01:03
Gyrmyzy bägüller / roman
GYRMYZY BÄGÜLLER

Bolan wakalar esasynda ýazyldy

1.

Teatr we kino režissýory Şyh Mustapa ikimiz şol gezek Medeniýet ministrliginiň, has takygy onuň teatr bölüminiň tabşyrygy boýunça, ýurduň demirgazyk sebitindäki welaýatlaryň birine döredijilik saparyna gitdik. Etmeli işimiz: ol-a režissýor, menem ýazyjy-dramaturg hökmünde Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ýigrimi ýyllygyna bagyşlanyp, ýerli teatr tarapyndan sahnalaşdyrylan oýny döwlet komissiýasy gelmezinden öň gözden geçirmeli, bellikler etmeli, maslahatlar bermeli.
Ýanymyzda teatr sungatyny öwreniş käri boýunça ýaňy-ýakynda Medeniýet institutyny tamamlap, ministrligiň teatr bölüminde tejribe geçip ýören orta boýly, goňur saçly, entek durmuşa çykmadyk, ýöne, daş gulakdan eşidişimize görä, basym çykmaly, belki, şonuň üçindir, hemişe ýyljyraklap, ýeriň ýarygyna-da güläýesi gelip ýören, Sadap atly bir ýaş gyzam bar.
Biz işimizi ylaýyk iki günde dyndyk. Indi arkaýyn myhmanhana gaýdybermelidik. Ol ýerde ýyljak ýer, uky, dynçlyk garaşýardy. Ýöne, goýan oýunlary merkezden gelen myhmanlar tarapyndan gowy baha mynasyp bolan artistler, esasanam režissýor, öňürti özleri hezzet-hormat etmän, bizi hiç ýana goýbermejekdiklerini aýtdylar.
Özüni köpçülikden çete çeken diňe teatryň baýry artistleriniň biri, pensiýa ýaşyna ýetenden soňam işgär ýetmezçiligi sebäpli işläp ýören Gadyr Hanow boldy. Ol özüniň köpçülik bilen gitmejekdiginiň sebäbini soramasagam, näme üçindir Şyh Mustapa ikimize aýratyn, nekjäp-nekjäp düşündirdi. Nämemişin, ol «dogry ýola» düşenmişin. Ýagny, bäş wagtyna namaz okaýarmyşyn, oraza tutýarmyşyn, metjide gatnaýarmyşyn. Şonuň üçinem, arak-şerap içilýän, çilim çekilýän, tans edilýän, aýdym aýdylýan, şowhunly ýerlere barmaýarmyşyn, barýanlar bilenem gatnaşmaýarmyşyn.
Döşüni ýapyp duran bäşbürünç sakgally, egni aksowult gök ýektaýly, başy ýukajyk ak sopbaşly, ýüzi agdarylan tezek ýaly bu kişini Şyh Mustapa ikimiz baryp-ha işe başlan günlerinden bäri tanaýardyk.
Şol wagtlar-a ol içmän ýa içýänler bilen gatnaşman ýörenokdy. Ýöne, il deňinde, ýagdaý bilenjik içýärdi. Üstesine özem alçak, işeňňir ýigit bolansoň, derrew şol wagtky atlandyrylyşy ýaly «obkomyň» ýolbaşçylarynyň gözüne ildi-de, muny ur-tut partiýa hataryna göterdiler. Sähelçe wagtdanam yrdylar-da, «obkompartiýa» ilk-ä instruktor edip işe aldylar, bir ýyla ýetip-ýetmänem medeniýet boýunça müdirlige bellediler. Daşyndan sudlarda oturdaşlygam etdi. Hut şonuň tagallasy bilen: «Ogluny sünnetletdi, atasyna Kuran çykartdy», enesi ýogalanda aýat okatdy, «öwlüýä gitdi» diýen ýaly aýyplamalar bilen birnäçe adam işinden aýryldy, dürli möhletler bilen basylyp gitdi, gurbanlyk edenleriň aýagy bilen depip gazanlaryny dökdi, hiňňildiklerini ýykdy, garaz, hüşgärçilikli hyzmatlary bilen özüne iş ynanan adamlaryň ynamlaryny aňryýany bilen ödedi. Obkomyň iň görnükli işgärleriniň biri boldy.
Şol gidişine gidiberen bolsa ol entegem ýokarylara çekilerdi. «Sk»-nyň gapysyndan ätläýmegem ahmaldy. Ýöne, «Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli» diýenleri boldy. Göterinibilmedi. Edeni geçip duran adam hökmünde azdy. Mesirgedi. Özüni araga urdy. Ahyram barmasyz bir zadyň üstünden bardy. Bir sebäbe görä aýaly bilen tersleşdi-de, öýüni otlady. Hern-ä maşgala agzalaryna-ha hiç zat bolmady welin, şol ýangynda onuň pasportam, partbiledem ýandy. Üstüne sud edilmek, azatlykdan mahrum bolmak, iberen adamlarynyň yzyndan gitmek howpy abandy.
Her niçik hem bolsa «bitiren hyzmatlaryny» göz öňüne tutup, welaýat ýolbaşçylary ýangyny-ha tötänden, tok sebäpli tutaşan etdiler, özünem işden çykarmak hakda-ha gürrüňem ýok, partiýadanam çykardylar-da, şo-ol, döwük kersenini öňüne atdylar. «Bar, artistligiňi ediber, aragyňy goýmasaň o ýerdenem «pyzarys» diýip, teatra iberdiler.
Ýöne ol öňki hojaýynlarynyň ojagaz ynamlarynam ödäp bilmedi. Içip başlady. Özem öňküleriniň dagam çeni-çakam bolmady. «Aragyň kölüni tapsam, bir, içinde gurbakga bolup «warryldasam» diýýänlerden boldy. Içgili gelendigi ýa içgili bolup gelibilmändigi sebäpli şol günki görkezilmeli oýunlaryň ýatyrylan gezeklerem az bolmady. Ondan ýaňa ýeke bir welaýat teatrynyň ýolbaşçylary däl, tutuş ministrlik bizar boldy. Işden dagy näçe gezek kowlup, näçe gezek yzyna alnandygynyň hasaby ýitendir.
Çünki, birinjiden-ä durmuşda özüni artistlerçe alyp barmaklygy başaryşy ýaly, içmedik wagtlary sahnada-da erbet oýnamaýardy. Ikinjidenem, teatr artist ýetmezçiliginden kösenýärdi. Moskwada, Leningradda, Daşkentde okap gelýän ýaşlar bolsa, paýtagtyň teatrlarynda galaýanlaryny kem görmeýärdiler.
Ine, hut şol ýagdaýlar hem ony erkesiredýärdi. Ýolbaşçylaryň: «Iň bolmanda pensiýa ýaşyna çenli bir saklalyň şuny» diýip, görkezýän çydamlylyklaryndan bihabar, öň ýokary edaralarda işländigim üçin şeýdýändirler, çekinýändirler, diýip düşünýärdi.
Ahyrsoňy nätjeklerini bilmän, işsiz goýmana-da dözmän, ony teatrda garawul hökmünde alyp galdylar. Ýöne, bu çäre hem onuň aragyny azaltmagyna-ha sebäp bolup bilmedi. Gaýtam, ol tas, uly iliň medeniýet ojagynam otlapdy.
Şondan soň ony ol ýerdenem aýyrdylar.
Onuň dadyna garaşsyzlyk ýetişdi. Ilatyň köpüsi namazlyga, kündüge ýapyşdy. Gadyr Hanowam şolaryň biri boldy.
Şonuň üçin ony ýene-de teatra işe aldylar.
Biz bu zatlaram daş gulakdan eşidip ýördük. Begenýärdigem. Çünki, şolar ýaly pese gaçan adamyň bu günki gün öz aýagynyň üstünde durandygyny, jemgyýete ýaramly adama öwrülendigini görmek elbetde guwançlydy. Gutlamaly zatdy.
Biz şeýle hem etdik. Şyh Mustapa ikimizem ony ýörite gutladyk. Gözümiziň görüp duran zadyny garaşsyzlygyň miwesi, halkymyzyň düýp terbiýämize dolanyp başladyklary hasap etdik. Arak-şerap zerarly gopýan goh-galmagallaryň, wejeralyklaryň, köpleri namysa goýýan haramzadaçylyklaryň aradan aýrylyp gitjekdigine bil bagladyk.
Emma, Gadyr Hanowyň özüni alyp barşy biziň göwnümizde onuň bu «täzelige» ýapyşyşynyň, «çynydygyna» müňkürlik döretdi. Ýene-de şo-ol, gadymky «artistligini» edýän ýaly, şeýtsem-ä şu gün menem gowy görnäýsem gerek, diýen niýet bilen şol ýola düşen ýaly bolup göründi.
Eger-de aragyny namazyň üsti bilen goýjak bolsa, näme üçin şu hereketini ol şol wagt etmändir? Ähli gadagançylyklara garamazdan, namaz okaýan, oraza tutýan adamlar şol döwürlerem bardy ahyry. Hatda şol zatlar sebäpli basylyp, gelenlerinden soňam ýene-de öz ygtykatlaryny dowam etdirýärdiler. Sebäbi, olaryň yhlaslary, Hudaýa bolan söýgüleri ýasama ýa möwsümleýin däldi. Ýürekdendi.
Ýa kompartiýa Gadyr Hanowa hökman arak iç, diýdimikä? Ýok. Gaýtam şeýle alanyňda sowet hökümetem araga, serhoşçylyga garşydy. Bir oňarmaýan zady ― «içmäň» diýibem aragy dükanlarda satýady. Bu bolsa: «Içi suwly käsäni gyşart-da, dökme» diýen ýaly bir zatdy.
Gadyr Hanow welin şol gezek gitdigiçe syryny açyp barýardy. Hut, dine gol berendigi sebäpli özüniň hemmelerden artykdygyny her sözünde nygtajak bolýardy, özüni artykmaç saýdyrjak bolýardy, Biribaryň penakärçiligindäki adam hökmünde, özüni onuň erkesi saýýana meňzeýärdi. Bir wagtky «obkomyň» ýolbaşçylaryndan tapan penakärçiligini ol indi şol zatlaryň üsti bilen eýe boljak bolýardy.
Biziň özi baradaky edip duran oý-pikirlerimizi elinjek tassyklamakçy bolýan ýaly Gadyr Hanow Şyh Mustapa ikimiziň alkymymyza dykylyp geldi-de:
― Sizem indi dogry ýola düşäýseňiz wagt-a bir çene barandyr... ― diýdi.
Biz elbetde ondan: «Biz näme, ters ýol bilen barýasmy?» diýip soramalydyk. Ýöne, myhmançylyk mertebämize nogsan getirmezlik üçin sypaýyçylyk etdik. Kejeleşmedik. Ýylgyrdyk-da oňaýdyk.
Ýöne, teatryň baş hudožnigi, tutuş ýüzüni jähekläp duran insizje sakgally, kiçijik murtly, haýsydyr bir dokma matadan tikilen, seçekli çalymtyl ýantorbasy çigninden asylgy ýigit welin, onuň olar ýaly «gydy-gydysyndan» öňem bizar bolan borly, Gadyr özüne seredip: «Seňňem murtuň ýalňyş, arasy açyk bolmaly, burnuň aşagyndaky «patallak» görünmeli ýogsam iýeniň haram bolýa ― diýdem welin, gözlerini gypyrjykladyp «hyňk-hyňk» etdi-de:
― Sen ýaly şemal haýsy tarapdan öwüsse şo tarapa hallan atyp ýören, messepsiz, çemeçilleriň iýeni haram bolýandyr ― diýdi.
Gadyr Hanowyň welin piňine-de däl. Gaýtam ol çep gapdalynda özüne seredip, ýyljyraklap duran ösgün saçly, ýüzi süýnmegräk, ak balagyň üstünden gülli jir köýnek geýnen ýaş artiste tarap öwrüldi-de:
― Wagtly-wagtynda kakaňa aýat okadyňmy ― diýip, dylym-dylym etdi. Ol ýigit «Howwa...» diýip, çalaja baş atanyndanam: ― Gowy edýäň, gowy edýäň, maladis... ― diýdi. Şeý diýip bir aňyrlaýyn ýöräberjek ýalam etdi-de, birdenem «hyrra» yzyna öwrülip, ýaş artistiň iki gözüniň içine çiňerildi. Barmagyny çommaltdy: ― Ýöne, okadýan aýatlaryň halal puldan bolsun... ― diýdi. ― Eşitdiňmi? Düşündiňmi... Haram gazançdan hudaýýoly bermegin...
Ýaş artistiňem degnasyna degdi öýdýän, ýüzi-gözi birhili boldy. Degerli bir zat aýtmak üçin agzyny açdam welin, teatryň baş režissýory o ýigidiň golundan tutup alyp gitdi.
Teatryň direktory, saçy mazaly seýreklän, togalagrak, etli-ganly, ýarawsyzlygy zerarly işe käte bir gelip-gidip ýören, häzirem biziň hatyramyz üçin gelen Artyk atly ýaşuly ýene birine tarap ýönelen Gadyr Hanowyň öňüni kesdi-de, ýüzüne ýigrenç bilen seretdi. Dişlerini gyjyrdatdy.
― Beýdip, görene diliňi degrip, akyllysyrap ýöreniňden-ä öňki bolşuňa geziberen bolsaň gowy boljak ekeni... ― diýdi. ― Öňem-ä bir gadyr-sylagyň ýok welin, barjasynam-a ýere çalyp ýörsüň...
Bu zatlar teatryň öňündäki meýdançada bolup geçdi. Şondan soň her kim bir tarapa dargady. Diňe oturylyşyga gitmeliler saýlanyp galdy. Direktoryň käýinjinden soň Gadyr Hanowam bir ýana sumat boldy.
O ýüzüne seret!

***

Ýurt eýeleri Şyh Mustapa ikimizden başga ýene-de sanlyja adamy teatryň gabat garşysyndaky, çat maňlaýyna dürli yşyklar bilen: «Lezzetli» diýlip ýazylan aýdym-sazly garbanyşhana eltdiler. Öňünden gepleşilip goýlan bolsa gerek, adam az, ylaýyk bize bolarlyk bir hatar stolam boş dur. Jaýtyldap gelen, ak köýnekli, galan ýeri gara eşikli orta ýaşlaryndaky gelin ýyljyraklap durşuna hemmämiziň şol ýere barmagymyzy haýyş etdi.
Bardyk. Oturdyk. Teatr işgärleri Aşgabada baranlarynda biziň özlerine edibilmeýän hezzet-hormatlarymyzy etdiler.
Ýöne, bizde iki günüň ýadawlygy bardy. Oturylyşyk bize dogrusy, lezzet däl-de, ezýet berýärdi.
Şonuň üçinem, biz syr bildirmänräge-de basymrak turaýanymyzy kem görmedik.
Şeýle hem etdik. Usullyk bilen, oturylyşygyň kethudalaryna ýene bir gezek üstünlik, duz-çörekleri üçin taňyrýalkasyn aýtdyk-da, tejribeçi gyzam alyp ol ýerden çykdyk.
Iki gün bäri gapdalymyzdan aýrylman, işiň arasynda nirä gitsek öz gulluk maşyny bilen äkidip, getirip ýören, welaýat häkiminiň medeniýet baradaky orunbasary, ýalňyşmaýan bolsam Joraguly atly uzynak, ak ýüzi tegelegräk, melemtil buýra saçly, selçeň murty ― galyň dodaklarynyň üstünden sallanyşyp duran, gözleri gök hoşgylaw ýigidiň bu gezegem biziň öňümizde kemhyzmat görnesi gelmedik borly, gitmekçi bolýandygymyzy aňandan, ýalpyldap duran gara reňkli «Toýotosyny» öňümizde kesertdi.
― Buýruň!..
Mündük. Özem mündi.
Myhmanhananyň agzynda hoşlaşyp durkagam ertir ir bilen uçargähe giderimiz ýaly, maşynyny iberjekdigini aýtdy.
Myhmanhananyň içine girenimizden soň bizem Sadap bilen sagbollaşdyk-da, onuňka görä däliziň birneme törräginde ýerleşýän otagymyza tarap ugradyk.
Däliziň dalagyna ýazylan galyň, gyzyl haly her ädimiňde aýagyňa leňňer berýär. Göksowult çyralaryň aram şöhlesi gözleriňe agram salanok. Gapynyň agzynda ýylgyryp garşylan, ýaşy birneme durugyşan, dolmuş ýüzli, megerem «wahtýor» bolsa gerek, rus zenany aşak bakyp, gollaryny gaba göwüsleriniň üstünde gowşuryp barşyna şol bir ýylgyryşy bilen, edil otagymyza çenli bolmasa-da, tä däliziň orta gürplerine çenli-hä ugratdy. Şol çaka çenli dymyp gelendigine garamazdan, gijämiziň rahat bolmagyny arzuw edibem, yzyna döndi.

***

Niýetimiz-ä tapyr-tupur ýatmakçydyk. Ýöne, eşiklerimizi çalşyranymyzdan soň, gyzgynjak suwa düşünäýenimizem kem görmedik. O-da çaý içmeklige bolan höwesimizi oýardy. Çalt içilen ýaramaz aragyň awusyny, ýadawlygymyzy aýyrdy, birhili dilimizem açylyşan ýaly boldy.
Şol aralykda-da gapy kakyldy. «Giriň» diýenimizdenem işik açyldy. Bosagada tejribeçi gyz Sadabyň çepiksije göwresi göründi. Ýüzümize gözi düşendenem «ýyrş» etdi.
― Waý-iý-ý... Men-ä size ýumuş buýurmany birhilem görýän welin, Şyh Mustapaýewiç, Hümmet Hallyýewiç, ýaňam aýtmandyryn-da... Haýsyňyzam bolsa biriňiz ertir irden gaýrat ediň-de, menem nemedäýiň-dä... oýaraýyň-da... Ukym agyr bolansoň uklap uçardan galaýmaýyn-da...
Şyh Mustapa-da öz endigine görä ýyljyraklap durşuna ilk-ä:
― Sen jigim tä, ukudan doýýançaň ýatyber, bilidi eliňde bolsa uçaryň gitjek ýeri bolmaz ― diýip, sakgally-sarmykly degişmäni orta atdy. Aýtjagyny aýdyp bolan gyzyň eýýämhaçan gapa tarap ýantaklap ugrandygyna gözi düşendenem: ― Hany, gelsene, otursana, çaý içeli-le ― diýdi. Bolmajagyny bilensoňam garaçyny bilen gürledi. ― Bor jigim, bor. Arkaýyn ýatyber, turuzarys...
Herimiz öz jygyldawuk agaç krowadymyza geçip, tirsekläp, indi ikinji gezek çaý içip ýatyşymyza her dürli, ownukly-irili gürrüňleriň başyny agyrtdyk. Hususan-da, edebiýat, sungat, olaryň şu günki düşen günleri barada derdinişdik. Geçmişi, gelejegi barada pikir alyşdyk. Türkmenbaşynyň döwründe dutaryň gadagançylyga düşüp, ol gidenden soň öňküsindenem has güýçlenip çykandygyndan çen tutup, edebiýatdyr sungatymyzyňam maňlaýy açylan güni şoň deýin parlap çykjakdygyna öz ýanymyzdan ynam bildirip ýatmaga hyýallandygam welin, režissýor ukuly gözlerini süzüp ýüzüme seretdi.
― Ýogsa-da ýaňkyň bolup durşuny, nähili gördüň-aý, Hümmi akga?
― Kimiň?
― Gadyr Hanowyň.
― Hä-ä, omy... Aý, özüň bilýäň, bu wagt ýurt şolar ýalylardan dold-a...
Şyh Mustapa ýüzüni çytyp, ajymtyk ýylgyrdy.
― Şol ýola gara çynlary bilen, düşseler-ä boljagam welin...
― Wah, gepem şonda-da... ― diýip, men onuň özündenem beter janykdym. ― Öň kim bolanam bolsalar, näme edenem bolsalar, ak ýürekden toba gelip, şol ýola düşseler oňa ýetesi zat ýok, ýöne hemmes-ä diýjek-gä, köpüsi o zatlary göz üçin edýäler, dert-azar, eglip-galýandyklaryny, oraza tutýandyklaryny öňünden çykana bildirjek bolup heläk bolýalar, jan edip ýörite aýdýan wagtlaram bolýa, iň ýamanam, minnet edýäler. Ýaňky bolşy ýaly: «Men-ä ine, şeýdýän welin, senem men ýaly bol, ýogsam dowzagy borsuň» diýip, azar berýäler. Günde bäş wagtyna eglip-galsalar molla boldukmykak, öňýetene akyl öwredibermelikäk diýýäler. Özlerini ilden artyk, olar ýaly derejä ýetmek üçin gaty sowatly adam bolmalydyklaryny, yslamyň düýp-teýkaryna düşünmelidiklerini, dini-ygtykatyň öz agzalaryny hemmelerden öňe tutýan «kompartiýa» däldigine düşünenoklar.
Köpüsiniňem şlýapadyr galstuklary ätiýaçdan entegem sandyklarynyň düýbünde durandyr. «Birdenkä öňki-öňkülik bolaýsa dagy» diýip, aram-aram, çykarybam görýändirler, syryp-süpürip ýene-de ýerinde goýýandyrlar.
― Çüýşelerinem gaty bir daşda goýan däldirler-le...
― Elbetde! Ýaňy direktor dogry aýtdy. Olaryň köpüsi çemeçiller. Şemal haýsy tarapdan öwüsse ýüzlerini şo tarapa öwräýmeli. Sowet döwründe bolup geçişi ýaly, o zeýilli adamlar özleri üçin bähbitli bolsa, Hudaýdan ýüz öwrüp, ygtykatlaryny çalşyp syýasata gulluk edip bilýäler. Üýtgeşiklik bolan güni ýene-de beýleleýin öwrüläýmeli. Olara iman däl-de, bähbit, wezipe, at, zat gerek. Şol zatlar üçin haýamanlyk etmekligi dagy hiç zatça-da görmeýäler.
Kim sowet döwrüniň gadagançylygynda-da namazyny okap, orazasyny tutup, hiç kimiň haýbatyndan çekinmän Hudaýyň öňündäki borçlaryny berjaý edip bilen bolsa, men ana, şolary hakyky imanly adamlar hasap edýän.
Olar her hili kynçylyklara sezewar edilselerem, öz ygtykatlaryndan dänmediler. Hökümetem, Hudaýam, özlerinem aldajak bolmadylar.
Batyrlyk iki hili bolýar: Bir-ä hakyky batyrlyk, beýlekisem rugsat edilen wagty görkezilýän batyrlyk.
Rugsat edilen güni-hä Hudaýa gulluk edenden bolup, gadagançylyga düşen günem Oňa sögüp, adyny kiçi harp bilen ýazyp ýörenleri men asla adamam hasap edemok. ― Kellämiň gyzgynyna sesimi gataldyp ugranymy duýup, men bir azajyk pessaýladym. ― Meniň bir garryja enem bardy. Altmyşynjy ýyllaryň aýaklarynda segsen iki ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ýygym möwsüminde, pagta üstüne göçenimizde ol hemişe biziň bilen giderdi. «Biz» diýýänim: men, özümden üç ýaş uly uýam we ikimizdenem uly agamyz. Üçümizem mekdep okuwçylary. Tä, ýygym gutaryp yzymyza gaýdýançak ― dekabryň ortalaryna çenli çöp kümelerde ýaşardyk. Hiç hili şert ýokdy. Hatda, adaty gara çyra-da, nebitem ýokdy. Zygyr ýagyndan boşan çüýşäniň içine «solýarka» guýup, pagtadan işilen «peltänem» içine sallardyk, depesine-de tapan-a döwlen çäýnegiň gapagyny, tapmadygam hamyrdan «baş» ýasardy-da, peltänem onuň içinden geçirerdi. Gijelerine sowuk bolýandygyna garamazdan, ot ýakmak bolanokdy. Çünki, ýöne uçgun düşüp, kümäniň tutaşaýmagy mümkindi. Ähli biş-düşi enem pahyr daşarda taýynlardy, çaýam şol ýerde gaýnadardy. Her gün daň bilen turup, digdenekläp işe gidişimize, entek Gün dogmanka keçe girip, ýyldyz ýagtysyna pagta ýygyp başlaýşymyza nebsi agyrardy. «Alla jan, şujagaz çagajyklary şu zir-zöwranlykdan dyndar, basymrak oturymly bolar ýaly et...» diýip, Hudaýdan dileg ederdi.
Biziň bolsa oňa nebsimiz agyrardy. Sebäbi, biziň üçin orlup-çapylyp ýörendiginiň üstesine, bäş wagtyny sypdyrman namaz okardy, täret ederdi, oraza-da tutardy. Selärlige turanynda tamşanara ýekeje ýumurtga-da tapman, çaý bilen bir agyz çörek garbanyp, şonuň bilen günuzyn oňmaly bolýardy. Şolar ýaly-da, biz ýerli-ýerden: «Ene, aç-suwsuz heläk bolarsyň, bizi enesiz goýarsyň, tutma indi şuny... Asla namazam okama. Ýaşyň ýetmişden geçdi, göwräňde gurp ýok» diýýärdik. Ol welin: «Aý, guzularym, Alla kuwwat berse zatsyzam bor... Sähel wagtlykdyr, geçer gider. Namazam şu çaka çenli okapdyryn, indiden soň taşlamaýyn...» diýýärdi-de, ýene öňküligi bilen boluberýädi. Açlykdanmy ýa säheriň çigrek çaglary daşary çykyp, çaý gaýnadýanlygyndanmy, käte hakykatdanam syrkawlardy. Şol bolşy bilenem, agşamlyk işden gelsek, biziň bokurdagymyzdan ötürer ýaly bir owurt gyzgynjak garaçorba bişirmek üçin sandyraýan elleri bilen bir düýp soganjagaz, bir bölek kädi, dograjak bolup, titräp oturandyr. «Has-has» edip demini zordan alýandyr. Şolar ýaly-da biz: «Ana, gördüňmi, ana gördüňmi», «Biz aýtmadykmy-da ― biz aýtmadykmy» bolşup, üçümiz üç ýerden onuň üstüne «herrelişýärdik». «Aýdanyňyz dogry ekeni, guzularym» diýer, gaýdybam şo zatlaryň başyna barmaz öýdýärdik. Özümizi hil bir iş bitiren komsomollardyr ― pionerler saýyşyp, hondan bärsi boluşýardyk. Tumşugymyzy dik ýokary tutuşyp, petekelerimizi gaýşardyşýardyk.
Enem welin üýtgemeýärdi. Üýtgejege-de meňzänokdy. Hudaý, däp-dessurlar, könäniň zyýanly galyndylary barada mekdepden alýan täzeçil terbiýämiziň eneme täsir etmeýändigi üçin biz kejikýärdik, käte düýbünden başgaça çemeleşibem görýärdik. Oraza tutmaklygyň, namaz okamaklygyň ynsanyň beden saglygyna nähili zyýan edýändigi, diniň tirýekdigi, adamyň beýnisini zäherleýändigi, ruhuna zeper ýetirýändigi barada düýn-öňňinlikde mekdebimize gelen lektordan eşidenjelerimizi oňa ýeke-ýeke gaýtalap berýärdik. Dert-azar düşündirjek bolýardyk. Ol bolsa akja gazyny pyrlap, pişçesini süýüp oturyşyna ýüzümize mähir bilen garardy-da, hiç zat diýmän, ýylgyrar oňaýardy. Şolbolşy bilenem ötdi görgüli. Ony ygtykatyndan dänderjek bolup aýdan zatlarymyň barysynyň ýalňyş bolup çykandygy üçin men indi öz-özümden utanýan. Enemiň şo-ol, syrlyja ýylgyryşynyň aňyrsynda nämeleriň ýatandygyna düşünib-ä hasam erbet bolýan. Bizi ata-enelerimize garşy goýan şol döwür, şol döwrüň mugallymlary, lektorlary bolsa indi ýok. Etjeklerini etdilerde, hiç bir sowalsyz gitdiler. Bolaýanlarynyňam men ýaly özlerinden utanyşyp, öz etlerini özleri iýip ýören bolmaklary ahmal.
Ony diýseň olaram, bizem şol güne salan, ökde gözbagçylar kimin adamlaryň aňlaryny oýnan syýasatam, şol syýasaty döreden döwletem, döwlet ýolbaşçylaram, halky mumly ýüplüge dönderen birtopar murtly-murtly girdenejik adamlaram indi ýok. Baran ýerlerini ýykyp-ýumrup barýan agyr harasat deýin bar zady çepbe çöwürdiler-de, birdenem ýom-ýok bolup gitdiler.
Adamlarda ýene-de Hudaýa tarap öwrülmeklige mümkinçilik döredi. Ýöne, olaryň Gadyr Hanow ýalylary bu mümkinçiligem ýene-de öňküleri ýaly öz bähbitleri üçin ulanjak bolup ber-başagaý...
Enem pahyrdan, has takygy Gadyr Hanowdan başlanyp, soňy ula sapan bu gürrüňim, näme üçindir Şyh Mustapada görnetin ynjalyksyzlanma döretdi.
Ol birhili, özem aňmazdan gozganjyrap başlady. Gorsandy. Ýassygyny hä eýlesine, hä beýlesine geçirdi. Birdenem göwresini dikeltdi-de, krowadynyň üstünde aýagyny sallap oturdy. «Beh!..» diýip, ýüzüni iki ýana sypajaklatdy.
― Häý, Hümmi akga, sen-ä tüýs ýatan ýylanyň guýrugyndan basdyň-ow...
Men birhili boldum.
― Hä, näme?..
― Nämesi şol oň. Enem diýdiň, döwür diýdiň, özem gaty ras diýdiň-de, meň böwrüme dürtdiň goýberiberdiň. Şol zatlary şu döwür, hususan-da, Gadyr Hanow ýalylar bilen deňeşdirib-ä hasam dogry etdiň... Men indi saňa edip oturan şu meselämize başga bir, ullakan wakany gürrüň bereýin. Asyl, köpden bäri aýdaýyn diýip ýördüm men şuny saňa. Belki, bir zatlar ýazarsyň, ýazmasaňam eşidib-ä galarsyň. ― Berjek gürrüňiniň gadyryny artdyrmak isleýän ýaly, ol ýüzüme seredip ýeserje ýylgyrdy. ― Ýa ýatyberelimi?..
Ýazyp ýören adam üçin, gyzykly gürrüňçiligiň nämä barabardygyny ol elbetde, gowy bilýär, şonuň üçinem süýjüdýär. Ýene bir gezege goýar ýaly bolsa biz häli-şindi duşuşyp ýören adamlaram däl. Iş ýerimiz başga, ýaşaýan ýerimiz birek-birekden uzak. Herimiz şäheriň bir çetinde. Döredijilik duşuşyklary, ýygnakdyr çärelerem aýak üstünde geçip gidýär. Salamlaşyp, hal-ahwal soraşyp ýetişseň boldugyň. Şonuň üçinem men onuň garaşýan jogabyny berdim.
― Ýok, ýok, ýatmaly! Diňläli! Öýe baranymyzdan soň işe jaň ederis-de, günortana çenli ýataýarys.
Ol ýüzüme seredip ýene bir gezek ýylgyrdy-da, käsesindäki eşrepi ýaly tylla sary çaýyny bir demde başyna çekdi. Ýerinden turdy. Otagyň ortarasynda duran ullakan, tegelek stoluň başyndaky daşyna gara çerim çekilen, üstünde oturanyň her bir gymyldy, hereketinde ýaňy guzlan sygyr ýaly «has-has» edip, galyp-düşüp duran iki sany mähnet kürsüleriň ýanyna bardy. «Haýsynda otursamkam» diýýän ýaly, olara taýly gezek seretdi. Ahyram çep tarapkysyna çökdi. Göwresiniň ep-esli bölegi çerimiň içine çümüp gidenden soňam oýkanjyrap mazaly ornaşdy. Çep aýagyny sag aýagynyň üstüne atdy. Uzak ýola ugrajak ýolagçy ýaly ykjamlandy, tegelegräk, çekgeleri süňklegräk, akýagyz ýüzüni çynlakaý sypata saldy. Ýaňy bir gyrawlap başlan, buýra saçlaryny barmaklary bilen darady, «ähem-ühüm» edip, murtuny sypalady, uzyn-uzyn ardynjyrady. Şonda onuň dogabitdi ýarany bolan bilniksiz ýylgyryşyndan nam-nyşan galmady.
Men öňki ýerimde, diwan-krowadyň üstünde goşa ýassygy tirsekläp, çaý içip ýatyşyma bar ünsümi oňa gönükdirdim.

2.

― Gürrüň atam barada barýa... ― diýip, Şyh Mustapa söze başlady. ― Temasam ýaňky eneň pahyr bilen bagly gozgan meseläňe degişli ady Mämmet. Onuň dädesine, ýagny, meň garry atama Nazar şyh diýer ekenler. Ol gaty bir baý bolmasa-da, öz güzeranyny özi aýlap ýören, orta daýhan derejesindäki, musurmançylyk borçlaryny berjaý edip ýören, il-gün tarapyndan sylanýan, goňşy-golamy bilen oňşukly adam bolupdyr.
Aýalynyň ady Akjemal. Ol hemişe aşak bakyp, tara dokar oturar ekeni. Aýdyşlaryna görä, o-da adamsy ýaly hoşgylaw, ýuwaş, äriniň aýdanlaryny iki gaýtalatmaýan, behişdi zenanlardan ekeni.
Atam şolaryň ýeke ogly. Özem ýedi aýlyk. Orslar türkmen topragyny ymykly eýelänlerinden soň, aýyn-a bilemok welin, 1885-nji ýylda, biziňkiler entek gum içinde oturýakalar dünýä inipdir.
Nazar şyh ýeke oglunyň hatly-sowatly, ile-güne ýaramly adam bolup ýetişmegini isläpdir. Şonuň üçinem, wagtynda molla beripdir, kän bir agyr iş buýurmandyr. Ýöne, gaty bir läliksiretmändirem. Eziz saklaýşy ýaly talabam edipdir. Ýaşlyk edip, bimesrebräk jahyllara goşulyberse halamandyr. «Haý-küş» edipdir. Dogry ýola gönükdiripdir. Şeýle-de ol onuň öňünde: «Sen molla bol, ussa bol ýa ýene bir zat bol» diýen ýaly kesgitli bir şert goýmandyr. Erkinlik beripdir. «Hünärem edil gyz ýaly bir zatdyr, halap saýlamasaň, ömürboýy kösener ýörersiň, haýsy käre gol berjegiňi özüň bil...» diýipdir.
Elbetde, şonuň terbiýesi täsir edendir-dä, atamyň özem hünäre höwesek, dünýä aşyny göz bilen garaýan, köpgyraňly ýigit bolup ýetişipdir. Düýşüne gyzlar girip, gijelerine gorsanyp ugranyndanam goşgy goşup başlapdyr. Ýöne, öz ýazýan goşgularyna iliň-ä däl, hatda özüniňem göwni ýetmändir. Şeýdibem şahyrçylykdan el çekipdir.
Soň ol suratkeşlik bilen gyzyklanyp ugrapdyr. Oňa-da şäher bazaryndaky çokga sakgally, agzynyň üstüni bütinleý ýapyp duran, birinji gezek gören çaga-çugalar-a dagy: «E-eý, serediň-eý, ol adamyň agzam ýog-eý» diýdirmän, gapak deý ullakan murtly, dodaklary tümmül bolan böwrek ýaly pökgerişip duran, garynlak, Felimon atly daýaw ors adamsy sebäp bolupdyr. Haçan görseň agzyndan arzan bahaly, ýasama çakyryň ysy aňkap duran bu kişi haýsydyr bir takyr matanyň ýüzüne gözüň ýagyny alyp barýan ýiti, ýagly reňkler bilen çekilen manzarly suratlary satýan ekeni.
Bazarlyk işi bolmasa-da, atam her hepde-de şähere gidip, Felimon daýydan ogrynça, şol suratlary synlap durýan ekeni. «Menem şular ýaly suratlar çekip biläýsem» diýip, göwün ýüwürdýär ekeni. Birini satyn alyp, öýüne äkidäýesi gelýänem ekeni-de, obalarynda beýle nysak bolmansoň, kakasynyň bir ýakymsyz söz aýdaýaryndan çekinýän ekeni.
Şonuň üçinem, ol öňürti kakasynyň öňünde janyny barlap görmek üçin bir gün öýde çaý içip otyrkalar, aýlap-öwrüp gürrüňi suratkeşligiň üstünden eltipdir-de: «Şäherde bir adam bar, özem ors, ýöne, şeýle bir owadan suratlar çekip satýa welin, görmäge göz gerek, şoňa şägirt bolaga-da, suratkeşligi öwrenäýsem nähili borka» diýip, assyrynlyk bilen, garry atamyň ýüzüne seredipdir.
Garry atam ogluny göwnüne degmezlik üçin mylaýymlyk bilen: «Bu dünýäde suratyny çeken jandarlaryňa o dünýäde öz janyňy bermelimişin. Şirin janyňa dalaş etjek kärden kär bolmaz, başga güýmenje tap» diýipdir. Atamam tolgunmakdan ýaňa demi-demine ýetmän, ganatlaryny galkynjakladyp oturyşyna «haş-haş» edip: «Däde, o suratlarda jandar ýok hemmesem manzar ― dag, derýa, asman, ganatlaryny ýaýyp, çemenzarlygyň üstünden uçup barýan ak guwlar...» diýipdirem welin, garry atam atama tarap gaňrylaga-da: «Guw näme jandar dälmi...» diýipdir.
Dädesiniň häsiýetine belet bolansoň atam şondan soň gep uzaldyp oturjagam bolmandyr.
Ýöne, barybir boljagam däl ekeni. Sebäbi, soň görüp otursa ol suratlary Felimon daýynyňam özi çekenok ekeni-de, diňe bir ýerlerden taýyn edilip getirilýän suratlary satýan ekeni. Özem ol suratlar hakyky suratkeşleriň däl-de, peýdakeşleriň elinden çykýan ýasama suratlar ekeni.
O diýenem bolmansoň atam bagşyçylyga, sazandarçylyga imrigip ugrapdyr. Başlarynyň ýaşdygyna garamazdan, toýlarda orta çykyp aýdym aýdýan deň-duşlarynyň halyna bagşylaryň at-abraýlaryna gözi gidipdir, şularyň derejelerine höwes edipdir. Özüniň söýgi baradaky juwanhalar aýdymlaryny boýdaşlary bilen märekäniň çetinde ýeňini dişläp, keýerjekläp duran, özünden bary-ýogy iki ýaş kiçi Annagülüň ― enemiň diňlemegini, özüne guwanmagyny, buýsançdan ýaňa gözjagazlaryna ýaş aýlamagyny isläpdir.
Elbetde, o zatlar üçin ýeke höwes däl-de, ukybam gerek. Esasanam ses gerek. Şol bolanda dutar, aýdym öwredere ussat adamlar aýak ýeter ýaly ýerlerdenem-ä tapylýa welin, gerek bolsa ýurt aşyp gidäýeniňde-de azabyň ýerine düşmän duranok. Ýöne, çatak ýeri atamda ses ýok ekeni. Üstesine-de utanjaň bolan. Orta çykyp aýdym aýtmag-a beýle-de dursun, ol hatda köpçüligiň içinde gepläbem bilenok eken-ä. Şol bolşy bilenem şol zatlar nireden kellesine gelýä, Hudaý bilsin.
Her näme-de bolsa, uýala-çekine ol özüniň bu haýalynam dädesine duýdurypdyr. Ýöne, ata diýeniň öz çagasynyň nämä ukyplydygyny, nämä ukypsyzdygyny bilmän durmy, agzyny açanyndan seňrigini ýygrypdyr-da, ýüzüni bir gyra sowup: «Aý, jan ogul. Ýerine siýýän çaga ýaly ýüzüň ýerden galanok, içiňden sesiň çykanok, sendenem bir bagşy bormy?» diýipdir.
Atam birnäçe wagtlap näme etjegini bilmän, içini «hümledip» gezipdir. Ahyram bir gezekki uly toýda uly baýrakly at çapyşygyny görüpdir-de, çapyksuwar bolmaklygyň, toýlarda ýaryşyp baýrak almaklygyň, at üstünde edilýän oýunlary öwrenmekligiň, soňy bilen tanymal atşynas, seýis bolmaklygyň yşgyna düşüpdir.
Bu barada ýene-de dädesine sala salypdyr.
Nazar şyh bu gezek ogluny goldapdyr. «Ine, munyň bolýa. At münmek, at saklamak, ony ýetişdirmek türkmeniň aňyrdan gelýän ýörelgesi. Ol onuň ganaty. Ýoldaşy. Göroglynyň gyr aty, Salyr Gazanyň goňur aty, Jelaleddiniň ak aty ýaly atlar ýetişdiribilseň men senden müňde bir razy. Özüňem çepiksije, çakgan. Tüýs çapyksuwarlyga gabyl gelip dursuň» diýipdir. Ak ýürekden goldaýandygynyň alamaty hökmünde oňa özüniň sebitde at gazanan, ile belli dor atyny peşgeş beripdir.
Atam hiç haçanam-a pyýada gezen adam däl ekeni welin, dor at eline düşensoň-a howalasy göterilip, dor atsyz ýekeje ädimem ätmändir. Toý-tomaşa çykmazdan burun hünärine werziş bolmak üçin gumuň adamsyzrak ýerlerine baryp türgenleşik geçipdir. Doganoglanlarynyň biri, göwresi uly bolansoň at bilen işleşmän, diňe göreş, «gary döwmek» ýaly gara güýje daýanylýan ýaryşlara gatnaşyp ýören Atanepes kakamy bolsa tälimçi hökmünde her gezek ýany bilen äkidipdir. O-da öz ugry bolmasa-da «eýt-beýdini, eýtme-beýtmesini-hä» oňarýan ekeni.
O zatlaram hä diýmän öz netijesini berip başlapdyr. Atam ile çykypdyr, toýlara gatnaşypdyr. Baýraklar alypdyr. Deň-duşlardan öňe saýlanypdyr. Dor atyň abraýy bolsa öňküsindenem artypdyr.
Ana, hut şol döwrem onuň yşgy ýene bir zada ― şäher bazaryndaky ors aýallarynyň satýan akly-gyzylly, ysy bir menzilden janyňy alyp barýan bägüllerine düşüpdir. Höwesi goşalanypdyr.
Ýöne, onuň ol täze tapynan pişesiniň atşynasçylyk, çapyksuwarçylyk ýaly hünärlerini dowam etdirmeklige hiç hili zyýany bolmandyr. Päsgel bermändir.
Işi bolsa-bolmasa, her bazar güni bägül almak üçin dor atyny daýyrdyňa sürüp, atam şähere gider ekeni. Ony ýolda diňe bir zat: onda-da, gabat gelseler, «şah-şah-şah, şah-şah-şah» edip ýaýkanjyrap barýan ýolagçy otlusy ýa-da şol döwürler aýdylyşy ýaly üsti ýükli «gara magunlar», has takygy demir ýoluň ala taýagy saklap bilýän ekeni.
Tä, duşundan geçip gidýänçäler, atam olara bilesigelijilik bilen garap durar ekeni. Şeýle äpet zadyň demir tigirleriniň iki sany bilek ýalyjak demriň üstünden sypman barşyna geň galýan ekeni. Dor atam ilki-ilkiler-ä otlynyň «şakyrdysyndan» ürküp, o ýan, bu ýan buruljyrap, atama ine-gana syn edere-de goýmandyr, ýöne, soňabaka öwrenişdir-de, garasy görnenden tä, geçip gidýänçä agzyna içi iýmli torba gysdyrylan ýaly baş atyp, otly bilen «salamlaşypdyr», «sagbollaşypdyr», «şakgyldysyny» makullapdyr.
Maşinist özüne tarap goluny bulaýlasa ýa kiçijik, saryja baýdagyny galgatsa oglan göwni göterilip, atamyň ep-esli ýere çenli atyny debsiläp, telpegini bulaýlap, otly bilen aýakdaş gidýän gezeklerem bolýan ekeni. Bardy-geldi «zoguny» çalaýsa dagy aty ikisiniň burunlaryna ýel düşüp, batlaryny saklabilmän allaowarralardan çykýan ekenler.
Diňe halys ýadap batlary haýallanyndan, otlynyňam garasy ýitenden soň, nirä, näme üçin barýandyklary ýadyna düşýän ekeni-de öwürýän ekeni. Demir ýoluň üstündäki indi açyk duran ala taýakdan geçip, göni şäher bazaryna tarap sürýär ekeni. Bazaryň derwezesinden atyny säpjedip girip, göni, gül satýan ors zenanlarynyň hataryna barýar ekeni. Atyny olaryň gaşynda keserdip, syrtynam eýere gyşyk goýýar ekeni-de, telpeginem maňlaýyna süýşürägetdänim gamçysynyň ujuny güllere tarap çommaldýar ekeni. «Şuny... şuny...» diýip iň doýgun reňkli gyrmyzy bägüllerden saýlap-saýlap alar ekeni. Diýen bahalarynam söwdalaşman berýän ekeni-de, mazaly pudarlap, baş-baş edip, ýakasyndan ýeke-ýeke köýneginiň içine salýan ekeni. Bägül diýeniňem näme, tikenli bolýa. Hernäçe pudarlasaňam tikenden doly saplap bolanok. Şonuň üçinem, atamyň garny hemişe çyzyk-çyzyk bolup, ganjarar durar ekeni. Şol çyzyklaryň birwagtlar öçüşip giden aksowult yzlaryny soň-soňlar, köýnegini çalyşýan wagtlary men özümem kän gördüm.
Oba gelenden soň, atam getiren bägülleriniň aglabasyny dogan-garyndaşlaryna, dost-ýarlaryna, asyl öňünden çykana paýlar gider oturar ekeni. Näçe köp paýalasa-da, şonça göwni göterilýär ekeni, öz edýän hereketlerinden lezzet alýar ekeni. Hasyl bolmadyk arzuwlaryndan ― şahyrçylykdan, suratkeşlikden, bagşyçylykdan galan armanlarynyň öwezini ol hut şol güller bilen doldurýan ekeni. Şol wagt onuň içki dünýäsi, pikir-duýgulary esasan üç zat bilen ― aty, güller, Annagül bilen bagly bolupdyr. Aslynda, gül bilen badaşmagynyň esasynda hem onuň Annagüle bolan söýgüsiniň ýatan bolmagy ahmal.
Munuň hakykatdan-da şeýledigini, şäherden getiren gyrmyzy gülleriniň iň gowusyny eltip, sessiz-üýnsüz Annagüle gowşurýandygyndanam aňsa bolýar ekeni.
Garyndaş ugrumyz bolansoň, Annagülleriň öýlerine islän wagty barmagam, gaýtmagam atam üçin gaty bir müşgil zat däl ekeni.
Näme üçin bägülleriň iň gowusynyň özüne ýetýändigini, onuň aňyrsynda nähili pynhan syrlaryň ýatandygyny, soňunyň nämeler bilen gutarjakdygyny ýaş hem bolsa Annagülüň özem-ä aňýan ekeni welin, hossarlary hasam gowy aňýan ekenler.
O zatlardan elbetde, biziňkilerem habarly ekenler. Garry atam käte Akjemal enem bilen o barada atama eşitdibrägem gürleşer ekeni. Öz aýtmaly zadyny hossarlarynyň onsuzam bilýändiklerini duýmak, atamyň ýüküni ep-esli ýeňledýär ekeni.
Umuman hiç tarapdanam, hiç hili garşylyk bolmandyr.
Şol wagtlar atam-a on alty, enem bolsa on dört ýaşlarynda ekeni.

***

Günleriň şeýdip, allanämelik bilen geçip duran wagty, etrap merkezinde atamyň ýüregini öňki gol beren hünärlerindenem beter özüne imrindiren, başyny çoh-çoh gowgalara salan ýene bir zat: çarwa halky üçin bütinleý ýat bolan, göçme sirk peýda bolupdyr. Ýerli halk olary ur-tut «darbazçylar» diýip, atlandyrypdyr. «Orsýetden geldik» diýýänem bolsalar, olaryň asly dagystanly bolsa gerek, çünki, olaryň aglabasy şol milletden ekeni. Soň-soňlar atamyň öz beren gürrüňlerinden çen tutup çaklasam, olaryň getireni döwlet sirki däl-de, kimdir biriniň uly bolmadyk hususy «truppasy» bolmaly.
Şäheriň ortarasyndaky boşluk meýdanda gurlan ululy-kiçili, akly-gyzyllyja çadyrlar, her bir täzeligi uly höwes bilen kabul edýän atamyň ünsüni bada-bat özüne çekipdir. Köwejekläp daşyndan aýrylmandyr. Şolara gümra bolup, käte bazardan bägül almanam ýatdan çykarypdyr. Ýüzüni sallap oba boş barypdyr.
Sirk işe başlanyndanam onuň ilkinji tomaşaçylarynyň biri bolupdyr, özem iň öňdäki hatarda oturypdyr. Soňam şol orny hiç kime bermändir.
Ony sallanyşyp duran ýogyn-ýogyn ýüplerden aslyşyp, guýynyň agzy ýaly tegelek, uly-uly, ýöne ýeňiljek halkalary billerinden geçirişip, howanyň ýüzünde oýan bu ýan hallan atyşyp, mähnet-mähnet şarlaryň üstünde towlanjyraşyp her dürlüje hereketler edişip ýören ýarym-ýalaňaç gyzlaryň dürli ýaşdaky hokgabazlaryň, masgarabazlaryň görkezýän täsin-täsin oýunlaram-a kem gyzyklandyrmaýan ekeni welin, özüniňem at üstünde maşk etmäni gowy görýändigindenmi, nämemi, ullakan ala gözleri «jalahlap» duran, örküçli hem çaýkel çüňk burunmy, kellesi takyr hem tos-togalak, ýeňsesi çapgy ýassygy ýaly ýap-ýasy, gür gara murtly, her gezek hereket edeninde endamynyň ýumrulary moýmuldaşyp duran, daşyndan seredeniňde iňňän gazaply görünýän, orta boýly, inçesagat, ýigrimi bäş ýaşlaryndaky Reşit atly ýigidiň atlar bilen baglanyşykly görkezýän tomaşalary hasam ünsüni özüne çekýän ekeni.
Onuň ýere sanjylan çigildem güllerini atyň üstünde oturan ýerinden arkan gaýyşaga-da, eýeriň bir gapdaly bilen syrygyp gelip agzy bilen alşyny görende dagy şol sungata bolan söýgüsi hasam artypdyr. «Şun-a menem başarsam gerek» diýip, öz ýanyndan göwün ýüwürdipdir. Gündizlerine doganoglany, deň-duşy hem gepi alyşýan dosty Atanepes kakamam ýanyna alyp guma çykypdyr-da, «Ak alaňyň» takyrynda Reşidiň şol hereketlerini gaýtalajak bolupdyr. Ýöne, bolmandyr. Şonda Atanepes kakam: «Bu gaty uzak türgenleşigi talap edýän zat, Mämmet. Beýdip, birden ýapyşsaň kyn bor. Bir ýeriňi agyrdarsyň, maýyp borsuň, gowusy sen şol diýýän darbazyň bilen tanyş-da, inçe syrlaryny öwren, gerek bolsa öýüňe çagyr, dostlaş» diýipdir.
Ýene bir gezek Reşidiň hersi bir tarapa dyzaýan iki sany dyzmaç atyň arasynda durup, ýüp bilen ikisinem butnatman saklaýşyny görende dagy atamyň tas zähresi ýarylan ekeni. Ol: «Beýip-bä-ä...» ― diýip gygyranyny, «zöwwe» ýerinden turanynam bilmän galypdyr. Aşak oturanyndan soňam uludan demini alypdyr-da: «Aý, ýok, mun-a men asylam başarman» diýip, pyşyrdapdyr.
Sirke gatnamasyny welin goýmandyr. Gaýtam ýygjamladypdyr. Soň-soňlar, enemiň ýarym oýun, ýarym kine bilen aýtmagyna görä, şol döwür ol ýeke bir gyrmyzy bägüllerini däl, eýsem tas, söýgülisinem ýadyndan çykaran eken-ä.
Reşit aga bilen tanyşmaga welin bogny ysmandyr. Ýygralygy ýol bermändir. Telim gezek dagy oýun gutarandan soň barypdyr-da, çadyrynyň agzynda durup-durup ahyram giribilmän gidipdir. Ahyram onuň bilen tanyşdyrmaklygyny Atanepes kakamdan haýyş edipdir.
Ýöne, Atanepes kakam şähere gelmelem, atamy Reşit aga bilen tanyşdyrmalam bolmandyr.
Sebäbi, gün yrman gatnap ýörensoň, sirkiň işgärleri soňabaka atamy tanap ugrapdyrlar. Reşid-ä onuň diňe öz oýunlary bilen gyzyklanandygynam aňypdyr. Şonuň üçinem, bir gün oýun başlanmazynyň öň ýany atamyň ýanyna gelipdir-de, adyny sorapdyr. Öz adynam aýdypdyr. Ykjam tanşanlaryndan soňam: «Näme, şu käre höwes edýäňmi? Sirkçi bolasyň gelýämi? Işlejekmi biz bilen?» diýip, sorapdyr. Atamam: «Howwa, işlejek. Ylaýyk öz atymam bar» diýipdir. Reşit oňa entek öwredilmedik at bilen işläp bolmaýandygyny, onam edil adam ýaly türgenleşdirmelidigini düşündiripdir. «Galanynam görübereris. Sen her gün meniň atlar bilen türgenleşýän wagtym atyňam al-da gel, belki, biz oňa-da sahna çykmany öwrederis» diýipdir.
Şol gün agşam oýun gutarandan soňam atam gijäniň ýaryna çenli Reşidiň ýanynda bolupdyr. Köp zatlar barada gürleşipdir. Dostlaşypdyr. Reşidiňem atamy sulhy alypdyr. Asyl, ýanyndan goýberesi gelmändir. «Men köpden bäri özüme şägirt gözläp ýördüm, duşanyň gowy bolaýdy» diýipdir. Ol dagystanlylaryň kumuk halkyýetinden bolup, dilem türki bolansoň, atama onuň bilen düşünişmek gaty bir kynam bolmandyr.
Reşit ― ýatlan wagty atam onuň adyny Rediş diýip tutardy. ― Ertesi oýnuň öň ýany oňa ilk-ä ownukly-irili haýwanlary görkezipdir, olary boýun egdirijiler bilen tanyşdyrypdyr. Soňam beýleki artistleriň ýaşaýan çadyrlaryna aýlapdyr.
Henizem şol çykyş edenlerindäki ýaly ýarym-ýalaňaçlyklarydyr öýdendir-dä, aýal-gyzlaryň bolýan çadyryna girjek wagtlary atam özüni arkan zyňypdyr. Gaçmaga synanyşypdyr. Ýöne, Reşidiň berdaşly gollary ony butnatmandyr.
Oňa çenli gyzlaram çadyrdan boýunlaryny uzadyşyp: «Geliň, geliň, çekinmäň, biziň barymyz sizi tanaýas ahyryn» diýşip, ors dilinde «jedirdeşipdirler». Reşit terjime edipdir.
Şondan soň atam nalaç, tas gözüni ýumup diýen ýaly girmeli bolupdyr. Onuň bolşuna gyzlar gülşüpdirler. Reşidem gülüpdir-de: «Mämmet, çekinme. Sen entek bular bilen işleşmelem ahyry. Şonuň üçinem, öwrenişiber» diýipdir. Gyzlara-da onuň kimdigini, näme üçin gelendigini düşündiripdir.
Gyzlar atamyň çekinjeňligini halapdyrlar. «Wajyrda-wujur» bolşup, daşyna üýşüpdirler-de, ýerli-ýerden, her dürli soraglar beripdirler. Ýöne, atam şol gyzlaryň birinden öňňesiniň diline düşünmändir.
Ol gyzam edil Reşit ýaly türkiçe gepleýän ekeni, özem şeýle bir eneme meňzeşmişin welin, atam oňa tasdanam: «Ennewül, sen näme işläp ýörsüň bu ýerde» diýen ekeni. Şol zatlary ýatlanynda atam pahyr, hatda ölmeziniň öň ýanlaram birhili gyzaryp-bozaryp, uýaljyrabererdi.
Şondan soň-a atam ir bilen geler ekeni-de, uzynly gün bazygärleriň ýanynda bolup, öýüne diňe gijäniň bir wagtlary dolanyp barar ekeni. Soňabaka dagy sirkiň işgärleri bilen şeýle bir öwrenişipdir welin, hatda oýunçy gyzlaryň ýarym-ýalaňaç wagtlaram gözleriniň içine seredip, arkaýyn gürleşibilýän ekeni. Çadyrlaryna baryp çaýam içişibilýän ekeni. Düşünse-düşümese-de olaryň orsça gepleýänleri bilenem ara-çoha birdir-ýarymdyr gep alyşýan gezeklerem bolaýýan ekeni.
Göwresi çepiksije, tebigaty boýunça-da çeýe, çakgan, höwesem güýçli, üstesine öňden bäri özem şol ugurdan özüçe türgenleşip ýörensoň, Reşidiň at üstündäki oýunlarynyň aglabasyny kän bir emgenmän özleşdiripdir. Ýöne ine, onuň ýerdäki güli at üstünden agzy bilen alyşy welin entek-enteklerem eýgertmejek bolup dur diýýä. Şu meselede oňa esasanam boýunyň kelteligi kän päsgel beripdir. Şeýle-de bolsa, Reşidiň irginsiz tagallalary netijesinde atam ahyry onuňam hötdesinden gelipdir.
Türgenleşik bir çene baryberenden soň, Reşit ony kä özüne kömekçi, käte-de özbaşdak bazygär hökmünde sahna çykaryp başlapdyr. Hatda «gülli» oýny ynanan gezeklerem bolupdyr. Ýöne, ol oýunlary atam Reşidiň atlary bilen ýerine ýetirmeli bolupdyr. Çünki, öz aty bilen çykmaga Reşit rugsat etmändir. «Sahna, şowhuna öwrenişmedik sarç atyň birdenkä ürküp özüni märekä urmagy, zaýaçylyk edäýmegi ahmal» diýipdir.
Atam welin orta sirkiň aty bilen çyksa-da kaýyl ekeni. Çünki, ortadaky çyralary dyz boýy kenaraly döwräniň içi bilen atyny öňňürdikledip ugranyndan tomaşaçylaryň arasyndan tanyşlary, esasanam deň-duşlary ýerlerinden turýan ekenler. Atama tarap telpeklerini bulaýlaşyp: «E-eý, serediň, – e-eý, ol atyň üstündäki Mämmetdar – e-eý...» diýşip, gygyryşýan ekenler. Haçanda özüni atdan arkanlygyna goýberip, hallan atyp gelşine ýerdäki güli agzy bilen alansoň, dagy gohdan-galmagaldan ýaňa çadyryň içinde durar ýaly bolmaýan ekeni. Bu ýagdaý atama diýseň hoş ýakýan ekeni. Indikide ondanam has çylşyrymly oýunlar görkezmek barada arzuw edýän ekeni.
Reşidiňem öz täze şägirdine göwni ýetipdir. Basymrak oňa aty bilen çykar ýaly ýagdaý döretmekligiň aladasyny edip ugrapdyr. Dor at bilen geçirýän türgenleşiklerini ýygjamlaşdyrypdyr, güýçlendiripdir, ahyram maksadyna ýetipdir.
Ýöne, edil şol wagtam sirkiň gitmeli wagty gelipdir. Muňa atamam-a gynanypdyr welin, Reşit hasam gynanypdyr. Ýöne, ol atam özlerinden galar öýtmändir. Şol tama bilenem: «Gideli. Atyň-a taýyn. Özüňem taýyn. Täze-täze oýunlaram taýynlarys. Onsoňam ýurt görersiň, dil, hünär öwrenersiň. Soň Orsyýediň uly, döwlet sirklerine goşulyp gidibermegiňem ahmal, iň bir esasy zadam türkmen halkynyň içinden çykan ilkinji sirk ussady bolarsyň, onuň abraýyny galdyrarsyň...» diýipdir.
Sirkçi bolmak höwesinde bolsa-da, entek o zatlaryň pikirinem edip görmedik atam birbada Reşide näme jogap berjegini bilmän ýaýdanypdyr. Olar ýaly uly meseläni dädesine, ejesine geňeşmän çözübilmejegini-hä onsuzam gözi ýetýän ekeni welin, olaň aňyrsynda dodajyklaryny kemşerdip Annagülem dur-a! Onsoňam bu öwrenişen ýurduňy, iliňi-günüňi taşlap, başdepän gidibermek...
Içki pikirlerini daşyndan aňan ýaly Reşit oňa: «Bolýa. Hossarlaryň bilen geňeşip gör. Netijesini soň gel-de maňa aýdaý. Belki oňuna bolaýady-da» diýipdir.
Atam sesini çykarman baş atypdyr-da, dor atyna atlanyp oba gaýdypdyr. Iru-giç şu meseläniň ýüze çykjakdygy barada oýlanmandygy, ata-enesine syzdyryp, tarlaryna kakyp görmändigi üçin gynanypdyr.
Barşy ýalam öňünden ýylgyryp çykan dädesidir-ejesine maslahat salypdyr. «Reşit şeýle-şeýle diýýä, şeýtseň türkmeniň abraýyny galdyrarsyň diýýä» diýipdir.
Nazar şyh birmeýdan sesini çykarman, ogluna göz astyndan garap oturypdyr. Öwran-öwran içini hümledipdir. Daşyndan seretseň ol şol wagt içinden atama aýdar ýaly, özem ömrylla ýadyndan çykmaz ýaly bir, jaýdar, ýakymsyz söz gözleýäne meňzäpdir. Ahyram duluklaryny titredip, kellesini saňňyldadyp oturyşyna sesinem sandyradyp: «Näme, beýle wejeralyk bilen galdyrar ýaly türkmeniň abraýy bir ýerlerde gaçyp galypmy? O-da saňa galypmy? Döwlet derejesindäki edara girip-çykyp ýöreňsoň menem bir döwletli işiň başyny tutup ýörensiň öýdüpdirin» diýipdir. Gözlerem gitdigiçe ulalypdyr. Süňňi saňňyldapdyr. Şol bolşy bilenem assa-ýuwaşdan süýşenekläp ugrapdyr. Eline iler ýaly zat gözlän bolsa gerek, eýýämhaçan bäbenekleri çylgym-çylgym gyzyl damarjyklardan dolan gözlerini haýallyk bilen daş-töweregine aýlapdyr. Ýerinden turdugam «gabyr-gubur» basjakdygyna ömür etmedigini edip, ogluny depgi astyna aljakdygyna şek-şübhe galmandyr.
Ol o diýseň şol wagt häliden bäri bir çetde çugutdyryp, gözünden ýaş döküp oturan Akjemal enemem düwdünekläp orta çykypdyr-da, barmagyny atama tarap çommaldyp: «Gidibilşiňe bir git! Ädimiňi bir ät! Tohumymyzda ýokdur iliň öňüne çykyp darbazlyk eden. Ojagaz bolup ýörşüňe göz ýumduk, ýeke çagam göwni galmasyn, wagtlaýyn zatdyr, geçer giderler-dä, diýdik. Näbileli bular ýaly yzlaryna düşürip alyp gitjek hyýallarynyň bardygyny... ― Akjemal enem eýýämhaçan ýarpy göwresi ýere giden atama öňküsindenem beter azgyrylypdyr. ― Aý, betbagt, olar bir geçip barýan tüweleý. Geçenlerini ýol, gonanlaryny gol bilýär-ä! Jögüler ýaly bimekan, pany ýaly bipeýan bir zad-a olar! Ne öýleri, ne işikleri, ne watanlary, hiç zatlary ýog-a! Ergeneksiz eklenip, bosagasyz saklananlar-a olaň barysy, aý bisyrat!..»
Birdenem hemişe şular ýalyda bolşy ýaly, Akjemal enemiň kakyny tutup başlapdyr. Ilk-ä titräpdir, birdenem demi içine düşüpdir-de, bir tarapa agyp gaýdypdyr, ýumruklaryny düwün gözlerini depesine dikipdir, dişlerini gyjapdyr. Ep-esli wagt şeýdip ýatandan soň, demi açylypdyr-da, soýlan horaz ýaly «gy-yk, gy-yk» etdiripdir, yzyndanam: «A-aý, a-aý, a-aý...» diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrypdyr. Ahyram usurgap özünden gidipdir.
Bolsa-da, bu ýagdaý atamy dädesiniň gazabyndan-a halas edipdir. Ýaňy bir oglunyň üstüne sürnüp ugran Nazar şyh aýaly agyp ugrandan oňa tarap topulypdyr. Ýagdaýyna belet bolansoň ur-tut boýunbagjygyny çözüpdir, ýakasyny gowşadypdyr, ýüzüne suw sepipdir, berk gysylgy dişleriniň arasyny, berk ýumulgy ýumruklaryny açypdyr. Özünden gidenden soň, düşek ýazyp, süýrekläp diýen ýaly töre geçiripdir. Howa sowuk bolmasa-da, üstüne ýukarak ýorgança ýapypdyr.
Şondan soň ol usullyk bilen atama tarap öwrülipdir. Gezegiň özüne ýetendigini duýan atam «zöwwe» ýerinden galypdyr-da, bir bökende bosagadan towsup geçipdir. Sirke goşulyp gitmekden geçen, dädesiniň gahary ýatyşýança enemiň kakasy Temmim daýymdan bäş-üç gün gaçybatalga soramak üçin goňşy oba tarap tutdurypdyr.
Şu iki ortada kimden eşidendigi belli däl, özem tärimleriň gözeneklerinden jyklap görendir-dä, atam bärden bara-barmaşa Annagül alty ganat ak öýüň haşamlanan galyň hem goşa gapysyny zarp bilen serpip açypdyr-da, gazaba dolan gözlerini atamyň ozaldanam üç ýuwlan ak esgä dönen ýüzüne dikip, ýuwaşlyk bilen: «Meni näme, Satlyk dälä goýup gitjekmidiň, bigaýrat...» diýip pyşyrdapdyr.
Şol pursady ýatlan mahaly atam pahyr hern-ä: «Ennewüliň şolar ýaly gaharlananyny men şondan öňem göremok, soňam» diýerdi. Ýanynda enemiň özem bar bolsa, o pahyram şonça ýyllardan soňam gep alyp galmazlyk üçin: «Dogram-da näme, halys janym ýanaýdy-da... Ozaldanam birtopar baldyrlaryny güjeňleşip ýören belalar bilen garyşyp-gatyşyp ýörensoň... Soň-a puşmanam etdim welin, nätjek-dä, agzymdan sypaýdy-da... Ýer ýüzünde ýeke özüm ýalňyz galyp barýan ýaly bolaýdym-da...» diýerdi.
Ana, şeýdip, atam täze öwrenen ýene bir hünäri bilen hoşlaşmaly bolupdyr. Telim günläp hatda Reşidiň ýanyna gitmäge-de, gelen netijesini aýtmaga-da bogny ysman ýaýdanyp gezipdir. Asyl, Temmim daýymlardan çykmandyram.
Gaharyndan açylyşansoň, onda-da Akjemal enemiň haýyşy boýunça, ol ýerden atamy garry atam Nazar şyhyň hut özi alyp gaýdypdyr. Ýöne, ne yzyndan baranda, ne ýoldakalar, ne öýlerine baransoňlar, çyndan-ýalandan garry atam sesini çykarmandyr. Akjemal enem welin ogluny öňünden çykyp gujaklapdyr. Aglapdyr.
Diňe şondan soň atam dädesinden Reşit bilen hoşlaşyp gaýtmana rugsat sorapdyr. Nazar şyh welin şonda-da sesini çykarman, başyny atmak bilen oňaýypdyr.
Atam dor atyna atlanyp hemişekije ýoly bilen şähere ugrapdyr. Baryp görse bazygärleriň üç aý bäri mesgen tutan ýerlerinde ýeller öwüsýämişin. Atam şeýle bir erbet bolupdyr welin, esli wagtlap atyndanam düşübilmändir. Düşenden soňam atyny golaýdaky sütünleriň birine baglapdyr-da, sirkde çykyş edýän atlaryň, gyzlaryň, Reşidiň ýaşan çadyrlarynyň ýerinde gözüne ýaş aýlap kän oturypdyr. Olar bilen hyýalynda hoşlaşypdyr. «Rediş! Sen meni bagyşla. Men namart boldum, nadan, bigaýrat boldum. Nädeýin, mizanyň bir tarapynda atam-enem, ilim-günüm, Ennewül dur, men olary taşlap gidibilemok. Olaryň bolsa bu ýerlerde mensiz durarlary ýok...» diýipdir. Nirede bolsalaram janlarynyň sag bolmagyny arzuw edipdir.
Edil şol wagtam, möwsüm döwri özi ýaly Reşit bilen dostlaşan, demir ýol dükanynda satyjy bolup işleýän, Mişa atly orta ýaşlaryndaky ermeni peýda bolupdyr-da, türkmençemi ýa azerbaýjançamy, belli däl: «Iýen Mameými?» diýipdir we jogaba-da garaşman, gaýyşdan tikilen goňrumtyl bukjany eline tutdurypdyr. ― Muny sänä Räşit goýup gitmişdir». Atam: «Näme bü...» diýipdir. O-da eginlerini gysypdyr-da: «Bilmiräm...» diýipdir. «Reşit maňa hiç zat diýmedimi?» diýen soragyna bolsa sessiz-üýnsüz başyny ýaýkaýypdyr. Ep-esli aşak bakyp durandan soňam: «Räşid ýahşy kişidi» diýipdir. Muňa atamyň göwni hasam bozulypdyr. Aşak oturypdyr-da, tä, içi egsilýänçä, içigip-içigip aglapdyr. Hatda, dükançy Mişa daýynyň haçan gidendiginem duýmandyr.

***

Öýüne gelenden soň atam açyp görse, bukjanyň içi ak kagyzyň ýüzüne suwly reňk bilen çekilen suratlardan doly ekeni. Megerem, ol suratlar bir wagtlar sirkiň afişasy bolup hyzmat eden bolsa gerek, howanyň ýüzünde gaýyşyp ýören bili halkaly gyzlar, at üstünde ganatlaryny gerip, çapyp barýan murtly daýaw adam her elinde bir daş göterip duran ýaş ýigit we başga-da birnäçe oýun sahnalary bar ekeni. Ýöne, bazygärleriň biziň etrabymyzda işlän döwürleri onda-munda olar ýaly elde çekilen kiçijik, ýöntemje suratlar däl-de, çaphanadan çykan, ullakan, ýalpyldawuk afişalar asylypdyr. ― Şyh Mustapa gürrüňe başlaly bäri gör indi näçinji gezekdir, uludan demini aldy. ― Reşidiň atama ýadygärlik goýup giden şol suratlary mende henizem bar...
― Baý-ba-a... Ýüz ýyl dag-a geçendir ondan bäri?..
Režissýor gözlerini petige dikdi.
― Hany göreýin... Hm-m... Häzir-ä iki müň on bir... Şol wagtam müň dokuz ýüz birinji ýyl bolmaly... Diýmek... Diýmek... Ylaýyk...
― Ylaýyk bir ýüz on bir ýyl bolýa ― diýip, sanlary aňymda aýlap oturyşyma hasaby ondan öň çykardym.
― Dogry. Bir asyr, on bir ýyl. Ýöne maňa galanynadam-a kyrk ýyl gowrak bolandyr...
― Diýmek, ýa-ha gowy saklapsyň, ýa-da özi gowy saklanypdyr.
― Soňky diýeniň dogry bolaýmasa, meniň-ä oňa eden üýtgeşik hyzmatym ýok...
Režissýor ikimizem bilimizi ýazmak üçin kürsüden düşüp diwan-krowadymyzyň üstüne geçdik.
― Ýöne, atamyň Reşitden öwrenen oýunlary welin, biderek gitmändir ― diýip, arkan düşüp, özüni rahat duýandan soň Şyhmustapa indi atasynyň durmuşyndan başga bir wakany gürrüň bermäge başlady.
― Biziň gum içindäki obamyz bilen Temmim daýymlaryň obasy aslynda bir oba ekeni-de, bilmedim näme sebäpdendigini, ir döwür ýarysy bölünip aýrylypdyr. Ýöne, daş ýere gitmändirler. Aralarynda diňe at gaýtarym ýalyrak, şyr-takyr, ak meýdan bar ekeni. Şol takyr häzirem bar. Asly bir bolansoň iki obaň adamlaram biri-birleri bilen götde-çat ekenler. Ol obanyň ekabyr-a Temmim daýym, biz obanyňkam garry atam ekeni.
Ine, onsoň şol obanyň haýsy birinde toý ýa-da «Gurbanlyk», «Nowruz» diýen ýaly milli baýramçylyklar bolsa, ikisem şol takyr meýdana çykar ekenler-de, iki tarap bolup, iş wagtky dil bilen aýtsak, sport ýaryşlaryny geçirer ekenler. Ýaşulylar: «düzzüm», «küşt», «ýüzük» oýnasalar, işşekçer, dyzmaç jahyllar «göreş», «ýaglyga towusmak», «gary döwmek», «atçapyşmak», «owlak çapdy» ýaly dürli oýunlar boýunça özara ýaryşar ekenler.
Ýöne, ýaryşyň ýeňişli tarapy hemişe biziň obanyň ýigitleriniň tarapynda bolýan ekeni.
Oňa-da esasan, Atanepes kakam sebäp bolýan ekeni. Ol daýaw, gujurly, repide ýaly ýüzi ak, goýungöz, köp-köp çarwa oýunlaryndan başy çykýan salyhatly ýigit ekeni. Obanyň ähli ýigitleri, şol sanda atamam şoňa gulak asýan ekenler.
Biziň obanyň oglanlarynyň edýän oýunlarynyň hemmesini garyndaş obanyň oglanlaram edibilýän ekenler. Ýöne, olardan tapawutlylykda Atanepes kakam bir-ä göreşde öňüne adam geçirmeýän ekeni, birem göwresiniň agyrdygyna garamazdan, esli ýere çenli iki eliniň üstünde ýöräp gidibilýän ekeni. Şonuň üçin käte Atanepes kakamyň baýragy tutluşmazdan alyp gaýdýan gezeklerem bolýan ekeni.
At üstündäki oýunlaram atamyň özi oňarýan ekeni-de, ol obaň ýigitleri her gezek ýüzlerini sallaşyp gitmeli bolýan ekenler.

***

Sirkiň gidenine köp wagt geçmänkä, güýzüň bir güni, indi birneme ýüregi ýerine gelen atam ýene-de öňküje heňjagazyna başlapdyr. Dor atyna atlanyp, her bazar güni şähere gidipdir-de, köýneginiň içini bägülden dolduryp gelipdir. Öňküsi ýaly öňünden çykana paýlapdyr, iň peýwendini bolsa, indi birneme öýke damary gowşaşan eneme eltip beripdir.
...Bir günem öýlänaralar şäherden gaýdyp gelse, iki obanyň oglanlaram şol ak takyra üýşüşip, özlerem näme üçindir juda sus oturan ekenler. Biziň obaň ýigitlerinde-hä asyl, gymyldy-hereket ýok diýýä! Iň bärkisi sähel-mähel zady dagy piňlerine-de almaýan ýaşulylara çenli, keýpine-şärik çaga-çugalara çenli bir çetde aşak bakyşyp, çöp bilen ýer gorjaşyp, otyrlar diýýä.
Şol gün goňşy obada toý bardygam, bazar güni ak takyrda ýaryş boljakdygy barada o güne mundan üç gün öň duýdurylandygam atamyň ýadyna şondan soň düşüpdir. Şonuň üçin bolsa gerek, obadaşlary atama ýüz bermejek bolupdyrlar. Kiçiler salam bermändirler, ulular «waleýk» almandyrlar.
Atamam näme etjegini bilmän, bir çetde atyny keserdipdir-de, eýeriň üstüne syrtyny gyşyk goýup oturyberipdir.
Hern-ä Atanepes kakam oňa dözmändir. Bolan işi bolşy ýaly aýdyp beripdir. Onuň aýdyşyna görä, ýeňilib-ä ýeňilmändirler welin, ýeňibem bilmändirler. Ara-çäre diýen ýaly bir ýagdaýa gelip durupdyrlar. Çünki bu gezek biziňkileriň edýän hereketleriniň hemmesini olaram edipdirler. Iki elleriniň üstünde-de ýöräpdirler. Hatda olaryň biri haçan, kimden nirede öwreneni belli däl, ýa o-da sirklerde görüp soň özbaşdak öwrenenimi garaz, çatanlaryny açyp ýerde ýatan ýukajyk öýmäni agzy bilen alypdyr-da, biziňkileri «aňk» edipdir goýaýypdyr. Ýöne, her niçik hem bolsa, birküç gezekki eden şowsuz synanyşyklaryndan soň biziňkilerdenem çeýeräkleriniň biri olaryň ol hereketlerini gaýtalapdyr. Şeýlelikde hasap deňleşipdir-de, iki tarapam utuşsyz galypdyr.
«Bar ýetmeziňiz şo dämi?» diýip, atam özüne mahsus bolmadyk gaty ses bilen obadaşlaryna ýüzlenipdir. Olaram «zöwwe» ýerlerinden galypdyrlar-da, «howwa-da-howwa» bolşupdyrlar. Utuşa umyt dörändigine begenmekden ýaňa «dylym-dylym» edişip, dor atyň daşyna aýlanyşyberipdirler.
Atam dikelipdir-de, eýeriň üstünde ornaşykly oturypdyr. Tikenleri bilen kükregini çyzym-çyzym eden bägülleri ýeke-ýeke çykaryp, ýetdiginden iki obaň oglanlaryna-da paýlapdyr. Göze has gelüwlisini bolsa aty alkymlap duran Atanepes kakama berip: «Me, şuny ek...» diýipdir. O-da aňyrrak baradaga-da, bilindäki sapy şyrmaýydan, gülbendi misden ýasalan polat gezligini gynyndan sograga-da, takyr ýere çümdürip çykarypdyr. Emele gelen çukurjyga bolsa bägüliň baldagyny sanjypdyr. Ak takyrda «ösüp» oturan ýalňyz, gyrmyzy bägül töwerege şeýle bir görk beripdir welin, entek atamyň näme oýun görkezjeginden bihabar bolsalar-da, iki obanyň uly-kiçi barysynyň kalbyna şatlyk duýgusy çaýylypdyr.
Atam atyny ýorgaladyp ep-esli gidipdir, birdenem jylawyny dartyp yzyna öwrülipdir-de, ökjesi bilen böwrüne çalaja debsiläp, dor aty ilk-ä «gury säpjine» goýberipdir, soňam sirkdäki ýaly öňürdigine ýazdyrypdyr. Güle golaýlaberendenem «ýa Alla» özüni arkan taşlapdyr. Eýerdenmi, çekidenmi ýa üzeňňidenmi belli däl, belki hemmesindenemdir gezek-gezek gezegine ýapyşyp, atyň bir gapdaly bilen dikbaşaşaklygyna hallan atyp gelşine syryla-syryla bir gulagy ýere degäýjek-degäýjek bolupdyr. Deňine gelendenem göz açyp-ýumasy salymyň içinde bägüli agzy bilen garbap alypdyr-da, ýel göteren gamak ýaly şeýle bir çaltlyk bilen gaýyp baryp eýeriň üstünde «joňkarylyp» oturyberipdir welin, köpleriň-ä onuň şol aralykda näme edip, näme goýanyna gözem ilmändir.
Atam welin sähelçe aralykdan kelte öwrüm edip gelipdir-de, at başyny Atanepes kakamyň çat maňlaýynda çekipdir. «Nätdi, boldumy?..» diýen manyda onuň ýüzüne seredipdir. Baş atypdyr. Şonda baldagy agzynyň bir gyrasyndan sallanyp duran bägül iki tarapa yraň atypdyr.
Atanepes dädem begenjinden ýaňa näme diýjegini bilmän ýaýdanjyrap durupdyr-da, birdenem başyndaky telpegini alyp göge zyňypdyr. «Häý, «Çetiliň» adamlary gözüňiz aýdyň, biz ýeňdik ho-ow...» diýip, gygyrypdyr. Obadaşlaram onuň şol hereketlerini gaýtalapdyrlar. Atamyň görkezen täsin tomaşasyna özleri bilen deň begenen beýleki obaň adamlaram olaryň aýdanlaryny gaýtalaşypdyrlar, telpeklerini göge zyňşyp gygyryşypdyrlar. Soň biziňkiler bilen bilelikde atamy atdan düşürip, ony «han göter» edipdirler.
Garaz, olaryň edähetleri şeýle ekeni. Biri-birleriniň ýeňişlerine deň-derejede guwanmaklygy başarýan ekenler. Agzybirlik bilen, ak ýürekden paýlaşyp bilseň, şatlyk, guwanç, begenç diýen ýaly, zatlaryň gaty kän adama ýetýändigine, gaýtam paýlaşdygyňça köpelýändigine olar gaty ir döwürlerden bäri düşünip gelýän ekenler.
Şondan soň atam ol ýerde uzak eglenmändir. Henizem agzyndan aýyrman duran bägülini kakyp alyp, ýakasyndan goýberipdir-de, atynyň başyny öz obamyza däl-de, goňşy oba-enemlere tarap öwrüpdir.
Ol obanyň ýigitleri onuň yzyndan gözügidijilik bilen garap duruşlaryna: «Nazar şyhyň ogl-a bägüli hak eýesine gowşurmana gitdi-ow» diýip, ýerli-ýerden, ýöne dostlarça «şoňňyldaşypdyrlar».
Категория: Romanlar | Просмотров: 70 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 Dark_Wolf   [Mowzuga geç]
Gaty gyzykly we özüne çekiji romandyr.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: