17:21
Türkmen gahrymanlary: Ahmet Allaberdiýew
TÜRKMEN GAHRYMANLARY OLAR UNUDULMALY DÄLDIR

AHMET ALLABERDIÝEW

Otuzyn­jy ýyl­lar­da Ah­met­le­riň Alla­ber­di­ýew­le­riň maş­ga­la­sy ku­lakçyly­ga çe­ki­lip, Tag­ta­ba­za­ryň Er­den oba­syn­dan Öz­be­gis­ta­na sür­gün edil­ýär. 1942-nji ýyl­da ur­şa Ah­met ar­za be­rip gid­ýär. Ol 48-nji Mer­ke­zi ar­mi­ýa­da, 1-nji we 2-nji Be­lo­rus front­la­ryn­da sö­weş­ýär. 1943-nji ýy­lyň 21-nji few­ra­lyn­da Poless­koý ob­las­ty­nyň Pe­ri­çes­kiý ra­ýo­ny­nyň Pa­go­ni­na oba­sy­nyň ýa­nyn­da bo­lan söweş­de Ah­met öz eder­men­li­gi bi­len ta­na­lan es­ger­le­riň bi­ri bol­ýar. Ol bu ýer­de gör­kezen eder­men­li­gi üçin, «Şöh­rat» or­de­ni­niň 3-nji de­re­je­si bi­len sy­lag­lan­ýar. Ben­los­to­kis­kiý ob­las­ty­nyň Bels­koý ra­ýo­ny­nyň Lýa­hi oba­sy­nyň go­la­ýyn­da bolan sö­weş­de Ah­met «Şöh­rat» or­de­ni­niň 2-nji de­re­je­si­ne my­na­syp bol­ýar. Bu or­de­ni Ah­me­de sö­weş meý­da­nyn­da 48-nji ar­mi­ýa­nyň ko­man­du­ýuş­şi­si, Ýo­ka­ry har­by geňe­şiň ag­za­sy, ge­ne­ral Is­to­mi­niň hut özi gow­şur­ýar. 1944-nji ýy­lyň 15-22-nji okt­ýab­ry ara­ly­gyn­da War­şa­wa wo­ýo­wo­da­ly­gy­nyň But­no Ros­lan So­we­ti­niň Nap­ýur­ki oba­sy­nyň üs­tün­de ju­da ga­zap­ly sö­weş bol­ýar. So­wet go­şun­la­ry 8 ge­zek yza çe­ki­lip, 8 ge­ze­gem ýe­ne hü­jü­me ge­çi­bem, duşma­nyň elin­den ony gaň­ryp al­ma­ly bol­ýar. Şol sö­weş­de duş­ma­nyň otuz es­ger-ofise­ri­ni we bäş snaý­per-ku­kuş­ka no­kat­la­ry­ny ýok eden­li­gi üçin, pu­lem­ýot­çy Ah­met So­wet So­ýu­zy­nyň Gah­ry­man­ly­gy­na ýa­zy­lyp be­ril­ýär. Şol gün­le­riň bi­rin­de Ah­me­diň gul­luk ed­ýän bö­lü­mi­ne ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len So­wet So­ýu­zy­nyň mar­şa­ly K.Ro­kos­sows­kiý gel­ýär. Ol bö­lüm­den bu be­ýik or­de­ne hö­dür­le­nen­le­ri öz ýa­ny­na ça­gyrd­ýar. Ta­nyş­mak ge­ze­gi üçün­ji bo­lup du­ran Ah­me­de ýe­ten­de ol:
– Sen ni­re­den, ogul – di­ýip, on­dan so­ra­ýar.
– Men türk­me­nis­tan­ly, ýol­daş mar­şal...
– Türk­men diý­se­ne – di­ýip, nä­mü­çin­dir ol bir pur­sat­lyk bir za­dy ýat­lap oý­lanýar. So­ňun­da­nam ýe­ne so­rag be­rip, gür­rü­ňi­ni do­wam et­dir­ýär:– Sen kom­so­mol­my, gwar­di­ýa­çy?
– Ýok – di­ýip, Ah­met özü­niň ku­lak ça­ga­sy hök­mün­de kom­so­mo­la alyn­mandy­gy­ny ýat­lap, ýe­re ba­kyp sus­lan­ýar. Kö­pi gö­ren mar­şal eder­men es­ge­re des­si­ne dü­şün­ýär we oňa:
– Kom­so­mol se­niň ýa­ly eder­men og­ly öz ha­ta­ry­na ka­bul et­se, el­bet­de, my­nasy­bet­lik ga­za­nar...
Ol soň­ra Ah­me­diň ar­ka­sy­na ka­kyp, oňa ata­lar­ça sa­byr­ly bol­ma­gy mas­la­hat ber­ýär.
– Ze­le­li ýok, og­lum. En­tek ba­şyň ýaş. Sen duş­ma­ny gy­ry­ber, şeýt-de gy­ry­ber. Ha­ny il­ki ony ýe­ňe­liň, on­soň ýe­ňiş äh­li za­dy öz ýer­li-ýe­ri­ne go­ýar... – diý­ýär.
Ko­man­dir­le­ri Ah­me­di So­wet So­ýu­zy­nyň Gah­ry­man­ly­gy­na my­na­syp ha­sap etse­ler-de, oňa ýe­ne-de ku­lak tag­ma­sy­nyň päs­gel­çi­lik dö­re­den­li­gi bel­li bol­ýar. Oňa gah­ry­man ýyl­dy­zy­nyň ýe­ri­ne «Şöh­rat» or­de­ni­niň 1-nji de­re­je­si be­ril­ýär. Üç de­re­je­li «Şöh­rat» or­de­ni­ni Ah­me­de bu be­lent­li­ge sö­weş meý­da­nyn­da gaý­duw­syz yzy­gi­der gah­ry­man­çy­lyk­lar gör­ke­zip ýet­me­li bol­ýar. Polk­dur di­wi­zi­ýa ko­man­dir­le­ri­niň eder­men pu­lem­ýot­çy­ny ýe­ne bir ge­zek Sowet So­ýu­zy­nyň Gah­ry­man­çy­ly­gy­na hö­dür­le­mek is­län ge­ze­gi 1945-nji ýy­lyň 18-nji ýan­wa­ryn­da Al­leş­teý­ni azat et­mek bi­len bag­ly bo­lup­dy.
...Bu ýer­de ne­mes Ah­met da­gy­nyň ýa­tan ýe­ri­ne go­ýun sü­rü­si­ni sü­rüp, ola­ry al sa­lyp al­mak­çy bol­ýar.
Pu­lem­ýot oku­na ger­ňe­len duş­man py­ýa­da­la­ry yza çe­ki­len­soň, So­wet­le­riň garşy­sy­na 9 tank hü­jü­me geç­ýär. Ah­met şon­da öz üs­tü­ne bir «Fer­di­nan­dyň» eň­te­ri­lip gel­ýä­ni­ni gö­rüp, haý­dan-haý go­laý­da ne­mes­ler­den ga­lan ot be­ri­ji fu­gas ok­la­ry­ny gö­re­ni­ni ýat­lap, des­si­ne ola­ryň bir­nä­çe­si­ni öz ýa­ny­na ge­tir­ýär. Bag­ty­na Ah­me­diň bi­rin­ji atan oky «Fer­di­nan­dyň» mer­ki­ni ber­ýär. Em­ma Ahme­diň tank bi­len çak­ny­şy­gy bu ýer­de mu­nuň bi­len gu­tar­ma­ýar. Ah­me­diň ni­re­den ok ata­ny­ny gö­ren, ýe­ne bir tank öw­rü­lip, onuň kas­ty­na çyk­ýar. Ony pu­lem­ýo­ty za­dy bi­len gab­şy­ryş­dy­ryp, myn­jy­ra­dyp öter­li gö­rün­ýär. Ah­met tiz­lik bi­len ýa­tan ýe­ri­ni üýt­ge­dip, al­kym­lap ge­len ikin­ji «Fer­di­nan­dyň» gap­da­lyn­dan ok ýag­dy­ryp, ahyr ony hem ot­la­ýar. Öz bö­lü­mi­niň es­ger­le­ri­niň hü­jü­mi­ne ýol aç­ýar. Şol dö­wür­ler­de bir ba­da iki tan­ky ura­na gah­ry­man­çy­lyk be­ril­ýän eken. Ýö­ne gah­ry­man­çy­ly­ga hö­dür­len­sede, ku­lak ça­ga­sy­na Gah­ry­man ady­ny dak­ma­gy ýe­ne-de köp gö­rüp, oňa bir sö­weş­de iki sa­ny 219960, 219962 bel­gi­li «Gy­zyl Baý­dak» or­den­le­ri be­ril­ýär. Ol şeý­di­bem Wa­ta­ny «ku­lak og­lu­ny­ňam» hiç kim­den kem söý­me­ýän­li­gi­ni, onuň mer­te­be-myna­sy­be­te mu­wa­pyk ogul­dy­gy­ny su­but ed­ýär. Şol dö­wür Ah­met Al­la­ber­di­ýe­wiň bu gör­ke­zen eder­men­li­gi hak­da har­by ga­zet­ler mu­nuň ýa­ly bir sö­weş­de iki «Gy­zyl Baý­dak» or­de­ni­niň alyn­ma­gy­nyň ga­ty seý­rek­di­gi­ni haý­ran gal­ma bi­len ýaz­ýar­lar. Ah­met şon­dan soň Bal­ti­ka ke­na­ryn­da­ky Pi­lau di­ýen ýer­de ýa­ra­lan­ýar. Ol 1945-nji ýy­lyň 24-nji iýu­nyn­da Mosk­wa­da 2-nji Be­la­rus fron­tu­nyň sa­pynda Ýe­ňiş pa­ra­dy­na gat­naş­ýar. Ah­met uruş­dan gah­ry­man bo­lup do­la­nyp ge­len­den soň, Ak­gor­gan­da dür­li wezi­pe­ler­de iş­le­ýär. Ol og­lan­lyk döw­ri ýag­şy­lyk eden Tur­sun­baý ekä­ni hem ýat­dan çy­kar­ma­ýar. Ol ba­hym Tur­sun­baý ekä­niň maş­ga­la­sy­ny göz­läp tap­ýar. Ýö­ne oňa Tur­sun­baý ekä­niň özi bi­len duş­mak mi­ýes­ser et­me­ýär. Tur­sun­baý eke 1944 nji ýylda ba­ta­lon­da gi­dip, şol ýer­de hem ýo­ga­lan eken. Onup aýa­ly ta­nyş­lyk be­ren­soň: «Türk­men og­lum ge­lip­dir» di­ýip, ony gu­jak­lap ag­lap­dyr. Ah­me­de şol kö­mür­li waka­dan bir ýyl ge­çen­soň, Tur­sun­baý ekä­niň og­lu­nyň bo­lan­ly­gy eşit­mek has hem ýakym­ly bo­lup­dyr.

#"Ojak" romanynyň üçünji kitabynyň 234-235-236-nji sahypalarynyň aşagyna ýazylan belliklerinden alyndy
Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 68 | Добавил: Gurgencli | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
0
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Ojagyň üçünji kitabynda Ahmet Allaberdiýew baradaky ýazylan belligi okap Serdar agaň "Türkmen gahrymanlary- olar unudulmaly" diýip ýazan mowzugy ýadyma düşdi. Meňem şol mowzuga azde kände goşandym Ahmet Allaberdiýew baradaky ýazylan belligi paýlaşmagy makul bildim smile

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: