01:08
Gyrmyzy bägüller -3/ romanyñ dowamy
* * *

― Her niçik hem bolsa Gurt aganyňkylaryňam, biziňkileriňem umytlary puja-ha çykmady... ― Şyh Mustapa şu ýere ýetenden «Tefalyň» «güpür-tapyry» galdy-da, depesinden güýçli bug çykmaga başlady. Şol buguň badyna hem onuň gaýnamy semdi. Režissýor ýaltalyk bilen, süýrenjiräp ýerinden turdy-da, demlemek üçin, «Tefaly» alyp stoluň başyna bardy. Galaýydan ýasalan tegelek mejimäniň içinde petekesini gaýşardyp duran, ak menekli gyzyl çäýnege çaý atdy. Bolluk bilen atylan gök çaýyň ýakymly ysy otaga ýaýrandanam, ýene gerek bolaýsa dagy diýendir-dä, stoluň üstündäki içi suwly aýna tüňüň bokurdagyndan tutup, «Tefaly» doldurdy. Eltip ýene-de ornunda oturtdy. Ýöne, toga çatmady. Şondan soň çäýnegem öz ýanyna aldy-da, üç ýola gaýtardy. ― Azajyk demini alsyn... ― diýip, ýany bilen getiren täp-täzeje, mämişi reňkli, kiçiräk, ýüzi üpürjikli el süpürgisi bilen basyrdy. Diňe özüne mahsus bolan täsin ýylgyrmasy bilen «ýyrş» edip ýüzüme seretdi. ― Ýadadaýdymmy Hümmi akga men seni?..
― Ýok, ýok, ýadadaňok. Ýadamok. Hiý bular ýaly gürrüňlerem bir ýadadarmy... ― diýip, men uzakly gije ýatman diňlemelem bolsa taýýardygymy duýdurdym.

9.

― Howwa, atamyň gelenini ilki gören men... ― Deme goýan çaýyndan içjek bolup ol tas, agzyny ýakypdy. Hern-ä wagtynda saklandy. Şeýtse yzasy azalaýjak ýaly diwanyň üstünde aýagyny sallap dik oturdy. Eli bilen agzyny tutdy. Ýaşaran gözlerini jüýjerdip ýüzüme seretdi. ― ...Şu günki ýaly ýadymda. Müň dokuz ýüz ellinji ýylyň ýalňyşmaýan bolsam dekabr aýynyň aýaklary bolmaly. Mekdeplerde täze ýyl baýramçylyklaryna taýýarlyk görülýärdi. Ýolka derek ýaşajyk tut agaçlary bezelýärdi. Men ylaýyk, birinji klasyň ýarym ýyllygyny tamamlapdym. «Hossarlarymyzyň gelerine görülýän taýýarlyklaram tamamlanyberipdi. Tomus başlanan hysyrdylaryň soňy güýze, hä diýmänem gyşa sapandygy sebäpli, haýatymyzyň abatlaýyş işleri dädemiň gelen netijesi boýunça indiki ýyla galdyrylypdy.
Şol wagtlar ýeke bir biziň ýaly ýaş oglanlaryň däl, asyl uly synplardaky oglanlaryň arasynda-da aşyk oýnamaklyk ýörgünlidi. «Okuwdan ünsüňizi sowýa, goýuň şunyňyzy» diýip, mugallymlar hemişe okuwçylary kowalar ýörerdiler.
Ýöne, barybir aşyk oýnalýardy. Ýagdaýymyň ýetdigine görä menem oýnaýardym. Ökde oýunçy bolmaga taýýarlyk görýärdim. Hemmeleri utup, garry atam Nazar şyhdanmy ýa onuňam ata-babasyndanmy galan ullakan golçany dürli reňklere boýalan ýaglaz, akly-gyzyllyja aşyklardan doldurasym gelýärdi. Onuň üçinem elbetde, gowy kenek gerekdi.
Şol günem men düýn-öňňinlikde Sünnete ok guýdurdan, ondan iki gün öňem Şemşat daýzam ýüň boýanda gyzyl reňke boýadan kenegimi has algyr bolary ýaly sürpeýtmek üçin, bir ýerlerden tapyp gelen degirmendaş bölegime süýkäp, garabaşymagaý bolup otyrdym. Şony şeýdenimden soň, çynmy, ýalanmy, ýa meni oýnaýamy, Sünnetiň aýdyşy ýaly, oýun wagty çyzygyň gyrasyna baraga-da: « Gyzylym gygyrt, çöllerde çygyrt...» diýip, atyp goýbersem, ortadaky hatara duran aşyklar iň bolmanda ikiden, üçden sürlenişip-sürlenişip çyzykdan çykybermelidiler.
Şonuň üçinem, men haýdap otyryn. Daş-töweregimden habarym ýok. Howanyň çapgyn aýazdygyna garamazdan, maňlaýymdan der joralanyp akýa. Ýeňim bilen süpürip goýberýän-de, ýene-de sürpäp başlaýan. Arasynda degirmendaş bölegine barmaklarym degip, erbet awunýan. Bogunlarym dagy gan-gabarçak boldy. Agzyma salyp üfläýen-de, ýene-de işim bilen boluberýän.
...Birdenem çat maňlaýymdan ölügsije bir salgym geçen ýaly boldy. Men ony gözümiň gytagy bilen gördüm.
Başymy galdyrsam, zeýden ýaňa düýbi çüýräp, köwek-köwek bolan üzlem-saplamrak, kä ýerleri gyşarylyp, ýanyny ýere beräýjek bolup ýatan palçyk haýatymyzyň gädiginden boýy özümiňkiden sähelçe galarak, arkasy goş haltaly biri aşak bakyp, tomalanypjyk gelýä. Sünnetiň dostlarynyň biridir öýdüp, men oňa kän bir ünsem bermedim-de, pişämi dowam etdiriberdim.
Şol gün megerem ýekşenbe bolsa gerek, çünki Sünnetem öýdedi. Edil şol wagt o-da öýden çykdy, ýöne, megerem, görmedik bolsa gerek, oňa tarap garamadam. Gaýtam gelip meň üstüme abandy: «E-eý, kän süreteme-eý, igledersiň, çakyry çykansoň derde ýaramaz onyň...»
Oňa çenlem ýaňky «salgym» gybyrdyklap ýanymyza geldi. Kölegesi üstüme düşdi. Men öňkümdenem beter üşäp başladym. «Aýryl» diýmek üçin ýüzüne seretdim... Eý, Huda-aý!.. Sünnetiň nähili bolanyn-a bilemok welin, oňa gözüm düşenden özümiň-ä dogrusy tas, dilim tutulypdy. Dogrusy gorkdum. Çünki, meniň oglanjykdyr öýdüp oturanym ap-ak saçly, gaty bir ösgün bolmadyk ak sakgally, aksowult, saryýagyzrak ýüzi gasyn-gasyn, bulançak hem kiçijik gözleriniň agy-garasy çala saýgardýan, dodaklary suwy siňen çöl kakynyň tarkyşlary dek jaýryk-jaýryk, ýaşy altmyşmy, ýetmişmi ýa ondanam artykmy, biler ýaly däl, bir goja kişi bolup çykdy.
Onuň egnindäki eşiklerem biziň jelegaýlaryň adamlarynyňka meňzemeýärdi. Barysynyň halys sary gaçan, käbir ýerleri howul-hara, emelsizlik bilen çatylan ýa ýamalan. Siňe seretseň-ä harby eşiklere-de meňzemän duranok. Ýöne, haýsam bolsa-da özüne laýygy tapylmadyk borly, juda «hopul-sopul» görünýä. Ezenegem agyp ýatyr. Almanyň sapagy ýaly inçejik boýny dik hem giň ýakanyň içinde degirmeniň serenji dek iki-baka yraň atyp dur. Balagy ýerden süýrene-süýrene etegi sal-sal bolupdyr. Aýagyndaky ädikdir öýdenim ― apgyrdy ýykylan gonçly botinka, üstesine-de bitaý bolup çykdy. Bagjygam birinde bar-da, beýlekisinde ýok. Dilleri dagam möjegiň gulagy ýaly ep-esli ýokarda hekgerip dur. Dolak diýeniňem häki bir göz üçin topugynyň daşyna çolanaýana meňzeýär. Ikisiniňem uçlary gonjundan çykyp, sallanyp ýatyr. Kellesinde-de bir aý mundan öň guzlabilmän haram ölen towugyň maslygy ýaly bir tarapa ýapbaşyp ýatan aslynyň nä reňkde bolandygyny, nämeden tikilendigini saýgarmak kyn bolan köneje gulakjyn. Onuňam bir taý gulagy-ha iki eplenipdir-de, ujy eteginiň içine dykylypdyr, beýlekisem kellesi haýsy tarapa hereket etse, suwa gideniň eli ýaly şol tarapa galgap dur. Ujundaky jotdaja bagjygynyň galan ýarysynyň haçan, nirede gaçyp galandygyny eýesiniň özem bilýän däl bolsa gerek.
Sünnet ikimiziň öňümizde mugryljyrap duran, oglanjyk pisintli ýaşulynyň daşky sypaty ana, şolar ýalydy. Eýmendirijidi.
Şol döwür uruşdan soň Ýewropa şäherlerini dikeltmek üçin alnyp galynyp, bäş-üç ýyl gijigip gelýänlerem ýok däldi, ýöne, olaryň egin-eşikleri abat bolýady, hatda döşlerinde ýalpyldaşyp duran ordendir medallaram görünýärdi. Olardan başga öň-ä uruşdan gaçyp, soňam oba gelibilmän dagda-düzde entäp, ahyram halys gidere ugur tapman, özüni iliň içine urýan iki-ýeke gaçgaklaryň bardygyndanam habarymyz bardy. Olar barada il içinde gürrüňlerem edilýärdi. «Şolar ýala gabat gelseňiz kömek etmän, gaçyň, hökümete habar beriň» diýýärdiler.
Ýöne, biziň gojamyz olara-da meňzemeýärdi. Hiç zat talabam, haýyşam etmeýärdi, haýbat atyp hökümsiremeýärdem, iň bolmanda tilkilik edip eýläňe-beýläňe geçjegem bolmaýardy.
Dogry, öň zamanlar gaçgaklardan başga dürli milletlerden bolan dilegçilerem, gedaýlaram oba arasyna köp gelýärdiler. Özlerem nan, kak, sok, gurt, peýnir, sargan ýaly, hojalyklaryň özünden önýän azyk harytlaryny alanokdylar. «Bendilikden boşap gelýän, indem öýe aşara pulum ýok, ýol kireý gerek...» diýýärdiler. Meniň gümanym indi şolara tarap gitdi. Kiçijik ýaşulam şolardandyr, pul çöpleýändir öýtdüm. Ýöne, özüňem bilýänsiň, Hümmi akga, o döwür medisina ýa bilim işgärleri bolaýmasa daýhanda pul ýokdy. «Bu-da dädemiň mekdepde işleýänini bilip gelendir» diýdim-de, eneme aýtmak üçin kürsäp, enemiň bir zatlar bişirip oturan ýerine ― gara öýe girdim. Çünki, enem hern-ä: «Biziňkilerem şular ýaly ýat illerde mysapyrlyk çekip ýören bolaýmasynlar ― diýip, şolar ýalylara boldugyndan bäş-üç manat berip, üstesine naharlabam, gerek däl» diýselerem goltuklaryna iýer ýaly odur-budur salybam goýbererdi. Bu gezegem şeýder, bir bendä elmaýyşlyk edip, öz aýdyşy ýaly, Hakyň dergähinde sogap gazanar öýtdüm.
Men girip ýapyşym ýaly, gapy ýene-de açyldy. Sünnetdir öýtdüm. Emma ol ýaňky adam ekeni. Özem gapyny açsa-da, entek girmänkä dyzyna çökdi-de, maňlaýyny bosaga degirdi. Ogşady. Soň turdy-da, sag eliniň aýasyny çep gursagyna goýup gapamy, tutuş öýemi, tagzym etdi. Diňe şondan soň: «Essalawmaleýkim...» diýip, içeri ätledi. Men eneme hiç zat diýip ýetişmänkämem egnindäki köne, takyr matadan tikilen, agzy boguk torbasyny ýere taşlap, öýüň ortarasyndaky «gübürdäp» duran ojagymyzyň başyna çökdi. Eglip, onuňam sütünlerini ogşady. Togap edip, tozuny ýüzüne sürtdi. Şol hysyrdylardan soň ýerinden turdy-da, «gybyrdyklap», enemiň ýanyna bardy. Elini kirli köýneginiň ýakasyna sokup, içinden doýgun, gyrmyzy reňkli ullakan bägül çykaryp eneme uzatdy.
Häliden bäri ýat adamyň üýtgeşik hereketlerine geň galyp oturan enem bir-ä elindäki bägüle, birem öňünde günäkär çaga ýaly bir gysym bolup duran «ýaşula» seretdi-seretdi-de, dodaklaryny kemşerdip, bir zatlar diýjek boldy, birdenem, edil, gözümiziň öňünde ony «şagga» der basdy, şol deriň bady bilenem «şalkyldap» arkan gaýtdy. Ýüzi duw-ak, gözlerem dik-depesinde. Garalary dagy ýitdi gitdi. Şol ikaralykda-da: «Birwagtlar atam zerarly Akjemal enemem kakyny tutanda şular ýaly bolandyr-ow», diýip oýlanýan.
Ýöne, enemiň kakyny tutmady. Uzagam ýatmady. Oňa çenlem ýat adam «hasyr-husur» iç işikde duran suwly setiliň ýanyna bardy-da, bir jüňňül suw alyp, şonuň ýarysyna golaýyny barmaklary bilen syçradyp, enemiň ýüzüne sepeledi. Enem bütin göwresi birle tisgindi. Uludan demini aldy. Usullyk bilen gözüni açdy. Del adama seretdi. Oňa tarap iki elinem birden uzatdy. Gözlerini ýaşa dolduryp, ysgynsyz seslendi: «...Mämmetsapa-a-a!..»
Peýda bolaly bäri kimdigini tanatman aňkamyzy aşyryp, kiçijik boýly, bu ümsümjek adamyň nijem bir wagt bäri gözümizi ýolda goýan atam ekendigini Sünnet ikimiz diňe şondan soň bilip galdyk. Gan çekýändir-dä, birinji gezek görýänem bolsak ýadyrgaman, ýerli-ýerden boýnuna zyňdyk. Üç bolup gujaklap oturşymyza üçümizem agladyk. Atam welin aglamady. Bolan ýerlerinde aglaý-aglaý gözýaşy gutarypmy, ýüregi doňupmy ýa dogabitdi ýasawy şeýlemi, ol asla aglap bilmeýän ekeni.
Enem welin, biz goýanymyzdan soňam goýmady. Atamy görüp doganlary, ogullary ýadyna düşen bolsa gerek, göwni bozulyp, agynyň arasy bilen öwran-öwran kükregine urdy, «ah» çekdi, nalady, atlaryny tutup bir zatlar diýdi.
Oňa çenlem, elbetde, bir soý bilen birinden eşidendir-dä, şäher keselhanasynda aşpez bolup işleýän ejemem ylgaşlap geldi, kürsäp öýe girdi, özüni atamyň üstüne oklaýmaga çekinip, iç işikde sakga saklandy-da, näme etjegini bilmän, duran ýerinde ik ýaly pyrlandy. Onuň ýagdaýyna düşünendir-dä, ýaňy bir agysyny goýan enem bir elini ejeme, beýleki elinem atama tarap uzatdy: «Arzygül jan, gözüň aýdyň, gaýyn ataň geldi, ine, şol şü...». Ejem edep bilen atama baş egdi. Salam berdi. «Sag-aman gelipsiňiz atasy, gözüňiz aýdyň geçdigi bolsun» diýdi. Enemem, hatda bizem gutlady. Şondan soň indi birneme ýüzi açylyşan enem ejeme tarap üşerilip-üşerilip seredýän atama ejemi tanytmak üçin bir enaýy ýylgyrdy-da, uly söýünç hem buýsanç bilen: «Mustapa janyň gelni şü, Mämmetsapa. Arzygül ojagaz goltugyňa dykylyp oturanlaram ogullary. Seň agtyklaryň. Sünnet bilen Şyh. Beýleki agtyjaklaryňam gelerler, bardyr olaram şu töwereklerde. Gelinleriňem gelerler...»
Enem şeý diýgeç, atam Sünnet ikimizi çekip alyp, täzeden gujagyna gysdy. Bagryna basdy. Öwran-öwran ogşady. «Arkadaglarym... Gözlerimiň röwşeni... Bilimiň kuwwatlary...» diýdi. Şonda onuň üstünden gazaply gyşyň, kömrüň, içi çüýrän ýaprakdan doly sümme tokaýlyklaryň, agyr aýralygyň ysy geldi. Soň sorap görsem şol üýtgeşik ysy Sünnetem alan ekeni.
...Atam birdenkä daş-töweregine göz aýlap başlady. Ençeme gezek eneme seretdi. Ol elbetde, nazary bilen özünden bir gün öň tutulan Omar kakamy, Osman kakamy, olardanam öň tutulyp äkidilen Şanazar daýymy, Begnazar daýymy soraýardy. «Geldilermi? Gelmedilermi? Habar-hatyr barmy ýa şol gidişlerimi? Geljeklermi? Geljek bolsalar haçan geljekler? Ýa geldilermi?..» diýýärdi.
Onuň ol soraglaryna bizem düşündik welin, enem bizdenem öň düşündi. Ýöne, gyssagara, onda-da şolar ýaly begençli pursatda olar ýaly gürrüňler bilen atamyňam, biziňem badymyzy alasy gelmedi. Şonuň üçin o-da atama nazary bilen: «Heniz bolup olardan gelen-ä ýok, Mämmetsapa. Üzlem-saplamraga-da, nätakykraga-da, habar welin bar. Ýöne sen howlukma. Geljek gelip, gitjek gidenden soň o zatlar barada-da gürrüň ederis, maslahatlaşarys» diýdi.
Atam kaýyllyk bilen baş atdy.
Şeýdibem, olar öz aralarynda sessiz-üýnsüz düşünişdiler.
Şondan soň enem Sünnet ikimize tarap ümzük atdy. «Baryň, guzularym, goňşy-golamlara kowum-hyşlara, tanyş-bilişlere aýdyşdyryň, atam geldi, diýiň. Dädeňizem nirede bolsa-da, derhal alyp geliň» diýdi.
Ikimizem bir bökenimizde ýerimizden turduk-da, düwdenekleşip öýden çykdyk. Çykyşymyz ýalam edil öň dilleşip goýan dek herimiz bir tarapa tutdurdyk. Sünnet-ä ylgap barşyna tahýasyny bulaýlap, sesiniň ýetdiginden bütin şäherçä jar çekip başlady, menem dädemiň gözlegine gitdim.
Meniň çaltrak yzyma dolanasym, atamyň ýanyndaky ornumy eýeläsim, ýakynu-ýat gözaýdyňa gelýänleriň başlaryndan geçirýän duýgularynyň hemmesini gözüm bilen göresim gelýärdi.
...Soň ejemiň gürrüň bermegine görä, biz çykyp gaýdanymyzdan soň, atamyň gözi iç işikdäki hatarlanyşyp duran, içi bägülli küýzejiklere düşüpdir. Ýerinden turup, olaryň ýanyna barypdyr. Daşlaryndan sypalaşdyrypdyr. Bägülleriň ülpüldeşip duran ýaprajyklaryny ysgapdyr. Soň eneme tarap söýünçli garap: «Özümiziňkilerdenmi... ― diýip, sorapdyr. Enem başyny atandan soňam: ― Senden tamamam şeýledi, Ännewül» diýipdir.
Şondan soň ol ýene-de öňki ýerine geçipdir-de, saçak sorapdyr. Enem ol ajygandyr öýdüpdir. Ejemem şeýledir öýdüpdir. Şonuň üçinem, ikisi iki ýerden: «Wiý, men guraýyn-da ― men guraýyn bolşup» ýerlerinden turupdyrlar. Ejem eneme: «Siz oturyberiň, men özüm getirerin» diýipdir-de, göz açyp-ýumasy salymyň içinde o jaýlaryň birinden saçak alyp gelipdir. Atamyň öňünde goýupdyr. «Häzir men biş-düşüň ugruna çykaýyn» diýip, ugraberjek bolanyndanam atam oňa: «Otur» diýen manyda eli bilen yşarat edipdir-de, saçakdaky gülbüreşip duran mele-myssyk nanlaryň iň üstkisini alyp, maňlaýyna, didelerine, dodaklaryna degripdir, «Bissimillä» diýip, ujundan bir dişlem döwüp alyp, agzyna atypdyr. «Kümşüldäp» oturşyna ujundan gädilen nany saçaga salypdyr. Burçlaryny ýapyşdyryp, oňa-da tagzym edipdir. Ellerini degrip ýüzüne sylypdyr. «Bosagamdan ätläp öýüme girsem, ojagyma tagzym etsem, törde, maşgalamyň arasynda oturyp, ýekeje gezek «Bissimilla» diýip, saçagyma elimi ursam, içindäki çörekden ýekeje dişlemini datsam, ölsemem armanym ýok, diýip arzuw ederdim. Hudaýa ýüz-müň şükür, şol diýenim-ä boldy. Allahu-akbar...» diýipdir.
Sözüni soňlaryna mähetdel, ejem o jaýdan öň niýetläp goýan täzeje gök donuny getirip, atamyň egnine atypdyr, başyna iňňeden çykma akgaýma tahýa geýdiripdir. «Nesip etsin» diýip, pyşyrdapdyr.
Ejemiň gaýyn atasyna eden şeýle hormaty üçin, atamyň özündenem beter begenip oturan enemem şeý diýipdir.
Enemiň ýene bir oňaran zady, köpçülik ýygnanyşmanka boşlagrak jaýlaryň birinde suw gyzdyrypdyr-da, atamy şol ýere eltip, mazaly ýuwundyrypdyr, eşiklerini çalşyrypdyr, sakgal-murtuny timarlary ýaly eline aýna, darak beripdir.
Öýe salansoňam aşagyna galyň körpençe ýazypdyr, gapdalynda öz tiken ýassyklaryndan goýupdyr. Egnine ejemiň beren gök donuny atyp, tahýajygynam geýdiripdir welin, atam gyzyl aşyk ýaly «ýigit» bolupdyr duruberipdir.
...Men gaýdyp gelenimde atamy tanamajak boldum. Ony köpçülige öňki durşuna görkezmändigi, şeýle gyssagarada hem şol zatlary etmäge ýetişendigi, asyl şeýtmelidigini kellesine getirip bilendigi üçin men enem pahyrdan heniz-henizlerem minnetdar bolup ýörün.
Men şonda Sünnetden irräk özem dädemi tapman gelipdim-de, eýýäm atamyň gapdalynda «gormaýylyp» otyrdym.
Omar kakamyň aýaly Gülnäz gelnejemiň gapydan ýeňen goşunyň baýdagy ýaly «parlap» gireni şu günki ýaly ýadymda. Onuň gyňajyndan ýapyşyp, indi mazaly göze görnen gyzy Maralyň bosagadan ätläp durşunam ýyllar aňymdan öçüribilmändir. Hojanazar ol wagt obada ýokdy, Aşgabatdaky tehnikumlaryň birinde okap ýördi. Gülnäz gelnejem dik duran ýerinden begenç hem agy gatyşykly ses bilen: «Waý, enesi, gözüňiz aýdyň, atasynyň geldigi bolsun, beýlekilerimizem gelsin» diýip-diýmänkä Osman kakamyň maşgalasy Dürli gelnejemem awa salnan algyr bürgüt dek, ganatlaryny gerip gapydan girdi. Gülnäz gelnejemiň sözlerini gaýtalady. Ikisem baryp, atam bilen dessur boýunça görüşdiler. Maral atam bilen gujaklaşyp görüşdi. Oňa çenli ýalňyşmaýan bolsam şol wagt on alty ýaşyny dolduryp ýören Şeýda-da kebelekläp gelip, atamyň üstüne howala boldy.
Aňyrdan top tutup gelen bolsalar gerek, olaryň yzy süre Şanazar daýymyň aýaly Şemşadam özüniň on sekiz ýaşly gyzy Mähegiň elinden tutup, gapydan girdi.
Enem dik duran ýerinde ýygnak edýän başlyk ýaly ellerini salgap, atamy olar bilen ýeke-ýeke tanyşdyrdy.
Başda biziň bilen bolup geçen begençli pursatlar olar bilenem birin-birin gaýtalandy.

***

Dädem bilen Sünnet ikisi «güpürdeşip» gapydan girenlerinde gara öýüň içi eýýäm aýalu-erkek gözaýdyňa gelenlerden ýaňa hyryn-dykyndy.
...Aglaýamy ýa begenjine hiňlenýämi, bilibilmedim, dädem bosagada köwşüni çykarmanam unudyp, bir bökende özüni töweregindäkiler bilen «hä-hüm» alşyp oturan atamyň üstüne zyňdy. Atam hatda ýerinden turmaga-da ýetişmedi. Ýöne, dädem dyzyna çökensoň oňa turmak geregem bolmady. «Mustapa jan, bu senmisiň oglum» diýdi-de, boýnundan aslyşdy. Öwran-öwran ogşady. Aglabilmeýändigini köpçülige bildirmezlik üçin ýüzüni iki-baka sypajaklatdy. Ýöne, soň görüp otursak bu onuň aglamadygy däl-de, aglaman aglady ekeni. Hemişe-de onuň özüne derek ýüregi aglaýan ekeni...
...Şondan soň gara öýi aýallara goýup, adamlary beýleki üç jaýa böldüler. Atamy başda enem ikisine niýetläp guran jaýlaryna saldylar.
Ol ýere baranymyzdan soňam men atamyň gapdalyny eýeledim. Dyzyny ýassanyp ýatyşyma açyk gapydan syn etdim welin, ondan-mundan ýegdekleşip gelýänleriň entegem hetdi-hasaby ýok ekeni. Şonuň üçinem, howanyň sowukdygyna garamazdan, Günüň «ýyldyrap» durandygyny tutaryk edinip, enemiň eden haýyşy boýunça, ejem gapynyň agzyndaky takyrlaç ýerleri çalgylaşdyryp, edil täze bolmasa-da, üç-dört sany syrdambitinräk keçe ýazdy.
Gelen adamyň daş işikden habarlaşyp, aýak üstünden yzyna getiribermezi ýaly o-da bir oýlanyp tapylan gowy zat bolaýdy.
Atam bilen salamlaşyp, üç-dört agyz soraşanlaryndan soň aýal-erkek her kim jaýdan ýer tapmasa şol ýere barýar-da, çugutdyryp oturyberýä. Garaz, dyz epmän, bir käse çaý içmän gidýän ýok. Duz dadyp, toý töwirini galdyryp gitseler-ä hasam gowy.
Şol wagtlar uzaga çeken uruşdan, kyrk bäşinji ýylyň uly açlygyndan soň, halk ýaňy bir aýaga galýardy. Özem galýardy, galyşy ýaly öz bokurdagyndan alýandygyna garamazdan, «kontrakt», salgyt, «zaýom» diýen ýaly närseler bilen döwletem galdyrýardy. Göze görnüp duran baý, mally-hally hojalyklar ýok diýerlikdi. Mahlasy, alyp barýan açlygam ýokdy, gaty bir doklugam däldi.
Şeýle-de bolsa, begenen günüň gazanyň gulagyny gyzdyrar ýaly dowar maly tapdyrýardy. Özüňde bolmasa seniň begenjiňi öz begenji hasap edip, dogan-garyndaşlaryndan ýa başga bir barlyraklaryň biri, iň bolmanda kolhoz, döwlet edaralarynyň biri, garaz duýman durkaň gapyňa getirip mal ýykýanlar tapylýardy. «Pylany pylan günki aladasynda gan çykardybilmändir» diýdirmeýärdiler.
Özümizden bitdimi ýa kömek etdilermi, şol gün biziň gapymyzda-da mal-a soýuldy. Şolar ýaly-da edilmeli aladalaryň barysy ýerine ýetirildi.
...Atamyz az hem assa gepleýändigi, soraglara «pert-pert» jogap berip bilmeýändigi, käbirlerine bolsa asla jogap bermeýändigi üçin, gürrüňçilik gaty bir gyzyşybermeýärdi. Şonuň üçinem: «Ýat gider, garyndaş galar» diýlişi ýaly, ýakyn garyndaşlarymyzdan öňňeleri, turmak bilen bolýadylar.
Soňky döwürde birazajyk ýarawsyzlyk tapynandygyna garamazdan Atanepes kakam tä ýarym gijeden agýança oturdy, soňam oturan ýerinde gyşardy-da, uklap galdy.
Gurt aganyňkylar-a tä, daňdana çenli oturan bolaýmaklaram ahmal.
Esasanam onuň uly ogly, Amangeldi dädesi barada söz açar öýdüp, atamyň alkymyna dykyldy oturdy. Ahyram özi soramaly boldy. «Ýazan hatlarymyza gelen jogaplarda ikiňiziňem bolýan ýeriňiz bir ýalyrak ekeni» diýdi. Atam barybir ony gönendirmedi. «Howwa... Bar... Şo ýerde şolam... Basym ger... Ýagdaýlaram gowy... Hemmäňize dogaýy salam aýtdy...» diýdi-de, oňaýdy.
Onuň bu sözleri Amangeldi mugallymy kanagatlandyrmakdan geçen, gaýtam göwnüne güman getirdi. Aladasyny artdyrdy. Atam özünden bir zatlary gizleýändir öýtdi. Şonuň üçinem ol örän tutuk, sus halda turup gitdi.
Soň görüp otursam ol wagt atamyň öz aladasam Amangeldi mugallymyňkydan agdyk bolmasa pes däl ekeni.
Şunça bolup özleri gara bermänsoň, enem dagydanam belli bir habar alybilmänsoň, ol Omar kakamyňam, Osman kakamyňam, Begnazar daýymdyr Şanazar daýymyňam şol gidişleridigini, biriniňem gaýdyp gelmändigini, nähilidir bir habar geläýenliginde-de gaty bir köşeşdiriji-hä däldigini aňypdyr. Ýöne, ýap-ýaňy, enem bilen nazary arkaly sözleşişi ýaly, köpçüligiň sabaşaryna garaşyp oturan ekeni.
Ine-de özi-özümiz bolup galdyk. Şondan soň ol soragam özünden-özi orta çykdy. Atam ilki enemiň, soňam dädemiň ýüzüne seretdi.
Dädem uruşdan soň, ýagny, bolaýsa bir ýyl, ýyl ýarym mundan öň ýazan hatlary, olara gelen jogaplar barada atama jikme-jik gürrüň berdi. Käbirlerini okap berdi. Daýylarymyzyň patalarynyň alnandygyny, agalaryndan welin entek umytlaryny üzmändiklerini aýtdy. «Galanynam özüň bil, däde» diýibem sözüni soňlady.
Şondan soň ol esli wagt aşak bakyp, böwrüni diňläp oturdy-da: «Beren sadakalaryňyz kabul bolsun. Habar gelensoň şeýdipsiňiz, dogry edipsiňiz. Omar bilen Osman barada takyk jogap gelmedik bolsa, entegem garaşara umyt bar. Ýöne, öňümizdäki juma güni bir janly tapyň-da, sag-salamat gelsinleri üçin hudaýýoly beräýiň...» diýdi.
Muny hemmeler makulladylar. «Olaryňam patasyny alaýyň» diýäýerinden gorkup, galpyldap oturan enem, egninden agyr ýük aýrylan ýaly ýeňillik bilen dem aldy.
Şonuň bilenem maslahat tamamlandy. Gün dogýança gözümiziň awusyny almak üçin biz-ä Atanepes kakamçylap oturan ýerimizde gyşardyk. Gelnejelerim bilen Şemşat daýzam dagy bolsa enemiň yzyna düşüp, gara öýe girdiler.

***

Ertesi turup, çaý başyna ýygnanyşanymyzda atam: «Ýatanym-a iki sagat welin, on üç ýylyň ukusyny alan ýaly boldum» diýdi.
Şondan soň hemişe men-ä atamyň sag goltugynda, Sünnet bolsa çep goltugynda ýatdyk.
Biz şeýdip öň enemiziň goltugynda ýatardyk. Sebäbi, ol wagt atamyz ýokdy. Ýaňky aýdyşym ýaly onuň bir ýerlerde bardygyndanam bihabardyk.
Gujagyny beýle basym taşlandygymyz üçin enemem bizden gaty görüp durmady. «Dönüklikde» aýyplamady. Gaýtam, atamyz bilen şeýle çalt dostlaşandygymyz üçin begendi. «Erkek adamyň ulusynyň-kiçisiniň endamynda ezraýyl tüýi bolarmyşyn, şonuň üçinem olaryň jynlary çalt jyňkyryşýamyşyn» diýip, daşymyzdan guwandy ýördi.
Elbetde, eneli, ejeli, dädeli bolmaklygyň gowy zatdygyny biz öňem bilýädik, ýöne, ataly bolmaklygyň lezzetini welin, Sünnet ikimiz diňe şondan soň bilip galdyk.
Sebäbi, ata olaryň hemmesiniň ornuny tutýan ekeni. Iň bir gowy ýerem beýleki hossarlaryň ýaly onuň işi ýok. Mydama öýde. Seniň bilen kärdeş. Bir ýere gidäýse-de: «Ýör oglum» diýip, senem bile alyp gidýä.
Biz öň ataly çagalary görsek kemsinerdik. Sadakalarda süňk paýlananda, toýlarda nahar çekilende: «Biziňem atamyz bolsa süňk äbererdi, nahar iýdirerdi» diýip, mugryljyrardyk.
Ine, indi bizem ataly bolduk. Birneme dymmarak diýäýmeseň ata kemi ýok.
Ataň eliňden tutup eltensoň, ortarasynda oturanam bolsaň seni märekeden kowybilýän ýok. Hatda, haçan görseň eli çybykly ýa çaga kowalap ýören Çary Çakanam demini çykarybilenok. Gaýtam: «Mämmet şyhyň agtygymy-aý bi? Häý, tüweleme...» diýip, dylym-dylym edýä. Içiniň tütäp durandygy welin bildirip dur... ― Şyh Mustapa tarsa ýerinden turdy-da, stoluň başyna geçdi. Hälki basyryp goýan çäýneginiň üstündäki polotensäni aýyrdy. Kemsiz demini alan çaýdan käselere guýuşdyrdy. «Şirp» etdirip öz käsesinden sähelçe owurtlady. ― Baý-ba-a... Bal ýaly bolupdyr. Gel, geç Hümmi akga, gürrüňçiligi şu ýerde dowam etdiribereli... ― diýibem, maňa tarap eňegini ülňedi. ― Nirede durdum-aý men ýaňy?.. Hä-ä... Howwa... Ine, onsoň atamyň diýen güni Hudaýýoly berdik. Aşgabatdan Hojanazaram geldi. Atam gidende ol dört ýaşlarynda ekeni. Şonda-da tanady. «Dükana äkidip kemput äberýäni ýadyma düşýä» diýdi. Birki gün bolubam yzyna gitdi.

***

Entek ýaz çykmanka, atam işigimizdäki öz ekip giden bägüllerini çyrpdy, düýbüni agdardy. Meýdanyny giňeltdi. Könelişen düýplerini täzeledi.
Şeýdip, adaty, gowy günler başlandy.

10.

Indi biziň bilýänlerimizden gaýdyp gelmedik diňe Gurt aga diýseňem boljak. Ýöne, atam: «Basym geler» diýip, hernäçe köşeşdirse-de, ol hossarlaryny ýene-de ýyl ýarym dagy garaşdyryp, ýagny 1952-nji ýylyň ýaz aýlary, atamyň bägülleriniň bark urşup oturan wagtlary, üstesine-de ýa-ha Birinji maý, ýa-da Ýeňiş güni gaýdyp geldi. Megerem, soňkusy dogry bolsa gerek, çünki, ol gün Birinji maý baýramçylygyndaky ýaly adamlar, ak eşikli däldiler.
...Onuň şol gün çäş wagtlary demir ýol duralgasynda otludan düşenini biri görüpdir-de, Amangeldi mugallyma buşlamak üçin göni mekdebe eňipdir.
Ol gün okuw-a ýokdy welin, megerem baýramçylyk dabarasyny geçirmek üçin, mugallymlaram, okuwçylaram mekdebe üýşüpdirler. Bizem şol ýerdedik.
«Dädeň geldi» habaryny eşidip Amangeldi mugallym şeýle bir begendi welin, men-ä ol ganat baglap uçar öýtdüm.
Zymdyrylyp barşyna Gurt aga entek öýüne-de ýetmänkä öňünden çykyp garsa gujaklapdyr. Onuň yzy bilen «güpürdeşip» barýan mugallymlaram dag ýaly bolup duran Gurt aga bilen şol ýerde, ýeke-ýeke, kimsi gol berşip, kimsi gujaklaşyp görşüpdirler.
Sürlenişip, bizem olaryň yzlaryndan bardyk. Mugallymlarymyzyň hereketlerini gaýtaladyk. Gurt aga bizi edil öz çagasy ýaly ýeke-ýeke bagryna basdy, ogşady, adymyzy, kimiň çagasydygymyzy sorady. Menem öz gezegimde: «Mustapanyň ogly» diýdim welin, «Mämmet şyhyň agtygymy» diýip gygyrdy. ― Bar onda ataňa aýt, Gurt aga geldi, diý...».
Men öýe gaýtdym. Amangeldi mugallym bolsa ähli kärdeşlerini şol ýerden göni öýüne alyp gitdi.
Gurt aganyň gelenini eşidip atam begendi. Ýöne, içinden begendi. Daşyndan welin syr bildirmedi. Gaty gülmeýşi, batly geplemeýşi ýaly onuň begenenini ýa gynananyny bilmegem kyndy. O zatlaryň barysy onuň içinde bolup geçýärdi, şol ýerde hem köräp, kül bolup gidýärdi. Şojagaz göwrä şonça agyr ýüküň nädip ýerleşýändigine men haýranlar galýardym.
Şol gezegem ol: «Sen-ä gowy habar getiripsiň oglum» diýdi-de, ýerinden turdy. Köýneginiň jübüsinden çykaryp bir manat pul berdi. Soňam elimden tutup: «Ýör» diýdi. Öýden çykyşy ýalam daş işikde söýä gysdyrylgy üzüm gaýçyny aldy-da, ep-esli gül ýygdy. Gowy edip timarlady. Tirdi. Ullakan, owadan çemen ýasabam elime tutdurdy. «Al, oglum, Gurt daýyňa berersiň».
Şol wagtam, Gurt agalara gidip barýarkagam men atamyň tolgunmakdan ýaňa bütin süňňi bilen saňňyldaýanyny, elleriniň titreýändigini, aýaklaryny öňkülerindenem beter süýräbräk alýandygyny duýdum. Ýaramajak bolýamyka, diýip, assyrynlyk bilen ýüzüne seretdim. Emma hiç zat aňyp bilmedim.
Oňa çenlem Gurt agalara baryp ýetdik. Howa maýyl bolansoň, adamlar Amangeldi mugallymyň işiginde ösüp oturan, Gurt aganyň baryp-ha jahyl wagtlary öz eli bilen oturdan söwüt agajynyň saýasynda üýşüşip oturan ekenler. Düşek atmazdan öň ol ýeriň suwlanyp, ondan soň syrylyp-süpürilendigi üçin, bärden barşyň ýaly yzgar topragyň öljümek hem ýylymsy ysy burnuňa urýar. Geljekleriň entegem köpeljekdiklerini göz öňüne tutup, düşekleri giňeldip gidip otyrlar. Goňşy-golamlardanam goltuklaryna gysyşyp körpenje, keçe, ýassyk ýaly zatlary getirýänler az däl. Birki sany jahyl eginleri haltaly eýýäm oba arasyndan çemçe-çanak çöplemäne gitjek bolup durlar. Amangeldi mugallymyň gaýny, Oraş aga bolsa gözi gyzyl, kejirräk bir çebişi «lägirdip» süýräp gelýä.
Amangeldi mugallymyň jaý sany ýeterlik, ýöne, her kim açyk howada oturaýanyny kem görenok. Galyberse-de, üýşmeleňde jaýy aýallara bermek türkmeniň edähedi.
Söwüdiň aşagynda oturanlaryň biri: «Ana, Mämmet şyham geldi» diýeninden, Gurt aga: «Hany» diýip, töweregine ýaltaklady. Bize gözi düşendenem ýerinden turdy-da, märekäniň arasy bilen ätmerläp gaýtdy. Awuny peýläp gelýän dag bürgüdi ýaly ganatlaryny gerip gelşine ilk-ä atamyň üstüne howala boldy, soňam garbap aldy-da, gujagyna gysdy. Bagryna basdy. Hamsykdy. Gözlerinden ýaş akdyryp durşuna märekä garap, atamyňka düýbünden meňzemeýän batly ses bilen: «Adamlar! Ine, döw şü! Göwresiniň kiçijikdigine garamaň, munuň başyndan geçiren muşakgatlyklaryna, gören görgülerine adam çydamaz...» diýdi.
Atamyň: «Goý, Gurt, goý! Beý diýme. Agzama o zatlary. Geçen-geçdi, bolan-boldy» diýenlerini menem-ä doly eşidibilmedim welin, märeke-hä asylam eşiden däl bolsa gerek.
Men elimdäki çemeni Gurt aganyň eline tutdurdym.
Ol güli aldy-da, işdämenlik bilen ysgady, soň atamyň ýüzüne seretdi: «Seň byjagazyň bilen men eýýäm tanyş. Ol meni senden öň garşylady».
Ol ikimiziňem elimizden tutup, özüniň öňki oturan ýerine eltdi. Öňünden taýynlap goýan düşekçesiniň üstünde oturtdy.
Atam adatça, üýşmeleňlerde edilişi ýaly, daş-töweregine haýallyk bilen göz aýlap, oturanlaryň ählisi bilen ýeke-ýeke, baş atyşyp salamlaşdy. Hal-ahwal soraşdy. Amangeldi mugallyma we Gurt aganyň beýleki hossarlaryna pyşyrdap diýen ýaly: «Gözüňiz aýdyň» diýdi. O zatlary boldum edeninden soňam adamlara toý töwirini edip berdi. Diňe şondan soň Gurt aga tarap ýaplandy we onuň bilen has içgin gürrüňçilige başlady.
Daşyndan geň görülýän bolmagam ahmal, men Gurt agadan gözümi aýramokdym. Çünki, bu meniň ony ilkinji görşümdi. Ol ― süňkleri iri, garaýagyz, burunlak, ullakan ala gözleri peträp duran, goňur aýynyňky ýaly mähnet penjeleriniň arkasyndaky, boýnundaky damarlarynyň her biri urgan ýaly, «war-war» edip batly gepleýän, alçak, şadyýan adam ekeni. Onuň öz göwresine görä, çekge süňkleri çykyşyp duran, ullakan, süýnmegräk kellesem bar. Il içinde-hä şolar ýaly kellä «eşekkelle» diýilýär. Ýöne, meniň olar ýaly adamyň, onda-da atam bilen bir ýerlerde, ençeme ýyl bile oturyp gelen adamyň kellesine içimdenem bolsa beý diýesim gelmedi. Onsoňam bütin etrap boýunça-da, ol gelmezindenem öň onuň adynyň «eşekkelle» diýlip tutulanyny, ýa-da Amangeldi mugallyma «eşekkelläniň ogly» diýlenini ýa-da ertirden bäri kimdir biriniň: «Eşekkelle gelipdir» diýip, çyndan-ýalandan dilinden gaçyranyny eşidemok. Ýeri, onsoň men nädip oňa içimdenem bolsa «Gurt aga eşekkelle» adam ekeni» diýeýin. Ine, «at kelle», «at ýüz» diýsem welin, göwnüme tüýs şaplaşaýjak ýaly boldy durdy. Ýöne, oýlandym-oýlandym-da, ahyram: «Bu adama «nerkelle» diýmeli» diýen netijä geldim.
Umuman, şolar ýaly daýaw göwreli, irimçik, ýüzi bereketli, göreni eýmendirýän algyr gözli adamy men şondan öňem göremok, soňam görmedim.
Eger-de, öňde-soňda döwli kino alan bolsadym, onda men döwüň rolunda hökman Gurt agany oýnadardym.
Ýeke bir daş görnüşi däl, eýsem hüý-häsiýetem atamyňkydan düýpgöter tapawutly. Gaty bir syýasata ýa Staliniň hut özüne degişli bolaýmasa, atam ýaly aşak bakyp, ýüzüni sallap oturanok. Berilýän soraglary jogapsyz galdyranok. Aslynyň mugallymdygyndanmy, nämemi, syýasatdanam başy gowy çykýa, geplemänem oňarýa. Aýtmasyz zatlaram aýtjak bolup, göze-başa düşübem baranok.
Şonuň üçin bolsa gerek, bu gezek adamlar atam gelendäki ýaly duz dadyp turmak bilen bolubermediler. Tä daňdana çenli, Gurt aganyň özi ýadap oturan ýerinde irkiljiräberýänçä «sakyrdaşyp» oturdylar.
Iliň öýünde aňsat ynjalybilýän däldir welin, şol gün atamam şol ýerde, tä soňuna çenli oturdy. Düýn öýländen başlap, tä ertirki ir namazyna çenli şol ýerde okady. Diňe zulmat gyzaryp, hemmeler turandan soň Gurt aga bilen hoşlaşdy.
Menem edil uly adamlar ýaly Gurt aga bilen elleşip hoşlaşdym.

***

Boşap geleli bäri, nirä gitse-de menem kelte tirkelen kimin atamyň yzyndan galamokdym. «Aşyk», «para», «çilik» ýaly oýunlar dagy ýatdan çykdy gitdi. Okuwdan gelip bukjamy ýerinde goýdugym atamyň bolýan jaýyna barýan. Çaýymy-çöregimem şol ýerde onuň bilen bile iýip-içýän. Ýa-da naharyny mensiz iýenok. Mekdepden gelýänçäm garaşýa. Men asyl ir bilen örenimde-de şonuň ýanyndan örýän. Atamyň käte meni mekdebe çenli ugradýan, günortan garşy alýan gezeklerem bolýardy.
Bary-ýogy iki ýaş tapawudymyzyň bardygyna garamazdan, Sünnet Atanepes kakam ýaly irimçek görünýärdi, men welin atama çekendirin-dä, ownugrakdym. Şonuň üçinem, ol basym atamyň gujagyny terk etmeli boldy. Şondan soň gujaklaryň ikisem meniňki boldy. Islesem çepinde, islesem sagynda ýatýan. Bu bolsa meni atam bilen hasam ysnyşdyrýardy.
Dogry, gyzykly gürrüňler bilen özüne çekýädi diýsem-ä ýalançy, ýöne, atamda birhili göze görünmeýän mähir, yssylyk bardy. Seýrek geplese-de manyly, maňzyňa batnykly sözleýärdi. Gowy ýol salgy berýärdi.
Özüni şeýle horluklara sezewar eden hökümetdenem nalamaýardy, kine saklamaýardy. Tutha-tutluk döwürleri ähli kitaplaryny özündenem öň tussag edendiklerini hernäçe ýokuş görenem bolsa, şol kitaplarynyň ýokdugy üçin heniz-henizlerem kösenip ýörenem bolsa, «şeýtdiler-ow» diýip, ýuman agzynam açmaýardy. Ähli zatda Hudaýa sygynýardy. «Şeýle boldumy, diýmek, şeýle hem bolmalydyr, Allahu-akbar» diýýärdi.
Ana, hut şol häsiýetlerem meni özüne çekýärdi, dert-azar oňa meňzäsim, öňki kelç-külçräk häsiýetimi taşlap, agras geçirimli, az sözli bolasym, özümi parasatly alyp barasym gelýärdi.
Atamyň şol häsiýetleriniň assa-ýuwaş hakykatdanam maňa geçýändigini mahal-mahal enem pahyr uly guwanç bilen aýdýardy.
Gündizlerine biz köp wagtymyzy bägüllerimize seretmek, howlumyza serenjam bermek bilen geçirýärdik.
Daşyndan seredeniňde sähelçe meýdany tutup duranam bolsa, ol güller atamyň göwün islegini kanagatlandyrmaga ýetýärdi. Çünki, ol birini ýa ikisini ýolanyňdan gutarardan kändi. Edil, Allahyň sahawaty ýaly aldygyňça bereketi artyp gidip otyrdy.
Atam olardan ýolup alyp, her gün ir bilen işe barýana-da, agşamlyk işden gelýäne-de, oglan bolsun, gyz bolsun, ýaş ýa garry bolsun, tanyşu-nätanyş gapdalymyzdan geçýänleriň hemmesine iň bolmanda ýekeje gülden berip goýberýärdi.
Şeýtmek bilen ol baryp-ha on alty ýaşyndaka obadaşlaryna gül paýlap alýan lezzetindenem has artyk humarlanýardy. «Huda şükür, şu güne-de ýetdim. Allahu-akbar» diýýärdi.
Ýöne, uly ile paýlanylýan her günki hasylyň iň peýwendi welin, şo-ol, birmahallarky ýaly ― enemiňkidi.
Käte bazaryň gülçüleri gelip: «Satyp bereli» diýýärdiler. Atam başyny ýaýkaýardy. «Çörek bilen güli satyp bolmaz».
Gerek diýene öz eli bilen ýygyp berýärdi. Ýöne, pul almaýardy.
Bir ýyl öňünden duýdursalar, ekjek diýen üçin gyşyna gyrkýan, wagty iň sagdyn çybyklardan saýlap-saýlap gömüp goýýardy. Nahal taýýarlaýardy. Ekiş wagty gelendenem sogrup alyp, sargan bendä berip goýberýärdi.
Şol usul bilen ýylyň-ýylyna alyp ekip Amangeldi mugallym mekdebiň howlusyny gülden doldurdy.
Ondan görelde alyp raýkomyň, raýispolkomyň, şäher hassahanasynyň, harby komissarlygynyň we etrap merkezimizdäki ownukly-irili başga-da birnäçe edaralaryň işgärlerem öz howlularyny atamyň gyrmyzy bägüllerinden doldurdylar.
Atamyň ýene bir häsiýeti bardy, o-da namazdan-töwirden başga, her gije ýatmak üçin ýerine geçenden soň, uklamazynyň öň ýany, ine, şular ýaly üýtgeşik bir dileg edýärdi.

Ýatgaýymyz ýa Allah,
Turgaýymyz inşallah,
Ýatsak, eger galmasak,
Iman bersin bir Allah.

Iman bilen gitgeýin,
Yslam bilen ötgeýin,
Köpdür meni günähim,
Apu etgin, ylahym.

Başym ýassyga goýdum,
Göwnüm Allaha berdim,
Garaňky törüm ýagtylsyn,
Tamug işigim beklensin...

Munuň yzyndanam kelemeýi ― şahadaty okardy. Maňa düşündirmegine görä, eger-de adam pahyr bir söý bilen ajaly ýetip, ukudaka jan teslim edäge-de, ertesi öli çykaýanynda-da, şol dileg bilen «keleme» oňa «iman» bolarmyşyn. Iman bilen ýaşan adama bu dünýäden imansyz gitmek bolsa musurman bendesi üçin gaty ýaman iş hasap edilýämişin.
Howwa, ol örän ygrarly, ygtykatly, imanly adamdy. Ýöne, ne maňa, ne Sünnete, ne dädeme, ne-de gaýry birine, ýaňky Gadyr Hanow ýalylaryň edişleri ýaly soralsa-soralmasa: «Eýdiň-beýdiň, eýtseňiz eýle bor, beýtmeseňiz beýle bor» diýip, azar bermezdi, dilini degirmezdi. Gaýtam: «Her kimiň ybadaty ýüregindedir. Gözýaşyň ýürekden çykmalydyr. Göz üçin, döwre ýaranmak üçin ýalandan eden ygtykatyň ýol almaz. Günde ýüz gezek eglip galanyňda-da, kiçi dilden bärde bolsa okan namazyň ýol almaz. Hak ony kabul etmez. Çünki, ony aldap bolýan däldir. Beýtjek bolsaň onda ol seni eýder goýberiberer. Hudaýy razy etjek bolsaň, öňi bilen Onuň bendelerini razy etmek gerek. Bendesiniň göwni Hudaýyň öýüdir. Biregiň göwnüni ýykmak, Azady mollanyň aýdyşy ýaly «Käbäni ýykan ýalydyr...» diýerdi.
Onuň şol diýenleriniň dogrudygyna men soň-soňlar, öz durmuşymda ençeme gezek göz ýetirdim.
Ýöne, ol özüniň tussaglykda oturan ýyllary barada welin ýuman agzynam açmaýardy.
Aňyrsynyň boş däldigini welin biz barybir bilýärdik. Ahyr bir gün açylyşaýmagynyň ahmaldygynam aňýardyk, ýöne haçandygyny welin bilemzokdyk.
Her niçik hem bolsa biz ol näbelli güne uzak garaşmaly-ha bolmadyk. Özünden eşidibilmesegem Gurt agadan eşitdik. Edil, dagdan mumyýa tüpeňlän ýaly görgi baryny görüp eşitdik welin, eşitdik.

11.

...Näme üçindigi ýadyma düşenok, agtyklarynyň biriniň elini halallanam bolsa ahmal, gelenine bäş-alty aý diýlende Gurt aga bir üýşmeleň-ä etdi. Özem güýzüň soňragydy. Çünki, howa çigrek bolansoň myhmanlaryň gysylyşyp, jaýyň içinde oturandyklary ýadyma düşýä.
Güýz şemaly süňňüni sarsdyryp, ýarawsyzlyk tapdymy ýa şol gün gülleriniň düýbüni agdarypdy-da, ýadawlyk basmarladymy, garaz, şol gezek atam toý ýerinde uzak oturmady. Gurt aga: «Otur» diýip, hernäçe özelense-de etmedi. «Äý, men gidäýin-le, birhili Ennewüliňem ugry ýok ýalydy ýaňy...» diýip, boýnuny burdy durdy.
Şeýdibem gitdi.
Öz aramyzdaky däp bolup galan düzgüne görä, menem onuň bilen gitmelidim, ýöne, ýüregim bir zat syzan ýaly, dädem bilen galaýasym geldi durdy.
Dädemem şol gezek bärden baranda, Gurt agadan atam barada soramaklygy ýüregine düwüp baran bolmaly, gopar ýerde gopmady. Gurt aga dünýäň gürrüňini edip «lahy-tak» durandan soňam, adamlar dargaşanlaryndan soňam, alkymyna dykylyp, sorag yzyna sorag berdi oturdy. Aýlap-öwrübem ony atam bilen oturan ýerlerine, ýyllaryna eltdi. Ahyram gönüledi: «Gurt aga tüweleme ine, seňň-ä ýüzüňem açyk, diliňem açyk, bilenjäňden, görenjäňden gürrüň edýäň welinim, ýöne, ine, biziň ýaşulymyz-a beýle däl. Göwnüme bolmasa, ol içinde bir zatlar saklaýan ýaly. Dogry, onuň dogabitdi häsiýetem şeýleräk, ýöne, ol bolup ýörşi häsiýetdenem başgaçarak. Edil sen ýaly bolmasa-da, garaz, aram-aram açylyşaýmaly ýaly... Şunça ýyl bile bolupsyňyz, belki, bu barada siz bir zatlar aýdarsyňyz?..» diýdi.
Gurt aga arkan gaýyşdy-da, dädemiň ýüzüne seretdi. Soň öňki kaddyna gelip aşak bakdy. Şol oturyşyna dodagyny dişledi, başyny ýaýkady. Usullyk bilen başyny galdyryp, ýene-de dädemiň ýüzüne seretdi. «Seň ýaşulyň içinde Mustapa beg, bir zatlar däl-de, kän zatlar ýatandyr. Ýöne, dogry aýdýaň, aýdýan däldir. Aýdaýanda-da, doly düşündiribilmez. Ol düşündiräýeninde-de, siz düşünmersiňiz. Başyndan geçen ahwalatlaryna ynanybilmersiňiz. ― Gurt aganyň bereketli ýüzi eňşäp gitdi. ― Şol adam o dünýä gidip, on ýyldan soňam gaýdyp geldi, diýsem ynanarmyň? ― Dädem sesini çykarman esli wagt Gurt aganyň ýüzüne çiňerilip oturdy. Iner çöken ýaly abşarylyp oturan ýaşulynyň göwresi leňňer atyp gitdi. ― Ana, gördüňmi? Ynanmadyň gerek? Ynanaňok gerek? Elbetde ynanmadyň. Özüňem atam bize syryny açanok diýýäň, maňa bolsa atam barada gürrüň ber, diýýäň...
Gurt aganyň aýdyp oturanlaryna dogrudanam ynanar ýaly däldi. Şonuň üçinem dädem oňa: «Aý, Gurt aga, gaýrat edip, birneme açygrak aýdaýmasaň ýaňky diýýänleriňe-hä dogrudanam akyl ýetirer ýaly däl. O dünýä diýdiň, bu dünýä diýdiň...
Gurt aga atam barada gürrüň bermejek bolup kän dyrjaşdy. «Ýok, ýok, ol bolmaz, men oňa söz berdim, hiç kime aýtman diýdim» diýip, şo-ol, arkan gaýyşdy oturdy. Ýöne, dädemem ondan kem oturmady.
«Bolmajagyna gözi ýetendir-dä, «Görýän welin Mustapa beg, sen meni ataň syryny açdyrman gaýtjak däl-ow» diýip, Gurt aga ahyry ýan berdi. ― Mämmetçilik-dä, ýogsam o ýerde gahrymançylykdan başga aýtmaz ýaly aýyp zad-a ýok... Onsoňam döwrüň öz atalarynyň başyndan inderen muşakgatlyklaryny soňky nesiller bilmeli ahyry... Men, Mustapa beg, taryhçy. Mugallym. Wagtyň geçmegi bilen islendik döwrüň, islendik syýasatyň üýtgäp, äpet-äpet döwletleriň, imperiýalaryň synyp, dargap gidendikleriň, mundan buýanakylaryňam şeýle boljakdyklaryny men bilýän. Häzirki döwrüňem möwritini ötüren güni dargap, öz ornuny başga bir syýasata berjekdigine-de akylym çatýa. Şonuň üçinem, düýn-öňňinki bolup geçen syýasatyň çarhyna çolaşyp, özümi-hä agzabam oturmaýyn welin, Mämmet ýaly hunabalar ýuwudan adamyň başyndan geçiren, şol döwrüň ýüzüni açyp görkezýän kysmaty wakalary nämälim bolup galmasa gowy. Ol zatlar geljekki döwürler üçinem, nesiller üçinem sapak bolmalydyr.
― Režissýor soňky demlenen çaýyňam düýbüni syrkyryp içdi. ― Garaz, Hümmi akga, eýtdi-beýtdi, Gurt aga atamyň biz üçin düýbünden nämälim bolan, eger-de, özi gözlüje şaýat bolmadyk bolsa, onda şol nämälimligine hem galmaly taryhyny gürrüň berdi.
Munça bolanyna görä, gel, men saňa onam gürrüň bereýin.

12.

― Bizem-ä çekdik welin, Mämmediň çeken jebri biziňkiniň çeki-çaky bolmady. Öz ygtykatyndan dömezlik üçin, ol sözüň doly manysynda ölüp-direldi... ― diýip, Gurt aga gürrüňe başlady.
Aýtmaklaryna görä, şol gije NKWD-niň etrap bölümine ilk-ä onuň özüni, daňdanlaram goltugy bir gujak bägülli atamy eltipdirler. Ertir Aşgabada ugratjaklaryny aýdybam çykyp gidipdirler.
Ýaman dert şol wagt olaryň ikisem näme üçin ýygnalandyklaryny bilmeýän ekenler.
Gurt aga-ha özüniň tebigy giň göwrümliligi bilen, şol döwürde tutulýanlaryň hemmesiniň birbada diýişleri ýaly: «Aý, bir ýalňyşlyk bolandyr-da, Aşgabada eltip düşünişjekdirler» diýipdir. Atam bolsa: «Barybir, bu gün-erte şo ýana gidip, oglanlar barada ulular bilen gürleşeýin, diýip otyrdym. Büý-ä elinjek, gowy bolaýdy, Allahu-akbar» diýipdir-de, düwünçegini ýassanyp ýatyberipdir. Okaýanja dogasyny okapdyr, kelemesini gaýtarypdyr.
Ertesi olary hakykatdanam Şagadamdan gelýän otly bilen Aşgabada ugratmak üçin, demir ýol duralgasyna eltipdirler. Şol ýerde-de atamyň elinden bägüllerini alypdyrlar.
Geň ýeri Aşgabada baransoňlaram näme günä edendiklerini bilibilmändirler. Gaýtam: «Näme günä etdiň?» diýip, hersinden aýratynlykda sorapdyrlar.
Gurt aga şonda kejikjek bolupdyr. «Özüňiz düşündiräýmeseňiz men-ä näme günä iş edendigimi bilemok. Bir ýalňyşlyk bolan bolaýmasa...» diýipdir.
Ýüzi sürlen ýer ýaly «pakga-pakga», saryýagyz, mawa gelen pişigiňki ýaly çerrelip duran gözleriniň jikgeleri gyp-gyzyl, orta ýaşlaryndaky sülçi elindäki sygryň dili ýaly sarymtyl kagyza tiňkesini dikip oturyşyna diýseň parhsyzlyk bilen: «Dogrudyr, bir ýalňyşlyk bolandyr. Ýöne, biz ony häziriň özünde düzederis. Sen nirede işleýäniňi, näme kär edýäniňi aýtsaň bolýa, günäni biz özümiz oýlap taparys, boýnuňy boş goýmarys» diýipdir.
Aýdyşy ýalam edipdir. Hut şol günüň ertesi Gurt aganyň «iş» bukjasynyň içinde: Gurt Esenow. 1890-njy ýylda doglan. Taryh mugallymy. «Gorkut ata», «Oguznama», «Döwletýar», «Ýusup-Ahmet» ýaly dini-feodal äheňli, milletçilik duýgularyny oýarýan, urşa ündeýän, baý-kulaklara mahsus bolan gadymy dessanlary okap bermek bilen, halkyň, hususanda ýaş nesliň aň-düşünjelerini bulaşdyrýar, kommunizme, Leniniň, Staliniň beýik ideýalaryna bolan ynamlaryna zeper ýetirýär, bu babatda özüne ak ýürekli kommunistler tarapyndan äsgermezçilik edýär» diýen aýyplama peýda bolupdyr.
Sülçi ony düýnküsindenem, has sowukganlylyk bilen, Gurt aga okap beripdir-de: «Ine, şuňa gol çek, saňa şundan başga edibiljek kömegim ýok» diýipdir.
Aňsat-aňsat gaharlanmaýan Gurt aga şonda: «A-how, inim! Oňa-muňa okap berer ýaly mende olar ýaly kitap ýog-a! Asyl, beýle kitap çykanog-a! Ilki agzan iki kitabyň dagy men şumat adynam ilkinji gezek eşidip otyryn-a! Dilden aýdaýyn diýsem men olary ýatdanam bilemog-a. Onsoňam men dilçi ýa edebiýatçam däl-ä... Taryhç-a...» diýip, ýüreginden syzdyrypdyr.
Sowukganly adam welin sesinem çykarmandyr. Daşyna: «Delo» diýlip ýazylan, Gurt aga degişli kagyz bukjany «tarp-turp» ýapypdyr-da: «Gep gutardy» diýipdir. ― Gol çekýäňmi ýa...»
Şol döwür adamlara bolmalysy ýaly ilki günä bildirilip soň tutulman, ilki tutulyp, soň günä bildirilýändigine Gurt aga diňe şondan soň düşünip galypdyr.
Günä diýeniň bolsa eliňi uran ýeriňden çykyp dur. Ýaňky Gurt aganyň boýnuňa atylan günäler dag-a hälki bir baýaky, ýöne ýylda bir gezek ol oba, gaýynlaryňa görme-görşe gidibilmeýän halyňa: «Sen Ýaponiýanyň içalysy ekeniň, her gije Tokio gidip, maglumat berip gelýän ekeniň» diýselerem, «Kemal paşa bilen aragatnaşyk saklaýan ekeniň, sen pantürkist» diýselerem, hatda: «Aýdyň gijeler Aýa gidip, sowet hökümetiniň garşysyna Hudaý bilen dil düwşüp gelýämişiň» diýselerem, urup-sögüp, atagzy bilen dyrnaklaryňy sogrup, ädikli aýaklary bilen basyp ýa gapa gapjadyp ujydyňy mynjyradýançalar süýrenişip ýörmän, gep-gürrüňsiz boýnuňa alaýanyňdan, görkezilen ýere gol çekäge-de, gitmeli ýeriňe gidiberäýeniňden, berlen möhletiňi oturyp geläýeniňden gowusy ýok ekeni. Çünki, hernäçe almajagam bolsaň, ýaňky ýaly usullar bilen barybir boýnuňa aldyrýan ekenler.
Sowukganly sülçiniň ýap-ýaňyja Gurt aga: «Gol çekjekmi ýa...» diýmesem: «...Ýa üstüňde birazajyk işlemelimi» diýdigi ekeni.
Ýagdaýyň şeýledigini şol ýerde öňden oturanlaryň birinden bir söý bilen eşiden Gurt aga-da bildirilen günäni boýnuna alypdyr-da, özüni şonça azaplardan dyndarypdyr oturyberipdir.
Atam-a sadalygyny edip, ýüregindäkini orta dökäýipdir. Şeýtse gowy bolar, öýdüpdir. Özüniň Aşgabada basmak üçin däl-de, döwür barada maslahatlaşmak üçin çagyrylandygyna ynanypdyr. Obadan köp-köp bigünä adamlaryň ýygnalýandygyny düýn-öňňinlikde öz ogullarynyňam tutulyp äkidilendigini, daýhançylykdan başga günäleriniň ýokdugyny aýdyp, olaryň gözlerini açasy gelipdir. «Ennewüliň doganlaryna olardanam kän öň äkitdiler» diýip, garaçyny bilen jibrinipdir. «Gelenime görä şu zatlaryň sebäbinem aýdaýyn...» diýipdir-de, näme edýänini özem bilmezden, «tükezzybana» tutduryberipdir. ― Biz-ä o wagtlar ýok welin, Gökdepe urşy döwrüne türkmenlerden ýekeje-de dönük çykmandyr, diýen gürrüň ba. Dogrudyram. Sebäbi, ol wagt adamlar Hudaýa ynanýadylar.
Ak patyşa-da bir Hudaý diýip oturan ejiz halkyň üstüne geldi, ýurduny basyp aldy, gyrdy, malyny-mülküni talady, garyp oraçajyklaryna çenli elinden alyp odun edindi, ýöne bir akyl eden zady ygtykadyna degmedi. Hudaýa dil ýetirmedi. Imandan aýyrmady. Imansyzdan bolsa bäş wagt namazdan başga näme diýseň çykar. Şu wagt, ana, şoň ýaly boldy. Indi adamlar Hudaýdanam gorkanoklar, bendedenem utananoklar-da, biri-birlerini ýamanlaşyp, tutduryşyp, basdyryşyp ýörler. ― Özüni döwlet möçberindäki men diýen uly meseläni ýeke özi çözüp oturan adam hökmünde duýan atamyň kellesi göçüpdir. ― Ýöne, men özüm-ä ony görübilmen, sebäbi bu gün giç boldy, otla ýetişmeli, siz meniň şu diýýänlerimi gaýrat ediň-de, Atabaýufe-de ýetiriň. Özem, baranda Ysdalyna-da aýdary ýaly entek Meskewä girmäkä ýetiriň... ― Sülçiniň ýylgyrýanyny görüb-ä atam hasam bat alypdyr. ― Honha, o tamda Gurt otyr, näme günäsi bar şoň dagy? Ömrüni oglan okadyp, halkyň çagasyny sowatly edip geçirdi. Ennewüliňkilerem şoňňaly. Özümiňkiler-ä ýaňy aýtdym. Özüm hakda-ha gürrüňem ýok. Men hiç haçan hökümete garşy bolmadym. Salgydymam töledim, kontraklammam üzdüm, zaýymam aldym, gerek bolsa ýene-de diýen zadyny ederin. Ýöne, Hudaýa degmäň... Öň bir ýalňyşdyňyz, indi berin beýtmäň... Atabaýufe-de aýdyň, Ysdalyna-da şeý diýip aýtsyn...».
Şeýdip, ol soragçylaryň köplere yza beribem aýtdyryp bilmeýän zatlaryny özünden-özi aýdyp oturyberipdir. Öz-özünden günä gazanypdyr, öz-özüne höküm çykarypdyr. Kanunçylara bolsa oňa diňe ýyl kesäýmek galypdyr.
Bu hut şeýle-de bolupdyr. Atam sözüni tamamlaryna mähetdel, sowukganly sülçä «myssa» ýylgyraga-da: «Alyň, ýaşuly, şu ýere gol çekiň ― diýip, sorag-jogap ýazgysyny onuň öňüne süýşüräýmekden başga işem galmandyr. ― Özüňizem köp sag boluň, siz özüňize-de, bize-de gaty gowy kömek etdiňiz...»
Şondan soň-a özüniň iňňän ýerlikli gepländigine, derhal goýberiljekdigine atamda şek-şübhe galmandyr. Hatda sülçi ýaragly esger çagyryp: «Äkidiň» diýip, özüne tarap baş atanda-da, öňlerine salyp alyp ugranlarynda-da hiç zat aňmandyr. Gaýtam çykjak wagty sülçä ýüzlenip: «Bulaňňa aýt, Gurdam goýbersinler, ýogsam ertirki otla galmaly borus...» diýipdir.
Agşamky otlynyň ýene on üç ýyldan boljakdygy barada welin, o görgüli o wagt pikirem etmeýän ekeni.

***

Umuman, olary öňli-soňly Aşgabatda üç aýa golaý saklapdyrlar. Näme üçin günübirin öýüne goýbermändiklerine, beýle uzak saklandyklaryna welin, atam hiç düşünip bilmändir. Gurt aganyň ençeme gezek: «Mämmet, oglan bolma, sen indi bäri-bärde öý görmersiň, bizi tussag etdiler, günä ýöňkediler, indem nirä ugratsalar şoňa gitmeli borus» diýenlerine bolsa tä, iň soňuna çenli ynanmandyr.
Şol iki aý gowrak wagty olar ýer ýetmezçiligi zerarly, üç sany ölme höküm edilenler bilen bir kamerada oturmaly bolupdyrlar.
Olar syýasy tussaglar däl eken. Biriniň-ä ady Abdy boldy, özem çetki etraplaryň birinden, otuz bäş, kyrk ýaşlaryndaky adam ekeni-de, uýasyny zorlandyklary üçin bir günde üç adamy öldüripdir. Yzyndanam: «Men-ä ine, şular ýaly iş edendirin» diýip, özüni hökümete tabşyrypdyr. Ine, onsoň, wakany düýpli derňemek üçin Aşgabatdan tejribeli, Farid atly bir tatar ýaşulysyny çagyrypdyrlar. Ol adam iş bilen tanyş bolansoň Abda: «Men seniň ýagdaýyňa düşünýän. Sen namysyňy gorapsyň. Namysyny gorap bilmedik namart bolar. Meniňem seňki ýaly ýetişip oturan gyzym bar. Hudaý saklasyn, başyma düşse özümiňem edäýjegim şol. Şoň üçinem, berk dursaň men seni halas edeýin. Ýöne, «öldürdim» sözüňi goý. «Öldürjekdim, ýetişmedim, zandam bir ýaman adamlar bolansoňlar elbetde, gabat gelendir-dä, öňden öçli adamlar menden öňürdipdirler. Menem ile-güne namysdan çykan adam hökmünde görünmek üçin «öldürdim» diýmeli boldum» diý-de, bir depen ýeriňi dep-de dur» diýipdir.
Şeýdibem alyp çykypdyr. Ýöne, işine ökde, hakykatçyl adam bolansoň duşmany köp ekeni-de, şolar onuň-munuň üsti bilen, eýdip-beýdip, Abdynyň kalbyna: «Her näme-de bolsa, kömek edendigi üçin şol ýaşula bir zat emlemek gerek» diýen düşünjäni goýupdyrlar. Onuň bu hyýalyny aýalam goldapdyr. Şondan soň-a o görgüli pul gözläp çar tarapa elewräberipdir. Bäş ýüz manady jemläbem basypdyr otlynyň biline, niredesiň Aşgabat diýip. Sorap-idäp öýüne baraýan bolsa-ha bolaýjagam ekeni welin, elbetde, bolmajagydyr-da, yzarlanyp ýörleninden bihabar, içi pully düwünçegini goltugyna gysyp göni iş ýerine baraýypdyr. Kileň ilden-günden, dilegçilik edilip-çöplenen köne-küşül, ownuk pul bolansoň düwünçegiň gabarasam az-küş däl diýýä. Şony bir dükana ýa banka baryp, tutuşrak pula öwräýmegem kellesine geläýmändir-dä. «Ogry göti gowşak» diýleni-dä, özem galpyldaýa diýýä. Farid aganyň kabinetine girensoňam esli wagt ýaýdanjyrap durupdyr-da, goltugyndaky düwünçegi çykaryp, stoluň üstünde «gütledip» goýupdyr. «Gaýrat ediň-de, şuny alyp galyň» diýende sesem sandyrap çykypdyr. Bir zatlary aňandyr-da, eýýämhaçan ýüzi ak esgä dönen ýaşuly allaniçiksi bolup: «Munyň näme?» diýenindenem, begendirerin öýdüp: «Pul-l...» diýip süýjümtik seslenipdir. Hasam begendirmek üçin: «Bäş ýüz-z...» diýip, sözüniň üstüne goşupdyr. Farid aga usulluk bilen ýerinden turupdyr-da, agzyny Abdynyň gulagyna golaýladyp: «Üç adam öldürib-ä türmeden sypdyň, bäş ýüz manat beribem türmä düşjek bolýaňmy? Ýa men saňa pul ber, diýdimmi? Sen batyr, namysjaň ýigit, ýöne, akmak ekeniň. Häziriň özünde munyňam al-da, göteril şu ýerden, gaýdybam görünme gözüme...» diýipdir. Ýöne, entek Abdy düwünçege elinem uzadyp ýetişmänkä organ işgärleri «alagüpürdi» bolşup gapydan giripdirler-de, ikisiniňem goluny arkalaryna baglap alyp gidipdirler.
Farid agan-a öz gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanadygyny, para alandygy üçin, diýip, ýigrimi ýyl, Abdynyňam işini täzeden söküp, üç adamy öldürendigi we kanuny goraýjy işgäre para berendigi üçin iň ýokary jeza höküm edipdirler.
Ýatanlaryň ikinjisiniň ady Ýaran. O-da çetki etraplaryň birinden. Özem raýispolkomyň başlygy bolup işleýän ekeni-de, serhede golaý oturan goňşy etrap bilen bolan ýigrimi kilomertlik gumak ýola daş düşedipdir. Asfalt ýazdyrmagam, meýlinde bar ekeni welin, ýöne, oňa başlanmanka NKWD-niň işgärleri gelip: «Sen şol ýoly Eýrana gatnamak amatly bolsun üçin bejerip ýörsüň, ol ýerdenem Türkiýä gidip, Sowet Türkmenistanyny SSSR-iň düzüminden çykarmak üçin iş görmek hyýalyň bar» diýen ýöňkeme bilen tutup alyp gidipdirler. Alty aýa golaý süýräp, boýnuna başga-da birnäçe günäleri ýükläp, işini dowam etdirmek üçin Aşgabada iberipdirler. Ol ýerde-de biraz «üstünde işlänlerinden» soň ölüm jezasyna höküm edipdirler.
Çünki, şol döwrüň güýç ulanyjy edaralary öz tutan adamlaryna näçe agyr günä ýükläp, näçe köp ýyl berip bilseler, olary halk üçin, ýurt üçin näçe howply adamlar edip görkezip bilseler, şonça-da, partiýa we hökümete wepaly adamlar saýylýan ekenler. Ýagny, basylanlar-a hökümeti agdarjak, ýykjak bolanlar, ýagny «wrediteller», basanlar bolsa olara ýol bermedik, uly howpuň öňüni alan, «hilegär tilkileri» öz sürenlerinden çykmanka zyýansyzlandyran «ýiti gözli Ýežowçylarmyşyn».
«Staline sökdi, hökümete dil ýetirdi» diýen ýaly maglumatlaryň esasynda basybilseler-ä oňa ýetesi zat ýok».
Ady ýadyma düşenok, ýöne, şolaryň üçünjisiniňki hut şeýle hem bolupdyr. Ony Staliniň özüne-de däl-de, murtuna sögüpsiň, diýip tutupdyrlar. O-da: «A-how, men murta söwdüm, emma Staliniň däl-de, sözümiz azaşandygy üçin goňşym Polat Perdeliniň murtuna sökdüm» diýip, şunça janygypdyr welin, bolmandyr. Hatda, şaýat hökmünde suda gatnaşdyrylan Polat Perdeliniň özem: «Şuň diýýäni dogry. Ol hakykatdanam meň murtuma sökdi. Staliniň dagy adynam agzanok. Ikimiziň eşegimiz uruşdy. Muň eşegi meň eşegimiň bir gulagyny çeýnedi, diýäýmeseň, asla aramyzda bolan zadam ýok, eşegimiň gulagyny bejerder ýaly bäş-üç manat pul berse, meň ondan başga talabymam ýok, men asla onuň üstünden şikaýatam edemog-a» diýse-de, gulak asmandyrlar. Kimdir biriniň çala eşidip, ýazan golsuz arzasy esasynda o görgülini galmaz güne salypdyrlar. Onuňam sebäbi: şu gürrüň birden Staliniň gulagyna ýetse, bizem muny basman goýberen bolsak, onda muňa derek ertir özümiziň basylaýmagymyz ahmal, diýen gorky bolmaly. Şonuň üçinem, işi alyp barýan sülçiniň Polat Perdelä aýdan zatlaryny diňlär ýaly däl diýýä. Ol: «Seniň adyň Polat. Şeýle dämi? Howwa bolsa yzyny diňle. Polat orusça «stal» bolýa. «Stalam» ýoldaş Staliniň adynyň köki. Düýp-teýkary. Diýmek, sen Polat Perdeliniň tymsalynda biziň parasatly serdarymyzyň köküne palta urjak bolupsyň. Polat Perdelä bakyp diýenem bolsaň, şol sözi ýoldaş Staliniň murtuny göz öňüne tutup, aýlaw-öwrüm arkaly şoňa gönükdirip, şoňa ýanap sögüpsiň ― diýip, ilk-ä günälenýäniň üstüne gygyrypdyr, yzyndanam Polat Perdelini ýerinden turzup. «Senem şuň arkasyny aljak bolýaň dämi? Derňewe kömek edenden geçen, gaýtam bulaşdyrjak bolýaň dämi? Şeýle bolsa gel onda, şu ýere gol çek, beýle gowy görýän bolsaň senem şuň bilen bile gider ýaly edeýin...» diýip gorkuzypdyr welin, göz açyp-ýumasy salymyň içinde şaýatlykdan günäkäriň roluna geçip barýan Polat düýbünden başgaça saýrap, näme diýseler «lepbeý» diýip duran bolaýypdyr. Hatda günäkärlenýäniň özem onuň bolup durşuna dözmän, gözlerine ýaş aýlap: «Aýdyber, goňşy. Başyňy gutar-da öýüňe git, çagalaryň arasyna bar. Men senden müňde bir razy» diýipdir. Şeýdibem, gaýa-gopuz ýok ýerden ölüm jezasyny alypdyr.
Atam bilen Gurt aga baranda olaryň hallary eýýäm pes ekeni. Ýaňky zatlaram gezek-gezegine, üzlem-saplamraga-da, zordan gürrüň beripdirler. Özlerem açlykdan, sütemden, ölümiň özündenem beter şoňa garaşmaklygyň howsalasyndan basylýan ekenler. «Siziňkem ýene ýagşy, ölmeseňiz gelersiňiz, biziň üstümize bolsa eli orakly ajal abanyp, dur...» diýýän ekenler. Üstesine olar şol wagt jezalarynyň iň bolmanda uzak möhletleýin tussaglyk bilen çalşylmagyny haýyş edip, ýokarlaryk arza ýazan ekenler.
Gurt aganyň o dünýä barýan şol üç bendi baradaky hekaýatynyň iň geň ýeri: ölümine garaşyp ýatan adamlar edil göwreli aýal ýaly aş saýlaýan ekenler. Biri dişiniň suwuny çekip: «Hä, şumat iki sanyjak terje alma bolaýsa» diýse, beýlekisi agzyny şapbyldadyp: «Bir okarajyk gatyklanan börek bolsa, içiniň etem üwelmezden öň azyndan üç gije dagy daşarda aýazladylyp, çalaja-da yslandyrylan bolsa...» diýýän ekeni. Üçünjisi bolsa: «Tamdyrda bişirilen etli nandan gerk-gäbe doýsam bolýa, etiniň keýigiňki bolmagy hökmanam däl...» diýip, «zöwwe-zöwwe» ýerinden galyberýän ekeni we elbetde, ýüregi howlukýandyr-da, adamçyl erkek ýaly agzyndan ak köpük saçyp kabinanyň içinde aýlanyberýän ekeni. Soňam bir burçda çugutdyryp oturýan ekeni-de, kimedigi belli däl, tükeniksiz arz, şikaýat edýän ekeni.
Öz ýagdaýlarynyňam öwerlikli däldigine garamazdan, atam dagynyň olara örän nebisleri agyrypdyr, ýöne, göwünlik bermekden gaýry edibilen kömekleri bolmandyr. Çünki, olaryň özlerine-de hiç zat geçirtmeýän ekenler, hatda yzyndan gelenler bilen görüşmegem bolmaýan ekeni. Ýogsam, Atanepes kakam Gurt aganyň doganoglan inileri bilen telim gezek dagy gelibem giden ekenler.
Категория: Romanlar | Просмотров: 28 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: