12:59
Krematoriý / rekwiýem
KREMATORIÝ

Ýok, menden owadan sözlere garaşmaň! Men size dile çeper ýazyjysumaklardan däl. Ýogsam ýazyjy bolmak iň uly arzuwymdy. Ýöne rugsat bermediler.
Adam düşüner ýaly hatym-a beýlede dursun, şol haty emin-arkaýyn ýazara stolumam ýok. Deriň ysy siňen kirli ýassygy iki epläp äňimiň astyna goýup, höwessiz ýazýan ýazgylarymy özümem okap bilemok käte. Dogtaryň haty ýaly. Wiý, ýogsa-da men dogtar ahyry. Onda-da nähili...
Ak geýimli adamlaryň salkyn otagda, ýap ýagty çyranyň astynda, ullakan demir stoluň üstünde ýatan garryja ýalaňaç daýzanyň garnyny kiçijek pyçak bilen kesenleri ýadymda. Ol hiç hakydamdan gitmese gerek. Men olaryň kempirjigiň içinden näme gözlänlerini bilemok. Ol şeýle bir hordy welin, hat-da ganam çykmady. Garnyny ýaranlary ýetmeýän ýaly, nähilidir bir demir bilen iki tarapa çekdirip, iç-goşlaryny görkezen wagtlary çaşypdyryn. Oýansam, okuwa giren ekenim.
Men soňam garny ýarylan adamlary köp gördüm. Özümem telim gezek ýarandyryn. Ýöne şol gezekki... ol garry ejeme meňzeşdi. Ejemiň garradylan görnüşine.
Dermanlardan gowy başym çykýa. Ýöne hiç haýsy meň agyrymy kesip bilenok. Ýogsam sanjyp, ýa jyzlap agyrýan ýerimem ýok. Şonda-da çydar ýaly däl. Megerem, ruhum agyrýan bolsa gerek.
Ejem ýogalan wagty ýaňy okuwa gatnap başlapdym. «Bäşlikçi oglum gelipdir»—diýerdi. Ol uzak wagtlap ýaramady. Ýöne men şonda-da dogtar bolmagy arzuw etmändim. Näme üçindigini bilemok.
Kakamyň ýanyna işdeşi geldi. Ejeme bir topar derman ýazyp berdi. Köpüsi ak reňkli. Biri ýaşyl reňkli. Ýöne näme üçindir kakam ejeme gyzyl derman içirerdi. Özi dogtar bolup, dermanlary bulaşdyrmagy mümkin däl. Bu meň üçin gaty geňdi. Soň uzak wagt geçmänem ejem çuňňur uka gitdi. Soň hiç oýanmady. Men şonda kän günläp mamamlarda ýaşadym. Mamam dagy bir ýer-ä gitdiler men baramsoň.
Şondan kyrk gün geçende öýümize kö-öp adam geldi. Bir topary gije-de gitmediler. Kümüş ejemem galdy. Ol-a soňam gitmedi. Gaýta iki sany gyzynam getirdi. Onsaň ol hemmämiziň ejemiz boldy.
Ugradan okuwlarynda näçe okanym-a bilemok. Gutardym edip gelen ýylym kakam erbet ýaramady. Menem oňa gyzyl derman berdim. «Niräň agyrýa, kaka»—diýsemem jogap bermedi. Onuňam ruhy agyrýandyr öýdüp, garnyny ýaryp gördüm. Içini boşatdym. Ýüregini, böwreklerini, içegelerini, hemme zadyny tapdym, ýöne ruhuny tapmadym. Soň hemmesini ýerli-ýerine goýup, okuwda öwredişleri ýaly tikdim. Yzyndanam tok urdurdym. Çyra öçdi. Kakam oýanmady.
Men gorkunç kinolary gowy görýän. Meň üçin, hut, şolar real waka esasynda düşürilen kinolar. Näme üçindigini bilemok, şol kinolarda adamlary bejerýän men ýaly dogtarlar hemişe klassiki saz diňleýädiler. Menem şeýdip başladym. Kakam bolanda rugsat bermezdi.
Menem şol kinolardaky ýaly gaty köp adamy bejerdim. Köçämizden gussaly geçýän gyzy, dilegçi daýyny, näme üçindir soňky günler köp aglaýan doganlarymdyr Kümüş ejemi. Hat-da ýüzüni kürşerdip, uzyn-uzyn mýawlaýan pişigimizem. Bu meň kärim ahyry. Adamlary bejermek. Kakam meni şoň üçin okatd-a...
Meni kim bejerer? Soňky günler ýaramajak bolýan. Bir tüýsli ýadawlykmydyr agyry basýa. Ýa, menem şol gyzyl dermandan içäýsemmikäm?
Ajykdym. Aşhana baryp, bir bölejik çörege mesge çalyp, üstüne iň gowy görýän armytly mürepbämden goýup, süýt bilen tomat guýulan blendere salyp mazalyja ezdim. Oňaýlyrak gaba-da guýman, göni başyma çekdim. Üstünden uky derman içip düşege geçdim.
Gije bir wagtlar oýanypdyryn. Eýwana çyksam, ejem pişigimizi gujagyna alyp, telewizor görüp oturan eken.
—Turduňmy, bäşlikçi oglum?
—Eje?
—How, balam?
—Hawa, turdum,eje. Meň seni gaty göresim geldi.
—Meniňem, çagam.
Ýanyna baryp, bagryma basjak bolamda ýatalgamdan kakamyň gygyryp aglaýan çirkin sesi eşidildi. Ýene näme bolduka? Men ony bejeripdim-ä. Ýa bejermedimmi? Bilemok. Aýtdym-a men ýazyjy däl diýip. Al kakmyş.

09.12.2020.

Umyt KÜLE.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 164 | Добавил: Arzyman | Теги: Umyt Küle | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 25
0
22 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Umydyñ özüni hem sayta çagyryaryn, eserlerini paylaşsa okyjylaryny begendirerdi. Biz hem köp minnetdar bolardyk

0
21 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Kadadan çykma ýagdaýda şu ýerde ýene agzalaryñ gürrüñine goşulmaly bolýaryn: Saýtda paýlaşylan eserleriñ, makalalaryñ agramly bölegi jany sag gezip ýören awtorlarymyzyñ özünden alyndy, almadyklarymyz (hatda hajaty yok hasap edip boljak yerlerde hem) şu edebi saýtda paylaşylyandygy habarly edildi, muny işimizi maksadalaýyk guramakdan ötri, yazyjy-şahyrlarymyzy öz derejämizde galkyndyrmak u.nem şeytmekden yaltanmadyk. Ayatda yoklaryñ bolsa çagalaryndan, agtyklaryndan alyndy, elinde bize berere zady yoklara bolsa habarly edildi. Başga yerlerden alynyan maglumatlar bolsa mumkingadar alnan sayty, gazet-žurnaly gorkezilyar, agzalardan hem hayyşymyz şu. Sebabi şeydenimizde ylmy iş we doredijilik b.n meşgullanyanlar u.n salgylanmaga hem yylmy gymmatynyñ boljakdygyna we peydalydygyna ynanyarys.
Agzalar babatda aydanda bolsa, elbetde olar hem saytyñ bu prinsiplerine eyerseler, oña yetesi zat yok. "awtoryndan rugsat alman ondan bihabar eser goýmaklyk dogry däl." Ýöne
awtoryň muña närazylyk bildirmegi gaty bir dogry hem dälmikä diyyärin, sebabi, hekayanyñ ilkinji paylaşylan sayty tolegli sayt dal, edil biziñki yaly okyja, halka mugtuna hyzmat edyan saldamly, many-mazmunly sayt. Eger sayt hekayadan azda kände girjeji azanyan bolsa we awtor bilen şertnamaly bolsa, awtoryñ nagileligini doly goldardym. Emma okyja paylaşylan eser - ol eyyäm awtoryñky dal, hak eyesiñki - okyjyñky. Arzyman nadogry iş edendir oydemok (aşagynda alan saytyny, ya linkini goyan bolsa, hasam dogry bolardy.)

0
24 Arzyman   [Mowzuga geç]
@Haweran, Muny şahsy okalgama awtoryň özi ugradypdy. Ýöne saýtda paýlaşjagymdan bihabardy. Edil höküm habaryny eşidene dönen däldir-le olam. Bu gezeklikçe bir çemçe ganymy geçer-dä(

0
19 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Mango daýy eger altynjy duýgum meni allamaýan bolsa siz hökman bir ýazyjy ýa-da şahyrsyñyz.Tankytlan an kişiler siziñ şahsyñyzdan gaty görmesin diýip teswirleriñizi lakam bilen ýazýansyñyz.Belki-de siz Umyt Kûläniñ özüsiñiz.(aslynda men bu ýazyjyny diñe galamdaşda we şu saýtda eşitdim.Bilýänler maglumat berse gowy bolardy.)

0
20 mango   [Mowzuga geç]
altynjy duýgyňyzy tanap goýaýyň Mahym hanym.
ol sizi 100% aldaýar.
ýazyjam, şahyram, tankytçam däldirin.
diýmek men asla Umyt Küle-de däl.
(aslynda ony edil siz ýaly"galamdaşda" okap eserleri bilen tanyş boldum. ol öňümden çyksa-da tanajak däl, näçe tanasym gelse-de).

0
18 mango   [Mowzuga geç]
hormatly Arzyman hanym.
awtoryndan rugsat alman ondan bihabar eser goýmaklyk gogry däl.
awtoryň haýyşy boýunça szie bolan näräzylygly ýetirýärin, Arzyman hanym.
habarlaşyň, razylaşyň.

0
23 Arzyman   [Mowzuga geç]
@mango, Çapar dostum, salam. Bu habaryňyzy ýetirmeziňizden bir gün öň awtor bilen ahyrýete goýmanjyk razylaşdyk welin, siziňkini nä postda sakladylarmyka:( Şonda-da ýetireniňize minnetdar.

0
25 mango   [Mowzuga geç]
men bir ýumuş oglany.
"saýta agza däldigim üçin näräzylygymy ýetir" diýdiler.
menem ýetirdim.
oňarypsyň razylaşan bolsaň.
razylaşmagyňyzam edil bir gün öňünden däl-de sagada öwürsek birnäçe sagat öň bolup geçen bolmaly.
minnetdarlygyňa menem minnetdar.

0
17 Jumjume   [Mowzuga geç]
Bee adamzat gitdigiçe duýgysyzlaşaýjakmyka? Soñky döwürde dogruçylsyrap,çenden aşa ynamlysyrap ýa da içki duýgularyny gizländen bolan bolup-mertsiräp ýazyp başladylar weli, büýä gorkuzyp başlady. sad

0
14 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Beter haladym, iki gezek heziller edip okadym. Hekaÿanyñ dili, alypbarylśy hem-de okyjyda goÿÿan täsiri özboluśly. Galamyńyz dowamly bolsun!

0
12 Şasenem   [Mowzuga geç]
Dogtoryñ Düýshimi? Kakasy namücin aglady? Soñralarna düshünmedim

0
11 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Elbetde, baş üstüne.
Mowzuk açyp bilersiñiz (Paylaşyan eseriñiziñ alnan anyk çeşmesini awtorynyñ doly at familiyasyny gorkezmek hem-de saytda paylaşylyan beyleki eserleriñ goyluş tertibine doly eyermek şerti b.n.)
Hil taydan juda gowşak, grammatiki yalñyşlyklardan doly-bisowat yazylan we anonim yazgylar duyduryş bermezden öçürilyar.

0
13 Şasenem   [Mowzuga geç]
Ok, adminmi sen

0
15 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Şeýleräk

0
16 Şasenem   [Mowzuga geç]
Admin bolsan hayshym bar pochtama goyberip bolyan bolsa sitede goylan romanlan pdf bolsa goyberip beray

0
10 Şasenem   [Mowzuga geç]
Admin menem mogzuk doredsem bolarmy?

0
8 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Kommentleriñ ýazylanyny-ha özüñem görensiñ.Ilki ýazylmaýan ýaly edýändir ýöne soñ çykýandyr.Mowzuk goşmak hukygyny admin berip bilýär.Eger mowzuk döretmek isleseñ adminden haýyş et.Mümkinçilik beren ýagdaýynda aşakda "menýu"diýip duran ýerinde birinji funksiýa "Mowzuk goş"diýip ýazylgydyr.Şoña basarsyñ.Düşünmeýän zadyñ bolsa arkaýyn soraber.

0
9 Şasenem   [Mowzuga geç]
Saol,

0
6 Şasenem   [Mowzuga geç]
Imdaaatt

0
5 Şasenem   [Mowzuga geç]
Nadip mogzuk doretmeli

0
7 Taryhçy   [Mowzuga geç]
Saýtyň sag burçunda "Çykmak" funksiýasy bardyr jigim, şoňa bas. Onsoň özi-özi döräberer mowzuklaňam.

0
4 Şasenem   [Mowzuga geç]
Taze agza bollum dushinemmok

0
3 Şasenem   [Mowzuga geç]
Bb

0
2 Şasenem   [Mowzuga geç]
Bb

0
1 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Soňuna çenli hezil edip okatdyrdy... Ikinji gezegem okamak meýli döredi

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: