13:27
Ýeñilmedikler -13: Hywadaky halk hereketleri
HYWADAKY HALK HEREKETLERI

Şol wagt 1912-nji ýylyň aýaklarydy. Hywa hany ors hökümetine daýanyp gozgalaňçylara garşy uly harby ýöriş taýýarlap ýördi. Şol ýörişe ol 1913-nji ýylyň başlarynda başlady. Jüneýit hanyň üstüne uly güýç bilen hüjüm etdi. Ýöne, Jüneňit han köp milletli goşuny bilen ony derbi-dagyn etmekligi başardy we özüniň harby tärlere ökde, guramaçy serkerdedigini subut etdi. Abraý gazandy. Hywa topragynda hökmi rowan boldy. Onuň týrkmen topragyny orslardan azat edip biljekdigine ynanýanlaryň sany köpeldi.
Jüneýit hana meşhurlyk getiren şol söweşe Ruhy batyryň ýigitlerem gatnaşdylar. Az-kem ýitgi çeken hem bolsalar ilkinji ýeňiş olaryň ruhlaryny göterdi. Ruhy batyryň gözleriniň öňünde bolsa edil birinji Gökdepe urşunda bolşy ýaly ors goşunlarynyň sap-sap bolup, gelen yzlaryna tarap süýrenişip baryşlary janlandy. «Ýa, Alla jan, şol günlere-de ýetiräýediň-dä, hern-ä» diýip, bir gün nökerleri bilen çaý içip içini gepledip otyrka elini ýüzüne syldy. Şol sözi içnden däl-de, daşyndan aýdandygyny ol daş-töweregindäkileriňem özi bilen bilelikde: «Omyn!..» diýşip seslenendiklerini eşidenden soň bilip galdy.
Jüneýit hanyň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçylara erkinligi arzuw edip ýören dürli türkmen taýpalaryndan başga Hywada ýaşaýan, ors hökümediniň we Hywa hanynyň zulmundan nägile özbeklerden, garagalpaklardan gelip goşulýanlaryň sany öňküdenem has artyp başlady. Edil garaşylyşy ýaly, Ahal ýigitlerinä hereketine eýerip Jüneýit hanyň ýanyna Marydan, Balkandan, ençeme wagt bäri ors hökümedi bilen Buhara emirliginiň baknalygyndan halas bolmaklygy arzuwlap ýören lebaply türkmenlerdenem topar-topar atlylaryň gelip goşulmagy bilen,Jüneýit hanyň goşun sany on bäş müňe ýetdi. Türkmen halkynyň bir döwlete öwrülmek meýli külli Türküstanyň ors hükimiýetiniň gol astyndan çykmak mümkinçiligi hakykata öwrülip barýana meňzedi.
Jüneýit hanyň dabarasy dag aşdy. Şol dabaranyň bir ujy baryp Petrburgda oturan ak patyşa hem baryp ýetdi.
Orta Aziýa boýunça ozalam ors hökümetini biynjalyk edýän zat diňe türkmen meselesidi. O meselänem bir wagt bir ýüzli edendirin öýdüp, arkaýynsyrap oturan patyşa çarwa türkmenleriniň içinden beýle gaýratly adamyň tapylyp biljekdigine geň galdy. Ýöne, ony has geň galdyran zat Jüneňit hanyň Hywada hökmürowanlyk edip, tagta kimi çykarasy gelse, çykaryp, kimi aýyrasy gelse aýryp ýörendigi. Şoňa ygtyýarynyň ýetýänligi. Tagtda kim oturan hem bolsa Hywany Jüneýit hanyň özüniň dolandyrýanlygy. Ine, ýap-ýaňy hem ol Hywa hany Isfendiýar hany tagtyndan düşürip, onuň ýerine öz diýen adamsyny goňupdyr.
Bu habarlary eşidip diýseň dergazap bolan ak patyşa haýal etmän Jüneýit hany derbi-dagyn etmek barada buýruk berdi.
Buýruk ýerine ýetirildi. Hywa hany ýene-de öz tagtyna çykaryldy. Ýöne, onuň bilen Jüneýit hanyň güýjem synmady, erkem. Söweş hereketlerem togtamady. Ýerli ähmiýeti bolan söweşler kä onda, kä munda gaýtalandy durdy. Şeýle-de bolsa, köki giň ýaýran patyşa goşunlary Gurbamämmet serdaryň tüsiriniň has giňelmegine, söweş gerimleriniň welaýatdan-welaýata ýaýbaňlanmagyna mümkinçilik bermeýärdi. Gaýtam käteler ony gysaja gysýardy, öz demi düşýän ýerinden kowup çykaryp, ony öz nökerleri bilen bilelikde guma siňmäge, köne guýularyň başynda mesgen tutmaga mejbur edýärdi. Bu ýagdaý elbetde, Jüneýit hana-da hoş ýakyp barmaýardy welin, Ruhy batyryň we onuň ýoldaşlarynyň ýüreklerini hasam gysdyrýardy. Çünki, olaryň basymrak ýeňiş baýdagyny parladyp Ahala baraslary, bir wagtlarky synan ýaşyl tuglaryny ýene-de Diňlidepäniň üstünde dikesleri gelýärdi.
Yzda galanlaryň bolsa gözleri ýoldadyr. Olaryň ugradyp goýberenleriniň arasynda bolsa bu gün eýýäm ýoklaram bar. Olar söweşlerde şehit boldular. Sowuk habar welin, hossarlaryna entek ýetirilenok. Goý, bir günem bolsa umyt bilen ýaşasynlar, bar zady baranymyzdan soň aýdarys diýdiler. Ýogalanlaryň arasynda biziň tanyşlarymyzdan ýatan ýerleri ýagty bolsun, Hojam aga bilen inçe sesli ýaş ýigit Arslanam bar. Egerde garaşylyşy ýaly ýeňiş bilen gaýdyp barybilseler Ruhy batyr olaryň hossarlaryna näme diýjegini bilýär. «Siziň ogluňyz, siziň ataňyz beýik ýeňşe goşant goşdy, siziň erkinligiňiz ýçin, gurban boldy, siz gynanmaň, gaýtam begeniň, şeýtseňiz olaryňam ruhlary şat bolar”, diýer. Ňöne, ine, iş bitirmän atlary-ha uýanlaryny ýerden süýreşip, özlerem ýüzlerini sallaşyp sus barmaly bolsalar welin Ruhy batyrnäme diýjegini bilenok. Kimdir biri: «Şunça wagtlap gidibem bitiren işiňiz şumy? Päheý!..” diýäýse dag-a bar gitdi.
Umuman, ýagdaý gitdigiçe çylşyrymlaşdy. Dogry, Jüneýit han ýan berdi ýa gaýra tesdi diýip bolmaz, ol birsyhly duşman üzre süründi ýördi. Hüjüm etdi. Ýöne, duşamnyň köküniň çuňalandygy, Türküstana giň ýaýrandygy, aňyrsynda berk hem güýji esgilmez uly döwletiň durandygy her ädimde bildidi durdy. Daşary ýurtlardan edilýän ujypsyzja ok-ýaraglar ýetmezçilik etdi. Gaçakçylyk ýollary bolsa barha bekedi. Harby maksatly harytlary getirmek kynaldy.
Her niçik hem bolsa 1916-njy ýylda halk gozgalaňy täzeden güýçlendi we has giň gerime eýe boldy. Hususan-da, Eziz hanyň ýolbaşçylygynda, Tejende turan daýhanlar gozgalaňy bütin ýurda ýaň saldy. Patyşa hökümetine garşy türkmen topragynda Jüneýit handan başga ýene-de bir çynlakaý güýç emele geldi. Bu birneme guramaçylyksyzrak hem bolsa, türkmen taýpalarynyň biri-birine raýdaşlyk bildirýändikleriniň, basybalyjylara garşy ýerli-ýerden göreşmek bilen, baknaçylykdan çykyp özbaşdak döwlet gurmaklyga ymtylýandyklarynyň alamatydy.
Şonda, Ruhy batyr Jüneýit hana Eziz han bilen aragatnaşyk açmaklygy, beýleki sebitlere-de wagyzçy ýollap, olaram göreşe çekmekligi, göreşi tutuş ýurt boýunça bir wagtyň özünde giň gerim bilen, barmaklygy maslahat berdi. Ahal sebitlerinde şu işi ýola goýmak üçin özüniň ertir ýola düşmelem bolsa taýýardygyny aýtdy.
Jüneýit han onuň bilen razylaşdy. Geljekki söweş hereketlerini başda gaýybana hem bolsa özara maslahatlaşyp, guramaçylykly alyp barmak, wagty gelende goşulşyp bilelikde hereket etmek baradaky teklip bilen Eziz hanyň ýanyna ýörite adam iberdi. Ol adam hoş habar bilen gaýdyp geldi. Elten teklibini Eziz hanyň höwes bilen kabul edendigini aýtdy. Indi beýleki sebitlere wagyzçy ibermelidi. Öňi bilenem Ruhy batyry Ahala ýollamalydy. Rowaç alyp barýan bu iş Jüneýit hany şuda begendirdi. Ol ýeke bir türkmen taýpalaryna däl, eýsem has uly güýç bilen iňňän çalt gelip daşyna üýşmeklerini dörän mümkinçiligi elden bermezlik ýçin howlukmaklaryny haýyş edip gazak, gyrgyz, özbek doganlaryna hem çaparlary, wagyzçylary, wekilleri ibermekligi ýüregine düwdi.
Ýöne, has uly ýurtlar bilen ençeme ýyl, ençeme gezek urşup ummasyz tejribe toplan ors hökümedem onuň meýil-maksatlaryny daşyndan synlap, ümsüm ýatanokdy. Öz hökmi ýöreýän ýerinde özüne ynjalyk bermän, böwründe sanjy bolup dörän hany agyr goşuny bilen bilelikde ýok etmekligiň ýollaryny agtarýardy. Elbetde, ol Jüneýit hanyň soňky maksatlaryndanam bihabar däldi. Çünki, onuňam ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de duýýan jansyzlary bardy.
Hut şol zatlar sebäplem Jüneýit han Ruhy batyr bilen bilelikde göwnüne düwen niýetini amala aşyryp bilmedi. Çünki, şol ýylyň gozgalaňy Daşhowuzda ak patyşanyň goşunlary tarapyndan basylyp ýatyryldy. Agyr ýygyn dargady. Jüneýit hanyň özi bolsa ýakyn adamlary bilen Owganystana geçdi. Ol Ruhy batyra-da özi bilen gitmekligi teklip etdi. Emma, Ruhy batyr ýurdy taşlap hiç ýana gitmejejkdigini, tä ölýänçä şu toprak ugrunda göreşjekdigini, göreşip bilmedik ýagdaýynda göreşi gursagynda saklap, göreşmeli günüň gelerine garaşjakdygyny aýtdy.
Han özüniňem niýetiniň şoldugyny, häzirem gaçyp däl-de, güýç toplamak, tijenmek üçin gidýändigini, basym dolanyp geljekdigini aýdyp, at başyny owgan serhedine tarap öwürdi.
Jüneýit han bilen bolan sowuk hem ýakymsyz hoşlaşykdan soň Ruhy batyr öz ýigitlerini alyp Eziz hanyň ýanyna ugrady.
– Baralyň. Oňa kömek edeliň. Azajyk saklanybilsek Jüneýit hanam gelip ýetişer! Onsoň göreşi bilelikde dowam etdireris.
Ýigitlerden ses çykmady. Ruhy batyr muny razylygyň alamaty hökmünde kabul etdi. Ýola düşenlerinden soňam esli wagtlap gep-söz alyşylmady. Diňe ilkinji gezek dem-dynç almak ýçin düşlänlerinde, hemişe Ruhy batyryň gapdalynda dymyp ýören Durdy batyr:
– Jüneýit han g-gelse-de Hywa geler, Tejene gelmez. Biz onuň b-bilen d-duşuşyp b-bilmäýmesek... – diýdi.
Muny Umydam goldady.
– Dogrudanam şol mesele nähili bolarka, kaka?
Ruhy batyr uzak wagtlap dymdy. Birhaýukdan soňam başyny galdyryp:
– Men elbetde, Jüneýit hana ynanmazçylyk edemok, ýöne, öňi bilen-ä ol o ýerden gaýdyp geljekmi ýa ýok, ine, şu belli däl. Geläýse-hä ne ýagşy. Onda biz onuň bilen tapyşarys. Daşhowuza barsa-da tapyşarys, Tejene gelse-de tapyşarys. Muňa söz ýok. Bardy-geldi gelmedik ýagdaýynda welin, biz ähli güýç-kuwatymyz bilen Eziz hany goldamaly borus. Eşidişime görä ol ýaş hem gujurly ýigitmişin. Batyrmyşyn. Ýagşy serkerdemişin. Üstesine-de Tejen ilatyny däl, eýsem Mary, ahal ilini hem öz tarapyna çekmäne mýmkinçiligi bar. Jüneýit hanyň gelibilmedik ýagdaýynda biz adam iberip Jüneýit hanyň dargan adamlarynam Tejene ýygnarys. Olar häzir gumdaky guýularyň başyndadylar. Eziz hanyň uly goşuna baştutanlyk edibiljekdigine, Jüneýit hanyň ornuny tutup biljekdigine bolsa meniň gümanym ýok. Edil Jüneýit hanyň daşyna ýygnanyşlary ýaly, Eziz hanyň daşyna-da dürli sebitlerden hatda goňşy halklardanam batyr ýigitler gelip goşularlar. Çünki, bu bela diňe türkmeniň başynda däl. Ol özüne juda köp duşman gazandy. Ymgyr köp gan dökdi. Nähak gan bolsa ýerde ýatmaz. Daşary ýurtlularam Jüneýit hana edýän ok-ýarag kömeklerini Eziz handanam gaýgyryp durmazlar...
Howwa, Ruhy batyryň Eziz handan tamasy uly. Entek Jüneýit handan tamasyny doly üzmedik hem bolsa häzirlikçe bar umydy şonda.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 39 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: