18:24
Najiýe hanym
NAJIÝE HANYM

Professor Wijaý Praşad.
Hindistanly žurnalist, taryhçy, alym...
“Arap bahary”, “Liwiýa gyşy”, “Goñras milletler” ýaly kitaplary türk diline geçirildi.
Bolşewik rewolýusiýasynyñ döreden täsirini öwrenýän "Üçünji dünýäniñ depesindäki Gyzyl Ýyldyz" kitabyny okanymda bir täsin täzeligiñ üstünden bardym... Kitapda bir fotosurat bardy:
1920-nji ýyl. Sahnada döwrebap geýnen başy açyk ýaş gyz zalda aglaba köpçüligi erkek bolan märekäniñ öñünde çykyş edýärdi.
1-7-nji sentýabrda geçirilen Gündogar Zähmetkeşleriniñ kongresinde çykyş eden bu ýaş zenan Stambuldan gelipdi. Ady Najiýedi. Mugallymdy...
Ol "Bütindünýä imperializmine garşy Gündogaryñ gozgalañçy halklarynyñ arasyndaky göreşi diñe köp dogaýy salamly telegrammalary we minnetdarlyk hatlaryny ugradyp däl-de, real höweslendirmeleri döredip gazanyp bolar" sözüni çelgi edinip, kongrese gelipdi...
Gurultaýa 234 sany türk delegat gatnaşýardy. Olaryñ hemmesi Türkiýeden gelen delegatlar däldi: Sultangaliýew ýaly russiýaly musulmanlar bilen birlikde Enwer Paşadyr Mustapa Suphi ýaly Türkiýeden gaçyp gelenlerem bardy.
Özem: Kazym Karabekiriñ rugsady bilen Anadoludan ellä golaý türk delegat kongrese gatnaşdy...
Kongresde 37 halkdan bolan 55-i aýal 1.900 delegat Mustapa Kemalyñ liderligindäki anti imperialistik Milli Azat-edijilik göreşini goldamak barada biragyzdan karara geldi...
Stambuldan gelen kommunistka-mugallyma Najiýe hanym barada aýdar bolsak:

PÖWHE FEMINISTLER

1919-njy ýyl. Uly urşuñ soñky ýyly...
Imperializm dört tarapdan Anadoluny basyp alýardy...
"Soltanahmetdäki" miting münberine çykan zenanlaryñ arasynda Najiýe hanymam bardy. Ol Izmir okkupasiýasyna we beýleki okkupasiýalara garşy aýal-gyzlary watan goragyna çagyrdy...
Şol sanda:
Gündogar halklary bilen ýaranlyk gurup, Anadolydaky imperializmden halas bolmagyñ mümkindigine ynanyp, Bakudaky Gündogar Zähmetkeşleriniñ kongresine gitdi.
Najiýe hanym azerbaýjanly Şabanowa we dagystanly Bulaç bilen bile gurultaýyñ diwanyna saýlanan üç zenanyñ biri boldy...
Najiýe hanym diwana saýlanansoñ, gysgajyk minnetdarlyk çykyşyny etdi. Onuñ türkçe çykyşy Şabanowa tarapyndan rus diline terjime edildi:

"Gündogaryñ aýal-gyzlarynyñ häzirki başyny başlan hereketi jemgyýetçilik durmuşynda zenanyñ ýerine ejizje ösümligiñ ýa-da näzijek bir närsäniñ ýeri ýaly garamakdan hoşal bolýan pöwhe feministleriñ nukdaýnazaryndan seretmeli däldir. Bu herekete bütindünýä derejesinde häzirki esasy rewolýusion hereketiñ çynlakaý we mejbury netijesi hökmünde garamalydyr...
Gündogaryñ aýal-gyzlary diñe käbirleriniñ pikir edişi ýaly bürenjege bürenmezden köçä çykma hukugyny gazanmak üçin göreşenok.
Ýokary ahlak prinsipleri bolan Gündogaryñ aýal-gyzlary üçin bürenjek meselesi iñ soñky çözmeli meseledir. Adamzadyñ ýarsyny düzýän aýal-gyzlar, eger erkekler bilen deñ hukuklara eýe bolmasa, onda adamzat jemgyýetiniñ öñe gitmesi, elbetde, mümkin däl. Gündogar jemgyýetleriniñ yzagalaklyk ýagdaýy munuñ jedelsiz subutnamasy bolup durýar..."


EMMA GORKAMZOK

Najiýe hanym çykyşyny şeýle dowam etdirdi:

"Gündogar zenanlarynyñ göreşi agyrdyr, çünki olar erkekleriñ diýdimzorlugyna garşy hem söweşmeli bolýar. Siz, gündogarly erkekler, eger geçmişde bolşy ýaly, aýal-gyzlaryñ ykbalyna biperwaý garasañyz, ynanyñ, ýurtlarymyz bilen birlikde özüñizi we bizi ýok edersiñiz. Munuñ alternatiwasy bolsa, biziñem hak-hukuklarymyzy gazanmak üçin ezilenler bilen birlikde ölümi göze alyp göreşe girişmegimizdir. Aýal-gyzlaryñ iñ esasy talaplarynyñ üstünde durup geçmek isleýärin.
Eger özüñizi erkinleşdirmek isleýän bolsañyz, talaplarymyza gulak geriñ we biziñ bilen bile netijeli hyzmatdaşlyga giriñ:
- Ähli hak-hukuklarda doly deñlik;
- Erkekler bilen deñ derejede bilim alma mümkinçiligi;
- Köpaýallylygyñ galdyrylmagy, maşgala gurmak babatda zenan bilen erkegiñ arasyndaky hak-hukuklarda deñlik;
- Aýal-gyzlaryñ ähli önümçilik işlerine çäklendirilmezden kabul edilmegi;
- Ähli obalarda, şäherlerde aýal-gyzlaryñ hak-hukuklaryny goramak maksady bilen şuralaryñ döredilmegi...”


Najiýe hanym sözlerini şeýle tamamlady:

"Häzirem barýan ugry näbelli garañkylygyñ içinde bolmagymyz ahmal. Edil häzirem bizi ýalmap-ýuwutjak girdaplaryñ gyrasynda duran bolmagymyz ahmal. Emma gorkamzok. Çünki biz Günüñ dogşuny görmek üçin tüm garañky gijäniñ içinden geçmelidigini gowy bilýäris..."

Najiýe hanymyñ çykyşy joşgunly el çarpyşmalar bilen kesildi. Delegatlar ör turup biragyzdan "Ýaşasyn Gündogaryñ aýal-gyzlarynyñ azatlygy!" diýip, yzyndanam "Ýaşasyn Şarkyñ azat aýal-gyzlary!" diýip seslendiler...
Najiýe hanym ýaly rewolýusioner zenanlaryñ kynçylykly göreşi ýüz ýyl bäri arakesmesiz dowam edýär.
Kimdir birileri bolsa XXI asyrda aýal-gyzlara garşy eden-etdiligiñ öñüni almaga gönükdirilen "Stambul sözleşmesini" başyndan aýlap urmaga çabalanýar....
Ahyrynda üstün çykjak Najiýe hanymlardyr...

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 09.03.2021 ý.
Категория: Zenan şahsyýetler | Просмотров: 62 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 20
0
19 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Wiý Sona çelebini elli iki ursañam oña zat bolmaz.Gaýta seni tûrkde ýygnarlar.Bir Çelebi ölse ýene müñ Çelebi dörär.Oña gyýylma.
biggrin
Wiý onsoñam meni çelebiñ naýynsaplygy dälde cemre bilen ozanyñ "aşkı" gyzyklandyrýar.

0
18 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Selbi tarapyndan Gülmahym yglan edilenime begeneýinmi Sona tarapyndan Maýmyn yglan edilenime gynanaýynmy?
biggrin

0
20 Sona   [Mowzuga geç]
seçim senden, gülüm tongue

0
17 Sona   [Mowzuga geç]
Hawa, Mahym ikimiz bir komanda. biz Maýmynlar komandasy.
Gel senem, Selbi! Bize goşul, Çelebä goşulma!

0
16 Sona   [Mowzuga geç]
Selbijigim, gelsene tans edeli! Azajyk figura geleris!

0
11 Gökböri   [Mowzuga geç]
Bellikleriñ bilen ylalaşyaryn. Öñ terjimami Has aga okadyadym. Indi oñam jogap beryan wagtyndan jogap bermeyan wagty köp. Hem menem muny planşetde yolda-metroda, awtobusda baryakamam boş oturmajak bolup terjime edäyyän, yorite oturyp kompyuteriñ başynda edemok. Şoñ ucin kabir harp we soz yalnyşlyklaryny siz oz dogry hasap eden sozleriñizi goyup okaberiñ.esasy zat terjime gownuñize yarandygy.sag boluñ.

0
10 Gorkut   [Mowzuga geç]
Janyñ sag bolsun. biggrin men saytyñ irki moderatorlaryndan.Meñzeşlik bolup biler sebabi men kop zatda oña meñzejek bolyan.Oña meñząp bilsem armanym yok meñzedyaniñem begemdim.Has agamyñ jany sag, omri uzak bolsun.

0
6 Gorkut   [Mowzuga geç]
Gyzlar tema barada pikir alyşmak kyn zatmyka? Nämä gerek şeydip kilçermek? Size gelişyami? Ylaýta-da Selbii. Bagyşla gönümelligimi dogan.

0
9 Selbii   [Mowzuga geç]
Haweran, wiii Gorkut dowon pocerkiñ hut ozida Haweranyñ berylede bir meñzemek bor oguşyan, srn Haweran bn dowonowlanmy ??? biggrin
Sonamaymyny hasaba almadyñeyt biggrin

0
5 Gorkut   [Mowzuga geç]
Gowy maglumat. Gowy makala.

1
4 nurgeldiyewam232   [Mowzuga geç]
Sona nätdiñäý muny.Çakylygyñy eşdip çynym bilen ylgadym.Näbileýin menem bir çynlakaý gürrüñe garašýanda.
Makalanyñ terjimesindäki käbir kemçilikleri bellemek isleýärin,terjimeçi
Ölûmi göze alyp sözüni ölüm howpuny göz öñünde tutup ýa-da ölümden heder etmän diýip terjime etseñiz näder
köpaýallylygyñ galdyrylmagy sözüni ýatyrylmagy diýip terjime etseñiz gowy bolar.
stambul sözleşmesini stambul şertnamasy ýa-da stambul ylalaşygy diýip terjime etse bolar.
Harp ýalñyşy:biperwaf-biperwaý.
Ýöne umuman alanyñda terjime şowly çykypdyr.Üstünlik arzuw edýän!
(Makalany haladym.Türkiýäniñ syýasaty häzir ünsümi çekenok)Näme üçin Soner Ýalçyn hemme sözi aýlap dolap syýasatyñ häzirki ýagdaýyna getirýärkä?CHP-li öýdýän.

0
7 Selbii   [Mowzuga geç]
Gülmahym Sonahatun boljok bolup bolyp arrygny gynaapdaninim gyz-owlany yadatdy şy sonamaymyn diymeli etdi özine biggrin

0
12 Sona   [Mowzuga geç]
Bu saňa, Selbijigim!

0
13 Sona   [Mowzuga geç]

0
15 Sona   [Mowzuga geç]
eýsem bu çynlakaý gürrüň dälmi, Mahym! ,,Alew-alew" serialy görýänsiň-ä. Çelebi ýerçeken içiňi ýakanokmy? meiň-ä Türkiýä gidip urup gelesim gelýä şo ýigrenjii wacko

-2
3 Sona   [Mowzuga geç]
Ýok, Kynyş baýyň elinde galdyk.

0
2 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Siz öñem azat ahyryn. Hamala Halnazar baýyñ elinde galan yaly etdiñiz biggrin

-2
1 Sona   [Mowzuga geç]
Gyzlar üýşüň! Mahym, Jümjüm, Selbi, Güljan, Gumly Gelneje, Nurdanbike geliň! Bärde gowy zat bar! Barybir ahyrynda biz gazanjakmyşyk! yahoo yahoo yahoo yahoo yahoo yahoo yahoo yahoo

0
8 Selbii   [Mowzuga geç]
Sonamaymyn bolupbilliñdeyt azrak tans eday biggrin

0
14 Sona   [Mowzuga geç]

Имя *:
Email *:
Ähli smaýliklar
Код *: