18:29
Wagt hakda bäş kelam
WAGT HAKDA BÄŞ KELAM

Dünýä döräp ýaşan bir adyl kazy,
Döwürleň, eýýamlaň ol hasapbazy.
Öz kanuny bilen çykarýar höküm,
Adalatam özi, jelladam özi.

* * *

Gör bak wagtyň süýnüp geçip barşyny,
Hiç kimsä ýetdirmän gaçyp barşyny.
Ynsan oň hökmünden goranjak bolýar,
Ol bolsa kertip ýör, daglaň gerşini.

* * *

Islesekde,wagty saklap bolmaýar.
Sekund geçdi,yza gaýdyp gelmeýär.
Geçmişi barlyk bil,geljek gümana,
Häzir ne iş boljak hiç kim bilmeýär.

* * *

Wagtyň goýan tagmasyndan gaçma ýok.
Wagt köprüsinden yza geçme ýok.
Wagt duşumyzdan derýa deý akýar,
Arman,oň suwundan ganyp içme ýok.

* * *

Geçdi gitdi,geçdi gitdi bu pursat,
Kä gysyldy, kä gyýyldy bu gursak.
Durmuşyň gyzygy bormydy heýde,
Elmydam şu ýaşda, şu durkda dursak.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: