19:23 Ýene-de bir owadan goşgy | |
ÝENE-DE BIR OWADAN GOŞGY Başarsaňyz goşgy ýazyň baharda! Baharda duýgular arassa bolýar. Yhlas bilen gabagyňy galdyrsaň, Ýüz däl, Ýürege-de seretse bolýar. Başarsaňyz goşgy ýazyň baharda! O goşgyň ne düýni, ne düýbi bolýar. Gör, haçandan bäri ýaşap ýör bahar... Goşgy hem bahar deý müdimi bolýar. Başarsaňyz goşgy ýazyň baharda! Baharda ganatsyz galgasaň bolýar. Akyl-huşuň ýelek ýaly bolsa-da, Kimiň-kimdigini aňlasaň bolýar. Aý, garaz, ähli zat owadan bolýar, Ady gözel, özi gözel jahanda. Size menden ak ýürekden maslahat: Başarsaňyz goşgy ýazyň baharda! Aýgül BAÝADOWA. | |
|
Всего комментариев: 4 | |||||
| |||||