22:54
Käbäniñ ogly
KÄBÄNIÑ OGLY

Ilknur Altyntaş...
Yslam taryhy boýunça yzygiderli we çynlakaý işleri alyp barýar, kitaplar çykardýar.
"Peçeli-gul türkler", "Mansur Hallaç-DAI", "Babek. Jennetiñ gapysy we Samarranyñ gurulyşy", "Ölümsiz Hasan Sabbah", "Talkan. Emewiler", elli makaladan ybarat "Gizlenen yslam" kitaplarynyñ awtory. Iñ soñky "Hezreti Aly. Käbäniñ ogly" kitabyny şu hepde neşir etdirdi. Ady ünsümi çekdi - ol şu jogaby berdi:
" - Hezreti Aly Käbede doglan ilkinji we iñ soñky kişi. Onuñ kakasy Ebu Talyp şäheriñ dolandyryjysy we Käbäniñ goragçysy. Bu mugjyzawy dogluşda Jebraýylyñ Hezreti Alynyñ ejesi Patma binti Esediñ gulagyna şeýle diýendigi rowaýat edilýär: "Adyny Onuñ adyndan ýasadyk, hiç kimsäñ dogmadyk we asla dogulmajak ýerinde - Käbede dünýä inderdik... Käbänin hakyky eýesiniñ öýünde. Oña hiç kimsede bolmadyk at berdik, iñ çuññur ylymlary oña öwretdik, ýüregine batyrgaýlyk, diline suhangöýlük-danalyk ýagyndan sürdük, ýüregine adalat tohumyny sepdik, Aliyý'ül A'la diýdik. Beýikleriñ beýgi diýmek…”
Şübhesiz...
Hezreti Aly diýlende, ilkinji ýada düşýän Hezreti Muhammetdir (s.a.w). Hezreti Alyny ýetişdirenem şol...
"Aslynda Apbas ibn Abdylmuttalyp Hezreti Ala we oniñ uly dogany Japar ibn Ebu Talyba esewan etmegi öz boýnuna almakçy bolýar. Emma Hezreti Muhammediñ özi Hezreti Alyny hiç kime beresi gelmeýär, ony özi ýetişdiresi, ylym beresi gelýär... Ylymy, ahlagy, jogapkärçiligi we köp ugurly bilimi bilen hut Hezreti Muhammediñ özi gyzyklanýar. Hatda onuñ (s.a.w) teblygdan soñam "Men ylmyñ şäheri bolsam, Aly şol şäheriñ gapysydyr" sözi giñden meşhurdyr..."

PENŞENBE MUSYBETI

Hezreti Muhammet Hezreti Aly barada şeýle diýipdir: [i]"Oña her gapysy müñ gapa açylan müñ gapy öwretdim!" Ýagny şeýle diýýär, ylym - deñizdir, derýadyr. Hezreti Alynyñ bir sözüni diýseñ halaýaryn: "Bilemok diýmek - ylymyñ ýarysydyr..."

Ilknur Altyntaşyñ kitaplary görlüp-eşdilmedik derejede giñ okyjylar köpçüligini özüne çekýär. Meselem, "kyrtas wakasyndan" söz açalyñ...
"Kyrtas wakasyna - "penşenbe musybeti" hem diýilýär. Hezreti Muhammet hassa düşeginde ýatyrka, wesýetini ýazmakçy bolýar. Otagda, onuñ ýanynda oturanlaryñ käbiri "samrap başlady" diýip, muña päsgel berjek bolupdyr! Hemmesini kowupdyr..."

Ine...Käbirlerine görä häkimiýet ugrundaky garpyşmalar şu ýerde başlaýar!

"Gynansak-da, hususanam soñky günlerinde Hezreti Muhammet diýseñ lapykeç halda bolupdyr. Bölünişikleriñ başy Hezreti Alynyñ mirasdüşerliginiñ mälim edilmegi bilen hasam güýjäpdir...
Jabir ibn Abdyllanyñ aýdan bir sözi bar: "Biz Resulallanyñ zamanynda mynapyklary Ala bolan duşmançylyklaryndan tanaýardyk!"
Hezreti Muhammet Gadiri-Humda müñlerçe musulmanyñ öñünde çykyş etdi, emma onuñ jynazasynda bary-ýogy 17 kişi bardy... Diñe şundanam oýlanyberiñ hakykatda nämeleriñ bolup geçendigini? Hezreti Aly sabyr etdi! Öýi ýakyldy, Hezreto Patma uruldy, gundagdaky çagasyny elden giderdi. Pygamberiñ gyzy hut gije depin etmegiñ mekrudygyny bilip durka neçüýn gije jaýlanmagynyñ tarapdary boldy? Bu ýerdäki waka gahar-gazabyñ miwesi däl, kimdir birine öýke-kine hem etdi diýer ýaly mesele däl. Ol Ehli-Beýte garşy edilen zulumlaryñ ýüzlerçe ýyllap ýatdan çykmazlygy üçin edilen yşaratdyr... Emma... onuñ mazarynyñam ady-sory, nirededigi belli bolman galdy..."


HAKYKAT AGYRDYR

"Käbäniñ ogly. Hezreti Aly" kitabynyñ sahypalaryny warakladygyñyzça resmi taryhyñ daşynda galan maglumatlary edinersiniz.
"Müsürdäki fatimi halyfy Mustansyr Hasan Sabbahdan sorapdyr:
- Näme gözleýärsiñ?
Hasan Sabbah:
- Hakykaty!
Halyf şeýle diýdi:
- Ýeri, bildiñem-dä, hakykat bilen bile ýaşap bilermiñ?

Hakykat agyrdyr... Agyrdyr, götermedi kyn - adamyñ durmuşyny çepbesine çöwrüp taşlap bilýär. Hemme zady ajaýyp, gülala-güllük saýmak adamlary bagtly edýän bolarly. Nähili gynançly, adamzat hemişe "jehalat bagtlylyga", aldanmaga höwesli. Bilýänlerem dymýar. Çünki dymmasalar, sistema çökýär. Munuñ yslamdaky manysy - tagutdyr, muña global kapitalizm, imperializm diýýäris! Hezreti Muhammet bu sistemanyñ dişlilerini derbi-dagyn eden rewolýusionerdir...
Yslamyñ iki sütüni bar: adalat we ahlak... Hezreti Muhammediñ sözüni bilýänsiniz: "Bir elime Aýy, bir elime Güni berseler, men bu tutan ýolumdan dänmerin. Ýa beýik Allatagala dininj dabaralandyrar, ýa-da men ýolda ölerin...
Mukaddes göreşde Hezreti Hatyjanyñ bar baýlygy gitdi. Ýeke teññeleri galmady, emma birem yza tesmediler. Eýse Hezreti Aly hem şeýtmedimi näme? Adam diýeniñ eli egrilik etmez, ýalan sözlemez, töhmet atmaz, mal-mülküñ, altyn-kümüşin derdine düşmez! Agasy Akyl ibn Abu Talyp pul sorap gelende, hazynadan ýeke teññe bermedi! "Halkyñ, ýetim-ýesiriñ hakyny saña berer öýdýäñmi" diýdi..."

Hawa, Ilknur Altyntaşyñ kitaplary görlüp-eşdilmedik derejede giñ okyjylar köpçüligini özüne çekýär...
Hawa, hakykat bilen ýüzleşmek juda agyr...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 12.03.2021 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 49 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
0
4 Sona   [Mowzuga geç]
bir wagt Memati Başka gowy gören Gürkan Uýgunymy häzir Hasan Sabbahkada söýýän-dä crazy

0
3 Sona   [Mowzuga geç]
Pygamberiñ gyzy hut gije depin etmegiñ mekrudygyny bilip durka neçüýn gije jaýlanmagynyñ tarapdary boldy?

bäbek jaýlanjak bolýamy ýa Patma? kim jaýlanjak bolýar!

0
2 Sona   [Mowzuga geç]
Hezreti Muhammet Gadiri-Humda müñlerçe musulmanyñ öñünde çykyş etdi, emma onuñ jynazasynda bary-ýogy 17 kişi bardy...
şu sözleme dşünmedim, ölen kim? Muhammet pygamberiň jynazasymy?....

0
1 Gorkut   [Mowzuga geç]
Eşitmedik zatlarymyz.

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: