17:36
Ýeñilmedikler -19: Jüneýit hanyñ söweş sahnasyndan düşmegi
JÜNEÝIT HANYÑ SÖWEŞ SAHNASYNDAN DÜŞMEGI

Guşly batyryň Jüneýit han barada aýdan sözleri hä diýmän hakykata öwrüldi.
1925-nji ýylyň ýazynda Türkmenistanyň Halk Komissarlar söwetiniň başlygy, Täçgök serdaryň ogly, Gaýgysyz Atabaýewiň hut özi Jüneýit hana ýaraşyk teklip etdi. Onuň ýanyna bardy. Ýüzbe-ýüz oturyp gepledi. Bu sowet häkimeýetiniň Jüneýit hana indi ikinji gezek şeýle teklip edişidi. Sowetler bu sapar Jüýeit handan öňküleri ýaly goşun ýa ýene bir zat talap etmediler-de, gaýtam özleri oňa birgiden eglişikleri wada berdiler, ýagny, Halk Komissarlar sowetiniň ýörite kakary bilen, hanyň ähli emläginiň we raýatlyk hukugynyň eldegrilmesizligini ykrar etdi. Oňa bäş müň gektar ýer berip, üç ýyllap salgytdan boşatmaklygy wada berdi. Nökerlerine bolsa günä geçişlik yglan etdi.
Emma Jüneýit han bu gezegem ylalaşyga gelmedi. Bu meselede hem ol Ruhy batyryň aýdyşy ýaly ýeňilmedikler bilen pikirdeş bolup çykdy. Aňyrsynda uly döwlet duran ýerli häkimiýetleriň garşysyna uzak durup bilmejekdigine elbetde, onuň gözi ýetipdi, ýöne, edil Ruhy batyr ýaly onuňam ýeňilesi, ýeňilenini boýun alasy gelmeýärdi. Ol ýene-de öňki gezekkisi ýaly daşary ýurda geçer, şol ýerde ömürlik galyp Watanyň zaryny çeker ýöne, öz ýurdunda kesekä gul bolup ýaşamaz. Onsoňam, sowet häkimiýetiniň özüne edýän bu teklibiniň çeýe syýasatdygyna, wagtlaýynça edilýän eglişikdigine atdan düşürilip, ok-ýaraglarynyň ellerinden alnan güni ýigitleriniňem, özüniňem tutuş emlägi bilen bilelikde ýok ediljekdigine, Eziz hanyň düşen gününiň öz başyna-da geljekdigine ynanýar. Şonuň üçinem ol gepleşik mahaly Atabaýewe:
─ Günäsini geçer ýaly meniň ýigitlerim günä iş edenoklar, olar öz watanlaryny basybalyjylardan goramak bilen sogap iş etdiler – diýdi. – Etseňiz-ä sizem şolara ynanmaň. Olar biziň parahat oturan ýurdumyza gan çaýkadylar, gyran adamlarynyň sany diri gezip ýörenleriňkiden geçdi, asla bular bizi adam hasap edenoklar. Meň gorkýan zadym olaryňganly penjeleri ahyr bir gün size tarapam uzaýmasa ýagşydyr.
Atabaýew şonda aşak bakyp, oýlanyp köp oturdy.
─ Men size düşünýän han aga. Watanperwerligiňize-de şübhäm ýok. Ýöne, nätjek, bizem şu ýola düşüpdiris. Dogram bolsa, ýalňyşam bolsa bize indi şu ýol bilen gitmeli borus. Soňky sözüňiz barada aýdanymyzda bolsa, nesibedir, başa näme gelse görübiris. Ýöne, iki ortada halk gyrylýa. Men ine, şonuň öňüni alaly diýjek boldum. Hökümet barybir size eýgertmez. Ol güýçli. Ine, şu barada gowuja oýlannyň... Iň ýamanam biri-birimiziň garşymyza uruşmaly bolýas. Çünki, gyzyl goşunyň hatarynda indi ýeke orslar däl, türkmenlerem bar... Baram däl-de, kän. Juda kän.
Ylalaşyga gelip bilmedik hem bolsalar, Jüneýit han Atabaýew bilen dostlarça hoşlaşdy.
─ Menem seniň ýagdaýyňa düşünýän, ogul. Ýöne nätjek, ykbal biziň ýollarymyzy aýra saldy. Biz bir halkyň oglydyk, bir ýoldan ýöremelidik. Ýöne...
Bu habaram Hakguýa günübirin bolmasa-da, garaz, gelip ýetdi. Ruhy batyram, Enehakyda-da, Umydam, Durdy batyram, Jüneýit hanyň gelen netijesini, beren jogabyny makulladylar. Täçgök serdaryň oglunyň batyrgaýlygyna, mertligine, parasatlylygyna hormat goýdular.
─ Egerde häkimiýet öz elinde bolanlygynda ol ýigit ähli zady düzedibiljek ekeni – diýip, habar gelen güni o barada Durdy batyr bilen maslaahtlaşyp otyrka Ruhy batyr aýtdy – Ýöne, arman kerweniň öňüni çekip barýan düýäniň üstünde oturanam bolsa, owasary öz einde däl. Muny onuň özem duýýan bolmaly.
Gaýgysyz Atabaýew, gumlularyň eşidişlerine görä, Jüneýit han bilen soň-soňlaram şolar ýaly terzde maslahat geçiripdir, hatlar alyşypdyr, şol hatlarda, duşuşyklarda Atabaýew Jüneýit hana „atam“ diýip ýüzlener ekeni, o-da oňa „oglum“ diýer ekeni. Ýöne taryhdan mälim bolşy ýaly, bu „ataly-ohluň“ ykbaly biri-birinden juda sowa düşdi.
Şondan soňky iki ýyl parahatçylykda geçdi. Ýöne, 1927-nji ýylyň ýazynda Jüneýit hanyň sowet häkimeýetine garşy täzeden baş göterendigi barada Hakguýa habar geldi. Habar ähli guýulara ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Gum içinde ýene-de gaýda-gaýmalaşyk başlandy. Hanyň Ýylanly etrabynyň töwereklerindäki söweşlerde şowsuzlyga uçrandygyny, guma çekilendigini eşidenlerinde welin, telim gün bäri üýşüp-çaşyp, at üstünde alakjaşyp ýören gumlularyň bar keýpleri gaçdy. Her kim lapykeçlik bilen öýli-öýüne dagady.
1928-nji ýylyň tomsunda Jüneýit hanyň az sanly nökerleri bilen Eýrana gidendigi baradaky habara welin gumlular esli wagtlap ynanybilmän gezdiler.
Şondan soňky üzlem-saplam gelip ýeten habarlara görä, Jüneýit han 1929-njy ýyla çenli Eýranda bolup, ondanam Owganystana göçüpdir we öňli-soňly sowet häkimiýetinden gaçyp ol ýere özlerini atan türkmenleri bir ýere jemläpdir, olara baş bolupdyr. Owgan döwletiniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirip, olara ýer-suw äberipdir. Ýetim çagalara, dul hatynlara, hor-zarlara, garyp-pukaralara kömek edipdir.
Şondan soň onuň täzeden güýç toplap, ýurda gaýdyp geljekdigi, göreşi dowam etdirjekdigi baradaky imrindiriji habarlar eşidilmedi.
Şeýdip gumlularyň iň soňkuja umyt uçgunjyklaram öçdi. Daş-töweregi, elhenç bir ümsümlik gurşap aldy.
Öňde bolsa, türkmen halkynyň galanja ysgyn-mydarynam bedeninden sykyp çykarjak, ýurtda ululy-kiçili birnäçe nägileçilikleriň, gozgalaňlaryň turmagyna sebäp boljak «kollektiwizasiýa», Ruhy batyr, Jüneýit han ýaly il ogullarynyň öňden görüjilik bilen aýdyşlary ýaly, ilkinji türkmen döwletiniň başynda duran Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow, Halmyrat Jumaýew, Halmyrat Sähetmyradow ýaly birnäçe türkmen ýigitleriniň başyna ýetjek, sowet häkimiýetiniň hakyky keşbini bütin dünýäniň öňünde açyp görkezjek tutha-tutluk ýyllary adamhor aždarha deý agyzlaryny açyşyp ýatyrdylar.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 36 | Добавил: Gökböri | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: