01:23
Gyrmyzy bägüller -4/ romanyñ dowamy
13.

Ahyram olary özleri ýaly aljak ýyllaryny alyp, etapa garaşyp ýatanlar bilen bilelikde, howla çykarypdyrlar-da, ýeke-ýeke atlaryny okap, ähli ýeri ýapyk maşyna mündüripdirler we göni demir ýol duralgasyna alyp gidipdirler. Ol ýerde-de, edil, etraplardan Aşgabadyň et kombinatyna getirilýän goýunlary edişleri ýaly, sürrekledip ýük wagonlaryna dykypdyrlar.
― Her wagona näçe adamdan saldylarka? ― diýip, men bilesigelijiligim zerarly, durup bilmän soradym. Režissýor az salym oýlanyp oturdy. ― Şun-a şol gezek dädemem sorapdy Gurt agadan. Ýalňyşmaýan bolsam şonda ol: «Ýüz gowrag-a bardy» diýäýdi öýdýän.
― Kän ekeni.
― Kän. Gaty kän. Gurt aga-da esasan şondan zeýrendi. «Gaty dyknyşyk boldy. Iň bolmanda agaç naralaram guraýmandyrlar. Aşagy tigirli diýäýmeseň, mal ýatakdan tapawudy ýok. Hajat üçinem, şonça adama ýekeje «paraşka» goýlupdyr. Onam duralgalarda konwoýlaryň öňüne düşüp, gezek-gezegine özümiz döküp gelýäs. Mämmediň gezeginem men özüm almaly bolýardym. Zandyýamanrak konwoý bolsa: «Özi äkitsin» diýip, dyzaýan wagtlaram bolýa. Onsoň oňa bolşuna görä bir zatjagaz emläp, köşeşdirmeli bolýa. «Gaýrat ediň-e, ataň ýagşy, eneň ýagşyňa zat ýok. Mämmet ikimizden başga türkmen ýok. Hemmesem orsça gepleşýäler. Şolaryň hyşy-wyşylaryndan çen tutup, Orsyýediň Ural, Sibir sebitlerine alnyp barylýandygymyzy aňýardyk.
Etapçylar milleti, ýaşlary, hünärleri, dini-ygtykatlary boýunça dürli-dürli. Şeýle-de olaryň arasynda hökümede başdan-aýak gulluk edip, ine indem bir sebäbe görä gapjalanlaram, hökümet bilen hiç haçan jyny jyňkyryşmadyklaram bardy. Mämmet welin olaryň hiç birine-de girmeýärdik. Çünki, biz oňa garşam gitmändik, gol gowşuryp hyzmatynda-da durmandyk. Orta gürp bilen güzeranymyzy tigirläp, bolşuna görä oňşup gelýärdik.
Ýöne, barybir bolmady. Demir düzgüniň ýiti uçly çarhlary bizem dolap alyp öz holtumyna dykdy.
Mämmet welin biziň basylyp, uzak bir ýerlere jezamyzy çekmek üçin sürgün bolup barýandygymyza entegem ynananokdy... Bir burçda namazlygyny gujaklap oturyşyna otlynyň düýbünden ters tarapa barýandygyndan bihabar aram-aram: «Gu-urt, Gökdepä ýetdikmi? Bäherdenden geçdikmi? Gyzylarbada golaýlamdykmy...» diýip, üznüksiz gaýtalady bardy» diýip, Gurt aga sözüniň dowamynda aýtdy.
«Ýaşuly, obadaşyňyzam alyň-da düşäýiň, geljek ýeriňize geldiňiz» diýen sözi wagty bilen eşitmänsoň, atamam ýagdaýyň näjüredigini aňlap başlapdyr. «Gu-urt, sen diýýänleň rast bolaýjak öýdýän» diýip, eşidiler-eşidilmez hüňürdäpdir.
On üç ýyllap dowam etjek, öz ygtykaty bilen bagly, iň bir ejirli wakalaryň ilkinji alamatlary hut şondan soň ýüz berip başlapdyr.
«Şak-şak-şak, şak-şak-şak...». «Şak-şak-şak...»
«Alaşakyrdy» turzup barýan, köne wagonyň juda dyknyşykdygyna garamazdan, atam wagty boldugy söm-saýak bolşup duran ýogynly-kelteli, daru-giň balakly baldyrlaryň arasyndan namazlygyny ýazara ýer gözläp gorsanjyraberýän ekeni. Ýöne, itekleşdirip açanja ýerine-de namazlygy ýazsa özi syganok, özi otursa namazlygyna ýer galanok diýýä. «Adamlar, gaýrat ediň-de, men eglip-galýançam gaýyrrak süýşäýiň-dä» diýmäge bolsa ýüzi ýok. Onuň musurmançylyk borçlaryny berjaý etjek bolup, kösenip oturyşyna iki-ýeke nebsi agyrýanlar tapylypdyr, ýöne, köpüsi oňa äsgermezçilikli göz bilen garaýan ekenler. Kimsi siltenjiräp, aýaklaryny silkip alsa, kimsi paýyş söz aýdyp üstüne gygyrypdyr, ýene biri howada galgap duran kiçijik eljagazlaryna kakypdyr, ýene biri süýem barmagy bilen eňegini galdyryp burnuna pitikläpdir. Elleri bilen «şatyrdadyp» egninden basýanlaram, ýakasyndan tutup, maňlaýyna ýumruk çeneýänlerem tapylaýýan ekeni.
Şolar ýalyda orta köplenç Gurt aganyň özi goşulmaly bolýan ekeni. Her niçik hem bolsa onuň göwresiniň daýawlygy, ýüz-gözüniň haýbatlylygy, esasanam Allatarapyn arslan ýürekliligi, garadangaýtmaz batyrlygy özünem, atamam köp-köp külpetlerden alyp çykypdyr.

***

Tejene ýetenlerinde asly Sarahsyň nemeslerinden, käri boýunça mehanik, MTS-iň bir traktoryny bejeren wagty tötänlikde «walyny» döwendigi üçin «wreditel» hökmünde sud edilip, ýedi ýyl iş kesilen, Handor atly, orta ýaşlaryndaky, orta boýly, inçejik, gözleri mawy, saçy jyrk sary, ýüzüne künji sepilen ýaly çypar, gönümel burunly mydama syrtarylyp ýören bir kişini mündüripdirler. Ol diýseň degişgen hem şelaýyn ekeni. Şol häsiýeti bilenem ol gelşi ýaly hemmelere özüni aldyrypdyr.
Gurt aga familiýasynam-a aýdýady welin, ýadyma düşenok. Öz dili bilen ors dilinden daşary ol türmençänem suwara bilýän ekeni. Ýöne salyr şiwesinde gepleýär ekeni. Ol Gurt agadyr ― atam bilenem basym dostlaşypdyr. «Sarahslylar-a maňa Hanjar diýýäler, sizem şeý diýiberiň, i-i-i... Il niýäme diýse şon diýsin, i-i-i...» diýip, köne tanyş ýaly daşlaryndan aýlanyberipdir.
Ol esasanam atamyň ýagdaýyna gowy düşünipdir. Duýgudaşlyk edipdir. Gelen gününden başlap, arkasyny alyp ugrapdyr. Gurt agany bir gyra çekipdir-de: «Ýa-a-a... i-i-i... Ikimiz berk dursak bu gyň keýipleň birem «dymp» edibilmez. Görýän welin aralarynda «ugolownikler-ä» ýok ýaly» diýipdir.
Bir günem atamyň üstünde dawa turupdyr welin, Handor orta çykýa-da: «Adamlar! Bu kiçijik kişi Hudaýa gulluk edýä. Hudaý bolsa hemmämiz üçinem deň. Hemmämiziňem gulluk edýänimiz bir Hudaý. Her namazynyň soňunda Hudaýdan gowulyk dileýän bolsa, diýmek, biziň üçinem dileýändir. Şonuň üçin şuny ynjytdygymyz öz Hudaýymyzam ynjytdygymyz bolar».
Şondan soň atamyň ýagdaýy az-kem gowulaşypdyr. Handoryň haýyşy boýunça bendiler atama bir burçdan ýörite ýerjagaz bölüp beripdirler. «Goja türkmeniň burçy» diýip at alan şol çüňke Handoryň özi bilen Gurt agadan başga hiç kim barybilmändir.
Etap mahaly iýmit ýagdaýlarynyň nähili bolandygyny soranymda Gurt aga: «Gün içinde bir gezek, köne setillere guýup nahara meňzeş bir zatlar berýädiler. Parawozyň köne setillerine salyp getirýän wagtlaram bolýardy. Ýeriň giňinde keşdiň çekip ýüzüne sereder ýaly däl welin, bende görgüliler şonuňam goýurak ýerinden aljak bolşup tutda-bas bolýardylar. Özümizem şeýledik. Mämmet ýaly ejizräk, çekinjeňräk adamlara dagy hossarlyk edäýmeseň hatda paýlarynam alyp bilenokdylar. Asyl golaýyna-da baryp bilenoklar. Baraýanlarynda-da damagyna gyzmarak pyýadalar olary elleriniň tersi bilen pyzyşdyryp goýberýäler. Ine onsoň ýene-de uruş. Ýene-de galmagal. Ýöne, lap edip aýdygym däl, Hanjar ikimiziň Mämmedi ýekeje gezegem owkatsyz goýan ýerimiz ýokdur» diýdi.
Özbegistanyň, Gazagystanyň üsti bilen geçip, ýaňy bir Orsyýetiň içine aralaşyp ugranlarynda, kiçiräk duralgalaryň birinden Saşok atly bir ýigdekçäni mündüripdirler. Ana, şo-da daşyndan göräýmäge gaty bir ejiz bolmasa-da, Gurt aganyň ýaňky aýdyşy ýaly awuny alybilmeýän gowşaksy biçäreleriň biri bolup çykypdyr-da, Handor ikisi onuňam garamatyny öz boýunlaryna almaly bolupdyrlar.
Ýene bir şähere gelip duranlarynda, konwoýlaryň biri barlag bahanasy bilen Saşogyň goş haltasyny dörüşdirip içinden göze iler ýaly zat bolsa almakçy bolupdyr.
Bu, umuman, konwoýlaryň edähetleri ekeni. Mahal-mahal şeýdip, kimiň sagadyny, kimiň çilim gapyrjagyny, ýylyrak içki eşiklerini, hatda owadanja çaý çemçejigi bolsa-da alaýýar ekenler.
Şol gezek Gurt aga bilen Handor ikisi bendilere ýüzlenip, Saşogy özleri bilen bilelikde goramaklaryny haýyş edipdirler.
Şondan soň bendiler hiç hili galmagal ýa uruş-sögüşem etmändirler-de, tirseklerini toýnak edip, onam biri-birleriniňkiden geçirip, Saşogyň daşyna aýlanyp duruberipdirler. Konwoýyň howuny basmak üçin, güýçli ses bilen aýdym aýdypdyrlar. Gurt aga, atam ýaly bilmeýänler bolsa agyzlaryny gymyldadyp oňaýypdyrlar.
Konwoý başyny gutarsa kaýyl bolupdyr. Çünki, bikanun hereket edip tutulsa, olara-da jeza beriläýdigi bolýan ekeni.
Şonda Saşok göwni bozulyp aglapdyr. Bendilere, hususan-da Gurt aga bilen Handora minnetdarlyk bildiripdir.
Soň sorap-idäp görseler, ol öz obasynda ýetimlik bilen hor-homsy ösen, görene hakyny iýdirip ýören çaga ekeni. Näme üçin, näçe ýyl basylandygy welin, Gurt aganyň ýadyna düşmedi. «Ýöne, biziňkiden-ä az däldi» diýeni ýadyma düşýä.
Ýöne, barmaly ýerlerine baranlaryndan soň welin, Saşok özüni düýpgöter başga tarapdan tanadypdyr. Gurt aga bize onam gürrüň berdi. Menem saňa gürrüň bererin, ýöne, biraz soňrak, üstünden baran wagtymyz.

14.

«Şak-şak-şak, şak-şak-şak...». «Şak-şak-şak...»
Şeýdip daglardan, derýalardan, derýalar üzre gurlan äpet köprülerden, gök gyrtyja bürelip oturan baýyrlyklardan, ýaşyl ýaýlalardan, düzlüklerden, sümme tokaýlyklardan aşyp baryşlaryna bir gün daňdanaralar Gurt aga bilen atam ikisem ýoldaşlarynyň: «Moskwa... Moskwa...» diýişýän howsalaly seslerine oýanypdyrlar.
Ady dünýä dolan Moskwany biri-birinden öňürti görjek bolşup, bendiler wagonyň tagta diwarlaryna tarap topulyşypdyrlar. Oňa maňlaýlaryny direşip yşlaryndan «jyklaşypdyrlar».
Gurt aganyň ýüreginden syzdyryp aýtmagyna görä, şol wagt olaryň barysy özleriniň bendidiklerini unudypdyrlar. Özlerini aňzakly Sibiriň ýowuz şertli lagerlerine alnyp barylýan däl-de, Moskwanyň gözel ýerlerini görkezmek üçin ýörite, gezelenje getirilen dek duýupdyrlar.
Çünki, olar üçin Moskwa Leniniň ýolbaşçylygynda dörän SSSR atly uly döwletiň paýtagty. Döwlet ýolbaşçylarynyň ýurdy edara edip oturan, ähli kada-kanunlaryň çykarylýan ýeri. Ol ýerde Gyzyl meýdan, Kreml, Kremliň çür başynda ýer ýüzüne şöhle saçyp duran gyzyl ýyldyz bar. Içinde bolsa Leniniň egindeşi, uly iliň parasatly serdary ýoldaş Stalin şybygyny burugsadyp işläp otyr.
Şeýle hem Gyzyl meýdanda dünýä proletariatynyň atasy Leniniň mawzoleýi ýerleşýär. Özem şonuň içinde, gollaryny döşünde gowşuryp, çiňarkan düşüp, baku ukuda ýatyr.
Ol zatlaryň gyrasyndanam eltilmejekdiklerine gözleri ýetip duranam bolsa, şol wagt bendileriň barysynyň höwesi şol zatlara gönügipdir. Ýöne dişleriniň suwuny çekişip, bäbeneklerini darajyk deşijeklere hernäçe direselerem, görübilen zatlary bolmandyr.
«Moskwa» sözi uçursyz köp gaýtalanansoň atamda-da: «Beh, bizi asyl Moskwada alyp gaýdan ekenler-ow...» diýen pikir döräpdir. Şol pikiriň ýelginine-de ýerinden turupdyr.
Wagonyň diwarlaryny sermeläp, o ýan, bu ýan, gyrmyldap ýörşüne şäheri synlar ýaly yş gözläpdir.
Oňa çenlem öz münüp barýan wagonlary ýaly boş ýa üsti kömürli, çagylly ýük eşalonlaryndan başga zada gözleri düşmedik bendiler hapa-hapa sögünişip, tüýkürişipdirler. Ýerli-ýerlerine geçişipdirler.
Il ugruna atamam geçipdir. Hökman şeýtmelidir öýdüp, birki ýola tüýkürinjiräpdirem. Ýöne, özlerine Moskwany görkezjekdirler diýen umydyndan welin, el üzmändir. Şonuň üçinem, gapdalynda Gurt aga bilen özara gürleşip oturan Handor eşider ýaly edip: «Leýliniň ýatan ýerinem görkezerlermikä? Çüýşäň içindemiş öz-ä...» diýipdir.
Gülmäge bahana tapsa göhi gelýän Handor: «Görkezerler Mämmet aga, näme görkezmän. Galan zatlary görkezensoňlar onam görkezmeseler bolmaz-a ― diýipdir. ― Ýöne, etapyň naçalnigi bilen gürleşip bilseň ol-a Leniniň mawzoleýi ekeni, Kremle-de girip bilersiň. Gelenime görä, görmän gitmäýin diýseň kabinetine girip Stalin bilen salamlaşybam, öz-ä gara çaý içýändir welin, ýanyňda bar bolsa gir käsejik gök çaýam içişibilersiň. Arman, sen çekeňok, ýogsam çilimem çekişibilersiň. Namaz wagtyna gabat gelseňiz-ä bileje iküç rekat okaşaýmagyňyzam ahmal...» diýipdir. Wagonyň gapysy açyldygy özüniň-ä şol mesele boýunça göni naçalnigiň ýanyna eňjekdigini, sebäbi Stalin arzy-hal diňlemäge gaty gabyl adam bolup, bigünädigiňi düşündiribilseň kabinetinden çykaraga-da, öýüňe iberibilýändigini aýdypdyr.
Atam welin, şonda-da onuň oýun edýändigini aňmandyr. Gaýtam keltejik aýaklarynyň üstüne galypdyr-da, Handoryň ýüzüne çiňerilipdir. Ujy oda çirkizilen ýaly sarymtyl hem gaýzygyp duran kirpiklerini gypyrjykladyp: «Be-e-e, o bende-de namazly-täretli musurman adamsy diýsene diýipdir. ― Namazlygy zadam bamyka?»
Onuň öz çeňňegine mazaly ilendigini bilensoň-a Handor hasam çynlakaý sypata giripdir. «Aý, ýok, Mämmet aga, namazlyg-a ýokmuşyn. Öň-ä baram ekeni-de, rewolýusiýa döwri garma-gürmelikde ýa-ha ýitiripdir ýa-da ogurladypdyr. Täzesini alara-da gurby çatman, oňkyny-muňkyny diläp alyp, mydar edip ýörmüşin. Senem näme, ýa bile durup okarsyň ýa gezekleşip okarsyňyz, garaz bir alajyny taparsyňyz-da...» «Alaj-a tapylar welin, ýöne, beýle kösenip ýören bolsa, men oňa...» diýende atam bir zatlar aňjak bolupmy, nämemi sesi peselip ugrapdyr. Ahyram aňandyr-da: «Häý, men-de guraýyn Hanjar-da ― diýip, çalaja seslenipdir. Syrylyp aşak çöküpdir. Gatyrganmanyň nämedigini bilmeýän halyna oturan ýerinden Handora tarap jüýkerilipdir. ― Öz ogluň bolsa, dulugyna bir şapbat ýelmed-ä welin... Atasy, ýaly adamy oýnan bolup... Häý... Geläýme gaýdyp şü, meň burçuma...

15.

― Moskwadan soň güzeranlary az-kem gowulaşypdyr. ― Şyh Mustapa ýakmaz bir zat iýen ýaly ýüzüni turşaýdyp başyny ýaýkady. ― Aý, gowulaşypdyr, diýäýýän-dä, ullakan bir üýtgän zad-a ýok ekeni welin, ýöne, bir-ä içi iki gat naraly, öňkä görä birneme ganymadrak, wagon beripdirler. Adam şekilli aýaklaryny uzadyp ýatmaga, billerini ýazmaga mümkinçilik döräpdir. Netijede atamyňam ýagdaýy el-hallaşypdyr. Iň bolmanda dik durup namazyny okabilipdir.
Şol zatlary ýatlap otyrka Gurt aga: «Her niçik hem bolsa ýa-ha hiç kim ýamanlamady, ýa-da ýol üstünde o zatlara kän bir ünsem berlenokmy, tä, barmaly ýerimize barýançak, naçalnikler, konwoýlar tarapyndan Mämmede: «Namaz okaýaň» diýip, azar beren-ä bolmady. Ýogsam onuň tä, gaýdýança gören jebri-jepalarynyň barysy şol zerarly bolup geçdi...» diýdi.
Moskwada ýeke bir wagonlaryny däl, konwoýlarynam çalşypdyrlar. Üstesine hemmesini hatara durzup: «Ýolda şular size azar berdilermi, zadyňyzy aldylarmy ýa aljak boldularmy» diýibem sorapdyrlar. Emma şol ýagdaýyň ýolboýy gaýtanalnyp gelendigine garamazdan, hiç kim sesini çykanmandyr. Çünki, tejribeli adamlaryň aýtmaklaryna görä, egerde şol wagt şikaýat etseň, soňkular seni öňkülerdenem beter talaýan, urýan, sökýän ekenler. Baran ýeriňde-de tä gaýdýançaň gün görkezmeýärlermişin.
Ýolboýam mündürilýän, düşürilýänleriň sany az däl ekeni welin, Moskwada alyş-çalyş hasam köp bolupdyr. Şolaryň arasy bilen Handoram alyp galypdyrlar. Ol atam bilenem, Gurt aga bilenem, asyl hemmeler bilenem gadyrly hoşlaşypdyr. «Ine, gördüňmi, Mämmet aga» burçuma gelme» diýdiň, menem ine, gaharyňy getirmezlik üçin galýandyryn» diýipdir. Atam bozulypdyr-da: «Ýa, he-eý, Hanjar senem-ä tüýs oglan bolýaň-ow, hiý şoň üçin dagam, bir ýoldaşlaryňdan galarlarmy? Onsoňam bu wagt indi burç bamy, zat bamy, üýtged-ä bar zatlar. Hälem bolsa galaýsana...» diýip, edil çaga kemşerilipdir. Handoryň welin, şojagaz pursadam elden sypdyraýasy gelmändir: «Oýun etdim-läý, Mämmet aga, oň üçin galamok, ýöne, ýap-ýaňyja naçalnigi gördüm-de: meni birki gün Moskwada goýuň. Kremle baryp agamy göreýin, diýdim welin, hern-ä «bor» diýäýdi. Şol işimi bitirip, indiki otly bilen yzyňyzdan bararyn...» diýipdir. Yzyndanam oýun edýändigini birdirmek üçin «jykyr-jykyr» gülüpdir. Gurt aga seredip gözüni gypypdyr.
Atam ýene-de oýnalýandygyna düşünipdir. Ýöne, öňküsi ýaly gaty görmändir. Gaýtam, şu ikaralykda-da degşip bilýändigi üçin Handora göwni ýetipdir. Şonuň üçinem başyny ýaýkap dostlarça ýylgyrypdyr-da, garsa gujaklapdyr. «Nirede bolsaňam, janyň sag bolsun, Alla seni öz penasynda aman saklasyn. Allahu-akbar...» diýipdir.
Handor olara: «Sarahsa barsaňyz hökman öýe sowluň, «Hajar müjük» diýseňiz tanamajak bolmaz» diýipdir. Salgysyny beripdir. Olaryňkynam alypdyr. Tä garasy ýitýänçä, mahal-mahal yzyna garap, goşhaltasyny bulaýlap gidipdir.
Şondan soň olar biri-birlerini görmändirler. Habar-hatyram eşitmändirler.

16.

«Şak-şak-şak, şak-şak-şak...». «Şak-şak-şak...»
Moskwadan soňam şemal tarapa birnäçe gün ýol ýöränlerinden soň, ýap-ýaňyja-da: «Sibirde-Sibir...», «Uralda-Ural» bolşup gelýän bendiler birdenkä: «SLON-da SLON» bolşup başlapdyrlar. Atam-a olar ýaly zatlara ünsem bermeýän ekeni welin, «Bah, bu ýerlerde pil näme işläp ýörkä. Ol Hindistan ýaly yssy ýurtlarda bolmaly ahyry» diýip, muňa Gurt aga gaty geň galypdyr. Sowatsyz görünmezlik üçin, soramaga bolsa çekinipdir.
Dogram edipdir, çünki, bendileriň SLON diýýänleri, şo-ol, dädemiň hatyna baran jogaplarda aýdylyşy ýaly: «Sloweskiýe lagerýa osobogo naznaçeniýe» diýdikleri ekeni. Ýagny, abbrewiatura.
«Diýmek, bizi haýsam bolsa şolaryň birine eltjekler-dä...» diýip, Gurt aga içinden pikir öwrüp ýetişmänkä otly eýýäm badyny gowşadyp başlapdyr, kem-kemdenem togtapdyr. «Hemmeler düşüp, hatara durmaly» diýen buýruk berlipdir.
Nirä, haýsy tarapadygyny nireden nirä gidendiklerini Gurt aga takyg-a aýdybilmedi, asyl ony şol wagt bendileriň hiç birem bilmeýän ekeni, ýöne, şondan soňam olary iki günläp Gündogar sary pyýada alyp gidipdirler. Ýolda idili dem-dynjam aldyrmandyrlar. Nahar hakda-ha gürrüňem ýok. Bir döwüm guradylan nana, bir jüňňüljigem suw bilen oňmaly bolupdyrlar.
Atam şonda namazyny gidip barýan ýerinde okamaly bolupdyr. Esasanam oňa täretini bozman saklanmak kyn düşýän ekeni. Barybir etmejekdigine gözi ýetip duranam bolsa, Gurt aga oňa telim gezek dagy «kazasyna goýaý» diýip, töwella-da edipdir, ýöne barybir çak edişi ýaly bolup çykypdyr.
Ýol ugrunyň tebigatyny Gurt aga şonda şeýle suratlandyrdy: Gyşyň ortalary bolansoň howa sowuk. Baýyrlyklaryň ýokarysyny, etegini jähekleşip oturan agaçlaryň henizem gök öwsüp oturanlary bar. Käbir ýerleri bolsa güýzlük keşbinem ýitirmändir. Sarytagta matadan tikilen don geýnen gelin deý şol ýerler hasam owadan görünýä. Düýn-öňňin ýagan bolsa gerek, onda-munda oýtum-oýtum bolşup ýatan ak garlar göze ilýär. Asmandan gyýaklap düşýän Gün şöhlesine olar jowahyr deýin ýaldyraşýalar. Etapçylaryň hemmesi sus. Ýadaw. Aç. Aýaklarynyň aşagyndan garly ýerlerde-hä «gütürt-gütürt» edip, garsyz ýerlerde «güpürdi» eşidiläýmese ses-üýn ýok diýen ýaly. Şol aralygy geçenimizde hemişe düýe gaýtarýan ýaly uly gykylyk edip gelýän konwoýlaryň «haýt-haýtlaram» azalan ýaly boldy...»
Şolar ýaly owadan görnüş hatda atamam haýran edipdir. Daş-töweregini gurşap alan ajaýyp manzaryň keşbini ine-gana synlamak üçin, birnäçe gezek ol kolonnadan yza-da galypdyr. Soň ýene-de «gybyrdyklap» kowup ýetipdir. Konwoýlardan käýinç eşiden gezeklerem bolupdyr.
Barýarkalar öňlerinde bölek-bölek, uly bolmadyk obajyklar çykýan ekeni. Şolaryň hersinde ýatymlyk düşleýän ekenler.
«Bendileri ulurak bolsa üçden-dörtden, kiçiräk bolsa birden, ikiden, hojalyklara paýlaýadylar ― diýip, Gurt aga öz gürrüňiniň şol ýerini has nygtap aýtdy. ― Sebäbi ol ýerlere baryp ýetensoň, konwoýlardan bendileriň gaçar gorkusy aýrylýa. Onsoňam ol wagt aramyzda «ugolownik» ýok. Öý eýelerine tabşyryp gidiberýäler. Myhman alandyklary üçin hojalyk eýelerinem boş goýanoklar. Döwlet tarapyndan olara pul bolmasa-da kartoşka, un, çaý, gant ýaly azyk önümleri berilýär. Şonuň üçinem, öý eýeleri myhmany näçe köp alybilseler, şonça-da hoş bolýadylar.
Uzak argynlykdan, açlykdan, bagryňy dilip barýan çapgyn şemally aňzakdan soň ýyljak öýüň içinde, «gübirdäp» duran pejiň başynda, kelemlije çorba iýmek, gyzgynja çaý içmek, soňundanam aşagyňa içmek düşenip meýmiräp ýatmak ýaly başga bir lezzet dünýäde bardyr öýtmersiň...».
Gurt aga her düşelgede atam bilen bir hojalyga düşmekligiň hötdesinden gelýän ekeni. Bu şeýle bir kynam dälmişin. Hatda gykylyk-galmagal bolmazlygy üçin, düşlejek öýüňi, kim bilen boljagyňy özüň saýlamaga ygtyýaram berýän ekenler.
Şolar ýalyda atam arkaýyn täret alyp, namaz okap bilýän ekeni.
Ýoluň altmyş kilomertlik iň soňky tapgyry welin juda agyr bolupdyr. Şol aralygy olar gijäniň garaňkylygynda bir durman, pyýada geçmeli bolupdyrlar. Öňlerinden ýekeje oba-da çykmandyr. Howa-da şeýle bir sowuk bolupdyr welin, duranyňdan ýene-de ýöräniň ýagşy diýýä. Ýaman dert ýolam ibaly dälmişin. Adamlar birsyhly ýykylyp-sürşüp barýalarmyşyn.
Şol gezek atam öýden çykaly bäri birinji gezek hatda gidip barýaka okara-da rogwaty çatman öýle namazyny kazasyna goýupdyr.
Daň atyp jahan ýagtylandan soň, nirelerdendir bir ýerlerden duýdansyz peýda bolan çal dumanyň aňyrsyndan, biziň öri meýdanlarymyzdaky goýun kaşarlaryna meňzeş, hatar-hatar bolup oturan, uzyn-uzyn baraklaryň sudurlary görnüpdir.
Konwoýlar bendilere aýdym aýtmaklygy, lagere uly şatlyk hem şowhun bilen girmekligi buýrupdyr.
Lagere golaýlaşdyklarysaýy ýaňky baraklaryň daş keşpleri kem-kemden aýdyňlaşypdyr. Soňabaka tutuş zonanyň daşyna aýlanan iniňi eýmendiriji tikenekli simlere, her tikeneginiň syhlaryna, syhlaryň ýylpyldaşýan ýitije uçlaryna çenli saýgarmak mümkin bolupdyr.
Simiň içinde bolsa, megerem, bu günlükçe bir sebäp bilen işe gitmedikler bolsa gerek, eginleri gara güpbüli, şon deý gara balakly, gara hem gödeňsi botinkaly, başlary keçeden tikilen gara gulakjynly adamlar salgym ýaly, onda-munda aýlanyşyp ýörlermişin.
Etapa gözleri düşündenem, olaryň barysy birden şol tarapa tutdurypdyrlar we ellerine çümýän syhlaryň awusyndan heder etmän, gelişleri ýaly ýalaňaç elleri bilen tikeneklerden ýapyşyp, sime germelipdirler, tanyş-bilişlerini görmek umydy bilen, «etapçylara» tarap içgin-içgin seredişipdirler. «Pylan ýerden adam bamy? Kim nireden gelýä?» diýen ýaly soraglar beripdirler.
Aýdym aýdyp gelýän kolonna hatda olaryň näme diýýändiklerinem aňşyrmandyr.
...Lageriň galyň hem agyr demirden berk edilip ýasalan ýaşyl derwezesinden girişleri ýaly, bendileriň gözlerine kaklyşan zat ― gabat gelen ilkinji baragyň maňlaýyna çüýlenen, uzynlygy bäş, ini ýarym metr çemesi, ýüzüne-de: «Siz diňe işjeň zähmet arkaly halas bolup bilersiňiz» diýen şygar ýazylan gyzyl mata bolupdyr.
Şonda olaryň hemmesini erksizligiň tüýüňi üýşendiriji sowuk duýgusy gaplap alypdyr. ― Şyh Mustapa öňem-ä bir gaty gürläp oturanokdy welin, birdenkä sesini hasam pessaýlatdy. ― Şu ýere ýetende Gurt aga dädeme şeý diýdi: «Şol ýere baran günümiz, şol şygara, esasanam tikenekli simlere gözümiz düşen pursady, men bütin ýurt boýunça, hemmämiziň ullakan bir türmäniň içinde ýaşap ýörendigimize, eltilen ýerimiziňem şol uly türmäniň içindäki kiçijik türmeleriň biridigine göz ýetirdim. Olar ýaly kiçijik türmeler bolsa, soň görüp otursam, sanap çykardan köp ekeni.
Howwa, maňlaýyna äpet şygar ýazylan ilkinji baragyň deňinden aýdym bilen, ýöne, aýaklaryny zordan süýreýşip barýan bendiler aşhanamy, geýim ýuwulýan jaýmy ýa hammammy, käbir baraklaryň turbalaryndan çykýan ýogyn hem goýras, gap-gara tüsseleriň äpet gara aždarha kimin, asman sary towlanjyraşyp baryşlaryna uly howsala bilen seredişipdirler. Şol görnüşem näme üçindir olaryň kalplaryna wehim salypdyr.
Gurum ýagýan bolmaly, şol tüsseleriň barýan ugurlarynda topragam edil kül sepilen ýaly gap-garamyşyn.
Zonanyň ganatynyň çep künjünde bolsa haýsydyr bir enjam özüne zor salyp, ulyili bilen «wazyrdap, jyrryldap» ala-zenzele diýýä. Şol sebäpli aýdymam goýmaly bolupdyrlar. Şol sese beledräkleriň we gözi ýitiräkleriň aýtmaklaryna görä, ol ýerde «lesopilka» diýenlerem bolupdyr. Soň görüp otursalar şol ikisiniň gaty bir tapawudam ýok ekeni.
Lageriň ortarasyndaky boş meýdança baranlarynda olary saklap, hatara durzupdyrlar. Atma-at sanaw geçirip, baraklara bölüpdirler. Gurt aganyň eden uly bolmadyk tagallalaryndan soň, atam ikisi bir barakda, ýanaşyk naralarda ýerleşipdirler.

17.

Gurt aganyň iňňän ýatkeşlik bilen ýatlamagyna görä, adatça, bir barak bendileriň bir rotasy üçin niýetlenen ekeni.
― Rotasy näçe adamka oň? Goşundaky ýaly-ha däldir?
― Onçasyn-a bilemok, ýöne, ýalňyşmaýan bolsam, Gurt aga: iki ýüz elli adam, diýdi. Her rotaňam öz komandiri, narýadçysy, üç sany wzwod komandiri, hojalyk müdiri, alty sany dnewalnysy bolup, soňkularyň birini çörek kesdirmek üçin ulanýan ekenler.
Şu wezipeleriň hemmesine, hatda komendatlara çenli bendileriň özlerinden saýlanýan ekeni. Ýöne, şolaryň maddalary hökmany suratda «bytowoý» bolmaly. «Ugolownik» bolsa bolanok.
Baragyň iç-daşyny, zonanyň çäklerini syryp-süpürmek, arassalamak lageriň içki hyzmat ediş gulluklary tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ol işlerde bendiler ulanylmaýar.
Belki şonuň üçindir, agzalan çäkler baragyň içi, naralar, hatda düşek-ýassyklara çenli şol döwür iňňän arassa saklanýar ekeni.
Ine, hut şuňa hem bendiler diýseň geň galypdyrlar. Çünki, ol ýerlerde şolar ýaly arassaçylyk, tertip-düzgün saklanýandyr, diýip, olaryň ýatlaryna-oýlaryna-da gelmeýän ekeni.
Ýokarda agzalan wezipelere bendileriň aglabasy uly höwes bilen razy bolýan ekenler. Olar öň hakyky ýüzlerini gizläp ýören, ýagdaý dörändenem maslykçyguş ýaly öňe topulýan, häsiýetleri boýunça haýaman, wezipeparaz, gorkak, öýe batyr we şuňa meňzeş adamlar bolup çykýan ekenler.
Bendileriň arasyndan käte «samoohranka» hem alynaýdygy bolýan ekeni. Olara tüpeňem berilýän ekeni. Lagerde ençeme ýyl bäri oturan adamlaryň Gurt aga baran döwri duýdurmaklaryna görä, olar beýleki wezipelerdäkileriň dagy çeni-çaky bolmaýan ekeni. Sähelçe bahana bolsa, düýn-öňňinki bir döwüm çöregi bölüşip iýip ýören adamsynyň böwrüni garaldyp oturybermänem hiç zatça görmeýän ekenler. Şeýtmekligi olar özlerine dereje bilýän ekenler. Hemmeleriň özlerinden gorkarlary ýaly göz üçin edýän ekenler: «Gör, men kim? Gör, men nämeler edibilýän! Meniň garşyma gitseňiz, sizem ine, şu güne düşersiňiz...»
Baraklara ýerleşenlerinden soň, bendileri ýene-de meýdança çykaryp, lageriň içki iş düzgünleri bilen tanyşdyrypdyrlar. Ol umuman, şeýleräk: Işlemeli. Onda-da gowy işlemeli. Giren agzyňdaky şygarda aýdylyşy ýaly, günäňi gara zähmet bilen ýuwmaly.
Işe çykýanlara gyzgyn nahar, çaý beriler. Syrkawlap ýa iş wagty synaňa şikes ýetendigi zerarly çykybilmediklere-de şol zatlar beriler. Eger-de işden sebäpsiz, jögülik edip galsaň, şol gün saňa nahar-çaý-a däl, hatda gury çöregem berilmez. Oňa derek dört sany abat, çig kartoşka bilen bir jüňňül gyzgyn suw beriler. Her gün bir bahana bilen işden yzygiderli galyp ýörseň, günüňe diňe iki sany çig, onda-da sowuk uran çüýrük kartoşka bilen oňmaly bolarsyň. Hatda bir owurt gyzgyn suwam berilmez.
Şondan soň lageriň naçalnikleriniň biri «perekowka» barada düşündiriş geçipdir.
Perekowka ― bu şol döwür lagerler üçin Staliniň hut özi tarapyndan oýlanyp tapylan we bendileriň tertip-düzgünlerine girizilen täze bir syýasat. Onuň talaby zähmet bilen öz-özüňi terbiýelemekden, täzeçe taplanmakdan ybarat bolup, Gurt aga dagynyň zona girişleri ýaly gözleri düşen gyzyl şygary hem hut şondan gelip çykýan ekeni.
Onuň göz öňüne tutýan zady şu: kimde-kim ýalňyşyna düşünip, gündelik iş normalaryny artygy bilen ýerine ýetirmekligi başarsa, zähmet arkaly özüni täzeçe terbiýelän adam hökmünde möhletinden öň öýüne goýberiler. Bu bir! Ikinjiden: Özüni «perekowkanyň» talaplaryna laýyk alyp barýan bendä lageriň golaýyndaky obajykda ýaşamaga, şol ýerden bir kel gyrnajyk tapybilse, hatda öýlenmäge-de rugsat edilýär. Şunda, lageriň kanselýariýasynda saklanýan şahsy bukjasyndakylardan başga bendiden hiç hili resminama talap edilmeýär. Aýalyň öz razylyk haty bolsa bolany! Üçünjiden: perekowkaça aýda iki, üç, bäş manat möçberinde pul berilýär. Ýöne, hakyky pul däl-de, puluň ornuny tutýan, diňe zonanyň içinde ýöreýän, «kartoçka», «talon» kysmy bir zat. Oňa «Bon» diýilýär. Bonuň hümmetini düşündirmek üçin Gurt aga bize şonuň on bir köpügine zonanyň öz naharhanasyndan gowy bişirilen, tagamly «antrokot» iýip bolýandygyny aýtdy.
Elbetde, men ol wagt «antrokotyň» nämedigini bilemokdym, ýöne, Gurt aganyň gep salgysyndan çen tutup, iýilýän zatdygyny aňdym.
Işiňem, esasan, iki görnüşi bar ekeni. Biri: tokaýa gidip agaç çapmak. Beýlekisi: ýeriň aşagyna girip kömür köwlemek. Şahtaçy bolmak.
Öňki bendileriň-ä köpüsi tokaýa gidýän ekenler, täze gelenleriňem barysy, şony saýlap alypdyrlar.
Umumanam, kömür köwlemeklik ýolbaşçylar tarapyndan jeza çäresi hökmünde ulanylýar ekeni.
Konwoýlar birini gorkuzjak bolsalar: «Naçalnige aýdyp, şahta iberderin» diýip, haýbat atýan ekenler.
Her niçik hem bolsa açyk meýdan, tokaý, howasy arassa, namaz okamak, täret almak üçin amatly bor, diýip, atamam, Gurt aga-da tokaýa gitmeklige döwtalap bolupdyrlar.
Galyberse, olaryň şol wagt «antrokot» iýmek, golaýdaky obada ýaşamak, öýlenmek ýaly zatlar-a oýlaryna-da gelenok ekeni, ýöne, köp işläp «perekowkaçy» bolmak, ýekeje ýylam bolsa ir boşap öýlerine gaýtmak welin, niýetlerinde ýogam däl ekeni.
Şol höwes bilenem olar baran günlerinden başlap ak ýürekden, öndümli işläp başlapdyrlar.

18.

Howanyň sowukdygyna garamazdan, başda işleriniň gidişi erbedem bolmandyr. Ýöne käbir gaýly, tupanly günlerde welin: «Aý, mundan-a şahta-da ýagşy bolsa gerek» diýdiripdir. Eliň welin barybir dek durmaly däl. Şonda-da «perekowkaçy» bolmag-a beýlede dursun, adaty normaňam alyp bolanok, diýýä. Gyşyň günem näme, gysga bolýa. Eýläňe-beýläňe bakmankaň garaňky düşýä. Şol aralykda-da isleseň-islemeseň ot ýakmaly, ýylynmaly, janyňy saklamaly, biraz garbanmaly. Atam-a namazynam okap ýetişmeli...».
«Konwoýlaram dawaýda-dawaý» bolşup üstlerine çöwjeşip durlarmyşyn. Sähelçe ýüzlerine gelenlerem agşamlyk ýolbaşçylara ýamanlaýarmyşyn. Olary şahta ibermek baradaky meseläni orta goýýarlarmyşyn.
Ilki-ilkiler-ä kän bir ünsem bermändirler welin, konwoýlar atamyňam aram-aram eline bir çüýşe suw alyp, tokaýyň sümmeräk ýerine ýönelige sümlüp-çykyp ýörmeýändigini aňypdyrlar. Yzarlapdyrlar. «Ohoda-oho...» bolşup, hamala ogurlykda tutan ýaly idenekledip alyp gaýdypdyrlar, tä iş wagty gutarýança şolar ýaly bolgusyz zada güýmenmezligini talap edipdirler. «Dawaý normada ― dawaý norma» bolşup gygyryşypdyrlar.
Iň geň ýerem, şolaryň biri Gurt aganyň ýolboýy goraglap gelen köne «dosty» Saşok ekeni. Ol gelen gününden başlap «ohranka» geçmeklige höwes bildirenleriň biri bolupdyr we uzaklaşdyrmanam şol maksadyna ýetipdir.
Atamyň özi-hä orsça bilmänsoň onuň bilen gürleşjegem bolmandyr welin, o deýýus Gurt aganam äsgerenok diýýä. Gürleşjek bolsa-da: «Dawaý, dawaý, Kurt, ne boltaý, rabotaý...» diýip, gaýtam onuňam o ýerine, bu ýerine tüpeňiniň gundagy bilen kakyşdyryp ýör, diýýä. Tüpeňiniň ujuny gezäp: «Ataryn!..» diýip, sürünýän gezeklerem bolaýýamyşyn.
Onuň şol bolup ýörşüni Gurt aga dagy bilen bir etapda gelen, Handor ikisiniň oňa ýolboýy, hossarlyk edip gelendiklerini gözleri bilen gören beýleki bendiler hasam geň görüpdirler.
Şonda, uzyn boýly, akylly hem ýadaw gözleri elmydama ýaşaryp duran, howlukman saýhally gepleýän, käri boýunça alymmy, nämemi, haýsydyr bir ylmy iş ýazandygy üçin terslenip on sekiz ýyl basylan, on ýyl bärem şol ýerde oturan, Tihomirow familiýaly ýaşulyrak bendi bir gün tokaýda agaç çapyp ýörkäler, Saşogyň bolup ýörşüne halys uwnup-çydaman, Gurt agany çete çekipdir-de, şeý diýipdir: «Men seniň şol oglana hossarlyk edendigiňi bilýän. eşitdim. Ýöne, sen geň galma. Bu ýeriň düzgüni şeýle. Muňa lager diýilýär. Iň bolmanda türme-de däl. Munuň düzgüni edähedi şeýle. Türmeden tapawutly ýeri şol. Türme adamlary beýgeldýär. Çünki, ol ýerde adam pikirlenip, pikirlerini öwrüp-gowrup, ösdürip, çuňlaşdyryp bilýär, lager bolsa adamlaryň aňlaryny igledýär, adamçylykdan, ahlakdan, ardan, namysdan aýyrýar. Pese düşmekligiň mekdebi, onda-da iň bir ýaramaz mekdebi bolup hyzmat edýär. Durşy bilen çüýredýär. Lagşadýar. Lagerde adamlar onlarça ýyllap diňe başga-başga adamlaryň pikir-ýörelgeleri, görkezmeleri boýunça hereket edýäler. Özbaşdak pikirlenip bilmek ukyplaryny ýitirýäler. Ejizleýäler. Özleriniň şeýle pes güne düşendiklerini aňanlaryndan soň bolsa, özleriniň şolar ýaly pes derejä gaçandyklaryny beýlekilerden gizläsleri, olardan özlerini mümkingadar belentde görkezesleri, hakykatdanam şeýlediklerini subut edesleri, olaryň gözüne naçalnikler bilen deň-derejeli adam bolup görnesleri, iň bolmanda şolara golaýlaşaslary, meňzäsleri gelýä.
Olar ýaly adamlar boşap gidenlerinde lagerden özleri üçin peýdaly hiç zat alyp gidip bilmeýäler. Çünki, olara bu ýerde kezzaplykdan, ýalançylykdan, ýaramazçylykdan başga hiç zat öwredilmeýä. Diňe öýlerine baranlaryndan soň olar adamkärçiligiň özlerinde bar bolan öňküje ýokundylarynam ýitirendiklerini duýup galýalar.
Lagerde diňe Hudaýa sygynýan, onda-da, onuň gözüne çöp atmak üçin däl-de, çyn ýürekden sygynýan adamlar özlerini çüýretmän alyp çykyp bilýäler. Olar ölýäler, ýöne tebigatyň beren ahlaky terbiýesinden ýüz öwürmeýärler. Hudaýyň öz zantlaryna guýan başky päkligini hiç bir zada çalyşmaýarlar, hiç kime hapalatmaýarlar. Şu zatlaryň hakykatdan-da, şeýledigine men şu ýerde geçiren on ýylymyň içinde aýdyň göz ýetirdim. Senem göz ýetirersiň... ― Tihomirow golaýda bir ýerde garsak ýaly «ala-hasyrdy» bolup, işläp ýören atama tarap elini uzadypdyr. ― Ine, şol ejizje pyýada bar zatdan baş alyp çykar. Ýaşar. Saşok ýaly diňe şu gününe guwanyp, elindäki amanat ýaragyna baýrynyp, ejize sütem edip ýörenler ýaşamazlar, bujagaz pyýada welin ýaşar. Sebäbi onuň arkasynda hökümetdenem uly, hökmürowan Güýç dur. Kalbynda bolsa arassa ynam, iman, ygtykat bar. Ana, şol ikisem ony hökman alyp çykar... Soň ol: bolanyna görä, diýip, Gurt aga hakykat ýüzünde «perekowkanyň» nämediginem, onuň nähili amala aşyrylýandygynam, kim-kimleriň «perekowkaçy» bolup öýüne gidip bilýändiginem düşündiripdir. Ýoldaşyňa-da aýt, özüňem bek belle, «perekowkaçy» boljak bolup synanyşybam oturmaň. Bäş-üç «bon» beren borlar, beýlekilere görelde bolsun üçin öwen borlar, ýöne, öýüne saňa derek başga biri gider, onda-da işlemän, aýagyny göge tutup ýatan «blatnoýlaryň» biri gider. Muňa-da basym göz ýetirersiň...»
Gurt aga Tihomirowyň aýdýanlarynyň dogrudygyna hakykatdanam basym göz ýetiripdir. «Görüp otursak biz ýaly ýönekeý bendileriň «perekowkaçy» bolmak maksady bilen normadan artyk çeken zähmetleri «blatnoýlaryň», «ugolownikleriň» hasabyna geçirilýän ekeni. Çünki, olar naçalnikler bilen gepleşýän ekenler-de, özleri işlemän, atlaryna artyk norma ýazdyrýan ekenler. Şeýdibem, «perekowkaçy» bolýan ekenler we toba gelip, sap zähmeti bilen düzelen adam hökmünde boşap öýlerine gidýän ekenler. Soň olaryň özleri öz aralarynda nädip üzlüşýäler ony biz bilemzok. Şonuň üçin biz-ä «perekowkaçy» bolmak niýetimizden el çekdik ― diýip, Gurt aga Tihomirowyň sözlerine subutnama hökmünde, janyýangynlylyk bilen sözüni dowam etdirdi. ― Şol bolýan zatlara şeýle bir janymyz ýanýardy, ýöne, edibilýän zadymyz ýokdy. Hiç kime şikaýatam edip bolmaýardy. Etdiňmi, beterine garaşyber. Çünki, şol gözboýagçylyklaryň öňüni almaly adamlaryň özleri şol zatlaryň başynda durdylar. Staline çenli bolan aralykda-da gat-gat bolup, ýene-de şolar durdylar. Olaryň üstlerinden Kremle ýetmek bolsa, düýşüňde-de mümkin däldi. Sebäbi biziň bolýan ýerimiz ýaňky aýdyşym ýaly, uly türmäniň içindäki kiçijik türmedi. Şol kiçijik türmäniň içinde-de «izolýator», «karser» diýen ýaly şertleri türmäniň özüniňkidenem ýowuz, owunjak türmejagazlar bar.
Şolaryň hemmesem kanuny bozýanlar üçin däl-de, hakykatçyl, adamlar üçin Adalaty gözlediňmi, jaýyň şol ýerlerdedir. Bu jemgyýetiň iň aşaky gatlagyndan başlap, tä çür depesine çenli şeýle. Asla dünýäniň gurluşy şonuň ýaly. Kanun bardyr, göräýmäge halky goraýanam ýalydyr, ýokarda ýurdy adyllyk bilen edara edip oturanlaram bar ýalydyr, emma o zatlaryň barysy göwnüňedir.
Ýagdaý erkin dünýäde şeýle bolansoň, türme durmuşyndan dagy näme tama etjek? Türkmenleriň ýaňky sanalan görnüşleriniň hemmesiniňem maksatlaram, niýetlerem, iş alyp baryş usullaram, bähbitlerem bir.
Şonuň üçinem, hiç kime arz edip bolmaýardy. «Şatyrdadyp» janyňy alyp barýanam bolsa, «bilim agyrýa, baldyrym syzlyýa» diýmek gadagandy. Moskwada konwoý çalşylanda: özümizi ýolboýy talap gelen adamlaryň iki gözüniň içine seredip: «Ýok, bizi hiç kim talanok, zadymyzy elimizden alanok», diýdigimiz, ähli türmeleriň ýörelgesidir, diýsem ýalňyşdygym bolmaz...» ― Üýtgeşik bir zat aýtjakdygynyň alamaty hökmünde, režissýor: ― Näme diýsene Hümmi akga... ― diýip, ýüzüme çiňerildi. ― Soň-soňlar, ölmeziniň öň ýanlary, ýagny, ýetmişinji ýyllaryň aýaklarynda, ýurtda artdyryp ýazmaklygyň möwç uran wagty, bir gezek oba baranymda tötänden duşup eden özara gürrüňçiligimizde Gurt aga: «Şu wagtky «pripiska» diýýänleri köşek, indi görüp otursam şo-ol, bir wagtky lageriň «perekowkasyndan» gaýdýa. Şul şoň dowamy. Ikisi bir. Niýetem bir, maksadam bir, netijesem bir. Ir döwür beýle däldi. Bar zat soň bulaşdy. Uly türme kiçi türmäniň ýörelgesini sapak edindi. Ikisi garyşdy. Köp adam-a dogrusy häzir şuň daşyndan içini özi üçin amatly saýýa. Gelen gününiň ertesi yzyna gidäýesi gelip dur. Sesiň içiňde bolsun welin, köşek, bu ýörelge bilen bu döwlet indi uzaga gitmez. Mundan aňry ýol ýok. Ykdysadyýetiň çöken ýerinde gury syýasat ýol almaz, ahlagyň çöken ýerinde bolsa «gury namys göt ýyrtar...» diýenleri bolar» diýdi.
Şondan alty-ýedi ýyl soň ýurt başyna M.S.Gorbaçýow geçdi. Bilşiň ýaly ol, ýurtda «üýtgedip gurmak» syýasatyny yglan etdi. Görmedigini görkezip, halka demokratiýa berdi. Emma süňňi «perekowkadan» bekäp gaýdan syýasatçylar ony öz berenje demokratiýasy bilen, başlaryndan agdaryp urdular. SSSR-i dargatdylar.
Gurt aganyň diýeni boldy.

19.

...Howwa, gyşyň güni tokaýda namaz okamaklygyň kynlygy, üstesine konwoýlaryňam Saşok başlyklaýyn azar berip ýörmekleri sebäpli, atam göz-görtele işden gaçgaklap ugrapdyr. «Namazymy okap bilmejek bolsam, maňa bularyň tokaýam gerekgä, agajam, çüýrük kartoşkalarynam başlaryna ýapsynlar, aç öljek welin, namazym-a taşlajak-gä, işe-de gitjekgä...» diýip, Gurt aganyň ýanynda ýygy-ýygydan zeýrenip başlapdyr. Her gün bir bahana bilen işden galyp, namazyny barakda okapdyr. Kem-kemdenem işe gitmesini bütinleý goýupdyr. Gurt aga: «Mämmet, beýtseň beterine tutarlar, barakda-da okatmazlar, asla hiç ýerde-de okatmazlar, bular bilen oýnuň deň gelmez» diýse-de: «Görübereris, Allah keremdir, Allahu-akbar...» diýipdir.
Gurt aganyň diýeni bolupdyr. Atamyň nämelerden gaçyp, nämeler edip ýörendigi Saşok ýalylaryň üsti bilen, günübirin lageriň naçalnigi Mark Lwowiç Baçinskä baryp ýetipdir.
O-da haýal etmän konwoýlaryň birine atamy öz ýanyna alyp gelmekligi buýrupdyr. Terjimeçi hökmünde Gurt aganam çagyrypdyrlar.
Keltejik boýly, garynlak ― türkmenler olar ýala «aýakly garpyz» diýýäler ― göwresine görä kellesi kän uly, ylaýyk keseligine geçýän egrem-bugram dört sany çyzygy bilen aksowult, giň maňlaýly, ganatlary ýellenip duran burny paşygrak, etegi düşen, ýaňy bir çal sepip ugran saçlary mazaly seýrekläp, gyşyn-ýazyn derläp duran kelte hem ýogyn barmakly tokgaja elleriniň arkasyna çaýyr biten ýaly tüýlek, «has-has» edip gyryljyrap, çalaragam peltekläp geplände, gyp-gyzyl diliniň ujy alynky seýrek dişleriniň arasyndan «zybyrdyklap» çykyp, «zybyrdyklabam» yzyna girip duran, ençeme ýyl bäri edil şol ýerde bolmasa-da, şol kärde bolandygy üçin ýowuzlaşyp gidenem bolsa, bir bada mylaýymrak görünýän elli ýaşlaryndaky bu kişi Gurt aga bilen atam ikisi bir konwoýyň öňüne düşüp gapydan girenlerinde, üstüne ýaşyl begres örtülen berk we ullakan stoluň aňyrsynda ete bökjek pişik ýaly ýapyrylyp, iki elinem stoluň gyrasyna üst-üste goýup, eňeginem elleriniň üstüne goýup, Gurt aganyň lap edip suratlandyrmagyna görä, hiç haçanam gyrpyldamaýan, çerrelip duran ullakan gözlerini gapa dikip oturan ekeni.
Raport berenden soň, Baçinskiý konwoýy «üm» bilen ugradypdyr. Şondan soň onuň goýun itiniňki ýaly äpet kellesi edil, kimdir biri o tamda oturyp, knopka arkaly herekete getirýän ýaly ýuwaşlyk bilen atama tarap öwrülipdir. Agzy açylyp-ýumulypdyr. Diliniň gowy öz gelmeli ýerine gelip gidipdir «wysyr-wysyr» ses çykypdyr, ýöne, näme diýendigine welin düşünip bolmandyr. Ýagdaýyny bilendir-dä, Baçinskiý oturan ýerinde gozganjyrapdyr, ardynjyrapdyr-da, soragyny täzeden gaýtalapdyr. Gurt aga atama onuň adyny, familiýasyny, maddasyny, näçe ýyl basylandygyny soraýandygyny aýdypdyr.
Atam jogap beripdir. Ýöne, düşündirip bilmändir. Baçinskiý Gurt aganyň ýüzüne seredipdir. Gurt aga terjime edip beripdir. «Asyl sen maddaňam şol eken-ä! Sen indi bu ýere gelibem şol käriňi dowam etdirjek bolýaňmy? Sloweskä yslamy ýaýratjak bolýaňmy?» diýip, Baçinskiý atamyň üstüne gygyrypdyr. Beýdip, işe el urman, namaz okap, bendilere ters görelde görkezip ýörjek bolsa, kanun esasynda goşmaça jeza çärelerini ulanjakdygyny aýdypdyr. «Bu gezeklikçe duýdurýan, indiki gezek amala geçerin» diýipdir.
Şeýle-de hemişe gözegçilikde saklajakdygyny aýdypdyr. «Biz bendileri halk üçin neşe bolan dini-düşünjelerden saplamaly, kommunistik ruhda terbiýelemeli. Bizde KWÇ bardyr. Şoňa gatnaş. Kitap, gazet-žurnal oka, kino gör, leksiýa diňle» diýipdir.
Iň soňunda-da atama tarap gobsunyp: «Nazarow! Sen meniň aýdanlaryma düşündiňmi?» diýipdir. Häliden bäri aýalaryny dyzlaryna diräp, aşak bakyp, özüne aýdylýanlary baş atmak bilen makullap oturan atamam tarsa ýerinden turupdyr-da: «Allahu akbar» diýipdir.
Baçinskiniň erbet gahary gelipdir. Ýöne, şol gezeklikçe öňki aýdanlary bilen çäklenmekligi makul bilipdir. Diňe, tas içinden diýen ýaly «wysyrdap: «Takoý malenkiý, no, oçen bolşoý durak...» diýipdir.

***

Naçalnik bilen bolan şol ilkinji duşuşykdan soň, Gurt aganyň tagallasy bilen atam ýene-de işe gatnap başlapdyr. Ýöne, indi ýeke bir Saşok däl, Baçinskiniň sargydy boýunça beýleki konwoýlaram ony gözden sypdyrmandyrlar. Her bir ädimini yzarlapdyrlar. Hatda aýak ýoluna gitse-de, «namaz okajakdyr» öýdüşip, yzyndan bukdaklaşyp barýan ekenler. Okap oturanyny göräýseler dagy urup-sögüp görgüsini görkezýän ekenler.
Bu ýagdaý atama örän ýokuş degipdir. «Men bu hökümete ýamanlyk etmedim. Garşysyna gitmedim. Gerek diýse mal berdim. Zaýym aldym. Salgytlarymy töledim. Kontraktlarymy üzdüm. Bu bolsa meni ahyrsoňunda özüne duşman saýdy. Ilimden-günümden, öýümden, çagalarymdan aýyrdy. Görmedik, bilmedik jaýlaryma getirdi. Elime palta berdi. Tokaý çapdyrdy. Men oňa-da kaýyl boldum. Bir galan zadym ― dini-imanymdy. Biribara bolan yhlasymdy. Bäş wagt namazymdy, ygtykatymdy. Indi şondanam mahrum etjek bolsalar, men näme üçin bulara gulluk edeýin?» diýip, bir gün Gurt aganyň ýanynda aglapdyr.
Sesini çykarman ýören adamyň birdenkä şolar ýaly töňňeli geplemegi hatda oňa çagalygyndan bäri belet bolan Gurt aganam geň galdyrypdyr. Ol atamyň iňňän hatarly ýola ugur alyp ugrandygyny aňyp, oňa tüýs ýürekden töwella edipdir. «Ot bilen oýun etme, Mämmet! Bu wagt erk köp. Güýç ondanam köp. Özüň bilýäň, adamda bolsa baha ýok. Iň bärkisi çüýrük kartoşka daňarlar, aç ölersiň! «Izolýatora» salyp aşagyňa-da suw goýbererler ― doňup ölersiň. «Gaçjak boldy» diýip, atarlar ― maslygyňam tapylmaz. Sen gowusy şu wagt janyňy halas etjek bol. Amanadyňy gora. Goramasaň eýesi halamaz. Namazyňy sag-aman öýe baraňsoň okaber, näçe okasaň».
Atam diňläpdir-de: «Dogry aýdýaň, Gurt» diýipdir. Namazyma degmeseler men iki däl, ýekeje doň kartoşka-da kaýyl bolaryn. Işe-de çykaryn. Ygrarymdan dänderjek bolsalar welin, janymy alsalaram boýun bolman. Okamamy goýman. Imansyz ömri başyma ýapaýynmy? Gaýtam, Hudaýyň huzuryna näçe çalt barsam, şonça-da şat bolaryn. Hak eýäme gowşaryn. Amanadymy gowşuraryn. Dünýäniň azabyndan dynaryn...» diýipdir.
Şol sözlerden soň Gurt aga oňa näme diýjegini bilmändir.

20.

Atam işe çykmasyny ymykly goýupdyr. Şeýdibem Baçinskiý ikisiniň arasyndaky telim ýyllara çekjek göreş, başa-baş söweş başlanypdyr.
Dogry, Gurt aganyň aýdyşy ýaly şol wagt bir bendini öldürmek naçalnig-ä däl, hatda konwoý üçinem hiç zat ekeni. Ýöne, Baçinskiniň maksady atamy öldürmek däl-de, öz aýdyşy ýaly terbiýelemek. Özüniň demir düzgüni, pikir-paýhasy bilen atam ýaly adamlary ýola salmak. Gelesi gelmeýän adamlaram öz usullary arkaly mugyra getirmek. Döwmek däl-de, egmek! Özüniň islendik adamy ýola salyp bilýändigini beýlekilere göz edip görkezmek.
Atamyň welin o zatlardan habaram ýok. Aňyrsynda: «Menem şunuň bilen gidişeýin-le, kimiň-kimi egýänini, kimiň-kimi döwýänini görkezeýin-le» diýen höçjetem ýok. Ol bir zady bilýär. Ölmeli welin ygtykatyňdan dänmeli däl. Ýekeje günem bolsa Hakyň dergähine baranyňda ýüzüň gyzmaz ýaly ýaşamaly. Özüniň ýatmazyndan öň edýän gündelik dileginde aýdyşy ýaly: yslam bilen ötmeli, iman bilen gitmeli.

***

Aradaky gürrüňçilikden soň Nazarowyň öz ýalňyşyna düşünip namazyny taşlanyndan, işe ymykly ýapyşyp işeňňirlik görkezenden geçen, gaýtam arkan gaýşandygyny eşidip, Baçinskiý atam babatdaky ilkinji çärelerini lageriň içki tertip-düzgünlerine laýyklykda: «Sebäpsiz ýere işe çykmandygy üçin» diýen kesgitleme bilen ony gün içinde iki sany sowuk uran, doň hem çüýrük kartoşka daňmakdan başlapdyr. Egerde düzelmese, onda jeza çäreleriniň günäsine görä, üýtgediljekdigini we has ýowuzlaşdyryljakdygyny Saşok ýaly konwoýlaryň üsti bilen atama ýetiripdir.
Özi welin aňyrsy üç günden bendi Mämmet Nazarowyň süýegini süýräp öz ýanyna geljekdigine, «Graždanin naçalnik men halys aç öldüm. Hudaýdanam bizar, yslamdanam. Ýekeje gezek garnymy gyzgyn nahardan doýursaňyz işe-de gideýin, namazymam taşlaýyn» diýer, ýalbarar, aýagyna ýykylar öýdüpdir.
Şol tamakinçiligi bilen ilki üç gün, soň bäş gün, on gün, ýarym aý garaşypdyr, emma goja türkmen gaýtmyşym edip gelmändir.
Şol döwrüň içinde barak naçalnikleri ― şolaram rota komandirleri ― dnewalnylar, käbir komandirler tarapyndan Nazarowyň barakda ýeke bir işsiz oturman, eýsem her günde näçe gezek, emin-erkin namazam okaýandygy baradaky habarlar hem Baçinskä birsyhly gowşup durupdyr.
Bu, henize çenli sözi ýere gaçmaýan naçalnigi gazap atyna atlandyrypdyr. Haýsydyr bir nadan, keçe telpek türkmen bilen indi ikinji gezek goşmaça gürrüňçilik geçirmäge-de bolsa namys edipdir-de, atamy sowuk gyş gijeleri daşary çykaryp içki eşiginde aýakýalaňaç üç sagat saklamaklygy, aýaza gernemekligi konwoýlara buýrupdyr.
Ýene-de onuň ejizlärine, hut ertiriň özünde ýanyna gelip «aman» dilärine, «Gel, başlyk, bu oýny goýaly, men basyldym, sen zor çykdyň» diýerine garaşypdyr. «Bu lager kimleriň bilini bükmändi. Kimleri ýola salmandy. Senem salar, bendi Nazarow» diýip, içini gepledipdir.
Ýöne, ol bu gezegem ondan, onda-da konwoýlaryň üsti bilen: «Allahu-akbardan» başga hiç zat eşitmändir.
...Bir günem Gurt aga dagy agşamlyk işden gaýdyp gelenlerinde barak naçalnigi, çepikçije, jüýkburun, göm-gök gözleri çüýşe ýaly ýaldyrap, içiňden geçip barýan, diýseň iňre Iwan Iňkow bendileri baraga-da salman, nahara-da ibermän daşarda nyzama durzupdyr-da: «Ertir dynç güni. Emma işe çykarsyňyz. Sebäbi, şu gün bendi Mämmet Nazarow gaçmaga synanyşdy» diýipdir.
Bu-da Baçinskiniň atama gaýybanasyndan wada beren jeza çäreleriniň biri ekeni.
Çünki, onuň öz hasabyna görä bendiler ýaňky buýrugy eşidip: «Sen zerarly biz dynç günümizden mahrum bolduk» diýşip, atamyň üstüne dyzamaly, ýigrenmeli, urupmy-sögüpmi ýa başga bir emel bilenmi, isleseler güýlüp ýa halta salyp arkalaryna alyp gitsinler welin, atamy işe çykar ýaly etmeli ekenler.
Bu köplenç köpler babatda şeýle bolýanam ekeni. Garaşylýan netije çykýanam ekeni. Ýöne, öz ygtykatyna yhlasynyň şeýle güýçlüdigi üçin, Hudaýyň hakyky guludygyna göz ýetirendikleri üçin, şol çaka çenli bendilerde atama bolan hormat döräpdir. Ony hatda «awtoritet» derejesine çenli sylap başlapdyrlar. «Gaçmak» barada aýdylanda bolsa ony simden çykaryp: «Bar, gidiber» diýip, goýbereniňde-de hiç ýana gitmejekdigine, gaýtam yzyna goýberilmegine haýyş etjekdigine olaryň barysy ynanýan ekeni.
Şonuň üçinem olar barak naçalnigini geňler galdyryp: «Zyýany ýok, çykmaly bolsa çykaýarys...» diýipdirler.
Iňkow muny bir konwoýyň üsti bilen bada-bat Baçinskä ýetiripdir.
Baçinskiý bendileriň bu hereketlerini atama raýdaşlyk etdikleri diýip düşünipdir we olaryň özlerinem jezalandyrmaklygy ýüregine düwüpdir. Şonuň üçinem ol Iňkowa: «Şolaryň hemmesini uzynly gije daşarda saklamaly» diýen görkezme iberipdir.
Görkezme ýerine ýetirilipdir.
Olaryň käbirleri hem ýadaw, hem aç-suwsuz bolansoňlar halys çydaman «güpür-tapyr» ýykylýan ekenler. Dik duran ýerlerinde biri-birlerine söýenişip, uklap duranlaryň-a hetdi-hasaby ýok diýýä. Konwoýlar bolsa aýlanyşyp ýörüşlerine tüpeňleriniň ujy bilen böwürlerine dürtgüleşip olary ýeke-ýeke oýarýan ekenler, ýykylanlary ýerlerinden turmaga mejbur edýän ekenler.
Arasynda Iňkow gelip olara: «Görýäňizmi, siz-ä şeýdip görgi baryny görüp dursuňyz, Nazarowyň özi bolsa barakda hezil edip, hor çekip ýatyr» diýýän ekeni.
Atamyň özem ýoldaşlarynyň özi üçin şeýdip durandyklaryna dözmän, üç gezek dagy gelip olara goşulypdyr. Ýöne, üçüsinde-de konwoýlar ony yzyna eltip gaýdypdyrlar we daş çykarmazlyklaryny dnewalnylara tabşyrypdyrlar.
Şol äm-sämlikleri bilenem, ertesi bendileri işe alyp gidipdirler. Ýöne baryp hiç biriniňem işläp ugurlary bolmandyr. Öňi bilenem ot ýakyp, gezek-gezegine konwoýlaryň özleri uklapdyrlar.
Şol wakany bütin lager bolup, Baçinskiniň ençeme wagt bäri atam bilen alyp barýan kümsük hem namart göreşiniň dowamyndaky ýüz beren nobatdaky ýeňlişleriniň biri hasap edipdirler.
Baçinskiý bolsa şondan soň dürli bahanalar bilen atamy «izolýatora», käte bolsa ondanam ýowuz şertli «karsere» dykdyrypdyr. Öňküje berýän çüýrük kartoşkasyndanam kesip, şol ýerde atamy hepdeläp aç-suwsuz saklapdyrlar. Ozaldanam buz ýaly bolup duran beton düşege «şagladyp-şagladyp» suw guýupdyrlar. Hatda dyzyny eper ýaly ýekeje oturgyjam goýaýmandyrlar. Birnäçe gün dik duranyndan soň atam essi aýylyp, suwuň içine ýykylypdyr. «Şalp-şulp» edip, ýene-de assa-ýuwaş ýerinden galypdyr-da, diwardan ýapyşyp durşuna pyşyrdap diýen ýaly namazyny okapdyr. Käte bolsa diwardan ýapyşyp durmaga-da rogwaty bolman, namazyny suwuň içine çöküp oturan ýerinde okapdyr. Şonda, maňlaýyny ýere goýmaly bolanda, tutuş kellesi suwa çümýän ekeni. Ýöne, barybir: «Men-ä seň ugruňda şeýdip ýörün, sen bolsaň meni beýdip ýörsüň» diýip, Hudaýa nalyş etmändir.
Her gezek ony «izalýatora» ýa «karsere» iberenlerinde bendiler: «Şu gezeg-ä goja türkmen şo ýerden gaýdyp gelmäýse gerek, ol halys ysgyndan gaçdy» diýýän ekenler. Ol bolsa möhleti dolan güni: «Allahu-akbar...» diýip, gapydan giräýýän ekeni.
Onuň bu erjelligi Baçinskini sözüň doly manysynda dälilik hetdine ýetiripdir. «Hatda suwuň içinde-de okamasyny goýanok» diýenlerini eşidib-ä ellerini «daldaladyp» iki-baka zowzullaberipdir. Aslynda onuň adam çagasydygyna-da ynanmajak bolupdyr. «Ýok! Beýle zat bolup bilmez. Men indi onuň üçin ölmez-gülmez bir jeza oýlap tapmasam bolmaz» diýip, hiç kim ýok wagty, özünden-özi «wysyr-wysyr» edipdir.
Категория: Romanlar | Просмотров: 31 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: