11:05
Ýeñilmedikler -25: Hakydanyñ gaýdyp gelmegi
HAKYDANYÑ GAÝDYP GELMEGI

Ýöne, ony ýene-de Watanyň ýyly ýumşak mähri däl-de, sowet hökümetiniň daşy gyrawlap duran çalymtyl ýowuz düzgüni garşy aldy. Çünki, ol wagt il-günüň içinde galan iki-ýeke mertleriň iň soňkularynam saýlap-saýlap zyndanlara dykmak, atmak, uzak hem sowuk Sibire sürgün etmek syýasaty iň soňky derejesine ýetipdi. Her kim agşam ýatandan ertir sag-aman “öýünden örjegine doly ynanmaýardy. Sebäbi GPU-nyň gaýyş kurtkaly, ýanbaşlary naganly işgärleri gijelerine aýlanýardylar we özlerine berlen sanawdaky adamlary tussag edýärdiler. Sebäpmi? Sebäp ýok. Ol hökmanam däl. Ras, sanawa düşdüňmi, gidibermeli. Ýöňkelýän islendik günä gol çekäýmeli. Çekmeseň zor bilen çekdierler. Mahlasy, Kremlde oturan ýerinde Stalin özüniň, üweýji elhenç maşyny bilen öz halkynyň iň gowy ogul-gyzlaryny mäjumlaýardy. Ol maşynyň çarhyna ilmän galýanlar örän az. Şol çarha bir wagtlar Ruhy batyryň welilik bilen aýdyşy ýaly Türkmenistan döwletiniň ilkinji ýolbaşçylary bolan adamlaram ildiler.
Şol çarhyň ýalmawuz ýaly ýiti dişleri Eýranyň üsti bilen aýlanyp gelip öz Watanyna geçen Oglanhakydadanam sowa geçmedi. Dogrusy, ol Watana dolanandygy üçin öwgülener, söýler öýdüpdi, emma ony serhetden geçen ýerinde tussag etdiler we sowet hökümediniň duşmany, ähli baýlygy bilen Owganystana gaçan admyň ogly, birnäçe ýyl daşary ýurtda ýaşap, ine indem hökümede garşy göreşmek üçin ýörite tabşyryk bilen iberilen we taýýarlykly gelen, “Türkmen azatlygy” diýen haýsydyr bir gizlin guramanyň agentti hökmünde ýigrimi bäş ýyl möhlet bilen iş kesip Sibire sürgün etdiler.
“Ölmedige ömür köp” diýleni . kynam bolsa aňsadam bolsa aý-gün geçip dur. Diýseň hupbatlydygyna garamazdan Oglanhakydanyň ýigrimi bäş ýylam geçdi. Şol ýerde bolan ýyllarynyň içinde ol dürli milletleriň wekilleri bilen tanyşdy. Lagerdäki bendileriň aglaba köpüsiniň Orsyýediň hut öz adamlarydygy, olaryňam hut öz hökümetleriniň garşysyna göreşendikleri, özlerine-de ähli halklarada azatlyk, erkinlik, bagt isländikleri üçin şol ýere düşendikleri ony diýseň geň galdyrdy. Olar bilen dostlaşdy. Ysnyşdy. Ysnyşdygysaýam olaryň maksatlaryna has magat düşündi. Olaryň matlaplaryny öz göwün-isleglerine barabar bildi. Bolşuna görä dil öwrendi. Gijeden-gije olara türkmen hakydasyny aýdyp berdi. Oguz handan, seljuk soltanlaryndan başlap tä, Ýeroýlanduz nalasyna çenli barysyny diýseň ussatlyk bilen jikme-jik beýan etdi. Şolar ýaly gürrüňçilikden soň ol uludan demini alardy-da:
– Has irki wakalary men enem-atamdan eşitdim. Olaram ony öz ata-babalaryndan eşidipdirler. “Ýeroýlanduz” wakasyny welin öz gözüm bilen gördüm. Gatnaşdym. Içinde boldum. Atamyň, enemiň, uýamyň jesedini şol ýerde taşlap daşary ýurda gaçdym. Soň biziň bilen bile Owganystana gaçyp baran adamlaryň köpüsiniň telim ýola, ýanyp-bişip gaýtalaýyşlary ýaly, belki biz hakykatdan-da ýalňyşandyrys, ýöne, oýunda utulanyny boýnuna alyp, ýurdundan bosup barýan agyr bir göçi çaga diýmän, aýal-gyz, garry-gurty diýmän hem ýerden, hem asmandan keýp edip gyrmaga şol adamlaryň nädip ynsaplary çatdyka? Şolar ýaly gyrgynçylykly hereketlerinden soňam şol hökümet nädip özüni dünýä mazlumlarynyň hossary hökmünde tanadyp, ýer ýüzüniň tas ähli döwletlerine diýen ýaly öz syýasatyny ykrar etdirip bildikä? Şol göçi gepsiz-gürrüňsiz geçirip goýberäýeninde-de hökümediň ýitirýän zady-ha ýokdy. Galyberse-de, şolaryň köpüsi öz ýalňyşlyklaryna düşünip yzlaryna gaýdyp geljeklerem eken-ä... Ine, biz gaýdyp geldigem-dä... Ýöne, öň-ä: gidip barýaňyz, diýip gyrdylar soňam: geldiňiz, diýip, şu ýere sürgün etdiler. Men ine, şuňa düşünip bilemok – diýerdi.
Şonda onuň mahorka tütedişip oturan diňleýjileri ýerli-ýerden gobsunyşardylar-da, kinaýaly ýylgyryşyp şeý diýerdiler:
– Ol hökümede sen gerek däl, seniň baýlygyň gerek. Gidişin ol sizi eliňizdäki baýlygyňyzy malyňyzy almak üçin gyrdy. Boş barýan bolsaňyz, onda olaryň size beýle ýowuz daramazlyklaram ahmaldy. Iki eliňizem burnuňyza sokup bop-boşja gaýdyp geleniňizden soň bolsa siziň asla olara geregiňiz ýok. Ol wagt siz olara agyr ýük. Üstesine öz garşylaryna wayz-nesihat ýörediler gorkusam az däl. Bu ýerde bolsa sen olara agaç çapyp berýäň, gyzyl köwläp berýäň...
– Egerde baýlar özleriniň ähli baýlyklary, maly bilen gaýdyp gelen bolsalar hökümet olary kabul edermedi – diýip, indi orta ýaşlaryndanam agan Oglanhakyda şolar ýalyda sorag berýärdi.
– Elbetde – diýip, söhbetdeşleri oňa jogap berýärdiler – kabul ederdiler, ýöne, oba şurasynyň jaýyna çenli. Şol ýerde barja baýlyklaryny ellerinden alardylar-da, olaram ine, edil şu ikimiziň oturan ýerimize sürgün ederdiler. Ýöne, sowet hökümedi uzak ýaşamaz. Sebäbi, ol ýeke bir siziň ýurduňyzda däl, soýuzyň düzümine girýän ähli döwletlerde-de gaty kän gandöküşiklik etdi, birtopar bigünä adamlaryň ömür tanapyny ýoldy. Şol adamlaryň ahy-nlalary ýerde ýatmaz. Staliniň ölen güni bolşewikleriň häkimligi tamam bolar...
Oglanhakyda sürgünde bolan wagty Germaniýanyň SSSR-e çozandygy, Gitleriň ähli sowet respublikalaryna azatlyk äbermek, ýer ýüzüni bolşewizm belasyndan halas etmek üçin şeýdendigi barada hem eşitdi. Onuň bu albaýyna ynanyp, Mustapa çokaý, Weli Kaýumhan ýaly asly türki halklardan bolan dogumly ýigitleriň birentegi üýşüp, Gitler bilen maslahatlaşanmyşlar we onuň bu asylly maslahadynyň amala aşmagyna ýardamçy bolmak üçin “Azat Türküstan” atly gurama döredenmişler. Olar sowet ýesirleriniň saklanýan lagerlerine ýeke-ýeke aýlanyp, türki asylly ýigitleriň arasynda “Azat Türküstan” guramasyna girmeklerini ündäp, wagyz-nesihat işlerini geçirýärlermişin. Olaryň razy bolanlaryny ýygnap, “Türkistan legiony” atly harby toparlanşyk döredýärmişin, ýaraglandyrýarmyşyn, harby okuw tälimlerini geçip, sowetlere garşy söweşe taýýarlaýarlarmyşyn. Olar hatda Awstriýanyň Wena şäherine ýygnanyşyp “Azat Türküstan” guramasynyň birinji gurultaýyny hem geçiripdirler, öz aralarynda guramanyň ýolbaşçylaryny saýlapdyrlar we SSSR-e garşy uruş yglan edipdiler.
Guramanyň nyşanynda Gur Emiriň suraty barmyşyn, legionerler ony öz harby eşikleriniň ýeňine tikdirip geýýärlermişin. Nyşanyň aşagynda bolsa: “Alla biziň bilendir” diýlip ýazylanmyşyn.
Göräýmäne bu edil, Ruhy batyrdyr, Enehakydanyň ömürboýy arzuw edip giden göreşlerine meňzäp dur. Ýöne ol däl. Bu ýerde Gitleriňem bir wagtlar iňlisleriň türkmenlere hossarlyk etjek boluşlary ýaly hilegärlik edýändgi görnüp dur. Moskwanyň agalygyndan alyp çykyşy ýaly türkmenleriň mekgesine onuň hut özi müner. Halkyň-a ezer, ýurduňda-da hojaýynlyk satar. Şonuň üçin Oglanhakyda öz ýanyndan: “Aý, ýok, ol hem meniň ata-enelerimiň arzuw edip geçen göreşi däl” diýip, öz ýanyndan dogry netije çykardy.

...1953-nji ýylyň 5-nji mart güni Stalin öldi. Muňa syýasy bendiler örän begendiler. Bu gün-erte erkinlige çykarys diýip, tama etdiler. Oglanhakyda hem şol umytda boldy. Emma olaryň arzuwlary hasyl bolmady. Staliniň ölmi bilenem bolşewikler partiýasy tagtyndan taýmady. Halklar öz haklaryna, Hakydalaryna eýe bolup bilmediler. Netijede, halkyň başyndan inen musalladyň bir adam däl-de, şol adamyň dördip giden sistemadygy belli boldy.
Stalin ölenden birnäçe ýyl soň ýurt başyna geçen Hruşewiň döreden maýylganlygam diňe Staliniň şahsyýet kultuny paş etdi, käbir adamlary aklap bendilikden boşatdy, ýogalanlary nähak basylan diýip yglan etdi diýäýmeseň, uly möçberde alanyňda hiç hili özgerişlik bolmady. Öz – özlerini magtap aýdyşlary ýaly ähli “ýeňişleriň” öňdebaryjysy we ruhlandyryjysy bolan kompartiýa öz ýolundan dänmedi. Respublikalaryň özbaşdaklyklaryny gaýdyp bermedi. Mekdeplerde halklaryň hakydasy hakykatçyl öwredilmedi.
Bendelikde oturanlaryň kömegi bilen, özüniň aklanmagyny haýyş edip ýokarylardan-ýokarylara yzly-yzyna arza ýazandygyna garamazdan, köpçülikleýin aklanyşlara näme üçindir Oglanhakyda düşmedi. Ýöne, oturmaly wagtynyň tamamlanmagyna az wagtyň galandygy sebäpli ol özüniň aklanmagyna gaty bir ilgezek ýapyşybam durmady. “Ömrümiň iň gözel çaglary hökümediň zyndanynda geçdi. Çykmaly wagtym bolsa golaýlady. Indi maňa hiç kimiň, hiç hili aklyk haty gerek däl. Halkymyň, ýurdumyň öňünde günäsizdigimi bolsa özüm gowy bilýän, men ony hiç kimden sorap bilmeli däl”, diýdi-de, erkinlige çykjak gününe çenli hiç bir hereketsiz garaşdy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: