20:13
"Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar..."
"ATSYZ BOLAR EKEN ZYÝAT ŞYGYRLAR..."

Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar.
Ylhamy gözünden awlaram, ýogsa,
Kagyz üste toýnuk guran kelamlañ
Howalasy gökde galganam bolsa.

Çakdanaşa çuñluk zelelmikä ýa?
Bilmez bu ahwala el öwrenşip teý.
Intizar garaşyp,gowşulan bala
Arzyly at tapman elewrenşi deý.

Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar.
Lezzeti uçmahyñ iýmişi kimin.
Watan söwdasynda baş goýan merde
Anyklaýabilmän at-neberesin,
Näbelli gahryman diýlişi kimin.

Mahym NURGELDIÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 67 | Добавил: nurgeldiyewam232 | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Merdan   [Mowzuga geç]
Salam

0
3 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ýok aslynda goşgyñ "teorema"diýen owadan ady bardy ýazaýan wagtymda.Soñ öz ýanymdan pikir öwürdim:"Atsyz goşgular hakynda gürrüñ edýän goşgumyñ özem atsyz bolsun"diýip.Mahym logikasy-da.
Hekaýa,näme üçin beý diýeniñize düşünmedim.

0
2 Arzyman   [Mowzuga geç]
Muňa at goýulmadygy—«Ine, meň şunym zyýat goşgudyr» diýip, mahabat eden ýaly bolnupdyr.

0
1 hekaya   [Mowzuga geç]
hemmäňiziň bütindünýä goşgy günüňiz mübärek bolsun!

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: