdy ol ussada, — nirä perwaz kylsaň-da, romanyňy özüň bilen alyp git.
— Gerek däl — diýip jogap berdi ussat, — men ony başdan-aýak ýat bilýän.
— Bir sözünem... bir sözünem unutmarsyňmy? — diýip sorady-da, Margarita aşygynyň gujagyna girip, onuň çekgesindäki gany süpürdi.
— Biynjalyk bolma! Indi men hiç närsäni hiç haçan unutmaryn — diýip, ol jogap berdi.
— Onda ot ýakalyň! — diýip gygyrdy Azazello, — bar zat otdan başlanypdy, ot bilenem tamam bolsun.
— Ýansyn! — diýip eýmençli gygyrdy Margarita. Podwalyň kiçi penjiresi şark edip açyldy, şemal tutulary gyra sürdi. Asman gysga we şadyýana gümmürdedi. Azazello penjesini peje sokup, tütäp duran bir şahany aldy-da, stola ýaýylan saçagy ýakdy. Soň ony diwanda ýatan bir desse köne gazete degirdi, ondan soň golýazmany we aýnanyň tutusyny otlady. Bu mahal geljekki çapyşykdan ruhlanan ussat tekjeden haýsydyr bir kitabyny alyp, onuň sapyhalaryny açyp ýanýan saçak üstüne oklady, kitap derrew lowlap başlady.
— Ýan, köýüp kül bol, öten ömür!
— Ýanyň, külpetler! — diýip çyňkyrdy Margarita.
Elwan ýalyn otagy gaplady, şonda üçüsi-de otagdan tüssä goşulyp çykyp, kerpiç basgançakdan kiçijik howla galdylar. Bu ýerde ilki olar öý sahybynyňkyda aşpezlyk edýän aýalyň ýerde oturanyny gördüler, onuň ýanynda bir üýşmek kartoşka, birnäçe bogdak sogan ýaýrap ýatyrdy. Aşpez aýalyň bu ahwaly düşnüklidi. Odun saraýyň öňünde üç sany gara at toýnaklary bilen ýer peşäp, bedenleri titräp, pyşgyryp durdy. Margarita ata birinji bolup mündi, ondan soň Azazello, iň soňunda ussat mündi. Aşpez aýal bir yňrandy-da, çokunjak bolup, elini göterjek boldy, emma Azazello eýerde oturan ýerinde oňa hemle kyldy:
— Eliňi keserin! — Ol sykylyk çaldy, şonda atlar lipa daragtynyň şahalaryny döwüp, göge perwaz kyldylar we pesläp uçýan gara buludy ýaryp geçip gitdiler. Edil şu wagt podwal penjirejagazyndan tüsse burugsap çykdy. Aşakdan aşpez aýalyň ejiz, gamgyn sesi geldi.
— Ýanýarys!
Atlar eýýäm Moskwanyň üçekleriniň üstünden uçup barýardy.
— Şäher bilen hoşlaşmak isleýärin, — diýip gygyrdy ussat öňde barýan Azazello. Gök gübürdisi onuň galan gepini ýuwutdy. Azazello «bolýar» diýen ýaly edip baş atdy-da, atyny gorduryp gitdi. Bat bilen barýan atlylara bakan içi ýagmyra dolan ullakan bulut ýetip gelse-de, ýagyş damjalamaýardy.
Olar seýil baglaryň üstünden uçup barşyna, kiçijik adamlaryň indi damjalap başlan ýagmyrdan özlerini gutarmak üçin dumly-duşa pytrap gaçýanlaryny gördüler. Atlylar tüsse burugsaýan ýerden uçup geçdiler. Griboýedowdan bar galan zat şudy. Olar tümlük gaplan şäheriň depesinden perwaz edýärdiler. Olaryň üstünde dynman ýyldyrym çakýardy. Ahyry şäher tamlary gutaryp, aşakda ýap-ýaşyl meýdan peýda boldy. Ine, edil şu wagtam ýagyş guýup başlady-da, üç çapyksuwary üç sany ullakan suw damjasyna öwürdi.
Perwazyň täsiri Margarita tanyş bolsa-da, ussat bu duýgudan gapyldy, şoňa görä, gözlän menzillerine bir demde ýetip baranlary ony geň galdyrdy.
Bu ýerde ol bir adam bilen hoşlaşmakçydy — onuň allaýarlaşjak başga hiç kimi ýokdy. Şaglap guýýan ýagyş perdesiniň arasyndan ol Strawinskiý şypahanasynyň binasyny hem, derýany hem, derýanyň aňry kenaryndaky özüniň gowy öwrenen tokaýyny hem derrew tanady. Olar şypahananyň golaýyndaky bagyň içindäki aýmança gondular.
— Size şu ýerde garaşyp duraryn — diýip gygyrdy Azazello, ellerini tüýdük edip: ýyldyrym şuglasynda bir görnüp, bir ýitip — hoşlaşyň, ýöne basym boluň.
Ussat bilen Margarita eýerden segräp düşüp, kölçeleriň ýüzünde şöhlelenip, şypahananyň bagyndan uçup geçdiler. Ýene azajyk wagtdan soň ussat 117-nji otagyň balkonyndaky, özüne juda tanyş gözenegi iterip, içeri girdi. Margarita hem onuň yzyna eýerdi. Olar Iwanuşkanyň ýanyna gök gübürdeýän wagty görünmän, duýdurman girdiler. Ussat krowadyň golaýynda saklandy.
Iwanuşka bu aramgähe gelen birinji güni gök gübürdisini nähili diňläp ýatan bolsa, häzir hem şu tüýsde gymyldaman ýatyrdy. Emma häzir öňki saparkysy ýaly aglamaýardy. Ahyry ol balkondan gelen gara sudury synlap, ýassykdan başyny göterip, oňa ellerini uzatdy-da, şatlanyp diýdi:
— Ä, bu sizmi? Men bolsam haçandan bäri garaşyp ýatyryn. Geleniňiz gowy boldy, goňşy jan.
— Hawa, şu ýerde men! — diýdi oňa ussat jogap edip. — Emma gynansam-da, indiden beýläk size goňşy bolup bilmerin. Men baky uçup barýaryn, diňe siziň bilen hoşlaşmaga geldim.
— Men muny bilýärdim, duýýardym — mylaýym owazda diýdi Iwan we sorady: — Siz oňa duşduňyzmy!
— Hawa, — diýdi ussat, — şonuň üçin hem siz bilen hoşlaşmaga geldim, çünki soňky wagtda diňe siz meniň ýeke-täk söhbetdeşimdiňiz.
Iwanuşkanyň köňli rahatlanyp diýdi:
— Otagyma uçup gireniňiz gowy boldy. Men, elbetde, sözümde tapylaryn, indi hiç haçan goşgy ýazmaryn. Meni indi başga zat gyzyklandyrýar, — Iwanuşka ýylgyryp, dälişge gözlerini ussada däl-de, başga bir ýere bakdyryp, — men başga zat ýazmakçy. Bilýäňmi bu ýerde ýatan wagtym köp zada düşündim.
Ussat bu sözleri eşidip, tolgundy we Iwanuşkanyň düşegine amanat oturyp, gepe başlady:
— Bu örän gowy, örän gowy. Diýmek, ol baradaky eseriň dowamyny ýazjaksyňyz!
Iwanuşkanyň gözleri lowurdady.
— Eýsem, ony özüňiz ýazjak dälmi? — diýip, ol başyny egdi we pikirlenip oturyp, dowam etdi: — Wiý,.. men muny nämüçin soradym — Iwanuşka gorkup, göz gyýtagyny ýere aýlady.
— Hawa, — diýdi ussat, onuň güňleç sesini Iwanuşka tanamady, — ol barada men indi ýazmaryn. Men başga iş bilen bent bolaryn.
Uzakdan eşidilen sykylyk gök gümmürdisini basdy.
— Eşidýärmiň! — diýip sorady ussat.
— Gök gübürdeýär — diýdi Iwan.
— Ýok, meni çagyrýarlar — gitmeli wagt boldy — diýip düşündirdi ussat we ýerinden turdy.
— Saklanyň! Ýene bir agyz söz — diýdi Iwan, — siz şol magşugyňyzy tapdyňyzmy? Size wepadar bolup galypmydyr?
— Ine, ol — diýip jogap berdi ussat we diwara yşarat etdi. Gara geýnen Margarita ak diwardan aýrylyp, bimaryň depesine golaýlaşdy. Ol krowatda ýatan ýigide gamgyn gözlerini dikdi.
— Haý, biçäre, biçäre — diýip sessiz pyşyrdady Margarita we bimara tarap egildi.
— Örän owadan eken — diýdi Iwan bahyllyk bilen däl, birazajyk hasrat we nähilidir ýuwaş geň galma bilen, — ana, gördüňizmi, bar arzuwyňyz hasyl bolupdyr. Emma mende beýle bolmady, — şeýle diýip ol pikire çümdi we dowam etdi — Belki, şeýle bolany makuldyr...
— Hawa, hawa, — diýip pyşyrdady Margarita bimaryň üstüne aşagrak eglip, — ine, häzir men maňlaýyňyzdan öperin welin, hemme zat göwnüňizdäki ýaly bolar... sözüme ynanaýyň, men bu zatlary gördüm, başymdanam geçirdim.
Krowatda ýatan ýigit Margaritanyň boýnundan gujaklady, Margarita bolsa ony ogşady.
— Hoş gal şägirdim, — diýdi ussat eşdiler-eşdilmez we howada eräp başlady. Ol, onuň bilen bile Margarita hem gaýyp boldular. Balkonyň gözenegi ýapyldy.
Iwanuşka tolgunyp başlady. Ol ýerinden galyp, oturdy, töweregine gorkuly seredip, hatda yňrandam, öz ýanyndan bir zatlary samyrdap, ör turdy. Gök gümmürdisi bardyksaýyn güýçlenýärdi, megerem, onuň kalbyna gulgula salanam şol bolsa gerek. Iwany howsala salan ýene bir zat onuň ýatan ýerindäki ümsümlik bozlup, koridordan biynjalyk aýak sesleriniň, güňleç adam sesleriniň eşidilmegi boldy.
— Praskowýa Fýodorowna! — diýip gygyrdy ol gaharlanyp we titräp-gagşap.
Şu demde otaga giren Praskowýa Fýodorowna Iwanuşka sowally nazar bilen seretdi.
— Ýeri? Näme boldy? — diýip sorady ol, — gök gümmürdisi birahat edýärmi? Köşeşiň, zyýany ýok... Häzir kömek ederler. Men doktory çagyraýyn.
— Ýok, Praskowýa Fýodorowna, doktory çagyrmaň — diýdi Iwanuşka, Praskowýa Fýodorowna däl, diwara biynjalyk seredip — maňa üýtgeşik zat bolanok. Men indi öz ahwalyma düşünýän, siz gorkmaň. Gowusy, aýdyň hany, — diýip dilkeşlik bilen sorady Iwan, — ýanymdaky ýüz on sekizinji otagda häzir näme boldy?
— Ýüz on sekizinjidemi? — diýip, gaýtalap sorady Praskowýa Fýodorowna we gözleri elek-çelek boldy, — ol ýerde hiç zat bolanok — diýende, aýalyň sesi ýasama çykdy, muny derhal duýan Iwanuşka diýdi:
— Goýuň, Praskowýa Fýodorowna! Siz bir dogruçyl adam-a, näme men topalaň turzar öýdüp pikir etdiňizmi? Ýok, Praskowýa Fýodorowna, arkaýyn boluň. Siz gepiň dogrusyny aýdyberiň. Men, barybir diwar arkaly hemmesini bilip ýatyryn.
— Edil häzir goňşyňyz ýogaldy — diýip pyşyrdady Praskowýa Fýodorowna, özüniň hemdemligini we akgöwünligini ýaşyrmaga gurby çatman, aýtmasyna aýtdy-da ýüregi bükgüldäp Iwanuşka ätiýaçly seretdi, şol wagt Praskowýa Fýodorowna ýyldyrym nuruna çümdi. Emma Iwanuşkada erbetlik ýüze çykmady. Ol diňe barmagyny köp manyly göterip, şeýle diýdi:
— Men şeýle boljagyny bilýärdim! Size ynandyryp diýýärin ki, Praskowýa Fýodorowna, häzir şäherde ýene bir ynsan älemden ötdi. Men hatda onuň kimligini hem bilýärin, — şu sözleri diýip Iwanuşka pynhan ýylgyrdy, — ol aýal adam.
Категория: Romanlar | Просмотров: 26 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mihail Bulgakow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: