18:37
Dürli-dümen dürüşde
DÜRLI-DÜMEN DÜRÜŞDE

Ýüküm ýetik, egnimde ýer galmady.
Umytdadym, arman tamam bolmady.
Mätäç bolup, ser aýladym daşyma,
Emma bir dosta-da gözüm ilmedi.

* * *

Men nobat belläpdim, nobatym ýitdi.
Şum ykbal ýenede keçjallyk etdi.
Meň tabydym götermeli ýigitler,
Maňa öz tabydyn göterdip gitdi.

* * *

Gör niçe ýükleri göterer egin,
Ýürekde düwüler, gör nije düwün.
Egin ýüke görä döredilipdir,
Erkiňe göräde döräpdir göwün.

* * *

Juwanlyk döwründe ýaşan çagymyz,
Wagtyň gadyryny bilmändiris biz.
Wagt geçýär diýip pikir edýärdik,
Asyl geçip barýas eken özümiz.

* * *

Goltugymdan galdyr, egnimden basma,
Göwnüme giňlik sal, döşümi gysma.
Towluragam bolsa ömür tanapy,
Gysgaltma sen ony, ortadan kesme.

* * *

Sagady ýigrenýän, ýigrenýän çenden.
Ol wagty äkidýär uzaga menden.
Sanap otyr geçenimi, geljegmi,
Ömrümi azaldyp, ol günbe-günden.

* * *

Geçdi gitdi, geçdi gitdi bu pursat,
Kä gysyldy, kä gyýyldy bu gursak.
Durmuşyň gyzygy bormydy heýde,
Elmydam şu ýaşda, şu durkda dursak.

* * *

Gözel, gözleriňde niçik jady bar?
Olar görejime bakýar naýynjar.
Wagt aramyzdan akýar derýa deý,
Senä bir kenary, men hem bir kenar.

* * *

Bir öýde toý, bir öýde ýas.
Käte gülýäs, kä aglaýas.
Ýüregmiz ýanyp dursada,
Il ýüzüne gülen bolýas.

* * *

Söz ummany, seniň kenarňa baryp,
Saňa tagzym etsem, baş egip durup.
Suwuňdan içsemde men gana-gana.
Arman, kalbym söze garypdyr, garyp.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 1
0
1 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Daýy,"dürüşdeleriñizi"haladym.Aýratynam"Meñ tabydym götermeli ýigitler
Maña öz tabydyn göterdip gitdi"diýen setirleriñizi.(Alla size uzak ömür bersin!Entek tabyt diýerden irdir)Onsoñam "Egin ýüke görä döredilipdir,
Erkiñe göräde döräpdir göwün"setirleriñiz ýarady.
Wiý,"Mätäç bolup ser aýladym daşyma"sözüñizi nädogry gördüm.Daşa ser aýlanmaýar göz aýlanýar.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: