18:16
Gandan beslenen syýasat
GANDAN BESLENEN SYÝASAT

Soraglary ýene bir gezek bermäge idin berýärsiñizmi: Türkiýede kürtçe gadaganmy?
Kürt dilinde bilim berýän hususy mekdepdir institut açmak gadaganmy?
Kürtçe gazet-žurnal, kitap çykarmak gadaganmy?
Kürtçe teleýaýlym, radio gadaganmy? (TRT-de kürtçe ýaýlym bar.)
Kürt raýatynyñ partiýa gurmagy gadaganmy? Kürtçe propoganda işleri gadaganmy?
Kürt raýatynyñ munisipialet başlygy, halk deputaty, ministr, premýer-ministr, prezident bolmagy gadaganmy?
Kürt raýatynyñ kaýmakam, häkim bolmagy gadaganmy?
Kürt raýatynyñ harby gullukçy, ofiser bolmagy gadaganmy?
Kürtüñ döwlet işgäri bolmagy gadaganmy?
Kürt raýatynyñ aýdymçy, artist, futbolçy bolmagy gadaganmy?
Kürt milli eşiklerini geýmek gadaganmy?
Kürtçe aýdym gadaganmy?
Kürtçe kinofilm, sahna eserleri gadaganmy? Şygyr gadaganmy?
Kürt raýatyna şereket açmak, firmanyñ eýesi bolmak gadaganmy? Türkiýäniñ iñ baý 100 adamy sanawyna girmek gadaganmy?
Kürte ýurduñ belli bir ýerinde ýaşamak gadaganmy?
Kürt raýatyna syýahat etme erkinligi ýokmy? Bäş ýyldyzly otellere, lýuks restoranlara girmek gadaganmy?
Kürt raýatyna Käbä gitmek-hajy bolmak gadaganmy?
Kürt raýaty konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp bilenokmy? Gadaganmy?
Ýagny:
Türkiýede türk raýatynyñ nämä hukugy bar bolsa, kürt raýatyna şol gadaganmyş!
Ýeri onda... PKK nämüçin gan dökmegine dowam edýär? Munuñ dürli hili düşündirişi bolup biler, emma bu gezekki gürrüñim PKK däl.
Gürrüñ HDP barada barýar...

TORBADAKY KÄKILIK DÄL

Hiç kimse 2023-nji ýylyñ saýlawlaryny häzirden "torbadaky käkilik" sanmasyn.
Öñümizdäki iki ýyllyk müddetiñ ugruny esasy kesgitleýji faktor bolup çykyş etjek HDP-ä bolan çemeleşme bolar. Häkimiýetiñ-"Cumhur" ýaranlygynyñ HDP meselesini hemişe gyzgyn saklajagyny çaklamak üçin müneçjim bolmagyñ hajaty ýok.
Häkimiýetiñ bu çemeleşmesine garşy HDP neneñsi syýasy strategiýany tutarka?
PKK ýaragly terrorçylygyna dowam etjek bolsa...
HDP PKK-ny goldamaga dowam etjek bolsa...
Ýagny, görnüp duran ganly-ýalançy müddet dowam etjek bolsa, "Millet" ýaranlygynyñ bilelilkde ýol aşmasynynyñ barha kynlaşdakdygyny öñünden görmek üçin weli bolmagyñ geregi ýok. Öñümizdäki müddet gapma-garşylykly geçjege meñzeýär, bu syýasy müddetiñ baş aktýory HDP bolar!
Gaýtadan soraýaryn: HDP näme ederkä? Nähili syýasy çarçuwada hereket ederkä?
Hakykat şu: HDP PKK-Kandil tegmilinden arassalanman pessaý ses bilen terrorçylyga oñyn garamagy dowam etjek bolsa, häkimiýetiñ "oýnawaç partiýasyna" öwrüler. Olaryñ garşysyna toplanan aýyplaýjy materiallar we başgalar munuñ aýdyñ subutnamasydyr...
HEP, ÖZDEP, DEP, HADEP, DEHAP, DTP ýaly HDP-niñ ýapyljagyna ynanamok, häkimiýet HDP-ni diñe gapma-garşylykly syýasaty üçin ulanmagyna dowam eder... Häkimiýet saýlawlarda ses sandygyny halkyñ öñüne şu taktika bilen diker: HDP-niñ tarapyndamy ýa oña garşymysyñyz? Ýagny, "milliler"-"gaýry milliler"...
Öñümizdäki syýasy bölünişmeleriñ, toparlanyşmalaryñ şular ýalyrak şekillenjegini çak edýärin...
HDP muny analizläp, silkinse gowy bolmazmy? Eger munuñ jogaby "hut şeýle!" bolsa HDP ýa-ha PKK-niñ ýaragy taşlamasyna-terorra nokat goýmagyna ýardam eder, ýa-da Erdoganyñ ýene ýeñiş gazanmagyna sebäp bolar...

HDP ÝOLAÝYRTDA

HDP Erdogan häkimiýetiniñ soñlanmagyny isleýärmi? Hawa!
PKK Erdogan häkimiýetiniñ soñlanmagyny isleýärmi? Sowala gutarnykly "hawa" ýa-da "ýok" diýmek mümkin däl!
PKK-niñ agzala we gapma-garşylykly syýasatdan beslenýändigi syr däl.
HDP indi bu ajy hakykat bilen ýüzleşse gowy bor. Iki arada durup - özüñi "ak jüýje" görkezip, syýasat ýöredip bolarmy?
PKK zulumynyñ-gan dawasynyñ "kör söweşe" sebäp bolýandygyna düşünenokmy? HDP ýeñ astyndan synçy wezipesini dowam etdirmekçi bolýarmy, ýogsa-da terror döwrüni soñlandyrjak çäreleri amala aşyrarmy?
HDP häzir ýolaýyrtda dur... Häkimiýetiñ-"Cumhur" ýaranlygynyñ syýasy manýowryny-taktikasyny puja çykarmagyñ ýoly jogapkärçilikden gaçman PKK-ä ýarag taşlatdyrmak arkaly mümkin boljaga meñzeýär. HDP-de bu syýasy batyrgaýlyk barmy? Bardyr öýdemok. Mysal üçin:
2011-nji ýylyñ 12-nji iýunyndaky saýlawlarda "Parahatçylyk we Demokratiýa" (Demokrasi Partisi/ BDP) partiýasy 44 etrapda garaşsyz talaşgärler bilen 56 halk deputaty ýeñiş gazandy. Aradan on ýyl geçdi. Hiç zat üýtgemedi, legal syýasat mümkinçiliginden ýene bir gezek netije çykarylmady. "Erkinlik blogy" (“Özgürlük Bloku”) ýok bolup gitdi...
PKK her legal gurluş ýaly bu syýasy hereketiñem ýok bolmagyna sebäp boldy. Ine... hut şu hakykat bilen ýüzleşmegi wagty gelmedimi?
Elli ýylymyz terroryñ içinde geçdi... Gan syýasaty bilen netije gazanyp bolmaýandygyny HDP gatlaklary görenokmyka? Terroryñ gözbaşy Kandile garşy haçan sesini batlandyrarka?
HDP bu pyrryldagy bozmak üçin ýa herekete geçmeli bolar, ýa-da gandan beslenen bu syýasy režim şunlugyna dowam edip gitmeli bolar...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 03.03.2021 ý.
Категория: Publisistika | Просмотров: 92 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Terjimeçini öwmek isleýän Ýöne eýýäm makalañ adyny görenimden bu niýetimden dänmeli bolýan.
"Gandan beslenen syýasat"
Beslenmek- tûrkmençe manysy - bezenmek,owadanlanmak ýaly sözleriñ sinonimi bolsa gerek.
Beslenmek-türkçe iýmitlenmek diýen manyny añladýan bolsa gerek.(Bolsa gerek diýýän sebäbi sözlûgi göremok.Sözlügi açsam hut şu sözleriñ çykjaklygyny bilýän )
Ýagny terjimeçi türk dilindäki beslenmek sözûni şol durşuna türkmençä geçirip ýalñyşypdyr.
Režim-ýalñyşmasam gün tertibi diýen manysy bar.
kaýmakam wezipesiniñ tûrkmençe manysyny öwrensediñiz käşgä şol durşuna goýman.
Soner Ýalçyn babatda şu sözlerinden çen tutsaña,CHP-ni nädip goldajagyny bilmän ýalñyş deliller orta dökýäniñ biri bolsa gerek.

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
BOKS!

0
2 Gökböri   [Mowzuga geç]
@Allaberdi, bar bolsa garşy delili goy ortada, jedelleş baş üstüne. Ejiz akepeli garyndaşlaryñ ýaly "pylandan başga nämä garaşjak..." diyen boş şyltagyñy atma Soner agamyza. Elli sany Allaberdiden bir Soner çykmajagyny ozuñem bilman duran dalsiñ smile

0
1 Allaberdi   [Mowzuga geç]
Trigger, nämesini çüýläpdir?!

Bärde, hamala HDP-ni ýazgaran bolup, hökümeti günäkär, hatda PKK bilen havarly hereket etýän ýaly görkezilipdir. Soner Ýalçyndan başga nämä garaşsa bolardy...

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: