22:16
Göreş
GÖREŞ

Iki söz söweşýär seniñ diliñde.
Olañ bir-birekde galypdyr kasty.
Biri diýýär gyş aýazna:"Gaýra dur!"
A biri yssy.

Sen "sen"diýýäñ.
Siz bolsa "siz"diýýärsiñiz.
Aýylganç!
(Ýakyn duýanymam ýat boljakmy heý?)
Ýûregiñden böwsüp çykanda "seniñ"
Dodakdan çykmanka ereýär.
Edil
Pellehana ýetmän ýykylan at deý.

"Siz"ony şeýle bir ýekirýär.
Hatda
Mejbur edýär akyldanam tänmäge.
Hormatdan söz açýar.
Ejirden doýgun
Aşa hormat gerekmişin nämäme?!

Seniñ...
Bagyşlarsyñyz!
Siziñ
Duýgularñyz durnuksyzmydyr çensiz?
Sizsiz ýaşap biler bu garagol gyz,
A sensiz...

...Iki söz söweşýär seniñ kalbyñda
Hut meniñ kalbymda söweşişi dek.

Mahym NURGELDIÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: nurgeldiyewam232 | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: