02:21
Adam
ADAM

Dag, dagdygyny bilmeýän eken!
adam baryp oň başyna çykanda,
beýikligini, dagdygyny bilenmiş,

Deňiz, deňizdigini duýmaýan eken,
adam onuň tolkunlaryna çümende,
teriňdigni, deňizdigni duýanmyş.

Gül gözelligini aňmaýan eken,
adam oňa ilki gezek bakanda,
bezenenmiş, ysgadanmyş, söýenmiş,
güldügini duýanmyş.

Taňry, Taňrydygny bilmeýän eken,
äpet uludygyny, ýaradyjydygyny,
ummasyz güýjüni, döredijidigini,
geçirimli, rehimli, mähirlidigni,
gudratly, gazaply, gaharlydygny
bilmeýän eken.
Adam uýup başlansoň,
sygynyp, söýüp başlansoň,
çäksizdigini, uludygyny, ýalñyzdygyny, Taňrydygny bilenmiş.

Adam adamdygyny bilmeýän eken,
dagy dag eden, gülleri gözel,
suwy deňiz eden, Taňryny ezel
Adamlyk ornuny tapanok
henizem.

Ybraýym BADAHŞAN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 39
0
39 mango   [Mowzuga geç]
erbet däl.
mende şeýle duýgy döredi.
Ybrahyma dinsizem diýip bilemok, dindaram. ol öz pikirlerinde agyp-dönüp duran ynançly bir Adam...
goşgyň soňunda ýetmeýän setir bar ýaly. göwnümemikä?
"Taňryň beýikligini bilmeýän ekenligine-de" jedel döretsede, şahyryň oýlanmasy kabul edip bolar.
dag beýikligini, deňiz giňligini adam bilen deňeşip duýsalaram, ýenede ýalňyşýalar.
ähli sahna, dagy-deňizi bilen adam üçin gurlany sebäpli, ýagny ähli zat adam üçinliginden men adamy beýik hasaplaýan, adamy gymmatly hasaplaýan.
elbetde, ezel Taňrynyň sahnasynda öz ýerini tapan güni, özüniň adamdygyny bilen güni hasam beýgeler.
Ybraýyma minnetdar goşgusy üçin.
haýyşymy gaýtalaýyn, eseriň aşagyny ýazylyş ýylynam goýsaňyz.
täzemi köneligini bilsek.
üstünlikler.

0
37 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Şu soñy ýok jedelden ýadadym.Barybir hemme kişi öz pikrinde galýar.Hiç kim hiç kim bilen ylalaşanok.Hemem gyzygy gaçdy.Bes edeliñ!

0
33 Sergezzan   [Mowzuga geç]
Men nirde shu wagt

0
36 Arzyman   [Mowzuga geç]
Behiştdäki hüýr-melekleň arasynda sen şuwagt)

0
38 hoşowaz   [Mowzuga geç]
5 ýyldyzly myhmanhanada

0
25 Jumjume   [Mowzuga geç]
Muhammet pygamberimiz(Allah ondan razy bolsun) Jebraýyl bn gürleşýärkä Ebu Bekir un çyzyk çyzyp şondan añry geçse heläk boljagyny duýdurmaýarmy näme. Diýmek biziñ diñe añymyz däl fiziki ýaradylşymyz hem Allañ ylmyna akyl ýetirmäge güýçsiz

0
24 Jumjume   [Mowzuga geç]
Kä wagt Alla barada din barada has çuñ pikirlenjek bolýañ weli pikirleriñ azaşdyryp başga tarapa çekip başlaýar. Süýde siñe seretseñ gan görner diýleni dä. Aýatyl kürsünde de aýdylşy ýaly biz Allañ ylmynyñ diñe rugsat berýänjesini görüp duyup añlap akyl ýetirip bilyaris. Sebäbi muny Allañ özi şeýle isleýär yagny adamzada yorganyña gora ayak uzak yogsa yoluñdan saparsyñ diýýän ýaly. Belki şoñ üçindir käbir beýik şahsyýetler dine ynanyp soñra huday yok dp ençe wagt gezip soñam ýene hudaya dine ynanyp başlapdyrlar.

0
23 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Gepiñ gysgasy : '' Özüni tanan Tañrysyny tanar ''
H.Muhammet Pyÿgambar

Ynsan häzir özüni tananok

0
21 ibrahimbadakhshan   [Mowzuga geç]
Dogrusy, men bu gośgyny paÿlaśmazdan öñ biraz digirgendim (ÿalñyśÿan bolmagym mümkin!?), ÿöne siziń ÿazan synlaryñyzy okap, „ÿalñyśmanmyśym” diÿip özüme göwünlik berdim. 10-12 yÿl mundan ozal, bir śygryÿetli oturyśykda birinji gezk bu gośgyny okap beremde-de śular ÿaly pikirler ara atyldy. Oturanlaryń içinde dürli ynamly kiśiler bardy. Biri „ Sen dinden çykaÿypsyñ” diÿip, gazap bilen topulan ÿaly hem boldy. baśgalar (Abdylla jan ÿaly) oña garśy çykdylar. Iñ sońy, içini gysyp oturan bir ulama-ahun çydaman: „ Aÿ .. how…, Bu śygyryñ diÿänleri Kurhanyń içinde-de ÿzylan” diÿip bäsleśigiñ oduna suw sepen ÿaly edip goÿberdi. śol gijäni ÿatlamagymyñ sebäbi, olaryñ biri dogry, ÿene biri ÿalñyś diÿmegim dàl, hemmesi hem özüçe dogry aÿdÿardy. Meniñ pikirimçe gośgy (umuman sungat) aÿna ÿaly bolmaly, her bir okyjy (diñleÿji) onda özüni görüp bilmeli, öz duÿgusyna görä, dünÿägaraÿśyna görä gośga çemeleśip, ondan lezzet alyp bilmeli. Käbir gośgular baśgalara görä syrlyrak bolÿar, men olary diñe aÿna ÿaly däl-de, bug tutan aÿna ÿaly seredÿärin. okyjy onda özüni görmek üçin biraz zämet çekmeli bolÿar, aÿnanyñ buguny syryp, arkasyndaky syrlary açyp bilmeli bolÿar. Bu diÿdigim bujagaz gośgy hakda dàl, beÿik Pyragynyñ syrly gośularynyñ içki gatlaryny açyp bilmek barymyzda uly lezzet dördÿändigini köplenç tejribe edendiris. Siz menden ÿagśyrak bilÿänsiñiz, śygyryñ baśga tekstler bilen esasy tapawutlarynyñ biri, onuñ sözleri, sözlemleriniñ realistikadan daślaśmagy, abstraktlaśmagy bolup bilÿär. Kandiniskiniń asmany mawy reńkli bolman, sary, ÿaśyl, ÿa-da Van Gogyñ agaçlary ÿaśyl reñkli bolman mawy, gyzyl, … reñkleri bolÿar. Biz olara, „ Aÿ agam ÿalñyśypsyñ, gözüñ gowy görmeÿän bolmaly!” diÿip durman, diñe olaryñ nakgaślyk hünärine añk bolup seredÿäris. Gürrüñim uzaga çekdi, bagyślaweriñ

0
22 Sona   [Mowzuga geç]
brows ine, muňa jogap diýýärler. sagja boluň, Ibrahim aga!

0
26 Revo   [Mowzuga geç]
"Van Gogyñ agaçlary ÿaśyl reñkli bolman mawy, gyzyl, … reñkleri bolÿar. " Wan Gogyň eserleriniň tebigylyga çapraz gelmegi, Wan Gogyň döredijiliginden dünýä syrynyň çözgüdini gözleýänler üçin gyzykly bolsada, biz üçin, üç ýaşly jigimiziň at diýip çeken suratynyň eşege meňzemesi ýaly bir zat bolup görünýär. Elbetde çeken suratynyň atdygyny aýdanyndan soň biraz meňzemänem duranok, guýrugy, gözi, toýnagy, belki ýüregem meňzese - meňzeýändir, kim bilýär...

0
20 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Revo,goşgyda düşnüksiz zat ýok ahyry.Awtor şahyrana fantaziýasyny ulanypdyr.Adam bolmasa dagam deñizem özüni bolmalysy ýaly duýanok.Gûlem güldügini duýanok.Bulañ hemmesi adamyñ bar ýerinde gymmatlyk diýýär.Ýöne ine iñ soñky iki bendi welin
Adam sygynansoñ Tañry Tañrylygyny duýýar diýýär.Bu çendenaşa ýokardan uçmak bolýar.Adam sygynsa-da,sygynmasa-da TAÑRY TAÑRYDYR.Dag,deñiz gül ýaly dünýewi nygmatlardan başlanan goşgyñ Tañra ýetmegi geñ hemem nädogrymyka diýýän.Onsoñam adam adamlyk ornuny tapanok diýmegi anyk adamlar hakyndamyka ýa tutuş adamzady göz öñünde tutýamyka?Size diýdim welin özümem kösenip ugradym öýdýän. biggrin

0
17 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Yhlas, Aýatyl Kürsi aýatlarynyň manysyna düşünip okap bilýän musulman üçin bu goşgyny teswirlemek gerek dälmikä diýýärin. Goý Ýaradan ýalňyş ýola düşjek bolýan şahyry dogry ýola salsyn. Amin.

0
18 Sona   [Mowzuga geç]
Entek hiç zat belli däl. Dogrusy ne munuň, ýalňyşy ne?

0
19 Sona   [Mowzuga geç]
Kim imanly kim imansyz . entek belli däl

0
30 Jeyhun   [Mowzuga geç]
Şirk ýetireňsoň imana ýer galmaz.

0
31 hekaya   [Mowzuga geç]
mesele iman däl. Mesele musulmançylygam däl. Şahyr taňry düşünjesini global manyda ulanypdyr. Bu dünýä diňe musulmanlaň ýeri diýip pikir etmek näçeräk dogry? Ýeke hakykat bar diýýän bolsaň, ol diňe seň üçin. Başga pikirdäki, ynançdaky adamlary kabul edip bilmek gerek. Analizleri şerigat kanunlarynyň çäginde etmek meniň üçinä ýalňyş. Şoňçünem şu temadaky her kommentiň aşagynda men bardyryn. Başga biriniň günäsi, sogabyny dert edişimiz ýaly özümiziňkini edemzok. Şirk goşman edeniňi edibermeli düşünje bar. Şonçünem iň azyndan edebiýaty dini kanunlarynyň daşynda seljermegimiz gerek. Herkim musulman bolmaly diýen zat ýok. Edebiýatyň dini hem ýok. Ol globaldyr. Ýöne dini düşünje esasynda ýazylan goşgulara-da hormat goýmak gerek.

0
32 Sona   [Mowzuga geç]
on numara beş yıldız

0
34 Jeyhun   [Mowzuga geç]
gowy pikir, bilmeýän, düşünmeýän, ykrar etmeýän temaňdan ýazmak hokman däl, ýazyber öz hudaýlaryň hakda...

0
35 hekaya   [Mowzuga geç]
şahsyma degjek bolsaň, jogap bereýin, bratok. menem ýeke taňra ynanýan. ýöne subut edip bilemok. hiç ynanmaýana-da hormatym bar. söýgi we hormaty öňe sürýän dine uýýan ynsan hökmünde senem maňa hormat goýup bilersiň. ýene-de gaýtalaýan. bu din meselesi däl, edebiýat meselesi. Herkimiň Fazyl bolmagyna garaşmaň. Edebiýaty Kafkasyz, Dostoýewskisiz, Twainsyz gözöňüňe getirip bilmersiň. Ýogsa şolaň barsam seň üçin kapyr.

0
14 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Jan Ybraÿym indiki goÿjak gošgyñ šu bolsÿsa gerek diyip oÿlanyp otyrdym weli meniñ icimi duÿan ÿaly sizem šuny goÿaÿdyñyz .
Yslam dininde üç ynamyñ pelsesini we delillerini her ynsanyñ özi tapmaly . Šolaryñ birincisi Allaga bolan ynamyñ . Allanyñ barlygyny , gudratyny we ÿaradyjylygny oÿlanyp bilmeli . Šu ynama ÿeten ynsan özi üçin bir Tañry döredip bašlamaly .
Meniñ düšünjäm šu gošgudan šeÿleräk .

0
15 hekaya   [Mowzuga geç]
yslam dininde 3 ynam? imanyň 6 şertimi ýa? yslamda özüň üçin taňry döretmekmi? Bu zatlaryň yslam bilen baglanyşygy ýok ýalyla?

nämüçin taňry barada dinleriň (esasanam yslamyň) çäginden daşaryda pikir edip bilemizok. ýogsa bu dinden çykdygymyzam bolmazdy.

0
16 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Yslam dininde 3 ynam : Allaga , pyÿgambara we kyÿamata bolan ynamlary her bir ynsan öziçe delil tapyp bilmeli . Tapmasa oña yslam dinin kabul etmek hökman däl . Šol Allaga ÿa Tañra ynamy ÿeten adam öz zehinindäki yasan tañrysyna gulluk edip bašlamaly . Diÿmek tañry sözüni ynsanyñ ynamy döretÿär . Šol ynsan šol tañra öz ynamyna görä sypat berip bašlaÿar . Ÿeke- täklik , ÿaradyjylyk we gudrat ÿaly sypatlary ynsan tañra berÿär . Onsoñ šol tañry ynsanyñ añynda beÿgelip bašlaÿar . Bu tañry her dinde- de bolup biler .

0
27 hekaya   [Mowzuga geç]
ýene 3 sanysy galdy: kitaplara, perişdelere we ýazgyda.

0
28 abdyllahmuhammadi   [Mowzuga geç]
Bular Allaga iman getireniñden soñ ynanmaly zatlar .

0
29 hekaya   [Mowzuga geç]
sagboluň, bilemokdym.

0
13 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Allanyñ atlary barada şu yazgyda bir zad-a diyiljek bolunyar: smile
http://kitapcy.com/news/2021-03-13-14256

0
6 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Dag, deňiz, gül özüniň kimdigini bilmän biler. Adamam özüni tanaman biler. Ýöne welin Hudaýy şol deňziň, gülüň, dagyň, ynsanyň derejesine çenli pese düşürip, Özüniň kimdigini bilmeýän bir "Zada" deňemegimiz dogrumyka?! Hudaýyň beren ylhamyny Hudaýa garşy ulanmalyň!

0
8 Sona   [Mowzuga geç]
ol Hudaý diýenok, ol Taňry diýýär. Taňrynyň, Hudaýyň, Allanyň tapawutlary bardyr.

0
11 Edebiyatcy   [Mowzuga geç]
Sona, Allanyň, Hudaýyň, Taňrynyň tapawutlaryny düşündirip beräýiň

0
12 Sona   [Mowzuga geç]
Bir wagt Myratgeldi Söýegowyň makalasy çykypdy şo hakda. ,,Türkmen dili" gazeti-di öýdýän. Şony tapmaly-da, okamaly. giňişleýin hem düşnükli edip aýdypdyr şo

0
9 hekaya   [Mowzuga geç]
ähli zady musulmançylygyň çäginde aýtmaly diýen kanun barmy ýa?!

Bu ýerde Taňryň derejesi peselmändir. Tersine öwülipdir. Çagaň dünýä gelensoň ejelik-kakalyk duýgulaň barlygyny bilip başlaýyşyň ýaly, Taňram bizi ýaradansoň, käbir temalarda tejribe gazanandyra? Ýa ol bar zady öňden bilýärdimi? Bilýäň zadyňy etmek we synlamak gyzyklymyka?! Ýa bu zatlaň barysam başgaça boldumyka? Bu zatlara akyl ýetirmek kyn. Şoňçünem herkime bir hakykaty! gönükdirmek ony düýpli çäklendirmek bolýar. Goşgudaky ýaly pikir etmek awtora lezzet berýändir. Şeýle-de ynanasy gelýändir. Ýogsa-da din temasynda ählimizem ynanasymyz gelýän zada ynanýas ahyry. Ähli taraplaýyn subut edilen din barmy ýa?!

0
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Ybraýym aga,goşgyñyz çendenaşa göwnüme ýarady.Goşguda şunuñ ýaly çuñ,pelsepewi setirler bolmagy begendirdi.Adam sygynansoñ Tañry tañrylygyny bilenmiş?Aşa uly geplemek dälmi?(Bu bir içgepletleme hem-de beýleki okyjylara soragdyr)Adam entegem adamlygyny bilenok.Jemleme erbedem däl ýöne başgaçarak bolsamydy?

0
5 Revo   [Mowzuga geç]
Aňsyz, men ýaly tentekler üçin kyn görmeseňiz goşgyny tefsirläp beräýiň?!

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
Zaratuştranyň hakyky gezen ýerler-ä biziň topragymyz. bize munuň ýaly genial goşgy berenok-la. biz näme oň düýesini ogurlapdyrysmy? sad

0
7 hekaya   [Mowzuga geç]
b.e öň 2-nji müň ýyllykda bu topraklarda ne serhet bardy, ne-de türkiler... oň ýaşan topragynda ýaşanyň bilen genial goşguçy bolaňok. Ýöne özüňe ýakyn duýup, täsirlenip bilýäň. Ybrahym agadan soran zadymam şol. Täsir barmy, ýa ýokmy?

0
10 Sona   [Mowzuga geç]
aslynda türki halklarda şu diýýän täsiriňi saklaýan ruh bar

0
2 Sona   [Mowzuga geç]
bäh!

0
1 hekaya   [Mowzuga geç]
Ybrahym agaň goşgy paýlaşanyny görüp ylgap geldik.
Maňa Nietzsche-ni ýatlatdy. Geçenki goşgudada şol ysy aldym. Zaratuştraň gezen ýerlerinde ýaşamagyň täsiri barmyka?! bilemok.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: