23:41
Pyragy -24/ romanyñ dowamy
2.

Garry mollanyň haly harapdy. Ol indi ençeme günden bäri düşeginden galybam bilenokdy. Asyl, ömürboýuna yhlas edip, arassa ýüreginden edip gelýän işini, bäş wagt namazy okamasynam goýupdy. Mekdep, medrese, küt-küt kitaplar onuň ýadyna-da düşmeýärdi. Gaýgysy öz janydy. Gaýta, il-güni daşyna üýşürip, uly oba iş bolýardy. Olaryň öýi indi adamsyz bolanokdy. Gyzylbaýyrdan, ýomut garyndaşlardan, Aktokaýdan, beýleki obalardan gelýän myhmanlar yzlaryna gaýdyp bilenokdylar. Hemmeler hakyň nazar salan, iliň-günüň söýgüsine mynasyp bolan, pähimliligi, paýhaslylygy bilen bu dünýäde ýagşy at goýan ynsanyň bärsinden aňyrsynyň ýakyndygyny gowy bilýärdi. Şonuň üçin obadan iki adam gelse, biri oba gaýdyp, birem bu ýerde galýardy. Oba giden bolsa mal, galla, mata alyp, bir topar adam bolup dolanyp gelýärdi.
Garry mollanyň mundan birki aý öň hem juda garyp görnen syrgyny indi adam-garadan, eşekden-atdan doludy. Naharam olaryň özleri bişirýärdiler. Tamdyrda bolsa her gün birküç gaýta çörek bişirilýärdi.
Magtymguly diňe agşamlaryna atasynyň ýanyna gelip, soň tä daň atýança oňuň ýanynda bolýardy. Atasynyň aýdanlaryny kagyza geçirýärdi. Çünki, gündiz Garry mollanyň deň-duşlary, ýakynlary, tanyşlary onuň töweregini gallap oturýardylar.
Häzirem ol gamgyn görnüşde özüniň kepbesinde, keçäniň üstünde näme işlärini bilmän otyrdy. Gursagynda gaýnap duran lemmer-lemmer duýgulary welin, daşyna çykaryp bilenokdy. Häzir zer eredip, kümüş süýüp, sandal urup işläbermegiň ýeri däldiginem gowy bilýärdi. «Ataň ol ýerde süýnüp ýatyrka, saňa bu ýerde sandaly tarkyldadyp oturmak bolarmy?»
Ol özüniň sünnäläp ýasan täsin gülýakasyny synlamaga başlady. Ol göýä bir täsin güllerden zer bilen nagyşlanyp ýasalana meňzeýärdi. Gülleriň kökleri gelip-gelip bir gülüň owadan gunçasynyň içine girip gidýärdi. Muny Magtymguly täzelikde ýasapdy. Asyl, bu nagşy salgy berenem Öwezberdi şyhdy. Ol: «Sen bir gülýaka ýasa, oňa hem biziň şu Hajygowşanymyzyň suduryny nagyşla. Aý-ýyl geçer. Il-gün bir wagt bu gülýakany görüp, «be, şu ýerde gaty uly oba bar eken-ow» diýip, ýat-ha eder, bizi» diýipdi.
Gülýakanyň ýüzündäkem Hajygowşanyň nagşydy. Onuň ýüzüne-de «Sözüm diňlän ýok diýp, ümsüm oturma, dünýe giňdir, çendan bilen-de bardyr...» diýip ýazylypdy. Bu nagyş, bu gülýaka Magtymgulynyň özüne-de ýaraýardy. Ýöne ol bu nagşa özünden hem-de Öwezberdi şyhdan başga adamyň düşünmejegine gaty gynanýardy. Onuň ähli halky sowatly edesi gelýärdi, hemmeleriň birek-birege düşünmegini arzuw edýärdi. Ol bu arzuwynyň şu ýaşaýan zamanasynda hiç haçan kabul bolmajagyna-da akyl ýetirýärdi, Ýöne umyt bilen gaýnap duran ýürek ony öz erkine goýmaýardy. Täze-täze umytlaryň kölüne gark edýärdi.
Işikden giren Öwezberdi şyh Magtymgulynyň bar ünsüni özüne çekdi. Ol dostunyň ýüzündäki alada hem üns bermän, ornundan turdy. Ony töre çagyrdy. Öwezberdi orturmady...
– Seni birküç sany ýaş ýigit sorap geldi.
Magtymguly elindäki gülýakany Öwezberdä berdi.
– Goý, sende dursun. Görýän welin meniň senden ýakynymam galmandyr.
Soň ol daş çakdy.
Heniz tomus düşmese-de, sap-sary reňke boýalyp, ýanyp ýatan meýdanlar günbatardan öwüsýän epgek körügiň ýalny degen ýaly çawlaýardy. Gazyklarda baglanan argyn atlar, aç eşekler yssydan hem-de güýmenjesizlikden gorsanjyraşyp, guýruklaryny içgysgynç bulaýlaýardylar.
Magtymguly gazyga täze daňlan atlary görse-de, olaryň kimiňkidigini tanamady. Nätanyş atlar onuň ýüregini bükrüldetdi. Yzy bilen gelýän Öwezberdi hem sesini çykarmady.
Olar Garry mollanyň tamyna tirkeşip girenlerinde, bir tanyş ýigidiň özüne bakan ugranyny görüp, Magtymguly az-kem aýak çekdi. Emma onuň akly bu ýigidiň kimdigini, ony nirede görendigini habar bermänkä, onuň ýüregi, duýgulary erksiz ýagdaýda öňe alyp gitdi
– Kemalhan Owgan! – Magtymguly mundan artyk gepläp bilmedi. Sypaýy, salykatly ýigidiň berdaşly gollary ony kükregine gysdy. Soňam özüniň näçe wagtlap küýsän dostuny tapany baradaky habara ynanmaýan ýüregine onuň özüni degrip görkezmek isleýän ýaly, ony goýbermän saklady.
– Sizi juda köp agtardym. Ahyr, nesipde görmek-görüşmek bar eken, gardaşym...
Garry molla hem nämedir bir hereketiň bardygyny aňyp gözlerini açdy. Magtymguly atasynyň ýanjagazyna baryp oturdy. Soňam ýuwaşja gürledi,
– Atam, ho-ol owgan ilinde tanşan ýigidim, Kemalhan Owgan gelipdir, ýörite sizi soramaga gelipdir, atam!..
Garry molla ysgynsyz gollaryny zordan diýeň ýaly ýorganyň üstüne çykardy.
– Bolubilýär. Gel, görşeli, oglum! – Ol Kemalhanyň berdaşly ellerini, kükreginiň üstünde saklap durşuna eşidiler-eşidilmez ses bilen:
– Tüweleme, tarypyň edilerçe bar eken, oglum. Wah, seniň ýaly türkmen ogullary has köpräk dogsa bolmaýarmy. Beýdip külbämizi ýaga depeledip, däli aždarha ýaly şalaryň ganly agzyna çynar boýly çagajyklarymyzy berip oturmazdyk. Wah, nätjek, edeniňe şükür, Allam... – diýdi.
Töwerekdäki adamlar Garry mollanyň bozulanyny görüp, ýerli-ýerden: «Goý, Hudaý işidir-dä, Hudaý işidir» boluşsalar-da, Garry molla bes etmedi.
Ol tamyň üstüne goýlan, uzyn, ýogyn arçalary gurbatsyz gözleri bilen yzarlady-da, gürrüňini dowam etdi.
– Bütin ömrümde bir adalatly şa bolar, il-günüň agzy aşa ýeter, obalarymyzy ýat atlaryň toýnagy depelemez, ogullarymyz, gyzlarymyz erkin ýaşar diýip, şunça arzuw edip gezdim. Emma, arman... Men munça arman bilen gitjek bolsam, näme üçin doguldymkam, oglum? – Kemalhan hem hiç zat diýip bilmedi. Gaýta Garry mollanyň gussasy oňa-da geçip, gözlerine çal perde tutuldy. Garry molla welin, göýä geplese, derdi egsiläýjek ýaly bolup, ysgynsyz sesi bilen gürleýärdi.
– Şunça arman bilen!.. Iki sany çynarymy hazan bilinden omurdy. Wah, nähili oglanlardy? Şolar gitse dünýesi baky dynçlyk bolar öýtdüm. Belki, şolar bolan bolsa, Çowdur jan bolan bolsa, Adynageldi hem beýdip ýörmese-de ýörmezdi. Arman, oglum, arman...
Garry molla sözüniň soňuny aýdyp bilmedi. Ol irkilýän ýaly agyr dem alyp ýatyrdy. Onuň kükregi hor elleri bilen Kemalhanyň berdaşly ellerini zordan galdyrýardy.
Içeri eli uzyn hasaly Öwez aga girdi. Ol indi ep-esli wagt ýaraman ýatansoň, şeýle horlanyp, tanar ýaly bolmandy. Asyl, häzir onuň özem bu ýerdäkileriň köpüsini tananokdy. Diňe öwrenişen aýagy, şu öýe bolan yhlasy, hemem nähilidir bir duýgy ony gyssap bu ýere getiripdi.
Öwez aga heniz oturmanka, birhili gyryk ses bilen gygyrdy.
– Ahun, aý, ahun, ýatanmysyň, ganymatmysyň?!
Nyýazsalyh molla Garry molla derek:
– Ahunam ýagşydyr, geçiberiň bu ýere bakan. Hana, şujagaz ýere... – diýip jogap berdi.
Öwez aga taýagyny dula söýänsoň, zordan diýen ýaly töre geçdi. Ol Garry mollanyň daşyna üýşüp oturan adamlara gözleriniň üstüne elini kölegeledip garady. Ýöne bu oturanlaryň birinem tanamady. Ol ýöne oturmady. Hyklap, asgyryp-üsgürip öňe süýşdi. Uzyn, hor elleri bilen Garry mollanyň ellerini Kemalhanyň elinden aldy. Soň dözümsizlik bilen synalady. Birdenem ynjyly, gussaly gözleri burç ýaly gyzardy. Dodaklary kemperdi.
– Heý, ahun, ahun. Öwlüýa diýip ýykylanym, arkamy diränim, kyn günümde goldanym sendiň. Inni senem bu garyp-gardaşyny taşlap gitjek bolýaňmy? Sen meni kime goýup gitjek bolýaň? Loly dünýämi? Gara günemi? Ýagy ýaly açlygamy? Orramsy, oýnatgy hanamy? Bidöwlet oglamy? Tozgun ýurdamy, hä? Men senden öň gitsem bolmyýarmy? Bu gara günde ýaşanyňdan öleniň müň mertebe ýagşy dälmi?..
Öwez aga başyny Garry mollanyň kükregine berip horkuldap aglady. Oňa töwerekden «goý-da, goý» etselerem, oturanlaryň ählisi duýgudaşlyk bilen gama batýardy. Ýaşulynyň bu sözleri diňe bir onuň öz ýüreginden gaýnap-gaýnap çykman, uly iliň, garyp halkyň gursagyndan eräp, edil bir äpet daglaryn belent kemerindäki ýylçyr ýalçynyň ýüzünden mumyýanyň çykyşy ýaly bolup emele gelen sözlerdi. Häzir Öwez aga diňe bir öz dili bilen däl-de, uly iliň dili bilen bu sözleri aýdýardy.
Kemalhan Owgan ýaşulynyň bu zaryny eşidip, oturyp bilmedi. Ol arkasyny tama berip oturyşyna, diýseň arkaýyn gürledi.
– Agam, siz gama batmaň. Siziň bu agzan gaýgy-gamyňyz diňe bir seniň başyňa towky bolup inendir öýtme. Tutuş türkmen halky häzir açlygyň, horlugyň, rehimsizligiň, zalymlygyň toýnagynyň astynda tozýar. Magtymguly jany agtaryp külli türkmeni diýen ýaly aýlandym. Sizin obaňyzda nähilidigini-hä bilemok. Häzir türkmene goldaw berýän zat, diňe Magtymgulynyň şygyrlary. Bir ýerde ol pygambermişin diýdiler, bir ýerde ol jadygöýmüşin diýdiler, bir ýerde ol hakdan içenmişin diýdiler, aý, garasaý, onuň ady, owazasy düşmedik ýer ýok. Owgan türkmenleri özleriniň agzyndakyny alyp bu şahyra iýdirmäge taýýar. Meniň aýtjak zadym, siziň ýüregiňizi açara, derdiňizi bölüşere mynasyp ogluňyz bar. Ol göýä bir garaňkyda ýakylan çyrag ýaly bolup türkmeniň üstüne ýalkym saçýar. Şol ýalkyma-da şükür et. Men niçe ýyllap owgan ilinde, Ahmet şanyň müňbaşysy boldum. Emma adalat diýlen zady görmedim. Seniň ýalynyň, meniň ýalynyň ýuwudýany gan, kim orramsyrak bolsa, kim ikiýüzli gama ýaly agyp-dönüp dursa onuň ýuwudýany ýagly guýruk.

Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar,
Ýetimler göz ýaşyn döke başlady.

Işanlary her gapyda tapylar,
Mollalarna ýok myjabat ýapylar.
«Öwlüýä men» diýip, jögi sopular,
Gygyryp, asmana böke başlady –

Bu sözler diňe siziň obaňyza degişli däl. Külli türkmene degişli.
Ýa-da:

Bedasyla beglik degse bir günde,
Alar awun, salar guşun aňlamaz.
Ýarlygy ýörigen nurbatsyz begler,
Pukaranyň gözde ýaşyn aňlamaz –

diýen sözleri owgan türkmenleriniň haly barada aýdylan diýseň dogry bolardy. Häzir diňe degimsiz, görümsiz, orramsy, asylsyz adamlaryň beg, han bolandygy hiç kime gizlin däl. Eger sen adalatly bolsaň, heý, seni han ederlermi? Häzir hanlyk, beglik baýlyga satylýar, baýlyga...
Kemalhanyň sesine Garry molla gözlerini açdy. Bu ses oňa birhili ýakyn bolup eşidilen bora çemeli. Ol perdelenip duran göreçlerini has gaty açyp, bu del adama garady. Myhmanyň keşbini, syratyny görenden soň, ol ýene-de gözlerini ýumdy.
– Dedem, ýu ýagşy ýigit kim bolar diýdiň? – diýip, bu myhman barada ýene-de gyzyklanyp sorady.
Magtymguly Kemalhan Owganyň kimdigini, niredendigini ýene-de bir gezek aýtdy. Garry molla ynjalyksyzlyk. Bilen gözlerini açdy.
– Hezzet-hormat ediň, oglum, mymana. Onuň ýüzüne ýagşyzadalaryň nazary düşüpdir. Ine, türkmeniň bagtyny açmaly ýigit by. Tüýs şa bolarly, goç ýigit... Wah, bu ýigitleriň saýasynda ömür sürmäge ýetişmedim, ýetişmedim...
Magtymguly Kemalhan Owgany alyp daş çykdy. Diňe şonda gapyda oturan adamlaryň öýdäkilerden bäş-alty esse köpdügini görüp galdy. Işikde taganlaryň üstünde atarylan uly gazanlar gaýnaýardy. Aýallar tamdyra ýapylan çöregi howlukmaç çykarýardylar. Ikindiniň ýakymly şemaly tamdyr çöregi bilen gaýnatmanyň üýtgeşik tagamly ysyny garyşdyryp, burnuna urýardy.
Myhmanyny hezzetlemek islegi Magtymgulynyň hem işdäsini açdy. Olam indi birnäçe günden bäri elini tabaga sokmandy. Şonuň üçin-de, tamdyrdan çykan çörekleri öýe alyp barýan Zübeýdany saklady.
– Bajym, alys ýerden birki sany hormatly myhman geldi. Atam şolara hezzet-hormat ediň diýip ýatyr. Biz ussahana baralyň. Eger tagamyňyz, taýýar bolsa, myhmanlara hödür-kerem edilse ýagşy bolardy.
Zübeýda doganynyň hor ýüzüne, gussaly gözlerine nebsagyryjylyk bilen garap, pürenjekli başyny atyp aýallaryň oturan gara öýüne girip gitdi.
Kemalhan Owganyň tagam bilen ugry ýokdy. Ol Garry mollanyň bolup ýatyşyna ýüregi bilen gynansa, Magtymgulyny tapanyna çyny bilen begenýärdi. Ýöne ol Magtymgulydan Garry molla barada, onuň derdi-keseli barada gaýta-gaýta soraýardy.
Emma iýlen tagam, birkuç gijäniň ukusyzlygy, bedeniň dartgynlylygy, Kemalhanyň gelmegine begenç – bularyň bary garyşyp, Magtymgulynyň süňňüni elendirip, gözlerini gapara getirýärdi. Kemalhanyň welin gursagy ýarylaýyn-ýarylaýyn diýýärdi. Ol özüniň hemişelik gelendigini, Gyzylarbadyň golaýyňda, suwluk, otluk ýerde ýurt tutunandygyny aýdasy gelýärdi. Emma häzir ýeri däldi.
Magtymgulyny daşary çagyrdylar. Ol Nyýazsalyh mollady.
– Oglum, ahun bilen hoşlaş! – Bu söz Magtymgulyny serpmeden gaýtaran ýaly etdi. Ol ylgaşlap diýen ýaly atasy ýatan jaýa girdi. Ylgap onuň başujuna bardy. Garry molla gözüni ýumup ýatyrdy. Onuň kükregi diýseň ysgynsyz inip galýardy. Magtymguly atasynyň elini eline alyp sypalady. Hemem onuň hiç bolmanda gözlerini açaryna garaşdy. Garry molla gözlerini açyp, naýynjar nazar bilen ogluna garady. Onuň ysgynsyz dodaklary tirpildedi.
– Abdyllam, Mämmetsapam gelmedimi? – Magtymguly ýaşly gözlerini balkyldadyp, atasyny demini sanap ýatyrka aldamaga ýürek edip bilmedi. Diňe gapdalda oturan Nyýazsalyh molla has ileri süýşüp, gatyrak gygyrdy.
– Ahun, olary gaýgy etme, geler, enşalla. Geler diýip habary geldi. Geler, enşalla...
Garry molla ýene-de dodaklaryny tibirdetdi.
– Balam, dädem, il bi-l-en bolg... – Magtymguly atasyny hoş sözler aýdyp razy etjek boldy. Oňa çenli Nyýazsalyh işan ony itibräk, töre geçdi. Içeriniň ýaňlandyryp, ýatanyň imanyny öwürdi. Magtymguly diňe «Razy bol, kuwlam atam!» diýmäge ýetişdi. Zübeýdanyň özüni gujaklap aglaýanyny, onuň eli bilen atasynyň kükregini sypalaýanyny duýdy.
– Razy bol, ine, Abdylla ogluň geldi, razy bol! Ine, Mämmetsapa ogluň geldi, razy bol! – Bu gürrüňler, aýallaryň ýürek paralaýjy sesi, işikdäki adamlaryň eňreşmesi Hajygowşanyň süňňüni titretdi.
Garry mollanyň jesedi salnan jaý aýallaryň agysy bilen üwrelýärdi. Türkmenler ilki jahana inenlerinde olary aýallar garşy alýarlar. Olar ölenlerinde-de aýallar agy bilen üwräp, agy bilen ýagty jahandan ugradýarlar. Megerem, Görogly begem «Ölende zaryn aglara naçar gerekdir, ýigide» diýip, hut şonuň üçin aýdan bolsa gerek.
Häzir Zübeýdanyň bagryny paralap, bozlap-bozlap eňreýşi ähli seslerden rüstem çykýardy. Onuň naçar sesi bu ýere gelen adamlaryň ählisiniň ýüregini paralap, gözüne gam ýaşyny aýlaýardy.
Magtymguly üçin älem ýykylan ýalydy. Häzir onuň gözleri adamlaryň gaý-da-gaýmalaşyk bolup ýörşüni görse-de, häzir näme bolanyny, ne hekaýatyň gopanyny aňynda aýlap bilenokdy. Ol nähilidir bir maslahat bilen gelýänlere-de belli bir jogap berip bilmän, göýä huşy başyndan uçan ýaly bolup otyrdy.
Gelen adamlaryň ählisi elini ýüzüne tutup ses edýärdi. Her sapar agy sesi ýaňlananda, Magtymguly tisginip gidýärdi. Onuň gözleri barha alaryp, reňki dem-demden agarýardy. Kemalhan Magtymgulynyň halyny görüp, ylgap diýen ýaly bir küýze suwy alyp, Magtymgulynyň agzyna tutdy. Emma ol Magtymgulyny saklamaga ýetişmedi. Magtymguly onuň aýagynyň aşagyna, misli bir sanaç bugdaý gaýdan ýaly bolup ýykyldy. Beýle bolaryna garaşmadyk adamlar, kepbäniň daşynda tolkunyp durdular.
Magtymguly gijäniň bir mahaly özüne geldi. Ýöne şonda-da synasyny ýagşy tutup bilmeýärdi. Nämäniň-nämedigine akyl ýetirenden soň bolsa, ýene-de gözlerine ýaş aýlaly. Ony häzir köşeşdirmek gerekdi. Ýüregine sowuklyk salmak gerekdi. Çünki, ol içeriniň ýaşulusydy. Kazasy dolany jaýlamak üçin birnäçe şertleri berjaý etmelidi. Onuň üçin öýüň ýaşulusynyň maslahaty hökman zerurdy.
Nyýazsalyh molla başga zada gynanýardy Garry molla tutuş Etrek, Gürgen etraplarynyň ýaşulusydy. Ol dünýäden ötensoň, onuň ýerini diňe ogly Magtymguly tutun biljekdi. Şonuň üçin-de, Magtymgulyny ulaltsaň ulaltmalydy, ýöne onuň mertebesini şondan aşak gaçyrmaly däldi. Magtymgulynyň bu bolup oturyşy, onuň göwnüne ejizlik ýalydy. Bu ýagdaýdan ony alyp çykmak üçinem käýemelidi ýa-da köşeşdirmelidi. Şony niýet edinibem ol ussahana girip, Kemalhanyň ýanyna geçip oturdy. Bu wagt Kemalhan onuň bilen gürleşip otyrdy.
– Biz hemmämiz gitmeli, gardaşym, ýöne sen aýt-aýt, her kim öz nobaty bilen gitse ýagşy. Her kim öz öýünde ölüp, dulunda süýnse ýagşy. Garry mollanyň ili-güni daşyna üýşürip, razy bolşup, amanadyny tabşyrmagam bir döwletliligiň nyşany. Sen biliňi pugta guşanyp, orta çyk. Ölümem bir merdi, namardy saýlaýan kiçiräk synagdyr. Sen şygyrlaryňda: «Bu dünýe bir kerwensaraýdyr, gelen ýük. ýazdyryp geçip baradyr» diýip, özüňem dady-perýat edip otursaň bolmaz, gardaşym. Hany mert bol. Ýöri, iliň-günüň arasyna çykaly, iliň gynanjyny kabul et.
Magtymguly köşeşmese-de, bu sözüň dogrulygyna ýüregi bilen düşündi.
– Wah, agalar-agalar, bu ölüm meniň däl-de, ilimiň böwrüni boşatdy. Men Şonuň üçin aglaýaryn.
Şondan soň, Magtymgulynyň derdini hiç kim agraltmady. Ýöne ýaşulular Garry mollany jaýlamaly bolanda, islese-islemese-de, oňa geňeşmeli boldular. Bu geňeşe-de, ol öň, gaty öň wagtdan bäri kellesinde duran, ol heniz atasynyň aýatda wagty aýdan sözlerini aýtdy.
– Atamy ata-babasynyň ýurdunda, Aktokaýda jaýlamalydy. Şol pahyryň özüniň islegi şeýledi.
Bu gürrüňden soň, adamlar uzak ýola taýýarlanmak bilen boldular. Magtymgula welin, azar bermediler.
Magtymguly säheriň çigregräk howasynyň tenine degýänini duýup özüne geldi. Ol özüniň kiçeňräk Gurhan tagtany öňüne alyp oturyşyna haýran galdy. Töwerekde adamlar donlarynam çykarman, gyslyşyp ýatyrdylar.
Öten agşamky gaý-da-gaýmalaşyk, agy, eňşeşik Magtymgulynyň gözüniň öňünden duman baglap geçdi. Ýöne oňa düýnki ýaly täsir etmedi. Öňünde ýazylyp ýatan kagyzyň ýüzüne arap hatyndan düzülen desse-desse hünji hem oňa birhili sowuk, solak bolup göründi. Ýöne oňa göz aýlaman durup bilmedi.

Altmyş ýaşda, nowruz güni, lu ýyly,
Tutdy ajal, ýolun tutdy atamyň.
Bu dünýäniň işi beýlemiş, belli!
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.

Agyr döwletlere köňül goýmady,
Bu jahanyň eşretini söýmedi.
Esgi şaldan artyk püşeş geýmedi,
Ahyrýet öýi boldy kasdy atamyň.

Diýrdi: dünýä durmaz, ömre baky ýok,
Gündiz roza gije bolsa uky ýok.
Müňkür bilmez, muhlyslaryň şeki ýok,
Pygamber dostudyr dosty atamyň.

Älem içre adam gezmez, at gezer,
Bu syrlardan jahan halky ýat gezer.
Jaýy jennet içre, gökde şat gezer,
Ýerde hoşwagt ýatar posty atamyň.

Magtymguly, gizle syryň bar içde,
Kämil tapsaň, kyl gullugyn serişde.
Magşar güni, elbet, girer behişde,
Her kim çyndan bolsa dosty atamyň.

Bu şygyr Magtymgulynyň göwnüne şeýle bir ýuwan, şeýle bir ýüzleý ýazylan ýaly bolup göründi. Şonuň üçin-de, galamyny syýa batyryp, kagyzyň ýüzüne çekmek isledi. Emma daşarda kimiňdir biriniň ýürek paralaýjy sesi onuň galamyny golundan gaçyrdy. Ol atylyp daş çykyp, gelenlere agy bilen jogap berdi.
Adamlar Garry mollany iň soňky ýoluna eginlerine alyp gitdiler. Ýolda goşulanlaram hasap etseň, agyr goşun geçip barýan ýalydy. Beýle adamy, beýle mähelläni bu etraplarda henize-bu güne çenli gören ýokdy. Hawa, diňe Nedir şanyň Hindistandan gaýdyşyň Hywany dyza çökeren ordasyndan soň gören ýokdy.
Garry mollany Aktokaýyň düzlüginde gonambaşy edip gaýdan adamlar diňe gün batanda Hajygowşana dolanyp geldiler. Garry mollanyň syrgyny, Giňjaýyň oba direlýän tekizligi, asyl bar ýer adamdan, atdan, eşekden, mal-garadan doly bolsa-da, Magtymguly özüne gerek adamy tapmaýardy. Onuň göwnüne bir ýerlerde atasy zarynlap, kömege çagyryp duran ýaly bolup durdy.

* * *

Garry mollanyň kyrkyna çenli Hajygowşanyň agyr myhmany egsilmedi. Garry mollanyň garyndaş-doganlary, tanyşlary, dostlary Hajygowşandan gitmediler. Gaýta gidenlerem mal, däne, alyp gelýärdiler. Serenjamçylygy, belli günüň taýýarlygyny Kemalhan öz eline alypdy. Ol diýseň ekabyr, merdem görünýärdi. Gepi-sözi örän jaýba-jaý bolansoň, diňe bir Magtymguly däl, Nyýazsalyh molla, Gyzylbaýyrdan gelenine indi ençeme gün bolan Buzlypolat serdaram onuň diýenine lepbeý diýýärdiler.
Odun-çöp, mal-gara taýýar edilenden soň, ýakyn-yraga adam iberildi. Garry mollany tanaýanlaryň köpüsi bolsa eýýäm gelipdem.
Belli gün ertir, juma güni bolmalydy. Şonuň üçin bu gün adam hasam köp üýşdi. Her kim Magtymgulynyň ýanyna gelip, onuň göwnüni soraýardylar. Oňa güýç-kuwwat arzuw edýärdiler.
Agşamara Nyýazsalyh molla Magtymgulynyň ýanyna geldi. Ol Buzlypolada garap, niýetini beýan etdi.
– Oglum, şü işan bilen Adynageldi görnenok. Eger adam ibersek neneň bolýor, şolaň yzyndan, olar doňuz bolsa-da, bizler adamçylygy saklalyň, oglum.
Nyýazsalyh mollanyň bu teklibi Buzlypolat serdara ýaramadyk bolara çemeli. Ol:
– Şo gyzyňy alaýynlar, gara tersine gelsin. Gyzyny aldyklam obadaş bolup henize çenli gelmedik bolsa, gelmän geçsin. Şolar gelmände-de hudaýýoly sowlar...
Bu gürrüň Kemalhanyň hem gulagyna ýetdi. Ol Magtymgulynyň ýüzünde garşylygyň ýokdugyny okady.
– Serdar, biz mymandyrys. Öý eýesiniň köňlüni ýykmalyň. Agam, özüňiz çözüberiň olar ýaly gürrüňiňiz bolsa. Magtymguly janam, bizem garşy bolup durmarys.
Nyýazsalyh molla gidenden soň, Magtymgulynyň göwni gamdan doldy. Onuň göwnüne bolmasa, bu göwnaçyk ýaşuly Garry molla ýogalansoň ýetim galaýan ýaly bolup duýuldy. Häzirem ol, Magtymgula geňeş salman, onuň ýüzünden dostunyň didaryna meňzeş nämedir bir zat tapjak bolýan ýalydy. Bu duýgy onuň öz göwnüne hem gam getirdi. Şol gussanyň bady bilen göwnüne gelen joşguny bilenem, ol hyýalynda Nyýazsalyh molla sowal berenini duýman galdy.
«Hany meniň kuwlam, Azadym kany? – Eý, mähriban agam! Sen meniň köňlümiň aramyny nirede goýduň, eý, beýik halypa?!»
Magtymgulyny bu duýgular öz erkine goýmady. Öz bady bilen kepbä, kagyz, galamyň duran ýerine alyp gitdi. Ol oturyp-oturmanka bolsa, ak kagyza ine, şu setirler şapyrdap ýaýrap gitdi:

Pelek, ider idim, sen duçar bolduň,
Gözümniň nurany – Azadym kany?
Ýüregmi soguryp, seglere berdiň,
Şährimiň soltany – Azadym kany?

Ymamsyz galandyr, metjit-mährabym,
Dogmady nur saçyp olmahy-tabym.
Ýalňyz galdy, sil alyndyr etrapym,
Köňlümiň ummany – Azadym kany?

Şekerlikden zäher boldy sözlerim,
Zagpyran dek sargarypdyr ýüzlerim.
Kuwwat gitdi, gubarlandy gözlerim,
Münbermiň azany – Azadym kany?

Topraklar sil boldy, siller gum boldy,
Humlar jam boldular, jamlar hum boldy.
Höwesler ýas boldy, pişäm gam boldy,
Köňlümiň armany – Azadym kany?

Armanym ýok, pelek, bir söweş kylsam,
Ýa ýyksaň, basymam, ýa seriň alsam.
Seglere aş eýläp, bazarga salsam,
Bagymyň reýhany – Azadym kany?

Zemin ýüzün syýa duman eýlediň,
Diýgil pelek, kimi aman eýlediň?
Pyragyny, bak, biiman eýlednň.
Namysym, imanym – Azadym kany?

Magtymguly şygryň soňuna nokat goýmady, çünki, onuň ýüregindäki ähli gaýgy-gussanyň üstünden syrylyp gözlerinden gaýdan goşa damja şygryň soňunda nokat deregine garalyp galdy.
Ony Adynageldi hanyň, Seýit owşar işanyň obada ýokdugy barada habar getiren ýigit özüne getirdi, ýöne bu habar ony känbir gyzyklandyrmadam. Ertesi atasynyň belli gününi sowup, ýakyndan, daşdan gelen myhmanlary ugradyp barýarka-da, Kemalhanyň pähimli, paýhasly sözüni diňleýärkä-de, obanyň kelpeň hanyňyň öz ilini at toýnagynyň astynda ýegsan etmegi sorap Eýran şasynyň ýanyna gidendigi barada oýlanmaýardy. Ol özüniň gaýgy-gussasyna gümra bolup, şeýle uly ýagynyň çozup gelýändigini pikirem etmeýärdi.

3.
Nedir şa öldürilenden soň, Eýran döwletiniň başyna dagamagyň, çagşamagyň agyr belasy inipdi. Öň Eýranyň esasy gaznasy, daýanç goly bolup hyzmat edýän owgan baştutanlygyna özbaşyna döwlet bolupdy. Ahmet şanyň goldaw bermeginde hem-de gytaklaýyn hemaýatynyň degmeginde Horasanam Eýrana baknalykdan boşapdy. Ýöne owganlaryň golasty ýurdy hökmünde galypdy: Demirgazyk Azerbaýjan hanlyklaram garaşsyzlygy alypdylar.
Ýurda Allaguly han şa boldy. Ol adyl şa adyny alsa-da, Yspyhanyň öňki häkimi Kerim han Nedirden soň ýurdy eline almak, dagap barýan hanlyklary birikdirmek, Eýranyň öz içindäki oňşuksyzlygy basyp ýatyrmak bilen özüni Eýranyň şasy diýip yglan edipdi. Ol Şiraz şäherini özüne paýtagt edip saýlap alypdy.
Kerim han ähli ünsüni Şirazy baýlaşyrmaga beripdi. Onuň döwründe Şiraz uly senagat hem-de medeniýet merkezine öwrülipdi. Ýurduň başga ýerlerinde bolsa tozgunçylygyň, eden-etdiligiň hetdi-hasaby ýokdy.
Öň Eýran şasynyň golastynda bolup, indem erkinlige eýe bolan türkmen han-beglerem baýamagyň, mal, dünýä toplamagyň aladasy bilen birek-biregi gylyç bilen gemrişýärdiler.
Iň gowy ýigitleriň, atlaryň Owganystana, Ahmet şanyň yrtyýaryna iberilmegi, olaryň ählisiniň diýen ýaly Hindistan, Penjap, Kürdüstan ugrundaky agyr söweşlerde guma garylyp galmagy türkmen hanlyklaryny hasam tozdurypdy. Gurakçylyk, açlyk, güýçsüzlik hem olaryň üstünden agyr bela bolup inipdi.
Etrek-Gürgen sebitlerindäki türkmenleri Eýran hanlary Hazar deňziniň demirgazygyna, Soňudagy tarapa hasam gysýardylar. Çünki, deňizden öwüsýän ýel hemişe ygal getirýärdi. Şol ygal, mylaýym howa Astrabat, Mazenderan sebitlerini, Türkmensähra, Kümmetkowus, Gürgen etraplaryny Müsür ýurdy ýaly bossanlyga, gülüstanlyga öwürýärdi. Bu ýerleriň bahary sowulmaýardy, güýzi geljek bahara sapyp gidýärdi. Şonuň üçin-de, Astrabat, Mazenderan hanlarynyň bu ýerlerden türkmenleri has daşlaşdyraslary gelýärdi. Olar bu işde türkmen hanlaryňyň özlerini peýdalanmaga çalyşýardylar. Sebäbi olar owgan şasy Ahmet Dürranydan az çekinenokdylar.
Garry mollanyň ýogalan ýyly Owgan ýurdunda hem pese düşüş başlanypdy. Çünki, Kaşmire gidip gelenden soň Ahmet şanyň burnundan agyr bela döräpdi.
Owgan şalygy ugrundaky gizlin göreş, ýurtdaky agzalaçylyklar ýurdy hem gowşadýardy, hem tozdurýardy. Bu gowşaklykdan, tozgunçylykdan Eýran hanlyklary öz wagtynda peýdalanjak bolup oda-köze düşýärdiler...
Kemalhan Owganyň gürrüň beren bu zatlary, düşündiren ýagdaýy Magtymgula häzirki dünýäniň ýagdaýyna düşünmäge, gözüni açmaga kömek etse-de, onuň howsalasyny köşeşdirmeýärdi. Magtymgulynyň düşünişine görä, Kemalhanyň aýdyşy ýaly, bu gün, erte gyzylbaşlar Etrege dökülmelidi.
Ahmet Dürranynyň burnundan çykan baş barha azmak bilenmişin. Munuň özi owgan şasynyň gününiň sanaglydygyny aňladýardy. Baş wezir Şaweli han bu ýagdaýy gaty gowy bilenden soň, şalygy Dürranynyň uly ogly Teýmir şa bermän, onuň kiçi inisi Süleýmana berjek bolup, dogany doganyň garşysyna goýýardy. Şaweli han Ahmet şanyň wepadar goşunbaşylaryny, hanlary, begleri, köşk hyzmatkärlerini gysýardy, olary dürli bahanalar bilen köşkden çetleşdirmäge, ýarawsyz şany gysymyna pugta gysyp, öz gepini gögertmäge, öz uly gyzunyň adamsy, giýewsi Süleýmany şalyga baş mirasdar etmäge çalyşýardy. Aslynda Kemalhanyňam Owganystany taşlap, Garaguma gaýdyp gelmegine şu ýagdaýlar sebäp bolupdy.
Kemalhanyň aýdyşy ýaly, bu işler bir uly öwrülişigiň boljagynyň nyşanydy. Bu ýerde esasy agramam belli döwleti bolmadyk türkmenleriň üstüne düşmelidi. Häzir şol geljek ýagynyň öňünde durmaga het edip biljek han barmy, ýokmy, Magtymguly onam bilenokdy. Ol myhmanlary ugradandan bäri şol oýlary başyndan çykaranokdy. Göwnüne bolmasa, özi üçin eziz bolan adamlaryň biriniň başyndan kyýamat inäýjek ýaly bolup durdy. Ol indi elli gün bäri atasyzlygyň, söýesizligiň derdini çekmekden ýadapdy. Pikiriňde bu agyr maşgalanyň keşigini çekmegiň aladasam galkynyp gidýärdi. Onuň üstesine obanyň Garry molla ýüz tutup, goldaw, kömek, maslahat, ýyly söz almaga öwrenişen adamlaram şol gelip durdular.
«Kemalhan Owganyň aýdyşy ýaly, indi biliňi berkiräk guşamalydy. Adamlara Garry mollanyň ýokdugyny duýdurmaly däldi. Olaryň bu ojaga, bu öýe bolan ynamyny öçürmeli däldi. Işlemelidi, körügiň, göwejiň, sandalyň barka, barmaklar birneme öwrenişen çagy, bir maşgalany ekleseň boljak.
Magtymgulynyň göwnüne indi birneme aram aralaşan ýaly boldy. Ol «Bilini bek guşamaly! Işlemeli, işlemeli!» diýip ençeme sapar gaýtalady. Özüni dürsänine bolan begenji onuň ýüreginiň gysylýandygyny hem duýdurmady.

* * *

Gijäniň bir mahaly «Ýagy ýetdile-how, gyzylbaş Hajygowşana doldy-la-how!» diýen aýylganç habar Hajygowşany aýak üstüne galdyrdy. Gije gözedürtme garaňkydy. Iň bärkisi asmanda ýyldyzam ýokdy.
Magtymguly depesine degäýjek bolup duran bulutlaryň hemem öňünde düýpsüz gala bolup duran garaňkynyň arasynda näme etjegini bilmän durdy. Gazak gelniň, Akgyzyň eňreýän sesi, çagalaryň çirkin agysy ony özüne getirdi. Gapyda eýýäm ýedi-sekiz sany gyzylbaş güpürdäp ýördi.
Magtymgulynyň gözi öwrenişende, iki sany gyzylbaşyň Akgyzy süýrekläp öýden çykaryp gelýänini gördi. Akgyz çirkin-çirkin gygyrýardy Onuň eňremesi, ýalbarmasy, gargyşy ony süýräp gelýänlere ýokanokdam. Olar naçaryň ýalbarmasyna, awuny ele salan geçigaplaňyň gyňyrlygy bilen azgyrylýardylar.
Magtymguly atylyp gyzylbaşlaryň ýanyna ýetdi. Bar güýji bilenem özüni daýaw gyzylbaşyň üstüne oklady.
Akgyz sypdyryp, dyzynyň üstüne çöken gyzylbaş gorkusyna dyzanaklap, ep-esli ýere gitse-de, pälinden gaýtmady. Gapdaldaky öýde gazak gelniň bagyrmasy, çaga agysy, gyzylbaşlaryň haýbatly sögünmesi oňa gurbat berdi. Ol beýleki gyzylbaş bilen gazaply garpyşyp duran Magtymgulynyň depesinden gylyjyny saldy. Emma gylyç az-kem eglen Magtymgulynyň, depesini gyratlap, bir goly bilen Akgyzy saklap, beýleki goly bilenem garşydaşyndan goranjak bolup dyrjaşýan gyzylbaşyň boýnunyň çykan ýerinden düşdi.
Akgyz gorkuly wägirip yzyna ylgady. Giribem işigi jarkyldadyp ýapdy. Ýapylan gapy gylyjyny galgadyp içeri topulan gyzylbaşyň maňlaýyna jalkyldap degdi. Gyzylbaş erbet sögündi. Soňam gylyjyny golundan gaçyryp, arkasyny diwara berdi.
Magtymguly bir beladan sowlanyna begenip, az-kem gurbatlanana döndi. Başy, aýagy açyklygyna gazak gelne kömege ylgady.
Bu ýerdäki gyzylbaşlar öňküleriň hem çeni däl-di. Olar gazak gelne has zabun deprenýärdiler. Uly ili bilen aglap-eňräp sypjak bolýan gelniň daşynda üç sany haýwan pisint garantgy galgaýardy. Çagalaryň ahy-nalasy, naçaryň gykylygy, gyzylbaşlaryň sögünji, zähräňi ýaryp barýardy. Magtymguly aýylganç ses bilen gygyrdy.
– Naçary goýberiň, haýynlar!
Magtymgula gulak asanam bolmady. Gaýta, kimdir biri mal ýatakdan petdeläp-petdeläp ot, saman getirip öýleriň, tamlaryň işigine basýardy. Bu elhenç ýagdaý Magtymgulynyň süňňüni elendirdi. Ol çakmakdaşy bilen peltäni otlajak bolup duran gyzylbaşyň üstüne okduryldy. Onuň arkasyna ýalaňaç aýagy bilen bijaý depdi. Şondan soň özüniň hem depesinden erbet agyrynyň basandygyny duýup galdy.
Magtymguly ýolda özüne geldi. Ol eliniň arkasyna daňlanynam, nädip ata mündürilip, eýere baglanylanynam, yzyndakylaryň ne güne düşüp galanynam, iliniň-gününiň halynam bilenokdy. Gyzylbaşlar säheriň ümüş-tamşynda Türkmensähranyň bir ujundan girip gelýärdiler. Olar atlaryny haýdadyp, öňdäki ýesirlere sögüp, olary agladyp-eňredip barýardylar.
Magtymguly atlaryň, öňdäki at ýaly ullakan gatyrlaryň obadaşlaryndan olja alnan goş-golamlardan mas ýüklenendigini görse-de, ýesirleri tanamady. Diňe Gürgen çaýyndan geçilip, gür jeňelligiň içinde düşlenenden soň olary tanady.
Hajygowşanyň göze görnen gyzlarynyň ýedi-sekizi, bäş-alty sany ýaş gelin, alty-ýedi sany-da ýetginjek, birküç sany garry agyr ýoldan, horlukdan, gahar-gazapdan, urulmakdan, horlanmakdan, tot-tozandan tanar ýaly bolman otyrdylar. Olary görüp gözleriniň ýaşyny saklap bilmedik Magtymguly özüni ýere goýberdi. Onuň ejizlänini gören naçarlar bolsa, elhenç eňreşip başladylar. Imisalalykda çykan bu ýürek ýaryjy sese iki ýüze barabar galtamanyň ählisi diýen ýaly birden örüp, ýesirleriň üstüne topuldylar. Magtymgulynyň arkasyny dürräniň agyr dili daglap-daglap gitdi. Soňam agyr aýaklar depgiläp, ýere sokara getirdi. Goly arkasyna daňylgy bolansoň, ol ýerinden turup bilmedi. Ýöne gapdalyna agdaryldy. Üstüne abanyşyp duran dört-bäş sany peşşaby görüp, gazap bilen dyzynyň üstüne galdy.
– Eger, gaýratyňyz bolsa, adam diýen yşnygyňyz bolsa, naçarlary, bendileri gynaman, aryňyzy geliň, menden alyň.
Onuň gazaby gyzylbaşlaryň gulagynyň ýele ýanyndanam geçmedik bolara çemeli. Olar, gaýta, bu gepe keýp edip güldüler. Soňam tapba seslerini kesdiler.
– Kim ol eşşek ogrusy, türkmen? Män säniň közleriňe dag ýag guýdurajam.
Käse ýaly gözleri ganguýma gyzaran, murtlarynyň towy çöşlenip, agzyndan her sapar azymly söz çykanda ýelpeselenip gidýän garynlak gyzylbaş, ýumrugyny düwüp gygyrdy. Emma onuň haýbaty Magtymgulynyň badyny alyp bilmedi.
– Azgynlar, bigaýralar, siziň bu bolşuňyz ynsançylyga sygýan zat däldir. Ol bendileriň ahy-nalasy siziň gözüňizi gapar. Boşadyň olary, aryňyz-namysyňyz bolsa...
Magtymguly bu sözleriniň bu haýynlaryň howalasyndan diýseň ejiz gelýändigine düşünýärdi. Gahar-gazap onuň gursagyndaky sözleri aşak çökerip, onuň deregini-de ýigrenç bilen doldurypdy.
– Ýok, siz olary boşatmasaňyz, häzir sizi dogran enä nälet okaryn, haýynlar.
Bu ýesiriň gyjynyp, gazaplanyp aýdýan sözlerine pitiwa etmedik, gyzylbaş serdarynyň birden girre gahary geldi.
– Bu azgyny agaja daňyň! – Onuň sözüniň damjasyny ýere gaçyrmajak bolup çytraşýan gyzylbaşlaryň bäş-altysy Magtymgulyny syrdamdan ýogyn garagaja mäkäm daňdy. Bu işden göwni hoş bolan gyzylbaş serdary sallam-sajak bolup ýatan murtlaryny bede towlan ýaly towlaşdyryp:
– Arwatlar ilen keýf çekiň! – diýip, dabara gygyrdy. Bu söze öňräkden bäri garaşyp ýörene meňzeýän peşaplar birden seçme ýaly pytrap gitdiler. Her kim eňreşip oturan naçarlaryň gowragyny aljak bolup dyrjaşýardy.
Garawsyz naçarlaryň ahy-nalasy ýedi gat asmana ýetdi. Emma bir zenanyň daşyna ýedi-sekiz bolup üýşen azgynlaryň özara dawalary, sögünçleri, gykylyklary diýäýmeseň, häzir olaryň dadyna ýetjek adam ýokdy.
Bir daýaw peşap bir ýaş gelni süýräp, edil Magtymgulynyň duşundan geçip gitdi. Magtymguly börügi honda zyňylyp, köýnegi para-para bolup, indem aýak örtüsi görnüp duran gelni tanady. Ol Öwez aganyň uly gyzy Totudy.
Totynyň adamsy Çowdur hanyň atlylary bilen Kandagara gidip, soňam dolanyp gelmändi. Bu gelin her näçe ýaşam, owadanam bolsa, gaýyn enesi bilen adamsynyň ojagyny saklap otyrdy. Gyzylbaş bolsa, gör, sähelçe salymyň içinde bu gelniň näçe ýyllap kir-kimirsiz saklan buýsanjyna el urmakçy bolýardy. Ony özüniň harama bulanan penjesi bilen hapalajak bolýardy. Magtymguly dişlerini gyjadyp, omzandy, emma onuň agaja saralan gollary erbet awundy. Oňa çenli aňyrda, aýpaltaly, naýzaly gyzylbaşlaryň goragynda oturan adamlaram ýerli-ýerden gyzylbaşlaryň üstüne topuldylar. Bu garma-gürmelik yns-jynssyz jeňňelligiň jümmüşinde keýpi-sapa başlajak bolup alakjaýan gyzylbaşlaryň keýpine sogan dogrady. Olar ýerli-ýerden ýesir türkmenleriň üstüne topuldylar.
Şol pursatda guduzlan ýolbarsyň penjesinden sypana çalym edýän Toty-da gelip Magtymgulynyň arkasynda bukuldy.
– Sadagaň bolaýyn, dogan, meni şol haramylardan halas et. Ýalbar-ýakar, maňa degmesin, dogan, kömek et...
Magtymguly bu naçaryň eňräp, erbet gagşap aýdýan sözlerini eşitmände-de, beýle elhençlige çydap bilenokdy. Emma indi onuň ysgynsyz bedenine güýç gelip, damarlarynyň içine gana derek gazap guýulypdy. Şonuň üçin-de, ol dişlerini gyjyrdatdy.
– Uýam, şu ýüpi çözsene, gollarymy boşatsana. Ýogsa, men... – diýip, gazabyna bäs gelip bilmän aýtdy.
Gelin ýüpi elleri bilen däl-de, dişi bilen açýardy. Namysyna gara ýokuşdyryljak bolnan gelniň gagşamasy oňa päsgel berýärdi. Emma Magtymgulynyň gollary gowşady. Şol pursadam hälki galtaman gelip, ýene-de gelne topuldy. Soňam erbet sögünip, ony jeňňeliň gür, garaňky ýerine garşy süssenekledip başlady.
Totynyň ýürek paralaýjy sesi, beýleki gelinleriň, gyzlaryň ahy-nalasy Magtymgula ägirt güýç getirdi. Ol az-kem salparyp duran ýüpden suwlup çykdy. Soňam Toty gelniň eňreýän tarapyna ylgady. Şol gyssagarada eline ilenem toranňy töňňesi boldy.
Gyzylbaş Toty gelniň eşiklerini aýryşdyryp, indem özüniň rüstemligi bilen ony boýun egdirjek bolup hasyrdap ýatyrdy. Toty gelin hem diýseň mertlik bilen garşylyk görkezýärdi. Ýöne gyzylbaşyň ýüzünden damýan gan onuň ýüzüne, ap-ak, henze adamsyndan başga adamyň nazary degmedik kükregine seçelenýärdi.
Magtymguly gyzylbaşy honda zyňyp goýberdi. Soňam elindäki agyr töňňe bilen onuň depesine berdi.
– Gaç, dogan, bu ýerden – diýmäge zordan ýetişdi. – Ýöne oňa seredip bilmedi. Sebäbi gelniň eşiginiň bütin ýeri ýokdy. Emma bu ýagdaý gelniň parhyna-da däldi. Ol edil şaýoldan barýan ýaly garaňky jeňňele siňip gitdi. Ol gözden gaýyp bolan badynada Magtymgulynyň daşyny gyzylbaşlar gabadylar. Kimdir biri bolsa Magtymgulynyň depesine nämedir bir agyr zady inderdi.
Magtymguly gözüni açanda, gyzylbaşlar eýýäm başga bir sähralykdan barýardylar. Ýesirleriň juda azalany Magtymgulynyň ilki gözüne ilen zat boldy. Birki sany göze görnen gyz, üç-dört sany ýigit, birki sany ýaşuly adam – olaram edil agyr söweşden soň ýesir düşen esgerler ýaly bolup barýardylar. Argyn ýabylar, oljadan ýüki ýeten gatyrlar gyssanman, mytdyldap ýöreýärdiler. Gün batyp barýany üçin, gyzylbaşlaram gygyryşyp, ala-zenzele edip nirede düşmelidigi barada uly jedel edýärdiler. Magtymguly edil ýüregi sogrulyp barýan ýaly bolup yzyna garady. Yzda bolsa çöküp oturan düýeler ýaly mele depeler biri-birini ýassanyp, Magtymgula iň gerekli, iň eziz zatlaryň ählisini, Watanyny gizläp otyrdylar. Ol ýüregine düşen ýakyp-ýandyryjy howra bäs gelip bilmän, özüni gatyrdan aşak goýberdi.

4.

Üçünji gün diýlende, gyzylbaşlar «Astrabat, Astrabat!» diýşip guduraşyp başladylar. Olar şäheriň bäş çakrym töweregi bäri ýanynda, çarbagyň içinde düşlediler. Bagyň içi tämizdi, boz bulaklar şaglaşyp akýardylar. Ýakynda-daşda göze görünýän gara ýokdy.
Gyzylbaşlar şol bulaklaryň başynda atlaryny, üst-başlaryny tämizleýärdiler. Soňra olar diýseň badyhowa, şahandaz görnüşe girip, tagam taýýarlap başladylar. Bagyň içiňden çykan sakçylaram şahandazlyk ruhuna girip, gelenlere goşulýardylar.
Magtymguly gussa batyp, gam laýyna çümüp otyrka, birden gözi tanyş palasa, enaýy keçelere hemem gölleri şeýle owadan hala düşdi. Ol nädip ornundan galanyny bilmedi. Bu haly ejesiniň eli bilen dokalan, agtyklaryna, çowluklaryna, ýuwluklaryna, hatda gowluklaryna miras galmaly mukaddes ýadygärlikdi. Emma ol gymmatly ýadygärlikler bu gün mähriban ojakdan, mukaddes öýden, eziz ilden, Watandan şeýle uzakda, gyzylbaşlaryň ejizleriň ganyna, günesizleriň göz ýaşyna boýalan ökjesiniň aşagynda bulaşyp ýatyrdy. Magtymgulynyň göz öňüne öýleri, obasy geldi. Ol şol hasratly, garanky gijede, Akgyzyň çirkin sesini, gazak gelniň hasratly eňremesini; çagajyklaryň ýürek paralaýjy atysyny ýene-de bir gezek eşitdi. Onuň gözlerinde namys ody lowlap ýansa-da, bedenine kuwwat gelmedi. Ol alaçsyzlygyň, gam-gussanyň hem-de kuwwatsyzlygyň, demir dyrnaklary bilen boglup oturyşyna, gyzylbaşlaryň meýlisine ýaşly gözleri bilen hyrçyny dişläp garady.
«Eý, taňry, maňa öňki görkezen pyraklaryň azmydy? Men, görgüsi ýaman ilim saňa näme ýamanlyk etdi? Heý, beýle-de horlahmak bormy, depelemek, mynjyratmak bolarmy? Eger sen kalby, süňňi bilen ýoluňa ýykylyp, päkize niýeti bilek güzeran görüp ýörene şeýle sütemleri salýan bolsaň, pakyr-pukaralaryň depesinde gamçysyny bulap, gara nebsi üçin, haram-halal ýygnamak üçin hiç adalatsyzlykdan gaýra durmaýan orramsylara döwran paýlaýan bolsaň, sen özüňem şolaryň ýaranysyň? Ýa Hudaý bolup bu zatlary göreňokmy? Heý, ähli ynsyň-jynsyň eýesi bolup beýle adalatsyzlygy görmeseň, oňa serenjam bermeseň, sendenem bir eýe bolarmy? Onda seniň baryň-ýoguň deň-dä?! Beýle bolsa biz kime sygnaly? Kimden haraý soraly? Eý, Alla!!!»
Magtymguly ýaşly gözleri bilen ýaşyp barýan güne garady. Daglara, ýola, akyp barýan suwa, çäksiz garamtyl asmana, ýanyp ýatan sähra garady. Emma hiç bir yşarat bolmady. Dine gyzylbaşlaryň şady-horram gykylygy sährada hökümdarlyk edýärdi. Häzir bu ýeriň şasam, hudaýam, hojaýynam şolardy. Asyl Magtymgulynyň özüniň Hudaýam, eýesem şolar ýaly bolup göründi. Edil bilgeşleýin edilen ýaly gyzylbaşlaryň iki sanysy gelip, ony südenekledip, özleriniň serdarlarynyň ýanyna alyp bardylar. Magtymguly şol ýere baransoň, haýran galmakdan ýana doňup galdy. Gyzylbaşlaryň toparynyň içinde Öwez aganyň ogly, öňňün, Gürgeniň kenaryndaky jeňňelikde bu haýynlaryň el gatjak bolup horlan naçary Toty gelniň agasy Ataguly otyrdy. Ol diňe bir oturmak bilenem çäklenmän, Gyzylbaşlaryň serdaryňyň goltugyna giräýjek bolýardy. Nämedir bir zatlar aýdyp gaty-gaty gepleýärdi, gülýärdi.
Gyzylbaşlaryň biri Magtymgulyny öňe garşy itekledi.
– Ýöre, neýe durur sän, köfeý owli?! – Emma Magtymguly bu teýeneli sözem, arkasyna dürtülýän naýzanyň yzasynam duýmady. Ol häzir her hili elhençliklere garaşsa-da, beýle haramzadaçylyga, şeýle dönüklige garaşmaýardy. Öwez aga ýaly ynsaply, dana, adamkärçilikli adamyň halal duzuny iýip, edep-terbiýesini alyp, şeýle dönükligi, ynsapsyzlygy etmäge bogny çatýan ogluň nähili agramynyň boljagyny beýnisinde ölçejek bolýardy. Birdenem Çowduryň batyr keşbi göz öňünde janlandy. Ol: «Ýok, inim, Magtymguly jan, sen türkmen halkyny, onuň geljegini bular ýaly satlyk gullar bilen ölçeme. Gaýrat et, türkmeniň arslan ýürekli, är ýigitleri kändir» diýip göwünlik berdi. Magtymgulynyň bedenine gaýrat gelen ýaly boldy. Ol Çowduryň paýhasly sözlerini ýene-de, ýene-de eşidesi geldi. Emma bu zatlaryň hyýalynda bolup geçýändigini duýup, lapykeç boldy. Özüniň gyzylbaşlaryň arasynda duranyny görübem, täzeden gazaba mündi. Ýöne dişlerini jygyrdadyp, dodagyny dişlemekden başga zat edip bilmedi.
Gyzylbaşlaryň welin keýpleri kökdi. Ylaýta-da Ataguly eýemsireýärdi. Ol töwereginde oturanlaryň hany ýaly bolup azgyryldy.
– Goluny boşadyň! – Oýauň ýanynda oturanlar gyzylbaş serdarynyň ýüzüne garanjaklaşdylar. Gyzylbaşlaryň serdary humarly gözlerini süzüp, «diýenini ediň!» diýen manyda ümledi. Şondan soň Magtymgulynyň gollaryny çözdüler.
Diýeniniň edilmegi Atagulyny has hem gomaltdy. Ol indi has azymly gürledi.
– Wördüňmi, obadaş, men bolmasam seniň günüň nähili boljak eken. Gel, indi meniň ýanymda otur, men barkam seniň nyrhyň soralmaz.
Magtymgulynyň gözlerine gazap ýaşlary çaýyldy. Ol bu dönük oglanyň enesini, öýüni-ilini talap bajysynyň namysyna el urjak bolup oturan talaňçylaryň saçagynyň başynda şir dek arlap oturyşyna bir ölüp bilmedi. Ýöne bu «ýigidiň» badyna kakmasaň, ol ýüregiňi has mynçgylajakdy. Şonuň üçin-de, ol gaharyna basalyk edip gürledi.
– Sen, han ogul, agalaryň bileň keýp çekiber. Hanha, bir tozan bar, ilimiň bürgütleri ýetip gelýär. Olar iliň gözüniň ýaşyna ezilen lukmalary damagyňa tegek etmänkä geçiriber, aňryňa...
Ataguly gulaty haýbaty bilen ýerinden turdy.
– Men saňa ömür ýadyňdan çykmaz ýaly ýagşylyk etdim. Sen meniň ölümden alyp galanymy unutsaň, eden ýagşylygym gözüni tutar...
– Sen ýaly gulatynyň saýasynda bolanymdan, öz ilmiň bürgüdiniň penjesinde jan berenim müň esse abraýlydyr. Eger sen ýagşylygyň bolsa, bajyň Tota hol agalaryň Gürgeniň boýundaky jeňňelde el garjak bolanda, gelip şoňa etmeli ekeniň. Ol görgüli zenan bolsa-da, seniň ýaly gulatylaryň müňüsinden rüstem geldi.
Magtymguly Totyny her näçe ara salmajak bolsa-da, özüni, saklap bilmedi. Emma bu sözler Atagula bir zerrejigem täsir etmedi. Ol gaýta eseldi.
– Men Totyňam bilmen, sotyňam, Goý, gözi aksyn. Ol-a bir heleý eken, bu agalaryň garşysyna gitse, göwnüne degse, atamam bolsa sylamajagym çynymdyr. – Ol agzyny köpürjikledip gürledi. – Senem, meniň başyma akyl satan bolma. Şol ganjygyň adyny tutup, meniň bajymam bolmaz, gardaşymam...
Ol Magtymgulynyň ýeňsesindeki gyzylbaşlaryň öňüne ullakan düwünçek taşlap goýberdi.
– Ine, şol diwananyň geýimleri. Gadyr bilmez diýsänim.
Magtymguly nämäniň-nämedigine henizem düşünenokdy. Düwünçekden çykarylyp, ona geýmek üçin hödürlenýän lybaslar onuň ýatsa-tursa oýuna gelmeýän lybaslardy. Ol lybaslary köşkde şalaryň hyzmatyna ýarap ýören bagzadalar, şazadalar geýmelidi. Emma bu lybaslaryň özüne hödürlenilmeginde nämedir bir düşünişmezlik bardyr öýden Magtymguly kepemekden, ýadawlykdan darka-darka ýarylan dodaklaryny ýalap gürledi.
– Men siziň urmaňyzyň, horlamaňyzyň sebäbini bilsemem, bu patyşalyk lybaslary hödurlemegiňiziň sebäbine düşünmeýärin. Bu ýerde bir düşüşmezlik bar bolara çemeli...
Onuň bu sözüne gyzylbaşlaryň serdary içýakgyç güldi.
– Heý, doňuz owly, säni uwrmahyn, sökmehin sebebi nädi? Aýt, äşidäh!
Magtymguly yrandy. Onuň gursagyny ýaryp barýan gazap, süňňüni lerzana getirýän namys ody tüýs gerek sözleriň zybanyna düzülip-düzülmejeginden howatyrlanyp yrandy. Soňam birhili baş aýlanma, gözleriniň öňi saralma döz gelip bilmän, birki ädim öňe ätledi.
– Eger-de halka haýynlyk etmeýän bolsa, biçäre, ejiz adamlaryň gözýaşy, gany bilen suwsuzlygyny gandyrmaýan bolsa, olara jellat diýmezdiler. Olara «ganymlar» diýip nälet okamazdylar.
Sizin ganymlygyňyzyň yzy meniň ilimiň ýüregine besse-besse ýara saldy. Size, ylahym, nälet bolsun. Enäniň garnynda ýatyp, soň ak süýdüni emip, aýagy ýer tutup ata münmäge ýaransoň özüniň ak süýt beren enesini, eklän atasyny, ilini, Watanyny satan şolar ýaly namartlaryn ýüzüne köz degsin. Men başga näme diýeýin...
Magtymguly özüni näçe gyssasa-da, şerebeli, ot ýaly otly, gylyç ýaly kesgir sözleri tapyp bilmeýärdi. Şonuň üçin-de, gazaply gözlerini gyzylbaşlara gezemek bilen oňdy. Gyzylbaşlaryň serdary bolsa kineli, gaharly görnüşe girip, töweregine göz aýlady.
– Allah, byllah, huda bendesi, bizler seniň ýurduňa gan tökmege barmadyh. Külli Horasanyň hany, şalaryň şasy Nedir şanyň ahtyky Şahruh han Maşatdan Mazenderana geldi. Ol beýik han öz raýatynyň akylly, sowatly kişlerini görmeh isteýir. Mana, beýik hanyň sizlere öz goly birle iberen zyýapaty. Alyň şalyk püşeşlerini geýiniň. Eger agyran-ynjyýan ýeriňiz olsa, ötüň günähimizi. Haheş kerdem, bizleriň ýahşylykdan özge ýamanlygymyz ýohdur...
Magtymgulynyň garnyna bir gysym gor guýlana döndi.
– Eger, Şahruh kör meni çagyran bolsa, eýsem siz meniň ilimi näme üçin at toýnagynyň astynda weýran etdiňiz? Näme üçin naçarlary ata süýredip, çagalary ýesir etdiňiz? Näme üçin öýleri otlap, ilimi lerzana getirdiňiz, eý, haýynlar?.. Eger men ol-a Horasanyň hany Şahruh köre eken, Eýranyň şasy Kerim hana geregem bolsam, adamçylyk bilen aýdan bolsaňyz, gelerdim ahyryn. Siz meni alyp gaýtdyňyz, ol oturan garyp-gasarlar, gözi ýaşly naçarlar hem Şahruh hana gerek boldumy? Olary hem hanyň çakylygyna alyp geldiňizmi?
Gyzylbaşlaryň serdaryňyň murty sallandy, Ol gamçy bolup saýgylaýan sözlerden sypmak üçin gözlerini elek-çelek edip töwerigine garady. Soňam Atagula seredip peltekledi.
– Hana, Gündogdy han birle, şol ýoksurunyň sütemi birle bolan işdir bular, ager dustan haheş ile üz tutsa bitirmeh lazymduý... Sen gaharlanma puşaşni geýmeh lazymduý.
– Ýok, han, men bu ýere Horasanyň hanyna ýagşy görünmäge ýa-da han-begleriň egnine geýinýän atlaz lybasyny geýinmek üçin öz aýagym bilen gelemok. Näme hezzetiňiz, näme peşgeşiňiz bolsa, hol oturana, onuň dönük agasyna beriň. Meniň öz lybasym tenime diýseň ýakymly. Maňa şundan üýtgeşik lybasyň zerurlygy ýok. Alyp gidiberiň, niräňize gerek bolsam. Ýöne ildeşlerimi azat ediň bendilikden. Bolmasa bir ädimem ätmerin...
Magtymguly mundan artyk aýak üstünde durmaga-da, geplemäge-de güýç-gurbat tapman, aşak oturdy. Edil şol wagtam Ataguly ýerinden gurup, Magtymgula topulmak isledi. Emma bir gyrada üýşüp oturan hajygowşanlylar göz açyp-ýumasy salymda, bu ýerdäki wakanyň soňuna aňkarylyşyp oturan gyzylbaşlary itişdirip, oturanlara tarap eňdiler. Magtymgula lybas geýdirmäge taýýarlanyp oturan gyzylbaşlar ilki bir erbet gorkanam bolsalar, soň nämäniň-nämedigine göz ýetirip, ýesirleriň daşyny gabadylar. Obadaşlaryndan gorkusyna, Magtymgula barmagyny batyryp bilmedik Ataguly hol beýlä, gyzylbaşlaryň has gürräk ýerine çekilip, ahmyrly gygyrdy.
– Wah, saňa atlaz don geýdirmän, diliňi çekmeli. Arman, erkimi elimden aldylar. Ýogsa saňa kimdigimi görkezerdim...
Ýesirleriň arasyndan bir ýaşuly gyryk, diýseň gazaply ses bilen gygyrdy.
– Haý, dogman geçen, sen kimdigiňi eneňe, atanaňa görkezme kemini goýmadyň. Indi, bir Magtymguly galdy saňa. Sen dur bakaly, türkmenler kimiň dilini, kimiň gözüni çekmelidigini ýagşy bilýändir...
Harçaňlaşyp durmanyň netije bermejegini gyzylbaşlar aňdylar. Olar Magtymgulynyň daşyny gallap oturandan, ýola düşeniň, indi halys goluň aýtymyna gelen hormaty, baýlygy kabul etmäge çaltrak ýetmegiň gerekdigini gowy bilýärdiler. Ýöne Astrabada çenli şagalaňly gitmek baradaky maksatlaryna ýetmändikleri üçin olaryn birneme keýpi gaçypdy.
Gyzylbaşlaryň serdary ýola düşmelidigini aýdanda, olar daş asylana dönen aýaklaryny zordan alyp, talanan oljalary, beýleki zatlary atlara, gatyrlara kynlyk bilen ýükleýärdiler.
Magtymguly üçin aýratyn bir at getirdiler. Ol at diýseň sypaýy eýerlenen, ahalteke atydy. Şonuň üçin-de, ol hokurganyp Magtymgulynyň derden, tot-tozanyň derdinden, görer ýaly bolmadyk eşiklerini yzly-yzyna ysgaşdyryp, töweregi ýaňlandyryp kişňedi. Bu atyň bolşuna geň galan gyzylbaşlar, onuň uýanyny bir semiz gatyryň guşgunyna berkitdiler.
– Häý, türkmän, min ata – diýip, gyzylbaşlaryň serdary içiňden geçip barýan gözlerini Magtymgula dikdi. Magtymguly üçin häzir atyň üsti däl, takyrjak ýerem jennetiň kürsüsi ýaly görünýärdi. Şeýle-de bolsa, şahyr bu ata münup biljek däldi. Ol özüniň mertebesi ugrunda, namysy ugrunda has beterräk göreşmelidigine örän oňat düşündi. «Ýok, olar maňa agyz urmak bilen, külli türkmeniň namysyna el gatmak isleýändirler. Eger türkmeniň ýekejesini oýnap bilseler, bütin iline pitjiň atdym hesip edýändir bular. Hanha, enesine, atasyna wepa bermedik bidöwlet, gel-gel, giden iliň gözýaşyna galyp oturmaýamy, näme? Ýok, ölmeli, emma yzymda galan ilimiň, Watanymyň mertebesini, namysyny saklap ölmeli. Goý, türkmeniň kimdigini bilsinler, olar.
Magtymguly özüne höwrügesi gelýän atyň balkyldap, düşnüksiz duýgy bilen sözleýän gözlerine garady. Ýöne oňa münmedi. Ol gyzylbaş ordasynyň atlylarynyň tozanyna garylyp, Astrabat şäherine bakan ýöräp ugrady. Indi onuň gollary açykdy. Ýöne munuň özi onuň erkin ýöremegine, egninden agyr ýüküň aýrylyp gitmegine kömek etmändi.
Hemişeler ol uzak, ýoldan aryp, barmaly menziline ýetende ýa-da Hajygowşana dolanyp gelende ähli argynlygy, derdi el bilen aýrylana dönýärdi. Häzir bolsa onuň depesinden gök çöküp gelýän ýalydy. Ýöne ol ýöreýärdi. Nähilidir bir namys ody, ýigitlik gaýraty ony aýak üstünde saklaýardy.
Astrabadyň gadymy galalarynyň minaralary has aýdyň görnüp başlady. Özüniň ömürbaky gyrnak boljagyny göz öňüne getiren, Watandan, il-günden aýra düşülenine ýürekleri ýarylara gelen aýallar eňreşip başladylar. Olaryn zaryn sesi Magtymgulynyň ählije ysgynyny dökdi. Ol bu haýyn ýurtbasarlaryň bu bigünä bendeleri näme üçin alyp gelýändigine düşünmeýärdi. Şonuň gynanjy, gazaby onuň başyny ters aýlady. Ol baryp gyzylbaşlaryň başynyň atyny saklady. Onuň aýagyndaky goçant ädigini sypyryp, serdarsumagyň atynyň başyna ýelmedi.
– Sen meni ilimden, Watanymdan aýra salanyň-salanyň. Bu bendeleri näme üçin aýralyk oduna ýakýarsyň? Eý, haramhor, wenezzyna. Boşat olary, goýber olary. Olara derek öldür, meni. Türkmenden näme aryň bar bolsa, al menden. Ýak meni oda, baryna derek. Boşat olary, ýa-da meniň gözlerimi kör et, gulagymy ker et, eý, Hudaý. Ýeriňde, ýurduňda bar bolsaň...
Magtymguly ýüregine sygman duran derdiniň baryny aýdyp bilmedi. Depesinden inen gamçynyň awusy ýüregine ornap gitdi.

5.

Horasanyň häzirki şasy Nedir şanyň agtygy, Rzaguly hanyň ogly Şahruhyň bu gün keýpi diýseň kökdi. Maşat tiregi bilen garylyp ýörite taýýarlanylan däriler, Mazendaran naryndan, leýmunyndan, enguryndan ýörite süzülip taýýarlanylan içgiler, billeri egremçä salnyp, saçlaryna, gözlerine, göwüslerine garap saýlanyp-seçilen gürji, azeri, kürt, türkmen gyzlarynyň ýarym-ýalanaç näzik bedenleri, köşk kaşaňlygy ony öňküden hem beter ýigdeldýärdi. Ol häzir tüýleri seçelenip duran monty, ak, posalak barmaklaryny ullakan mejimeleriň üstüňde endigan goýlan nazy-nygmatlara dözmän otyrdy. Diňe hindi ussalaryndan atasy Nedir şanyň talap gelen güzgülenip duran şeraply çüýşelerine göwünsizlik bilen goluny ýetirýärdi.
Şahruh kör atasynyň bir wagt paýtagt diýip yglan eden ýeri bolan Maşat şäherinden Astrabada ýörite gelipdi. Bu onuň hem han sapary, hemem Horasany ýumrugyna has berkräk gysmak üçin göwnüne düwen planlaryny ýerine ýetirmegiň ýollaryny agtarmak üçin oýlanyş pursadydy.
Parsy döwletiniň şasy Kerim hanyň külli Eýranda gorsanyp ýörmesi, Ahmet Dürranynyň berkararlygy, türkmenleriň hetdinden aşmagy, hut Horasanyň, Kümmetkabus, Büjnürt, Türkmensähra, Astrabat ýaly welaýetleriň ilatynyň, ylaýta-da bu ýerlerdäki türkmenleriň häli-şindi baş götermegi, Şahruhuň bedenini syzladyp, ýüregine gorky guýýardy.
Soňky wagtlarda Şahruhuň kellesine bir täsin pikir gelip, oňa ynjalyk bermeýärdi. Nedir şanyň, öz raýatynyň iň dana, görnükli, barly adamlaryňy, olaryň maşgalalaryny özüne bakna etmek bilen, eger boýun egmek islemese, köşkde ýa-da ynamdar hanlaryň galasynda göz tussaglykda, girew alyp saklaýandygyny ol gaty rowy bilýärdi. Owganystanyň Hyrat welaýetiniň häkimi, barly, hormatly kişi bolan Muhammet Zaman han sadozaýyň maşgalasyny, hatda onuň ogly Owganystanyň häzirki şasy Ahmet Dürranyňam onuň enesi, inisi bilen birlikde köşkde girew saklapdy.
Şahruh atasynyň bu däbini dowam etdirip, özüniň häkimligini has hem berkidesi gelýärdi. Ol özüniň bu niýetini wezir-wekillerine, geňeşdarlaryna duýduranda, onuň pikirini ikelläp goldapdylar.
Ol Astrabada gelmänkä özüniň bu niýetini ýörite permannama salyp, patyşalyk çaparlardan iberipdi. Özüniň permannamasynda Horasanyň welaýetleriniň iň pähimli, abraýly adamlaryny, köpçüligiň gulak asýan adamlaryny we olaryň maşgalalaryny nazara alyp goýmagy pugtadan-pugta tabşyrypdy.
Astrabat häkimi Mämmedemin mürze özüniň hökümdarynyň permanyny okap, ony aýratyn gadyr, üýtgeşik hormat bilen kabul etdi.
Çünki, oňuň öýünde bir süri goýun, on sany bedew at, ençeme teke halysy, altyn, kümüş bilen gelen hormatly myhmany, Etregiň bir obasynyň hany Adynageldi han bardy. Mämmedemin mürze Adynageldi hany onuň işany Seýit owşar işan bilen birlikde kabul etdi.
Seýit owşar işanyň Şahruh körüň atasy Nedir şa bilen garyndaş çykmagy Mämmedemin mürzäniň göwnüni göterdi. Ol şanyň asly, ata-babasy barada mylaýym, tolgundyryjy sözleri eşitmek bileň Adynageldi hanyň özüni ýekirýändikleri, äsgermeýändikleri, salgyt tölemeýändikleri baradaky jögi sözlerine ýüregi bilen ynandy. Hanyň delil, hökmünde getirýän hatlaryny bolsa, baş mürzesine telim gezek okatdy. Ol kagyzlara syýa bilen ýazylan:

«Orramsydan bolaň haramhor begler,
Ýurdy bir ýanyndan sata başlady».

diýen gylyç ýaly kesgir sözleri bolsa, gözleriniň çorbasyny akdyryp telim gezek hetjikläp okady. Şol gije-de bu dili duzly şahyry Şahruh şanyň gazabyna duçar edip, onuň ömürbaky bendisine öwürmegi kasam etdi. Şol günüň ertesi Hajygowşana ugran gyzylbaş ordasyna Atagulyny belet edip goşdular.
Mämmedemin mürze Şahruh şaha Magtymgulyna şeýle uly, abraýly şahyr, köpçüligi agzyna bakdyrýan suhangöý edip görkezdi. Ony Adynageldi hanyň diýeni bilen Astrabada getirdýändigini ýaşyryp, özüni «Permannamany» alan badyna bu işiň ugruňa çykan adam görnüşinde görkezýärdi. Magtymgulyny Çarbaga getirenlerinde, ony Şahruha ýörite çaparlap, söýünjiläp aýdypdy.
Özüniň raýat häkimleriniň sylagy, hormaty Şahruhuň başyny göge ýetirýärdi. Ol heniz sandan galan garry däldi. Şonuň üçin ýurduny berkidip, onuň raýatlaryny hasam artdyrasy gelýärdi. Onuň hyýalynda külli Eýranda, soň bolsa atasy Nedir şanyň, hiç bolmanda dädesi Rzaguly hanyň şalyk eden ýerlerini, Azerbaýjany hem Horasanyň üstüne goşasy gelýärdi. Bu hormat, hezzet onuň bu hyýalynyň barha elýetere gelendigini görkezýän ýalydy.
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 20 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: