10:35
Ýeñilmedikler -11: Hywadan gelen hoş habar
HYWADAN GELEN HOŞ HABAR

...1912-nji ýylda Daşhowuzdan ýeňilmedikleri şunça ýyl garaşdyran hoş habar gelip gowuşdy. Aýdyşlaryna görä ol ýerde Jünneýit lakamly, Gurbanmämmet serdar diýen bir är döränmişin we hakyt ors hökümetine garşy baş göterenmişin. Gozgalaňa Ors hökümetine daýanyp Hywa hanynyň türkmenler babatda täze ýer-suw reformasyny girizmekligi sebäp bolupdyr. Onsuzam patyşa hökümetiniň zulmundan ýaňa bizar-peteňleri çykan halk ýaraga örän döwtalaplylyk bilen ýapyşypdyr we Jüneýit hanyň daşyna üýşüpdir. Ol: «Ähli türkmen taýpalaryny bilelikde aýaga galdyryp bilsem orslary ýurtdan çykararyn», diýenmişin.
Şol habar gelip ýetenden Ruhy batyr Enehakydadyr – Umydy gaşynda oturdyp:
─ Hudaýa ýüz-müň şükür. Ol biziň göwün-isleglerimizi berdi. Bize ýol görkeziji, halasgär iberdi. Öçüp barýan umyt uçgunjyklarymyzy alowlatdy, arzuwlarymyzy çynyrgatdy – diýdi. Şonda onuň sözleri diýseň joşgunly çykdy. Ol özüni henize çenli miýesser etmedik derejede bagtyýar saýdy.
Enehakyda begenjine ärinem, oglunam gujaklady. Gözlerine ýaş aýlap oturşyna bokurdagyny dolduryp:
─ Eý Hudaý jan! Men senden razydyryn! Şehit öten ata-babalarymyzyň hatyrasyna sen Jüneýit hana kuwwat ber! Onuň gylyjyny kesgir et! Goý, duşman ondan basyksyn, gaçyp ýurtdan çykyp gitsin!... – diýdi.
Umyt bolsa ylgap gidip sürüden bir janly alyp geldi. Soýdy. Gazan atardy. Goňşy-golamlary çagyrdy. Hudaý ýoluna sadaka berdi. Aýat okatdy. Ruhy batyr ýygnananlary täze habar bilen tanyş etdi. Jüneýit han barada bilýänjelerini gürrüň berdi. Soňundanam indiki çarşenbe güni gumlularyň ählisini ýygnap uly maslahat geçirjekdigini aýtdy.
Şol gün agşam Umyt kaksyna ýüzlenip:
─ Munça dabara etmezden öň birimiziň gidip Jüneýit han bilen gepleşik geçirmegimiz, onuň etsem-goýsamlary bilen tanyşmagymyz gerek. Soň birdenkä barysy boş gürrüň bolup çykaýmasyn – diýdi.
─ Menem hut şol pikirde – diýip, Guşly batyr ogluna buýsançly garap oturşyna aýtdy. – Ýöne, ondan öňürti biziň öz ýigitlerimiziň taryna kakyp görmegimiz, gerek. Watançylyk duýgulary öçüpmi ýa entegem köräp durmy, bilmegimiz gerek.
Umyt razylygyň alamaty hökmünde başyny aşak-ýokary yrady.
Çarşenbe güni çäş wagty gumlularyň dürli guýulardan ýygnanan wekilleri Ruhy batyryň giň gerimli alty ganat ak öýüniň içine üýşdüler. Adamyň köplüginden ýaňa içeri dymyk bolansoň tüýnügiň serpigi serpildi, tärimiň gamyşy bir ýana syrylyp, keçeleri çermeldi. Ortadaky ojagyň ody peseldildi.
Wekilleriň köpüsi Ruhy batyryň öz deň-duşlary. Elli bilen altmyşyň aralygyndaky köpi gören tejribeli adamlar. Ýöne, içinde Umyt ýaly täze ösdürimlerem bar. Olaryň käbirleri dürli sebäplere görä dünýeden gaýdyş eden kakalaryna derek gelen bolsalar, käbirleri kakalary bilen bile gelipdirler. Kakalarynyň öz ogullaryna guwanýandyklary, şular ýaly il bähbitli uly maslahatlara özleri bilen deň-derejede gatnaşýandyklaryna buýsanýandyklary olara tarap söýunç bilen ogryn-ogryn bakyşlaryndanam bildirip dur.
Tagam dadylyp orta çaý çekilenden soň Ruhy batyr myhmanlaryny öňde duran mesele bilen tanyş etdi.
─ Ýöne... – diýenindenem bir zat ýadyna düşen ýaly sägindi-de, ýüz-gözüni öňküsindenem has çynlakaý sypata getirip: ─ Birdenkä gerek bolaýan halatynda siz söweşe taýýarmysyňyz? – diýdi. ─ Siz atlaryňyzy, ýaraglaryňyzy ähtibarly saklansyňyz-da hern-ä?
Myhmanlar ýerli-ýerden gobsunyşdylar.
─ Howwa! Biz atlarymyzam, ýaraglarymyzam gerek boljak güni üçin gözümiziň göreji ýaly aýap sakladyk. Belki, şol günüň geldigi bolsun-da hern-ä!
─ Howwa, hut şol gün geldi – diýende, aşa joşmakdan ýaňa Ruhy batyryň gözleri ýaşaryp gitdi. Bokurdagy doldy. Düwündi. – Enehakydanyň bir wagtlar aýdyşy ýaly, ýeňilmedikler hemme ýerde-de bar ekeni. Biz ýöne birek-birekden bihabar ekenik. Egerde biz häzir ähli türkmenler bolaga-da Jüneýit hanyň daşyna jem bolaýsak, onda, onlarça ýyl bäri edip gelýän arzuwlarymyzyň hasyl bolaýmagam ahmal. Ol orslary ýeke bir türkmen topragyndan däl, eýsem külli Türkistandan çykarmaklygyň aladasyndamyşyn, ýöne, oňa iňňän köp mukdarda goşun gerek bolar.
Köpçüligiň içinde gowur köpeldi.
─ Şol goşun ine, biz şol!
─ Şu gün gitmelem bolsa biz taýýar, Guşly batyr!
─ Howwa, biz bu güne juda köp garaşdyk.
─ Hudaýa şükür, indi ogullarymyz ýetişdi. Biz olara öz ojaklarymyzy taşlap arkaýyn gidip bileris.
Ýokarky dodagynyň üstüne ýaňy bir ýumşajyk, seýrek gyl örüp ugran, ýüzi bugdaý reňk ýigidiň inçejik hem uzyn bokurdagyndan entek doly ýognap ýetişmedik çasly ses çykdy.
─ Ýok, bizem siziň bilen bile gideris!
Başga bir jahyl onuň bu pikirini alyp göterdi.
─ Arslan dogry, aýdýar! Biziňem erkinlige öz goşandymyzy goşasymyz gelýär.
Bu pikire ýaşulylardanam goşulanlary boldy.
─ Ýaşlar mamla. Biz söweşe öz ogullarymyzam alyp gideris.
Ruhy batyr bir elini ýokary göterdi.
─ Ýagşy. Ýöne, ýene bir pikir bar. Ýagny, köpçülik bolup ugramazymyzdan ozal wekil iberip Jüneýit han bilen gürleşip görmegimiz, onuň tutumlary bilen tanyş bolmagymyz gerek.
─ Oňa seniň özüň gidersiň, Ruhy – diýip, Ruhy batyr bilen deň-duşrak, goňşy guýularyň birinden gelen, şu döwrüň içinde maýda mallaryny köpeldip mazaly baýamana ýetişen, gala synandan soňky çozuşlaryň ählisine gatnaşan agajetli, boýy ortadan uzynrak, akýagyz kişi oturan ýerinden onsuzam hökümli çykýan sesine hasam bat berdi. Sözüni tamamlaýşy ýalam iki dyzyna galdy-da, birneme egilibräge-de, aşaklyk bilen oturanlaryň ýüzüne ýeke-ýeke garady – Başga birini teklip edibiljegiňiz bamy?
─ Ýo-ok, – diýen zorruk ses märekäniň orruk ortasyndan çykdy. – Ýöne, onuň ýanyna Durdy sakawam goşmak gerek. Özüňem ýanlaryna goşulaýsaň-a hasam gowy bordy, Hojam aga.
Ruhy batyryň sag gapdalynda oturan Durdy batyr ýaňky sözi aýdan adama tarap çalaja göz aýlady. Çalaja gyzarybam aşak bakdy. Çünki, ol özüne «sakaw» diýlende ýokuşam görmeýärdi, ýöne gaty bir halabam baraýanokdy. Çagalyk dostunyň bu ýagdaýyny hiç kim bilmese-de Ruhy batyr ýagşy bilýärdi. Şonuň üçinem ol hälki zorruk sesiň çykan tarapyna nazaryny dikdi-de, birdenkä onuňam göwni galaýmasyn diýýän ýaly iňňän seresaplylyk bilen:
─ Sen Durdy batyr barada aýdýaňmy – diýdi.
«Zorruk» ses bu gezek haýal-ýagalrak hem-de üzlem-saplamrak çykdy.
─ Howwa, howwa, Durdy batyr barada aýdýan. Goý, Durdy batyr bilen Hojam aga-da seniň bilen bile gitsin.
Ruhy batyr bilen Durdy batyr ikisi bir wagtyň özünde diýen ýaly uludan sowuk demlerini aldylar.
Oturanlaryň içinden kimdir biri gitjekleriň ýanyna janpena hökmünde ýaş ýigitlerdenem bäş-alty sanysy goşulaýsa kem bolmajakdygyny aýtdy.
Ruhy batyr Hojam aga diýilýäne tarap soragly seretdi. Hojam aga-da baş atmak bilen razylygyny bildirdi. Ruhy batyr märekä ýüzlendi.
─ Biz razy! Başga teklip bamy?
─ Ýok?
─ Başga teklip ýok!
─ Siz indi ugraberseňizem bolýa.
─ Ýöne, köp garaşdyrmaň!
─ Sag gidip aman geliň!
─ Tiz gidip tiz geliň!
─ Gidişiňizden gelşiňiz çalt bolsun! – diýen sesler başly-barat çykdy. Kem-kemdenem köşeşdi.
Wekilçilikli toparyň gapdaly bilen janpena hökmünde gitjek jahyllaryňam kimlerdigi belli edildi. Olara goşulmaklyga Ruhy batyryň ýigrimi sekiz ýaşly ogly Umyt hem isleg bildirdi. Şonda: «Ýok, bu bolmaz. Umyt Ruhy batyryň ýeke ogly, üstesine-de ol başynda halkyň hakydasyny göterip ýör. Şonuň üçinem biziň ony aýamagymyz gerek», diýenlerem boldy. O pikir köpler tarapyndan goldandam. Ýöne, Enehakydanyň maslahata girip: «Biziň öz ogul-gyzlarymyzy il-gün üçin ýetişdirdik. Beren Alladyr, olary şonuň özi goramasa biz gorap bilmeris. Goý, gitsin, iş bitirsin...» diýmegi bilen ol gürrüň tamam boldy.
Maslahat gutardy. Myhmanlar öýli-öýlerine dargadylar.
Şol günüň ertesi wekiller ýola düşdüler. Ugrajak wagtlary Enehakyda olara ak pata berdi.
Hakguýunyň ähli ýaşaýjylary bolup, olary esli ýere çenli, uly şowhun bilen ugratdylar.

12. Ruhy batyr Jüneýit hanyň ýanynda

Ahaldan gelen wekilleri Jüneýit hanyň hut özi kabul etdi. Hezzetledi. Hormatlady. Soň toparyň ekabyry hökmünde Ruhy batyr bilen aýratyn gürrüňdeşlik geçirdi.
─ Men seniň örän merdana hem edermen adamdygyň barada örän köp eşitdim. Şeýle meşhurlyk gazanan adam bilen ýüzbe-ýüz oturandygyma men şat. Asyl, görüp otyryn welin, ikimiz deň-duşragam ekenik. Maňa ýeke bir jahyl ýigitler däl, özüň ýaly tejribeli adamlaram gerek.
Ruhy batyr:
─ Howwa, bary-ýogy iki ýaş tapawudymyz bar ekeni – diýende onuň Türküstany Orsyýetden azat etmek üçin aýaga galandygyny tüýs ýürekden gutlady. Edýän hereketlerini makullady. Häzir hemme ýerde siziň gürrüňiňiz edilýär. Halk size umyt baglaýar. Olar size ellerinden gelen kömegi etjekler. Men häzir gepleşik üçin geldim. Egerde wagtyny aýtsaňyz men Ahaldan ýüzlerçe atly-ýaragly adam getirip biljek. Ýöne, soň göreşi tutuş ýurt boýunça ýaýbaňlandyrjakdygyňyza, Hywadan başlap, tä Hazar deňzine çenli bolan aralygy gelmişeklerden arassalajakdygyňyza biz ynanmaly.
─ Siz maňa ynanyp bilersiňiz. Çünki, biziň başlan bu hereketimizi türklerem, almanlaram, Eýrandyr-Owaganystanam, iňlislerem goldaýarlar. Olar bize ýarag kömeginiem etjekler. Onsoňam bize ýeke bir Hywada ýaşaýan türkmenler däl, özbeklerem, garagalpaklaram günüň gününe gelip goşulyp durlar. Gazakdyr-gyrgyzlaryňam iki gözi bärde, mahlasy, biziň tutumymyz uly.
Ruhy batyr özüni biynjalyk edýän soragy bermän durup bilmedi.
─ Bu diýýänleriňiz gowy zat, Gurbanmämmet serdar, ýöne, ýaňky agzan döwletleriňiz orslary kowýançak kömek edägetdänim, soňundanam olaryň ornuna özleri ornaşaýmazlar-da hern-ä?
Jüneýit han makullaýjylyk bilen baş atdy. Çalaja ýylgyrdy.
─ Men bu barada hem pikir etdim. Ýöne, beýle bolar öýdemok. Egerde, şeýle boljak bolsa, onda göreşi gaýtadan, olaryň öz garşysyna gönükdireris. – Jüneýit han Ruhy batyryň ýüzüne soragly garady. – Ýogsa-da siziň getirjek ýigitleriňiziň ýaraglary barmy?
─ Baram bar, ýogam bar. Bar bolanlaram köne. Şo-ol, gala urşundan galan ýaraglar. Ýöne, olar ony wagtly-wagtynda ýaglap, syryp-süpürip, gurat sakladylar, wagtly-wagtynda türgenleşik geçdiler, özlerinem ýaraglarynam poslatmadylar.
─ Patyşa hökümedi siziň ýeňlenleriň ýaraglaryňyzy eliňizden almadymy?
─ Patyşa hökümedi öz eli bilen eltip berenleriň, özüne boýun bolanlaryň ýaraglaryny aldy. Biz bolsak boýun bolmadyklar. Ýeňilmedikler. Atlaryny ýaraglaryny tabşyrmadyklar. Şu günki güne garaşyp gezenler.
─ Bolýa, Guşly batyr. Men seniň alyp geljek ýigitleriňem ok-ýarag bilen üpjün ederin.
─ Biz onda öz ýigitlerimizi getiribermelimi?
─ Getiriberiň – Jüneýit han sözüni tamamlan ýalam etdi-de, birdenkä Ruhy batyryň ýüzüne üşerildi. – Ýogsa-da, sen öz kepderiňem alyp geldiňmi?
─ Ýok. Alyp gelmedim.
─ Näme üçin.
─ Ol guş meniň at üstünde berýän ak ganatly permanym. Söweşiň tamamlanandygy baradaky buýrugym. Şonuň üçinem men ony diňe goşuna doly erk edýän mahalym ulanýan. Häzir bolsa men siziň nökeriňiz. Men bu ýerde diňe siziň buýrugyňyz boýunça hereket ederin.
Jüneýit han Ruhy batyryň ýüzüne uzak wagtlaap, synlaýjy nazar bilen seretdi. Yzyndanam birgeňsi ýylgyrdy.
─ Bolýa, batyr. Sen örän gowy geplediň. Jaýba-jaý sözlediň. Biz seniň bilen köp işler bitirip bileris. Men saňa garaşýan.
Şondan soň aý ýarym geçip-geçmänkä Ruhy batyr Ahalyň men diýen ýigitlerinden ybarat bäş ýüz elli atlyny yzyna tirkäp geldi. Şolaryň iki ýüze golaýy Garagumda irden bäri oturan gumlulardandy. Döwtalap ýigitleriň ýene-de tapyljakdygyny, sähleçe yşarat boldugy tutuş Ahalyň, onuň yzysüre Marynyň hem gozganaýmagynyň ahmaldygyny Ruhy batyr aýtdy.
─ Göreşiň gerimi giňäp, şo tarapa süýşübersek hazarýaka türkmenlerem bize goşular – diýdi.
Jüneýit han Ruhy batyry öz getiren ýigitlerine umumy ýolbaşçy edip belledi. Şondan soň, Ruhy batyr ýigitlerini ýüzlüklere bölüp, hersine ýüzbaşy belledi. Ýüzbaşylara bolsa öz ýüzlüklerini onluklara bölüp, onbaşylary bellemekligi tabşyrdy. Söz berişi ýaly, Jüneýit han olaryň hemmesini ok-ýarag bilen üpjün etdi. Basym söweş boljakdygynam aýtdy. Şondan soň gumly ýigitler söweşe çenli boş ýatmazlyk üçin türgenleşik işleri bilen meşgullanyp başladylar. Jüneýit hanyň nökerleri bilen tanyşdylar, dostlaşdylar. Agşamlaryna ot başyna üýşüp derdi-hal aýdyşdylar. Gumlular olara Gökdepe söweşi barada gürrüň berdiler. Olar bolsa, öz gezeklerinde gumlulara Gökdepe söweşinden öň, Hywa topragynda bolup geçen Gazawat urşundan söz açdylar. Käte bolsa olaryň barysy bilelikde Umydyň daşyna üýşüp hakyda diňlediler.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 47 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Juma Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: