18:49
Howa maglumaty
HOWA MAGLUMATY

Howa maglumatyn berdiler şugün,
Radioýaýlymda, teleýaýlymda.
“Bulutsyz howa bor, güneşem çogun
Eçiler-diýdiler –Türkmen ilimde” .

Begendim, ynandym,çykdym seýrana,
Howa gorä geýindimde lybasym.
Töweregi synlap galdym haýrana,
Bulut üýşdi, ýagşam ýagarly basym.

Bir ýere üýşdiler bulutlaň bary,
Bulutlar garaldy, howa sowady.
Asmandan guýuldy güýzüň ýagmyry,
Maglumatlaň ýalanlygnyň subudy...

...Bulutlar hem gözýaşlarny dökerde,
Ýiter gider, bolup gözümden gaýyp.
Asmandan lowurdap güneş çykarda,
Ýyladar kalbymy mährine çoýup.

Ynsan ogly bolmaly köp şükürde,
Ýene ýylar ülkämiziň howasy.
Çünki, gara bulutlardan ýokarda,
Ýagty günüň barlygy oň güwäsi.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 3
0
2 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Azat daýy,goşgyñ ikinji bendiniñ dördünji setirinde bogun sany on iki gidipdir.Ýagyşam sözüni "ýagşam"diýip alyp bilersiñiz.Bolmalysam şeýlemikä diýýän.(Däl bolaýanda-da goşgyda bogny laýyklamagyñ hatyrasyna çekimli ses düşürilip bilinýär).Onsoñam dogrusyny aýtmak gerek bolsa saýlan temañyzda ýöreden pikriñizi ýüzleýräk gördüm.Sizden has çuñ pikirlere garaşýarys.Döredijilik üstünlikleri arzuw edýärin!

0
3 shahyr1964   [Mowzuga geç]
Düzetdim, ýalňyşlyk gidipdir. Ýöne many babatynda goşgyda ýazylan zatlary gönümel kabul etmek gerekdäl. Aslynda howa maglumaty goşgy ýazmak üçin temada däl.

0
1 Sona   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: